09:46 Altynjan hatyn / 3-nji kitap -23 | |
Ýigrimi üçünji hekaýat
Taryhy proza
ZENAN ÖMRI – GARAŞMAK Togrul soltan Abu-l-Aswar Şawur Birinjiniň1 sowgat iberen senjap2 possunyny Altynjana geýdirdi. – Sparetranyň3 gahrymançylygy hakda uly gürrüň edýärler, ýöne onuňky seniň gahrymançylyklaryň ýanynda hiç zatdyr. Seniň Hyratda, Nyşapurda, Amulda, Darganda, Dehistanda, Etekde bolan söweşleriň hersinde görkezen gaýduwsyzlygyň Rüstem Zal deýin men-men diýen ärleriň bütin ömürlerine görkezen gahrymançylyklaryna gaýry dur diýýär. Meni seniň janyň sag däldigini, derdiň agyrdygyny aňýaryn, ýöne sen özüňe zor salyp, mydama aýak üstünde. Sen maňa özüňi kesel halda görkezmek islemeýärsiň. Munyň nädogry, Altynjan. Kesellemegi, garramagy Alla tapypdyr. Men geçen günlerime ser salýaryn welin, indi, görüp otursam, sen ýeke gezegem keselläp düşekde ýatmansyň. Meni Ybraýymyň elinden halas edeniňden soňam sen özüňi oňly bejertmediň. Bejermek, ýaraňa seretmek üçin gelen tebipleri, lukmanlary kowup goýberdiň: «Mende hiç hili dert ýok» diýip. Men kän oýlandym hem seniň Zenjanda – Kabylyň yktasynda birki aýlyk dynç almagyňy makul hasapladym. Sen arkaýyn ýatyp dynç al. Men Yspyhana gidip geljek. Iki aýdan dolanaryn – diýip, Tog¬rul beg hatynynyň gülgün ýüzünden sypady. Soňam, Kabyla görkezme berdi: – Men gelýänçäm Altynjany saňa ynanýaryn. Goý, ol seniň Zenjandaky yktaňda bolsun. Kabyl baş atdy. Soltan aladaly gürledi: – Yspyhandan gelýänçäm sen Zenjanda Kabylyň myhmany bol. Men göni şo ýere bararyn. Gyş güni bolansoň, Altynjan soltanyň uzak ýola öz tebibi bilen gitmegini isledi, ýöne soltan tebibe, rast, Altynjanyň ýanynda gözeg¬çilikde bolmaly diýdimi, gürrüň gutardy, üýtgetjek zadyň bolmaz, tebip diýlen zady eder. Naýyp-hatyn sözüniň ýer almajakdygyna gynanmak gynandy, herhal, boýun sundy, adamsyny esli aralyga çenli ugratdy. Altynjan hoşlaşyk pursady Togrul begiň özüne nähilidir bir möhüm habar aýtmakçy bolýandygyny aňyp, oňa soragly bakdy: – Altynjan, sen dünýä deýin giň. Sen meni mydama öz giňligiň, merdi-merdanalygyň bilen haýrana goýýarsyň. Sen meniň üçin Anuşirwany zynjyrlap, zyndana taşlamaga erk tapan merdana, dog¬rusy, häzir «hatyn» sözüni ulanmak islämok. Çünki sen hatyndan has ýokardaky adam. Has dogrusy, sen beýik adam! Anuşirwan – seniň ogluň. Ol meniň hem oglum. Onuň edep-ekramyna, edim-gylymyna, söweşlerdäki batyrlygyna, harby hem serkerdelik tilsimlere ökdeligine synym oturýar. Ol özüniň wezirlik işini aňryýany bilen oňarýar. Togrul soltanyň bu sözlerini diňlände Anuşirwanyň boluşlary, ýüzüne durşy Altynjanyň göz öňünde janlandy. Şol galagoply pursatlary ýatlamak oňa juda agyrdy: her gezek gözüne ýaş aýlanýardy, agyr gama batýardy. Ýene şeýle boldy: kemligi tutdy, sojap-sojap aglady. Altynjanyň agladygyça aglasy gelýärdi. Ony köşeşdirip bolmajakdygyna belet soltan hoşlaşyp, ýola düşdi. * * * Altynjan soltanyň yzyndan garap durşuna Anuşirwanyň elewreý¬şini ýatlap uzak durdy. «Wa-weýleta, men Anuşirwanyň günäsini geçjek, ýöne muny men başaryp bilemok, onuň günäsini geçip bilemok. «Ine, meniň betbagtlygym...» diýip, ol pyşyrdady, möňňürip aglady. – Altynjan, gideli. – Kabyl atyny çapdyryp geldi, uýasynyň aglaýandygyny görüp, geňirgendi: – Eý, seniň bolşuň nähili? Her gezek soltany ýörişe ugradyp, soňundan aglamaň näme seniň? Altynjan Kabyla jogap berjek bolmady. Sebäbi – ol näme jogap berjegini bilmedi. Onuň özem her gezek soltany uzak ýola ugradanda gözýaşyny saklap bilmeýändiginiň hikmetine doly düşünmeýärdi. Ýogsam ol her gezek soltany ýörişe ugratmakçy bolanda özüne erk etmegi, gözýaş dökmezligi berkden-berk tabşyrýardy. Ol özüne söz berýärdi, ýöne sözünde durup bilenokdy, niçik, soltan adaty ýylgyryşy bilen hoşlaşanda damagy «hykk» edip dolýardy, onsoň ol daşlaşdygyça içki harasaty köwsar alyp başlaýardy. Näçe çytraşsa-da, gözýaşyna, teý, erk edip bilmeýärdi. Ýogsam ol soltanyň sag-salamatlykda, ýeňiş bilen dolanjagyny bilýärdem. Barybir, Altynjan hatyn soltany ýörişe ugratmaga öwrenişip bilmeýärdi. Rast, şu güne çenli öwrenişip bilmedimi, indi galan ömrüne-de öwrenişip bilmese gerek. Adam bagta-da, betbagtçylyga-da öwrenişýär eken. Adam kynçylyklara-da werziş bolýar eken. Altynjan hatyn geçen ömründe kän-kän zatlara öwrenişdi. Agyr günlere-de, sagadatly günlere-de öwrenişdi. Soltany alys ýörişe, söweşe ugratmaga welin, öwrenişip bilmedi. Diňe bu däl, Altynjan hatyn garaşmaga-da öwrenişip bilmedi. Ýogsam onuň ömrüniň galaba bölegi garaşmak bilen geçdi. Şeýle bolansoň, Altynjan garaşmaga ram edäýjek ýaly welin, ýok, beýle bolmady, garaşmak onuň kalbynda mydama terligini saklady. Garaşmak Altynjan hatyny her gün elendirdi. Onuň göwnüne, birden gapy açylyp, içerik soltan giräýjek ýaly bolup dur. Özem bu duýgy onuň aňyndan gije-gündiz aýrylmady. Ol gijelerine tisginip telim ýola oýandy. Özem özüni soltan yralap oýarjak bolýan, oýaryp bilmän örtenýän ýaly duýýardy. Onsoň ol alabasgy bolup oýanýardy. Soltanyň ýokdugyny görübem başyny täzeden ýere goýýardy. Altynjan hatyn ýekekä köplenç ýassykda ýatmaýardy. Asyl, ol düşekde-de ýatmaýardy. Ol gyz-gelinleriň telwas edýän düşeginiň gapdalynda – yzgarly ýerde ýatýardy. Her gije ýer diňläp ýatýardy. Ol muny soltanyň gelenini bilmän ät galmazlyk üçin şeýle edýärdi. Ýok, diňe bir soltanyň gelýändigini bilmek üçinem däldi. Soltan ýörişe gidensoň, döwlethana onuň garamatynda galýar ahyryn! Şeýle bolansoň, köşge bakan kimiň gelýändigini öňünden bilmek onuň üçin juda zerurdy! Her bir döwletiň öz duşmany bolýar. Muhammet Tog¬rul soltanyň döwletini öz döwletine öwürmek isleýän soltanlar, hanlar, begler hem az däldi. Onsoň Muhammet Togrul soltanyň haýsydyr bir ýere söweşe gidendiginden peýdalanyp, köşge çozuş etmek isleýän Arslan Besasury pisintler, az hem bolsa, bar. Şeýle pälli ýagylaryň gelýändigini köşkde özünden başga öňünden anyklap biljek ikinji bir adam ýok. Hut şu zatlar üçin hem Altynjan, islese-islemese, yzgarly topraga başyny goýmaly, soltanlygyň rahatlygynyň aladasyny etmeli bolýar. Ýogsam onuň hem asylzada kişiler kimin ýumşajyk düşekde dünýäni unudyp, agnap ýatasy gelýär. Kişmiş iýseň çöpi bar: soltanyň hatyny bolsaň, käbir zada, özem gerekmejek zada döz gelmeli bolýarsyň. Altynjanyň bu edähedini akgyzlar, ferraşlar, jamedarlar tekepbirlik diýip düşünýärler. Umury istihbaratyň sahyby sähel zat ýüze çyksa, köşge kimdir biri ýakynlaşsa öňünden habar berjekdigini hetjikläp-hetjikläp nygtaýar. Sebäp, bu onuň işi. Şu zatlar üçin çar ýanda onuň adamlary ýörite sak durlar. Ýöne Altynjan sahyba ynansa-da, jandurmazlyk edýär. Onsoňam bu möhüm zady Altynjan, hernäçe islese-de, özgä ynanyp bilenokdy. Ýogsam ol käteler özüne gaýa-gopuz ýok ýerden dowla düşmezligi, parahat ýaşamagy, Allatagalanyň eçilen eşretlerinden peýdalanmagy, ýumşajyk düşekde gözüniň özi açylýança hezil edip ýatmagy sargyt edýärdi. Bu pikire gulluk etmegi unaýardam, ýöne biraz wagtdan soň ýumşajyk düşeginden sypyrylyp düşüp, yzgarly ýere başyny goýanyny özem duýman galýardy. Altynjan hatyn garaşýardy. Ol ençeme atyň dükürdisiniň içinden Muhammet Togrul soltanyň atynyň dükürdisini parhlandyrmagy başarýardy. Özem ol at aýagynyň dükürdisinden soltanyň içki ahwalatyny – gaharlydygyny ýa-da göwnühoşdugyny anyklaýardy. Soltan her gezek ýörişden gelende Altynjana bir hoşamaý sözüni hökman aýdardy. Özem ol aýtjak sözüniň Altynjana nähili täsir etjegini bilýän bolmaly. Bilibem aýdýan bolmaly. Zenanlaryň ganaty – hoş söz. Zenanlaryň gyşyny ýaz edýän mähribanlary bar. Altynjan hatyn gyşyň ýatagan deýin sarsar ýiti sowugynda-da buz ýaly ýere bagryny berip, hoşamaý söz aýdyp ganat bekletjek mähriban soltanynyň gelerine garaşýar. Ýaş könelişiberse, tejerrut bolmak agyr düşjek eken: adam özüne nedim küýsär eken. Är hatyna, hatyn äre gerek, ýaş bir çene baransoň has zerur gerek eken. Ýekelik – güzap. Ezraýyl kä çala garasyny görkezip, kä depeden aňyrdan jyklap, sesi bilen özüniň bardygyny duýduryp ugrandan soň-a ýekelik hasam güzap eken. «Öljek däl!» diýip gykylyklap oturan kişi ýokdur. Çünki Ezraýyl her kişiniň dilini tapyp, razy edip, onuň amanadyny sessizje alýar. Ol amanady almaga ýagy ýaly bolup gelse-de, mylaýymlyk bilen, ýagdan gyl sogran ýaly edip, gygyrtman-bagyrtman alýar. * * * Altynjan soňky döwür darkaşlara köp gatnaşýardy, özem gözsüzbatyrlyk bilen özüni ýagynyň jümmüşine urýardy. Her gezekki darkaşdan soň serkerdeler Altynjan hatynyň nähili gazaplylyk bilen söweşendigini wasp edýärdiler. Elbetde, soltan üçin hatynynyň söweşde görkezen gahrymançylyklary hakda eşitmek ýakymlydy. Onuň görkezen harby tilsimleri, öldüren kapyrlarynyň sany hakda eşitmek hem ýakymlydy. Soltan serkerdeleriň taryply sözlerini diňläp otyrka birden oňa wehim aralaşýardy: «Birden tötänlikde Altynjany öldüräýmesinler?» Söweşde, nämeler bolmaýar? Altynjanyň söweşe girmegi hökmanmy? Seljuk soltanlygy, seljuk goşuny Altynjanyň güýjüne, hemaýatyna mätäçmi? Ýok, mätäç däl! Togrul soltan içki pikirini açyk aýtmakdan saklandy, ýöne bu barada wezirleriniň, serkerdeleriniň käbirine Altynjan söweşe gitmekçi bolanda her hili bahanalar bilen onuň gitmeginiň öňüni almagy tabşyrdy. Hak aýdylypdyr: «Temeni haltada gizläp bolanok!» Her gezek ýörişe ugrajak bolanda wezirlerdir serkerdeleriň elewremelerinden özünden haýsydyr bir syryň saklanylýandygyny Altynjan aňdy, ol syryň nämediginiň anygyna-da ýetdi. Soltanyň tabşyrygy hakda eşiden Altynjanyň tas ýüregi ýarylypdy. Ol soltandan öýkelemek öýkeledi. Soltan bilen hakyt ýigrimi üç günläp gürleşmedi. Togrul beg onuň öýkesini ýazjak bolup herhili hoşamaý sözleri aýtdy, herhili gymmatbaha sowgatlary berdi. Barybir, öýkesi aýrylmady. Soltan ahyry: – Bolýar, men sözümi gaýdyp aldym. Islän darkaşyňa gatnaş, ýöne ýüregiň hernäçe ürügsese-de, gözsüzbatyrlyk etme. Özüňi gora, sen maňa gereklisiň. Hergiz şuny unutma! Maňa seniň darkaşda ýeňiş gazananyňdan haremhanada gül-gül açylyp, bähre birle oturanyň has zerur – diýdi. Darkaşlara gatnaşyp ugranyndan soň Altynjanyň ýüzi açyldy. Soltan Mübärek hana: – Altynjan darkaşa girende ony on-ýigrimi haşar bilen iki tarapyndan bahabar boluň, goraň – diýdi. Togrul soltanyň göwnüne bolmasa, Altynjan hatyn özüni görnetin ajalyň üstüne oklaýan ýalydy. Soltanda bu pikiriň döremegi ýöne ýerden däldi. Altynjan hatynda nähilidir bir howlukmaçlyk bardy. Onuň käbir sözleri soltan bilen hoşlaşyk sözüne meňzeýärdi. Togrul soltan: «Altynjan näme üçin özüni ajalyň üstüne oklaýarka?» diýip oýlanýardy, hernäçe oýlansa-da, hatynyndaky bu bedellige teý anyk jogap tapyp bilenokdy. Hut şonuň üçinem ol özüni iba kylýardy... | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |