22:12 Annanyýaz Artyk / 1-nji kitap -1 | |
ANNANYÝAZ ARTYK
Romanlar
1902-nji ÝYL Birinji bap DAGDAN GAÝDÝAN ÝODALAR 1. Bagtdyr maksat sözleriniň, göräýmäge, aýry-aýry manylary bar, ýöne bu iki söz aýry-aýry at göterip ýören ýeke-täk bir düşünje. Özem bir manyny aňladýan bu iki söz adam ýaşaýşynyň esasy manysy. Adam bütin ömrüne maksadyna ýetmek üçin çalyşýar. Ol maksadyna ýeten pursaty özüni bagtly duýýar. Bagtly kişi – maksadyna ýeten kişi. Bagt we maksat ömür sallançagynyň bir ýüpüdir, bir tarydyr. Bagt hem maksat – adamyň ömür ganatlarydyr. Allatagala palçykdan ýaradan bendesiniň ýazgydyny häsiýetinde ýerleşdiripdir, şeýle bolansoň, adamyň ýazgydyny häsiýeti çözýär. Adamy her ýollardan salýan gudratly ýazgyt – häsiýet. Adam görgüli häsiýeti – ýazgydy boýunça maksadyna ýetmek üçin çalyşýar. Ýöne Allatagala maksady-da – bagty-da, ýazgydy-da – häsiýeti-de berdim diýip beren bolsun! Maksadyň aýdyň bolmasa, hajyrawlykdan, çulumlykdan, başarnykdan, batyrlykdan, pälwanlykdan ne peýda. Hana, buzawyň başarnygy ýaly başarnyk hiç bir jandarda ýok. Allatagala oňa gül ýalak bäş başarnyk beripdir: uçup bilýär; suwda ýüzüp bilýär; ýerde ýöräp bilýär; ýere girip bilýär; daragtlaryň köklerini kertip bilýär. Ýöne buzawda maksat ýok. Bagtyň, maksadyň bolmasa, bäş däl, on başarnygyň hem hiç zatdygyny Allatagala bendesine hikmet edýär. Adamda beýle bäş başarnyk ýok, ýöne ol dünýä erk edýär. Çünki: Adama maksat – bagt berlipdir. Onsoň, Allaň beren amanadyny bu dünýäde bagtly eden ýagşy. Onsoň, Allaň beren amanadyny bu dünýäde maksadyna ýetiren ýagşy. Allatagala bütin älemi alty günde ýaradan bolsa, Adamzady ýaratmak üçin kyrk ýylyny sarp edipdir. Allatagalanyň söýgüsinden, ylhamyndan sünnä ýaradylan Adamzat bütin älemiň patyşasy bolsa-da, Magtymguly atamyz aýtmyşlaýyn, öňi çagalyk, soňy garrylyk, aralygy sähelçe dadymlyk bolan bu anjaýyn dünýäden doly doýup-ganman, nämäniň-nämedigine oňly düşünip-düşünmän, köp zatlara ýetişjek bolup, ýöne ýetişmän, köp zatlary biljek bolup, ýöne doly bilmän ylgap geçip dur. Adamyň bütin ömrüniň manysy bagtly ýaşamak üçin ylgaw. Adamyň bütin ömrüniň manysy maksada ýetmek üçin ylgaw. Bissimilla diýip başlan bu eserimiz adam ömrüniň maksat hem bagt ugrundaky ylgawynyň kyrk pursadynyň beýany. 2. Daňdanyň ümüş-tamşynda dünýäniň depesine çykyp görmedik adam ogly Ýaradanyň pazly keremi bolan bu dünýäsiniň doly görnüşini göz öňüne-de getirip bilmese gerek: äpet-äpet daglar ertekiler dünýäsiniň mähnet jandarlary ýaly düňderilişip ýatyr, olaryň günbatar tarapy has garaňky, gorkunç. Jülgeler bolsa şindi aýyl-saýyl däl. Eredilen gyzyl deýin, çym gyzyl ýyldyzlar daglara degip, daglary ýakjak-ýakjak bolup dur. Patrak ýaly ýyldyzly asmana seretseň, başyň aýlanýar. San-sajaksyz ýyldyzlar nämälim dünýäniň pynhan syrlary ýaly, ýylp-da-ýylp. Göwnüňe bolmasa, ýyldyzlar kä ýiti, kä öçügsi şugla salyp, Zemine nämedir bir zatlar pyşyrdaýan ýaly. Ýer hem edil ýyldyzly asman deýin: dagyň depesinden ser salsaň, öýlerden çykýan öçügsije yşyklar öz gezeginde asmandaky ýyldyzlaryň jogabyny berýän ýaly ýylpyldaşýarlar. Iki ýylpyldynyň arasynda sen özüňi uçýan halyda ýaly duýýarsyň. Ýyldyzlar näme diýip pyşyrdaýar? Alla bilsin! Million ýyl bäri ynsan ol pyşyrdyny synlaýar, ýöne onuň manysyny welin şindem bilenok. Ýyldyzlar älemiň çuňlugy, belkem, beýikligidir?! Günbatardan Gündogara, Demirgazykdan Günbatara ýaýylyp gidýän gözýetimiň depesinde ýyldyzly asman gümmezi düňderilip goýlupdyr. Ýüz müňmi, millionmy – ol ýyldyzlaryň sanyny bilýän ýok. Ýyldyzlar balkyldaşyp, göz gypyşyp özüne bendiwan eýleýär. Ýüz müň ýyl mundan ozalam şeýle, ýene ýüz müň ýyl mundan soňam şeýle bolmaly! Bu dünýä syn kylsana: adam ogly gümmezli asmanyň aşagynda ýaşaýar. Adam ogly o dünýä gidende-de gümmezli asmany ýatladyp duran mazary üstüne çekýär. Adam gümmezli asmana meňzäp duran bir damjadan bina bolanda-da edil gümmezli asmana meňzäp duran ene rehminde surat bolýar. Eý. Hudaý, dünýäde gümmezli asmany ýatladyp duran ululy-kiçili zatlaryň juda kän... Taňrynyň ýaradan ýeriniň, dagynyň, düzüniň, sährasynyň, çölüniň, jülgesiniň, zawynyň eýesi bar, emma bu ýyldyzlaryň eýesi ýok. Olar külli adamzadyňkymy? Ýok, kim söýse, şonuňky! Hazaryň derejesinden iki ýüz metr belentlikde ýerleşýän Kesearkaç sährasyndan deňiz howasy duýulýar. Köwsarlaýan ada ýel deňiz tolkunlary deýin tolkun bolup gelýärdi. Daglar garalyp ýatyr. Dünýä doňup galan ýaly, ses-seda ýok. Diňe ýyldyzlar göz gypyşýar, diňe ýyldyzlar pyşyrdaýar... Sessiz... Ýyldyzlar hemsöhbet gurýar... Diňe ýyldyzlarmy? Ýok, Köpetdagyň ýyldyzlara ýakyn iň beýik gerişleriniň birinde – Nusaý galasynyň atgaýtarym günorta-günbatarynda öňe omzap duran beýik dag gerşiniň depesinde pygamber ýaşyna ser uran, durşuna doguma eýlenen peşeneli kişi garşysynda oturan, özem göýä öz jahyllyk keşmerine meňzäp duran ýigrimi üç ýaşyndaky dogum-hyjuwly ýigit bilen hiç hili gürrüňsiz, sözsüz, hiç hili yşaratsyz hemsöhbet gurap otyrdy. Ataly-ogul biri-birine sözsüz düşünişýärdi. Olar göýä gürleşýän ýalydylar. Olar biri-biriniň ýüzüne dikanlap däl-de, gyýtaklaýyn seredýärdiler. Il arasynda Çozgundag diýip atlandyrylýan gerişde oturan ataly-ogul ýyldyzlar ýaly butnaman otyrdy. Olar biri-biriniň sözünden, biri-biriniň mährinden doýup-ganyp bilenokdy. Olaryň arasynda ýedi ýyl aýralyk bolupdy. Olar ýedi ýyllap biri-biriniň didaryny görmegi intizarlap, günlerini geçiripdiler. Ata – Kesearkajyň atly-abraýly baýlarynyň biri, Gypjak obasynyň arçyny Artyk handy, Taňryguly batyryň ýalňyz ogludy. Ol Gökdepe pajygasyna gatnaşan, ençeme gahrymançylyklary görkezen handy. Ol Gökdepe pajygasynda kakasy Taňryguly batyry elden aldyrypdy. Onuň keşbini, oturyş dogumyny synlanyňda, kän-kän çarşenbäni başdan geçirendigini duýmak kyn däldi. Ýüzi nurana, görmegeý deşli ýigit Artyk hanyň ýalňyz ogly Annanyýazdy. Annanyýaz ýedi ýyllap Bagdatda sowadyny çykyp gelensoň, Artyk han ýalňyz ogly bilen ýakyndan didarlaşmak, didaryny gandyrmak üçin nebere edehädine eýerip, Annanyýazy, ine, şu Çozgundag gerşine alyp gaýdypdy. Elem-tas bolup ýanýan oduň şatyrdysyndan başga ümsümligi bozýan hiç zat ýokdy. Ot iki ynsanyň aralygynda sessiz, ümsüm gürleýärdi. Ataly-ogul obadan aw diýip çykypdylar. Bäş günläp aw edipdiler. Ata ogluny aw lezzetine imrindirmäge çalyşdy. Üç tazysynyň, iki elguşunyň tilsimlerini görkezdi. Bu gün juma gije bolansoň, Artyk han ýoldaşlaryny düşlegde galdyryp, ogly bilen indi ençe ýyl bäri ýüreginde besläp ýören parzyny berjaý kylmak – Çozgundag gerişde bir gijäni ogly bilen geçirmek üçin gelipdi. Onuň bu ýerde ogluna aýtmaly-bermeli zatlary bardy. Çünki bu dessur onuň ýedi arkasyndan bäri gelýärdi. Artyk han ogluna gaty köp zatlary gürrüň bermelidi. Ýöne Artyk han, näme üçindir, howlukmaýardy. Ol ýyldyzly asmana seredip, tirsek urup ýatyrdy. Olar bu ýere ilkagşam gelipdiler. Häzir welin wagt ýarygijä sanypdy. Ýöne entek birek-birege aýdylmaly zatlar kän. Atanyň ogla, ogluň ata aýtmak isleýän zatlary, atanyň oguldan, ogluň atadan soramak isleýän zatlary kän. Beýik dagyň çürbaşy, Çozgundagyň çürdepesi, asman howasy, bedeniňe siňip barýan imisalalyk, Gündogar gijesiniň gözelligi ukudan rüstemdi. Dünýä hol aşakdady, ýagşysy-ýamany bilen, gohy-gowgasy bilen pesdedi. Bürgütleriň höwürtge gurup, ganat ýaýýan dagynda ýöne göwün ýüwürdip, hyýallara gark bolup ýatmalydy. Munda Ýaradanyň gözelligi bardy! Il içinde ýörgünli ady Nyýaz, asyl ady Annanyýaz bilen Artyk hanyň arasynda ýaş tapawut uludy, olaryň biri ýaňy bu gowgaly dünýäniň bäri tarapyndan baran bolsa, beýlekisi ýaradar bolup, durmuş mekdebini geçip, ol kenaryna golaýlan dana adamdy. Artyk han ýalňyz ogly bilen mydama edil uly adam bilen gürleşen ýaly gürleşýärdi. Sala-da salýardy, oglunyň pikirini hem bilýärdi. Meger, endikdendir, meger, zandy paýhaslydyr, Annanyýaz hem uly adam ýaly bolup, öz pikirini aýdardy. Olar biri-birini ýürekdeş, iň ýakyn adam saýýardylar. Ýürekdeş, iň ýakyn adamyňdan bolsa ýaşyryn pikiriň bolmaýar. Her bir halkyň aýratynlygy bar: türkmen halkynda, köplenç, ata bilen ogluň arasynda äpet diwar bolýar. Ata ogly bilen syrdaş, hemsöhbet bolmaýar. Ogul hormat saklaýar. Ata ogluna hamraklyk etmäge il-günden çekinýär. Ýöne Artyk han beýle däldi. Ataly-ogluň arasynda ýaşyryn zat ýokdy. Şeýle bolansoň, olar biri-birine ýarym sözde düşünişýärdiler. Olaryň düşenip ýatan düşegi-de, ýapynyp ýatan narynç possunlary-da mazaly çyg çekipdir. Bahar pasly, häli-şindi öýlänçi gelip dur, meýdanlar otdan parç. Annanyýaz gijäniň içinde üç ýola howanyň çalşanyny öz süňňi bilen syzdy, kakasy hem: – Duýduň gerek, ogul, ýarygijeden geçeninden soň howanyň mesaňa üýtgänini? – diýip sorady. – Duýdum, kaka, mesaňa üýtgedi. Ozalagşamky howa ýok indi... – Dagda, çölde tomsuň orruk ortasam şeýle bolýandyr... Gije sagat üçlerde daň şemaly öwsüp başlady. Annanyýaz kakasyna: – Anha, ýene howa üýtgäp ugrady – diýdi... – Muňa sabanyň ýeli diýýändir türkmen. Tomsuň näçe dymyk gijesem meýdanda hökman saba şemaly öwüsýändir, howanyň ýüzüni täzeleýändir... Bu howa jana derman howadyr, ogul... Hany, indi bir salym irkileli... Aýny wagty uklap bilseň, ýarym sagadyň ukusy bir gijäniň ukusyna barabardyr – diýdi... – Ýene sähel wagtdan daňam agarsa gerek?!. – Bir sagada galmaz, biz ummasyz beýik daga çykdyk. Biz Allatagala ýakynlaşdyk. Adam näçe ýokary çykdygyça salyhatlaşýandyr. Munuň hikmetini bilýäňmi? Dag – Allanyň ganaty... – Artyk han ýuwdundy, aýtmak islän pikirini soňlaman goýdy. Megerem, Allatagalanyň Zemine ýalkym saçyşyny süňňi bilen syzmak isländir?! Ol nazaryny gündogara dikdi. Ataly-ogul pederleriniň ezeli Taňrysyny garşylamak üçin çuslandylar. Artyk hanyň aýdyşy ýaly, ýarym sagat, kyrk minutdan jahan ýaýramaga başlady. Artyk han ogluny oýaraýmajak bolup, ýuwaşlyk bilen ýerinden galyp, jürdegi alyp täret kylmaga gitdi. Artyk han ata çykmasyny goýaly bäri, ertirlik namazyny okamaga başlapdy, sebäbi ol zamanlar eýýäm on iki ýaşdan başlap namaz okalýardy1, Artyk hanyň ýaşynda namaz okamazlyk ýagşy däldi... ýöne... ...Türkmeniň öz ýazylmadyk kanunlary hem bardy... At üstünde gezip ýören adamlar, hanlar, begler, atarman-çaparman ýigitler namaz okamaýardy. Olar namaz okalmalydyram öýdülmezdi. Olar başga adamlardy, türkmende olaryň arzysy, mertebesi başgady. Kakasynyň turup gidenini ukudaka duýan bolmaly, Annanyýaz dessine turup, kiçijek jürdejigi ykyşda goýup, etekden alyp gaýdan jagrama odunyna ot berdi... Aşakda ýylkybanyň, awçylaryň ody hem göründi. Entek jülge goýy garaňkylyga gapgarylyp ýatyrdy, jülge bardygy-da nämälimdi, haçanda jülgedäkileriň ody ýanansoň, hol çuňlukda, Zeminiň gursagyna bir ýiti yşykly ýyldyz gaçyp, albaý bulap çagyrýan ýaly bolup göründi. Gije ot ýakyp oturmak ýaly lezzetli zat ýokdur! Ot asman perzendi! Otda eždatlarymyzyň ýylysy, mähri bar, howry bar. Ot bilen ýüzbe-ýüzlük ezeli pederlerimiz bilen ýüzbe-ýüzlük. Ot gaharly bolsaň köşeşdirýär, ot – ezeli pederlerimiz rahatlandyrýar. Dergazap bolan kişini bir paýyz oduň başynda oturtsaň, ol bütinleý başga, rahat adamdyr. Artyk hanyň ot ýakylmagyny islemeginiň aňyrsynda diňe bir tüňçe çaý içmek islegi ýatanokdy... 3. Artyk han ertir namazyny okapdy, Nyýaz çaý demledi, dessine kakasyna bagana possuny alyp berjek boldy. – Gerek däl, çaýam soň içeris. Ogul, birsellem synla, jahan ýaýrap, ýalançynyň ýagtylanyny synla! Dünýäde jahan ýagtylyşyndan artykmaç gözellik bolmaz, dünýäde sabanyň howasyndan päkize zat bolmaz! Seret, ogul, synla! Bedeniňe girýän güýç-kuwwata üns ber! Adam bedeni toprakdan, ýüregi Gündendir. Şonuň üçinem Gün dogmasy adama aýratyn ýakymlydyr. Türkmen üstüne Gün dogrup ýatýany halaýan däldir, Çünki Günüň dogýan çagy adama aýratyn bir kuwwat berilýär. Ahunlar-pirler-ä «Daň bilen perişdeler rysgal-nesibe paýlaýar» diýýärler. Ugrunda bardyr, jahan ýaýramanka örýän hojalyk bilen, üstüne Gün dogrup ýatýan hojalygyň rysklarynyň, döwletleriniň ap-aýratyndygy weli hak. Sabada bereket bar, sabada yşk-hyruç bar. Sabada turan kişiniň bedeninde güýç-kuwwat, gursagynda hyruç-gallawlyk bardyr. Gün – Allanyň didesi. Gün göwresini ýerden saýlamanka gözüne görnen kişilere bereketi goşadan berýär diýýärler. Gün dogansoň ören kişileriň süňňünde agyrlyk bardyr. Gün agramyny giç örlänleriň gerdenine atyp, saklaýan bolarly. Gün ähli zady görüp-bilip dur. Taňry Günüň hemaýaty bilen adamlary oraşan görýär. Gün güýç-kuwwat berýär... Gör, Allanyň gudratyny!.. Nije ýyllar synlap, ganyp bilemok, gudraty güýçli her gün bu dünýäni ýaňadandan ýaradýar! Hä diýmän Çozgundaga Günüň ilkinji şöhlesi düşer. Ilkinji bolup bize düşer!.. Gör, ony, düýäniň agarany ýaly, Gündogaryň agaryp gelşini! Agöýli serdar aýdypdyr: «Oguz ili ümürsin bagy-bossanlyk bolupdyr ezeli eýýamda. Oguz han-da Abulja han dagynda1 söweşe ugramazdan burun esgerleri bilen bag eker eken. Köpetdag öň Hazara guýýan derýa eken. Keteni diýip täsin bir ösümlik öser eken. Ol keteni diýilýän ösümlik älemgoşar mysaly kyrk öwüşginli bolupdyr. Ol ösümlikden mata dokapdyrlar. Ana, şondan soň Oguz iline dünýäň täjirleriniň ünsi gönügipdir, Ýüpek ýoly dünýäň çar künjegine keteni bilen ýüpek matalary çekipdir. Asyrlaň geçmegi bilen mura-mugt ketenini towsa göteripdirler. Keteniniň towsa göterilmegi bilen oguz topragyndan bereket, bagy-bossan göterilipdir. Gaty köp wagt bäri keteni reňkli türkmen sährasy-da, keteni reňkli türkmen daglary-da, düzleri-de ýalaňaç. Wah, elimden gelsedi, türkmen topragyna ketenini älemgoşar edip düşärdim, bagy-bossan ederdim» diýip, Agöýli serdar arzuw eder eken. Bende «Türkmen topragy bagy-bossan bolsa, asmandan ýyldyz gaçsa-da, ýere düşüp bilmän, daragtlaryň depesinde galaýsady» diýer eken. Ýyldyzlar ýeke-ýeke ýitip başlady. Günüň dogjak bolýan ýeri ilki birenaýy gögerip başlady. Annanyýaz hem daňyň atyşyna, hem göz gygy bilen kakasyna seredýärdi. Ol kakasy namaza duranda onuň garrandygyny bildi. Ýok, kakasy Artyk hany eýýam garratmandy, ony Gökdepe bedibagtlygy garradypdy, egnine düşen ar-namys oňa götertmeýärdi. Endam-jany ýaralydy. Ol ölüpdi, ölüp bu diriligiň astynda galypdy, onuň depesinde eýmenç bedibagtlyk, çykgynsyzlyk bardy. Ol ölüp bilmän gezip ýördi. Nätjek! Nätjek! Türkmen «Il bilen gelen toý-da-baýram diýýär!.. Bal güne batyp diýen däldir, ýöne nätjek! Daglar ynsany guşlaň belentligine çykarýar, guşlaň belentliginden dünýäni synlap bolýar. Bu daglarda uçan dek ganatlanyp bolýar... Annanyýaz kakasynyň daga awa gaýtmak hakdaky gürrüňini ýatlady. «Nyýaz, men seni daga awa äkideýin. Awuň keýpi ýedi ýylda ýadyňdanam çykyberendir seniň. Awlan awumyzy soňundan Çozgundaga çykyp, kakmaç ederis. Awdan soň men seni mal üstüne äkideýin, ýylky, dowar sürülerimizi görkezeýin, çopanlar, padymanlar bilen tanyşdyraýyn. Ähli mallaryň idi-issiwadyny, hasap-hesibini kem-kem öz üstüňe al, men indi garrap ýörün» diýip, Artyk han ogluna aýdypdy. Şol mahal Annanyýaz daga awa gaýtmagy adaty bir zat hasaplapdy. Daga awa gaýtmagy, dogrusy, öz ýanyndan makullapdy: «Kakam dogry aýdýar. Aw edip, göwün solpusyndan bir çykaýyn. Bu mahal dagda aw kändir. Onsoňam men ýylky, dowar sürülerimiziň bardygyny eşitsemem, bir gezegem gözüm bilen göremok. Gideýin, göreýin, tanşaýyn. Ähli mallaryň, dowarlaryň, ýylkylaryň sanawyny geçireýin. Hemem Çozgundag gerşe çykyp göreýin» diýip, Annanyýaz içini gepledipdi. Çozgundag gerşi hakda, ol geriş bilen baglanyşykly zatlar hakda Annanyýaz kän gezekler eşidipdi. Onuň aňynda Çozgundag gerşi mukaddeslik, syrlylyk, täsinlik, owadanlyk bolup ornapdy. Artyk han göçgünli gürledi: – Ogul, her gün dünýä ýaňadan başlaýar! Her gün bu dünýä täzeden inip, her günüň gadyryny bilen adam dana adamdyr! Gör ahyry, Gudraty güýçliniň ajaýyp dünýäni ýaradyşyny!.. Gün entek görnenokdy, emma Annanyýaz kakasynyň gara silkmesinde, nurana ýüzünde Günüň şuglasyny gördi, Çozgundagyň çür depesi tylla reňke boýaldy. Garalyp ýatan çuňňur jülgäniň göwrümi giňäp, garalyk ümez ýaly eräp barýardy. Ümüş-tamyşdan bäri guşlar jüýpüldeşip, jürküldeşip, soňsuz töwerek-daşy şady-horram saz bilen doldurdy. Entek alagaraňky bolansoň guşlaryň ýekejesem görnenokdy, ýöne şadyýan jürküldi çar ýandan ýaňlanýardy. Töwerekdäki gawunçynyň çatmasy ýaly güberip duran gara arçalarda mesgen tutan guşlar ýaşaýşyň sazyny çalýardy. Artyk han: – Eşidýärmiň, eşidýärmiň, guşlaryň bolaýşyny! Olar Ýaradanyň täze Gününe buýsanýar. Heý, dogan Güne guşlardan başga şeýdip begenýän jandary gördüňmi? Gören dälsiň... Guşlar, ganat-perli guşlar adamzatdan, haýwanatdan Hudaýa bir gez ýakyn janawarlar-da!.. Sebäp olar Allanyň asmanynda uçup, göwnüni açyp bilýän, azajyk-da bolsa Zeminiň käbir ýerindäki hapasyndan ara açyp bilýän jandarlar-da! Olara gadymy adamlar «perrendeler» diýýändir... Bir gulak goý, perrendeleriň mukamyna!.. Wah, Allanyň bendelerem edil şu perrendeler ýaly begenip, her gün şady-horram bolaýmaly ahyryn! Tebigat – hikmet. Ýöne ol hikmeti her ýeten görüp-duýup bilmeýär. Ýöne, ogul, men seniň herki zatdan hikmet görmegi başarmagyňy isleýän. Perrendeleriň wagtyhoşlugyndan hikmet almagyňy isleýän. Aslynda ömür – wagtyň birje pursaty. «Geçer dünýä» diýýär türkmen. Ýöne türkmen geçer dünýä diýip özüne teselli bermek isleýär. Aslynda dünýä şol durşuna, bakylyklygyna dur. Geçer dünýä däl-de, geçer adamlar biz. Bu dünýäden biz geçip barýarys. Seniň ýaşyňda adam özüni baky ýaly duýýar. Muhammet pygamberiň pygamberlik ýaşyndan1 başlap hem adam özüniň bu dünýäde ýatdygyny duýup ugraýar. Men seniň guşlaryň şu jürküldilerini diňlemegiňe ýedi ýyllap sabyrsyzlyk bilen garaşdym. Şu jürküldileri diňläp durkaň saňa aýtmakçy sözlerimem ýedi ýyllap gursagymda göterdim. Men saňa ömrüňi şu guşlar deýin saýrap geçirmegiňi, her Günüň doganyny görüp begenmegiňi, her dogan Günüň gadyr-gymmatyny bilip-duýup ýaşamagyňy wesýet etmek isledim. Elbetde, guşlar öz hökmürowanlygyndaky beýiklikde, iki nätanşy ýat görendirler-dä, olar gorky-ürküsiz pessaý uçup, ataly-ogluň depesinde pelesaň kakdylar. «Olar Hudaýa bir gez ýakyn janawarlar-da! Hudaýa has gowy düşünýärler!» diýip, Annanyýaz içinden kakasynyň sözlerini ýatlady. Owadan, nurana, jana ýakymly Gün dogdy. Ýöne ýüzüňe sylyp oturmaly. Daglaryň ýylçyr gaýadan başga ýerleri ýaşyl maýsadan, dürli-dümen güllerden doludy. Jahanyň tüýsem başgady, ysam başgady. Annanyýaz owadan ýazda çölde-de bolup görüpdi, dagda-da, ýöne gözelligiň dünýä gelşini edil şu günki ýaly aýratyn synlap görmändi. Ol bu gözellik üçin kakasyna minnetdar boldy. Annanyýaz beýiklikden ýaňa bulutlaryň aşagynda garalyp görünýän mährem obasyna seretdi. Hanha, Nusaý galasyny etekläp oturan Gypjak obasy2, Gökje obasy. Iki obany bölüp geçýän egri ýol ak sapak deýin uzap ýatyr. Bu ýerden ähli zat oraşan görünýär. Hanha, Ýaşyldepe. Hanha, Büreli oýy. Hanha, Ýapydepe. Ýanbaşçaýy iki gyrasyny gök daragta büräp, egrem-bugramlyk bilen Nusaýa bakan uzap gidýär. Hanha, Artyk hanyň harazy! Üstüne Nusaý galasy abanyp dur. Haraz ýekeje jaý. Olam gür baglygyň içinde owadan görünýär, ýanyna barsaň welin, agaçlar beýle köpdürem öýtmeýärsiň. Hanha, Gypjakçaý. Gypjakçaýyny Agöýli serdaryň atasy Süleýman serdar dünýäň çykdajysyny edip, ýedi ýylda käriz bilen getiripdir diýýärler. Elbetde, şonuň üçindir-dä, suw sanaşygynda Artyk çozgunyň paýy aýratyn. Ol näçe suw gerek diýse, şony hem alýar. Adamlar bilýär: «Artyk han, sen ilki özüňe gerek suwuňy al, bize galan suw hem bolýar» diýlende Artyk hanyň nebsine buýrup bilmän köp almajagyny, ynsaplydygyny, ilki özüne däl-de, ilki obadaşlaryna bolsun etjekdigini bilýär. Onsoňam, Artyk hanyň mülki dag tarapda bolansoň, Gypjakçaý ilki onuň mülküniň üstünden geçip gaýdýar. Suw babatda Artyk han hiç wagtam kösenmedi. Obada suwdan kösenýän, mydama suw ýetenok diýip zeýrenýän Gündogdy baý. Gündogdy baýyň mülki obaň aýagujunda ýerleşýär. Şeýle bolansoň, suw Gündogdy baýyň mülküne iň soňundan barýar. Obanyň aňyrsyndan demirýol garalyp görünýär. Eý, Hudaý jan, Ymam Kasym gonamçylygy tas obaça bar. Ol ýeri endamy düýrükdirýär, ol ýerde Nyýazyň pederleri ýatyr. Ýöne Nyýaz gonamçylykdan sowuklyk duýdy. Ol tarapa seretmezlige çalyşdy. Obada baý adyny göterip ýören ýetmişden gowrak adam bar, ýöne olaryň köpüsiniň öýi meniňki bolsun diýer ýaly däl. Kaşaň öýleri barmak büküp sanaýmaly. Ol öýler ýokardan mesaňa görnüp dur. Ýöne, bu gerişden Gypjak obasy doly görnenok. Obaň ýarysy Nusaý galasynyň arka ýüzünde galýar. Käbir kişiniň ýaşaýşy ertir göçüp gitjekdir öýtdürýär. Ynha, indi ençe ýyl – ata-baba ýaşap ýörendir welin, işiginde diş synçgara çöp ýokdur. Işiginde gögerip duran miweli-u-miwesiz ýekeje daragtam ýokdur. Ýogsam ekeýin, gögerdeýin diýse, suw tapylman duranok. Ýöne ol ne daragt eker, ne ekin eker. Wah, diňe bir ýa iki öýli şeýle bolsa, onda muňa janyňy ýakmasa-da bolar, ilçilik, ilçilikde bolsa her hili adam bolýar. Ýöne ýeke daragt ekmeýän, tomsuň jöwzasynda tüneginiň azajyk kölegesi haýsy tarapa süýşse, düşegini şoňa geçirip, bütin maşgala eliň aýasy ýaly kölegede bir gysym bolup oturandyrlar. Özem, başarsalar, ellerini sowuk suwa urmajaklar kän, şonda-da rysklary baýguşuňky deýin alnyna gelip dur olaryň. Içersinde, aňyrsynda towuga ýükläre-de zady ýokdur welin, gürlänlerinde bir uly döwletiň patyşasymyka öýdersiň. Annanyýazyň Bagdatdan gelende getiren miweli nahallaryny obaň adamlary üýşüp gelip synlapdylar. Nahallar guramanka göni hatar edip ekmek üçin ir ertirden giç agşama çenli işledi. Obaň käbir adamy bolsa, Annanyýazyň işleýşini geň görüp seredýärdi. Sebäp türkmen aňsat-aňsat işlemeýärdi. Bir iş etmeli, guýy gazmaly, haýat galdyrmaly, ýer depmeli bolsa, dag aňyrsyndan gelýän saýrylara pul seçip etdirýärdiler. Ol kakasy bilen dünýä gözelligini synlaýardy. Dünýä ýöne dag bolup ýatyrdy, dünýä gözellik bolup, melul edýärdi, başyňy aýlap, beýhuş edýärdi. Salkyn şemal, hamana, çeşme suwy ýalydy, ýüzüňe çalyp ýuwunasyň gelýärdi. – Seniň ýaşlaryňdakam men kakam bilen şu ýere gelipdim. Edil häzirkimiz ýaly bolup oturypdyk. Şonda kakam: «Oglum, ynha şu daglar, şü jülgeler, zawlar, hol gözýetimde ümez basyp ýatan çöller, düzler seniň ýurduňdyr, seniň watanyňdyr! Bir serkar suw bilen berlen bu ýerler biziň neberämize Nedir şa1 tarapyndan peteklenip berlen ýerlerdir. Bu ýerlerde seniň ata-babalaň kethudalyk sürendir. Şu daglaryň, düzleriň, sähralaryň eýesi bu gün sensiň! Sen eýesi bolup bilmeseň, guly bolarsyň. Durmuşyň kadasy şeýle. Begmiň, ýurduňa, watanyňa eýe dur, kethuda, hanmyň ulus-iliňe eýe dur, garyp-gasarmyň, buýrulan işiňe eýe dur!» diýipdi. – Artyk han uzak dymdy, meger, ol özüniň aýdyp bilmedik hasratyna Nyýazyň düşünmegini, akyl ýetirmegini isländir. Ol alyslara nazar salyp, gözleri ýadaýança seredip durdy. – Taňryguly batyr: «Adamyň dabanynyň astynda topragy durmalydyr, depesinde bolsa Biribar!» diýerdi. Ol sözler durmuşda maňa ýol görkeziji bolup, gursagymda ýaşady... Ynha, indi men weli... saňa şu daglar, şu sähralar, şu düzler seniň ýurduň hem diýip bilemok, bilemok, ýüzügara bolduk, ogul!.. Annanyýaz kakasyna dözmedi, ata gürleýärkä arasyny bölmeli däldigini bilýän ýigit: – Kaka! – diýdi. Ol kakasyna «Meniň o zatlara akylym ýetýär, sende çigit ýaly günä ýok, Taňryguly batyram, senem, müňlerçe-müňlerçe Gökdepe gahrymanlary watan öňündäki borçlaryny bitirdi, emma duşman zor boldy, duşman uly boldy, wadaryg, etjek alajyň ýok» diýjekdi, emma diýip bilmedi. Sebäbi bu zatlary kakasy bilýär ahyryn. – Ýokarky ýokardan görýär, ogul! Kim aýdar dini başgadan Muhammediň ummady ýeňler diýip? Kim aýdar türkmen ýeňler diýip? Emma ýeňildik!.. Biribar öňden görýär, ýokarky ýokardan görýär... Duşman-da bolsa ynsaplysy bolup çykdy! Namys-ara tokunmady, ogul olja, gyz ýesir etmedi!.. Bulara ýurt hem gerek däl! Ýurduň baýlygy bolsa bolýar!.. Ýamanyň ýagşysy eken! – «Ýamanyň ýagşysy eken!» diýip, Nyýaz Artyk hanyň sözüni içinden gaýtalady. Bu jümläniň aşygy bolup gaýtalamak däldi, bu aňdan geçirip, öz beýniňe ýazmakdy, öz degirmeniňde üwäp, un edip duluňa basyp goýmakdy... Başa inen musallaty ýagşa ýormakdy, şükürlilikdi. – Halkyň, adamlaryň derejesini ölçeýän ýalňyz gural – pul. Pul bilen kimiň kimdigini ýalňyşsyz kesgitläp bolar. Türkmende puluň hiç zat çözüp bilmeýän ýerleri kändir. Türkmen namysyny, mertebesini pula çalyşýan däldir. Türkmen ýurduny pula çalyşýan däldir. Türkmen türkmençiligini hiç bir baýlyk bilen çalyşýan däldir. Türkmeni türkmen edýän esasy aýratynlygy puluň guly däldigi, türkmeniň ýagşylyk edende hantamaçylyksyz etmegi başarýanlygy. Gökdepe – ak patyşanyň gaty köp pul döken ýeri bolupdyr1, başga hiç bir ýer üçin şeýle köp pul dökmändir. Men bu zatlary türkmeniň baýlykdan ýokardaky halkdygyny nygtamak üçin aýdýaryn. Ýöne, ýalňyşýan bolmagym-da mümkin, türkmene soňky bäş-alty ýyl bäri bir zad-a bolýar. Türkmen ownap ýörmi, nämemi?! Men Taňryguly batyrdan türkmeniň mertligi, ärligi hakda gaty kän gürrüňler eşitdim. Taňryguly batyr ýedi sany uly urşa gatnaşdym diýerdi. Uly uruş bolanda toply-tophanaly, agyr sülsatly, goşuny elli müňden az bolmadyk duşman bilen bolýan uly uruş bolýar. O hälki alamançy, talaňçy bilen uruşlar, ýa bolmasa, duşman Şagadamda düşläli bäri nije ýyllap alnyp barlan gaça uruşlar hasaba girmeýär. Men hem Mädeminiň urşuna gidip geldim... Mädeminiň leşgerem altmyş müňe barabar diýdiler... Emma biziň bu basybalyjydan ýeňilmegimiziň sebäbi, ozal gören duşmanymyz däl! Çozup barsaň berk galasy bar, ýa otly diýip bir belasy bar, girýär içine. Ýatyr bukusynda, golaý barsaň, tüpeňläp, daş gaýtsaň bolsa... demir ýoluny gurup gelýär. Bu täze duşmanyň diňe bir dini däl, söweş tilsimatam türkmene ýat. Namart söweş, namart tilsim köp boldy. Türkmen nirede görüpdir namartlygy. Türkmeniň goltugyna girip bykynyndan hanjar uruldy. – Kaka, ýaraglaram gurat, ýurdam uly, ilaty hem kän, onsoň nädip ýeňilmejek?!. Artyk han oglunyň ýüzüne garady, elbetde, ol oglunyň sözlerini halamady, emma duýdurmady. – Ýok, ogul, gep ol zatlarda däl, arman, arman, türkmende serdar bolmady! Hemme zadymyz bardy, serdarymyz oňmady! Bular ýaly uly urşa uly serdar gerek. Ýurt üçin bolýan urşa ýurduň engamyny edýän serdar gerek! Biziň weli... Haý, bolmady. Düýäň üstündäki türkmeni it ýardy... Ogul, men bu gürrüňi ýöne ýere edemok. Ýüregimdäki bu ýara ömür bitmejek, özüm bilen gitjek ýara. Bedibagt bedibagtlygy bilen öwrenişýär, golak golaklygy bilen, çolak çolaklygy bilen öwrenişýär. Men, ogul, türkmeniň gursagyna neşter bolup çümen gama bilen öwrenişmezligiň üçin derdimi aýdýan. – Nurberdi han näme? – Nurberdi hanmy, ol han. Onuňky ýaly dogum, onuňky ýaly batyrlyk seýrek kişilerde bolýar. Ýöne Nurberdi hany ikä böldüler. Gajar-saryk urşunda1 Nurberdi han Taňryguly batyr dagy bilen saryklara kömege barýar. Gajar türkmenleriniň altmyş müňlük leşgerini paýhynlap ugraýarlar. Şa goşunlary derbi-dagyn edilensoň, Mary hany Gowşut han Nurberdi hany bu uly kömegi üçin uly mülk ýeri bilen sylaglapdyr hemem wekil tiresinden bolan Güljemal atly dul gelni aýal edip beripdir. Ana, şol Güljemal hana öýlenensoň, Nurberdi hanyň öňküligi bolmady, ol ikä bölündi. Ol iki öýüniň arasynda gatnap heläk boldy. Megerem, Güljemal gelniň gujagy ony melul edendir-dä, ol, köplenç, Mara gidenini kem görmezdi. Türkmen aýalyň hakylyny diňlän ýerinde utulýar. Muhammet şa parasatly kişi bolupdyr, ýöne ejesi Türkan hatynyň garşysyna çykyp bilmändir. Netijede, Çingizden on esse kuwwatly Köneürgenç döwleti syndy. Ýöne türkmeniň ýeňilmegini bir adamdan görmek bolmaýar. Döwüň deň gelmese, bolmaýar. Türkmeni aldadylar. A:m türkmeni hile bilen ýeňdiler. Türkmen ala meýdanda, at üstünde ýeňilmezek. Türkmeni aldap, atdan düşürip, gala salyp ýeňdiler. Türkmeniň taryhynda gala bukulyp goranan ýeri ýokdur. Aslynda goranmagy ýeňilmek hasaplan türkmen hiç wagt goranmandyr, hüjüm edipdir hemem ýeňipdir. Annanyýaz kakasynyň agyr ýük astynda heläk bolýandygyna gynanýardy, emma nädip, nädip ony ruhy ejirlerden halas edersiň? Ol gursagynda lerzan urýan elhenç pajygany nije ýyllar göterip gezipdi, ahyry hem ogluna hut şu gün aýtmagy müwessa bilipdi, çünki ol ertirine ynanmaýardy: ol beýleden ýowuz ajalyň gelendigini bilýärdi. Elbetde, Annanyýaz beýle agyr gürrüňleri ederden ýaşdy, herhal... Artyk han öz ýalňyz ogly bilen agyr derdini bölüşmeli ahyry. Ogul atasyny tanamaly! Ogul ýedi arkasyny tanamaly. Ogul özüni tanamaly. Ogul pederleriniň öňündäki, öz öňündäki borjuny bilmeli. Mukyt bilmeli. 4. Bu mahal jülgeler belent gaýalaryň kölegesindedi, entek jülgede Gün dogmandy. Jülgäniň ýürejigi ýaly bolup görünýän jülgedäki düşlegde galanlaryň ody köreňkirläpdi, alagaraňkylykda körän ot çala görünýärdi. Hawa-da, ýagty – garaňkyda görünýär! Ýagşylyk – ýamanlykda görünýär! Hossar – kyn günde görünýär!.. – Kaka, bu ýyl doýumlyk boldy, tüweleme, ýylkylaram endamyna tylla suwy berlen ýaly... Artyk han duýgur oglunyň özüni aýaýandygyny, kakasyna dözmeýändigini magat duýup: – Annanyýaz jan, çaýam sowadaýdyk öýdýän dünýäniň gözelligi diýip... Hany, bir çaýlaly – diýip, ogluna mähir bilen bakdy. – Tüňçäni közüň üstüne goý, galanja közlerem daşyna üýşür, ýogsam çaýçorbaň doňar durar... Ataly-ogul çaýlaşdy. Artyk han: – Ogul, ýedi ýyl Bagdatda okuwda bolup geldiň. Indi näme maksat edinýäň? Men seni diňlemek isleýän. – Bilýän, kaka. Meniň özümem şu hakda gürrüň gozgamagyň ebeteýini tapman ýördüm. Indi dört-bäş ýyl bäri mende bir pikir bar: adam öz bagtyny özi döretmeli diýip. Adam öz ojagyny özi döretmeli diýip. Kimdir biriniň beren baýlygy bilen ýa-da ata-babaňdan galan miras bilen baý ýaşap bolmaz. Özüň gazanmadyk bolsaň, şol zadyň, baýlygyň gadyr-gymmaty, manysy bolmaz. Ata-babaň bagty, ata-babaň baýlygy, mirasy seni ömrüň ahyryna çenli bagtly edip bilmez, baý edip bilmez, mirasyň uzak durmaz diýip. Ir-u-giç miras senden gider. Ýöne saňa ata-babaňdan galan asyl, zant şolaryň derejesine ýetmäge ýardam berer. «Asylzada aňryň bar, Annanyýaz, sen şolaryň baýlyk, mal-mülk babatdaky ýeten derejesinden hem ýokary galmalysyň» – Menden şu pikir asyl-ha aýrylanok. Meniň mollaçylyk edesim, jynazadan jynaza gatnasym gelenok, kaka. Artyk han dymdy. Annanyýaz kakamyň göwnüne degendirin diýen howatyr bilen gara suw boldy: – Men, kaka, siz näme diýseňiz, diýeniňiz bilen bolaryn. Artyk han uludan demini aldy-da, ýuwaşja dillendi: – Haý, Nyýaz, seniň zamanaň çatak geldi. Ýöne Allatagala nähili döwür-ýaşaýyş berse-de, ondan nägile bolmaly däl. Döwre görä bolmaly, döwrüň görkezýän ýolundan paýhasly ýörejek bolmaly. Köpe geňeşseňem, soňundan öz pikiriň bilen ädim ätmeli. Men seniň Aşgabatda özüň ýaly sowatly, bilimli ýigitleri daşyňa jemläp, ylym ojagyny açmagyňy isläpdim. Görýän welin, bu zamana ylymam gerek däl, bilimem. Baýlyk diýýäniň babatdaky sözleriňi unaýan. Meniň özümem seniň ýaşyňda şeýle pikirde bolupdym. Kakamdan galan baýlyklary garyp-gasarlara paýlapdym, ýöne ilki özüm gazanypdym, şondan soň kakamdan galan mirasy garyp-gasarlara paýlapdym. Oglum, medresäň sapagy bir aýry, durmuşyň sapagy bir aýry. Ýöne iki sapagy birleşdirip, utgaşdyryp bilseň, Allatagala ýaranyň bolar. Atalaryň akyly özi bilen gidýär. Men näçe akyl berenim bilen, barybir, durmuşda sen öz akylyň bilen ýaşamaly bolarsyň. Men saňa nagyl okamak islämok. Sen eýle bolma, beýle bol diýip akyl bersem ýöntemlik bolar. Ýöne men ata-babalarym hakda, olaryň pähim-öwütleri, görkezen gahrymançylyklary hakda gürrüň bermegi özüme parz bilýän. Ataň Taňryguly batyr maňa ata-babalarymyz hakda gürrüň beripdi. Kän zatlary gürrüň beripdi. Menem, nesip bolsa, saňa gürrüň bererin. Diňläp özüň öwüt-akyl al, many al. Böwrüňe diň sal: emedekläp ýören çagajyk hem balajygyny hapalasa, ýa çaýy dökse, mölterip ýüzüňe bakar durar, diýmek, ol ýaramaz iş edendigini bilýär! Böwrüňe diň sal, böwrüňde Alla oturandyr. Ýagşy işi salgy berer. Ýagşy iş etseň, ýagşy görlersiň. «Aý, ýok, bäş günlük dünýäde edenimi etjek diýseň, ol-da öz işiň. Emma ataňa-babaňa ysnat getirersiň... Seret, hol ýylkylara... Ol ýylkylaryň ady Artyk hanyň ýylkylarydyr. Çöldäki sürüleriňe seret, ady Artyk hanyň malydyr. Ol mallaryň ady biziňki, bähbidi bolsa syrgyn bolup oturan çozgun dogan-garyndaşlaryňkydyr. Sen öz garybyňy, öz garamaýagyňy hor saklap, at münüp, at üstünde satan gomlap gezseň, saňa baý diýmezler. Märekä baraňda törden orun berseler-de, sylag-hormatyň kem bolar. «Pylany baý dälmi, aý, ol öz garybyny oňarmaýan gysyk-gaty adamdyr» diýerler... Ýüzüňe ýagşy gürrüň aýdan köp bolar, emma ýeňsäňden hem ýagşy gürrüň edilmegini gazanmasaň, baýam bolmarsyň, il halar adam hem bolmarsyň. Hakyky baha özüň ýokkaň gypynçsyz aýdylýan sözdedir. Sen ýedi ýyllap sowadyňy çykyp, arap, pars dillerini suwara öwrenip geldiň. Göräýmäge, häzir dünýäň bilimini-ylmyny diňe özüň bilýän ýalysyň. Ýöne sen ýedi ýylda öwrenen zatlaryňy durmuş atly ussadyň eleginden geçirmeli bolarsyň. Ol hem saňa köp-köp zatlary öwreder. Ynha, sen uly ýola, özbaşdak ýola gadam basýaň. Bu ýolda, adamlar bilen gatnaşygyňda sen özüňi nähili alyp barmaly? Her dem ýatda saklamaly zatlaryň, her dem ýerine ýetirmäge çalyşmaly zatlaryň nämelerden ybarat bolmaly? Ine, şu zatlar hakda men Taňryguly batyryň gaşynda oturyp, pendini diňlärdim. Ol pentler meniň häzirem dek düýn aýdylan ýaly aňymda dur, Taňryguly batyr: «Ýekinde ýigrenilýän, ähli kişiniňem ýeňsedamaryny gatadýan häsiýet tekepbirlikdir» diýerdi. «Tekepbirlik bilen ähli göwünleriň gapylaryny diňe ýapyp bolar. Hoşsözlülik, mylaýymlyk bilen dagy talhan edip bolar. Adam adamdan diňe hoş söze mätäçdir» diýerdi. «Zeýrenjeň kişiden ähli kişi daşlaşmak bilen bolar. Ähli kişiniň dert-endişesi özüne ýetik. Adam seniň ýanyňa hoş söz, göwünlik istäp geler» diýerdi. «Sen adamlara durmuşyňdan zeýrenip, syryňy açma, barybir, seniň agyr günüňe gynanjak ýokdur» diýerdi. – Artyk han oglunyň işdämenlik bilen çörek iýşine buýsanyp bakyp esli oturdy, oglunyň gaşynda Artyk hanyň göwni göterildi. – Taňryguly batyryň bir wesýetine teý düşünmändim. Ol: «Hiç wagt nesýe söwda etmejek bol, eger alşyp-berişmeli bolaýanyňda-da belli-belli adamlar bilen: eli ýukalar, ýaňy baýanlar, alymlar, kazylaryň ýakyn wekilleri, döwlet gullukçylary bilen asyl-ha alşyp-berişmegin. Şeýle adamlar bilen iş salyşmakdan-da gaça dur. Beýle adamlar bilen alyş-beriş etseň, soň puşeýman edip astyndan çykyp bilmersiň» diýipdi. «Näme üçin? Sebäbini özüň oýlan, özüň bil. Özüň hakyl ýetirip bilmeseň, durmuş aýdar» – diýipdi. Artyk han çaý owurtlady. Annanyýaz kakasynyň käsesine tüňçeden çaý guýdy. Bir gezek Ependi ogly bilen goňşy oba ugrapdyr, ogluny eşege mündürip, özi gapdalyndan ýöräpdir. Olaryň bolup barşyny gören adamlar: «Görüň-ä, bu zamanyň ýaşlaryny! O ýaş ýigit eşegiň üstünde arkaýyn gaýşarylyp barýar, il içinde hormatlanýan garry kakasyny pyýada ýöretmäge onuň birjik-de nebsi agyrmaýarmyka?» diýipdirler. Bu sözi eşiden ogul kakasyna ýüzlenýär: «Kaka, eşege özüň mün, men pyýada gidibereýin diýdim-ä». Şondan soň Ependi eşege münýär, ogly onuň gapdaly bilen pyýada ýöräp ugraýar. Olar esli aralygy geçýärler. Öňlerinden birtopar adam çykýar. Olar Ependä: «Sen-ä sag, sagam bolsaň, eşegiň üstünde gaýşarylyp barýaň, hana iňňä sapaýmaly hor ogluň bolsa gapdalyňdan pyýada barýar. Heý, ogluňa nebsiň agyranokmy?» diýýärler. Bu gürrüňden soň Ependi oglunam eşege mündürýär. Olar gidiberýärler. Olaryň öňünden ýene bäş-on adam çykýar. «Adamlar, serediň bir horja eşege iki adam bolup münüpdirler. Heý, eşek janawara nebsi agyrmaýarmykan bularyň. Beýle rehimsizligi diňe Ependi edip biler. Heý, uzak aralyga-da eşege iki bolup münerlermi?» diýip, adamlar ýerli-ýerden gygyryşypdyrlar. Ependiniň gahary gelipdir. Ol eşekden özem düşüpdir, oglunam düşüripdir. Olar eşegiň ýüpünden idip, pyýada ýöräp ugrapdyrlar. Olaryň öňünden çykanlar Ependä eşitdirip şeýle diýipdirler: «Eý, Hudaý, adam ölmese, her zat görjek eken. Hana, eşeg-ä boş, iki sany samsygam yssyda gara der bolup haşlaşyp barýar. Münmejek bolsaň, eşek nämä gerek?!» Ependi ogluna şeýle diýipdir: «Ine, oglum, men saňa durmuşy görkezdim. Bu dünýäde adamlaryň gepinden gaçyp-gutulyp bilmersiň. Il näme diýse, şony diýsin, sen öz göwnüňe makulyny edip ýaşamalysyň, ýogsam adamlar seniň aňkaňy aşyrarlar. Diňe öz bileniň bilen bolmalydyr!». Annanyýaz, şu söze düşündiriş gerekmi? – Düşnükli, kaka. 5. Gün guşluk boluberende Artyk han goltugyna elini sokdy. Çal mytgal mata düwünçegi elinde biraz saklady: – Ine, Nyýaz, peder tumarymyz biziň. Bu tumar biziň neberämizi köp-köp bela-beterlerden aman alyp çykdy. Gökdepe pajygasyndan aman alyp çykan, ine, şu peder tumarymyz bolmaly. Maňa ok degenini görüp, Artyk han şehit boldy diýen habaram ýaýrapdyr şonda. Aman galanyma köpler ynanmady. Allanyň dünýäsine diňe Alla düşünýär. Bendesi düşünenden bolýar, aslynda Allatagala adamy gapyl ýaradypdyr. Tumaryň gudratyna, Nyýaz, ynanmasyna öňem ynanýardym, ýöne Gökdepe pajygasyndan soň welin, has açyk akyl ýetirdim. Gözüm bilen gördüm. Ajal üstüme ýolbars deýin göni topuldy. Tumar meni şol göni gelen ajaldan alyp galdy. Agşam maslahat etdik, daňdan üç ýüz atly bolup, duşmanyň bolýan ýerine ukudan oýanyp-oýanmanka çozmaly diýip. Ýöne ak patyşa şugullygy ösdürdi, olara gysganman gyzyl puly dökdi. Şo gezegem aramyzda şugul bar bolan bolmaly, ol duşmana haçan çozjagymyzy habar beren bolmaly. Biz bärden barsak, duşman topy-tophanasy bilen bize garaşyp ýatan eken. Ýakynlaberenimizde çar tarapymyzdan – wah, bir tarapdan bolsa, onda boljak-la – tatyr-tatyr edip atyp başladylar. Biz beýle zada garaşmandyk. Duşman-a görnenok, okam depäňden jala bolup guýulýar. Nätjegimizi bilmedik. Men nämäniň-nämedigini oňly aňşyryp-aňşyrman, meger, özümden gidipdirin. Işanajy diýen çöldäki guýymyzda gözümi açdym, özüme geldim. Atyň özi tapyp barypdyr. Atdan düşenimden soň, çopanlar endam-janymdan syrygýan gany görüp haýygypdyrlar. Tumaryň meni goldan ýeri juda kän, onuň haýsy birini aýdaýyn. Men şu tumaryň gudratyna ynanýan. Işanajyda özümi bilmän ýatsamam, elimi tumardan aýryp bilmändirler. Men seniň geleriňe günümi sanap garaşdym. Indem bu tumary kakamdan alan ýerimde durup, saňa gowşurmagy yrym bilýän. Hany, ýeriňden tur bakaly. Bu tumar doga-da meňzäp dur. Boýnuňdan-da asyp boljak. Ýöne bu bize aňrymyz Süleýman çozgundan galan tumar, keramat. Bu tumar ömrüni at üstünde geçiren Mämmet Agöýli serdary-da, Annaly begi-de1, Taňryguly batyry-da köp-köp bela-beterlerden aman-esen alyp galan gudratly tumardyr bu. Sen bu tumary hatarly ýola çykaňda ýanyňdan goýma, bu saňa polatdan sowut bolar. – Kaka, entek ir... – diýip, Nyýaz bir böküşde kakasynyň gaşynda diklem durdy. – Men öljek bolup howlugyp baramok. Ýöne, tumary saňa tabşyrmak isleýän. Hany, boýnuňa dakaýyn. Hudaýjan seni bela-beterlerden aman saklasyn. Tumary ýitiräýmegin. Öýde buky ýerde sakla, ýa asyp goý. Bir ýere gitseň bolsa, ýanyň bilen äkit. Iň gowusy, boýnuňdan asmakdyr. Tumara ýüpi eneň dakypdyr. – Kaka... – Gepleme! Men häzir aýat-doga okap, saňa pata-da bereýin. – Artyk han indi birnäçe ýyl bäri maksat tutunyp ýören işlerini howlukman etdi. Artyk han dakan tumaryna kanagatlanma bilen seretdi Soňam egninden agyr ýüki aýyran dek uludan demini aldy: – Nyýaz, ynha indi gaýdybersegem bolýar. Ýör bakaly. Durmuş – durşuna many. Durmuş – dag: bütin ömrüň daga dyrmaşmak. Ýöne durmuşyň soňy – dagdan düşmäň örän az wagtlyk pursat. Dagdan aşak düşmek kim üçin menziline ýetmek, kim üçin ýokary galmak, köpler üçin adamlaryň arasyna goşulmak. Daga münmesi ýeňil, düşmesi kyn, adamçylykda bolsa, tersine, bütin ömrüňe gyldyrgan boýydan galyp, beýgelip bolýar, pes bolmak üçrip, ýeke pursat ýeterlikdir. Düşeli, hanha, biziň bilen gelen ýigitler hemem Garly agaňam telpek bulaýar. Häzir men seni Garly ýylkyçy bilen has ýakyndan tanyşdyraýyn. Ol sada adamdyr, ikiligi ýokdur, bir söz aýtsaň, özüň unutmagyň mümkin, ýöne Garly unutmaz, ol seniň aýdan sözüň bilen ýaşar, ol seniň beren tabşyryklaryňy kemsiz-köstsüz ýerine ýetirmäge çalşar. Garly ýylkyçyny Taňryguly batyr gowy görerdi. Ýaşynyň soňunda: «Şu ýigdekçä synym oturýar, beýle ýigidi hor etmek bolmaz» diýipdi. Soň men kakamyň pendini tutup, Garlyny ýakyn gördüm. Uly toý edip, halan gyzyna öýeripdim. Ynha, indi ýanynda iki ogly bar. Ogullary özi ýaly meniklije. Özem, ogullary edil kakalary ýaly bedewiň dünýäsinde ýaşaýarlar. Atlar hakda gürlemeli, rowaýat aýtmaly diýseň, galkyjaklaberýärler. Atyň ölemen janköýerleri. Içim gyssa, käteler Garlynyň goşuna gelip, onuň bedew ruhly gürrüňlerini diňläp, dünýäme giňlik çaýyp giderdim. Biler bolsaň, Garly dünýäni bedew saýýar. Onuň üýtgeşik pelsepesi bar. Ýanyna barsaň, içiň gysjak gümany ýok, gaýtam dünýäň tämizlenýär. Men Garlyda näçe ýylkymyzyň bardygynyň sanyny saňa aýtmaýyn. Garlam, ogullaram saňa aýtmasyn, özüň sanap bil. Bir-birden sana. Her bir ýylky gözüňde galsyn. Gerek bolsa iki gezek sana, ýaltanma. Şeýdip, nesip bolsa, menden ähli mallary birin-birin sanap al. Men bolsa seniň hojalyk ýöredişiňi keseden durup synlaýyn. Sen indi, Nyýaz, agyr ýüki gerdeniňe almaly bolarsyň. Düşünmeýän, bilmeýän zadyň bolsa, çekinmän soraber, men düşündirerin. Men seniň oňarjagyňa ynanýan... Ataly-ogul özara gürleşip, keremara aşak düşüp ugradylar. Esli salym içini hümledip ýörän Artyk han gussaly seslendi: – Haý, ogul... – Hä, kaka?! – Gökdepe pajygasyndan öň ähli zat düşnüklidi: ýaşaýyş düşnüklidi. Sözi sözdi, gara gara, aga-da ak diýlerdi. Soňky döwürde, göwnümemi-nämemi, dürüşdelik bar. Türkmen üýtgeýärmi-nämemi. Aýak basjak ýeriňi görüp bolanok, birhili garaňky bolup dur. Her täze asyr türkmene bir gowulyk, bir täzelik getirýär eken, ýöne bu asyryň-a türkmene getiren gowulygy bolmady... Iň erbedem adamlar bilen düşünişip-ynanyşyp bolanok... – Aý, ýok-la, kaka – diýip, Annanyýaz kakasyna göwünlik-tekge bermek isledi. – Adamlar hiç neneň däl, düşünişip-ynanyşyp bolýar. Artyk han saklandy, ol yzyna öwrülip, özünden iki-üç ädim yzdan ýöräp gelýän ogluna göýä ilkinji gezek görýän dek geňirgenme bilen seretdi. Annanyýaz kakasynyň nämedir bir zatlar diýerine garaşdy, ýöne kakasy ýagşydan-ýamandan hiç zat diýmän, aşaky dodagyny çalaja dişläp, ýoluny dowam etdirdi. Annanyýazyň aňynda kakasynyň geňirgenme, tukat, haýpygelijilikli garaýşy surat bolup galdy. Annanyýaz kakasynyň bu garaýşyny nämä ýorjagyny bilmedi. «Kaka jan, näme diýmekçi bolduň? Menden hiç zat ýaşyrman göwnüňe näme gelse aýtsana» diýmekçi boldy. Ejap etdi, saklandy. Kakasyna nämedir bir zad-a boldy. Ýokardan aşak düşüp ugranlarynda hem kakasynyň joşguny, hyrujy egsilerli däldi ahyryn! Bu Çozgundag gerşinde Artyk han tükeniksiz güýç-kuwwat edinen dek ýeňil gopupdy ahbetin! Näme boldy? Annanyýaz hernäçe oýlansa-da, aňynda köwsar uran sowalyna wagty bilen jogap tapyp bilmedi. Artyk han Çozgundag gerşinde tükeniksiz güýç-kuwwatyny goýup gaýtdy. Annanyýaz Çozgundag gerşinden tükeniksiz güýç-kuwwat alyp gaýtdy. Annanyýaz aşak düşüp barşyna dagdan çar tarapa gidýän ýodalara seretdi. Dagdan gidýän ýodalar ak sapak deý aşakda agaryp görünýär. Annanyýazyň göwnüne bolmasa, ol ak ýodalar dagy saklap duran urganlara meňzeýärdi. Aşak düşülensoň, Artyk han ogluna ýüzlendi: – Nyýaz, men saňa awuň nähili sapasynyň bardygynam öwredeýin. Goç ýigitde bir keýpjagaş bolmalydyr. Awy keýp edinseň, şähdiň mydam açyk bolar. Tazylarym, elguşlarym bilen öwrenişiber. – Artyk han biraz ýöränsoň sägindi: – Seniň bilen ikiçäk oturyp, obaň adamlary hakda saňa doly gürrüň bermekçidim. Iş salyşmaly boljak adamlaryň häsiýetleri, asgyn hem gowy taraplary hakda birin-birin aýtmakçydym. Sebäp, adamlar soňky döwür köp üýtgedi. Ýüzüňe gülüm-ýalym edip, yzyňdan akylyňa sygmajak sözleri diýýärler. Adamlary iş salyşsaň tanaýaň. Agyr günde tanaýaň. Hoş günüňde adam tanap bolmaýar. Men seniň adamlary içgin tanaman kösenmegiňden heder edýän. Iş salyşjak adamlaryň häsiýetleri hakda ýokarda aýtjak bolup, telim gezek synanyşdym. Ýöne, haýsydyr bir güýç meni saklady. Meni gürletmedi. Allatagala öz ýakynynda, meger, ýaramaz adamlar hakda gürlemegimi islemedi öýdýän... Garly aga düýn öýlänki soýlan toklynyň galan etini işlikli edip, daş ojakda, gor ýasap, üstüni degirmen daşy ýaly äpet daş bilen basyrypdy. Ol: – Çölüň çopanlary, aýyn bolmasa, gumuň gömme çöregi diýen borlar! Dagyň gömme çöregini iýip görseler, bilerdiler-le – diýip, agzyny şapbyldatdy. Nyýaz bilen deň-duş ogluna ony-muny görkezme berişdirdi. Şeýdip, olar günortanlyk edindiler. Birki käse çaýdan soň Artyk han çeşmäniň boýunda, arçanyň kölegesinde ýazylan düşekde possuny düşenip, bir possuny ýassyk edip irkildi. Garly aga Nyýaza-da dynjyňy alaý diýdi, emma ýigdekçe oňlamady. Bu mahal Annanyýazyň gözüne uky geljek däldi. Ol kakasynyň aýdan her bir sözüni hakyda eleginden birin-birin geçirip, ähli gürrüňleri jemläp, netije çykarmaga, özüne sapak-ýörelge edinmäge howlugýardy. Ol ýeke bolmak isleýärdi. 6. Gizlin. Bukja 875 MAGLUMAT 1. Kim: Annanyýaz Artyk han ogly (Artykow). 2. Doglan ýyly: 14.05.1880 ý. 3. Doglan ýeri: Aşgabat uýezdiniň gündogar etrabynyň Gypjak obasy. 4. Milleti: türkmen, teke taýpasynyň çozgun tiresi. 5. Bilimi: 1895-1902-nji ýyllarda Bagdadyň Mustansir uniwersitetini (medresesini) tamamlan. 6. Bilýän daşary ýurt dilleri: arap, pars, ors dilleri. 7. Ýykgyn edýän ugry: pelsepe, bagbançylyk. 8. Häsiýet aýratynlyklary: Onda ýürekdeşligi, sadalygy bilen özüne imrindirýän bir güýç bar. Köplenç, beren sözüniň yzynda durjak bolup kösenýär. Ol ynanjaň, biçak ynanjaň. Onda adamy aldap bolýandyr diýen düşünje ýok. Bir ýerde sowatly adam bar diýseň, ol ähli zerur işlerini äpberip, şol adam bilen hemsöhbetdeşlige gidýär. Uzynly gün pelsepe otarýar. Köplenç, ýagşylyklary onuň aýagyna kössek bolýar. Hökümet üçin howply. Sebäbi ol islän kişisini islän pikirine ynandyryp bilýär. 1. Gözýaşyň öňünde ejiz. Gaşyna baryp gözýaş döküp bilseň, islän işiňi bitirdip boljak. 2. Ol ölümi Alla bilen baglanyşdyrýar. «Allatagala ajaly maňlaýyma ýazan güni ölerin» diýen ynanjy bar. Ony öldürerin, ataryn diýip gorkuzyp bolmaýar. 3. Günä-sogaba gaty uly üns berýär. Şu ugurlardan onuň aňyna täsir edip boljak. 4. Polady ýumşak adam, onda serdar ýowuzlygy ýok. 5. Düşündirjek bolmak häsiýeti bar. 6. Işine çulum. Eden işini aşa sünnäleýär. Bir sagatlyk işi üç sagatda edýär. Bagyndaky joýalary ýylanyň agzyndan çykan ýaly. Beýle göni, beýle takyk etmek özünden başga hiç kimsä gerek däl. 7. Gahary gelende ýylgyryp oňaýýar. 8. Göwnüne makul bolmadyk işi hernäçe ýalbarsaňam, pul berseňem etmez. Ýöne günä-sogap düşünjelerinden peýdalanmagy başarsaň, oňa göwnemeýän zadyny-da etdirse bolar. 9. Ýuwaşjadan gürläp, düşündirip ugradygy gaharynyň geldigi. 10. Her ýylgyryp bakany özüne dostdur öýdýär. Göwresi we keşp-keşmeri: Boýy dört arşyn1, agramy ýedi put çemesi. Eginlek. Pälwansypat, ýumruklary tokmak ýaly. At ýüzli. Jadyly gözleri bar. Ol gözlerden sowatly, pähimli, ýürekdeş adamdygy görünýär. Sakgally-murtly. Ezýaka köýnekli, mydama tämiz geýinýär. Geýnişinden gaty baý adamdygy duýulýar. Ilki gören adamynda gowy adam bolmaly diýen oňyn pikir döredýän mydama ýylgyryp duran mähirli ýüz keşbi bar. Ýörände pälwan sypatyna gelişmeýän haýallyk bilen keremara ýöreýär. Iki ýaňagyna iňňäň gözi deýin meň sepelenipdir. Dodaklary pökgerip dur. Atasy: Atasy Artyk han Taňryguly batyr (1841-nji ýylda doglan) hakdaky giňişleýin maglumat 491-nji bukjada saklanýar. Ak patyşany halamaýar. Howply. Gözegçilik astynda. Enesi: Aýnabat Oraz baý gyzy (1854-nji ýylda doglan). Doly maglumat 491-nji bukjada saklanýar. Adaty türkmen aýaly. Howply däl. Aýaly: Nurgözel Jülge Pälwan gyzy. Durun etrabynyň Bamy obasyndan. Nurgözeliň ata-enesi, doganlary hakdaky maglumatlar: «Durun, Bamy. BB198a» bukjada, şeýle hem «Durun, Bamy. Gadam pälwan-2» bukjada saklanýar. Gatnaşýan adamlary: Oba arçynynyň ogly hökmünde ähli gypjaklylar tarapyndan hormatlanýar. Guwak baý, Hanguly baý, Sähet şahyr bilen ýakyndan gatnaşyk saklaýar. Ol üçüsini nämäniň ýakynlaşdyrýandygy häzirlikçe belli däl. Öz çozgun tiresinden bolan Durdy kalaý, Allan, Rejep atly deň-duş ýigitler Annanyýaza müritlige durdular, şeýle hem ol üç ýigit janpenalyk edýärler. Olar mydama ýanlarynda iňlis bäşataryny göterýärler, gije-gündiz onuň ýanyndan aýrylmaýarlar. Gije garawullyk edýärler. Üç ýigidiň gezekleşip janpenalyk edýän wagty-da bolýar. Janpenalar Annanyýazy keramatly adam hasaplaýarlar, onuň üçin ölmegi özlerine mertebe bilýärler, oňa mydama «halypa» diýip ýüzlenýärler. Maglumat aňtawçylar: 8-iň, 11-iň, 24-iň habarlary esasynda taýýarlanyldy. Ýazga geçiren Meýbeker W.T. 4.06.1906 ý. | |
|
√ Duman daganda: Satylmaýan, satyn alynmaýan zat ýok - 28.05.2024 |
√ Köne mülk -14: romanyň dowamy - 18.06.2024 |
√ Ojak - 2-nji kitap -8: romanyň dowamy - 20.06.2024 |
√ Hakyň didary -4/ romanyň dowamy - 29.02.2024 |
√ Ojak - 2-nji kitap - 22: romanyň dowamy - 20.06.2024 |
√ Dirilik suwy -2: romanyň dowamy - 24.04.2024 |
√ Ak guwlary atmaň -2: romanyň dowamy - 28.05.2024 |
√ Dirilik suwy -8: romanyň dowamy - 03.05.2024 |
√ Köne mülk -10: romanyň dowamy - 18.06.2024 |
√ Bäşgyzyl -18: romanyň dowamy - 28.10.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |