23:19 Altynjan hatyn / 3-nji kitap -8 | |
Sekizinji hekaýat
Taryhy proza
GOÝUN SEMREDIGIÇE, ÝUWAŞ BOLAR Altynjany Bagdatda biynjalyk eden zatlaryň biri Anu¬şirwanyň bolşudy. Göräýmäge, onuň bolşunda üýtgeşik hiç zat ýok ýalydy, ýöne Altynjan ondaky düýpli özgerişligi – sowukmähirliligi, geleňsizligi duýýardy. Ol öň häzirkisi ýaly sowukmähir däldi: «Enem, käbäm, lalam, walydam» diýip, her günde telim ýola Altynjanyň halyndan habar alardy. Gowudan-gowy, mylaýymdan mylaýym söz tapyp, onuň göwnüni awlardy, hoş sözüni gaýgyrmazdy. Işi hernäçe köp bolsa-da, hoşamaý sözüni aýdyp gitmek, hal-ahwal soramak üçin wagt tapardy. Özem gelende köplenç şygyr okardy. Şeýlebir şygyrlar düzerdi, aýtjak sözünem şygyr bilen aýdardy. Onuň şirinden-şirin şygyrlaryna, şahyrlygyna Altynjanyň göwni ýetýärdi. Anuşirwan tarhandökerliginiň, her hili hokgalarynyň üstüni özüniň şadyýanlygy, hoşamaýlygy bilen örterdi. «Hoşamaý söz süňk döwer» diýleni çyn bolmaly. Altynjan: «Indi hernäçe ýalbarsa-da, Anuşirwana bir danka-da berjek däl» diýip ýüregine berk düwerdi, ýöne onuň hoş sözüni birpaýyz diňländen soň bolsa, oňa hiç zadyny gaýgyrman bererdi, näçe berse, gözüne az görnerdi. Anuşirwan aşa ýatkeşdi, köp şahyrlaryň şygyrlaryny ýatdan bilýärdi, aýratynam Abu Tammam at-Taýyň, Abu Hafs aş-Sadranjynyň1 goşgularyny okamagy gowy görýärdi. Abu Nuwasyň2 şerap, meýlis hakdaky şygyrlaryny bolsa ol Tog¬rul soltanyň gurýan meýlislerinde okaýardy. Serkerdeleriň arasynda bolanda Firdöwsiniň «Şanamasyny» okaýardy, uzak ýörişe ugraljak bolanda, kethudalaryň arasynda Söbükteginiň «Pentnamasyny» labyzly ýatdan aýdardy. Mahlasy, ol haýsy ýerde bolsa, ähli kişiniň özüni diňlemegini, özüne kökerilmegini başarýardy. Altynjan onuň bu başarnygyna biçak guwanýardy. Ýöne, wagtyň geçmegi bilen, Anuşirwan meýlislere barmasyny azaltdy. Öňküsi ýaly göçgünli şygyrlaryny-da okajak, ähli kişiniň ünsüni özüne çekjek bolup duranokdy, özüni görer gözden çete çekmäge çalyşýardy. Mydama aladalydy, işlidi. Özem ol adamlara şübheli garaýardy. Altynjan her hepdede üç-dört gezek Anuşirwanyň diwanyna baryp, onuň halyndan habar almaga başlady. Ol haçan görse, Anuşirwan kimdir biri bilen kelle degrişip pynhan gürrüň edip oturan bolýar. Altynjan baransoň ol edip oturan gürrüňini göwünli-göwünsiz goýýar. Anuşirwanyň pynhan sözleşýän adamlary birsyhly üýtgäp durýardy. Onuň ýanyna nätanyş adamlar köp gelýärdi. Altynjan Anuşirwanyň o nätanyş adamlar bilen näme hakda sözleşýändigini bilmek isleýärdi. Ol birki gezek Anuşirwandan bu hakda göni sorady, ýöne ol her gezek anyk jogap bermän, gümmi-sümmä urdy. Altynjany biynjalyk edýän zat Anuşirwanyň nätanyş adamlar bilen pyşyrdaşyp edýän gürrüňleriniň gutarmaýanlygydy. Anuşirwan Altynjanyň ýanyna soňky birki aýyň içinde üç gezek gelipdi, üç gezek gelende-de kimdir birini haýsydyr bir işe belletmek üçin gelipdi. Olaryň ikisinde Togrul bege, birinde Kunduryga aýdyp, Anuşirwanyň islän adamlaryny işe belledipdi. Onuň goldawy bilen bütin ömrüni täjirlik bilen geçiren elli ýaşly bir kişini (ady ýadyndan çykypdyr) Hyradyň walysy wezipesine belläpdiler. Üstaduddar Ärdeşir Magmarany wezirler diwanynyň naýyby, Tahyr Ryza diýen kişi Ybraýymyň weziri wezipelerine geçipdiler. Olary işe belletjek bolup Anuşirwanyň hars urup ýörmesi Altynjana gaty düşnüksizdi. Olary işe ýerleşdirmek Anuşirwanyň wezirlik edýän diwanyna degişli-de däldi. Ol Togrul begiň haryja – daşary ýurt işleri boýunça weziridi. Anuşirwan hiç wagt ertesiniň pikirini, aladasyny eden adam däldi. Ol şu güni bilen ýaşaýardy, ylla şu güni iň soňky güni ýalydy. Dodurga Merweziniň gyzy Gülaýyma öýlenensoň, Anuşirwanyň tarhandökerligi azaldy. Geň, juda geň, ol baýlyga gyzykdy. Hatyn bilen hatynyň arasy ýer bilen gök ýaly eken. Janahyr Geçdekiniň gyzy Göwheraý Anuşirwana onçakly täsir edip bilmändi. Altynjan Anuşirwanyň baýlyga gyzykmagyny gowulyga ýordy. Öň onuň Altynjandan gizlin zady ýokdy. Indi welin, ol syrlydy. Altynjanyň bilýän bir zady bardy, ol hem Anuşirwanyň soňky döwürde aşa baýanlygydy. Ol halyfyň wezirleri deýin aýda müň dinar aýlyk alýardy. Mundan-da başga ol bäş welaýatyň yktadarydy. Onuň on üç şäherde dükany, bazary bardy. Bir gezek meýden mes bolanda aýda ýigrimi müň dinar girdeji gazanýandygy bilen magtanypdy. Huzurynda bäş müň hyzmatkäri bardy. Reýde hem hatynynyň doglan ýeri bolan Merwde iki ýüz otagly owadan köşk gurupdy. Onuň durmuşynda kem zady ýokdy. Ol ýeten derejesiniň gadyryny bilýärdi. Togrul bege tagzym edýärdi, onuň adyna mertebeli sözleri aýdýardy. Altynjana: «Depämiň täji enem, mähriban enem» diýip ýagşydan-ýagşy sözler bilen ýüzlenýärdi. Anuşirwanyň mydama göçgünlidiginden çen tutup, onuň gamlanýan wagty ýokdur öýdýän kişiler kändi, ýöne onuň gamlanýan pursatlary soňky ýyllar köp gabat gelýärdi. Özem ol käteler bir ahwalaty ýatlap, gam donuna bürenýärdi. Ol oglunyň bolmaýanlygy üçin örtenýärdi, her gezek hatyny hamyla bolanda ogla garaşýardy, ýöne gyzy bolýardy. Onuň bäş gyzy bardy. – Hudaýyň berenine şükür et! – diýip, Altynjan ony köşeşdirmäge çalşardy. Anuşirwan oglunyň bolmaýanlygynyň sebäbini birinji ogluny – kakasynyň adyny dakan ogluny özüniň öldürenliginden görýärdi. – Mende mirasdar bolmaly dälmi?! Tahyr Afrasýabyň neberesi gutaraýmalymy? Bu nähili elhençlik! – diýip, Anuşirwan kellesini tutup, gerdun pelekden perýat ederdi. Altynjan ony köşeşdirjek bolup garaheläk bolardy: – Sen entek ýaş, geljegiň öňüňde! Nesip bolsa, ogluň hökman bolar! Şu güne çenli diňe bir Altynjan hatyn däl, ähli kişi ondan razydy, ähli kişi ony hatyralaýardy, eziz görýärdi, ýöne bu gün onuň üstünden arz edildi, özem gaty täsin, akyla sygmajak arz. Togrul begiň wezirler diwanynyň naýyby Ärdeşir Magmarany geldi: – Men Anuşirwany gaty gowy görýärin. Men ony hatyralap birnäçe gezek öýüme myhman çagyrdym. Ol bolsa düýn meniň tokal (körpe, kiçi hatyn) hatynymy nahanlykda alyp gaçypdyr. Ol meniň tokalymy bersin. Altynjanyň geňirgenmesiniň üstüne Anuşirwanam geňirgenme goşdy: – Käbäm, meniň gaýgy-gussa donunda ýaşamagyma siz razymy? – Bu näme diýdigiň bolýar? – Ärdeşir Magmaranynyň on bäş ýaşly tokaly meniň gaýgy-gussa donumy uçmahy eşrete öwrüp biljek ýeke-täk hatyn. Men Ärdeşire tokalynyň agramyna barabar dinar bereýin, goý, ol tokalyny maňa bersin, goý, onuň tokaly meniň tokalym bolsun! Altynjan näme diýjegini bilmedi, kellesini tutup, başyny ýaýkady. Akylyňa gelmejek zatlar başyňa gelýär. Altynjan Anuşirwandaky üýtgeşikligi onuň baýamagy sebäplidir öýdüpdi, goýun semrese, ýuwaş bolýandygyny ýatlapdy. Baýamagyň ýuwaşamaklykdan başga-da oýunlary köp bolardy. Baýlygyň oýunlarynyň birini-hä Altynjan Anuşirwanyň mysalynda gördi, beterinden Hudaý saklasyn! | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |