09:42 Altynjan hatyn / 3-nji kitap -22 | |
Ýigrimi ikinji hekaýat
Taryhy proza
TALAŇ SAÇAGY Zyýapat uludan başlandy. Saçak uludan ýazyldy. Onuň daşyna bäş müň adam ýerleşdi. Saçagyň üstünde adyny tutan zadyň bardy. Üstaduddaryň hem emir çaşnigiriň adamlary ýetişibildik¬lerinden saçaga tagam çekýärdiler. Herdürli tagamlaryň ysy töwerek-daşa burk urýardy. Saçagyň başyna çökenler toý eýesiniň gelerine – nahara başlamaga izin bererine sabyrsyzlyk bilen garaşýardylar. Toý eýesi – soltan oturanlary uzak garaşdyrmady. Hajyp soltanyň gelýändigini yglan etdi. Buýsançly sesler Asmana galdy: – Togrul soltana sahawat bolsun! – Togrul soltana salawat bolsun! – Togrul soltana salamat bolsun! Togrul soltan myhmanlar bilen salamlaşmaga durdy. Myhmanlar hatara durup, soltanyň elini maňlaýlaryna sylyp, salam berip, geçip durdylar, käbir kişi bolsa, soltanyň aýagyna, donunyň synyna maňlaýyny degrip tagzym edýärdi, alkyşly sözlerini aýdýardy. Soltanyň jansyzlary tertip-düzgüne gözegçilik edýärdi. Biraz wagtdan soň hajyp Abdyrahman Agajy Altynjan ha¬tynyň gelýändigini mälim etdi: – Muhammet Togrul soltanyň hatyny hem naýyby Altynjan hatyn gelýär! Myhmanlar ýene jem bolup gygyryşdylar: – Altynjan hatyna salawat bolsun! Bu sözler hemem Togrul soltana dilenilýän üç dileg birsyhly gaýtalandy. Togrul soltan hatyny bilen özleri üçin niýetlenilen sypa tarap ugrady. Adamlar jaýlaşykly ornaşansoň, tagamyň hormatyna Amydylmülk (baş wezir) Gurhan okady. – Adamlar, bu gün – Nowruz! Bu gün – Täze ýyl! Perwerdigär bize geçen ýyly synag ýyly etdi. Soltanlygymyzda agzybirligiň sak¬lanmagy, dildüwşükleriň bolmazlygy üçin bar başarnygyny sarp edip, gije diýmän-gündiz diýmän işlän umury istihbaradymyzyň sahyby Bekdaş Rudbarynyň janyna kast edildi. Onuň ýatan ýeri ýagty, jaýy jennet bolsun! Ol biçak hüşgär, aladaçyl adamdy. Ol köp-köp adamlaryň pyssy-pyjurlyklarynyň üstüni açan sahypdy. Ol biziň soltanlygymyzy köp-köp hyýanatçylykly pällerden halas eýledi. Ýöne janyna kast edildi. Soň, görüp otursak, ol wagşylygy etdiren kişi öz adamymyz – Ybraýym eken. Meniň doganym Ybraýym – goý, onuň ýatan ýeri jennet bolsun! – parahat dünýämize zorlugy, sütemi girizjek boldy. Parahat günümize gan çaýkap, rafyzy mezhebine1 öwürmäge çalyşdy. Ol biziň arkamyzda Perwerdigäriň durandygyny unutdy. Perwerdigär bize Arslan Besasury Türkmeni eden ýowuz işleri üçin jezalandyrmaga, arap emiri Kuraýyş ibn Bedrany akylyna aýlamaga, mömünler emiri Kaýym Bemryllahy öz tagtynda gaýtadan oturtmaga güýç-kuwwat berdi. Perwerdigäriň bu asylly işi bize ynanandygy üçin buýsanjymyzyň çägi ýokdur. Çawymyz ýedi yklyma2 doldy. Men galan ömrümi-de ähli musulman raýatlarymyň rahatlygy, bolçulykda ýaşamagy üçin sarp ederin. Allatagala maňa kapyrlary musulman etmek parzyny ynandy. Sizi parahat ýaşatmak – meniň borjum. Myhmanlar ýene gygyryşmaga başlady: – Togrul soltana salamat bolsun. – Togrul soltana salawat bolsun! – Togrul soltana sahawat bolsun! Tagama bissimylla edildi. Daşdan seredeniňde desterhanyň üstünde goýlan nygmatlary, tagamlary iýip-tükedip bolar ýaly däldi. Ýöne bu pikir nädogry eken. Yhlas bilen ýapyşylanda gutarmajak zat ýok eken. Soltanyň desterhanyndaky zatlar gutarmasa-da gutaraňkyrlady. Desterhana getirilýän kakmaçlaryň, çişlikleriň, gowrulan etleriň yzy üzülenokdy. Ýogsam soltanyň saçagyndaky nygmatlary, tagamlary iýip tükedip bolýandygyny oturan myhmanlar görene göz etjekdiler. Iň kyny – garyn doýsa-da gözüň doýmaýanlygy. Oturanlaryň galabasy garynlary doýansoňam gözlerini doýurmak üçin bir adamlyk iýdiler. – Altyn gyz, ýagdaýyň niçik? – diýip, soltan hatynyndan ýuwaşja sorady. Altynjan adamsynyň sözüni makullap baş atdy: – Gowy, begim, gowy. * * * Göçgünli saz çalynýardy. Saçakdaky zatlardan iýlip-içilip bolnandan soň, aýat-töwir edildi, Gurhan okaldy. Şondan soň myhmanlar aýdym diňlemäge, iki adamboýy be¬ýiklikden asylan ýüpüň üstünde ýöräp, herhili oýunlar gör¬kezýän darbazlara tomaşa etmäge, rakys oýnamaga girişdiler. Altynjan oturan ýerinden Kabyly agtardy. Soltanyň ýerinden turup, baş wezir bilen nämedir bir zadyň gürrüňini edip durandygyndan peýdalanyp, Kabylyň ýanyna bardy: – Hatynyň gelmedimi? – Hatynym seniň bir otagyňa hiç kimsäni eltmän, daňdandan bäri içinde otyr. Başda niýeti iki otagyňy eýelemekdi, ýöne bolmady: seniň akgyzlaryň, wezir-wekilleriň hatynlary eýýäm köp zatlaryňy öz aralarynda paýlaşdylar. Olar zatlaryň towsa göterilmegi üçin soltanyň izinine garaşyp irikgä bolup otyrlar. Altynjan Kabylyň bu sözüne ör-gökden boldy: – Öňünden paýlaşylsa, onda bu deňlik bolanog-a?! – O nämäniň «deňligi»?! – Talaň saçagy toýunda ähli kişi talaň öýe deň gadam urmaly. Öňünden paýlaşmak resime laýyk gelenok. – Wa-weýla, gör-ä munuň tapýan sözüni! – Kabylyň keýpi gaçdy. – Wa-waýla, meniň dilimi kesmeli. * * * Jandarlar derrew Altynjan hatynyň emrini ýerine ýetirdiler: onuň haremhanasyndaky hatynlary zor bilen daşaryk çykardylar, talaň saçagynyň başyna getirdiler. Kabylyň hatyny: «Bu näme etdigiň boldy seniň? Şumy indi seniň biziň aladamyzy etdigiň?» diýen terzde Altynjana bakdy. Altynjan ol haýbatly garaýşy görmedikden boldy. Altynjan hatyn Kabyl dagynyň öýkesini ýazjakdygyna ynan¬ýardy, şonuň üçin onçakly gynanybam duranokdy. Iň esasy zat, talaň saçagy toýuny resime görä geçirmekdi. Geçen ýyl nowruzdaky talaň saçagy toýunda Altynjan hatyn Reýdäki iň gowy görýän jüpbe-jygalaryny, gymmatbahaly şaý-sepleriniň käbirini Bagdatdaky, Wasytdaky köşgüne ugradyp gizläpdi. Megerem, Beýik Perwerdigär Altynjanyň bu ogryn eden işini halamady. Şonuň üçinem onuň şol gizlän zatlaryny Abulharys Arslan Besasury Türkmene talatdy. Indi talaň saçagyndan alnyp galynan zatlaryň birem ýok. Ol baýlyklar seljuklylaryň duşmanlaryna siňdi. Altynjan bolsa ol zatlaryň öz iň ýakyn adamlaryna siňmegini, olaryň begenmegini isleýär. Rowaçlyk üçin halallygy saklamaly! Nowruz güni täze durmuşa başlamaly. Täze durmuşy päk¬lik, halallyk bilen başlamaly. Nowruz – täze gün. Nowruz – täze ýaşaýyş. Nowruz – Altynjan hatyn üçin hem täze gün, hem täze ýaşaýyş. Soltan biraz dymyşlykdan soň hatynyna ýüzlendi: – Altynjan, sen taýýarmy? Eý, Hudaý, bu ýylky berjek berekediň, ykbalyň nähilikän seniň?! Her ýyl umytda, özem süýjüden süýji umytlarda goýup, şu güne, şu ýaşa ýetirdiň. Goý, mundan beýlägem amanda hem abraýda sakla, eý, Perwerdigär! Altynjan öýüne, haremine ýene bir ýola göz aýlap: – Men taýýar, begim! – diýdi. – Onda myhmanlarymyza izin bereli – diýip, soltan myhmanlara göz aýlady. Myhmanlar soltanyň aýtjak sözüne sabyrsyzlyk bilen garaşyp durdylar. – Eý, meniň eziz byradarlarym! – diýip, soltan sözüne birpaýyz dyngy berdi: – Geçen saparky talaň saçagyndan – nowruzdan bäri alhamdulilla3, Perwerdigär bize eçilmek eçildi. Perwerdigär maňa berdi. Men – Perwerdigäriň ýerdäki wekili. Ol öz beren zatlaryny iň ýakyn adamlaryma paýlamagymy, sizi hoş etmegimi, sizi şerefdarlykda, sahawatlykda ýaşatmagymy isleýär. Hany, siz maňa aýdyň, Perwerdigär bir ýylyň içinde beren baý¬lyklaryny bermänem bilerdimi? Adamlar jem bolup gygyrdylar: – Bilerdi! – Bermedimi? – Berdi! – Alla bizi ýalkadymy? – Alla bizi ýalkady! – Besasury ýaly näkesleri ýagy edip, taladyp bilerdimi? – Bilerdi! – Alla üstümize ýagy sürüp talatdymy? – Ýok, talatmady! Alla bizi ýalkady! – Ýer godukladyp, ählije baýlygymyzy ýeriň aşagyna düýnedip bilerdimi? – Bilerdi! – Ýer godukladyp, ýeriň aşagyna düýnetdimi? – Ýok, düýnetmedi! Alla bizi ýalkady! – Sil-harasat inderip, weýrana salyp bilerdimi? – Bilerdi! – Weýrana saldymy? – Ýok, weýrana salmady! Alla bizi ýalkady! – Näkeslere ogurladyp bilerdimi? – Bilerdi! – Ogurlatdymy? – Ýok, ogurlatmady! Alla bizi ýalkady! – Ýangyn döredip, ähli zadymyzy ýakyp-ýandyryp bilerdimi? – Bilerdi! – Başymyza ýangyn belasy geldimi? – Ýok, gelmedi! Alla bizi ýalkady! – Alla bizi ýalkadymy? – Alla bizi ýalkady! – Sebäp – biz şeýtanyň alyna gitmedik. Sebäp – biz diňe Allatagalaga hoş geljek işleri etdik. Soltanlygymyzyň ýylsaýyn baýamagy, siziň bereketde, bolçulykda ýaşamagyňyz – Allanyň Ýerdäki wekiline sygynýanlygyňyzdadyr! Biziň ryskymyz agzybirligimizdedir! Soltana goýýan hormatyňyzdadyr! – Togrul soltana salawat bolsun! – Kadyr bizi ýalkady. Bize gülüp bakdy, ol bizi tebigy bela-beterlerdenem, duşman zulmundanam gorap saklady. Duşmanlardan goranmaga ägirt uly güýç-kuwwat berdi. Adamlar: «Togrul soltan!», «Togrul soltan» diýip gaýtaladylar. – Bu gün – Nowruz! Bu gün – Täze ýylymyzyň başlanan güni. Täze ýylymyzy Haktagala berekete, sahawata doldursyn! – Omyn! – Beýik Muhammet Togrul soltana salamat bolsun! – Beýik Muhammet Togrul soltana salawat bolsun! – Beýik Muhammet Togrul soltana sahawat bolsun! Bäş müň kişi bu sözleri yzly-yzyna gygyryp gaýtalady. – Meniň eziz byradarlarym! Hatynym Altynjan bilen Hak¬tagalanyň eçilen baýlyklaryny, öýümizi size tabşyrýarys. Goý, soltan maşgalasynyň emläkleri size, siziň maşgalaňyza ýoksun, rowaçlyk, şowlulyk, bolçulyk getirsin! Uzak-uzak ýyllar häzirki ýaly sahawatlykda, salawatlykda, salamatlykda talaň saçagy toýuny geçirmek nesip etsin! Byradarlar, öýümiziň ähli gapylary, sandyklarymyz siziň üçin açykdyr. Ähli zadymyz siziňki bolsun, byradarlar! Biz häzir köşgümizden çykyp gidýäris. Gelýänçäk siz özüňize ýaramly hasap¬lan zatlaryňyzy alyberiň! Bizden size rugsatdyr! Togrul soltan Altynjan hatyna elini uzatdy. Altynjan hatyn soltana elini berdi. Olar öýlerinden çykdylar. Bu mahal olaryň ýanlarynda haşymlary-da ýokdy, çünki soltan olara-da talaň saçagyna gatnaşmaga izin beripdi. Togrul soltan bilen Altynjan hatyn karargähe bardylar. Öz ýerlerine geçip ornaşdylar. – Dürnazar, sen näme üçin talaň saçagyna barmadyň? – diýip, soltan sahybyna ýüzlendi. – Siziň jan saglygyňyz meniň üçin, meniň adamlarym üçin iň uly baýlyk, aly makam! – diýip, sahyp Dürnazar jogap berdi. Jogap soltanyň hoşuna geldi. Ol sahyba nämedir bir zat sowgat bermek isledi. Arman, ýanynda hiç zat bolmansoň (indi öýünde-de hiç zat galan däldir!), ahmyrly hyrçyny dişledi. * * * Gije bir çene bardy. Howa salkyndy. Talaň saçagynyň gutarandygyny, myhmanlaryň gidendigini eşidenlerinden soň, Togrul soltan bilen Altynjan hatyn öýlerine ugrady. Altynjan hatyn soltandan bir-iki ädim yzdan ýöräp bar¬ýardy. Soltan oňa durup garaşýardy. Onuň keýpi çag-çagdy. Eden işinden aka hoşnutdy. Ol hiç wagt baýlyga kowalaşmandy. «Gysgançdan ýabgu bolmaz» diýen pähime düýrmegi bilen ynanýardy. Onuň göwnüni galkyndyrýan zat baýlyk däldi, hökümdarlykdy. Baýlyk hökümdarlygyny saklamagy, giňeltmegi üçin serişdedi. Ol öýüniň boşap galmasyna birjik-de gyýylmaýardy. Çünki öýüni islendik pursady islendik zadyndan dolduryp biljekdigini bilýärdi. Öýüň derwezesiniň öňünde olary Amydylmülk garşylady: – Ýataryňyz ýaly düşek-de ýok, hiç zat-da! – Bir alajyny taparys. – Men öýümden ýorgan-düşek getiräýeýin, hökümdarym?! – Ýarygije biynjalyk bolma. Derrew daň atar. Onsoň Kadyr bir çykalga tapyp berer. Ýogsa-da, gyzjagazyňa sowgat almaga ýetişdiňmi? – Aý, zeleli ýok... – diýip, baş wezir müýnli ýylgyrdy. Soltan Altynjana seretdi. Hatyn düşündi, gulagyndaky gulakhalkasyny, boýnundaky pöwrize hem ýakut monjugyny alyp, adamsyna uzatdy: – Alyň! Soltan hatynyna nebsagyryjylykly seretdi. Onuň bu aýgydyna welin, çyn ýürekden buýsandy. Ol hatynynyň gulakhalkasy bilen ýakut monjugyny (Bu monjugy birmahal Altynjana Mäne baba sowgat beripdi.) Nasyr Kundura berdi: – Amydylmülk! Ine, bu gulakhalkany hatynyňa, bu monjuk¬lary bolsa gyzyňa ber. Özem aýt: «Togrul soltanyň hatyny Altynjan hatyn özüniň iň gowy görýän, dakynyp ýören zatlaryny maňa berdi. «Hatynyňy hem gyzyňy begendir!» diýdi» diý. – Ömrüm size sadaga bolsun, hökümdarym! Olar hareme girdiler. Içeri öňki içeri däldi. Adamlar ýanyp duran şemlere çenli alyp gidipdirler. – Nädip ýatarkak?! – diýip, Altynjan pyşyrdady. – Birinji gezek däl ahyryn – diýip, soltan egnindäki abasyny ýere ýazyp: – Muhammet aleýhyssalamyň bir abasynyň aşagyna bäş bolup ýerleşenlerinde4 biz iki bolup ýerleşmerismi? – diýdi. – Siz ýatyň, men oturybereýin. – Ýok, ýok, ikimizem gözümiziň awusyny alaly. Är-aýal bir abanyň üstüne ýerleşdi. Uzynly günüň ýadawlygyndan soň, olar süýji uka batdylar. Maksadyňa ýetip alan ukyň süýji bolýar. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |