09:50 Altynjan hatyn / 3-nji kitap -24 | |
Ýigrimi dördünji hekaýat
Taryhy proza
ÝAŞLYGYŇ ÝARANY – ARZUW, GARRYLYGYŇKY – ÝATLAMA Garyň ýagmasyna Muhammet Togrul soltanyň mydama-da göhi gelýärdi. Onuň ynanjyna görä, gar – Allatagalanyň aklygydy. Aklykda derdiň galmaly däl. Muhammet Togrul soltanyň göwnüne bolmasa, gar Altynjanyň ähli derdini dep etmek üçin ýagýan ýalydy. Soltan hatynyny daşaryk alyp çykmagy ýüregine düwdi. Ol Altynjany galyň geýindirdi-de, gujagyna alyp daşaryk çykardy. Esli günläp daşary çykman ýatan Altynjanyň garyň aklygyna gözi gamaşdy. Soltan Altynjany emgenmän göterip barýardy. Asyl, garrylyk duýlanokdy onda. Altynjan horlanan-da bolsa, agramy dört batmandan agyr däl onuň. Muhammet Togrul soltan Altynjanyň egnindäki possuny az görýän ýaly, öz egnindäki jüpbesini-de onuň egnine atdy. Haşym galyň possuny garyň üstüne düşedi. Soltan Altynjany şol possunyň üstünde oturtdy. Özem onuň gapdalynda oturdy. Soltanyň keýpi kökdi. Ol garyň üstünde uzyn süýnüp ýatdy. Kellesini Altynjanyň uzyn salyp oturan aýaklarynyň üstünde goýdy: – Altynjan, ýadyňa düşýärmi, Horezminden Horasana gaýdanymyzda çölde garyň üstünde şeýdip oturypdyk. – Begim, men garyň üstünde şeýdip oturan pursadymyzy tas her gün diýen ýaly ýatlandyryn. – Ol sende-de gowy täsir galdyrypdyr-da onda?! Menem ol pursady köplenç ýatlaýaryn. Ondan bäri bir ömür geçäýipdir. – Şonda begim maňa bütin ömrüme many-ganat beren bir hoş söz aýdypdy. Men, ana, şol hoş sözi ömrüme ganat edinip ýaşadym. – Şol gezek näme diýenim seniň ýadyňda bolsa-da, meniň ýadymda ýok, ýöne şonda aýdan sözüm, rast, ömrüňe ganat beren bolsa, onda ol söz gowy sözdür. Altynjan, men näme üçindigini takyk bilmeýärin, ýöne, näme üçindir, soňky wagtlarda geçen günlerim, ömrüm hakda köp oýlanýaryn. Men seni aýamda götermändigime bu gün biçak ökünýärin. Jahangirlik bilen aşa başagaý bolup, men seni az ezizläpdirin, Altynjan. Wah, şu ömrümi täzeden başlamaly bolsa, onda men ömrümi saňa bagyş ederdim. Men öňki aýdan sözlerimi bu gün gaýtalamak bilen, pikirimi, maksadymy üýtgetmändigimi nygtamakçy bolýaryn. Alla: «Aýallaryňyz – zyýaratgähiňizdir»2 diýýär. Beýik Perwerdigär bu sözi hut meniň üçin aýdypdyr. Hakykatdan hem sen meniň zyýaratgähimsiň, Altynjan. Saňa näçe zyýarat etsem hem azdyr. – Eý, begim, soltanyň hatynyny gowy görýändigini aýtmagy hökman däl. Aýtmasaňyz hem men nähili garaýandygyňyzy duýýaryn. Siziň maňa oňyn garaýşyňyz külli kynyk begleriniň hatynlarynyň hem hormat-gadyrlarynyň ýokary bolmagyna ýardam berdi. Çünki ähli kişi soltandan nemuna alýar. Soltan hatynyna nähili garaýyşda bolsa, onuň egindeşlerem öz hatynlaryna şonuň ýaly garaýyşda bolýarlar. Her bir halkyň batyny3 – şol halkyň hatynlaryna bolan garaýyşlarynda jemlener eken. Zenanlar – halkyň iman mizany eken, batyn mizany eken... Türkmenler beýleki musulman halklardan aýal-gyzlaryna garaýyşlary boýunça görnetin parhly: ýüzlerine hyjap örtmeýärler. Meniň hem hyjapsyz gezmegim, siziň bilen agaýana sözleşmegim din kada-kanunyna sygmaýar. Soltan gapdalyndan bir penje gar aldy-da, ýüzüne sürtdi, soňam hatynynyň sag elini döşüniň üstünde goýdy: – Senden gizlemäýin, men saňa bir zat bolar öýdüp gorkýaryn. Ynansaň, men bu ýat pelekde sensiz galmakdan gorkýaryn. – Ezizlenýän hatynlar ölmez, begim. Siz meni ezizleýärsiňiz. Onsoň men ölmerin. Arkaýyn boluň, ýok, ýok, ölmerin! – Meniň bu pelekdäki ýüregime iň ýakyn pettanym4 sensiň. Birmahallar pelek özümiňkidi. Ähli wezir-wekiller, ähli baýlar, bezirgenler, esgerler özümiňkidi. Dosty-ýarlarym, ata-enem özümiňkidi, ýöne wagt bu garaýşymy çepbesine çöwürdi. Özümiňki hasap eden atam-enem özümki däl eken. Olar meni mähirlerindenem doly gandyrman gitdiler. Özümiňki hasap eden babam hem özümiňki däl eken. Özümiňki hasaplan ýaýlam özümki däl eken. Özümiňki hasaplan doganym Ybraýym özümiňki däl eken, ol meniň kastyma çykdy. Men bolsa ony özümiňki ha¬saplap gezdim. Özümiňki hasaplan Çagrym hem özümiňki däl eken. Onuň öz pelegi, öz aladasy, öz ogullary bar. Men onuň ýanynda bolanymda onuň özümiňki däldigini syzýaryn, özümi artykmaç duýýaryn. Indem özümiňki hasaplap ýaşan pelegimden özümiň göç eýlemelidigimi, bu pelegiň özümiňki däldigini, özümiň bu pelekde gaty bir kiçijik mahlukdygymy, ähli zatlarymyň özgelere galjakdygyny syzýaryn. Onsoň bu pelek juda bimährew görünýär, juda rehimsiz duýulýar. Şu zatlar hakda oýlananymda bütin ömrüme meniň rowaçlygym üçin yhlas eden ýeke-täk bir adam hakydamda ör-boýuna sarsman dur. Meni eziz saýyp, meniň ähli sütemime, geleňsizligime göz ýumup, ýamanymy ilden ýaşyryp, ýagşymy ile ýaýan, maňa gije-gündiz Allatagaladan rowaçlyk, saglyk, hökümdarlyk dileg eden, gije-gündiz maňa yhlasly hyzmat eden, maňa ömrüni bagyş eden bir ýakynym bar, ol – sen, Altynjan. Meniň üçin bu sowuk pelekdäki ýeke-täk yssy mähir hem dilsitan – sen. Sen meni mydama şat etmegiň ugrunda bolduň. Özüme ýakyn saýýan kişilerimiň tas ählisi diýen ýaly meniň häkimligime ýa göz gyzdyrdy ýa bahyllyk etdi. Maňa hemmetaraplaýyn rowaçlyk istän kişi – sen! Altynjan adamsynyň gar sürtülen ýüzüni emaý bilen sypalady, gar bölejiklerini aýyrdy: – Garyň üstünde ýatyrsyňyz welin, üşärsiňiz, begim. – Seniň ýanyňdakam sarsar hem maňa nesim5. Onsoňam, ýadyňdamy, meni öz mähriňe çoýmak, meni üşetmezlik saňa şert ahyryn. Altynjan Togrul begiň nämäni ýatlaýandygyna düşündi. Bu hakdaky gürrüň Garagum çölünde bolupdy. Şol gün hem çar ýan gardy. Şol gün edil häzirkileri ýaly bolup garyň üstünde ýatypdylar. – Ýadyňyzda eken-ä! – Elbetde, ýadymda. Şonda burnumdan gan akandygy-da ýadyňdamy? – Ýadymda. – Altynjan adamsynyň sag elini eline aldy: – Ilkinji nika gijesi maňa bäş sany talabyňyzy aýdypdyňyz. Ýöne şol bäş talabyň dördünjisini aýtmandyňyz. Men dördünji talabyň nämedigini, dogrymy aýdýaryn, häzir hem anyk bilmeýärin. – Nämedir öýdýärsiň? – Anyk bir pikirim ýok. – Dördüsi ýadyňdamy? – Ýadymda, isleseňiz aýdyp bereýin. – Aýt. – «Birinji, hiç wagt edenime däl diýme! Ikinji, hiç wagt akyl beriji bolma! Üçünji, hiç wagt bir aýdanymy ikinji gezek gaýtalatma! Dördünji, … Bäşinji, hiç wagt hiç zat sorama! Şu bäş talabymy bozsaň, günäňi geçmerin. Şol dem öldürerin». Togrul beg çala ýylgyrdy: – Dördünji talaby saňa aýtmagymyň zerurlygy hem ýokdy. – Ol näme hakyndady? – Dördünji talap zenanyň äre wepadarlygy hakyndady. Bu hakda nika gijesi aýdasym gelmändi. Şony aýtman dogry edipdirin. Sen meniň üçin ýönekeý hatyn dälsiň. Sen meniň üçin ähli zatsyň. Biler bolsaň, Altynjan, men seni ilkinji gezek görenimde aňymda şeýlebir üýtgeşiklik gopdy. Men seni görüp, synlap, şol wagta çenli tapyp bilmän ýören sowalyma jogap tapdym. – Ýadymda, siz şonda: «Eý, Altyn gyz, sen meniň şu güne çenli: «Bu pelekde nämäniň hatyrasy üçin ýaşamaly; nämäniň hatyrasy üçin söweşmeli; nämäniň hatyrasy üçin ölmeli» diýen sowallaryma tapyp bilmän ýören jogabymy tapyp berdiň» diýipdiňiz, ýöne ol jogabyň nämedigini aýtmandyňyz. Ýalňyşmaýan bolsam, şol jogaby häzir aýtdyňyz. – Sen meniň her bir sözümi ýadyňda saklapsyň-a?! – Ähli zady ýatda saklap bolmaz, ýöne ömrüň manysyny düzýän pursatlar welin, adamyň ýadyndan çykmaýar. Togrul soltan garysyna galyp, Altynjana ýüzlendi: – Dogryňy aýt, menden göwnüň galan ýeri juda köp boldumy? – Meniň sizden hiç wagt göwnüm galmady, begim. – Ine, bu sözüňe ynanyp biljek däl. – Meniň sizden göwnümiň galmandygynyň sebäbi bar... – Haýsy sebäp ol? – Men başda soltana düşünip bilmän, dogrudanam, juda kösendim. Soň sizde iki perişdäniň bardygyna göz ýetirip, olaryň her biri bilen aýratyn gürleşmelidigimi anykladym. Şondan soň, düşünişmek hem ylalaşyklylykda ýaşamak maňa aňsat düşdi. – Kinaýatsyz aýt! – Meniň begimde iki perişde ýaşaýar. Men ol perişdeleriň birini Hökümdar diýip, ikinjisini bolsa Howandar diýip atlandyrdym. – Açyl şeýdip. – Birinji perişde hakyky Hökümdar, Togrul soltan köp¬lenç Hökümdaryň emri bilen ýaşaýar. Oňa aňsat-aňsat garşy gitmeýär, soltan Hökümdarka Altynjany unudýar. Hawa, hawa, Altynjan ünsden düşýär. Baş orunda jahangirlik durýar. Soltan Hökümdary gowy görýär. Çünki Hökümdar soltany ýedi yklyma soltan eýledi. – Howandar näme iş bitirdi? – Häzirki meniň ýanymda duran Howandar raýatlaryny, hatynyny ýagşy hulky bilen özüne kökerdi. Adamlara giňlik, dilnowazlyk berdi. Örän seýrek gülýän, seýrek ýylgyrýan Togrul soltan hezil edip güldi. * * * Togrul soltan köp wagtyny Altynjanyň ýanynda hemaýyn razdarlykda geçirýärdi. – Galan ömrümde seniň bilen hebent boljak. Bir günem senden aýry boljak däl. Hudaýa hudawende, hökümdarlygymyz äleme ýaýrady. Baý, kuwwatly soltanlygym bar. Halyf ýedi don geýdirdi6, Soltan adyny berdi. Indi bu zatlaryň lezzetini bilip ýaşajak. Soltanlygy Süleýmana berjek. – Begim, ýadyňyzdamy, biz Nyşapurda hem Reýde «gara gün» üçin diýip köp mukdarda altyn-kümüş gömüp gizledik. Anuşirwanyň babasy Tümen daýym hem maňa gizläp saklamak üçin kyrk halta tylla beripdi. Men ol tyllalary-da ellemedim. – Nirede olar?! – Zamahşarda. Adamlaryň güman-çak etmejek ýerinde gömüp goýduk. Ol baýlyklary biz haçan peýdalanarys, begim? – Biziň ol gömülgi tyllalara galan günümiz ýog-a. – Hudaýa şükür! Olary birine bermelimi? – Näme, birine ýamanlyk etmek isleýärsiňmi? – Ýok, ýagşylyk etmek, begendirmek isleýärin. – Adamlary halta-halta tylla berip bagtly edip bilmersiň, betbagt welin, edip bilersiň. Sebäbi artyk baýlyk – adama artyk dert, artyk betbagtlyk getirýär. Artyk baýlyk adamyň parahat ýaşaýşyny bozýar. Onda köp-köp hyýallary döredýär. Ol hyýallaryň soňam hökman betbagtlyk bilen gutarýar. – Nyşapurdaky gömülgi tyllalardan Mäne galasynda Abul Haýyra aramgäh bilen metjit gurlup berilmegini isleýärin. Zamahşardaky tyllalara bolsa galanyň daşynyň diwarlaryny täzelemäge harçlasak gowy boljak. – Eger şu sözi menden ejaza soramak üçin aýdan bolsaň, Altyn gyz, men garşy däl, unaýaryn. Onsoňam sen ol altynlary şu güne çenli kimdir birine bermek hakda pikir etmediň. Indem birden gömülgi ýatan altynlaryňy kimem bolsa birine bermäge howlugýarsyň? Biz öljek bolup durusmy? Entekler ýaşarys. Ol altynlaryňam öz gerek ýeri tapylar – diýip, soltan Altynjana soragly bakdy. Altynjan bu sowala ýagşydan-ýamandan hiç hili jogap bermedi. * * * Adam nämeden gorksa, şol hem başyna geler eken... Altynjan soltanyň näme üçin öz ýanyna gelýändigini aňýardy. Onuň pikiriçe, soltan ömrüniň soňuny gören bolmaly. Adam ýaşlykdan geljegini ynam sütünine öwrüp ýaşaýar. Gelejekde özüne ymsyndyryjy jady bar. Adama öňe okdurylmak mahsus. Ýaşyň könelensoň welin, sen geljekde diňe öz ölümiňi görýärsiň. Onsoň seniň geljek hakda oýlanasyň gelmeýär. Ýaşamak üçin welin, adama haýsydyr bir ynanç sütüni gerek. Şol ynanç sütünini ýaşy könelen adam indi geljekden däl-de, geçen günlerinden agtarmaly bolýar. Ýaşlykda gelejek ýakymlylyk, ömrüň manysy, mertebe bolup görnen bolsa, ýaşy könelen adama geçen ýaşlygy ýakymlylyk, ömrüň manysy lezzet bolup görünýär. Geljekde Ezraýyl dur. Özem örän ýakynda dur. Soltany ölüm, Ezraýyl hakdaky duýgulardan halas edip biljek güýç gerek. Ony bu babatda halas edip biljek diňe bir adam bar. Ol hem Altynjan hatyn. Başga hiç bir adamyň ýanynda Togrul soltan ýüregini açyp bilmeýär. Ol diňe Altynjanyň ýanynda açylýar. Onuň bilen geçen günleri ýatlaşara, ölümi unudara mertebeli pursatlar az bolmady. Jahangirlik bilen ber-başagaý bolup, şol geçen günler hakda-da oýlanmandyr, ýadyndan çykaryp goýberipdir. Ýöne geçen günler Altynjanyň ýadynda durandyr. Soltanyň hatynynyň ýanyna köp gatnamasy ýöne ýerden däldi. Ol ölüm hakdaky oýlanmalardan halas bolmak isläpdi. Altynjan her gezek onuň ýüregine dürs düşünipdi, oňa hoş ýakjak ýatlamalara çümüpdi, gürrüň beripdi. Soltan Altynjanyň ol söhbetlerinden taýsyz lezzet alypdy, gaýratlanypdy. Altynjan hatyn mydama soltanyň gowy taraplaryny gürrüň berýärdi. Olaryň arasynda diňe geçen günler hakda gürrüň bolýardy. Olar köplenç Nur-Buharadadylar, Ürgençdediler. Togrul beg soltan Mahmydy ýatlamagy, ol hakda bilýän zatlaryny gürrüň bermegi gowy görýärdi. Ol birmahal soltan Mahmyda aýratyn sarpa goýup, onuň ýanyna, gör, näçe gezek ogryn adam gönderipdi. Onuň köşkde özüni alyp barşyny öwrenipdi, oňa meňzemäge çalyşdy. Ýöne ol soltan Mahmyt hakda köpsanly masgaralaýjy rowaýatlaryň döredilmegine, ile ýaýradylmagyna rugsat beripdi. Ol maksadyna ýetipdi. Meňzemek islän adamyna meňzäpdi. Ondan artygragam bolupdy. Ýöne Mahmyt soltan ölende welin, Togrul beg gama batypdy. Ony hatyralap sadaka beripdiler, Gurhan çykypdylar. Soltan Mahmytdan soň guwanara, mertebeläre kim bar?! Soltanyň ogly Masutmy? Ýok, Togrul begiň oňa pisindi oturanokdy. Togrul beg soltan Mahmydyň ölüminden soň özüni jahangirlikde mynasyp bassaşsyz duýupdy. * * * Togrul beg-de, Altynjan hatyn-da agşamlaryna baş wezir Amydylmülki diňlemegi gowy görýärdiler. Ýüzi nurana, mähirli bu kişi durşy bilen akyldy. Ol köp dessanlary, şygyrlary owazly okap berýärdi. Özüniň hem pelsepesi bardy. Bu pelsepe bilen soňky ýyllar Altynjan hatyn ylalaşmaýardy. Kundury öz pelsepesini delillendirýärdi: – Men düýnki günüň aladasy bilen gümra bolmagy manysyzlyk, boş güýmenje hasaplaýaryn. Çünki düýnki gün ýok. Ol geçip gitdi. Onuň bilen meşgullanmakdan hiç kime peýda gelmeýär. Ertirki gün barada aladalanmagy hem men manysyzlyk hasaplaýaryn. Çünki ertirki gün entek ýok. Onyň nähili geljegi belli däl. Ertirki günde seniň boljagyň-bolmajagyň, meniň boljagym-bolmajagym hem belli däl. Onuň nähili boljakdygy diňe Perwerdigäre bagly. Ertirki gün biziňki däl, ol Perwerdigäriňki. Gelejek hakda aladalanyp wagt ýitirmegiň hajaty ýok. Geçen – görünmez. Şonuň üçin geljegi gelmiş hasaplamaly. Allatagalanyň bize eçilen peşgeşi – şu gün – heminzaman. Biz şu günümiz – Allatagalanyň eçilen peşgeşi bilen ýaşamaly7. – Men seniň bu pikiriňi unamok, Amydylmülk. Sen entek ýaş, ýaşyňa görä-de pikirlenýärsiň. Meniň ýaşyma baranyňda bu edýän pikirleriň nädogrudygyna düşünersiň – diýip, Togrul soltan parahat gürledi. Ol adam ömrüniň üçe: geçen günlere, heminzamana, geljege bölünýändigi; geljegiň – ýaşlykdygy; heminzamanyň – orta ýaşdygy; geçen günleriň – garrylykdygy hakda janygyp sözledi. Bu sözleri eşiden Altynjan gulaklaryna ynanmady. Nädip ynansyn, soltan mydama geljek bilen ýaşaýardy ahyryn! Wagt, döwür – hökmürowan, ol adamy özüne görä oýlandyrýan eken! * * * Soltan keýpi çaglykda ýaşlyk ýatlamalaryna berlipdi. Ol atasy Seljuk begiň yşky başdan geçirmelerini gürrüň berýärdi: – Seljuk beg Beýgu patyşanyň subaşysy (goşunbaşysy) eken. Patyşanyň hatyny Karkara hatyn Seljuk subaşynyň öýlenen hatynyny halamaýan eken. Ol subaşydan hatynyny kowmagyny, öz uýasyna öýlenmegini talap edipdir. Seljuk beg onuň bu islegini bitirmändi, rum gözeline öýlendi, muny Beýgu patyşanyň hatyny Karkara biçak ýokuş gördi, patyşany äsgermezlik hasap-lady, şonuň üçin Seljuk subaşydan ar almagyň ugruna çykdy. Üç sany pidaýyny subaşyny öldürtmek üçin taýýarlaýar. Pidaýylaryň ýarygije geljekdigini Seljuk bege habar beripdirler. Subaşy öz ýerinde Karkara hatynyň daýysyny dürli bahanalar bilen aldap ýatyrýar. Karkara hatynyň ýakyn adamy – daýysy öldürilenden soň Seljuk bege Ýaňykentden Jende gitmekden başga alaç galmaýar. Bir-ä düýeler, ikinjem ýylanlar, üçünjem hatynlar gaty arçyl bol¬ýarlar. Olaryň bir göwni galsa, tä ölýänçäler ýatlaryndan çykarmaýarlar, amatly pursat tapsalar, hökman arlaryny alýarlar. Karkara hatyn ölýänçä ar alyp gezdi, barybir, az göründi, ölüm ýassygynda ýatyrka, ogly Şamälige sargyt edipdi: «Seljuk neberesini gören ýeriňde öldürgin» diýip. Şamälik enesine beren sözüne wepaly bolup, köp seljuklyny öldürdi, özi hem seljuklylaryň elinden öldi. Seljuk begiň başyndan inen towky tas meniň-de başymdan inipdi. Altynjan soltanyň bir habar aýtmakçy bolýandygyny aňdy. Ýalňyşman eken: – Ähli kişi gowy zada hyrydar. Altynjan, seniňem-ä hyrydaryň köp boldy. Ýazyr şalygyna göçüp gitjek bolup durkak, Harys Altyndaş ýörite çapar gönderip, bizi Horezmine çagyrdy. Mal-larymyz üçin öri meýdanyny, özlerimiziň ýaşamagymyz üçin ekeran ýer berdi. Indi, görüp otursam, Allatagala meni saňa gowşurmak üçin Horezmine göçürip getiren eken. Indi görüp otursam, sen hakda ýüregime gozgalaň salmak üçin, Gökhuny meniň ýanyma ýörite gönderen eken. Indi, görüp otursam, seniň ýigitlere şert goýup, meniň kastyma ugratmagyň, gelenlerden rüstem çykmagym Allanyň ýazgydy eken. Sen özüň hakda köp zatlary bilmeýärsiň, Altynjan. Seniň üçin iki aznawur8 başyny goýdy. Altynjan bu hakda Gökhündan eşidipdi, ýöne hiç zat bilmeýänden boldy. – Seniň o zatlary bilmeýändigiňi aňýardym. Biler bolsaň, Altynjan, seniň şol sözüňden soň, men ýarym ýylyň içinde bäş sany aznawur bilen ýekme-ýek darkaşa çykmaly boldum. Olaryň ikisi küşdüniň asgynlygyny bilip, söweşsiz gitdi. Üç ýigit welin, Oguz hanyň ýa sen, ýa men diýin «gylyç ýa kepen» däbine eýerip, meniň bilen garpyşdy. Olar gowşak ýigitler däldi, güýçlüdiler, batyrdylar, mertdiler. Ýöne, hemişe güýçli ýeňýär diýen pikir nädogry. Çözgüt Allatagalanyňky. Darkaşlarda Hudaý meni goldady. Döşümde iki sany tyg yzy bar. Ol tyg yzlarynyň birini seniň özüň goýduň, beýlekisini bolsa seniň üçin Gawşfinj şäheriniň häkiminiň ogly Gökhun galdyrdy. Şol ýigit hem maňa seni salgy berdi. Onuň salgysyndan soň Altynjan atly gyzyň meniň üçin dünýä inendigi hakdaky pikir aňymdan aýrylmady. * * * Altynjan Kalbynany soltanyň aşhanasyna işe ýerleşdiripdi. Olara ýörite öý satyn alyp beripdi. Käteler ýüzüni garaňka tutup, Kalbynanyň öýüne baryp gaýdýardy, Kalbyna bilen ýaşlygyny ýatlaşýardy. Olaryň ýaşaýan öýüne Togrul soltanyň özem baryp görüpdi. Onuň Gökhunuň öýüne baryp görmegi Altynjanyň islegi bilen däldi, ýok, Altynjan hatynyň kä gijeler bir öýe gidip tä daňdana çenli güýmenýändigini ýörişden gelen Togrul soltana sahyp Dürnazar habar beripdi. Soltan göni şol salgy berlen öýe barypdy. Gapyny Kalbyna açypdy: «Kim sen?» «Kalbyna men». «Haçandan bäri bu ýerde ýaşaýarsyň?» «Bir ýyldan bäri». «Aslyň nireden?!» «Aslym Zamahşar galasyndan». «Nireden diýdiň?» «Zamahşar galasyndan. Meniň babama Ýusup bezirgen diýerdiler. Onuň asly ýunanly bolmaly. Bezirgenlik bilen Basra şäherine baranda, ony tutup alyp gaýdypdyrlar. Babam üç-dört kişä satylypdyr. Onsoň ol ahyr Zamahşarda döwlet tapdy. Abdyl¬mälik hanyň öndürýän halwalaryny, nişallalaryny, keýmir peýkamlaryny satmak işi bilen meşgullanyp, gurplandy». «Sizi bu ýere Altynjan hatyn ýerleşdirdimi?» «Altynjanyň ömri zyýada, jany sag bolsun! Dünýä inip, özümi duýup ugranymdan bäri ol maňa çyn howandar. Ol meni ýyl¬gaý goldap, ýylgaý göwnümi göterip geldi. Men oňa ömürbaky minnetdardyryn». «Gökhun nirede?» «Ol mundan alty aý öň ýurduny täzeledi. Men indi tenha ýeke galdym. Käteler bir razdarym gelýärdi. Indi ol hem gelenok. Ýarawlygy ýokmuş diýip eşitdim». «Näme üçin sen onuň ýanyna barmaýarsyň?» «Barasym gelýär, ýöne onuň ýaly beýik ýerlere gadam basmaga men mynasyp däl». «Altynjan seni ýanyna çagyranokmy?» «Ol meni ýanyna çagyrmak isleýär, ýöne men ony soltanyň ýanynda çykgynsyz güne goýmazlyga çalyşýaryn». «Iýip-içer ýaly zadyň barmy?» «Altynjan meni hiç zada myzahar edenok, sag bolsun». Şol duşuşyk hakda Kalbyna Altynjana hiç zat aýtmandy, sebäbi ol özüniň ýanyna kimiň gelendigini anyk bilenokdy, ýöne bu hakda Altynjana soltan aýtdy: – Ýanyňa Kalbynany çagyr, onuň bilen geçeni ýatlaşarsyňyz. – Begim, siz Kalbynany nireden tanaýarsyňyz? – Men Gökhun barada habar eşitjek bolup birki gezek synanyşdym. Görüp otursam, olar biziň şäherimizde ýaşaýan ekenler. Sen olary menden nahan saklapsyň. Men olaryň öýüne baryp gördüm. Özüň ýedi yklymyň soltanynyň hatyny, nedimi, naýyby bolsaňam, çagalyk razdaryňy çetde saklapsyň. Oňarmansyň, Altynjan. Ony köşge getirmegiň gerek. Men Gökhuna minnetdarlyk bildirmek isledim. Şu maksat bilenem ony ýigrimi ýyllap agtardym. Gökhun aýtmadyk-da bolsa, belki, men seni tapardym. Ýöne ol meniň işimi ýeňilleşdiripdi. Men oňa minnetdarlygymy bildirmäge ýetişmändigime gynandym. Ynan, onuň sen hakdaky aýdan sözleri dek ýaňy aýdylan ýaly hakydamda dur. * * * – Altynjan, men Diýarbekire baryp gaýdaýsam niçik bolar?! Altynjan hatyn soltanyň isleýän sözlerini aýtdy: – Çoh gözel bolar! – Bilýärmiň näme, indi ençe ýyl bäri men şazada Ýakudy Anadoluda saklaýaryn. Ol maňa duşuşmak isleýändigi, Diýarbekirde garaşjakdygy barada çapar iberipdir. Ol goşunyny goýup meniň ýanyma gelip bilenok. Şazada Anadoluda çäksiz köp ýeňişleri gazandy. Meniň oňa minnetdarlyk bildirmegim, käbir ýerleri, islese, Bagyn bilen Tulhumy, islese, Ergany ykta bermegim, ony ol ýerlere häkim bel¬läp, höweslendirmegim gerek. Derwezata şalygyny döretmek meniň babamyň, Arslan ýabgunyň hemem Ýusup ýabgunyň öňündäki parzym ahyryn. Kaýsar Konstantin Onunjy Dukas9 general Merwewe we Urfanyň häkimi Tawdanosa Ýakudy her edip-hesip edip mugyra getirmek barada görkezme beripdir. Kaýsar Ýakudy öldüren adama ýigrimi bäş müň dinar baýrak goýupdyr. Bu zatlar Ýakudy howsala salýar. Men baryp, onuň goragyny güýçlendirmesem, göwnüni götermesem, onda meniň ençe ýyllap eden yhlasym köýer. Şonuň üçin men Diýarbekire baryp gaýdaýyn. Gyssagym özümde bolar. Uzak eglenmän gelerin. Saňa bu ýerde pugta gözegçilik ederler. Men tabşyryk bererin. – Dogry aýdýarsyňyz, begim – diýip, Altynjan rahat gürledi. – Meniň ýagdaýym gowy indi. Siz meni alada edinmäň! – Göwnüme bolmasa, sen meniň ýörişe çykmagymy is¬leýärsiň. – Onuň sebäbi siz köşkde özüňizi kapasada ýaly duýýarsyňyz. Ýörişlerde siz ähli ownuk-döwnük kesellerden saplanýarsyňyz, gujurlanýarsyňyz. Men siziň mydama sagadat, önjemli bolma¬gyňyzy isleýärin. – Meniň göwnüme başga zat gelýär. Men uzak bir ýörişe gitsem, bu pisat pelek seni kösär diýen teşwiş-endişäm bar. Ylaýym, bu ýalançy teşwiş-endise bolsun! – Bu pikir – gizlemäýin – meniňem aňyma geldi. Siz örän dogry aýtdyňyz: perrendeler, derrendeler öljek bolanlarynda ýanynda hiç bir janly-jandaryň bolmazlygyny isleýärler, görer gözden çekilýärler. Adamlar bolsa, öljek pursady iň ýakyn adamlarynyň başujunda oturmagyny isleýärler. Adamyň öljekdigi bilinse, iň ýakyn adamlary jemlenýär, hoşlaşýarlar. Sähel gorkusy bar bolan kişi iň ýakyn adamlarynyň uzak ýola gitmegini islemeýär. Siz menden arkaýyn boluň, begim! – Altynjan, men gelýänçäm daşary çykma, birden sowuklaýma. Özüňem hiç bir zadyň aladasyny etme. Anuşirwany-da, Kunduryny-da goýup gitjek. Näme gerek bolsa, olara aýt. Men gelýänçäm olar seniň daşişigiňden aýrylmazlar, durarlar. Seniň maňa aýtjak sözüň barmy?! – Bir sargydym bar, begim! – Aýt, aýt. Sen näme sargyt etseň, men seniň şol sargydyňy bitirerin. – Begim, halyfyň gyzy Seýidde maňyzly-maýaly gyz. Şol gyz siziň ömrüňize ömri-derazlyk, sagadatlygyňyza göwünhoşluk goşup biljek ýegana, özem janperwerlikde, dilrubalykda, hoşterlikde, akyllylykda özge gelin-gyzlardan görnetin parhlanýan ýeke-täk gyz. Menden soň, siz şol gyza öýlenseňiz, men hem bu dünýä, hem o dünýä sizden razy-rahat bolaryn. Siz şol gyza öýlenseňiz, siziň bu dünýäňizem, o dünýäňizem abat bolar, rahat-röwşen bolar10, begim. Ine, meniň sizden etmek islän iň soňky sargydym şü... | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |