Eserlerini fransuz dilinde ýazan dünýä belli liwanly ýazyjy.
Amin Maluf (Amin Maalouf) 1949-njy ýylyñ 25-nji fewralynda Beýrutda dogulýar.
Ykdysadyýet we jemgyýetçiligi öwreniş bilimlerini ele alanyndan soñra jurnalistika bilen meşgullanyp başlaýar we 1975-nji ýylda Liwanda içki gapma-garşylyklar ýüze çykýança bu kärini dowam etdirýär. Şol ýyl ýazyjy Parije göçýär we ol häzirki wagta çenli Parijde ýaşap gelýär.
Metbugat organlaryna makalalar bilen çykyş etmegini dowam etdirýän Amin Maluf wagtynyñ köp bölegini kitap ýazmak bilen geçirýär.
Ýazyjy 1983-nji ýylda neşir edilen "Araplaryñ gözi bilen haçparazlar" ("Les Croisades vues par les Arabes") atly kitaby bilen giñden tanalyp başlanýar.
1986-njy ýyl neşir edilen we şol ýylyñ özünde Fransuz-Arap Dostluk baýragyna mynasyp bolan "Afrikaly Leo" ("Léon I'African") romany häli-häzirlerem "naýbaşy klassyky eser" hökmünde görülýär.
Ýazyjynyñ 1988-nji ýyldaky "Samarkant" romany ýene-de okyjylaryñ gyzgyn söýgüsine mynasyp bolýar we öñki kitaplary ýaly dünýäniñ birnäçe dillerine terjime edilýär.
1991-nji ýylda "Yşyk bakjalary" ("Les Jardins de Lumi ére"), 1992-nji ýylda "Beatriseden soñky birinji asyr" ("Le premie siècle après Béatrice") kitaplary neşir edilýär.
Amin Maluf 1993-nji ýyldaky "Tonios gaýasy" ("Le Rocher de Tonios") romany üçin Gonkourt Akademiýasynyñ Edebiýat baýragyna mynasyp bolýar.
1996-njy ýyldaky "Gündogaryñ portlary", 1998-nji ýyldaky "Ölüm howply kimlikler" (Les Identités Meurtriéres") atly kitaby çap edilýär.
2000-nji ýylda-da onuñ "Ýüzünji at - "Baldassereniñ ýolagçylygy" romany okyjylara hödürlenýär.
2000-nji ýylda ýazyjynyñ opera üçin finlandiýaly kompozitor Kaija Saariahonyñ sazyna ýazan "Alysdaky söýgi" ("L' Amour de loin") onuñ ilkinji librettosydyr.
2004-nji ýylda "Ýollaryñ başlangyjy" romanyndan soñra 2006-njy ýylda "Adriana Mater" atly ikinji librettosyny ýazdy.
2009-njy ýylda "Lenji çykan dünýä" kitabyny okyjylara hödürleýär. Kitaplarynda Gündogaryñ däp-dessurlaryny, Gündogara mahsus ýörelgeleri, adatlary ussatlyk bilen suratlandyrýar.
Ýazyjy köplenç roman žanrynda ýazýanam bolsa, eserlerinde sosiologik temalar eriş-argaç bolup geçýär.