09:20 Altynjan hatyn / 3-nji kitap -19 | |
On dokuzynjy hekaýat
Taryhy proza
ÄRLIK ON BOLSA, DOKUZY HILEDIR Arslan Besasury Togrul begiň goşuny Hemedanda Ybraýymyň eline geçensoň Wasyty keletä saldy: weýran etdi, Sadyllany, köp-köp adamy öldürdi, boş aýynyň sekizine bolsa, Mustansyryň tuguny göterip Bagdada girdi. Onuň tugunyň ýüzünde «Bu Müsüriň häkimidir» diýen ýazgy bardy. Kerhlileriň ählisi rafyzydy (sünni mezhebini terk edip, şaýy mezhebini kabul edenlerdi). Bagdatda azan okalanda şaýylaryň: «Haýyr işleri etmäge howlugyň!» diýen jümlesi goşuldy. Şäheriň sünni ilatyny rafyzy etmek üçin söweş başlandy. Dört güne çeken söweşde Arslan Besasury Bagdadyň köp ýerini eýeledi. Onuň adamlary köpri gurup, şäheriň gündogar tarapyna geçdiler. Halyf Kaýym Bemryllah öz howlusynda, şeýle hem Mualla derýasynyň töwereginde duşman geçmez ýaly hendek gazdyrdy, ýöne hendek halyfy gorap bilmedi. Birtopar mähelle Mualla derýasyndan geçip, gazylan hendeklere seretmezden halyfy, onuň adamlaryny taladylar. Halyfyň adamlarynyň birnäçesi gara başyny halas etmek üçin Arslan Besasurynyň tarapyna geçdi. Halyf ýalňyşdy: araplaryň emiri Kuraýyş ibn Bedrana çapar ýollap, ondan kömek sorady. Kuraýyş ibn Bedranyň bar maksady halyfy ýok etmekdi. Ol pursatdan peýdalandy, kömek bermek bahanasy bilen gelip, halyfy ele saldy, tussag astyna aldy. Arslan Besasury hem halyfyň başlyklarbaşysy Abulkasym ibn Muslimäni tutdy. Ony masgaralamak maksady bilen kellesine demir şyrdak geýdirip, boýnuna monjuk dakyp, köçeme-köçe aýlady. Garamaýak ilat halyfyň köşgüni talady. Juma güni halyf metjidinde hemem Mansur metjidinde namaz okalmady. «Abulharys Arslan Besasury Türkmen halyfyň köşgüne kazylary, mertebeli adamlary jemledi we olardan Mustansyr Ubeýdili üçin baýat (ähtnama) aldy. Köpleriň garşy bolmagyna garamazdan, zorluk bilen äht etdirildi».1 Halyf Kaýym Bemryllah edilen äht boýunça halyflyk wezipesinden hemem özüniň ähli emläginden el çekýärdi we özüniň Mustansyryň tabynlygynda durýandygyny, onuň mezhebine uýýandygyny, ony goldaýandygyny, mundan beýlägem goldajakdygyny ykrar edýärdi. Zor görse, ýüň gazyk ýere girýär. Halyf mejbury bolansoň, öz başlyklarbaşysy Arslan Türkmen näme diýse, kaýyllyk bilen ýerine ýetirýärdi. Görgüli üç-dört gezek şolbir sözi gaýtalady: – Arslan, men seni öz oglumdan, öz doganymdan zyýada görüp ezizledim. Sen näme üçin maňa beýle ýowuz daraýarsyň? – Meniň saňa eden ýagşylygym azmy? Men seniň eden ýagşylygyňy on, ýok, ýigrimi, ýok, ýüz esse edip ýerine saldym. Ýa salmadymmy? Ýa eden ýagşylyklarymy, seniň emelsizlikleriňi ýeke-ýekeden sanap bereýinmi? – Hökman däl. – Hany, aýt, men saňa az hyzmat etdimmi? Men seniň mekirligiňe düşünýärin. Sen şu oturan kazylaryň, abraýly adamlaryň men hakda ýaramaz pikir etmegini isleýärsiň. «Ars¬lan Türkmen gadyrbilmez eken» diýdirmekçi bolýarsyň. Aslynda bolsa, tersine, sen meniň eden ýagşylyklarymyň gadyryny bilmediň. Şonuň üçinem sen galan ömrüňi myzahyrlykda geçirmeli bolarsyň. Ähli zatlaryňy bize tabşyr! Arap emiri Kuraýyş ibn Bedran bilen Arslan Besasury Türkmen maksatlaryna ýetdiler. Bagdatda apbaslylara okalýan hutba ýatyrylyp, Mustansyryň hormatyna hutba okalmaga başlandy. Beýle mertebe Mustansyryň ata-babalarynyň hiç birine-de mi¬ýesser etmändi. Arslan Türkmen Togrul soltanyň hatyny bilen baglanyşykly adamlary, akgyzlary, hyzmatkärleri uçdantutma gyrdy. * * * Şäheriň Ezis derwezesi açyldy. Ilçi Ybraýym ynala Altynjan hatynyň habaryny ýetirdi: – Men ýüwürjim bilen darkaş gurmak islemeýärin. Goý, ol meniň ýanyma gorkusyz gelsin, ýagdaýy düşündirsin. Näme isleýän bolsa, çekinmän, göni aýtsyn. Goý, ol menden gorkmasyn. Altynjan beýik depäniň üstünden bargäh guratdy. Onuň içinde Kabyl özüniň ýedi sany pählewan jandary bilen tabşyryga taýýar bolup durdy. Altynjan olaryň etmeli işlerini birin-birin düşündirdi. Ybraýym ynal atlylary bilen şäheriň derwezesinden çykanda uzyn hatar bolup duran atlylar Altynjan hatynyň tabşyrygy boýunça gygyryşmaga başlady: – Muhammet Togrul soltana hamdy-salawat bolsun! – Ybraýym bege hamdy-salawat bolsun! – Ybraýym bege hamdy-salawat bolsun! Hataran duran atlylar şol bir sözi birsyhly gaýtalaýardylar. Ybraýym ynala bu sözler hoş ýakdy. Ol, bu sözlerden soň arkaýynlanan bolarly, yzyna ýigrimi-otuz atlyny düşürip, Altynjan hatynyň ýanyna ugrady. Altynjan özüne bakan gelýän Ybraýym ynaly içgin synlady. Onuň garrandygyny, egbarlandygyny duýdy. Ybraýym ynal atyň üstünde ynamly otyrdy. Başynda Togrul soltanyň altyn jygasy lowurdaýardy. Bütin ömrüne üst-başyna, egin-eşigine pitiwa etmedik Ybraýym zerli don geýipdir. Ol, megerem, özüni soltan hasaplaýandyr, Altynjanyň ýanyna özüniň soltandygyny ykrar etdirmek, ähli seljuklylaryň, ähli musulmanlaryň özüni ýedi yklymyň soltany diýip ykrar etmegini gazanmak üçin gel¬ýär, ýöne özüne gurlan duzagyň – gapanyň üstünden gelýändigini welin bilmeýär. Şu gün ömür tanapynyň üzüljekdigini-de bilmeýär. Ybraýym özüniň bagtynyň ýatjak ýerine gelýär. Ol özüniň gara güýjüne bil baglap gelýär. Ol gara güýjüň ýagysynyň köpdügini bilenok. Ol piliň syçandan gorkýandygyny, şirleriň garynjalardan ejizdigini bilenok. Ol ärlik on bolsa, onuň dokuzynyň hiledigini bilenok. Ybraýym Togrul soltanyň: «Gara güýç bilen, başa-baş söweşip gazanylan ýeňişde lezzet ýok. Ýeňşiň lezzeti tilsimde. Her hili hile, tilsim ulanyp, akyl bilen gazanylan ýeňiş iň lezzetli ýeňiş» diýip, her bir söweşden öň gaýtalan sözlerini näme üçin ýatlamaýarka? Häzirki söweşde-de özüne garşy hile ulanyljakdygyny näme üçin aňlamaýarkan?! «Eh, Ybraýym, Ybraýym! Wah, Ybraýym, meniň saňa nebsim agyrýar. Sen öte geçdiň. Haktagalanyň maňlaýyňa ýazmadyk derejesine ýetjek bolduň. Bu hem seniň ömür tanapyňy üzer. Hetden aşdyň, hetdiňi bilmediň. Haktagalanyň ýazgydyna kaýyl gelmediň. Patyşa bolmak isleýänler kän. Patyşa bolmaga mynasyplar-da kän. Tagtda oturmaga mynasypdygyň – patyşa bolmalydygyňy aňlatmaýar. Patyşa bolmaga mynasyp kişileriň içinden Haktagala diňe öz ýalkan bendesini saýlap alýar, ezizleýär. Şony hem patyşa göterýär. Men bu gün Togrul soltanyň öz ezizleýän söweş tilsimini seniň garşyňa ulanmaly boldum, Ybraýym! Sen menden aýp etme! Men soltana mynasyp aýal bolmak isleýärin. Men söýülmek isleýärin. Men Togrul soltana mynasyp hatyn bolmak isleýärin. Men Togrul soltana mynasyp naýyp bolmak isleýärin. Men bu gün Togrul soltana derek söweş meýdanyna çykdym. Diýmek, meniň söweş tilsimim hem Togrul soltanyňky deýin bolmaly! Ýa Biribar, özüňden medet!» Ybraýym aňyrdan gelşine dabaraly seslendi: – Altynjan hatyn, Ybraýym soltanyň dergähine hoş geldiň, sapa geldiň! Altynjan hatyn içki howsalasyny daşyna çykardy: – Ybraýym, sen maňa göni aýt. Soltan dirimi? — Haýsy soltan? – Muhammet Togrul soltan. – Muhammet indi soltan däl. Indi men – Ybraýym Seljukly soltan! – Sen soltany öldürdiňmi? – Men ony näme üçin öldüreýin?! Men ony öldürmek islemeýärin. Ol meniň doganym ahyryn. Men: «Ybraýym öz doganyny öldürip soltan boldy» diýen gepe galmak islemeýärin. – Onda näme isleýärsiň? – Men soltan bolmak isledim, maksadyma-da ýetdim, sebäbi men bütin ömrüme Togrula gulluk etdim. Ony häzirki derejesine men ýetirdim. Men! Ony sen bilýärsiň-ä! Indi, goý, Togrul maňa gulluk etsin! Men, nä, ondan kemmi? Muhammedem, Dawudam, menem – üçimizem bir enäniň ogullary. Biziň üçimiziňem ganymyz bir. Men Ýusup Ynanç (ynal) Seljugyň ogly. Biz – Seljuk begiň agtyklary. Biziň üçümiziň hukugymyz deň. Iň agyr söweşlere Togrul mydama meni ugratdy. Indi besdir, soltanlygy özüm dolandyrjak. Men ondan ýaş. Ol indi garrady, halysan aňkasy aşypdyr onuň. Goý, ol soltan ýaly ýaşasyn, ýöne hiç zada goşulmasyn. Adyny tutan zadyny tapyp getirip berjek. Togrul, goý, galan ömrüni meniň göztussagym bolsun. Men onuň hiç bir zadyny kem etmerin. Geýjek diýen geýmini geýdirerin, iýjek diýen nygmatyny iýdirerin, senem onuň ýanynda ýaşaber. Ýöne indi köşk işine goşulmarsyň. Besdir, indi çydap bilemok men. Goý, Togrul islese, meniň baş wezirim bolsun, islese, nedimim bolsun. Siziň hemmäňiz maňa boýun sunuň. Eger boýun sunmasaňyz, onda men Togruly öldürmäge mejbur bolaryn. Togrulyň öldürilmegine sebäp bolmaň! Eger men ony öldürsem, günäsi siziň boýnuňyza bolar. Mende ikinji ýol ýok. – Öňki Kaku şalygynyň, Rawwat şalygynyň ähli şäherlerine, ýerlerine emir bolup ýörsüň, bu saňa az bolýarmy? – Elbetde, az. Men Togrulyň tabynlygyndaky ähli ýerlere şalyk etjek. Altynjan özüni rahat alyp barmaga çalyşdy. Onuň bar pikiri özünden gitmezligidi, agyra çydamakdy. Ol özüne zor salyp dil¬lendi: – Adama bela özgeden däl, özünden gelýär. – Hany Kundury? Hany, Anuşirwan? Goý, olar boýun sun¬ýandyklaryny gelip aýtsynlar. Olar maňa tagzym etsinler, aýagyma ýykylsynlar! Altynjan hatyn, men senem myzahar etmerin. Togrul seniň gadyryňy bilmedi. Onuň soltan bolmagynda seniň hyzmatlaryň hem az däl. Ol ölse, seni özüme hatyn edinmekçi men... – Haý, Ybraýym, Ybraýym! Oňarmadyň! Gaty gitdiň. – Hany, Anuşirwan wezir? Kundury nirede? – Olar ýok. – Nirede olar? – Olaryň nirededigini özlerinden başga bilýän kişi ýok. – Altynjan Anuşirwany bilen Kunduryny bile gaçan hökmünde ynandyrmaga çalyşdy: – Olar, iki doganyň dawasyna goşulmazlyk üçin, gaçdylar. – Nirä? – Haý, Ybraýym, men nireden bileýin olaryň nirä gaçandyk¬laryny? Meniň bir bilýän zadym – Anuşirwan bilen Kundury Bagdatdan günbatara gidipdir. Yzymdan kowaýmasynlar, ýetäýmesinler diýip, şäheriň günbataryndaky şol uly köprini ýumrup gidipdirler2. Men olaryň gaçanyna däl, köprini ýumrandyklaryna gynanmak gynandym. – Men Anuşirwany gowy görýärin, ony özüme wezir edinjek, ýöne Kunduryny, nirä gaçsa-da, taparyn hem öldürerin. Ol mydama maňa garşy çykdy. Eger Kundury garşy çykmadyk bolsa, men birinji gezek baş göterenimde tagta geçýärdim. Kundury meni aldawa saldy. Meniň serkerdelerimi maňa garşy goýdy. Içimde duşman döretdi. Men ondan arymy alaryn, hökman alaryn! Men, Altynjan hatyn, saňa aýratyn sarpa goýýaryn. – Bilýärin... – Emir Ärdeşir Magmarany nirede? – Ol hol depäniň üstünde beýleki wezir-wekiller bilen dur. – Wezir-wekiller näme üçin meniň öňümden çykyp tagzym etmeýärler? – Olaryň saňa tagzym etmekleri üçin, ilki ikimiz käbir zatlary özara ylalaşmaly. Ybraýym Altynjanyň sözüne pisint etmän sorag berdi: – Depäniň üstündäki çaga-çugalar näme? – Olarmy? Olar seniň goşunyňdaky serkerdeleriň çagalary. – Olary nireden tapdyňyz, näme üçin getirdiňiz? – Eger seniň serkerdeleriň maňa garşy söweşmekçi bolsalar, onda meniň ýeke yşaratym bilen olaryň ählisiniň kellelerini keserler. Sen: «Ogluma sünnet toý edýärin» diýip, aldap, seljuk esgerlerini öldürdiň. Sen biziň bigünä esgerlerimizi öldürdiň, indi biz seniň wezir-wekilleriň bigünä çagalarynyň kellelerini «sünnet» etjek. Aldawy sen başladyň. Indi gezek biziňki! – Munyň namartlyk bolýar. Bu söweşe çagalary goşmalyň. – Namartlygy her kim özüçe kesgitleýär. Biz hem seniň bolşuňy namartlyk hasaplaýarys. – Meni gorkuzaryn öýdýärsiňmi? – Biz hem gorkudan daşdaky adamlar. – Sizi şu ýere gorky getirdi… – Ýok, bizi bu ýere gahar-gazap getirdi. – Bes! Bes et! Men seniň bilen sanaşyp durmak islemeýärin. Derrew dyza çöküň! Ähli wezir-wekiller derrew ýanyma gelsin! Ýogsam meniň ýeke yşaratym bilen Togrul beg öldürilýär. – Togrul bege bir zat bolsa, onda, men saňa söz berýärin – sen bu dünýäde aman ýaşamarsyň. – «Gepleme!» diýýärin men saňa! Altynjan dymdy. – Näme üçin wezir-wekiller gelip, meniň aýagyma ýykylmaýarlar?! – Onuň bir sebäbi bar. – O nähili sebäp? – Wezir-wekilleriň seniň aýagyňa ýykylmagy – saňa tabyn bolmagy üçin başda ikimiziň ikiçäk gürleşmegimiz, käbir zady ylalaşmagymyz gerek. – Men gürleşmekçi däl! – Onda wezir-wekiller gelmez, diňe uruşmaly bolarys. Çagalaryň agy seslerini eşidýärsiňmi? Şu ýagdaýda seniň adam¬laryň bize garşy söweşmezler. Sen utularsyň, agyr ýagdaýda galarsyň. Ybraýym uludan demini aldy: – Näme aýtmakçy bolýarsyň? Aýdyber. – Biziň käbir zatlary şaýatsyz maslahatlaşmagymyz, çözmegimiz gerek. – Meniň öz adamlarymdan ýaşyryn zadym ýok, Altynjan hatyn. – Dogrudyr, sende ýokdur, ýöne mende bar. Saňa pynhan aýtjak sözüm bar. Ol söz diňe ikimize degişli. Ony özgeler eşitmesin, bilmesin. Şol sözümden soň goşunyň seniň tarapyňa geçmelidigi ýa geçmeli däldigi hemem çagalaryň kysmaty belli bolar. – Nirede gürleşmeli? – Hana, şol bargähde – diýip, Altynjan uzakda bolmadyk bargähe elini uzatdy. – Ýok, meniň köşgüme gideli. – Köşge? Köşk – uzak, bargäh – ýakyn. – Bargähde kim bar? – Hiç kim ýok. Ol ýerde diňe ikimiz bolarys. – Biri bar bolaýmasyn?! – Ybraýym, gorkýarsyňmy? Biri bar bolsa, çykaryp kowarys! – Eý, Altynjan hatyn, sen Ybraýymyň hiç zatdan hiç haçan gorkmandygyny bilmeýärsiňmi? – Men seniň hiç bir zatdan gorkmaýandygyňy bilýärin. Ýöne meni özüňe duşman hasap etmegiň sebäbini welin bilmeýärin. Şu wagta çenli men saňa ýekeje-de ýamanlyk etmedim. Sen welin, maňa çökder ýamanlyk etdiň. Zalym-jeberut Arslan Besasury seniň buýrugyň bilen meniň doganym Sadyllany öldüripdir, mülkümi tozdurypdyr. – Eýýäm eşidipsiň-ow?! – Diňe ol däl, men seniň buýrugyň bilen Arslan Besasurynyň Bagdatdaky köşgümizi kelete edendigini-de, iki ýüzden gowrak hadymymy, hyzmatkärimi öldürendigini-de bilýärin. – Ýeri, onsoň, sen maňa bu zatlar üçin bargähiňe salyp jeza berjek bolýarsyňmy? – Saňa jeza bermegi Allatagala tabşyrýaryn, ýöne näme üçin maňa sütem edýärsiň?! – Wa-weýla, onuň sebäbini bileňokmy? Togrul köp zatlar babatda seniň sözüňden çykanok. Arslan Besasury ylalaşyk isläp baranda, soltany onuň garşysyna goýan kim? Sen! Kabyl-a seniň bilen Togrul hakda gürleşmekden gorkýar. – Diýmek, ýene köşkde seniň öz jansyzlaryň bar-da?! – Maňa gözüň öwrenişipdir... Altynjan atyndan düşdi-de, bargähe bakan ýöräp ugrady. Ybraýym özüniň on sany jandary bilen Altynjan hatynyň yzyna düşdi. Altynjanyň: «Yzyňdakylaryň näme?» diýen terzde seredip durandygyny görüp, yzyndakylara «Siz galyň!» diýip buýurdy, ýeke özi bargähe bakan ýöredi: – Seniň peýkeriňde peri gatanjyň bar bolaýmasyn, Altynjan hatyn? Sen birjigem garramansyň. Şol öňki tejelliňi saklaýarsyň. Seni hatyn edinmesem, ömrüm ömrem däl. Togruly öldürsem, nika maňa düşýär. Ýöne ony öldürmäge meniň elim baranok. Walla, çynym. Altynjan bargähiň gapdalyna baryp saklandy, Ybraýymyň içerik girmegi üçin eli bilen mürähet etdi. – Owallan sen gir! – Bize seredip durlar! Men – hatyn. Eger senden öň girsem, seniň adamlaryň nähili pikir eder? – Dogry aýdýarsyň! Ilki men gireýin, men soltan ahyryn. – Birinji gezek soltan bolmak isläniňde saňa goltgy beren kişiler – Togrul soltanyň ýanynda işläp ýören wezir-wekiller eken. Bu gezegem saňa gylaw bereniň Togrul soltanyň ýanyndaky wezipeli adamlardygyny aňýaryn. Adamlar seni gowy görýärler. Sen bihal adam däl. – Dogry aýdýarsyň. Men bihal adam däl. Sen maňa dogry baha berdiň. Men soltan bolmaga mynasyp adam. – Meni bir zat geň galdyrýar. Togrul soltanyň duzuny iýip, Gurhandan wepadarlyk kasamyny içip, seniň bilen nahan dildüwşük geçiren, soltana dönüklik eden biž kişiler saňa wepa bererler öýdýärsiňmi? – Maňa dönüklik etseler, damaklaryny çalaryn. Men olara, Togrul ýaly, geçirimlilik etmerin. – Men olaryň kimlerdigini çak edýärin. – Anyk bilýän dälsiň, ýöne men saňa açyk aýdaýyn. Ol – Ärdeşir Magmarany. – Dönüge güzeşt bolmaz! Hany, içeri gireli. – Seniň bu sözüňden soň maňa içeri syrly görünýär. Altynjan öz-özüne käýindi: «Aý, Altynjan, Altynjan! Bärden gaýdýan ýerleriň kän-ow seniň! Bu sözleri aýtmak nämä gerek boldy saňa?! Içeri giren bolsa, iş bitýärdi. Zenanlar mydama bilesigelijiliginiň pidasy bolýarlar. Ynha, meniň bilesigelijiligim sebäpli bar zat bulaşdy». – Ybraýym, men seni hiç bir zatdan gorkmaýan batyr gerçek hasaplap ýördüm. Belki, ilki men girerin?! Ä?! – Altynjan hatyn, men saňa ynanýaryn. Ýöne seniň ýaňky sözleriňden soň bargähiň içi maňa hakykatdan hem şübheli, gorkuly görünýär. Sag egnimde oturan perişdäm maňa: «Yb¬raýym, içerik girme!» diýýär. – Girmäge gorkýarsyňmy? Onda ýagdaýlar üýtgeýär. Başgaça çemeleşmeli bolýarys. Onda içerdäkiler daşaryk çykmaly bolarlar – diýip, Altynjan içerdäkilere eşitdirmek maksady bilen oran turuzdy. – Kabyl daşary çykyp, maksadyna ýeter. Ol derrew daşary çykar. Seni zor bilen içeri salsyn! – O nähili içerdäkiler? Sen: «Bargähiň içinde hiç kim ýok» diýdiň-ä? Içerde kim bar? Kim bar bolsa, goý, daşaryk çyksyn! Altynjan hatyn baş atdy: – Goý, seniň diýeniň bolsun! Goý, içerdäkiler daşary çykyp, seni içeri salsynlar. Kabyl howluksyn, ýagdaýlar üýtgedi! – Näme, näme?! – Ybraýym towsaryldy, nämäniň-näme¬digine düşünip, hyrra yzyna öwrüldi, gaçmaga welin ýetişmedi: Altynjan onuň üstüne topuldy. Ony ýüzin ýykyp, bogmaga başlady. Bargähiň tutusy bat bilen serpildi. Içerden ýedi pählewan çykyp, «Ýa Hu!» diýip gygyryşyp, Altynjana kömege ýetişmek üçin ylgady. Ybraýymyň haýyna-waýyna bakman, sähel salymda ony bargähiň içine saldylar. Altynjan sähelçe diňşirgendi. Bargähiň içinden bogulýan kişiniň aýylganç sesi duranlaryň depe saçlaryny syh-syh etdi. Şol galagoply pursatda Altynjan hatyn özünden gitdi: duran ýerinden arkan ýykyldy. – Kabyl, Altynjan hatyn ýykyldy! – diýip, kimdir biri gygyrdy. Kabyl ylgap geldi, uýasynyň başyny ýerden göterdi: – Mähriban doganym!.. – diýip endiredi: – Altynjan!.. Altynjan uzak ýatmady, özüne geldi, gözlerini açdy: – Kabyl, maňa näme boldy? – Sen özüňden gitdiň. – Ybraýym nirede? – Arkaýyn bol, doganym, iş bitdi, ony ele saldyk. – Taňry ýalkasyn, Kabyl, Taňry ýalkasyn! Ähliňize taň¬ry¬ýalkasyn! – Ýeri, ýagdaýlaryň niçik? – Men köp ýatdymmy? – Ýok, ýok, köp däl! – Doganym, maňa tekge ber, men ýerimden galaýyn. Kabyl Altynjanyň gozganman ýatmalydygyny, çünki der¬diniň agyrdygyny bilýärdi, ýöne häzirki pursatda onsuz hiç bir zat çözüljek däldi, ol juda gerekdi, şonuň üçin hem iki jahan owarrasy halda Altynjanyň ýerinden turmagyna, ata atlanmagyna hemaýat berdi. Altynjan Ybraýymly mesele beýle aňsat çözüler öýtmändi. Onuň göwnüne, ähli zat ýalan ýalydy. Iki ýüz elli ýyldan-da gowrak wagt mundan owal Harun ar-Raşidiň guran tilsimi, Altynjanyň durmuşynda gaýtalandy3!.. Harun ar-Raşidiň bu tilsimi Altynjanyň hoşuna gelipdi. Şonuň üçin ol bu tilsimi peýdalanmagy ýüregine düwdi. Maksadyny hiç kime aýtmady. Bu töwekgelligiň amal tapmagyny Biribardan dileg etdi. Altynjan bu tilsime aýratyn umyt baglady, ýöne diňe munuň bilen hem çäklenmedi. Ätiýaçdan ýene iki tilsimi goşmaça peýdalanmagy makul gördi. Ol iki tilsimiň biri Ybraýym ynalyň egindeşleriniň maş¬galalaryny, garyndaşlaryny girewde saklamakdy, ikinjisi, Ybraýy¬myň goşun serkerdelerini öz tarapyna çekmek üçin ogryn gepleşikler geçirmekdi. Altynjan Ybraýym ynalyň iň ýakyn egindeşleriniň Reýde, Bagdatda ýaşaýan maşgalalaryny alyp gelmegi Ýagysyýan hana tabşyrdy. Ybraýym ynalyň goşunynyň serkerdelerbaşysy Abul Muzapbar, garyndaşy Ärdaş, serkerdesi Mansur Azhary, arizi Hasan Söbügi, wezirleri Tahyr Ryza, Beşer ibn Hapyz Reýde ýaşaýardylar. Ärdaşyň alty ogly bardy. Onuň alty oglunyň ikisi ýanyndady. Galanlary, ýaş bolansoň, öýlerindedi. Emir Ýagysýan Ybraýymyň gullugundaky serkerdeleriň maşgalalaryndan on sany aýaly, otuzdan gowrak çagany Hemedana alyp geldi. Altynjan Abul Muzapbar, Tahyr Ryza, Ärdaş, Mansur Azhary, Hasan Söbük, Beşer ibn Hapyz bilen nahanlykda gürleşmek üçin emirler Hapban Endikänini we Bu-l-Kasymy gönderdi, olara eger Togrul soltana garşy söweşseler, onda olaryň çagalarynyň, tohum-tijiniň öldüriljekdigi habar berildi. * * * Mübärek han ellerini galgadyp bargähden çykdy. Onuň elinde Ybraýym ynalyň başyndaky Togrul soltanyň altyn jygasy bardy. Ybraýym ynalyň ýany bilen gelen atlylar jabjynyşdylar: – Siziň edýäniňiz näme? Siz Ybraýymy öldürmäge, onuň mukaddes begzada ganyny dökmäge neneň het edip bildiňiz?! Ybraýym ynalyň gany dökülmeli gan däldir! Bu kişiniň janykmasy ýöne ýere däldi. Soltan nesliniň gany mukaddes gan hasaplanýar. Soltan – Perwerdigäriň ýerdäki wekili. Onsoň soltanyň neberesiniň biriniň ganyny dökmek musulmançylykda iň gabahat günä hasaplanýardy, soltan ýa-da soltan neberesinden biri öldürilmeli bolsa, onda onuň ganyny çykarman öldürýärdiler. Köp¬lenç ýaýyň kirşi bilen bogup öldürýärdiler ýa-da dardan asýardylar. Bargähden çykanlaryň altyn jygany galgatmaklary Ybraýym ynalyň älemden gaýyp bolandygyny aňladýardy. – Muhammet Togrul soltan! – Muhammet Togrul soltana hamdy-salawat bolsun! Bu alkyşy birden elli müň esgerli goşun jem bolup gygyrdy. Ybraýym ynalyň yzyna düşüp gelen atlylar iki jahanowarrasy bolup, näme etjeklerini bilmän, birek-bireginiň ýüzüne seredişip, alak¬jaşyp durdylar. Ynanmaz ýaly däldi: bargähden çykan ýedi pählewa¬nyň ellerindäki hanjarlary, egin-eşikleri gyrmyzy gandy! Aslynda welin, bu ynallylaryň gözlerini güý¬düşdirmek hemem howlaryny basmak üçin Altynjanyň tapan çykalgasydy. Ybraýymy ýaýyň kirşine bogup öldürmek makul bilnipdi. Pählewanlaryň üst-başlaryna dört-bäş jam dowar gany dökülipdi. Altynjan hatyn Ybraýym bilen gelen atlylara garap gygyrdy: – Ybraýym pahyryň ýakyn adamy meniň ýanyma gelsin! Atlylar öz aralarynda gürleşdiler, onsoň olaryň arasyndan gyr atly, pişge murtly, gaba telpekli kişi gorka-gorka geldi. Altynjan bu serkerdäni gören badyna tanady. Ol bu serkerdäni öň hem görüpdi. Bu serkerdäniň ady Ärdaşdy, Ybraýymyň iň ýakyn adamydy. Bu serkerde Altynjana kän-kän hunabalar görkezen Şamäligi tutup getirip beren serkerdedi. Şamäligi tutup dyza çökeren serkerdäni, heý, Altynjan unudarmy? Onuň bu serkerdä goýýan hormaty uludy, ýöne ol Ärdaşy tanamadykdan boldy: – Adyň näme? – Siz meni tanaýarsyňyz ahyryn! – «Adyň näme?» diýip soraýaryn! – Adym Ärdaş. – Togrul soltanyň ýagdaýyny aýt maňa! – Togrul beg, hatyn, el-Jeditde göztussagy bolup otyr. Ýagdaýy gowy däl, ýöne jany sag. – Meni diňle, Ärdaş! Şol depäniň üstünde duran çagalary görýärsiňmi? – Görýän. Eşitdim, aýtdylar. – Şol çagalaryň içinde seniň dört sany çagaň bar. Sähel gyşyk hereket etseň, seniň şol dört çagaň kelleleri kesiljekdir. Düşnüklimi? – Çagalarda näme günä bar? – «Düşnüklimi?» diýýärin men saňa? – Düşnükli... – Men seni şu günden başlap Hemedan şäherine şihne belleýärin. Ärdaş sakawlady: – Ybraýym... – Men aýatda diri adamlaryň gürrüňini edýärin. Düşnük¬limi? – Düşündim, Altynjan hatyn, düşündim. – Seni näme üçin ýalkaýandygymyň sebäbini özüň aňýansyň. – Aňýaryn, Altynjan hatyn, aňýaryn. – Häzir şu ýerik Sistandan Çagry soltanyň ogly Alparslan geler. Ol gelýänçä Muhammet Togrul soltanyň üstünden guş uçup geçip bimaza etse-de, seni ýedi arka tohum-tijiň bilen ýedi gat ýeriň aşagyna sokaryn. Düşnüklimi? – Düşnükli, hatyn, düşnükli!.. Altynjan öz-özüne geň galdy: «Düşnüklimi?» diýen sowaly köp¬lenç Togrul soltan gaýtalaýardy. Bu gün, görüp otursa, Altynjanyň özem edil soltanyň gürleýiş äheňinde gürleýär. Ärdaş ýere çöküp, ýeri togap edip, Altynjan hatyndan aman diledi: – Çagalaryma aman beriň! – Tur ýeriňden! Alparslan gelýänçä, soltanyň goragynda özüň dur. Hasabaty senden sorajakdyryn. Maňa häzir soltany görkezersiň. – Lepbeý, hatyn! Ärdaş bir böküşde atyna mündi. Altynjan Ybraýym ynalyň atlylarynyň ýanyna bardy: – Eşitdim-eşitmedim diýmäň, Togrul soltanyň garşysyna giden kişi hut süýtdeş dogany bolsa-da ýok edilýändir. Siziň aman galmagyňyz wepaňyza bagly bolar. Men Ärdaşy Hemedanyň şihnesi belleýärin. Biziň goşunymyz şähere girende bitiniň burny ganaýsa, ähliňizi uçdantutma gyrjakdyryn. Soltanyň goragynda meniň ýüz haşymym bolar. Meniň haşymlarymyň her bir sözi siziň üçin kanun bolmalydyr! Düşnüklimi? – Düşnükli!.. – diýip, ynallylar başly-barat gygyryşdylar. Altynjan soltanyň ýagdaýyny görüp gaýtmak üçin üç ýüz atlysyny yzyna tirkäp, şähere ugrady. Mübärek han şähere ugran Altynjan hatynyň öňünden çykdy: – Möhüm habarym bar. Mübäregiň bu sözünden soň Altynjan hatynyň yzyndaky atlylar biraz gapdala çekildiler. Altynjan hatyn Mübäregiň galagoplulygyna geňirgendi: – Mübärek han, näme boldy? – Men siziň içki howsalaňyza düşünýärin, ýöne häzir siziň şähere girmegiňiz dürs däl. Azajyk sabyr ediň. Entek şäherdäkiler Ybraýymyň öldürilendigini eşidip ýetişenok. Olaryň ählisi Tog¬rul soltana, size garşy çykmaga het edip bilen adamlar. Olar sizi görseler, bagtlarynyň ýatandygyny aňsalar, gorkularyna, janhowullaryna herki wagşylygy etmekleri mümkin. Biraz tagapyl eýläň! Şäherdäkiler Ybraýymyň kysmatyny eşidip, mugyra gelsinler. Oňa çenli garaşyň! Töwekgellik etmäň, hatyn! Siz iň esasy işi etdiňiz. Indi siz rahatlanyň. Häzir şu ýere men Togrul soltany alyp geleýin. – Eh, Mübärek han, sen meniň ýüregimi görmegi başarýan bolsadyň, onda sen bu sözleriňi aýtmazdyň. Häzir meni hiç hili güýç Togrul soltanyň diriligini görmek maksadymdan saklap bilmez. Edil şu pursat öljegimi görüp-bilip dursam hem men soltanyň ýanyna ylgaryn. Meni rahatlandyryp biljek ýeke-täk ýer – soltanyň ýany. Mübärek han hyrçyny dişläp yza çekildi. Haýdan-haý Altynjanyň goragynda bolmaly jandarlaryň sanyny artdyrmaga girişdi, öz serkerdelerine anyk görkezmeler berdi. Altynjanyň barýan ugrunda öz esgerlerini goýdy. Altynjan hatynyň öňün¬denem, yzyndanam, sagydyr solundanam üç-dört hatar haşym¬laryny ýöretdi. Ärdaş Altynjan hatyna Togrul soltanyň göztussagy bolup oturan el-Jedit köşgündäki otagyny görkezdi. Altynjan adamsynyň tirsekläp oturandygyny penjireden görüp, damagy doldy. * * * Birden garaşylmadyk ahwalat ýüze çykdy: – Kim Ybraýymy öldürmäge het etdi? Şu heleými? Altynjan ýeňsesinden çykan sesi tanady. Bu Ybraýymyň weziri, naýyby Tahyr Ryza bolmaly. Somalak telpekli bu kişi Anuşirwanyň ýegre şepesi bolmaly. Anuşirwan Altynjana, Togrul bege ýalbar-ýakar edip, ony goşunyň ariziniň kömekçisi edip işe aldyrtdy. Soňam Ybraýymyň uguny ýekeläp, ony oňa wezir belletdi. «Men sizden bütin ömrüme razydyryn. Men siziň sadyk, wepaly guluňyz bolaryn» diýip ant içip, awy ýalan kezzap bu gün Altynjanyň üstüne sürnüp gelýär. Altynjan hatyn özüniň goraljakdygyny bilýärdi, ýöne özüni goramagy jandarlaryna ýetirmedi: adamsynyň sowgat beren asfury hanjaryna elini ýetirdi, şeýlebir çaltlyk bilen yzyna öwrülip, hanjaryny Tahyr Ryzany nyşanalap atdy. Hanjar ýigrimi-otuz esgeriň öňüne düşüp gelýän Tahyr Ryzanyň çep döşüne çümdi. Hiç kimse Altynjan hatyndan beýle çalasyn herekete garaşman eken. Ähli kişi doňan ýaly bolup, somalak telpegi çarhypelek deýin tigirlenip giden Tahyr Ryzanyň hokurdap ýykylyşyndan gözüni aýyrman durdy. Altynjan dergazap bolup gygyrdy: – Ýene kimiň ölesi gelýär?! Megerem, ölesi gelýän başga ýok bolarly, hiç kimden ses-selem çykmady. – Külli musulmanyň, ýedi yklymyň soltany birdir! Ol Muhammet Togrul soltandyr! Muhammet Togrul soltana garşy çykan her kesiň başy ölümlidir! Düşnüklimi? «Düşnüklimi?» diýýärin men size?! – Düşnükli! – diýip, ähli kişi seslendi. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |