01:36 Amerikan alymynyñ sowalyna türkmen halk ertekisinden tapylan jogap | |
AMERIKAN ALYMYNYÑ SOWALYNA TÜRKMEN HALK ERTEKISINDEN TAPYLAN JOGAP
Geň-taňsy wakalar
(Gyzykly maglumatlar) Adamlaryñ suwuñ astynda ýaşamaga uýgynlaşyp biljekdigine ynanýarmysyñyz, hakyt balyklar ýaly? Ynanañyzokmy? Bu hakda, heý, görüp-eşidipmidiñiz? Eşidensiñiz-le, sebäbi meşhur türkmen ertekisi ''Ejekejany'' bilmeýän barmy näme? Ýadyñyzda bolsa, şol ertekide derýa iteklenen gyz çümüp gidip, suw astynda ýaşap başlaýandyr we ekiz ogul dogurýandyr. Ejekejanyñ keýige öwrülen dogany kenara gelende, ol gyz: ''Özüm derýa düýbünde, Saçym derýa ýüzünde, Hasan-Hüseýin dyzymda'' - diýip nalyş hem okaýandyr. Ol gyzyñ derýa düýbünde çaga ekläp oturuşyny niçik görýäñiz? ''Aý ertekidir-dä'' diýjeksiñiz. Dogry, erteki. Ýöne welin, amerikaly tebigaty öwreniji, geolog we ýazyjy Aýwen Sandersonyñ (30.01.1911-19.02.1973) ''Ol ýerdäki täsinlikler'' atly kitabynda suw adamlary hakynda aýdanlary gara çyny. Onuñ şu aşakdaky setirlerini okap her bir adam muña añsat göz ýetirer.''Men köp ýyllardan bäri täsinlikler barada maglumatlar ýygnap ýöremsoñ, käbiri barada gürrüñ bermegi ýüregime düwdüm. Emma bir zady öñünden aýtmak gerek. Ýagny, adam akylyny haýran galdyrýan şeýle hadysalar hakynda göwün açyp gürrüñ berýän adamlar juda seýrek. Çünki keseki adamlar beýle zady käýarym görýärler. Afrikalylar bolsa bu dogrusynda, umuman, dymmaklyga çalyşýarlar. 1932-nji ýylda Britaniýa hökümetiniñ günbatar Kemerundaky resmi rezidenti-ilçiden bir dereje pes diplomatik wekil wezipesine N. Klewerli diýen tanşym işläpdi. Şeýle waka barada ilkinji gezek şondan eşidipdim.... Günlerde bir gün Ibibio oblastyndan gelen ýerli polisiýanyñ seržanty Klewerliniñ Kalabaradaky rezidensiýasyna gelip, käbir obalarda ''ýagdaýyñ ýaramazlygy'', ''afrikalylaryñ salgyt tölemek islemeýändigini'' mälim etdi. Rezident okrug ofiserine derñew geçirmegi tabşyrdy. Ofiser işiniñ juda köplügi zerarly bu işi özüniñ ýardamçysyna buýurdy. Ol bolsa öz nobatynda kadete (Ýewropadaky köp feodal döwletlerde harby hyzmatdaky ýaş adamlaryñ wezipesi) tabşyrdy. Kadet ýerli halkdan bolan seržantyñ ýol görkezmeginde ugrady. Bu ýerlerde ýerli halkdan başga her bir adamyñ derrew azaşyp gitmegi mümkindi. Olar ahyry gury ýere çykdylar we gür tokaýlykdan ötüp, salgyt tölemedikleriñ obasyna geldiler. Emma obada hiç kim ýokdy. Oba gum-guklukdy, hatda señkildeşip ýören itleriñ we eldekileşdirilen maýmynlaryñ hem garasy görünmeýärdi. Obada hiç kimiñ ýoklugyna haýran bolup, keýpi gaçan kadet bilen seržant başga oba ugradylar. Olar bu ýerden hem adam tapyp bilmediler. Başga iki obada hem şu ýagdaýa duş gelindi. Obalaryñ bary adada ýerleşip, töwerek-daşy derýa we köller gurşalandy. Bu ýerlerde adamlar diñe gaýykda gatnaw edýärdiler. Gaýyklar goýulýan ýerden oba, adanyñ ortasyna diñe ýodalar arkaly baryp bolýardy. Ýodalar adany ortasyndan hemme tarapa uzalyp gidýärdi. Bularyñ hemmesi gadym zamanlardan bäri bardy. Kadet obalardan bir adam hem tapyp bilmänsoñ, olar gaýyklarda bukulandyr diýip oýlandy. Ol öz adamlaryna gaýyklaryñ ýanyna alyp barýan ýodalara duşup her tarapa dargamagy we yz çalmagy buýurdy. Özi bolsa ''kanun bozarlary'' tapmak üçin gaýykly, adanyñ daşyna aýlanyp çykmagy ýüregine düwdi. Gahary gelen seržant adany agdar-düñder etdi. Emma ýekeje adam hem tapyp bilmedi. Şonda ol ýerli halkyñ geýmini geýip, şu görnüşde ilaty ''gaçmadyk'' ýakynrakdaky oba baryp, başgalaryñ niräk güm bolandyklaryny sorap bilmeklige synandy. Ýolda oña boşap galan oba, alys ýoldan gaýdyp gelýän birnäçe adam sataşdy. Ýöne olar bu hadysadan düýbünden bihabardyklaryny aýtdylar. Muña, elbetde, ynanmak mümkin däldi. Çünki afrikalylar nähili alysdaky we çola adalarda bolsa bolsun, öz dogup ösen obalary bilen tamtam (nagra, deprek) arkaly elmydama habarlaşyp durýardylar. Seržant haýbat atyp başlansoñ, ýolagçylar bialaç oba adamlarynyñ nirä gidendiklerini aýtmaly boldular. Olar seržantyñ öñüne düşüp, çala sudury saýgarylýan ýodajyk bilen ýöräp, köle ýakyn bardylar. Bu ýerde kenar kertdi, ýokardan köl aýdyñ görünýärdi, çünki onuñ suwy başga kölleriñki ýaly bulanyk bolman, çakdanaşa durudy. Kölüñ üstünde bolsa, agaçlar eglişip durdular.Ýolagçylar seržanta kenara baryp köle seretmegi teklip etdiler. Seržant kertden aşak seredende nämeler görendir öýdýäñiz, obanyñ ähli ilaty erkek, aýal-gyz, şeýle-de çagalar suwuñ düýbünde kert kenara ýaplanyp, gymyldaman, hamala doñdurylan ýaly bolup oturdylar, olaryñ ýanlaryndaky sebetlerde bolsa itler we eldeki edilen maýmynlar ýatyrdy. Seržant ussatlyk bilen hälki ýolagçylary özi bilen oba iki sany işgäriniñ garamagynda galdyryldy we kadeti yzyna tirkäp, ýene-de köle tarap gitdi... Oba adamlaryny takmynan iki metr çuñlukda suw astynda gören kadet, seržanta suw astyna girip, olary oýatmagy buýurdy. Emma seržant suw astynda oturan adamlary her näçe dürtgüläp-çekelese-de, çeken azaby biderek boldy. Suw astynda çykyşyp duran köklere mäkäm baglanan ýalydylar.Ine, şundan soñ kadet derrew öz gaýygyna tarap ylgady we seržanty ýeke galdyryp, özi Kalabara ugrady. Ol gorkusyndan beýle etmändi. Her niçik hem bolsa, tizräk bu ýagdaý bilen öz ýolbaşçylaryny habardar etmekligi makul bilipdi. Kadetiñ doklady ýolbaşçylaryna ýarapdyr. Dokumentlerde bellenişine seretseñ, kadet ada okrug başlygynyñ kömekçisi we başga-da abraýly wezipedäki adamlar bilen dolanypdyr. Emma bu topar ýetip barýança seržant suw astyndaky adamlary ''oýaryp'' olardan salgyt ýygnap almaga-da ýetişipdir. Mümkin kadet howluganlygy üçin, özi gelýänçä suw astyndan çykarman durmagy seržanta buýran däldir ýa-da seržant şeýle buýrugy ýerine ýetiren däldir. Belki-de, ýerli ilat ak bedenli adam adadan daşlaşandan soñ, kenarda poliseýiñ saklap duran ýoldaşlarynyñ signal bermegi bilen suwdan çykandyr. Meniñ Jeffri Gorer diýen dostum bar, meşhur sosiolog, umuman juda ajaýyp adam. Ol maña şeýle bir wakany aýdyp berdi. Günleriñ birinde şol ýerde doglan biri bilen Senegala barypdyr. Ýetmeli menzile ýetenlerinde, ýoldaşy oña ýerli halkyñ bir adaty bilen tanyşdyrmakçydygyny aýdypdyr we ony gaýykly, deñze çykarypdyr. ''Deñizde birnäçe gaýyk suwuñ ýüzünde çaýkanyp durdy. Balykçylar ustrisa, deñiz leññeji we başga deñiz jandarlardan doly sebetleri yzly-yzyna gaýyklara ýükleýärdiler. Deñiz astynda bolsa, birnäçe adam arkaýynlyk bilen ustrisalary we deñiz leññeçlerini ýygnaýardylar, soñra ýokardan ýüp bilen sallanyp sebetleri şu zatlar bilen doldurýardylar. Olar özlerini suwuñ ýokary ýokary götermezligi üçin aýaklaryna äpet daşlary baglapdyrlar. Balykçylar olaryñ her biriniñ suw astynda ýarym sagatlap arkaýyn gezip bilýändiklerini aýdýardy''. Jeffriniñ bu gürrüñini eşidip, oña sowañ berdim. Belli zat, meni birinji nobatda olaryñ suw astynda uzak wagtlap gezip bilýändikleriniñ sebäbi gyzyklandyrdy. Ol: - Olar nähilidir bir däri-derman ulanýarlar - diýdi. Men şeýle düşündirişe şübheli seredýärin. Umuman, düşnüksiz we täsin zady ''derman'' sebäpli diýip düşündirmäge çalyşanlarynda ýeñsäm gatap gidýär. Emma alajym ýok. Başga hili düşündirişi bolmansoñ, şu gepiñ-ä jany bar diýip oýlanmakdan başga çäre barmy? Şeýlelikde, suw astynda şunuñ ýaly uzak bolmagyñ bir täsirde bolmagy mümkin. Emma bu barada geñleşip gören adamlarymyzyñ ählisi, esasanam, Gübatar Afrika ilaty düýbünden başga pikirde. Olaryñ sözüni diñleseñ, bu ýagdaýy gipnoz bilen düşündirmek dogrumyşyn. Adamlaryñ suw astynda doñdurylan ýaly bolup oturan halatyny hem gipnoz täsirine syrykdyrýarlar. Umyman, ýeri gelende bir zady belläp geçmegimiz gerek, adamlar adatdan daşary görnen ähli hadysalara ýetik bolmagy başarsalar, olary gipnoz diýen düşünje bilen baglanyşdyrýarlar. Fakihiñ (hindi ýoglarynyñ) tomaşaçylaryñ öñünde dirileýin ýere gömlüşi we soñundan sag-aman çykyşy täzelik däl, elbetde, bu hakda örän köp resmi maglumatlar bar. Meselem, menil arhiwimde Britaniýaly bäş sany wraçyñ şeýle waka dogrusyndaky dokladyndan bir nusga saklanýar. Gowy medisina barlagyndan geçen meksikaly bir adam - asly hindilerden bolsa gerek - 24 sagatlap ýere gömlüp goýuldy. Soñra onuñ gabrynyñ üstüne iki ýük maşyn laý agdaryldy.Bu täsin waka Godurasyñ paýtagtynyñ merkezi meýdanynda, uly mähelläniñ öñünde bolup geçdi. Doktor Reks Çewertonyñ aýdyşyça, gömlen adamyñ bu wagtky hal ahwalyny, onuñ gan damarlarynyñ urgusy juda pes, dem alşy çala duýulýanda bolsa, katoptik halat diýip bolmaýar. Katelepsiýa - grek sözi bolup, tutmak diýen manyny añladýar. Ol gipnotik ukuda roý berýän halat, onda bütin geniñ, ýa-da el-aýagyñ gatap galýar. Şoña görä-de adam ýa-da haýwan nähili ýagdaýda ukladylsa şol halda hem wagtlaýynça dem almaýarmy ýa-da peseldýärmi nämemi, garaz, onuñ laýyk bir gije-gündiz gömlüp ýatyp, soñra ýene-de ''gabyrdan'' sag-aman gideni-hä hak. Eger adam bu agyr işiñ hötdesinden gelmegi başarýan suw astynda bolmak ukybyny ele alyp bilmesin?!'' Biz-ä makalany okap görüp, ýazyjynyñ aýdanlaryny şübhe astyna aldyk. Geliñ, Aýwen Andersonuñ makalasyny analiz etmäge başlamazdan ozal türkmen halkynyñ arasynda giñden ýaýran bir ertekini gysgaldyp aýdyp geçeliñ. ''Gadym wagtlarda, bir ýurtda garran ak sakgally babalary ogullary daga äkidip taşlap gaýdýan ekenler. Günlerde bir gezek ýaş ýigit garry atasyny arkasyna göterip, daga daşyñ üstünde dynç almaga oturupdyr. Ýadawlykdan ýaña gara der bolan ogluny görüp, atasy gülüp goýberipdir. Ogly atasynyñ näme üçin gülýändigini soranda ol: - Birwagtlar men hem patyşanyñ buýrugyna görä, atamy daga zyñyp gaýtmak üçin alyp barýarkam, şu daşyñ üstünde dynç alyp geçipdim. Emma näme üçindir, şol wagt men özümiñ garrap, şeýle hala düşjegim hakda oýlanman ekenim - diýipdir.Ol ýigit bu gepi eşidip, atasyny yzyna alyp gaýdypdyr. Getirip, ony öýlerinde ýaşyryn saklap başlapdyr. Aradan birnäçe wagt geçipdir. Tomsuñ ortasynda ýurduñ patyşasy ähli halaýygy dury suwly, çuñ kölüñ kenaryna ýygnap şeýle jar çekdiripdir:- Şu kölüñ düýbünde anyk görnüp duran, içi tylladan doly hum bar, kim-de-kim şony alyp çykyp bilse oña köp sylag berjek. Muny eşidip, hakykatdan hem, kölüñ düýbünde anyk görnüp duran humy çykarjak bolup, ýigitler yzly-yzyna özüni suwa oklapdyrlar. Emma olaryñ hijisi humy çykaryp bilmändir. Sebäbi ýigitler kölüñ düýbünden humy agtaryp başlanyndan suw bulanyp, hem gözden ýitýän eken.. Agşam hälki ýigit atasyny naharlaýarka, oña bu wakany gürrüñ beripdir. Garry oglunyñ aýdanlaryny eşidip, oña şeýle sowal beripdir: - Kölüñ kenarynda ullakan agaç ösüp oturanmydyr? - Hawa. - Ana, küýze-hum şol agajyñ üstünde düñderilgi durandyr. Suwdaky hum bolsa onuñ kölegesidir. Şonuñ üçinem ony hiç kim suwdan çykaryp bilmez. Ertir sen bar-da, suwa bökmän, agaja çyk, şol ýerden humy taparsyñ -diýip, garry ogluna maslahat beripdir. Garrynyñ aýdany dogry çykypdyr...'' Şu ertekini mysal getirmek bilen, biz Aýwen Sandersonyñ diýýän ''Suw adamlary'' hem kölüñ düýbünde däl-de, eýsem agaçlaryñ üstünde oturandyr diýmekçi bolýarys. Biziñ şu pikirimizi belli bir derejede ýazyjynyñ aşakdaky setirleri hem tassyklaýar. ''Olar seržantyñ öñüne düşüp, çala sudury saýgarylyp duran ýodajyk bilen ýöräp, köle ýakyn bardylar. Bu ýerde kenar kertdi. Köl ýokardan aýdyñ görünýärdi, çünki onuñ suwy başga kölleriñki ýaly bulanyk bolman, çakdan aşa durudy. Kölüñ üstüne bolsa agaçlar eglişip durdular''. Görşümiz ýaly, kölüñ suwy dury, kenarynda hem gür agaçlyk bar. Indi biziñ şübhämizi tassyklap biljek ikinji bir fakta üns bereliñ. ''Ýolagçylar seržanta: kenara baryp, köle seretmegi teklip etdiler. Seržant kertden aşak seredip nämeleri görendir öýdýärsiñiz, obanyñ ähli ilaty, erkek, aýal-gyz, şeýle-de çagalar suwuñ düýbünde kert kenara ýaplanyp gymykdaman, hamana doñdurylan ýaly bolup otyrdylar. Olaryñ ýanlaryndaky sebetlerde bolsa itler we eldeki maýmynlar ýatyrdy...'' Näme üçin itler we eldeki maýmynlar hem suw astynda özlerem sebetde? ''Suw atyna ýygşyrylan'' adamlara haýwanlary ýanyna almak nämä gerek bolduka? Itleri we maýmynlary obada galdyryp hem bolardy ahyry. Elbetde! Adamlar, hakykatdan-da, suw astynda oturan bolanlarynda, olara haýwanlaryñ zeleli ýok. Emma suwda däl-de, biziñ çaklaýşymyz ýaly, agaçalaryñ üstüne çykyp oturan bolsalar, onda ýagdaý düýbünden başgaça. Itleriñ we maýmynlaryñ agaçlaryñ üstünde oturan adamlara ünsi çekmezligi üçin, iñ gowusy, olary ýanyñda saklamak. Emma agajyñ üstünde itleri nädip saklamaly? Elbetde, sebede salyp. Ýogsam, suw astynda olary sebede salyp saklamagyñ näme zerurlygy bar. Adamlaryñ ol janawarlary öz ýanlarynda näme üçin saklaýandyklaryny indi biz bilýäris, emma nädip olary dymmaga mejbur edendikleri uly syr bolup galýar. Awtor olaryñ suwda oturan halatyny diñe iki sany adam - kadet we seržant görüpdir diýýär. Esasy şaýat bolan seržantyñ ýerli polisiýadandygyny göz öñünde tutsañ, onuñ bu zatlardan habarsyzdygyna hem şübhelenýärsiñ. Onuñ ekspedisiýanyñ sostawyndaky adamlary obada galdyryp, kölüñ kenaryna diñe kadet bilen gelmegi hem bu şübhäni artdyrýar. Awtor bu hadysany ýoglaryñ edýän işleri bilen deñeşdirip: ''Eger-de ýoglar birnäçe sagat gömlüp ýatmagy başarýan bolsalar, näme üçin başga adamlar suw astynda oturmagy endik edip bilmesin?'' diýýär. Dogry, adamyñ edenini adam hökman başarýar. Ýöne munuñ üçin ýeterlik endik etmeli. Emma suw astyndaky itler we maýmynlar şeýle endigi nähili öwrendikäler? Meselem iñ ajaýyp ýeri hem şunda.Bir söz bilen jemläp aýtsak, biz suw adamlarynyñ şeýle ukybynyñ bardygyna ynanamzok. Aýwen Sandersonyñ aýdýan ''Suw adamlary'' bolsa kölde däl-de, agajyñ üstünde gizlenendirler. Aýdýanynyñ çyndygyna awtoryñ özi hem bolmansoñ, şu gepiñ jany bar diýip oýlanmakdan başga çäre barmy?'' diýýär. Belki-de, biziñ aýdýanlarymyz, ýagny, türkmen halk ertekisindäki mysal ýazyjynyñ agtarýan şol ''başga hili düşündirişidir''. Arazbaý ÖRÄÝEW. "Geçmişden eşidilýän ýañ", Aşgabat ''Magaryf'' 1992. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |