09:17 Altynjan hatyn / 3-nji kitap -18 | |
On sekizinji hekaýat
Taryhy proza
BÖRI GOÝUN BILEN SUW IÇMEZ Altynjan Hemedan şäheri, onda ýaşap geçen görnükli şahsyýetler, Bisütün ýazgylary hakda köp gürrüňleri eşidipdi, aýratyn hem Ibn Sina barada kän zat eşidipdi. Ol ulamanyň gadymky pelsepäniň ýörelgelerine eýermän, Aristusdan, täze eflatunçylardan, Farabydan öz halan, özüne makul görnen pikirleri saýlap alandygyny, ne täze eflatunçylaryň, ne meşa hikmetiniň, ne-de kelamçylaryň hiç birine-de uýmandygyny bilýärdi. Bir eden işi, kelam ylmynyň birnäçe usulyny öz pelsepesinde peýdalanyp, olary bir pikir uşlybyna düzüp, sopuçylyk usulynda, pelsepede täze ýörelgäni orta getirenligidi. Ol ruh bakylygyny goldap, tenasuhy¹ ret etdi. Ahyrýete ynansa-da, oňa takwalar deýin ynanmady, şerigat ýolunyň tersine: «Jisim gaýdyp baryşy (ahyrýeti) kabul etmeýär» diýen pikiri makul tapdy. Ibn Sina yrfany² öz meşaýy³ pelsepesiniň usulyna girizmändi, şeýle hem olary inkär-de etmändi. Ulama Hemedanda wezir hem bolupdy, köp hupbatlary gördi, esgerleriň aýlyk haklarynyň wagtynda tölenmändigi üçin öýi otlanypdy, janyna kast etmäge synanyşylypdy. Ana, şondan soň ulama wezirlik işini goýup, ömrüniň soňky on ýyldan gowrak wagtyny Hemedanda basa oturyp, ylma bagyş etdi. Ençeme ajaýyp eserleri döretdi. Altynjan Ibn Sinanyň kitaplaryny uly höwes bilen satyn alypdy. «Lukmançylyk ylmynyň kanunlaryny» gaýtalap-gaýtalap okapdy. Ondan tebipçilik, lukmançylyk boýunça köp-köp peýdalaly maslahatlary öwrenipdi. Ulamanyň şygyrlary bilen pelsepe kitaplary welin, onuň razdaryna öwrülip bilmändi... Ol, dogrusy, diňe bir Ibn Sinanyň däl, Farabynyň, Abu Aly ibn Meksuýanyň, Abu Süleýman Muhammet ibn Tahyr ibn Bährem Sejistanynyň pelsepelerine-de onçakly imrinip bilmeýärdi. Çünki Gündogar pelsepeçileri Eflatunyň, Aristusyň pähimlerini tesfir etmek bilen çäklenýärdiler. Eýsem ol iki ýunanly pelsepeçiniň derejesine ýetmek aňry çäkmi?! Hany, musulman pähim-parasady?! Altynjan Aristus hakynda-da okapdy, birnäçe rowaýat-da diňläpdi. Ýaşajyk Isgender Zülkarneýn: «Hany, at bol, men seni at edip münjek» diýende Aristusyň ony arkasyna mündürip aýlandygy, at bolup kişňändigi hakda eşidende biçak gynanypdy. «Aristus beýik akyldar, ýöne beýik şahsyýet däl» diýen pikire gelipdi. Beýik şahsyýet ähli ýagdaýda-da özüniň beýiklik mertebesini saklar. Aristus gorkak, ol öz janyny aman saklamak üçin at bolmaga-da, başga bir jandar bolmaga-da taýýar. Ýöne Ibn Sina öz mertebesini saklan ulama. Ol öz garaýşynyň, maksadynyň hatyrasyna Kaku şalygyndaky hormatly wezirligini goýmagy, düýrmegi bilen özüni ylma bagyş eýlemegi başaran, soltan Mahmyt Gaznalynyň hödürlän köşk ýaşaýşyny ret eden ulama. Herhal, Altynjan Ibn Sinanyň kitaplarynda nähilidir bir sowuklyk duýdy. Galyň-galyň kitaplar ony özüne çekmedi, özüne imrindirmedi. «Düşünýän däldirin, belki?!» diýip, ol netijä geldi. Herhal, ol Ibn Sinanyň Taňry tarapyn dörän gudratdygyna welin, berk ynandy. Bu gudratly ulamanyň guburyna tagzym etmek pikiri Altynjanyň aňyndan aýrylmady. Ibn Sinanyň ömrüniň soňky on ýyldan gowrak wagtyny geçiren, soňam bakyýet öýüni edinen şäherinde Togrul soltan bu gün tus¬saglykda otyr. Hemedana – Ibn Sinanyň guburyna zyýarat etmek üçin gelmegi höwes edip ýören Altynjany bu gün ykbal nesibesi öz hökümdary soltan Togruly halas etmek üçin getirdi. * * * Altynjan hatyn Hemedanyň ýakynyndaky Wahan diýen obada saklandy. Hegmatan depesinde – köne Hemedanda bargähini dikdi. Bu depe Ärsak şanyň köp wagtyny geçiren, tomuslaryna dynç alan ýeri. Bu ýerden häzirki Hemedan şäheri gowy görünýär. Aşakda bolsa sap-sap goşun buýruga häzir bolup dur. Ol atyny säpjedip, sap-sap atly goşunyň öňünden geçdi, goşunyň nyzamyny barlady. Söweşe taýýarlygy barlap ýörkä, Altynjan ýowuz bir habary eşitmeli boldy. Onuň ýanyna yktasynda – Wasytda işleýän hyzmatkärleriniň on sanysy geldi. Altynjan hatyn gelenleriň eşikleriniň sal-sallygyny görüp, olaryň hoş habar bilen gelmändiklerini dessine aňdy. Olary hymasyna eltdi: – Size kim zulum etdi?! – Arslan Besasury Türkmen. – Düşnükli!.. – diýip, Altynjan hatyn uludan demini aldy: – Olar näçe adam? – Takyk aýdyp biljek däl, megerem, iki ýüz-üç ýüz atlydyr – diýip, Sadyllanyň gapydany aýtdy. Altynjan Wasytdan gelen hyzmatkärlerini geň galdyrdy. Olar bu ajy habary hatyna nädip aýtjakdyklaryny bilmän kösenmek kösenipdiler. Olaryň pikiriçe, Sadyllanyň öldürilendigini, Wasytyň weýran edilendigini eşidip, Altynjan hünübirýan aglamalydy, ýöne olaryň çak edişleri ýaly bolmady. Gelenler ajy habary aýtjak, Altynjany köşeşdirjek bolubam kösenmediler. Olar diňe berlen sowallara gysga jogap berdiler. Altynjan doganynyň ölümi, yktasynyň weýran edilendigi baradaky ajy habary eşidip, birmeýdan durdy. Ol çydady. Merdi-merdanalyk bilen çydady. Eý, Hudaý, bu hatyn daşdanmydyr, polatdanmydyr?! Onuň keşp-keşmerinden çen tutup, içinde harasat gopýandyr, başyna kyýamat gopandyr, synasynda agyr dert göterip ýörendir, derdi azar berýändir öýder ýaly däldi. Ol başyny dik tutup parahat durdy. Altynjan hansalar Syddyha wasytlylary görkezip: – Bular uzak ýoldan aryp geldiler. Bu kişileriň iýip-içmegi, ýatyp, dynçlaryny almaklary üçin ähli mümkinçilikleri dörediň! – diýdi. – Lepbeý, melikäm! Wasytlylaryň habaryny eşiden Kabyl kellesini tutup elendi: – Wa-daryg-a, wa-hasrat-a!.. – Salyňy gowşak tutma, Kabyl! Mert bol! – diýip, Altynjan gazaplandy. – Sadyllany öldüripdirler-ä! – Çyda! Sen erkek ahyryn! – Arslan juda hetden aşdy! Onuň dişinde et galdyrypdyk… Men onuň külüni göge sowraýyn. Men gideýin. – Ýok, ýok, Togrul soltany halas etmän hiç ýerigem gitmek bolmaz. Kabyl Altynjana geň galyp seretdi: – Diýýäniň näme seniň? Biziň doganymyz uzak bir ülkede läş bolup ýatmalymy, onuň läşini hiç kim depin etmeli dälmi? Ony depin etmeli doganlary Hemedanda irikgä bolup durmalymy? – Öleniň yzynda ölüp bolmaz. Biziň üçin häzir iň zerur zat Togrul soltany halas etmek! Düşnüklimi? – Sen maňa müň sany atly ber. Seniň häzirki goşunyň ýanynda müň atly deňizden alnan bir damja ýaly. Men häzir gideýin, bu ýerde durmaýyn. – Ýok! Hiç ýerik gitmersiň! Kabyl sözüniň alynmandygyna gaharlanyp, içýakgyç sözledi: – Sadyllany olar seniň üçin öldürendirler!.. Altynjan Kabyla çala nazar aýlap ýuwdundy: – Mert bol! Kabul beterinden beterine tutdy: – Maňa beýle mertlik nämä gerek? Sadyllanyň gapydany Kabylyň sözüni makullady: – Arslan Besasury gelip: «Altynjan hatynyň dogany kim?» diýip sorady. Sadylla hem: «Men!» diýip, olaryň ýanyna bardy. Şondan soň ony öldürdiler. – Men aýtdym-a, Arslanyň Sadyllany näme üçin öldürendigini! Men gitjek, Altynjan, sen Togrul begiň aşyny-suwuny berip bolanyňdan soň baryber. – Bu näme diýdigiň?! – Ybraýym atyny oka berjek adam däl. Ol hökman seniň maksadyňy biler hemem seniň äriňi öldürer! – Gapyl, gürleme! – Gürlejek, eşidýärmiň, gürlejek! Ybraýym bilen Besasury ikisi bir adam. Ynha, görersiň, olar birleşerler. Sen sebäpli indiki öldürilmeli adam men – Kabyl, Altynjan hatynyň dogany. Sen bolsa Ybraýymyň hatyny bolup, ýag iýip, ýüpek geýersiň... Eşidýärmiň, meniň sen sebäpli ölesim gelenok. Sen sebäpli babam öldi, sen sebäp¬li enem öldi, sen sebäpli doganym Habyl öldi! Sen sebäpli, gör, näçe adam öldi! Akylyňa aýlan! Men Sadyllanyň jesedini düýä ýükläp, Zamahşara äkitjek. – Sen hiç ýerigem gitmersiň. – Giderin! Sen indi meniň hem ölümimi isleýärsiňmi? Ybraýym bilen Arslan Besasurynyň meni öldürjekdigine akylyň çatanokmy? Akylyň çatýar. Ýöne sen oýunda utulandygyňy boýun almaga gaýrat tapaňok. Men ölenimde-de sen häzirkiň ýaly perwaýsyz bolarsyň. Saňa dogan gerek däl, saňa diňe Tog¬rul gerek! Är gerek! Hoş, sag bol! – Hiç ýerik gitmersiň! Sen meniň ýanymda bolarsyň! – Bolmaryn! – Men gaýtalap aýdýaryn: sen hiç ýerik gitmeli däl, meniň ýanymda bolmaly! – Men gidýärin! Altynjan ýataganyny gynyndan sogrup aldy-da, gazaply gygyrdy: – Rast, babam bilen enem, Habyl bilen Sadylla men sebäpli ölen bolsa, onda seniňem tohumlyk galmagyň hökman däl! Seni men hut öz elim bilen öldürerin. Erkek bolýan bolsaň, gapa tarap ýeke ädim ät, eger seni iki bölek etmesem, Abdylmälik hanyň gyzy bolmadygym! Hany, ýöre, nä dursuň! Görkez gaýratyňy! Äl, dogançyl bolduň meniň başyma! Hymanyň içindäkiler Altynjan hatynyň beýle dergazap bolan pursadyny öň görmändiler. Olar gorkudan ýaňa saňňyldaşdylar. Altynjanyň häsiýetini kim bilmese-de, Kabyl bilýär, onuň soňy hakda oýlanman, etjek diýen zadyny edýändigini-de bilýär. Ýeke ädim ätmegiň özi üçin juda hatarlydygyny-da bilýär. Iň gowusy, Altynjan bilen deň bolmazlyk, onuň garşysyna git¬mezlik, näme diýse, kaýyl gelmek. Kabyl gapa bakan ädim ätjek bolmady. Depäňden ýataganyň injekdigi açyk görnüp durka, peýdasyz tekepbirligiň geregi ýok. Onsoňam erkek kişi hatyn bilen deň bolmaly däl-ä! Togrul soltan hem Altynjanyň aýdanyny edip ýör-ä! Aý, bolýan eken-dä! – Näme etmeli? – Hiç zat etmeli däl! Diňe butnaman durmaly! – Geplemelem dälmi? – Bu hakda hiç zat aýdylmady! – Erkekligiňi bu betbagt akyma4 mälim eden ýagşy! Kabyl şu maksat bilen sözledi: – Ýygna ýataganyňy! Meniň gaharymy getirme! Hatyndygyňy unutma! – Senem özüňiň Abdylmälik hanyň ýeke-täk mirasdüşeridigiňi unutma! – Men ony unutsam bolmaz-a – diýip, Kabyl ýüzüniň derini boýnundan asylgy taýlesanynyň bir ujuna syldy. – Men ýola düşeýin, howanyň bu yssysynda jeset uzak durmaz. – Haçan gitjegiňi özüm aýdaryn. Häzir ählimiziň pikirimiz, maksadymyz bir bolmaly. Altynjan birden özünden gitdi. Tebipler ylgap gelip, melikäni düşekde ýatyrdylar. – Kabyl, eger dogan gerek bolsa, gaýdyp, Altynjanyň gaharyny getirme! Gör-ä, onuň bagrynyň üstünden edilen tikin sökülipdir, gan börňüldäp akyp ýatyr. Gan içe-de köp giden bolmaly. Altynjanyň ýagdaýy agyr, juda agyr. Agşama çenli näme boljagy belli däl. Melikäni ýeke goýup hiç ýere gitme, ýogsam… – diýip, tebipleriň biri Kabyla duýdurdy. Ikinji tebip howsala düşdi: – Dem almasy galaýan ýaly-la? – Näme, näme? Diýýäniňiz näme siziň? – diýip, Kabyl bir bökende Altynjanyň başujuna geldi. – Meniň doganym!.. – Kabyl, siz daşary çykyp duruň, goý, ol biraz köşeşsin – diýip, lukman Kabyla seretdi. Kabyl ýerinden turdy, ýöne uzak durman ýene aşak oturdy: – Ýok, ýok, Altynjanyň ýanyndan hiç ýerik gitjek däl. Siz derrew em ediň! – Siz bize şeýdip päsgel berip dursaňyz, melikämize em etmek zerurlygam gerek bolmaz. Siz düşüniň, melikämiziň ýagdaýy agyr. Kabyl titredi: – Altynjan, ölme! Meni ýeke galdyrma! Meniň sensiz edip biljek zadym ýok. Men sensiz hiç kim! Men seniň baryňda adam! Men naçar! Galan ömrüme men seniň garşyňa gitmerin! – Kabyl hymadaky üç tebibe ýüzlendi: – Doganlar, gaýrat ediň! Meniň mähriban doganymy halas ediň! Ol türkmeniň deňsiz-taýsyz zenany! Altynjan ölmeli däldir! Ýalbarýaryn, doganlar. Men size ähli hatynanymy bereýin. Bütin ömrüme gapyňyzda guluňyz bolaýyn! Gaýrat ediň, mähribanlar! Tebipler gaýrata galdylar: Altynjana em etmäge girişdiler. Han¬jaryň sokulan ýerini täzeden tikdiler. Kabyl ruhdan düşüpdi, hünibirýan aglaýardy: – Men näme üçin şu güne çenli seniň gadyryňy bilmedim?! Sen meniň günämi öt, Altynjan! Ölme! Meni ýeke galdyrma! – Kabyl bir tebibiň aýagyndan şapba gujaklady. – Gaýrat et, dogan! Gaýrat et, meniň doganymy ölümden halas ediň. Ýalbarýaryn, meniň doganymy halas ediň! – Sen bize päsgel berme! Kabyl kaýyllyk bilen bir gapdala çekildi. Ol gözýaşyny sak¬lap bilenokdy. Altynjana seredip möňňürip aglaýardy. Wagt geçip durdy. Tebipler şindem Altynjanyň daşyndadylar. Olar bir gyra çekildiler welin, Kabyl ýerinden zöwwe galdy: – Näme boldy? Öldümi? Aýdyň ahyryn! Näme boldy? – Ýuwaş, goý, biraz dynç alsyn! – Dirimi? – Diri! – Wah, seniň: «Diri!» diýen dilleriňe döneýin men! Wah, saňa döneýin men! – diýip, Kabyl hortap tebibi garsa gujaklady. * * * Allatagala Altynjana synagy uludan tutan bolarly, ony ýowuzdan ýowuz güzaba saldy. «Alla ynsana diňe güýjüniň ýetjek möçberinde ýük ýüklär»5. Allatagala oňa ýüki uludan urdy: Wasyt pajygasy bilen çäk¬lenmedi. Oňa ýene bir ýowuz habar getirdiler! Altynjan hymasyndan çykanda Bagdatdaky köşgüniň hajyby bilen işigagasyny gördi, olary boýdan-başa synlap, olaryň-da hoş habar bilen gelmändiklerini aňdy. Eý-ho! Bu ne boldugy! Urgy üstüne urgy! Bu urgularyň soňy haçan geljek? Allatagala näme üçin beý¬le ýowuz daraşýar?! Näme üçin? Ýa Hudaý, diňe özüňden medet! «Allatagala bu gün menden ar alýar. Ol Habylyň bir gözüni kör edenligim üçin ar alýar. Allatagala öz zamahşarly deňi-duşlaryma ýowuz daraşandygym, olaryň käbirine şikes ýetirendigim üçin ar alýar. Allatagala enemiň sözüni diňlemän, Şamälik ýerçekeniň öňünden ylgap çykandygym üçin ar alýar, «Zamahşar gijesi» üçin ar alýar. Ata-enemiň, Habylyň, Gülýüzliniň ölümine sebäp bolandygym üçin ar alýar...» diýip, Altynjan içini gepletdi. Ol gelenlere ýüzlendi: – Şum habar bilen geldiňizmi? – Biziň size ikiçäklikde aýtmaly nahan habarymyz bar, melikäm – diýip, hajyp titir-titir etdi. – Giriň içerik! Hajyp bilen işigagasy sandyrap çadyra girdi. Altynjan olaryň hersine bir jam suw bermeklerini buýurdy. Bir jam suwy içen hajyp bilen işigagasy söze başlabilmän biri-biriniň ýüzüne bakdy. Altynjan hatyn olaryň aýdyp bilmän duran sözüni ýeňil¬leşdirdi: – Arslan Besasurynyň işimi?! – Hawa, hawa, melikäm. Arslan Besasury öýüňiziň ähli goş-golamyny weýran etdi, soňam otlady. – Otlady?! – Hawa, melikäm, Arslan Besasury öýüňizi otlady. Ol: «Indi zamana üýtgedi. Togrul beg tagtdan düşürildi. Indi seljuklylar soltanlygynyň soltany – Ybraýym soltan. Men Ybraýym soltanyň baş weziri. Men täze soltanyň tabşyrygyny ýerine ýetirýärin» diýýär. – Wepat bolan adam känmi? – Kän. Besasury Bagdada gan çaýkady. Iki ýüzden gowrak adamy öldürdi, köşgüňizdäki hyzmatkärleri hem uçdantutma öldürdi. – Besdir. Maňa başga hiç zat aýtmaň. Sizden bir towakgam bar: maňa aýdan sözleriňizi häzirlikçe hiç kime aýtmaň. Sizi häzir hansalaryň ýanyna elterler. Onuň ýanyna baryp, gowy naharlanyň, soň men sizi özüm idäp taparyn. Häzirki baş maksat Togrul soltany halas etmek! Men Togrul soltany hökman halas ederin! Hökman! Düşnüklimi? – Düşnükli, melikäm. Biz ýowuz habar getirdik. Biziň bu ýowuz habarymyzy çekmäge Allatagala size polat erk, Eýýubyňky deýin sabyrlylyk, Jirjisiňki deýin çydamlylyk bersin hernä! Enşa, ähli zat geçer. Ähli zat düzeler! Gaýrat ediň, çydaň! Allatagala sizi öz penasynda aman saklasyn! Işleriňiz rowaç, Rüstem Zal güýji ýaranyňyz bolsun! | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |