21:37 Altynjan hatyn / 3-nji kitap -4 | |
Dördünji hekaýat
Taryhy proza
KÖZI GORJASAŇ – ÝANAR I. Emir Uhjury sapar aýynyň birinji güni öz ýerine Abu Zurga Hannakyny wagtlaýyn belläp, Hyrat hem Tus şäherlerinde hasap-hesibiň alnyp barlyşyny ýerinde barlamak maksady bilen ýola düşdi. Onuň gideninden on gün geçenden soň, Abu Zurga Hannaky wezir Kundury bilen Altynjan hatynyň ýanynda sahyp Uhjurynyň işini dowam etdirýändigini, ýöne diwanyň ýöredilişinde kemçilikleriň aşa köpdügini, sahyplyk wezipesini Uhjurynyň oňarmaýandygyny, ýöne özüniň welin, oňarjakdy¬gyny aýtdy. Altynjan hatyn ör-gökden geldi: – Seniň işe alynmagyňa sebäp bolan, saňa güwä geçen kim? – Elbetde, Uhjury, ýöne men hakykaty göni aýtmaga borçly: wyždanyma ikilik etmegi başarmaýaryn. – Hakykaty Uhjury gelensoň aýdarsyň, häzirlikçe gidiber. Abu Zurga Hannaky ruhdan düşmedi: öz öňünde goýan maksadyna ýetmek üçin ikinji bir tilsimi ulandy. Wezirler diwanynyň mejlisine gatnaşyp, onda – bu mejlise Togrul beg hem gatnaşýardy – çykyş etdi: – Beýik Perwerdigäriň (goý, beýik Taňra alkyşlar bolsun!) döreden hem öz mähribanlygy birle ýaradan zatlarynyň ählisiniň özeninde her dürli ýagşylyklaryň dürli röwüşleri ýatandyr. Olara akyl ýetirmekden ynsanlaryň pähim-parasatlary gaty pes gelýär. Olaryň aýratynlyklaryna düşünmäge akyldarlaryň hem paýhasy-akyly ýetmeýär. Bilýän hem duýgur adamlar bu «syra» akyl ýetirmek, düşünmek üçin hernäçe çytraşsalar-da; «Hawa! Döretmek we häkimiýet oňa degişli. Dünýäleriň eýesi bolan Allatagala alkyşa mynasyp»1 diýlişi ýaly, her gezek olar öňkülerdenem başarnyksyz we güýçsüz bolup galýarlar. «Allatagala hökümdarlygy islänine berer» diýmesi hakdyr. Allatagala külli musulman bendeleriniň içinden Togrul begi hökümdar saýlady. Biz Allatagalanyň halan, saýlan kişisi Togrul bege düýrmegimiz bilen hyzmat etmelidiris. Meniň Togrul begiň ýalkawynda gulluk edip ýörenime köp wagt geçenok, şeýle-de bolsa, men gysga döwrüň içinde köp zatlary öwrenmäge, köp adamlary tanamaga ýetişdim. Dogrymy aýdaýyn, köşkde, diwanlarda, umurylarda öz işiniň ussady, önjemli adamlar köp. Men öz sahybym Uhjura, baş wezirimiz Nasyr Kunduryga, Mübärek hana, Abdyrahman Agajyga, Bekdaş sahyba aýratyn tagzym edýärin. Olaryň ählisi Togrul bege wepadar adamlar. Togrul beg üçin şirin janyny bermäge taýýar adam olar. Men hem Togrul beg üçin şirin janymdan geçmäge taýýardyryn. Begimiziň ömri uzak, jany tut deýin sag bolsun! Adam öz söýýän işini edende ömrüne many çaýylýar. Ýeňil, joşgunly işlenilýär. Ine, meniň merhemetli sahybym Uhjury! Ol ajaýyp adam! Zehinli, sowatly adam. Onuň başarmaýan zady ýok. Ol özüniň häzirki alyp barýan işini – yhtysap diwanyna sahyplyk etmegi birkemsiz oňarýar. Özem gije-gündiz işleýär, bizem işe galkyndyrýar. Şeýle-de bolsa, ol köplenç özüniň gowy görýän işini ýatlaýar. Uhjury serkerdelik etmek, Seljuk şalygynyň hakyky goragçysy bolmak, seljuk şalygynyň serhedini giňeltmäge gönüden-göni goşant goşmak – saýlama goşunda han bolmak isleýär. Käte ikiçäk oturanymyzda ol maňa: «Meniň göwnüm söweş meýdanyny, darkaş küýseýär. Togrul beg meni saýlama goşuna han bellese, seni-de meniň ornuma goýsa, gör, nähili jüpüne düşjek!» diýip göwün ýüwürdýär. Men Uhjury sahyba: «Meniň wezipe hantamaçylygym ýok. Bar islegim Togrul bege gije-gündiz hyzmat etmek, onuň ynamyny ödemek» diýip, jogap berýärin. Elbetde, men yhtysap diwanyna sahyp bolsam, diwanyň işini has gowulandyrardym, şalygyň baýamagyna gönüden-göni goşant goşardym. Men bu zatlary gepiň gerdişine görä aýdýaryn.» Abu Zurga Hannaky howlukman, şeýle bir süýji gürleýärdi, näçe gürlese-de irizmeýärdi, diňlemek lezzetlidi. Onuň şol çykyşyndan soň Uhjury saýlama goşunyň bir tümenine han bellenildi. Abu Zurga Hannakyny bolsa Uhjurynyň ýerine – yhtysap diwanyna sahyp bellediler. Altynjan hatyn nägileligini gizlemedi: – Men seniň sahyp wezipesine bellenendigiňi bilmän galdym. Wagtynda bilen bolsam, garşy çykardym. Men seni häzir wezipäňden düşürip bilerin, ýöne meniň bir talabymy bitirseň, seni işden aýyrmaýyn. – Bitirerin, hökman bitirerin, aýdyň! – Meniň gözüme görünme! Daşda bol! Düşnüklimi?! – Merhemetli Altynjan melike, men size uly hormat goýýa¬ryn. Meni näme üçin halamaýandygyňyza düşünmek isleýärin... – Sebäbi seniň diliň jennet, içiň welin, dowzah! – Siz men barada nädogry pikir edýärsiňiz… * * * Bu öwrülişikden bir aý geçenden soň Uhjury han öňki işlän ýerine geldi. Özüniň öňki oturan ýerinde Abu Zurga Hannaky otyrdy. Täze sahyp hanyň ýüzünden gar ýagýandygyny görüp, göwünli-göwünsiz ýerinden turdy: – Sizi hoş gördüm, merhemetli han! – Men seniň bilen düşünişmäge geldim. – Ikimiziň aramyzda düşünişmezlik, ýalňyşmaýan bolsam, öňem bolmandy, häzirem ýok, indem bolmaz, ýöne, isleseňiz, zoraýakdan döredip bolar. – Men Hyrada gidenimde näme üçin yzymda wezirler diwa¬nynyň mejlisinde çykyş etdiň, onda näme üçin meniň ömür aýtmadyk sözlerimi aýtdyň? – Men siz hakda diňe gowudan-gowy sözleri aýtdym, sizi öwmek öwdüm: adamkärçiligiňizi, başarnygyňyzy, ökdeligiňizi, işeňňirligiňizi wasp etdim. Siz munuň üçin maňa sagbol aýtmakçy bolýarsyňyzmy? Hökman däl. – Men hiç wagt han bolmak, söweşe gatnaşmak islemedim. Sen meniň dünýewi adamdygymy gaty gowy bilýärsiň. – Siz özüňize ynanylan beýik wezipäňizden nägilemi? – Sen maňa at oýnatma! Meniň näme isleýänim, näme islemeýänim bilen seniň işiň bolmasyn! – Meniň işim bolmaz, ýöne ýörite gelip, bu hakda gürrüň gozgandygyňyz üçin men soraýdym. – Men saňa haçan: «Han bolmak isleýärin» diýdim? – Han bolmak islemeýärsiňizmi? – Sen ýaramaz adam ekeniň! Sen meniň ýagşylygyma ýamanlyk bilen jogap berdiň. Sen meniň wezipämi almak üçin, mejlisde ýalan sözläpsiň. Ýalan bilen uzaga gidip bilmersiň. – Duruň, duruň. Maňa minnetli söz aýtmaň, eden ýagşy¬lygyňyz üçin men size zerli don hedýe berendigimi ýadyňyzdan çykardyňyzmy? – Sen ol dony men öýde ýokkam goýup gaýdypsyň. – Dogry, ýöne hedýe almaýan, halal adam ol zerli dony yzyna gaýtarardy, ýöne siz gaýtarmadyňyz. Sebäbi siz hedýe almagy gowy görýärsiňiz. Beýle garşylyklaýyn jogaba garaşmadyk Uhjury biçak gaharlandy, gözlerini kinaýatly oýnadýan Hannakynyny düýt-müýt edäýerli göründi: Hasp-hesip bölüminiň otuza golaý işgäri näçe ýyl bile işleselerem Uhjurynyň häzirkisi ýaly gaharlanan pursadyna gabat gelmändiler, asyl, ol gaharlanýandyr hem öýtmezdiler. Sebäbi Uhjury häsiýeti boýunça ýuwaş, dogruçyl, sypaýy adamdy. Adama aňsat-aňsat agyr söz aýtmaýardy. «Han bolmak üçin gazaplylyk, talabedijilik gerek. Harby iş meniň bu häsiýetime dogry gelenok» diýip, ol köplenç nygtaýardy. Hasap-hesibe, kagyzlara bulaşyp oturmagy welin, gowy görýärdi, bu işden ýadamaýardy. Özüniň eý görýän işinden gitmesiniň sebäbi hakdaky hakykaty eşiden Uhjury göni Hannakynyň ýanyna gelipdi. Gelýärkä: «Eşiden zadym nädogrudyr» diýen pikir bardy. Abu Zurga Hannakynyň ulumsylygy, eşiden habarynyň hakykatlygy, onuň gaharyny ýetjek derejesine ýetiripdi. Bölümiň işgärleri gelip ony köşeşdirmäge çalyşdy. Hannaky olaryň üstüne gygyrdy: – Ýok boluň şu ýerden! Her kim öz ýerinde otursyn! Ýogsam baryňyzy işden kowaryn! – Gör, sen nähili nejis ekeniň! – Eger han bolup işlemek islemeseňiz, men sizi diwanyma işe alaýyn. – Sen meni işe aljakmy? – Siz munuň nämesini geň görýärsiňiz? Siziň menden nämäňiz artyk? Uhjury kellesini tutup, diwandan çykyp gitdi. Abu Zarga Hannaky diwanyň işgärlerine eşitdirip, özbaşyna hüňürdedi: – Özüne edilen ýagşylygy bilenok!.. Gadyrbilmez mahluk! Üstüme haýbat atanyň üçin almytyňy bererin! Men muny Anuşirwana hökman aýdaryn... Uhjury Togrul begiň dergähine bardy, ýöne nägileligini aýtmaga ýetişmedi: – Men seniň näme üçin gelendigiňi bilýärin, han. Sen biraz sabyrly bol, käbir kişiniň özüniň kimdigini açmagyna ýol ber. Ýene bir aýdan meniň bu sözlerime has açyk düşünersiň... II. Ybraýymyň bujurygy artdy, sähel zat üçin alagykylyk etdi. Köşk emeldarlarynyň tas ählisi bilen diýen ýaly gykylyklaşyp çykdy. Togrul begiň hem garşysyna gitdi. Özüne akyl öwretmegiň gerek däldigini, döwleti özüniň ýöredip biljekdigini öwran-öwran gaýtalady. – Muhammet, gel, erkeklerçe gürleşeli! – diýip, Ybraýym Togrul begiň gaşyna baryp oturdy. – Bu näme diýdigiň bolýar? – Bu: «Seniň bilen ikiçäk, aç-açan gürleşjek» diýdigim bolýar. Köşgüň içindäkileriň ählisi birmeýdan ikimizi ikiçäk galdyrsynlar. Wezir-wekiller, hajyplar, mufratlar daşaryk çyksynlar. Içerde ikimizden başga ýeke adam hem galmasyn. – Goý, seniň diýeniň bolsun! Togrul begiň yşaraty bilen içerdäkiler – ähli wezir-wüzeralar, mufratlar daşaryk çykdylar. Ybraýym gapyny içinden ýapyp, Togrul begiň garşysynda aýbogdaşyny gurap oturdy: – Döwleti indi maňa ber. Sen meniň wezirim bol. Togrul beg Ybraýymdan beýle söze, dogrusy, garaşmandy. Ol esli wagtlap sesini çykarman, seredip oturdy. Uzak oýlanandan soň: – Oňararmyň? – diýip sorady. – Oňararyn! Sen indi dynç al. Ýaşyň ýetmişe ser urdy. – Men razy, ýöne ähli zady kada-kanun esasynda edeli: ähli seljuk beglerini çagyraly. Olara seniň teklibiňi aýdaly. Olar ylalaşsalar, men garşy däl. – Bu: «Seniň aýdanyňy etjek däl» diýmek bolýar. – Men saňa garşy çykmaýyn. – Barybir, ähli seljuk begleri, bilýän, seni goldarlar. Meni goldamazlar, çünki wezir-wekilleriň köpüsi meni halanok. – Eger seljuk begleri seni halamaýan bolsalar, onda sen kime esaslanyp döwlet dolandyrmakçy? – Özüme! – Ýeke özüň aljak galaň bolmaz! – Bolar, hökman bolar! – Onda Dawudy çagyraly. Üç bolup maslahatlaşaly. Sebäbi seniň etjek bolýan işiň kiçi-girim iş däl. – Ýok, ýok, Dawudy çagyrma. Onuň aýtjak sözüni bilýärin. – Näme? – Ol meni goldamaz. «Samsyk!» diýer, «Öldürerin!» diýer. – Men saňa düşünmeýärin, Ybraýym?! Seniň näme kem zadyň bar? Patyşalykmy? Sen Azerbaýjanyň patyşasy ahyryn! Eger ol ýerini az görseň, Gürjüstany al, Bulgary golastyňa geçir. – Maňa seniň ornuň gerek… – Ähli süýji zadyň soňy ajy. Süýji zat tiz irizýär. Sen ömrüň manysyny soltan Masut deýin süýjülikden gözlediň, aýşy-meýlisden gözlediň. Sen tagta hem meslik üçin, lezzet üçin geçmekçi bolýarsyň… – Muhammet, sen meni soltan Masuda deňeýärsiň, şeýdibem meniň degnama degýärsiň. Ybraýym gazap bilen ýerinden turup, Togrul begi gözleri bilen dalady, soňam sesini çykarman çykyp gitdi. – Saklan, Ybraýym, saklan!.. * * * Ybraýym tagta geçmäge şeýle bir howlugýardy. Onuň oda-köze düşmesini sahyp Bekdaş Rudbar şeýle düşündirdi: – Begim, bar gep Ybraýymyň weziri Abu Alyda. Ol gaty mekir adam eken, mydama Ybraýyma: «Togrul begiň bar ýeňşi – seniňki. Wizantiýanyň serkerdebaşysy öz pidýesi üçin üç ýüz müň dinar berjek diýende-de yrylman, ony Togrul bege ugratdyň. Togrul beg bolsa, Wizantiýanyň kaýsarynyň ýeke haýyşyna Lapiriti bir dirhem hem pidýe alman boşadyp goýberdi. Seniň Wizantiýadan getiren oljaň – Tog¬rul begiň bütin ömrüne ýygnan oljasyndan kän. Şonuň üçinem Togrul beg seni depesine täç etmeli. Hakykatynda sen döwletiň baştutany – patyşa bolmaly. Sebäbi sen Ýusup Ynanç Ýabgunyň ogly. Sen hakyky mirasdüşer. Togrulyň babasy Mykaýyl hiç wagt Ýabgu göterilmedi» diýip, günde-günaşa gaýtalaýar. Bu sözler Ybraýymyň gulagyna hoş ýakýar. Başda weziriniň bu sözleri aýtmagyny halamaýardy, indi welin, mukam diňleýän deýin, gözlerini süzüp diňleýär. Ybraýym hiç bir zady düýpli oýlanman edýär. Etjegini-edip, soňundan ökünýär, ondan hüşgär bolmak gerek, çünki onuň herki ýowuzlygy edäýmegi mümkin. Sebäbi ol gün-günden wagşylaşýar. Adam öldürmek onuň ýanynda hiç zat. Togrul beg Bekdaşyň bu habaryndan soň: «Ybraýym bilen hökman düşünişmeli» diýen netijä geldi. Şu maksat bilen ony ýanyna çagyrdy. Ybraýym gelmedi. Togrul beg ynala gylaw berýän Abu Alyny jezalandyrmagy makul hasaplady: «Ybraýymyň weziri Abu Alynyň gamçy bilen urulmagyny buýurdy. Bir gözüni oýdurdy, bir dodagyny kesdirdi!»1 Togrul begden gaçganaklap ýören Ybraýym karargähe kürsäp girdi: – Togrul, bu näme etdigiň seniň? – Abu Aly seni azdyrýar. – Seniň meniň wezirime beren jezaň – maňa beren jezaň! Togrul beg doganyna nägilelik bilen seretdi: – Belli bir derejede sen dogry aýdýarsyň. – Sen menden ýagşylykdan başga näme gördüň? Men ömrümi seniň rowaçlygyňa bagyşladym. Iň soňunda senden alýan aklygym şumy? Men munuň irde-giçde şeýle boljagyny aňýardym. – Abu Alyny saňa wezir edip bellän men – özümem eden etmişi üçin jezasyny berýärin, ýöne sen hem azyp ugrapsyň. Meniň saňa beren ýerlerim azmy?! – Sen öň esgerleriň petih eden ýerlerinde talaňçylyga rugsat berýärdiň, ýöne, soňky döwürlerde rugsat bermeýärsiň. Esgerleriň talaňçylyk etmegine ýol bermezlik – bu Altynjanyň pikiri. Sen Altynjanyň göwni üçin goşunyň garşysyna gidýärsiň. Hatynyň gepine gidip, erkek göbekliniň abraý tapan ýeri ýokdur! Senem bu bolşuň bile uzaga gitmersiň – betbagtçylyga uçrarsyň! – Ybraýym, bu seniň maňa aýtjak sözüň-ä däl. – Men wezirim Abu Ala ynanýan bolsam, sen Nasyr Kunduryga ynanýarsyň. Kundury meniň bilen jet. Ol her edip-hesip edip maňa ýamanlyk etjek bolýar, özem ol ýamanlygyny seniň eliň bilen edýär. Bilýän, ol meni Abu Muslimiň, Barmaklaryň2 gününe salmak isleýär. Olaryň başyna ýetenlerem Kundury ýalylar. – Bigünä adama gara ýöňkeme! – Men seniň şeýle diýjegiňi bilýärin. Ähli kişiniň edýän işem, aýdýan sözem dogry, diňe meniňki nädogry. Meniň edýän işimem nädogry, meniň aýdýan sözümem nädogry. Men – biž. – Men saňa özümize tabynlykdaky Rawwat şalygynyň ähli ýerini – Azarbaýjany ykta berýärin. Özüňe ykta berlen ýerlere doly aýlanyp çykmak üçin ýüz ýigrimi gün gerek. Özüňe berlen ykta ýerleriň az däldigini bilseňem, näme üçindir, bilgeşleýinden kejirlik edýärsiň. Meniň saňa ýamanlygym ýok. Men senden hiç zady gysganamok hem. Ýöne men – özüň gowy bilýärsiň – ähli goşun serkerdelerimi ykta bilen üpjün etmeli. Şonuň üçin Jebel bilen Hemedany yzyna alýaryn, Ybraýym. Düşünýärsiňmi? Ybraýym gaharyna «titir-titir» etdi: – Közi gorjasaň, ýanýandyr, sen meni ýanmaga mejbur etdiň! Sen meni hakykaty aýtmaga mejbur etdiň: ähli ýerler meniňki! Diňe meniňki! – Giň bol, Ybraýym, gel, arkaýynçylykda düşünişeli – diýip, Togrul beg parahat gürlemäge çalyşdy. – Giňlik – Alynyň ala meýdanynda! – diýip, Ybraýym gazap bilen işige bakan ýöneldi. – Saklan! Ybraýym! Ybraýym ýene saklanmady. «Togrul beg birtopar esger ýygnap, Ybraýymyň garşysyna ugrady. Onuň bilen duşuşdy. Iki tarapyň esgerleriniň arasynda örän gazaply söweş boldy, bu söweşde Ynal ýeňlişe sezewar bolup, yzyna gaçdy. Togrul beg onuň yzy bilen hüjüm edip, ähli galalaryny we ýurduny eýeledi. Ybraýym ynal Sermaj galasynda gizlenip, agasyna garşylyk görkezmäge başlady. Togrul beg onuň bolýan ýerini gabady. Onuň esgerleriniň sany ýüz müň adama ýetipdi we olaryň arasynda dürli hili goşun (köp ugurly) bardy. Bular söweşdiler we onuň şeýle mäkäm hem goragly galadygyna garamazdan, Tog¬rul beg galany dört günüň içinde eýeledi. Ybraýymy bu ýerden mejbury ýagdaýda aşak düşürdiler. Ybraýym ýanyna gelende Togrul beg ony mähirli hem gadyrly garşylady. Oňa köp haýyr-yhsan etdi. Elinden alnan baýlygynyň köpüsini gaýdyp berdi.3 * * * – Ybraýym, saňa iki sany ýol goýýaryn: birini saýla. Birinjiden, meniň ykta beren ülkelerime gidip häkimlik etmek, ýöne esgeriň sany müňden aňry geçmeli däldir; ikinjiden, meniň ýanymda galyp, serkerde, wezir bolmak. Ybraýym ynal janykdy: – Men köp oýlandym. Görýän welin, men ynanjaň. Meni derrew ynandyrýarlar. Onsoň öz doganymyň garşysyna gitmegi makul bilýärin. Men gaýdyp beýle gabahat pikir etmez ýaly, seniň ýanyňda boljak, saňa sadyklyk bilen hyzmat etjek. Iki dogan gujaklaşdy. Togrul beg Ybraýymyň amana gelenine çyn ýürekden begendi. Ýogsam öz doganyny öldürmeli boljakdygy hakdaky pikir oňa juda güzap beripdi. «Bir ýazykdan är ölmez!». Iň esasy zat – Ybraýym öz ýazygyna düşündi. Ýöne beterinden beteri bar. Togrul beg Bukadyr Anasyogly başbuglary on müň atlylary bilen Diýarbekir sebitlerine gönderip, ol ýerlerini bu iki bege ykta beripdi. Buka bilen Anasyogly welin, mesligi göterip bilmedi. (Meslik, baýlyk garyplykdan iki esse agyr hem kyn ýük ahyryn!) Mesligi götermek nädip eýgertsin? Näme diýse, öňüne getirip durlar. Ähli kişi özlerinden gorkýar. Edenine däl diýip biljek ýeke adam ýok. Diýmek, olar Diýarbekir sebitiniň şalary! Iki başbug her gün meýlis gurdy. Her gün şerap içdi. Mes bolanlaryndan soň iki goçuň bir saçagyň başynda oňuşmajagy düşnükli zat. Bir günem aşa serhoş boldular, sözleri azaşdy. Gylyçlar gynyndan çykdy. Iki başbug biri-birinden kem galman, biri-biriniň çem gelen ýerine gylyç saldy. Hiç kim olaryň bu garpyşmasyna garşy çykyp bilmedi. Garşy çykyp bir görsünler! Onda ol aralamakçy bolýan töwellaçynyň dessine kellesini alarlar. Olary aralamadylar. Bu hem olar üçin erbet boldy. Olaryň ikisem düşen ýaradan şehit boldy. – Kim het etdi olary öldürmäge?! – diýip, iki başbuguň ölendigi hakdaky habary eşiden Togrul beg gazaplandy. Iki başbugy özge biri öldüren bolsa, onda beg ol kişini tohum-tiji bilen kerçem-kerçem etjek, ýöne hakykaty oňa aýtmaly boldy. Nämäniň-nämedigini eşidende beg haýranlar galdy, gahary ýetjek derejesine ýetdi, üç günläp aramgähinden çykman, ýorgan bürenip ýatdy. Hiç kimi kabul-da etmedi. Wezir-wekiller Altynjan hatyndan begi köşeşdirmegini towakga etdiler. Hatyn bardy. Hatynyny gören beg içki ahwalatyny ýa¬şyr¬maga çalyşdy: – Altynjan, geleniň gowy boldy. Gel, bile aýdym aýdaly. Olar uzak günläp aýdym aýtdylar. Togrul beg, barybir, köşeşip bilenokdy. Begiň gaharlanmagy diňe bir Buka başbug bilen Anasyog¬ly başbuguň ölümi sebäpli hem däldi. Onuň özüne iň ýakyn saýýan adamlaryndan hem göwni galypdy. Çagry begden-de göwni galypdy. Çagry beg bilen Togrul begiň höküm sürýän sebitleriniň araçäkleri bellidi. Olar biri-birlerine tabynlykdaky yktalara çozmaly däldi, çapawulçylyk etmeli däldi. Şeýle-de bolsa, özüniň şirin janyndan eziz görüp ýören şazadasy Alparslan nahanlykda Togrul begiň tabynlygyndaky Fesa şäherine ýöriş edipdi.4 Gel, Alparslan ýaş diýeli, ýöne Çagry hemme zada düşünýär-ä! Ol näme üçin ogluna: «Togrul begiň tabynlygyndaky şähere çozuş etme!» diýmeýär? Sebäbi düşnükli: olara köp mukdarda baýlyk gerek. Çagry beg täjirleriň üsti bilen nirede lomaý baýlygyň bardygyny eşidip, Alparslany Fesa gönderendir. Näme üçin? Birinjiden-ä: «Togrul beg Alparslany gowy görýär, şonuň üçinem onuň günäsini geçer» diýip, Çagry beg pikir edendir. Ikinjidenem, Tog¬rul beg gaharlansa: «Alparslan ýaşlyk edipdir. Ýaş oglanyň günäsini öt! Menem bu eden etmişi üçin oňa käýýedim» diýmek üçin amatly. Togrul beg bu pyrryldaklary juda ýokuş gördi. Alparslan Fesa şäherine girip, deýlemlilerden müň adamy, beýleki milletiň wekillerinden hem şonçarak adamy öldürdi. Bir kurur (mil¬lion) dinary olja gazandy, üç müň adamy ýesir aldy. Alparslan bu talaňyny galp ada duwlanyp edipdi. Maksady özüni tanatmazlykdy, Fesa şäherine çalt barşy ýaly, çaltlyk bilenem Horasana dolanypdy. Özüniň bu çapawulçylygyny Togrul begiň bilmezligini dileg edipdi. Ýöne ony, heý, Togrul beg bilmezmi?! Ol Alparslanyň, Çagry begiň her bir ädimini bilip, her bir sözüni eşidip otyr ahyryn. Togrul beg öz-özüne teselli bermäge çalyşýardy: ýaşaýyş bu! Allatagala adama gowy derejelere ymtylmak küýsegini beripdir. Balyk suwuň çuňlugyna, guş belentlige, adam gowulyga ymtylýar. Hiç kimi öz ýeten derejesi kanagatlandyranok. Ol bu gün düýnküden gowy ýaşamak isleýär. Ybraýym hem şeýle: onuň ýeten derejesi men-men diýen serkerdeleriň ýetip bilmän ýören derejesi, ýöne bu günki derejesi ony kanagatlandyranok. Bu gün oňa Tog¬rul begiň derejesi gerek. Birki aýdan soň ony Togrul begiň derejesi-de kanagatlandyrmaz. Çünki islegde çäk ýok. Beg adamlaryň bihaýa islegleriniň öňüne böwet basmaly. Ýöne nädip? Adamlary mydama gorkuda saklamaly. Togrul beg Ybraýymyň weziri Abu Ala köplerde gorky döretmegiň hatyrasyna jeza beripdi. Ýunan rowaýatlarynda patyşalaryň ýarym adam, ýarym at – kentawr bolmalydygy, diňe adamkärçilik bilen ýurdy dolandyrmagyň mümkin däldigi, şonuň üçin hem patyşanyň käbir ýerde wagşy bolmalydygy nygtalýar. Togrul beg bu pähimiň hakdygyna durmuşda gaty köp gezek göz ýetirdi… Alparslanyň Togrul begiň tabynlygyndaky Fesa şäherine çozmagy ynsan tebigatynyň aşa çylşyrymlylygynyň, garaňkylygynyň, söz, dil bile aýdyňlaşdyrardan has tüm bir zatdygynyň subutnamasy bolsun gerek. Togrul beg soňky döwürde adama düşünjek bolmagyň bipaýan işdigi barada köp pikir edip başlady. Düşünmegiň maksady näme aslynda?! Onuň hereketlerini öňünden kesgitlemekmi?! Öz hereketlerini onuň özem öňünden kesgitläp bilmez! Ol döwletiň baştutany hökmünde bir zady – döwletiň hem jemagatyň abadan, asuda ýaşaýşy üçin adamy kesgitli bir durmuşa uýgunlaşdyrmalydygyny, boýun etmelidigini welin magat bilýärdi. Allatagala adamy mutlak azat ýaradypdyr. Azatlyk – göwün diýilýän närsäniň baş häsiýeti. Adam käteler hut Allatagaladanam nägile bolýar. Allaga öwredesi gelip dur onuň. Onsoň döwlet, jemagat, köpçülik hakda näme gürrüň etjek?! Şonuň üçinem meýletinligiň deregine mejburylygy işe girizmeli. Emma daşky däl-de, içki mejburylyk netijeli hem maksadalaýyk bolýar. Içki mejburylyk – ynsanda gorky duýgusyny oýarmak, onuň ýaramaz päl-niýetini gorky zynjyry bilen baglap goýmak. Adamda beden däl, ruhy gorkyny, ahlak gorkusyny terbiýelemeli. Munuň özi juda inçe närse, dogrusy, «gorky» sözi ony gatybir dolulygyna aňladybam baranok... Ynsany diňe söz bile adam edip bolmaýar. Adam bolmak üçin ähli daşky şertleri taýyn edibem, ony kämil çykaryp bolmaýar. Şertler bilen bir hatarda mejburylyk talaplary-da gerek. Juda zerur gerek! Ýunanlylaryň kentawr baradaky – hökümdaryň ýarym adam, ýarym at bolmalydygy baradaky pikiri ýöne ýere dörän pikir däl. Ol asyrlaryň tejribesiniň döreden nyşany! Diňe adamkärçilik bilen ýurdy dolandyryp bolmaýar! Bolmaýar! Mejburylyk bolmasa, jemgyýet mümkin däl. Döwlet köpçüligiň ýaşaýşyny daşyndan gurnamak, sazlaşdyrmak guraly, sazlaşyk üçin amatlylyk şertlerinden-de beter mejbur etme düzgünleri zerur. «Kanun» diýmek mejbur etmek dälmi, näme?.. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |