22:18 Annanyýaz Artyk / 1-nji kitap -2 | |
Ikinji bap
Romanlar
TÜRKMENIŇ IKI ÝAŞAÝŞY BAR 1. Türkmeniň iki ýaşaýşy bar: onuň bir ýaşaýşy çomrulyk, ikinji ýaşaýşy çarwalyk. Çomry oturanlar älemgoşar öwüşginli, joşgun-hyruçly bahar pasly gelende ygtybarly gara öýlerini düýelerine ýükläp ýazlaga çykarlar. Türkmen maşgalalary sähra gül-gülälek bolup ýazylan her hili peýdaly otlardan dürli-dürli ýokumly tagamlar bişirerler, özlerem iýer, çagalaram iýer. Dowarlar baharyň gelmegi bilen köpelişe durar: enaýyja guzudyr owlaklar giň sährany owaza doldurarlar. Dowarlaryň süýdünden owlak-guzularam ganar, türkmen maşgalalaram ganar. Türkmenler bahar sowlup, otlar gurap, sähraň mazasy gaçansoň, gara öýlerini ýene düýelerine ýükläp oba – çomry ýaşaýşyna dolanarlar. Artyk han oba arçyny bolansoň, öz adamlaryny mal yzyndan ýazlaga iberip, özi çomrulykda galardy, barybir, her aýda iki gezek-bir gezek ýazlaga aýlanyp gaýdardy. Çozgunlar Oýuk oýunda gara öý gurap oturardylar. Bagdada gidýänçä Annanyýaz her ýylyny ýazlagda geçiripdi. Artyk han oglunyň tebigatyň peşgeşinden ganmagyna aýratyn üns bererdi. Bagdatdan gelen ogluny Artyk han ýazlaga äkitdi. Toýuň ulusy – şüweleňlisi ol ýerde boldy. Çünki Annanyýazyň daýy-daýzalarynyň, ýegen-ýegençeleriniň galabasy, çozgunlar, mal üstünde ýazlagdadylar. Olar Annanyýazyň okuwdan gelendigini eşitmesine eşiden-de bolsalar, oba baryp, toýa gatnaşyp bilmändiler. Çozgunlar Gypjakda sargan, peýnir ýasamakda ussat hasaplanýar, asyl goňşy obalarda-da çozgun peýnirine, çozgun sarganyna aýratyn hormat goýulýar. Üç-dört mal soýlup, goňşy oýlardan, guýulardan hem ýazlagçylar çagyrylyp tarhanlyk edildi. At üstündäki oýunlar oýnaldy. Hemmeleriň Annanyýazyň ata çykyşyny, salajyn tutuşyny synlasy geldi. Näme üçin? Belki, Annanyýaz ýedi ýyl elkin ýaşap, lälikleşen bolaýmasyn?! Belki, Annanyýaz ýedi ýyl elkin ýaşap, at üstünde oturmany, at üstünde oýnamagy unudan bolaýmasyn?! Oýun-oýun, ýöne öz obaň oglanynam synagdan geçirmeli ahyryn. Göwresihä ers-mers bolupdyr. Eginlenipdir. Artyk handanam iki barmakboý uzyn görünýär öz-ä göwresi. Göwre-göwre bilen, hany, ol göwräň dogumy neneňsiräk? Obaň adamy bilesigeliji bolýar. Obaň adamy her kişini öz bäş barmagy deýin takyk bilmese, tanamasa, iýeni aňrysyna gitmeýän ýalydyr, ýokumsyz ýalydyr. Wah-heý, sen obadaşlaň gürrüňini edýäň, Annanyýazyň ýedi ýylda neneňsiräk taplanandygyny, näjüre ýigit bolup ýetişendigini hakyt Artyk hanyň hem bilesi gelip dur. Annanyýaz oba gelen pursatyndan bäri Artyk han ýalňyz dogmasyny kä keseden, kä gönüden synlap-synlap ýör ahyryn. Ýazlaga alyp gaýtmasynyň bir sebäbem ogluny ýenem bir ýola synlap görmek üçin ahbetin! Artyk han oglunyň obadaşlarynyň, garyndaşlarynyň arasynda çag-çag bolup açylmagyny isleýär. Tarhanlygy ýöne ýere edenok. Oglumyň göwni joşsun diýip tarhanlyk edýär ol. Oglum daýy-daýzalarynyň arasynda dünýäni unudyp, şatlansyn, ýazylyp-ýaýrasyn, göwnüni bägül deýin açsyn diýip, gazan-gazan tagamlary bişirdýär ol. Adam begenende, şatlananda, göçende hakyky ýüzüni açýar. Ana, şonda adamy ýakyndan tanap bolýar. Başga bir ýagdaýda-da adamy ýakyndan tanap bolýar: başyňa agyr iş düşende. Artyk hana soňky synag gerek däl. Goý, Allatagala Annanyýaz janyň alnynda hiç wagt, öňde-soňda agyr iş, agyr synag döretmesin. Goý, Annanyýaz janyň ömri, hawa, ömri, özem bütin ömri Ýaşyldepedäki, Oýuk guýudaky ýaly giden çemenzarlyk bolsun. Görjegi gowulyk, şadyýanlyk, hoşwagtlyk bolsun, alaýazlyk bolsun! Agöýli neberesi, şir neberesi! Şir neberesi... Ýöne... Ýöne şir neberesi hem garynjadan asgyn gelýär. Hawa, şir garynjadan dat edýär! Garynjadan! Annanyýaz janyň geljegi öňünde. Eý, Hudaý jan, Annanyýazyň öňünde nämeler barkan? Artyk hany öz ýazgydy birjik-de gyzyklandyranok. Ol düýrmegi bilen oglunyň täleýi hakda oýlanýar. Öz oýlanmalarynam Artyk han oglundan ýaşyrýar. Özüni ogly babatda biparh ýaly görkezmäge çalyşýar. Hamraklyk aýal pişesidir. Hamraklyk türkmen ärine gelişýän däldir! Artyk hanyň ýaşyryn tabşyrygy bilen Annanyýaz bilen arapça gürleşdiler. Ba-ba-ba! Hakyt arap adamy ýaly gürläp otyr, zaňňar! Artyk han onuň arapça gürleýşini eşitmedikden boldy. Elbetde, «Tüweleme» diýip, kakasy baha beren bolsa Annanyýazyň depesi gök dirärdi. Ýöne, Artyk han diýmedi. Artyk hanyň ýaşyryn tabşyrygy bilen Annanyýaz bilen parsça gürleşdiler. Eý-ho! Pars diliniň şirin-şekerdigine, owazlylygyna bir gulak salsana! Durşuna owaz, durşuna ýakym. Ýelemuüwlediň ýatkeşligi-hä gowy eken. Nowaýynyň parsça şygyrlaryny ýatdan bilýär-ä. Onça şygry nädip ýadynda saklap bilýärkän? Annanyýaz goşgulary hoş owaz bilen joşup-joşup okady. Göz astyndan kakasyna seretdi. Artyk han äwmedem. Ol nämedir bir zadyň pikirini edýän ýaly, uzaklara seredip, sarsman otyr. Ýazlagda Annanyýazyň at üstündäki oýunlaryna-da, görkezen tilsimatlaryna-da Artyk han «seretmedi». Wah, käte bir seredäýmeli ahyryn! Ýok, ol Tebip (ýaşy ýetmişe ser uran bu gojanyň hakyky adyny bilýän ýok, ol bütin ömrüni dermanlyk ot-çöplerden tebipçilik edip ýörensoň, il-gün oňa Tebip, Tebip aga diýip ýüzlenýärdi, meger, hakyky adyny özem bilmeýän bolsun gerek) aga bilen bir zadyň-a janygyp gürrüňini edýär. Wah, ol gojanyň gitjek ýeri ýog-a, onuň bilen gürrüňi tomaşadan soňam edip boljag-a. Annanyýaz kakasynyň tomaşa seretmegini şeýle bir isledi: ýok, onuň maksady özüni görkezmek däl, Annanyýaz kakasynyň mydama iş-alada diýip ýörmän, käte, mümkinçilik bolanda tomaşa seredip, biraz dem-dynç almagyny isleýär. Ýazlaga gaýdylanda: «Ýazlaga baryp, işallasa, dynç alarys, göwün açarys» diýip, Artyk han aýdypdy ahyryn. Ýok, on gün ýazlagda bolnan hem bolsa, Artyk hanyň dynç alyp oturan wagtyna Annanyýaz gabat gelmedi. Annanyýaz kakasynyň janyna – beýnisine biraz agram bermezligini isleýärdi: kakasyny ýedi ýyldan soň görüp, nebsi agyrapdy, çünki kakasy ýedi ýylyň içinde görnetin garrapdyr. Garrapdyr! Garrylygyň alamaty bolan gasynlar Artyk hanyň giň maňlaýyny tutupdyr. Syrdam kişi bu gün biraz bükülipdir. Ýöne ýüzüniň, gözleriniň mähremligi welin şo-ol öňküligi: gasynlar gaýtam mähremlige mähremlik goşupdyrlar. Gyraw basan sakgal-murty köselejräk. Onsoňam öz deňi-duşlary ýaly sakgalyny, murtuny uzyn däl-de, gysga goýberýär. Gaýdyşyn Tebip aga-da olar bilen gaýtdy. Iki düýe derman otlary. Tebip aga iki aý gowrak çölde bolup dermanlyk otlaryny ýygnapdyr. Ol her baharda, güýzde dermanlyk otlaryny ýygnardy. Soňam näsaglan adamlary şol dermanlyk otlary bilen bejererdi. Onuň çaga-çugasy ýokdy, aýaly bolsa Tebip aga ýaňy pygamber ýaşyna ýetensoň ýogalypdy, şondan soň ol öýlenjegem bolmandy. Oba adamlary ony hiç bir zada mätäç etmeýärdiler. Ol ýerini-de, suwuny-da göterimine berýärdi. Ol dermanlyk otlary, adamlary bejerendigi üçin pul tama etmezdi, mura-mugt berer goýbererdi. Şeýle bolansoň, üznüksiz salgytlarda ol kösençlik çekerdi. Olar oba baranlarynda uýezdden ýörite salgyt ýygnamaga gelipdiler. Her ýyl ak patyşa oba adamlaryndan ýigrimiden gowrak, has takygy, ýigrimi dört gezek salgyt ýygnardy. Her salgydyň öz ady bardy. Bu gezekki salgydyň adyna «Ak patyşa salgydy» diýilýärdi. Illew (asyl ady Ilmyrat bolmaly, ýöne adamlar ony Illew salgyt, Illew gübernatyr diýip atlandyrýardy) salgyt her hojalykdan salgytlary suw paýy boýunça alýardy. Obaň miraby Annam mirap hem oba her gezek salgyt salnanda salgytçylara mejbury goşulmaly bolýardy. Salgytçylar Tebip aganyň öýünden çykyp gelýärdiler. Olar Artyk hanyň gelýändigini görüp saklandylar. Artyk han bilen gadyrly salamlaşdylar. Illew salgyt adaty hal-ahwal soraşmadan soň bilimseklik etdi: – Arçyn aga, bizden edilýän talap şeýle. Kötek güýçli bolanda ýüň gazygyň ýere girýändigini özüňiz bilýäňiz. Ak patyşa ýurtda tertip-düzgüniň bolmagyny bizden talap edýär, salgytlaryň wagtly-wagtynda tölenmegini bizden talap edýär. Ynha, mende her oba hakda giňişleýin maglumat bar – diýip, Illew salgyt kagyzlaryny agdaryşdyryp ugrady. Artyk han Illew gübernatyra nägile äheňde ýüzlendi: – Tebipden näme algy-bergiň bar? – Arçyn aga, hana, öz mirabyňyz Annam. Onuň depderinde hemme zat ýazylan. Men kada-kanundan çykyp bilemok. Kada-kanuny ak patyşanyň özi gelip haýyş edäýmese, gyşartman ýerine ýetirjegim hak. Annam mirabyň hasabynda Tebip aga bir suw paý alýar. Şol suw paýyň ýüzündenem bu goja üç manat tölemeli. – Mende onça pul nireden bolsun? – diýip, Tebip aga titir-titir etdi. – Eý, goja, sen urup aglama. Obada iň baý adam sen bolmaly. Hana, iki düýe derman getiripsiň. Pula öwürseň, puluň ýere-göge sygmaly däl seniň. – Men gelenden pul alyp bilmen-ä. – Mugtam-a bermeýändigiňi bilýän seniň. E-eý, goja, gepiňi köpeltme. Rast, berjek dälmi, düş öňüme. Men seni gözenegiň aňyrsyna geçireýin, ana, şol ýerde seniň bilen şeýle bir «gowuja» gürleşerler welin, derrew pullaryňy nirede gizländigiň ýadyňa düşer. – Men saňa çynymy aýdýan... – Eý, goja, aýagyňy göre sokup otyrsyň, näme, sen ýygnan pullaryňy o dünýä äkitmekçi bolýaňmy? – Eý, gübernatyr, agzyňa ak gelse-de, gara gelse-de samrap durma – diýip, Annanyýaz gaharyna bäs gelip bilmedi. – O-ho, o-ho – diýip, Illew salgyt şelaýyn ýylgyrdy. – Artyk han, eşitdiňmi, ogluň diýen sözlerini. Sen ogluňy ýedi ýyl okuwa iberdiňmi ýa başga ýere iberdiňmi? Ogluň ylym-bilim alyp gelene-hä meňzänok. Ýedi ýylda öwrenen zady bolmandyr munuň. Ýedi ýyl mundan öňem ogluň hut şu ýerde maňa şu sözleri aýdypdy. Ýedi ýyldan soň şo-ol aýdan sözlerini ýene sözme-söz gaýtalady. Ýöne entek gelip ýakamdan-a tutanok. E-eý, okuwa gidip boş gelen ýigit, gel, meniň ýakamdan tutsana. Illew salgyt yrsaraýardy, onuň göhi gelýärdi, dawa isleýärdi. Hakykatdanam, ýedi ýyl mundan öň, Annanyýaz okuwa gitjek bolup ýören uçurlary şu ýerde Illew salgyt bilen sene-mene edişipdi. Illew salgyt Tebip gojanyň depesinden gamçy inderýärdi. Birki gezek urubam lah-lah edip gülýärdi. Hor Tebip goja bolsa ýerde düýrlenip ýatyşyna gamçydan goranmaga çalyşýardy. Gamçylaryň zer-zaw awuşadýan ýerlerini elleri bilen howul-hara sypaýardy. Her gamçy urlanda «hyk» edip zaryn ses edýärdi. Töwerekdäkileriň hiç birisi Illewi saklamaga het edip bilenokdy, asyl ondan ähli kişi daşrakda bolmaga çalyşýardy. Sebäbi sähelçe zat üçinem žandarmeriýany getirip, eliňe gandal urduryp uýezde äkitmegi we hiç bir esassyz üç-dört aý gözenegiň aňyrsynda saklatmagy hiç zatça görenokdy, gaýtam bu eden-etdiliginden tükeniksiz lezzet alýardy. Ol salgydyny wagtynda tölemedik, ýa ýurduň syýasatyndan nägile bolup gürrüň eden adamlary hökman žandarmeriýa tabşyrýardy. Tebibiň urulýandygyny gören Annanyýaz Illew salgydyň üstüne ýolbars bolup topulypdy, onuň elindäki gamçysyny kakyp alyp, zyňyp goýberipdi. Illew salgyt ýaş oglanyň beýle batyrgaý hereketine aňk bolup galdy. Kimiň ogluka bu ele aslyşar ýaly? Niredendir bir ýerden Artyk hanyň atyny çapdyryp gelmegi dartgynlygy aradan aýrypdy. Artyk han Annanyýazy öýüne ugratdy. Şol geçen döwür içinde Tebibiň salgytlaryny, köplenç, Artyk han töleýärdi. – Arçyn aga, belki, bu gezegem Tebibiň salgydyny özüňiz tölärsiňiz? – diýip, Illew ýaňsyly ýylgyrdy. – Ilmyrat, sen arkaýyn bol, Gypjagyň ýüküni men hiç wagt ýüksünmerin. Tebibiň salgydyny hem ýüksünmerin, arkaýyn bol, özüm tölärin, ýöne sen Gypjaga salgyt meselesi bilen geleniňde ilki maňa guk diýmegi özüňe kiçilik bilme. Men obaň arçyny, obaň ýagdaýyny, hojalyklaryň ýagdaýyny men senden gowurak bilýärin. Men saňa işiňi ýeňilleşdirip bererin. Rast, çekmelimi, tölemelimi, çekeris, töläris. – Arçyn aga, siz ýazlaga giden ekeniňiz – diýip, Illew ýuwaşady. Artyk han salgytçylary ugradyp, teblehanada bedewiniň iým iýşine esewan bolup duran ogluny synlady. Aňynda Illew gubernatoryň ogluň ýedi ýylda hiç zat öwrenmändir diýen sözleri ýaňlandy. Oglunyň näme öwrenendigini Artyk han gowy bilýär, ýöne Illew salgyt oňa hiç wagt hem akyl ýetirip bilmez. Annanyýaz Artyk hanyň gözüniň alnynda ulaldy ahyryn. Artyk han ogluna buýsanç bilen bakdy. Ol aňynda kakasy Taňryguly batyr bilen Wasdan gelen gününi ýatlady. Olary toý-baýram bilen garşylapdylar. Öýdäkileriň şadyýanlygyny görüp, ataly-ogul nämäniň-nämedigine dessine düşündi. Taňryguly batyr aýalyna ýüzlendi: – Ogulmy-gyz? – Ogul! Ogul, kakasy, ogul. Buşluk, agtygyňyz boldy. Taňryguly batyr üzeňňä galyp, ogluny gujaklady: – Bolaýdy! Bolaýdy şüý-ä! Indi ölsemem armanym ýok! Taňryguly batyr agtyk toýuny uludan tutdy. «Oglanjyk bize Allanyň nyýazy bolsun-da, hernä» diýip, ýagşy niýet bilen dünýä inen çaga Nyýaz diýip at dakdylar. Oturanlar çaganyň dünýä inen gününiň hem ýagşy gündügini ýatladylar. Şonda «Goý, perzendimiziň ady Annanyýaz bolsun» diýdiler. Oňa Nyýaz hem diýerdiler, Annanyýaz hem. Taňryguly batyr Artyk hana: «Men döwründe ýeterlik sowat-ylym öwrenip bilmedim, ýöne seni ylymly-bilimli etdim. Artyk, menden saňa wesýet, Annanyýazy ylymly-bilimli edip ýetişdir» diýip, göýä bu dünýä bilen hoşlaşyp barýan, iň soňky wesýetini aýdyp ýetişmäge howlugýan ýaly janykdy. Artyk han kakasynyň wesýetine eýerip, Annanyýaza oba medresesinde Esedulla ahunyň elinde başlangyç bilim berdi. Ony özi hem okatdy. Şondan soň Artyk han ogluny Aşgabada äkidip, şol ýerde oglanlar üçin niýetlenilip ýörite açylan klassyky rus gimnaziýasyna okuwa ýerleşdirdi. Annanyýaz gimnaziýada dört ýyl okady. Artyk han oglunyň diňe bir rus dilini däl, eýsem özi ýaly arap we pars dillerini hem suwara bilmegini isledi. Esedulla ahunyň «Ogluň biçak üşükli. Oňa arap, pars dillerini öwretmek gerek. Ol häzirem ol dilleri bilmesine bilýär, gürleýär. Ýöne şol dillerde gürleýän halklaryň içinde ýaşamasa, dili düýpli öwrenip bilmez – ikimiz näme üçin suwara bilýäris?! Sebäbi biz arap, pars dillerinde gürleýän adamlaryň arasynda okadyk» diýip, janykmagy Artyk hany aýaga galdyrdy. Artyk hanyň berk ynanjy şu: rast, Beýik Perwerdigäriň lutfu-keremi birle bu pana geldiňmi, hökman ylym ýüküňi tutmaly. Ylym ynsany durmuşyň ähli kynçylyklaryndan halas edýän, ömrüň ahyryna çenli günemaňy bol-telki üpjün edýän, erbetliklerden, masgara bolmakdan goraýan, özem garramaýan, ölmeýän howandaryňdyr-ataňdyr. Ylym-bilim özüne sygynany bagryna basyp saklaýan hamrak enedir. Ylym-bilim seni şerepde saklajak ömürlik arkadag. Artyk han baky däl, ylym baky, ol ýarawsyzlygyna bakman, on bäş ýaşly ogluny arkadagly, howandarly – ylymly etmek, parzyny bitirmek üçin niredesiň Mekge diýip ýola düşdi. Artyk han ogly bilen Mekgä zyýarat edip, soňam gaýdyşyn Annanyýazy Bagdatda goýup gaýtdy. Ýedi ýyldan soň Annanyýaz sowadyny çykyp, ata ýurduna dolandy. Ol günden bärem üç aý gowrak wagt geçdi. Annanyýaz gelen gününden dört-bäş günden soň kakasyndan näme iş etmelidigi barada maslahat sorady. Kakasy: «Ogul, üç-dört aý dynç al, kelläňe rahatlyk gerek seniň. Özüňe gözel gyz tap, iki aýagyňy dört edeli, ana, şondan soň näme etmelidigiňi aýdaryn» diýdi. Artyk han özüm aýdaryn diýse-de, ogluna anyk bir zat aýdaýanokdy. Çozgundagda bolan gürrüňde-de Annanyýaz kakasyndan anyk bir gürrüň eşitmändi. Şeýle-de bolsa, Annanyýaz gol gowşuryp oturanokdy. Artyk baýyň baýlygy, hojalygy uly, onda ähli kişä ýeterlik iş tapylýar. Göwnüne bolmasa, kakasy hojalygyň garamatyny ýuwaşlyk, duýlar-duýulmaz ýagdaýda oglunyň gerdenine ýükläp barýar. Ýöne ony, köplenç, Aşgabada çagyrýardylar, ol ýerde arap we pars dillerine terjime etmeli bolýar. Artyk han oglunyň terjimeçi bolmagyny köp ýerde özi gurnaýardy, ýöne onuň terjimeçi hökmünde çagyrylýandygyny bilmedikden bolýardy. Annanyýaz her bir işe ýürekden ýapyşýardy. Oba oglanlary bilen hemsöhbet gurmaga-da wagt tapýardy. Birnäçe ýigit onuň ýanyndan gije-gündiz aýrylmaýardy, ony garaşylmadyk betbagtlykdan goraýardylar, penalaýardylar. Onuň aýdýan her bir sözüne hormat goýýardylar. Annanyýaz hem olara yslam hakda, Muhammet pygamber, dört çaryýarlar, şaýylaryň on iki ymamy, yslamda uly iş bitiren türkmen alymlary, serkerdeleri, dünýä ylmy, dünýä pelsepeleri hakda gyzykly-gyzykly gürrüňleri berýärdi. Çagalykdan dostlaşyp ysnyşan Durdymyrat atly dosty – ýöne oňa ejesinden başga Durdymyrat diýýän adam ýokdy. Obada onuň ýörgünli ady Durdy kalaýdy, Durdydy. Kalaý lakamy oňa mundan bäş-alty ýyl öň Buhara argyşa gidip gelensoň dakyldy. «Buharada: «Ýagdaýyň nähili?» diýen söze derek «kalaý» diýilýän eken» diýip, bary-ýogy birki ýerde gürrüň berdi öz-ä. Birki sany dostuna degşip «kalaý» diýdi. Ine, bar bolany şu – Annanyýazyň ýanyndaky ýigitleriň ekabyrragydy, şeýle bolansoň ol öz ýanyndaky iki ýigide ýolbaşçylyk ederdi. Olar nirä gitse, bile giderdiler. Annanyýaz Aşgabada gidip, bir edara ýa-da biriniň öýüne girse, köplenç, olar daşarda garaşar durardylar. Ol ýigitlerden Artyk han mahal-mahal habar alyp durardy, olara ol-bul kömek ederdi, hemem oglunyň ýanyndan aýrylmazlyklaryny zynharlap sargardy. Ýöne ol öz gyzyklanmasyny oglunyň bilmezligini islärdi. Durdy kalaýa öz gyzyklanmasy barada Annanyýazyň bilmeli däldigini berkden berk sargardy. Durdy kalaý, Rejep, Allan atly üç ýigit uzak şähere gidip, medresede okamaga harajatlary ýetmänsoň Annanyýaza müritlige durdular. Bu halypa-müritligiň soňy has berkedi. Üç ýigit Annanyýaza şeýle bir sygyndylar, ony şeýle bir syladylar. Müritlik janpenalyga öwrüldi. Olar Annanyýaz üçin her hili aýylganç töwekgellige girmäge kaýyldylar. Üç ýigit üçin iň esasy zat, obanyň iň sowatly, iň pähimli, iň gerçek ýigidiniň ýanynda bolmakdy, ondan öwrenmekdi, oňa hyzmat etmekdi. Olar şeýle bir ysnyşdylar welin, diňe bir janpenalyk etmän, hojalykda näme iş bolsa – öýdeniçerligem, hyzmatkärligem, bagbanlygam edibererdiler. Nyýazyň özi eline pil alyp baga girse, sen nädip işlemän durup biljek? Annanyýaz ol ýigitleriň yhlasyny boş goýmazlyga çalşardy. Olaryň maşgala eklemegi üçin ýeterlik harajat tapyp berýärdi. Artyk han oglunyň bu tutumyny görse-de, görmezlige salardy. Hakykatda welin, ol oglunyň gep urşuny, edýän işlerini gaty irniklik bilen yzarlaýardy. Ýigitlerden Annanyýazdan nämeleri öwrenýändigini, näme sapak geçýändigini birsyhly sorap durýardy. Onuň her bir sözüni, her bir edýän işini öz ýanyndan pähim eleginden geçirýärdi, baha kesýärdi. Gypjagyň ilerbaşynda – Nusaý galasynyň eteginde Artyk hanyň garyndaşlary, ilen-çalanlary uzyn syrgyn bolup oturardylar. Il içinde-de olara Artyk hanyň syrgyny diýlerdi. Baýy-da bardy, garyby-da, orta daýhany-da. Artyk hanyň syrgynyna bu gün Annanyýaz kethudalyk etmelidi. Birmahallar bu syrgyna Agöýli serdaryň syrgyny diýlerdi. Soň Annamyrat begiň, soň Taňryguly batyryň syrgyny diýildi. Soň Artyk hanyň syrgyny diýildi. Döwür-döwran Annanyýaza dolandy. Birbada Annanyýazyň kethudalygyna adamlar öwrenişiberenok. Annanyýaz özüniň kethudalygyny ilki öz syrgynyna, soňundan goňşy syrgynlara subut etmeli. Adamlar seni ykrar etmeli. Annanyýaz güýji göwresine bäs gelmeýän, berdaşly, süňkbaşy iri, uzyndan nazarkerde ýigit bolup ýetişdi. Ol men baý ogly diýip, saýlama bedew münüp, paýtun münüp şäher sökmedi. Artyk baýyň çölde goýny-düýesi, dagda ýylkysy, gapysynda mydama üç-dört sany seýisde durýan aty, on-ýigrimi baggoýny, daşyndan baga öküzi, sagmal sygry bardy. Elbetde, olara seredýän öýdeniçerlerdi. Emma öýdeniçerler sereder diýip durman, Annanyýaz bir talabandan artyk işlemese, kem işlemezdi. Ot orup bede hem ederdi, goýun gyrkyp, owlak-guzy hem seçişerdi. Dag etegindäki degirmenine hem mahal-mahal aýlanar durardy. Artyk han onuň tutumyny, edýän işlerini öz ýanyndan unaýardy. 2. ...Gökdepe ýarasynyň ýüzi çala bitip, durmuş akabasyna girip ugrapdy. Şagadamdan Aşgabada, Aşgabatdan Mara, Marydan Guşga, Marydan Çärjewe demir ýol çekilipdi. Aşgabat gurlup gidip otyrdy, ilaty köpelýärdi. Aşgabadyň töweregindäki obalaryň işem köpelipdi, girdeji-gazanjam köpelipdi. Uly şähere gök-ak gerekdi, özem köp gerekdi. Baýlaram, garyplaram mülküne, mellegine dürli otlardan hyýar-pomidora çenli ekerdiler. Aýratyn hem gawun bilen garpyzyň hyrydary köpdi. Şonuň üçin gawun-garpyz ekmek esasy pişä öwrülipdi. Joýalap, çeşme-bulak suwuna hem ekilerdi, düme-de ekilerdi, oýtak ýerlere hem ekilerdi. Annanyýaz işe höwesekdi, näme iş etse, eli gelşer barardy. Men baý, men dünýäniň keýpi-sapasyny görmäge geldim diýen düşünje onda ýokdy, özge biri iş edip durka, gapdalyndan garap durjak ynsap hem onda ýokdy. 3. Ogly okuwdan geleli bäri Artyk han, toýa-tomga Annanyýazy iberýärdi, ol ýarawsyzdy, endamyndaky sansyz ýaralar ýyl geçdigiçe özüniň bardygyny bildirýärdi, garradygyça derdi artyp barýardy. Artyk hany bolsa ýokarsy Tejen, aşagy Gyzylarbat, eýlesi Sumbar, Garrygala, beýlesi Ýerbent ortada tanamaýan barmy? Galyň-galyň baýlar toý tutup, ile çörek berýärdi, baýlary, han-begleri, baýarlary çagyryp, at-sarpa goýýardy. Ol toýlaryň haýsy birine gitjek? Gitmeseň bolsa – toý bile ýas gezekli çemçe – özüňe-de gezek gelip dur. Annanyýaza toýam iş boluberýärdi, ýöne ony Artyk han belli-belli toýlara ibererdi. Durmuş abadan bolansoň toýlaram uludy, tutumlydy. Gapysyndaky malynyň sany kyrka baran türkmen türkmen-dä, ganynda galan kyrk günlük toýuny tutaýjak bolýardy. Bir ýola Akdaşaýakda Mommak baý ogul öýerdi. Döwletli baý, her inisi bir deräniň şiri, Aşgabatda uly emelde agasy işläp ýören baý ýedi gije-gündizläp uly toý berdi. Kesearkajyň men diýen bagşylary ýygnanyp, her gije daňdana çenli aýdym aýdýardy, her gün kyrk gulakly gazan atarylyp, dürli tagamlar bişirildi. Her gije atly bagşylar aýdym aýdýar diýip eşidensoň, Annanyýaz Durdy kalaý bilen hem-ä göreşe tomaşa etmek, hemem bagşy diňläp, gulaklaň posuny açmak niýeti bilen toýa geldi. Gün öýleden agansoň, göreş başlandy. At gaýtarym ýeri ýöne mähelle bolup durdy. Göreş gyzyp başlady. Barly adamyň tutumy hem başga. Göreşiň emini bäş-alty tutluşykdan soň baýragyň öküze barandygyny jar etdi. Eminiň edil şu jaryna garaşyp duran dek, mähelläniň günbatar tarapyndan bir gara pyýada orta çykdy, ozal görlen pälwanlardan däl ol. Gara çoýundan guýlan ýaly, zaňňar, baldyrlary gorküýze ýaly, gollarynyň hersi bir tarapda gerlip dur, boýny kellesinden tas iki esse ýogyn. Silkinende endamynyň etleri ýarym sagat endireýär. Ol pälwan ugrunyň howuny basdy. Howy basmaz ýalam däl, küme ýaly o zaňňar adam tohumyndan däl ýalydy. Megerem, pälwana eminiň haýýady göçäýen bolarly, esli salym demini çykarman pälwanyň bir o çetine baryp seretdi, bir bu çetine baryp seretdi. Öňüne pylan pälwan çykar diýen ynanjy bolsa-bolmasa, gygyrandan boldy. Eminiňki, näme, gygyrmak bilen, göreşe şowhun-wazaň bermek bilen. «Pälwan bilen kim tutluşjak-how. Soňundan armanly boldum diýmäň-how» diýip, emin öwran-öwran gaýtalady. Pälwanlar çykmady. Dogry edýärler çykman. Bu zaňňar bir ýeriňden tutsa kül etmän goýmaz. Eý, Hudaý! Türkmeniň heleýlerem dogmalymyş diýseler, hakyt pilmahmyt dogrup oturyberýärler, heý, munça-da bir zat dogurmak bolarmy. Kimdir biri: – Beriň ýigide baýragy, ony ýyksaň hem biabraý borsuň, ýykylsaň hem – diýip gygyrdy. Emma oňa üç ýaşar öküzi beräýjeklermi? Onuň namysy näme? Mähelle bitewi bir pikire, buýsanja, namysa öwrüläýýär-ä. Bu mahal mähelläniň garşysyna çykyp bolmaýar. Mähelle-de, öz obasynyň adamlaryna gaty beletdir. Özi hakda aýtmaly bolsa, suwytly bir zat aýdyp bilmez. Ýöne obaň pälwanlarynyň welin sallançagyny özleri üwrän ýalydyrlar. Haýsy pälwan bilen kimiň ýakalaşyp biljegini göni aýdarlar. Aýdanlaram dogry çykar. Mähelle Annanyýaza belet, onuň hiç bir pälwandan asgyn däldigine-de belet. Çyksa, köplenç, baýrak aljagynam, hiç bir ýerde göreş tutanyny görmedik bolsalaram, açyk bilýärler. Oňa göreş tutmaga kakasy Artyk hanyň rugsat bermeýändigi, ýogsam Kesearkaçda öňüne çykyp biljek pälwanyň bolmajakdygy, Bagdatda ýedi ýyllap baş pälwan bolandygy hakda çyna berimsiz myş-myşlar böwenjik deýin günsaýyn çiş alýardy. Şeýle-de bolsa toýuň mähellesi bu gün Annanyýaz orta çykar, göreş tutar öýdenokdy. Annanyýazyň özüniň hem hyýalynda göreşe çykmak ýokdy. Onuň esasy küýsegi agşamky aýdym-sazy diňlemekdi. Ýöne göreşiň humary ony heýjana salýardy. Ol bitginli pälwany göwnüýetijilik bilen synlap otyrdy. Eýýäm onuň bilen ýakalaşyp görmek niýetine münüp, Garahan döw bilen göreşilende nähili emelleri ulansa boljakdygy barada öz ýanyndan ölçerip-döküp otyrdy. Mähelle pälwana öwrülipdi. Mähelläniň bitginli pälwany gübürdedip ýykasy, heziller edinesi gelýärdi, köp-köp ýigitler özleri bilmezden hyrçlaryny dişläp, ýeňlerini çyzgap, öňe-öňe omzaşýardylar, ýöne, hudaýa şükür, hiç kim görmeýärdi. – Atly pälwanlaryň ýokdugyny bilip gelen pälwan diýerler oňa – diýip, birki adam hyrçyny dişledi. – Goýa, atly pälwanlar ýok diýip, ortany boş goýjakmy, zaňňarlar – diýip, derrew bu pikire garşy çykdylar. Tapdylar bir ämert-sämert pälwany. Agyr göwresini göterip orta çykdy. Birinji tutluşykda olaryň güýçleri deň ýalydy, ýöne ikinji tutluşykda nätanyş pälwan özüniň ökdeligini etdi. Garşysyna çykan pälwanyň asgyndygy duýuldy. Üçünji tutluşygyň başynda-da göreş gutardy. Nätanyş pälwan garşysyna çykan pälwanyň üstünde maslyga gonan çaýkel ýaly hekgerip otyr. Nyýaz ol pälwany öz ýanyndan Garahan döw diýip atlandyrdy. Öküzi alyp, türkmen sypaýylygyny saklap ortadan hem çykmady. Emin Mommak baýyň iner goýandygyny jar etdi. Bir billeşip iner alyp çykjak bolup durka, Garahan döw ortadan çykarmy? Gökdepeli bir pälwan çykdy, Garahan döw çykan badyna hem pälwany agdaryp urdy, millet ala şowhun boldy, emma Garahan döw ikinji, üçünji gezek ol pälwany aňsatlyk bilen ýykdy. Baýraga bedew at goýuldy, emma Garahan döwüň garşysyna çykan bolmady. Emin gygyrdy, emma dördünji gezek hiç kim çykmady... Gypjakly obadaşlary bilen göreşiň bir gyrasynda duran Annanyýazyň dünýäsi birden üýtgedi. Ortany baglan baş pälwan aňyndan uçdy. Dünýäsi başga dünýä geçdi. Başky görnüşden, ortany baglan pälwandan atdanlykda gözi düşen ikinji dünýäsi ony büs-bütin özüne bendiwan etdi. Onuň dünýäsini hakyt çepbe çöwürdi. Ýaňyja-da pälwana seredip galkyjaklan Annanyýaz eýýäm düýbünden başga dünýädedi, başga haldady. Häli ýaglyga towsulanynda bölek-bölek gyzyl sülgün horazlary ýaly bolup duran gelin-gyzlaryň arasynda onuň gözüne bir gyz sataşdy. Ol beýleki gyzlardan garyşýarym-iki garyş saýlanyp durdy, giň maňlaýy, uzyn guw boýny hünjüli, eginleri terezilenip duran gyzyň nazary bilen Nyýazyň nazary sataşypdy. Gyzyň gözleriniň garasy şar gara, agy gözüň ýagyny iýip barýan ak. Kirpikleri içýanyň guýrugy ýaly gaňtarylyp dur, dört örüm saçlary hem hol dyzdan aşakda... Gyzyň şar gara gözlerinden ýyldyrym çykdy. Annanyýazyň göwnüne bolmasa, otly ýyldyrym göýä naýza bolup bir bada iki garagyndanam girdi gitdi. Tutuş göwresi lerzana gelip, ýagyrnysynyň ýüzünde gök gümmürdisi ýaly sowuk jümşüldi dabanyna çenli yzarlap gitdi. Ol bu gudrata haýran galyp, ýaňadan gyza garady. Gyzyň gözlerinden ýene ýyldyrym çakdy, göwresi goduklap, dünýäsi terse aýlandy. Ol gara der basanyny duýdy, aljyrady, derini çalmaga ýaglygyny hem tapyp bilmedi. Emma gyz weli söýgi hudaýy ýaly kirpiklerini-de gyrpman, nazarlaryny-da üýtgetmän, şol seredip dur. Annanyýaz gyzyň gurbany bolup, näçe durandygyny hem unutdy, nirede durandygyny hem unutdy, herhal, Durdy kalaý onuň goltugyndan goluny geçirip, märekeden alyp çykdy. – Masgara bolýaň-ow, Nyýaz jan!.. O meňli gyz seni jadylady... – Haýsy gyz? – diýip Annanyýaz başga dünýä – Durdy kalaýyň dünýäsine gelip bilmän, öz dünýäsinden güňlenç gürledi. – Haýsy? Haýsy?.. Endam-janyňa bir seret, köýnegiň, donuň sykybermeli gara suw! Kirpikleriň, gaşlaryň çirkizilipdir, murtlaryň gara ýanyk... Ýene haýsy gyz diýen bolmaň näme? – Goýsanaý, Durdy!.. – diýip, Annanyýaz düşen ýagdaýyny boýnuna almajak boldy. – Ol gyzy il-güne wejera etdiň sen, halys... Görgüli senden gözüni aýryp bilmän, gaplaň, şir-peleň gören keýijek ýaly dur jadyňa baglanyp... Dogrudan-da, Annanyýaz gudrata duşupdy, ençe yşky kitaplary okan-da bolsa, ol gyzlarda beýle gudrat bolýandyr öýdüp, ýatsa-tursa düýşüne-de girmezdi. Ol Garybyň, Tahyryň, Mejnunyň yşkynam hälki bagşylaryň wazaň bermesi diýip düşünerdi. Ynha, indi bolsa şol gudrata onuň özi uçrady. Ol başga dünýädedi, hamana, ýerden däl-de, howadan ýöräp barýardy, gollaryny çala herekete getirse, ol asmana göterilip giderin öýdýärdi. Durdymyradyň sesi bolsa allowarralardan çybynyň jyňňyldysy ýaly bolup eşidilýärdi... Häliden bäri Annanyýazyň erk-ygtyýaryny alyp duran şol jadyly, başga dünýäden gelen hüýr-periniň algyr nazarlaryna meňzeýän beýhuş ediji, erk-ygtyýaryňy alyjy gudratly, mähirli, owadan nazarlar ýene oňa dikilipdi... Ol şol gözleriň jadysyna döz gelip bilmän, gara suw bolup durdy. Göreş giden giň meýdanda geçýärdi, meýdanyň aşak tarapynda bolsa köne galanyň ýykyklary beýik depe bolup durdy. Ana, şol depede bolsa aýallar, kempirler, gyzlar-gelinler durup göreşe tomaşa edýärdiler. Dogry, olaryň duran depesi göreşden on-ýigrimi ädim daşdady, iki-üç metr hem beýikdedi, ýöne aşyk gözleri üçin ýakyn-daş menzil bolýarmy näme? Annanyýaz ile syr bermejek bolup, kä göreşe bakan bolýardy, kä gabak astyndan gyza bakýardy. Gyz bolsa, hamana, doňdurylyp goýlan ýaly, iki şar gara gözlerini Nyýazdan aýyrmaýardy... Garahan döwe garşydaş tapylmady. Emin, ýaşulular, kyn hem bolsa, myhman pälwana baýragy berjek wagtlary Ýelli par atylyp orta çykdy. Märeke ony göreşe çykandyr öýdüp gülüşdi. Ýelli par: – Ýok, ýok! Billeşmän baýragy berip bolmaz! Haw, ýegen! Ýegen, nirede sen? – diýip, ol elewräp başlady. Ýelli par terse bakyp duran ýegeniniň – Annanyýazyň ýakasyndan ebşitläp, gepine-sözüne gulak gabartman, ony orta çykardy. – Ýykylsaň, ýer göterýär, ar bolar, çyk hany orta! Göreşiň emini gygyrdy: – Ah-ow, adamlar, Gadam pälwan bilen Bagdatda okap, ahun çykan Artyk hanyň ogly Annanyýaz göreşýändir-how! Annanyýaz orta çykanyndan soň düşen ýagdaýyna göz ýetirip ugrady. Ol bu agyr märekäniň duran dünýäsine zordan geldi, görse, alnynda läheň gara pyýada dur garagaçak ýylan ýaly şar gara bolup... Özem jöwençiniň diňi ýaly, Annanyýazyň dördüsini goýsaň, agramlary barabar boljak! Emma nädip Annanyýaz indi ortadan çyksyn? Namys bolar! Onda-da şar gara gözi ýyldyrymly gyzyň ýanynda... Garahan döw ýaly gap-gara zaňňar «hüwf» edip başyny ýaýkady: – Häý, gutaran millet!.. Baýyň berenine gysylýar... Ne gözel ýigidi getirip maýyp etdirjek bolýaňyzmy? Ynsap ediň, zaluwatlar! – Sen güp-güpüň daşda et, hanha maýyp edip bilýän bolsaň!.. Sen onuň kimdigini bilseň, häkije sesiň yzyna gidäýse nädersiň – diýip, Ýelli par zarp urup, pöwhe-pöwhe pagtabendi goýberdi. Annanyýaz ýyldyrymly gyzyň dünýäsinden çykyp, diňe bir zady bilýär. Ol içinden: «Eý, Alla jan, öňde-soňda ýeke ýola dilegimi bitirjek bolsaň, şu sapar bitir, meni şol gyzyň öňünde masgara etme! Alla jan! Soň näme dilesem bitirmäý, ýöne şu sapar öňde-soňda etjek goldawyňy gaýgyrmaweri!» Annanyýaz atly pälwanlar bilen billeşip ýykyp, ýeke öýliň horazy ýaly hüwjerip ýören pyýada bilen billeşdi. Garahan döw derek ýaly syrdam agajet, süňk-saňk bolup duran ýigidi çopan badagy bilen almakçy bolup, özüne dartyp ugrady, emma Nyýaz ýaş pälwanlaryň edişi ýaly gaça göreşdi, her hili emel edilse-de, emele barmady. Annanyýazyň aňynda: «Her etmeli, hesip etmeli, ýykmaly» diýen pikir berk ornapdy. Ol çykalga gözleýärdi, ol bu daýaw pälwany nädip ýykyp boljagynyň ýoluny gözleýärdi. Belki, ýadadyp ýykyp bolar? Öz-ä daýaw göwre. Annanyýaz daýawdan etlek pyýadany ýadadyp, daljykdyryp alyp bilmejekdigine göreşiň birinji öwrüminde göz ýetirdi, şonuň üçinem sag egnini onuň gerdenine diräp, golaýyna getirmedi. Bular köpri bolup kä märekäniň o çetine, kä bu çetine gidýärdi. Ilerbaşda egnine gyrmyzy dony ýelbegeý atynan rus ofiseri durdy, meger, ol uly derejelidir, gapdalyndaky kapitan hozanaklap, aldygyna oňa bir zatlar düşündirýärdi. Mommak baý hem ulus-ile göz edip, baýaryň ýanynda durdy. Mommak baý, hamana, haýsydyr bir perişdäniň ýanynda duran ýaly, ýüzi gülüm-ýalymdy... Garahan döw daljygyp ugrady. Beýdip uzak gidişip ýörse, özüniň güýçden gaçjagyny bilip, peýläp-peýläp ahyry Annanyýazy nagra dartyp bir gygyryp özüne dartdy, hamana, onuň şeýtjegini bilip duran ýaly çalasyn, çeýe Nyýaz hem ony özüne bat bilen silkip dartdy, oňa garaşmadyk agyr göwreli zaňňar iki dyzyna çökäýdi. Eger başga biri bolanda gapdala hem bir silkip goýberse, atly pälwan dyzy gaňrylyp, ömürlik göreş bilen hoşlaşyp maýyp bolýardy, emma ol emeliň bardygyny bilse-de, Annanyýaz beýle zulum etjeklerden däldi. Garahan döw emeline çolaşyp namyrat boldy. Ol guşakdan goluny hem goýbermän ýaňadandan tutluşyp gitdi. Baş pälwanyň gahary geldi, endamy titir-titir edýärdi. Nyýaz ýarym sagat bäri diňe onuň emellerine garşy göreşip gelýärdi, Garahan döw ol ýene şeýle usulda göreşer öýdüp garaşýardy. Emma birden Annanyýaz silkinip sag egnini onuň döşüne gabatlap bir silkende on putluk zaňňary ýagyrnysyna alyp ýeriň ýüzüne çalyp urdy. Birki hepdeden bäri agdarylyp, suwlanyp malgam edilen göreş meýdanynda tozan turup gitdi. Güňlenç gürpüldi bilen ýer sarsyp gitdi. At gaýtarym ýere sygman duran ilat ala şowhun bolup gygyrýardy, gülüşýärdi. Emin bolsa sesiniň ýetdiginden: – Artyk hanyň Bagdatda okap gelen ogly Annanyýaz ýykandyrla-haw... Gypjakly Artyk hanyň ogly ýykandyrla-haw... Nyýaz jan ýykandyrla-haw... – diýip gygyrýardy. Ýerde çalam-çaş bolup ýatan Garahan döw goluny guşakdan goýbermän üstünde ýatandan sorady: – Artyk hanyň ogly?!.. Taňryguly batyryň agtygy-ha dälsiň-dä!.. Annanyýaz baş atdy, özi turdy, goluny guşagyndan aýyrman oňa hem turmaga medet berdi. Ýelli par üçünji gezek hem göreşjekdirler öýdüp ala goh bolup orta geçip, dessine Nyýazyň guşagyny çözmäge başlady: – Iki gezek ýykyldy, tamam, göreş tamam! Getiriň Mommak baýyň bedewini!.. – Pälwan aga, aýyplaşmaweriň... Aý, bu bir tötänlikdir, men häki bir göreşip ýörenem däl... Göreşiň keýpini Ýelli par görýärdi, ol ortada ala-goh bolup, hamana, Garahan döwi özi ýykan ýaly bolup gykylyklaýardy: – Maýyp etdirjekmi diýen bolýar-a! Päheý-de weli... Ýykylanda ýer sarsdy özüniňem... A-haw, getiriň ahyry bedewi... Üstüne agyr haly atylan gyr bedewi getirdiler. Ýelli par märekäniň ortasynda bedewi aýlandyryp ýör. Annanyýaz çemini tapyp aşak tarapa – gyz tarapa seretdi. Gyz ýokdy. Ýaňagy meňli gyz ýokdy, onuň ýaňyja şugla saçyp duran ýerinde başga bir gyz durdy, ol gyzda meňem ýokdy, owadanlygam, jady-da. Nyýaz ýiti-ýiti seredip, gyzlaryň içinden hälki gyzy tapyp bilmedi. Eý, Alla jan, ol gyz Nyýazyň gudratyny görmedimikän?! Mommak baýyň ýigitleriniň biri gelip: – Pälwan, ýör, seni baýar bilen baý agamyz çagyrýar – diýdi. Olar ilerbaşdaky aýratyn myhmanlaryň duran ýerine bardylar. Mommak baý: – Berekella, inim! Sen Artyk hanyň oglunyň etjek işini etdiň! Berekella! Artyk hanyň şir ogly bar eken! – diýdi. Ol entegem köp gürlejekdi, ýöne ýylgyryp duran egni gyrmyzy donly baýaryň gahary geläýmesin diýen howatyr bilen esasy gürrüňe geçdi: – Baýar bolköýnek seniň bilen gürleşjek diýýär, sypaýyja bolup gürleş... Baýar bolköýnek dilmajyna: – Ýigidiň adyny sora? – diýdi. – Adym Annanyýaz, Artyk hanyň ogly, Gypjakdan borun – diýip, Annanyýaz dilmaja derek jogap berdi. Bolköýnek gaşlaryny gerip, gözlerini höwlendirip geňirgendi. – Men Aşgabadyň oglanlar üçin klassyky rus gimnaziýasynda okadym. – Gör, nähili gowy! Ba-a! Bo-o! – diýip, Koşmann Annanyýazy gujaklady, arkasyna kakdy. – Seniň ýaşyň näçe? – Ýigrimi üç. Baýar sag golunyň süýem barmagyny ýokaryk galdyrdy: – Beýdip göreş tutdurmak bolmaýar, ol senden üç esse agyr... Seniň süňkleriň zeper tapar, diňe öz agramdaşyň bilen göreşmeli... Dünýä şeýle edýär, bu zatlary siz bileňzok, türkmenler! Men bilýän dünýäň ösen kada-kanunlaryny. – Men: «Bu pälwan menden agyr» diýip dursam, il näme diýer, aýyp bor ahyry. Bolköýnek hezil edip güldi, ýelbegeý atynan gyrmyzy donunyň syýnyny göterip, ýanbaşyndan owadan sapançasyny alyp: – Ynha, pälwan, menden saňa ýadygärlik! Al, göter, sen ýarag göterip ýurduň gullugynda durmaly ýigitlerden ekeniň! – diýdi. Baýar bolköýnek Mommak baý bilen gürrüň tamamlanýança märekäniň aglabasy dargaberipdir. Iň erbedem, köne galanyň üstünde duran gyz-gelinler gidipdir. Baýrak geldi. Abraý geldi. Gyz gitdi... 4. Ýok! Gözleriniň garaçygy şar gara gyz, al ýaňagy meňli gyz ýok! Ýok! Toý dowam edýär, şowhun al-asmana galýar, oglan-uşaklar ibirtde-zibirt, bagşylaryň sesi dünýä ýaň salýar, nahar çekilýär, emma gara gözli, galam gaşly, ýaňagy hünji ýaly meňli gyz ýok! Kesearkajyň düzünde asman bilen Zeminiň arasynda Mommak baýyň toýy deňiz bolup joş urýar, mähelle gyryň daşy ýaly. Bu ýerde islän zadyň bar. Bu ýerde islän kişiň bar. Emma dört örüm saçlary dyzyndan geçip duran perizat gyz, Annanyýazy endireden gyz welin ýok! Annanyýaz şol gözelli uçmahy hyýaly dünýäden çykasy gelmedi. Emma gyz-da ýok, ol jenneti dünýä-de. Ol gyzy gören dünýäsini agtarýar. Oňa berekella berip goluny gysýanlaryň öwgüsem, şatlygam, şowhunam – hiç zat gerek däl. Ol diňe bir zady bilýär, eger basym ol gyzy göräýmese, ýüregi gursagyndan atylyp çykar. Emma edep-ekram, ejap diýibem bir zat bar. Ar bile namys-da bar! Görseň görüpsiň-dä, bir gyzyň gözünde gudraty! Ýat obada sen kimden sorarsyň ol gyz kimiň gyzy diýip? Sorap gör, çünki ol gyz barada ol obalydan soramak obanyň namysyna degýär! Annanyýaz pikirlenip bilenokdy, ýöne hökman şol gyzy görmelidigini bilýärdi, görüp bilmejeginem duýup başlady, çünki uly gyzlar, ýaş gelinler gelinalyjy geläýen uçurlary gelýär, ýaglyga towsulanda, käte göreşe-de tomaşa edýär, dessine-de olar toýdan gaýdýar. Kada şeýle! Annanyýazyň bir gapdalyndan Durdy kalaý azar ýamanyny berýär: – Akylyňa aýlan, bolup ýörşüň dagy näteňet!.. Beýle ýanyndan Ýelli par azar ýamanyny berýär. Onuň ýegeni göreşde ýeňipdi. Ol ýegeniniň golundan tutup atly baýlaryň, baýarlaryň ýanyna alyp baryp, ýegeni bilen öwünjek! – Gördüňmi, seni göreşe men çykarandyryn! Men seniň Gadam pälwany gara ýere süsdürjegiňi düýşümde gördüm ahyry! – diýip, Ýelli par elewräp ýör. Üsti halyly bedew hem yzynda. Nyýaz daýysyna birnäçe gezek: – Daýy, göreşe çykaranam sen, baýragyň eýesem sen, gyr bedewi yzyňa tirkäp aýlanyp ýörmän, gaýdyber öýe! Bedewem seňki, haly-da seňki! – diýip gördi, emma daýysy göreşde ýykan ýegeniniň arkasyndan abraý gazanýardy, tohum-tijini magtap öwünýärdi, ol heý beýle lezzeti zada çalşarmy? Annanyýaz Ýelli pardan dynmagyň alajyny tapdy: – Daýy, sen durkaň, kakama söýünjini keseki eltse nähili bolar? Kakaň saňa näme diýer? Sen ony begendirmäniň deregine toýda ters aýlanyp ýörmäň näme?.. Seniň ornuňa baryp biri söýünji diýer, Artyk han, näme, bu gyr bedew bilen hala bilini agyrtdymy, berer goýberer söýünji diýip barana ikisinem! Sen bolsa kakaňdan tommakaýly gep eşidersiň! – Hä, orsuň-arabyň okuwyny okan-da... – diýip, Ýelli par gözlerini mölerdip durdy. – Ras aýtdyň, men durkam, özge biri buşlap barsa bolmaz! Artyk ýegenem näsagrak adam, bu hoş habar derman bolsa bildiňmi? – diýdi. Durdy kalaý Ýelli para gop berdi, Ýelli par üsti agyr halyly ata münüp, toýdan çykyp tozgalap zut gitdi, niredesiň Gypjak diýip. Durdy kalaý uludan demini aldy. – Daýyňdan-a dyndyk, indi ikimizem abraýymyz barka gidäýeli... – Biz gelemizde bagşy diňlemäge geldik ahyry... – Nyýaz, seniň perziň üýtgäpdir, seniň ýüzüňde gan-pet ýok, gözleriň däliniň gözleri ýaly, eýmenç bir ýiti yşyk bar... Aşyk bolanlygyň daşyndan bildirip dur... Seniň aşyk bolanyňy bilseler, bu obaň ýigitleri dek oturmazlar. Häzir bir erbetligiň üstünden bararys, iň gowusy, häzir gideli. – Durdy kalaý birden Annanyýaza ýüzlendi: – Ýogsa-da Ýelli par bilen nädip daýy-ýegen bolýaň-aý sen? – Durdy jan, şona-a kakam hem bilenok, ejem-de. Ýelli baý kimi görse, şonuň bilen daýy-ýegen bolaýýar öýdýän. – Şeýle diýsene. Iki sany daýaw ýigit bilen Gadam pälwan haýsydyr bir jaýdan çykdy-da, göni Annanyýaz bilen Durdynyň ýanyna ugrady. Olar gelip ýetişýänçä beýleden atyny dabyradyp Ýelli par hem geldi. Gadam pälwan gelşine ýene Annanyýaz bilen elleşip görüşdi: – Inim, tüweleme, sen uly pälwan bolarsyň, men saňa bir ak pata bereýin! Ýelli par hüwjerdi: – A-haw, pälwan, sen göreşde ýykylan halyňa ak pata bereýin diýip dursuň-la! Sen olar ýaly pataly-tagsyrly bolýan bolsaň, ýegenden al ak patany, ana şonda göreşseňem bolar, ýakalaşsaňam bolar! – Daýy!.. Daýy!.. Pälwan rast aýdýar. Ol uly pälwan, ýaşuly pälwan, atly pälwan! Men ýykanam bolsam, tötänden ýykdym... Men nire, Gadam pälwan nire? – diýip sypaýyçylyk etdi. – O nä tötänden bolýamyş! Myhman pälwan gürpüldäp ýykylanda gara ýer goduklap, Akgalanyň top okunda ýykylmadyk diwary ýykyldy... – diýip, Ýelli par ýandak ody ýaly wazyrdap ugrady, birdenem gözi Nyýazyň gözüne düşdi, sözsüzem düşündi... – Bor, bor, ýegen, men gitdim... Şu gezek çynym bilen gitdim... – diýip, näme üçin yza dolanandygyny aýtmagam unudyp, güw gitdi. Ýelli par gürläp durka Gadam pälwanyň – Garahan döwüň şar gara ýüzüniň gyzaryp, agaryp gidendigini görüp, Annanyýaz hapa boldy: – Pälwan aga, aýyp-syn etmäweri, söwdagär adam ol, olar haryt tanasa tanar, adam tanamaz... Ak patany bolsa ýeneki bir toýa goýaýaly, eger oňlasaňyz! – diýip, mylaýym sözledi. – Bolar, inim, bolar! Öýlendiňmi? – diýip, Gadam pälwan sorady, Annanyýaz başyny yrady. – Onda öýlenen toýuňa çagyrmasaň, örän öýkelejekdirin! Seniň garry ataň Taňryguly batyr bilen meniň garry atam Jülge pälwan hem göreşipdir... Ony, nesip bolsa, seniň toýuňda aýdyp bereýin... – Hä, Pälwan aga, bu gürrüňi jotdarak goýduň. Men öýe baryp, Gadam pälwan atam Taňryguly batyr barada bir gürrüňem bilýän diýdi diýsem, kakam Artyk han: «Ataňy tanaýan adam, onda-da ýat pälwan adama duşup, ony hem öýe myhman alyp gelmänsiň, köpeý ogly!» diýmezmi?!. Pälwan aga, hökman Artyk hanyň ýanyna baryp, bir çaýlap geç... – Inim, bu gezek aýyplaşma, men gyssag yzyma aşmaly, ýene üç günden Gyzylarbadyň atly baýy Taba baý toý edýär. Men ol toýa barmasam, Taba baý o dünýe, bu dünýe menden gaty görer. Bäherdene ýoluňyz düşse, meniňkä myhman baryň. Siziň aslyňyz hem Bäherdenden ahyryn. Meniň öýümi tapmak aňsatdyr: «Gadam pälwan» diýseňiz, Bäherdende tanamaýan bolmaz. Menem, nesip bolsa, öýlenseň, hökman toýuňa gelerin. Artyk han bilenem çaýlaşaryn. Hudaý nesip etse, entek kän gatnaşarys. Garasaý, Gadam pälwan Annanyýaz öýlenende hökman toýa gelmegi wadalaşdy. 5. Ilkagşamdan aýdym-saz başlandy. Türkmeni tanajak bolsaň, aýdym-saz diňlet. Türkmeniň kimdigini biljek bolsaň, aýdym-saz diňlände bolşuny synla. Ömür-ha begenmeýän, ýylgyrmaýan, joşmaýan türkmen hem dutar çalnyp ugradygy galkyjaklaberer. Galkyjaklaberer! Ol serden geçer. Şol pursat näme sorasaň berer, elinde kän-kän puly bar bolsa, sora, pikirinem etmezden berer goýberer, iň esasy zat – sen onuň mukam diňlemegine päsgel bermeseň bolanydyr. Aýdymy diňe bagşy aýdanok, ýo-ok, bagşy diňe başlaýar, daşyna egele bolup oturan mähelläniň ählisi bagşydyr, sazandadyr, olar bagşy bilen deň jukguldaşyp, deň gopup barýandyr. Allatagala Adamata jan berjek bolanda saz çalypdyr, ana, şol saza melul bolup jan adamyň içine giripdir diýýärler. Adama jan berlende, meger, türkmen mukamy çalnan bolsun gerek. Türkmeniň mukamy Taňrynyň bendesiniň janyny nädeýin diýse edip otyr: janyny alybam bilýär, içine täzeden girizibem bilýär, al howada laçyn guş deýin uçurybam bilýär. Türkmeniň bu sazymy?! Türkmeniň mukamy adamyň on iki synasyny sülük deýin bire-bir yzlap barýar ahyryn. Ýöne, jan adamyň bedenine sazyň kömegi bilen giripdir diýen pikiri Annanyýaz oňlamaýar. Ol ýaşaýşyň özüni saz hasaplaýar. Bu dünýä saz, bu dünýä owaz. Ony diňlemegi başarmaly. Bagdatda Annanyýaz gije bir çene baranda hüjräniň içinde joşup-joşup dutar çalardy, ana, şonda türkmeniň jana parym tebigaty, jana parym mähriban ýüzli adamlary göz atuwynda birin-birin janlanardy. Bu gün Annanyýaz üçin mähriban, nurana obadaşlaryny göz atuwyna getirjek bolmagyň hajaty ýok: ine, onuň arzuwlan toýy, ine, onuň arzuwlan mähriban, nurana adamlary! Akdaşaýaklylar başlady. Özem adatça, «Sen-senden» başladylar. Annanyýaz bir zada haýran galdy: näme hakda aýdym aýdylsa, Annanyýazyň göwnüne göýä hälki göreş tutulanda gören ýaňagy meňli gözel gyz barada ýaly bolup duýuldy. Iň bärkisi aýdym aýtmak gezegi herrikgalalylara ýetip, Hanguly (Annanyýazyň ýegre dosty, özem olar Bagdatda bile okapdylar) «Kiçiniňi» aýdanda-da Annanyýazyň göz öňünde şol jadyly garaýyşly uzyn boýly gözel gyz janlandy. Aýdym kiçi boýly Kiçi gyz hakda barýar ahyryn! Hanguly göýä Annanyýazyň içini ýakjak bolýan ýaly ýokary perdelerden gygyrýar. Bir görseň, «Bibijany» aýdyp dur, bir görseňem «Haraýym döndä» gygyryp otyr. Aýdylýan her bir aýdym Annanyýazyň süňňüni yzarlap, içini byjykladyp, galkyjakladyp, öz ygtyýaryna kökerip barýar. Golaý-goltumdaky obalardan gelen bagşylar aýry-aýry otyrlar. Annanyýaz Hanguly bilen bile niçesar oturasy gelýär, ýöne obadaşlary onuň synyndan asylyşyp, başga kişileriň arasynda oturmagyny islemeýärdiler. Annanyýazam öz obadaşlarynyň göwnüne degmek islemeýärdi. Nädip göwnüne degjek?! Toýda oturanlaryň hiç birisi-de, diýenine ýok diýip bilmejek jana-jan dostlary ahyryn. Ine, onuň sag tarapynda Guwak baý bilen Gündogdy baý otyr, onuň sol tarapynda Ýakup baý, Ýusup Aýly hemem Annamyrat Seýit otyr. Annamyrat Seýit – Annamyrat bagşy joşup-joşup aýdym aýdýar, aňyrsy-bärsi görünmeýän mähelle – etgelçiler bolsa bagşynyň häsini – etgelini ýetirýärler. Annanyýazyň arkasynda töweregine garanjaklap oturan Durdy kalaý: «Nyýaz, aýtsana senem!» diýip, birki gezek seslendi. Durdy kalaý näme üçin beýle diýýär? Sebäp ol Annanyýazyň aýdym aýdaýmasa köşeşip bilmejekdigini, bu sözleri aýtsa-aýtmasa, onuň aýdym aýtjagyny bilip dur. Türkmende aýdym aýdyp, saz çalyp bilmeýän erkek kişi barmy näme? Ýok. Türkmende türkmen bolmagyň iki sany baş şerti bar. Şol şertleriň birinjisi at üstünde-de, ýerde-de ussatlyk bilen gylyçlaşyp bilýän, tüpeň atanda uzakdaky keýigiň iki garagynyň arasyndan urup bilýän bolmaly. Hökman! Ikinji baş şerti hem dutary bilbil kimin saýratmagy başarmaly. Bu ýerdäki saza kökerilip oturanlaryň haýsy biriniň eline dutar berseň, goýan ýeriňden sazyň yzyny dowam edip biljek kişiler ahyryn. Ýöne, Hudaý şirin owaz bermedik bolsa, ýa barmaklar gödeňsi gelse, bendesinde günä ýok. Onsoňam aýdyma gygyrmaga biraz güýç-kuwwat gerek. Güýç-kuwwat ýaşlarda bar. Şeýle bolansoň, toýda aýdym aýdyp, saz çalýanlar kileň ýaş ýigitler. Bu mahal belli sazandalar, bagşylar dynç alýar. Olar gije ýarpydan agansoň başlarlar. Hana, Amangeldi Gönübek – Garadäli Gökleň aýdylýan aýdymlary, çalynýan şirin-şeker sazlary diňläp, goşa per ýassygy ýassanyp ýatyr. Ol entek joşar. Köp kişi hem Amangeldi Gönübegiň eline dutaryny alaryna garaşýar. Ýöne häzirki aýdylýan aýdymlaryňam hiç birine gowşak diýer ýaly däl. Her kim öz obasynyň bagşysyny gowy tanaýar. Bagşyň ussatlygy – obaň ýüzi. Gypjakda Ýusup Aýly damana ýolundan gowy aýdýar. Annamyrat Seýit hem gowy aýdýar. Ýöne oňa bir zad-a boldy. Ol bu gün joşup-açylyşyp bilmedi. Bu hem Annanyýazy gyjyndyrdy. Ol elini dutara ýetirenini duýman galdy. Annanyýazyň göz öňünde ýene şol ýaňagy meňli, uzyn boýly perizat gyz peýda boldy. Ol mukytlyk bilen Annanyýazyň her bir hereketini synlaýar. Ol gyz, halkykatdanam, bir ýerlerden Annanyýazyň her bir hereketini synlap, baha bermäge taýýar bolup durandyr. Hakyt seredýändir. Dutar özüniňki bolmasa-da tanyş perdeler, tanyş owazlar. Annanyýaz çalyp ugrady. Ol näme çalmalydygy barada oýlanmady. Asyl oýlanmak zerurlygam bolmady. Haýsydyr bir güýç Annanyýaza hökümini ýöretdi. Dutaryň özi çalynýardy. Annanyýaz gözlerini ýumup, şeýle bir saz çaldy, şeýle bir saz çaldy, saz oňa ganat boldy. Ol topbak-topbak bulutlaryň üstünde hälki ýaňagy meňli gyza bakan ýöräp barýar. Gyz tez jeren deýin galpyldap dur. Annanyýazyň aňynda setirler peýda boldy. Ol birden sägindi. «Ýok, ýok, ýok» diýip, Annanyýaz pyşyrdady. Onuň aňynda peýda bolan setirler öz goşgy setirleri ahyryn. Ýok, öz aýdymlarymy aýtmaýyn diýip, Annanyýaz hyrçyny dişledi. Annanyýaz ussatlyk bilen, sazyň yzyny kesmän, başga saza geçdi. Eý, ýaranlar, halaýyklar, Bu derdimden bilen barmy? Yşkyň ody ýaman-eý, janlar, Baryp köňlüm alan-eý barmy? Ak ýüzünde haly kiçi, Syýadan garadyr-eý saçy, Şu oturan uly-kiçi Bu sözümde ýalan-eý barmy? Ýürekden çykan sözler ýürege çalt barýar. Annanyýazyň janygyp, düýrmegi bilen, tutuş göwresi bilen aýdan aýdymyna etgelçiler kökerildi, her bendi aýdyp bolansoň, onuň etgelini ýetirdiler, kimler onuň bilen goşup aýtdy. Adamlaryň joşguny Annanyýazyň hasam göwnüni göterdi. Şonuň üçin «Bilen barmyny?» gutaran dessine ýene Mätäjiniň1 «Meňzär bagyň gülünesine» başlady. Byradarlar, bu gün bir gözel gördüm, Zenehdany meňzär bagyň gülüne… 6. Annanyýaz daňdanlar Gypjaga dolandy. Onuň keýpi kökdi. Ol ýolboýy hem hiňlenip geldi. Entek jahan onçakly ýagtylmansoň, teblehananyň ýanynda bir garanyň oturandygyny görüp, bedewler kürtdürdi. Teblehananyň öňünde oturan kişi ýuwaşlyk bilen ýöräp ugrady. Annanyýaz donuny egnine ýelbegeý alan Artyk hany görenden tanady. Eý, Hudaý, daňyň atyp gelýän çagy kakasy teblehananyň ýanynda näme üçin otyrkan? Gidip ýatyberse bolmaýarmykan? – Sag-aman geldiňizmi? Ýeri, Mommak baý toýy gowy berdimi? Ine, şu söze garaşyp duran ýaly, Durdy kalaý Mommak baýyň toýunyň gowy geçendigi barada joşup-joşup gürrüň bermäge durdy. Toýda Annanyýazyň göreş tutandygyny, 1 Mätäji (1824 –1884) Ahalyň Köşi obasynda dünýä inýär, ol türkmeniň nusgawy şahyrydyr. Kakasynyň ady Amanmuhammet, öz ady Annagylyçdyr, lakamy Mätäjidir. göreşde özünden iki esse daýaw Gadam pälwany güwürdedip ýykandygyny, şonda ýeriň godugandygyny süýjüdip gürrüň berdi. Başlanda göçgünli başlan Durdynyň gürrüňiniň bady kem-kem gaçdy, asyl ol sözüni soňlaman saklandy. Durdy nädip göçgünlilik bilen aýtsyn, Annanyýazyň toýda göreş tutandygy hakdaky habary eşiden Artyk hanyň keýpi gaçdy, ýüzündäki gan çylgymlarynyň tirpildisini Annanyýaz daňdanyň süýt ýagtysyna görüp, Durdyny gözleri bilen dalady. Durdy boljak iş boldy diýen terzde egnini ýygyrdy. Artyk han ony ýanyna çagyrdy. – Inim, Nyýazy hormatlaýan bolsaň, ony bela-beterlerden gorasaň bolanokmy? Gel, ol köpçüligiň içinde özüne garşy edilýän haýynlyga baş götermän sypaýyçylygyny saklady diýeli, sen şonda bir bahana bilen haýynlygyň öňüni alsaň bolmadymy? – Haýynlyk bardyr öýtmändirin... – Gözli kör diýilýäni üýtgeşik kişi bolýandyr öýtme, şol sen, inim. Bilmeýän bolsaň, bek bil, käbir deýýus Artyk hanyň bilini omurjak bolýar. Bahyllyk edýärler, içigaralyk edýärler. Käbir kişiň içinde güjük köpelipdir. Ýüzüňe ýylgyryp bakany dostdur öýdýäňiz, gapyl basmak üçin ýylgyryşy perde edinýärler. Ýersiz-ýere ýylgyrandan gorkgun, ol hökman bir misginsokarlyk etjekdir. Gaýrat et, inim, Nyýazy gora, entek ol obasynyň adamlaryny tananok, ýedi ýylyň içinde-de adamlar kän-kän özgerdi ahyryn. Durdy näme diýilse baş atyp, kaýyllyk bilen Artyk hanyň gaşynda dur. Artyk han daýaw ýigidi içgin synlady. Bugdaýreňk ýigidiň ýüzüniň köz deýin gyzarandygyny görüp, Nyýaza bakan gaýtdy. Ol Durda aýdan sözlerini oglunyň diňländigini aňdy. Aslynda-da ol hälki sözleri diňe bir Durda niýetläp däl, goý, Nyýaz hem eşitsin diýen pikir bilen sesine biraz nazym berip gürläpdi. Herhal, Artyk han oglunyň telek iş edendigine has açyk düşünmegini isledi. Ol edep saklap, Annanyýaza ýüzlendi: – Nyýaz, durmuş – göreş meýdany, ýöne seniň göreş tutmaly meýdanyň toý däl. Okap, ahunlyk derejesini alyp, toýda göreşe çykmak gelşiksizräk dälmidir? Pälwanlygyňy toýda däl-de, durmuşda görkez. – Men aýtdym gerek? Men aýtdym-a saňa – diýip, Durdy kalaý Annanyýazyň gapdalyna gelip pyşyrdady. – Nämäni? Näme aýtdyň? – Göreş tutma diýdim. Sen Bagdatda okap gelen diýdim. Seniň ahun derejäň bar diýdim. Göreşi goý, sowady, bilimi bolmadyklar tutsun diýdim. Senem meni diňlemediň. Entek kakaň aýdym aýdanyňy bilenok. Aýdym aýdanyňy bilse-hä onda onuň ýüregi ýarylar. Aýdym diňlemän, göni öýe gaýdybermelidik. Annanyýaz Durdy kalaýa Dagaranyň jylawyny uzatdy. Ol kakasynyň jogaba garaşýandygyny duýdy. Ýöne ol kakasyna näme diýjegini bilmedi. Telek iş edendigine, kakasynyň şu wagta çenli ýatman garaşandygyna düşündi. Wah, kakasyny biynjalyk etmek islemeýär. Onuň göreş tutmak pikiri ýokdy, onuň aýdym aýtmak pikiri-de ýokdy... Ýöne ol haýsy mejburylyk üçin göreşe çykandygyny, haýsy mejburylyk bilen aýdym aýdandygyny kakasyna nädip düşündirsin?! – Indi göreşe çykman, kaka... 7. Annanyýaz bu sözi diýse-de diýdi welin, özüni ýalançy, kakasyny indi göreşe çykman diýip aldan ýaly duýdy. Onuň gaýdyp toýda göreş tutmajagy çyn ahyryn! Onda näme üçin bu duýgy Nyýazy basga salýar? Ol munuň sebäbine soň düşündi: Nyýaz şol günden başlap göreşe çykdy, ýöne onuň çykan bu göreşi hyýaldaky göreşdi hemem durmuş göreşidi. | |
|
√ Ak guwlary atmaň -11: romanyň dowamy - 06.06.2024 |
√ Duman daganda: Her gözeliň bir galasy, bir belasy bar - 16.06.2024 |
√ Ojak - 2-nji kitap -8: romanyň dowamy - 20.06.2024 |
√ Köne mülk -15: romanyň soňy - 18.06.2024 |
√ Ojak - 2-nji kitap -9: romanyň dowamy - 20.06.2024 |
√ Jynlar bezmi ýa-da uly oýun -16: romanyň dowamy - 22.07.2024 |
√ Jynlar bezmi ýa-da uly oýun -14: romanyň dowamy - 19.07.2024 |
√ Ojak -2-nji kitap -20: romanyň dowamy - 20.06.2024 |
√ Bäşgyzyl -13: romanyň dowamy - 17.10.2024 |
√ Hakyň didary -2/ romanyň dowamy - 28.02.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |