16:47 Altynjan hatyn / 3-nji kitap -3 | |
Üçünji hekaýat
Taryhy proza
GÜL SOLSA, BAHASY BIR PUL Allatagala zenanlary erkek kişilerden has näzik ýaradypdyr. Sebäbi düşnükli onuň. Birinji gezek ýasan zadyňdan ikinji ýasan zadyň kämil bolýar, çünki birinjide goýberen säwlikleriňi ikinjide düzedýärsiň. Allatagala-da Adamatany kyrk ýyllap ýasanda goýberen säwliklerini Howenäni ýaradanda düzeden, kämilleşdiren bolarly. Sebäp Howany ýasamak üçin Allatagala kyrk ýyl gerek bolmandyr. Adamata ukudan oýanýança gözüňe söweýin bir melegi ýasap oturyberipdir... Adam aňk bolup Howanyň ýanyna barypdyr, oňa habar gatypdyr. Ana, şondan bärem zenanlaryň ýanyna ilki erkek kişiler barýandyr. Ilki bolup, habar gatmak hem erkekleriň parzydyr. Ilkinji söz erkekleriňkidir. Soňky söz zenanlaryňkydyr. Islegi kabul edip-etmezlik zenanlara baglydyr. Zenanlar aşa geçirimlidir. Zenanlar aşa çydamlydyr. Olar ähli zada geçirimli, çydamly bolsalar-da, ärleriniň öz üstlerine hatyn almagyna, başga bir hatyn bilen bir ýorganda çyrmaşyp-derläp-bugaryp ýatmagyna welin, teý öwrenişibem, çydabam bilýän däldirler. Herhal, Altynjan Zübeýdanyň owadanlygynam, näzikliginem bil¬ýärdi. Iň esasy, bu deýlemi gyzy ýaňy on alty ýaşy dolan ýaş gyzdy. «Belki, Zübeýda bilen çyrmaşsa, bege täzeden jahyllyk dolanar?! Patyşalaryň ählisiniň ýaşy könelişiberende ýaş gyz bilen çyrmaşyp ýatmaklary ýöne ýerden däl ahyryn. Ýaş gyz bilen erkek kişi çyrmaşyp ýatanda gyzyň ýaşlyk gujury erkege geçýär, erkege ýaşlyk berýär, gaýrat-gujur berýär...» Altynjan Togrul begiň öýlenmegine kaýyldy, sebäbi tagta mirasdüşer gerekdi. Ol begiň mirasdüşeriniň aladasyny köp edipdi. Ençe gezek Togrul begiň ýanynda owadan-owadan gyzlar hakda gürrüň gozgapdy. Her gezegem beg hatynynyň garşysyna çykypdy, asyl, bu hakda gürrüň edilmeginem islemändi. Başda özi islän-de bolsa, soň, begiň öýlenmegi Altynjana agyr degdi. Ol soňky döwürde begiň özünden başga zenan bilen bir ýorganda ýatmajakdygyna berk ynanypdy. Bu gün onuň şol ynamy weýran bolýardy! Agyrdy, juda agyrdy! Altynjanyň göwnüne bolmasa, kimdir biri öz garşysyna, kastyna çykan ýalydy. Kim? Ol bu hakda uzak oýlanýardy. Togrul beg köşk durmuşyny, adamlar bilen gatnaşyk etmegi, içki gapma-garşylyklary «ikinji basgançak» diýip atlandyrypdy. Altynjan Abu Zarga Hannakynyň içki dünýäsini oraşan görmegi başarypdy, ýöne ähli kişi Hannaky däl, olaryň köpüsiniň içki dünýälerini bilip bolanok. Adamyň dili bir zat diýýär, ýüregi, päli düýpden başga zat diýýär, başga zat edýär. Altynjan Togrul begiň adam tanamakdaky üşügine haýranlar gal¬ýardy. Ol adamy bir görende içki pälini, pikirini magat bilýärdi, ýöne, bilse-de, geçirimlilik edýärdi, görmedikden-bilmedikden bolýardy. – Adamlaryň kemçiliklerini aýdyp, olary daşymdan kowsam, onda men kim bilen işläýin?! Esasy zat, adamlaryň maňa hyýanat etmezlikleri. Rast, maňa hyýanat edenoklarmy, maňa bolany şol – diýip, beg maksadyny düşündirýärdi. Altynjan hatyn begiň geçirimliligini töwekgellik hasap¬laýardy. Özi adamlara ýakynlaşmakdan saklanýardy. Ähli kişi bilen gaty hüşgär gatnaşyk edýärdi, soňky günler bege-de köp görünmeýärdi. Gülýüzli barka ol özüni gorap duran galkan bar ýaly duýýardy. Häzir welin, özüni penalan şol galkany ýokdy. Şonuň üçinem onuň üstüne duşman howpy abanaýjak ýalydy. Bu howp gije-gündiz aýrylmaýardy. Onuň aýratyn howatyrlanýan adamlary bardy. Şolaryň biri Peýkamdy. Onuň bolşuny Altynjan halamaýardy. Özem ony birinji gören gününden bäri halamaýardy. Ol birinji gezek Zamahşara baranda Altynjana hapa sözler bilen azgyrylypdy. Ol Altynjany mydama bege ýamanlaýardy, özüniň içki pikirini ýaşyrjagam bolup duranokdy, köplenç: – Hatyn diýeniň öýde sülmüräp oturar, nahar-şor, tikin-çatyn bilen gümra bolar. Sen özüňi erkek ýaly alyp barýarsyň. Söweşde seniň körüň ýok, otur öýde! – diýip, açyk gygyrýardy. Togrul beg Peýkamy höre-köşe edip, köşeşdirýärdi, Altynjanyň ähli ýerde ýanynda bolmagyny özüniň isleýändigini düşündirýärdi, Peýkam şol mahal ylalaşan, düşünen ýaly bolsa-da, birki aýdan soň ýene köne heňine başlaýardy. Altynjanyň berk ynanjy boýunça özüniň begden urulmagyna, göwresindäki çagasynyň düşmegine Peýkam sebäp bolupdy. Şeýle pikirde bolansoň, Altynjan Peýkamy ýigrenmek ýig¬renýärdi, käte oňa gaharlanýardy. Şonda olaryň arasyna Bekdaş Rudbar düşýärdi. Altynjan hatyn Bekdaşy hatyralaýardy, sebäbi ol Peýkam ýaly betlagam biwazy däldi. Az geplidi, salykatlydy, hoş sözlüdi. – Peýkam ikiňize dogan diýer ýaly däl – diýip, Altynjan Bekdaşa sygynýardy. – Peýkamyň ýaradylyşy şeýle, biraz köpräk gürleýär, ýöne ýüregi gowy onuň. Ol seni gowy görýär, saňa gowusyny etjek bolýar, seni goraýar. «Bekdaş bilen Peýkam dogan» diýseň ynanar ýaly däldi. Sebäbi olaryň sagty-symmatlary-da meňzeş däldi. Bekdaş geçen ýyl pygamber ýaşyny ýaşapdy, Peýkam ondan iki ýaş kiçidi. Şeýle-de bolsa, ol agasyndan garry görünýärdi. Saç-sakgaly juwar akdy. Ol, Ybraýym ýaly, hiç wagt üst-başyna üns bermeýärdi, egin-eşigi mydama hopul-sopuldy. Gyş-u-ýaz aýagyna hiç zat geýmeýärdi. Onuň Peýkam adyna mynasyp häsiýeti bardy, içýakgynç sözleri bilen göni ýüregiňden urmaga ökdedi. Adamyň bir kemini tapyp, üstünden gülmegi hem gowy görýärdi. Onuň çakyr sesi bardy. Şol çakyr sesi eşidende Altynjanyň myrryhy atlanýardy. Bekdaş welin, adama eger-eger ajy söz aýtmaýardy, sypaýydy, seljuk döwletine dönüklik etmeseň, onuň garşysyna ýaramaz söz aýtmasaň, onuň seniň bilen işi ýokdy. Altynjan Bekdaşyň geýnişini, arassaçyllygyny, edepliligini, hoşgy¬lawlygyny gowy görýärdi. Çagasynyň düşmeginiň sebäpkäriniň kimdigini soranda aýtmandy. Özüniň Peýkamdan göwnüniň garalýandygyny aýdanda bolsa, Bekdaş Peýkam üçin zol-zol ötünç sorapdy. Altynjan Ýyldyrym Sebzewary-da halamaýardy. Onuň Daň¬dana¬kan söweşinde wepat edendigini eşidende, dogrusy, ýeňil dem alypdy. Hatyn Ýusup Bazyrganyny ilki-ilkiler gowy görýärdi, sebäbi ol gaty yhlaslydy, Altynjana ýaranmak üçin gaty yhlas edýärdi. Ýöne soňky birki ýyl bäri, göwnüne bolmasa, Ýusup Bazyrgany özüne bile-göre ýamanlyk, kast edýän ýalydy. Ol toý babatda-da gaty yhlasly göründi. Onuň yhlaslylygy Altynjanyň gaharyny getirdi. «Bu kişi näme üçin maňa ýamanlyk etjek bolýarka?» diýip, kän oýlandy. Onuň bilen baglanyşykly wakalary birin-birin aňyndan geçirdi. Onuň nirede göwni galyp biler? Asly seljuklylardan bolan Ýusup Bazyrgan şäherinde dog¬lupdy, söwda bilen meşgullanýan kakasy aradan çykansoň, olaryň maşgalasy seljuklylaryň arasyna dolanyp barypdy. Ýusup ýaşlykda ýegre dosty Togrul begiň goldawy bilen Bagdatda fykh ugrundan bilim alypdy. Ol gürlände howlukman, sözleri het¬jikläp gürleýärdi. Ynagyň Hyratda ykta ýeri bardy. Onuň yktasynda alty ýüz adam işleýärdi. Kazwinde, Ärdebilde, Zenjanda, Reýde, Jürjanda dükan açypdy. Olar dört dogandylar. Doganlary bezirgenlik edýärdi, Hindistana kerwen çekýärdiler, söwda edýärdiler. Ýusup olary mydama goldaýardy, olar hem Ýusuby goldaýardy. Mundan iki ýyl owal Ýusup Bazyrganynyň iň kiçi inisi Nurmuhammet perişan halda köşge gelipdi. Ol şonda Tabarystandaky Şirwin dagynda garakçylaryň ýüz düýe ýüküni talandyk¬laryny arz edipdi. Nurmuhammet Bazyrgany harydyny otuz dokuz müň dinar bahalapdy. Kundury: «Nurmuhammediň ýitgisiniň öwezini beýtilmaldan – döwletiň gaznasyndan tölemeli» diýip perman berende Altynjan ilki topar döredip, şol talaňçylygyň anygyna ýetmegiň gerekdigini aýdypdy. Altynjanyň bu sözüne Ýusup biçak gaharlanypdy. Onuň özüne gazap bilen bakyşy Altynjanyň uzak wagtlap ýadyndan çykmandy. – Wah, beýlekiler babatda hem şeýdip aladalanaýsadyň! – diýip, Altynjan ynagy kötekläpdi. Altynjanyň bu sözünden soň Nurmuhammet aýdylan puluň ýarysy bilen çäklenipdi. Ýusup Bazyrgany bu gün, belki, şol waka üçin ar alýandyr?! * * * Toýa beýemçilik edýän Ýusup Bazyrganynyň tutumy uludy. Ol toýuň sähedini sapar aýynyň ýigrimi sekizine belledi. Köp ýerlerden myhmanlar çagyryldy, ýöne Togrul begiň bolşy, asyl toýuň boljagyndan habarsyza meňzeýärdi. Toý bilen baglanyşykly ähli meseläni ynak Ýusup Bazyrgany öz üstüne alypdy. – Sen meniň rahatlygymy bozýarsyň, Altynjan. Ýalan dost bolsa-da, ýalan duşman bolmaýar. Duşman hiç wagt dost bolmaz. Her näçe dostsyrasa-da, içindäki duşmançylygyny aýryp bilmez. Bir amatly pursat peýläbem aryny alar. Gurt çagasy ekdi bolmaýar. Şonuň üçin, iň gowusy, gurt çagasyny ýakynyňa getirmezlikdir. Bähbit – erkiň hem adalatyň hökümdary. Kakulylaryň bähbidi – ölmän aman galmak. Altynjan begiň ýürekden syzdyryp aýdýan sözlerine ynanýardy hem gynanýardy. Ol adamsyna hakykaty aýdyp bilenokdy. Wah, ol ähli zadyň tötänlikde bolandygyny, Zübeýdaga: «Sen Togrul begiň hatyny bol!» diýip aýtmandygyny nädip düşündirsin?! «Zübeýda bilen Äşe maňa nädogry düşündiler» diýsinmi? Altynjan bolan wakany diňe hajyp Abdyrahman Agaja gürrüň beripdi. Ol hajyba ynanýardy, sygynýardy. Hajyp «adamyň jany ýaly» diýilýänlerdendi. Onuň haçan ýatyp, haçan dynç alýanyny bilýän adam ýokdy. Biri az ýatýan bolsa, ol Tog¬rul begdi, ýöne Abdyrahman Agajy mydama begiň öňündedi, mydama onuň goragyndady. Bege bir howp abansa, öz şirin janyna döz gelip, özüni howpuň öňüne gorky-ürküsiz taşlap biljek adamdy. Şeýle ahwal üç-dört gezek bolupdy hem. Abdyrahman gülerýüzli, nurana kişidi. Beg ony okadyp, sowat beripdi. Onuň Togrul bege, Altynjana goýýan hormaty ýürekdendi. Wasytda bolan wakany eşidip, Abdyrahman Agajy gynanmak gynanypdy: – Siz aýtmagy gelşiksiz görýän bolsaňyz, men aýdaýyn? – Ýok, ýok! Hiç zat aýtma. Gül solsa, bahasy bir pul. – Hatyn, siz özüňizi solan gül hasaplaýarsyňyzmy? Ýok, ýok, siz hiç wagt solmajak gül! Beg üçin sizden eziz, sizden ýakyn adam ýok, bu pelekde. Abu Kalyjaryň gyzy siziň ornuňyzy tutup bilmez. Onuň pikirini hem edip oturmaň. Ynha, görersiňiz, beg Zübeýdany iki-üç günden unudar. Ynanaýyň, ol sizsiz oňup bilmez. Begiň sizi nähili küýseýändigini, nähili ezizleýändigini men duýýaryn, görýärin. Ýörişlerdekä hem: «Altynjanyň ýagdaýy nähilikä?» diýip, ol köplenç sizi ýatlaýar, alada edýär. Siz begiň naýyby ahyryn. Altynjan begiň özüni gowy görýändigini bilýärdi. Ýöne gowudan gowy zenanlar bar. Zübeýdanyň näz-kereşmesiniň öňünde-de erkek bolup durar ýaly däl. Ol ýüregiňi eredip, erkiňi alyp, jylawlap barýar. Abu Kalyjar özüniň bege goýýan hormatyny tekrarlamak isläp, gyzynyň ýany bilen gaty köp mukdarda halat-serpaý iberdi. Ýöne kejebäniň, halat-serpaýlaryň gelen güni Togrul beg hatyny bilen awa gitdi. Kejebäni ynak Ýusup Bazyrgany bilen Ahmet Dehistany garşylady. Altynjan awda toýy aňyndan aýyrmakçydy, ýöne aýyrmagy başarmady. Togrul beg hem başarmady: öňküleri ýaly, ýazylyp-ýaýrap aw-da etmediler. Olardan, barybir sustluk aýrylmady… * * * Altynjan Togrul begiň Abu Kalyjaryň gyzy Zübeýdaga öý¬lenýän nika gijesi otagynda hiç kimi içeri goýbermän ýeke özi çugutdyryp oturdy. Aglamak aglady. Nika gyýylmaly pursat ýakynlaşdygysaýyn onuň howsalasy artdy: «Indi men hiç kime gerek däl!» Häzir nika gyýarlar: fatha kylarlar. Onsoň olar düşege geçerler. Altynjanyň dem sanap garaşan pursady ahyryl-ahyr geldi. Nika gyýmak üçin topar bolup geldiler. Altynjan diňleýärdi. Gözlerini ýumup, nika gyýlyşyny, fatha edilişini, Togrul begi, Zübeýdany göz atuwynda janlandyrýardy, hyýalynda ähli zady görýärdi, ähli zady eşidýärdi. Togrul beg resime eýerip Zübeýdany urarmyka? Nähili bolarka? Beg kejebäni garşylamandy. Şol sebäpli Zübeýda ertir urulmandy. Altynjan goýun derisinden taýýarlan kürtekçesini Zübeýdaga geýdiripdi. Togrul beg içeri girende onuň etmeli her bir hereketini birin-birin düşündiripdi. Zübeýda gamçy iýip gören gyz däldir, Altynjan ýaly çydamly hem däldir, Togrul beg uranda ol görgüli näderkä? Altynjan hatyn öz ýaşlygyny, nika günündäki Togrul begiň gamçysyna mertlik bilen döz gelşini, muňa Togrul begiň haýran galyşyny buýsanç bilen ýatlady. Ömründe buýsanar ýaly pursatlary az bolmandy onuň. Ol şol merdana pursatlaryny mydama kanagatlanma bilen ýatlaýardy. Eger ýaşan ömrüňde şeýle pursatlar ýok bolsa, onda nämä buýsanyp ýaşajak?! Onda ýaşan ömrüň näme manysy bar?.. Birden Zübeýdanyň çirkin sesi töwerege ýaňlanyp gitdi. Eý, Hudaý, onuň gygyraýşyny! Soňundan ýene öňküsi ýaly dym-dyrslyk aralaşdy. Altynjan bu ümsümlige geňirgendi. Wa-weýla, boldugymykan? Togrul beg bary-ýogy ýeke gamçy urdy. Indi urjak dälmikä? Begiň ýüregi ýukalyp ýören bolmaly. Begiň jak-jaklap gülküsi haremhanany sarsdyryp gitdi. Eý, Hudaý, beg güler ýaly nähili gowy zat barka? Zübeýda begiň gülmegini nädip başardyka? Togrul beg gülýär, diýmek, onuň keýpi çag bolmaly. Zübeýda ýaş gyz, özem biçak owadan gyz. Şeýle gyz gaşynda näme etse, kaýyl bolup dursa, elbetde, keýpi kök bolar. Beg gülmän, eýsem, kim gülsün?! Dym-dyrslyk. Otagyň içinde diňe beg bilen Zübeýda bolmaly. Gyz galpyldap durandyr. Beg çykarynýandyr. Ol Zübeýdaga: «Eşigiňi çykar!» diýip ündändir. Beg iki şemden özgesini söndürer. Bu onuň edähedi. Olar eýýäm düşege geçendirler. «Garşylyk görkezmeli däl. Begiň gaharyny getiräýme» diýip, berkden-berk sargalansoň, Zübeýda gaty kösenýändir. Beg uzak garaşmagy halamaýardy. Ol janperwer Zübeýdany bagrynyň aşagyna alandyr. Ýaş gyzy bagryna basan begiň göwni göteriler. Ol bu gijäni ukusyz geçirer. Dünýäni unudyp, aýşy-şöhwetde bolar. Altynjan dem alman Zübeýdanyň gygyrmagyna garaşdy, ýöne gykylyk-ses çykmady. Eý, Hudaý, bu näme boldugy? Zübeýda näme üçin gygyrmaýar, ýa beg garrap ýörmükä? Aý, ýok, beg ýylsaýyn jöwher açýar. Şu ýaşda-da hepdede üç gezek küwende bolmagy başarýar. Özem käteler daňdana çenli Altynjan bilen çyrmaşyp ýatyp, şondanam göni turup giderdi, uzynly günem ukusyzlygyny duýman döwleti edara ederdi. Altynjan welin, hassa ýaly, ýerinden galyp bilmän ýatardy. Nädip galsyn?! Endam-jany soka salnan ýaly zerzawdy. Ysgyny ýokdy, aýaklary ysgynsyzlykdan ýaňa sandyr-sandyr eder durardy. Altynjan: «Begim, siziň ýylsaýyn aýgyrlygyňyz artýar. Men-ä size döz gelip bilemok, uzynly gün ýerimden galyp bilmedim, ýerimden turjak bolsam, başym aýlanýar» diýerdi. Ol günler geçdi gitdi… Wagt geçip durdy, ýöne Altynjanyň garaşýan gykylygy çykmaýardy. Ol: «Häzir Zübeýda gygyrar» diýip pyşyrdady. Gykylyk! Ol gykylykdan ýaňa ýer sarsdy. Ol gykylyk Altynjanyň garaşan gykylygy däldi. Bu gykylyk Altynjanyň asla garaşmadyk gykylygydy. Gygyran Zübeýda däldi. Ýok. Gygyrýan Togrul begiň hakyt özüdi. Ýaňyja hezil edip gülen beg gahardan ýaňa ýer sarsdyryp gygyrýardy. Özem onuň diýýän zady Altynjanyň dünýäsini çepbe çöwürdi. Heý, begiň diýýän sözleri akyla sygar ýalymy? Ol iň soňky sözi aýdýar-a! Togrul begiň gykylygy Altynjanyň gulagynda ýaňlanýar: – Talak! Talak! Talak!.. Gapy şarkyldap açyldy. Içerden Zübeýda atylyp çykdy. Ol çuw-ýalaňaçdy, eşikleri gujagyndady. Gyz özüniň ýalaňaçlygynam bilmeýän bolarly, hünübirýan aglaýardy. Altynjan serasyma bolup Zübeýdanyň ýanyna ylgady, ony haremhananyň boş otaglarynyň birine saldy. – Melikäm! Melikäm! – diýip, Zübeýda Altynjanyň egninden gujaklap bady-boýran aglaýardy. – Köşeş! Köşeş! Ähli zat düzeler! – diýip, Altynjan ony köşeşdirmäge çalyşýardy. – Ýok, ýok, ol maňa eýýäm talak berdi. Indi bar zat gutardy. Indi doganym Mansur Ýezdden kowular, babam hem öldüriler. Men olaryň bagtyny ýatyrdym. Batly ýaňlanan ses olary doňduryp taşlady: – Altynjan nirede? Altynja-an, nirede sen? Altynjany tapyp getiriň! Altynjan otagdan çykdy. Kundury ylgap geldi: – Altynjan hatyn, size beg garaşýar. Wah, Altynjan Kundury aýtmasa-da, begiň garaşýandygyny eşidip durdy, ýöne ol bu mahal begiň ýanyna barmaga gorkýardy. Ol Zübeýda bilen begiň arasynda nämäniň bolandygyny bilenokdy. Soranyňda-da Zübeýda häzir jogap berip biljek däldi. Altynjan begiň gaharyny getiren zadyň nämedigi barada oýlanýardy. – Hatyn, size beg garaşýar! – diýip, Kundury ikinji gezek dillendi. Altynjan weziriň ýüzüne seretdi, hyrçyny dişledi. Ol Togrul begiň garaşýan otagyna girdi. Içerde iki sany şem ýanyp durdy. Beg dyzdanlydy, elinde gamçysy bardy. – Işigi ýapyp, ýakynyma gel! Gel bahymrak! Bahymrak! Togrul beg ýakynyna gelen Altynjanyň depesinden gamçysyny inderip ugrady. Her näçe ursa-da, gahary köşeşer ýaly däldi. Altynjan sarsman durdy. Begiň gazabyny görensoň, ol yzasyny-da onçakly duýmady. – Sen näme üçin meniň gözümi-başymy aýlaýarsyň? Näme üçin? Ä? Togrul beg eden işini telek hasaplan dek, gamçysyny eliniň tersi bilen zyňyp goýberdi. Soňam garşysynda sarsman duran Altynjany esli salym synlady, synladygyça özüni müýnli duýdy. Altynjan hiç mahal ejizlemegi halamaýardy, ýöne eziz adamsynyň rehimsizligi onuň ýüregini dilim-dilim etdi. Ony kemlik basdy. Hamsykdy: – Begim! Men döz gelerin! Soňundan sojap-sojap aglady. Togrul beg Altynjany garsa gujaklady. Onuň ýüzünden sypady: – Altynjan!.. Maňa senden başga hiç kim gerek däl! Düşün¬ýärsiňmi, maňa dünýäde senden başga hiç kim gerek däl!.. Beýiklik esasy meseleleriň ählisinde beýikligi aňladýar. Beýik¬ler mutlak beýik bolup bilmez, mutlaklyk diňe Allatagala degişlidir. Beýik adamlaryň ownuk, kiçi taraplary diňe kiçi meselelerde özüni bildirer, ululykda bolsa olar hemişe uludyrlar, irilikde olar hemişe iridirler, beýiklikde hemişe beýikdirler. Beýikler ömür hemrasy bolan hatyn, söýgi meselesinde ownuk, kiçi bolup bilmeýärler. Togrul begiň mähir hem söýgüden püre-pür ýüregi diňe Altynjana degişlidi. Begiň patyşa hökmündäki beýikliginiň ölçegi öz hemrasyna bolan beýik söýgä ukyplylygydy. Diňe beýik duýga ukyply ýürek giden bir milletiň öňüne düşüp, ony beýiklige ýetirip, külli adamzadyň ykbalyny kesgitläp bilýär. Gursagynda gurrumsak, pes ýüregi bolan kişi beýik işleri gaýryp bilmez. Togrul beg Altynjany söýüp, bir zada göz ýetirdi. Onuň özüne-de, dünýä-de bolan gatnaşygy Altynjana söýgüsiniň üstünden geçip gidýän eken. Altynjana bolan gatnaşygyny üýtgetmek onuň üçin özi hem pelek bilen aralygyndaky köprini ýumurmakdy. Bu onuň üçin özüni weýran etmekdi. Söýginiň hakykylygy, beýikligi, duýgynyň hemişelikligi – söýginiň adamyň tutuş ömrüne barabarlygy. Beýle söýgi juda seýrekdir. Ol adam duýgusynyň wagtlaýynlyk, geldi-geçerlik häsiýetinden has ýokary galyp, düýpli bir zada öwrülen halatynda mümkin bolýar. Munuň juda seýrekligi bolsa duýgynyň öz tebigaty boýunça pursatlyk, wagtlaýyn närseligi sebäplidir. Dünýäde iň üýtgewçil zat duýgy. Her bir närse ýaly, onuň hem belli bir ömri – ýaşy bar. Özem has gysga ömri bar. Bu duýgynyň hemişelik häsiýete geçmegi, wagtyň çäginden çykmagy üçin, onuň düýpli ruhy mazmuna geçmegi gerek. Ruhy mazmun bolsa, adamyň durmuşa duýgulaýyn däl-de, akyl-parasat hem ahlak manydaky gatnaşygyndan kemala gelýär. Şatlyk, begenç, gaýgy, lezzet, hatda bagt hem duýgy hökmünde az salymlykdyr, ornuny başga duýga berýän pursatlaýynlykdyr. Ömürboýy şol gülläp oturan adamy göz öňüne getiribem bolmaz. Söýgi duýgy derejesinden has çuňa gidýär, ynsanyň adamçylyk ruhy hususyýetiniň mazmunyna geçýär. Bu bolsa adamdan entek dirikä aýrylmasyz zatdyr. Şol bir wagtda-da söýgi hemişe öz duýgy esaslaryndan daş düşmeýär. Şonuň üçinem onuň lezzeti, sapasy bardyr. Altynjan Togrul begiň ýüreginde berk orun alan, baky solmajak güldi, mukaddeslikdi. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |