22:21 Annanyýaz Artyk / 1-nji kitap -3 | |
Üçünji bap
Romanlar
GARAŞYLMADYK ÇAKYLYGYŇ UŞLYBY 1. Şol günüň ertesi agşam Artyk han Annanyýazy ýanyna çagyrdy. Ertir daň bilen Ýankak guýusyna çopanlaryň ýanyna gitmek zerurlygyny – olaryň guýudan suw çekýän tulumlarynyň deşilendigini, täzesini eltip bermelidigini aýtdy. Nyýaz kakasynyň bu sözüne begendi: onuň iş bitirip, kakasynyň sagboluny alasy gelýärdi. Nyýaz ýeňillik bilen ýerinden turdy. Durda atlary eýerlemegi tabşyrdy. Ol obadan çykyp çölüň etegine baranda asmanyň ýyldyzlary synyp – ýagtylyga öwrülip, jahana ýaýrap başlapdy. Çölden gaýdyp gelibem kakasy bilen agşamlyk çaý-naharyny bile edinipdi. Ol kakasy göreşe çykany üçin ýene käýiner öýdýärdi. Emma Artyk han bir gezek käýänini ýeterlik hasaplan bolsun gerek, ol göreşem, baýraga gelen bedewem, halynam, aýdym aýdandygynam ýatlamady. Göýä hiç zat bolmadyk ýalydy, baýrakdan asla habary ýok ýalydy. Ýöne ikiçäk oturmaga wagt bolmaýardy. Artyk hanyň ýany mydama adamlydy. Ol obaň arçyny bolansoň, oba adamlary dürli meseleler bilen Artyk hanyň ýanyna gelerdiler. Ähli toýlar hem Artyk hanyň geňeşi, ak patasy bilen tutulardy. Şeýle bolansoň Nyýaz, köplenç, kakasy bilen ikiçäk oturyp, mesawy gürleşip bilmezdi. Gün sabadygy obaň barly, atly-abraýly adamlary Artyk hanyň myhmantamyna ýygnanyşardylar. Ini dört, uzynlygy on alty metr bolan bu jaý Artyk hanyň öýünden otuz-kyrk metr çemesi aýrydy. Gelip-gidýänler üçin ol ýerde çaý gaýnatmak, nahar-şor taýýarlamak üçin ähli amatlyklar bardy. Gelip-gidýänleriň aşyna-suwuna seredýän ýörite adamlar hem bardy. Myhmantamda ýüzden gowrak kişi ýatyp-turar ýaly ýorgan-düşek-de bardy. Aýdym-saz etmek üçin iki sany dutar bilen iki sany gyjak-da mydama diwardan asylgy durdy. Obada ýetmişden gowrak baý bardy, milli toý-baýramlarda olaryň ählisi arçynyň bargähine – myhmantamyna ýygnanyşardylar. Kimiň dost, kimiň duşmandygyny ýüzünden bilip bolýarmy näme, ýöne sözlerinde-hä: «Artyk han, Gypjakda senden nägile adam ýokdur. Sen garynjanam ynjytjak adam däl. Biz-ä saňa meňzäp bilsek armanymyz ýok, ogullarymyza dileg edenimizde-de Artyk han ýaly atly-abraýly, adamkärçilikli, ýürekdeş adam bolup ýetişmegini arzuw-dileg edýäris. Ömrüň uzak bolsun. Obamyz Kesearkaçda iň baý, iň abraýly oba. Obamyzyň şeýle derejede bolmagy seniň hyzmatyň, Artyk han» diýip, janygýarlar. Belket, çynlarydyr. Obaň baýlarynyň içinden Döwlet ahun, Esedulla ahun, Oraz han, Geldi baý, Bäşim Hojamuhammet, Muhammetberdi Nurly dagy her gün agşamlyk owkadyny bargähe gelip, Artyk han bilen bile edinerdiler. Nyýaz olaryň gürrüňini köp diňläpdi. Çagalyk ýyllary-da obadaşlarynyň süýji-süýji gürrüňlerini kän diňläpdi. Näme gutarsa-da, türkmeniň gürrüňi gutarmaz. Artyk hanyň mülki 26 tanapdy1. Bir keleme2 suw nobaty bardy. Annanyýaz okuwdan gelen gününden başlap, mülke yhlasly ýapyşdy. Artyk han oglunyň ýere imrikmegine biçak begendi. Harazyň ol-bul ýerini bejermek baradaky pikirini ikelläp goldady. «Rast, şeýle pikir eden bolsaň, ogul, özüň ugruna çyk. Men näme kömek gerek bolsa ederin» diýip, Artyk han ogluny synlady. Ogly bilen haraza aýlandy. Nämeleri düzetmelidigi barada oglunyň pikirini diňledi. 2. Ataly-ogul günortana deňiç harazda boldy. Harazyň ol-bul ýerini düzetdiler. Annanyýaz agşama çenli harazda galmagy, kilwan bilen käbir işleri etmegi müwessa bildi. Şonuň üçinem ol günortanlyk edinmek üçin sekiniň üstüne geçdi. Kilwan iýip-içer ýaly zat taýýarlap goýupdy. Ýöne Artyk han günortanlygyny öýde ýegre dostlary Bäşim hoja hem Esedulla ahun bilen edinmekçidigini aýtdy, soňam: – Onda siz naharlanyberiň – diýip, atyna bakan ugrady. Artyk han harazdan çykjak wagty nätanyş ýigide pete-pet gabat geldi. Ol ýigidi görüp, Artyk hanyň depe saçy üýşüp gitdi. Göräýmäge, ol nätanyş ýigitde erbetlige şübhe döreder ýaly hiç hili üýtgeşik alamat ýok ýalydy. Ähli oba ýigitleri ýaly sada geýnendi. Ýüz keşbinde-de ünsüňi çeker ýaly alamaty ýokdy. Nätanyş ýigit Allana ýüzlendi: – Maňa Nyýaz gerek. Artyk hanyň ogly Nyýaz gerek. – Şol-a, dogan jan, men bolmaly. Hany, gel, saçak başyndan – diýip, Annanyýaz nätanyş ýigidi oturan ýerine – sekä çagyrdy. – Ýok, ýok, men naharly. Meniň seniň bilen iki agyz gyssagly gürrüňim bar. Men gaýtjak, gyssanýan. – Seni gaýyn eneň gowy görýän bolmaly – saçak başyna geldiň, gel, duz dat, gürrüňiň gaçyp gitjek ýeri bolmaz. – Ýok, ýok. Kilwan nätanşa çörek uzatdy. Nätanyş çöregi eline almasyna alsa-da, ondan datmady. Ol ýaýdanyp, çöregi elinde biraz saklap durdy-da, yzyna uzatdy. – Ýok, ýok, men bu çörekden dadyp biljek däl. Kilwan birhili gorky bilen Annanyýaza seretdi, çöregi aldy. Annanyýaz onuň saçak başyna geçmejegine magat göz ýetirensoň: – Beýle howlukmaç bolsaň, sen ho ýere baryber, menem ynha bararyn – diýdi. – Men atymyň ýanynda garaşaryn. – Men häzir barýan. Men häzir kakamy ugradaýyn. Artyk han nätanyş ýigidiň yzyndan ýiti-ýiti seretdi. – Tanadyňyzmy, kaka?! – Ýok, tanamadym. Ýöne ol ýigit eýgilige gelen ýigid-ä däl. Deňimden geçende men ondan bir wagşy päliň ysyny aldym. – Wagşy päliň ysam bolýarmy? – Bolýar. Ol ysy diňe ýürek alyp bilýär. Sen ol ýigitden ägä bol. – Arkaýyn bolaýyň, kaka. – Haý, diýseň-diýmeseň... – Artyk han sözüni soňlaman, ýene bir gezek nätanyş ýigide seredip, atyna atlandy. Artyk han uzak gitmän atynyň jylawyny çekdi. At duran ýerinde iki gezek öwrüm edip aýlandy. Artyk hanyň janpenalary nämäniň-nämedigine düşünmediler, Artyk han ýoluny dowam etdirdi. Annanyýaz kakasynyň sözlerini hakydasynda aýlap, nätanyş ýigidiň ýanyna ugrady. – Seniň bilen ikiçäk gürrüň bar. Durdy kalaý bilen Allan Nyýazyň ýüzüne bakdy. Nyýaz olara gidiň diýip yşarat etdi. – Nyýaz, o nätanyş ýigidiň bolşy nähili-aý? Gaty gedem görünýär. Men-ä halamadym – diýip, Durdy kalaý nägileligini daşyna çykardy. – Aý, bize näme. Bir möhüm iş bilen gelen gedem ýigitdir-dä. Habaryny aýdar-da gider. Siz oturyberiň. Men näme gürrüňi bolsa diňläýin. – Nyýaz, bizem gapdalyňda durubereli, Artyk han örän dogry aýtdy, şol gedem ýigidiň öwzaýy bozuk – diýip, Allan howsala düşdi. – Allan, towşantüý bolupsyň sen – diýip, Durdy kalaý özüne göwnüýetijilik bilen dillendi: – Näme edip biler öýdýäň? Sähel şübheli bir zat etjek bolsa, dymp etdirmän, dedesini ýakaryn men onuň. Annanyýaz ýigitlere göwünlik berdi: – Göwresi meniňkiden-ä uly däl, göreşse ýeňiläýer öýdýäňmi? – Men aýtdym-a, hiç zat bolmaz – diýip, Durdy kalaý çaý içmek üçin kilwanyň sekisiniň üstüne geçdi. – Siz oturyberiň, men häzir gelýän – diýip, Annanyýaz bir ýerde durup bilmän elewreýän nätanyş ýigidiň ýanyna bardy. – Häzir ikimiz gitmeli. – Nirä? – Uzaga däl, ikimiz häzir Ýaşyldepä barmaly. – Ýaşyldepede näme bar? – Şol ýerde saňa biri garaşýar. Meni gyssagly iberdi, alyp gel diýdi. – Kim ol? Özi gelende bolmaýamy? – Bolmaýar. Näme, gorkýaňmy? – Men dünýä inenimde gorky damarsyz inipdirin. – Ýör-dä onda, gorky damaryň ýok bolsa. Nyýazyň gahary geldi: – Kim ol meni çagyrýan. Adyny bir aýt! Ýogsamam meniň bilen gürrüňi bar bolsa, goý, onuň özi gelsin. Goý, haýbaty bilen zagara bişirjek bolmasyn! Men her kesiň çakylygyna baryp ýören adam däl. – Gitjek dälmi? – Gorkuzjak bolýaňmy? Nätanyş esli salym sesini çykarman dymdy, soňam ýola tarap ümledi: – Hana, şol ýerde meniň atym daňylgy dur. Meni şoňa çenli ugrat. – Ýör! – Nyýaz kakasynyň «wagşy päliň ysyny aldym» diýen sözlerini ýatlady. Nätanyş ýigit töweregine garanjaklap, saňňyl-saňňyl edip, ýabysyna mündi. – Özüň-ä ýigitleriň seresi ekeniň, dogan okaşaýmaly ýigit ekeniň, ýöne nätjek-dä, islemesem-de, garşyňa çykmaly boldum, ýolumyz aýry geldi. – Ähli zat özümize bagly. – Aý, ýok, özümize bagly zat gaty ujypsyzja, hoş sag bol, belki, dünýäde duşuşarys – diýip, nätanyş ýigit goltugyndan sapançasyny çykaryp, howlukmaçlyk bilen iki gezek atdy. Ýaby sapançaň sesine ürküp, nätanyş ýigidi honda zyňdy. Zähresi ýarylan ýaly, nätanyş ýigit ýabysyna topuldy. Ol gaçyp ugran ýabysynyň yzyndan ýetip, bir towsanda üstüne mündi. Adam gorkanda gaýraty goşalanýar. Nätanyş ýigide hem wagşy gaýrat geldi. Ol etmişinden gaçyp gutulmak üçin çirkin-çirkin waňkyryp, ýabysyny debsiledi. Ýöne ýazgydyňdan gaçyp gutulyp bolmaýar. Adam görgüli başarsa, ajaldanam gaçyp gutuljak. Adam käte çykgynsyz pursatdan çykjak-gaçjak bolup aşa yhlas edýär, ýöne bolmajak bolanda bolmaýar. Artyk han harazdan gaýtsa-da gaýdypdy, ýöne nätanyş ýigidi görüp, göwnüne güman gidensoň, ýalňyz didarynyň ykbalyny goragsyz galdyryp biljek däldi. Ol harazdan juda bir daşlaşman, gür baglygyň içinde nätanyş ýigidiň her bir hereketini synlamaga durdy. Ähli zat göz ýumup-açasy salymyň içinde bolup geçdi. Ýabysyna münüp, iki gezek ok atan ýigit alazenzele turzup, Artyk hana bakan at goýdy. Artyk han eýeriň ganjygasyndan asylgy duran torduzaga elini ýetirdi. Torduzak Taňryguly batyryň iň ökde tilsimidi. Ol her hili ýagdaý bolanda-da garşydaşynyň üstüne torduzagy taşlap, sermagallak etmegi başarýardy. Artyk han hem torduzagy durmuşda gaty kän gezekler ulanypdy. Ýöne soňky on ýyl bäri bu torduzagy ulanmaly bolmandy. Artyk han torduzagy ok bolup deňine gelen nätanyşyň üstüne oklady. Ýaby üstüne atylan torduzaga ürküp, üstündäki nätanyş ýigidi kelemenledip honda taşlady. Artyk han ýanyndakylaryň birkisine üm bilen nätanşy görkezdi-de, haraza – ogluna bakan at goýdy. 3. Harazyň ýanyna Annanyýazyň daşyna adamlar üýşüpdiler. Nätanyş ýigidiň Annanyýaza atan birinji oky çep kibtine gyltyz degipdi. Durdy kalaý onuň ok degen ýerinden akýan ganyny saramak üçin gara derdi. Aýagyny uzadyp oturan Annanyýaz kakasynyň ok bolup gelşini görüp, aljyrady. – Kakam! Kakam gelýär! Goltugymdan galdyryň derrew. Goý, ol meniň diridigimi görsün – diýip, Annanyýaz ýerinden galmaga howlukdy. Ol elini galgadyp, kakasyna görünmäge çalyşdy. – Kaka! Kaka jan, meni alada etme! Men diri, kaka. Men diri. Maňa bolan zat ýok. Artyk han atdan towsup düşüp, ýalňyz ogluna bakan okduryldy. Ol titir-titir edip, ogluny garsa bagryna basdy. Howul-hara oglunyň synalaryny barlaşdyrdy. – Näme boldy, oglum, näme boldy? Dirimiň? – Kaka, men diri ahyryn. Maňa bolan zat ýog-a. Gorkarsyň öýtdüm. – Näme boldy, oglum, aýt. – Gözleri nemlenen Artyk han titir-titir etdi: – Hudaý jan gorady bizi, Hudaý jan gorady. Haýynlar, näme oýny bolsa meniň bilen etsinler, sende näme ýazyk bar. – Aýtdym-a men. Men aýtdym-a şol haramzada oňluk üçin gelen däldir diýip – diýip, Durdy kalaý elewreýärdi. Ähli zat düýşdäki ýaly bolup geçdi. Nyýaz ähli bolan zatlary Aşgabadyň keselhanasynda ýatyşyna birin-birin göz atuwyndan geçirip çykdy. Gany köp akandygy sebäpli onuň ysgyny ýokdy. Gapdalynda ýatyp, oňa kakasynyň ganyndan goýberipdiler. Şol gije Artyk han oglunyň başujunda oturyp, çirim etmän çykdy. Ogly sähel gymyldasa zöwwe ýerinden galyp, ot-elek boldy. Şol günüň ertesi Artyk han ogluny öýüne alyp gaýtdy. Aňsat öýde oturmaýan Artyk han Nyýaz bäri bakýança öýden çykmady. Nyýazyň ýanyna hiç kimi goýbermedi, onuň goragyny artdyrdy. Nyýaz daşary çykyp ugrady. Gezelenç etdi. Ol näme iş etse-de, bir pikir oňa teý rahatlyk bermedi. Pikirini kakasyna aýtmak isledi. Nädip aýtmaly? Eger ynandyryp aýtmasaň, Artyk han kes-kelläm garşy çykar. Rast, bir gezek ýok diýensoň bolsa, gaýdyp sözüni yzyna almaz. Şonuň üçin Artyk han garşy çykmaz ýaly, ýok diýmez ýaly ynandyryjylykly edip aýtmaly. Wah, nädip ynandyrjak? Entek Nyýazyň özem bir doly ynanyp baranok. Ol iki gezek kakasynyň ýanyna bardy. Iki gezegem gürrüňi nämeden başlajagyny bilmän, yzyna öwrüldi. Durdy kalaýa daňysyny çözdürip, ýarasynyň näderejededigini gördi. «Eý, Hudaý jan!» diýip, Nyýaz hyrçyny dişledi. Gökdepe pajygasynda Artyk hanyň dört-bäş ýerinden ýara düşüpdi, çep eliniň süňküni kül-uşak eden ok elde belli-külli şikesini galdyrypdy. Kakasy çep elini hereketlendirse-de, göwün edişi ýaly işledip bilenokdy. Bu gün çep eli şikesli Artyk hanyň ogly Annanyýazyň hem çep egnine şikes ýetdi. Belki, bu şikes çep eli maýyp eder, enteg-ä belli däl. Hudaý saklasyn. Ok elden däl-de, kebzeden ahyryn, onuň ele hiç hili zyýany, belket, bolmaz. Häzir-ä çep eli özüniňki däl ýaly, buz ýaly. Ol barmaklaryny gymyldatmaga çalyşdy. Gymyldaýar! Gymyldaýar, ähli barmaklary gymyldaýar, epilýär! Diýmek, eli şikesli bolmaz. Ýara gutular, biter-gider. Ol bedewi Dagarana iým bermek üçin ugranda-da hyýalynda kakasy bilen gürleşip barýardy. Ol gürleýärdi, kakasy başyny aşak salyp diňläp otyrdy. Dagaran hokranyp, boýnuny talawladyp Nyýazy garşylady. Nyýaz Dagaranyň boýnundan gujaklap, taýly gezek ogşady. Dagaran Annanyýazyň Bagdatdan münüp gelen saý bedewidi. Olar biri-birine ysnyşypdylar: – Doganjygym, içiň gysýamy? – diýip, Nyýaz gülap suwy berlen deýin lowurdap duran boz bedewiniň maňlaýyndan ogşady. Nyýaz kütürdedip arpa iýip duran Dagaranyň gapdalynda oturyp, ony içgin synlady. Synladygyça, bedewine göwni ýetdi: giň maňlaýly, dik gulaklarynyň arasy açyk tüňňi, boýunlary durnaň boýny deýin egriden inçe, topuklary ýasy, döşi giň, öň aýaklary bilen art aýaklarynyň arasy açyk, gözleri we kirpikleri gara, ýöreýşi rahat, topuklary çeýe, sagrysy giň, bili inçe, iki uýlugynyň arasy etlek. Goç ýigitleriň şeýle saý bedewleri münmelidigini mundan müň ýyl öňem pederlerimiz bilýän eken. Isle, Oguz hanyň, isle, Gorkut atanyň, isle, Ýusup Balasagunlynyň, isle, Mübärekşanyň, isle, Görogly begiň ýa-da Jygaly begiň, isle, Keý-Kowusyň bedew hakdaky sözlerine gulak goý, olary diňleseň, dana seýislermikän öýdersiň. Beýik Biribar bedewi gara ýelden ýaratmak pikiri bilen gara ýele ýüzlenipdir: «Eý, gara ýel, men senden gowy görýän kişilerim üçin eşret, ýegre dost, kömekçi, şöhrat-şan; halamaýan duşmanlarym üçin bolsa ezýet, ahmyr; dindarlar üçin bolsa mertebelilik bolup biljek bir gudrat döretmekçidirin». «Çoh ajap bolar, merhemetli Ýaradanym» diýip, gara ýel jogap beripdir. Şondan soň Beýik Allatagala gara ýelden ýyndam bedew ýaradypdyr, soňam ýaradan bedewine şeýle diýipdir: «Seniň ýollaryň ýagşylykdyr; arkaň rysgal-bereket tapmagy, ýagylardan gaçyp gutulmagy üçin adama kömek etmelidir; seniň rysgalyň ýetik bolar, adam idiňi ýetirer, özi aç oturar, ýöne seni aç saklamaz ýaly adamyň gursagyna söýgi-mähir guýandyryn. Sen ganatsyz, persiz hem bolsaň uçup, eýäňi uçuryp ganatlandyryp bilersiň». Bedewe berlen peşgeşler barada eşidip, perişdelerde bahyllyk döräpdir: «Eý, Perwerdigär, biz mydama seni taryplap ýaşaýarys. Ýöne indi biziň sylagymyz neneň-niçik bolarkan?» Allatagala «Goý, perişdelerem kem galmasynlar» diýip, olara düýäniň boýny ýaly boýunly ala ýabylary ýaradyp beripdir. Şondan soň Allatagala perişdelerini hanjak ugratmak islese, şol ala ýabylara mündürip ugradar eken. Beýik Biribar bedewi ýere inderýär. Bedew dört aýagynyň üstünde ýere gelip düşýär. Allatagala bedewe ak pata berýär. Biler bolsaň, bedew Alladan ak pata alan mübärek jandardyr. Dagaran birden gozgalaň tapdy. Nyýaz dessine teblehanadan çykyp, töweregine garanjaklady. Kakasynyň özüne garaşyp durandygyny görüp, oňa bakan ýöräp ugrady. – Ýagdaýyň niçik, ogul? – Gulanalma boldum men, kaka. – Men seniň üstüňe şol nätanyş ýigidi kimiň iberip biljekdigi barada oýlanýan. Käbir adamlaryň boluşlaryny yzlaýan. Adamlara diňe ýagşylyk edip ýören halymyza bizi ýok etmek isleýän adamyň nähili adamdygy hakda oýlanýan. – Isa pygamberi ýagşylyklary üçin öldürýärler ahyryn, kaka. Ýagşylyk edibem duşman gazanyp bolýar. – Adamyň üstünlik gazandygy – duşman gazandygy: üstünlik gazandym diýip begenme, duşman gazandym diýip oýlan. Biziň gowy ýaşaýşymyz käbir netikazalaň içinden ok bolup geçýändir. Adam özüniň ähli kişiden ökde bolmagyny isleýär. Özünden ökde tapylsa, bu onda basdaşlyk döredýär. Meniň Nury gyşykdan, dogrymy aýtsam, ogul, göwnüm garalýar. Duýgudaşlyk bildirip, goňşy obalardanam gelip-gidenleriň hetdi-hasaby ýok. Ýöne, ähli kişi gelse-de, Nury gyşyk gelmedi. Ýaňy Nury gyşygy gördüm, ol salamlaşyp, ýanymdan derrew gaçmak bilen boldy. Özem gaty aljyraňňy. Ol haramzada asylsyz adam. Soňky döwürde Aşgabatdaky käbir özi ýalylara arka diräp, öýünde lülehana açdy. Oba haram keýp getirdi. Şol haramlykdanam baýap ugrady. Ol öň Ýalkap baýyň öýünde talabandy. Oňa menden başga garşy çykýan ýok. Men ony obadan çykaryp kowmaly diýdim. Ol bolsa etrap žandermeriýasynyň başlygyny ýanyma alyp geldi. Žandarmeriýa başlygy: «Nury Perde ogly ýalňyşlyk goýberipdir. Siz muny obadan çykaryp kowmaň. Munuň çäresini özümiz göreris, siz arkaýyn bolaýyň» diýýär. Näme üçin? Sebäbi onuň özem Nuryň öýüne gelip haram keýp edýär. Nuryň öýünde edilýän wejeralyklary aýdar ýaly däl. Nury gyşygyň towugyna tok diýmeli däl. Ol, islese, seni türmä-de basdyryp bilýär. Ol adamdan bäş wagt namazdan başga ähli zada garaşyp bolar. Men häzir şähere baryp geldim. Ol nätanyş ýigide hernäçe sütem etselerem, enteg-ä aýtmandyr kimiň at diýenini. «Öldürseňizem aýdyp biljek däl» diýýärmiş. – Kaka, ol ýigit aýtmaz. – Aýtmaz? Sen, näme, ol ýigidi tanaýaňmy? – Ýok, men ol ýigidi öň görmändim. – Onda nä beýle ynamly gürleýäň? – Men onuň adam satmajagyny gözlerinden gördüm. – Sütem edip, gynaberseler bilbil bolup saýrar. – Kaka, ol barybir aýtmaz. Artyk han ogluna şübheli seretdi. – Aýtmasa, goý, türmede çüýresin. – Meniň ol ýigide nebsim agyrýar, kaka. Ol durmuşda ýalňyşan ýigit. Täleýi ters gelen bolmaly oň. Ýaramaz adamlara sataşandyr ol. Ýöne biraz ugruna seretseň, ondan gowy adam çykar. – Ogul, bu ýaşdan soň men saňa eýt, beýt diýip her bir ädimiňi görkezip durup bilmerin. Eger her bir ädimiňi görkezsem, görkezdigimsaýy ýöntemleşersiň. Her bir zatda öz böwrüňe geňeş. Her kimiň böwründe Taňrynyň wekili otyr. Şonuň geňeşi bilen boluber. Ýöne adamlaryň soňky döwürde biraz üýtgändigini Gypjakçaýam duýupdyr. – Dogry, kaka. Men käte Gypjakçaýyň kenaryna baryp dynç alýan. Soňky döwürde Gypjakçaý bulanyp akýar, onuň öňki arassalygy ýok. – Üýtgeşiklik diňe Gypjakçaýda däl, sende-de duýulýar. Annanyýaz kakasyna geňirgenme bilen seretdi: – Dogry, kaka, ýöne men pikirimi size nädip aýtjagymy bilmän, ebeteýini tapman ýörün. – Sen nähili aýdanyňda-da men saňa düşünerin, Annanyýaz... 4. Annanyýaz Aşgabada gitdi. Özüne sapança sowgat beren Koşmannyň ýanyna bardy. Koşmann ony çak edişinden has artyk hormatlap, gadyr-dereje bilen garşylady. Nätanyş ýigit baradaky pikirini welin, akyla sygmajak zat hasaplady, barybir, käbir resminama doldurylansoň, Koşmann nätanyş ýigidi türmeden çykardy. – Adyň näme? – diýip, Nyýaz nämäniň-nämedigini entek doly aňyp ýetişmedik nätanyş ýigide ýüzlendi. – Abdylla... Durdy kalaýyň saklap duran dor ýabysynyň jylawyny Annanyýaz Abdylla uzatdy. – Şu ýabyny saňa berýän. Eýýäm diýip kabul etse, wepaly bolar, ýogsam ätiýaçly bol, birden gapaýmak, depäýmek edähedi bardyr. Abdylla Annanyýazdan nämä garaşsa-da beýle zada garaşmadyk bolarly, ol aýdylan sözüň çyndygyny-ýalandygyny akyl terezisinde çekip görýän ýaly, gözlerini höwlendirip durdy. Allan ýaba mün diýen terzde onuň egnine gamçysy bilen hürsekledi. Özüne garaşyp durandyklary aňyna ýetende, ol towsup dor ýaba mündi. Abdylla ýabynyň üstünde-de gözlerini elek-çelek edip barýardy. Meni oýnajak bolýandyrlar, şäherden çykaryp atjakdyrlar diýen pikir aňynda peýda boldy. Ýöne Annanyýazyň Dagaranyň üstünde parahat oturşy-da, janpenalar Durdy kalaýyň, Allanyň, Rejebiň parahatlygy-da adam öldürjege meňzemeýärdi. Allan Rejebe nähilidir bir gülküli wakany gürrüň berýärdi, Rejep onuň gürrüňine «kah-kah» edip üznüksiz gülýärdi. Gürrüňiň, gülkiniň özi bilen baglanyşykly däldigini Abdylla diňşirgenip-diňşirgenip anyklady. Özünden bir at boýy öňden barýan Annanyýaz onuň ýüzüne ýagdaýlaryň nähili diýen manyda seretdi. Abdylla içki pikirini daşyna çykardy. – Gaçar öýdüp gorkaňokmy? – Meniň ýanymdan gowy ýer bardyr öýtseň, gaçmak gerek däl – gidiber. – Maňa tabşyryk bereniň kimdigini at sylag berip, türmeden boşadyp bilmek isleýän bolsaň-a, ýalňyşýaň. Barybir, aýtmaryn. – Adam satýan adamy özüm-ä ýigrenýän. Aýtsaň, şol dem seni ýigrenip, maňlaýyňdan bir ok goýbererin. – Onda men size nämä gerek? – Halypa seni özüne janpena edip gulluga alýar. Düşnüklimi? – diýip, Allan janykdy. – Ýok, ýok, meni oýnajak bolmaň. – Seni meýdana çykaryp atjak. Düşnüklimi indi? – diýip, Rejep dazaryldy. – Indi düşnükli. – Abdylla kaýyllyk bilen baş atdy. Şäher yzda galdy. – Ýalbarýan, ýeňsämden atmaň! Döşümden atyň! Abdyllanyň özelenmesine Durdy bilen Allan hezil edip güldi. – Seniň bu islegiňi kanagatlandyryp biljek däl – diýip, Allan gözlerini güldürdi. – Näme üçin? – Serediň-ä bu mahluga, şonuňam sebäbini bilenok. Bilmeýän bolsaň, bilip goý, jan adamyň ýeňsesinden girip, agzyndan çykýar. Şonuň üçin, janyň çykmagyny kynlaşdyrmazlyk üçin biz seni islesek-islemesek, ýeňsäňden atmaly bolýas. – Men ajala göni seredip ölmek isleýän. – Bu islegiňe, belki, bu dünýä soňky gezek geleniňde ýetersiň. Bu gezek gözleriňi açyp gitmeli bolýaň. – O görgüli entegem ynanmaýar öýdýän – diýip, Nyýaz Durda bakdy. – Gaçsaň, ýeňsäňden atjakdyryn – diýip, Durdy Abdyllanyň gapdalyna deňleşdi. – Sen, näme, halypadan aman dilemek isläňokmy? – Ýalbaryp ýazgydyňy üýtgedip bolmaýar. – Ýalbaryp ýazgydyny üýtgedip ýören kän-ä! Abdylla öwhüldäp demini aldy: – Öldüreniňizden soň, meni adam ýaly edip kim jaýlarka? Itlere şam bolup ýatmaly bolarmykam? – Bu hakda öňräkden oýlanmaly ekeniň – diýip, Rejep hemle atdy. – Bizden-ä hantama bolma! – Wah, mende oýlanmaga pursat bolmasa näme. Siziňki dogry-la. – Gorkma, Abdylla, men seni atjak däl. Meniň saňa nebsim agyrdy. Meniň düşünişime görä, sen azaşypsyň. Indi beri ýalňyşma. Men seni öz ýanymda saklaýyn. Ýaşa. Birki ýyldan, nesip bolsa, öýereris. Näme etmelidigiňi bolsa, ine, şu üç ýigit aýdar. Ine, şu üç ýigit meniň jan ynanýan, syr berip, syr alyşýan dostlarym. Senem dördünji ýigit bol. Ine, bu ýigidiň adyna Durdymyrat diýýärler. Ýöne il arasynda oňa Durdymyrat diýip ýüzlenýäni ýok. Adamlar oňa Durdy ýa Durdy kalaý diýýärler. Kalaý lakamyny Buharadan ýörite alyp gelipdir. Akyly köpräk diýäýmeseň, gyzyl ýaly ýigitdir. Degişgendir, şadyýandyr. Göwnüne bir pikir gelse, göni aýdýandyr. Ine, bu ýigidiň adyna bolsa Rejep çozgun diýýändirler. Özi biraz gaharjaňrakdyr. Ýolbars ýalydyr, gahary gelende düýt-müýt etmegi hiç zatça görýän däldir. Şonuň üçin biz-ä Rejep janyň gaharyny getirmejek bolup gara gündediris. Içi güjükli gürrüň etseň, ýekinde ýigrenýänidir, öňünden bilip goý. Allan jan bolsa, ýaz ýaly, adamyň jany ýaly ýigitdir. Hiç wagt ýok diýen sözi aýdýan däldir. Bir zat diýseň, bitmeýänem bolsa, şol işi bitirjek bolup gara gündedir. Özem geçen ýyl Erkgaladan1 gyz alyp gaçypdyr. Gyzymyzy alyp gaçan ýigidi öldürjek diýip ýedi sany atly ýigit inipdir Gypjaga uly at-uly bat bolup. Olaryň öňündenem Allan jan çykypdyr, görseler, bu adamyň bir güli-dä. Allan zaňňar: «Gyzyňyzy men alyp gaçdym» diýip aýtmandyr. Kim alyp gaçan bolsa, onuň bilen bellisini ederis, menem sizlik diýip Allan olary öýüne çagyryp hezzetläp ugrapdyr, söwüşläpdir. Allan jan olary ugruna kowýarmyş. Allanyň şirin-şeker sözleri kowgyçylaryň hoşuna gelipdir. Şonda olaryň biri dilinden sypdyrypdyr: «Wah, gyzymyzy seniň ýaly bir dili senaly, zandy penaly gowy ýigit alyp gaçan bolsa, onda hiç zat diýjegem däl-le» diýip. Allanjana geregem şol söz eken asyl. Ol derrew «Hany, dogan jan, ýaňky sözüňi gaýtala» diýip, hälki hoş sözi aýdan ýigidiň alkymyna dykylyp barypdyr. O ýigidem, näme, aýt diýlensoň, başky aýdan sözlerini gaýtalapdyr. Ol görgüli aýdan sözüni gaýtalamasyna gaýtalapdyr, ýöne derrew bu sözde bir çöpüň bardygyny aňypdyr. Allana gerekli söz aýdyldy. Soňy nähili bolandyr öýdýäň? Bolupdyr bir uly toý. «Beýle gowy ýigit bolsaň, alyp gaçmanyňda-da gyz berjek ahyryn saňa» diýipdirler. Şondan bäri Allan janyň adyna Allan däl-de, «sözde utdy» diýen manyda Alangiýew diýýärler. Aljak bu... Abdylla Annanyýazyň sözüni böldi: – Ilk-ä janyňa kast edip, indem seniň gullugyňda bolmalymy? – Bir gün-ýarym gün biziň aramyzda bol, böwrüňde perişdäň oturandyr, oňa geňeş sal, şol näme diýse, şonuň bilen boluber, eger halamasaň, seni zor bilen saklamarys, islän ýeriňe gidibirsiň. Abdylla Nyýazyň teklibini akylyna sygdyryp bilenokdy. Onuň üçin ähli zat düýşde ýalydy. – Men teý düşünip bilemok – diýip, Abdylla esli aralygy dymyp gidensoň, içki pikirini daşyna çykardy: – Meniň atan okum sowa geçmeýärdi. Nädip şol sapar iki okum hem sowa geçipdir? Nyýaz, seniň arkaňda bir gudrat bar. Hökman bar. Seniň arkaňda Hudaý bar. Seni Hudaý goraýar. Ýogsam, meniň okum sowa geçmeli däldi. Abdyllanyň bu sözleri Annanyýaza kakasy bilen daga gidişini, dagda Artyk hanyň tumar berendigini, ol tumaryň ata-babalaryny köp-köp howply-hatarly bela-beterlerden gorandygyny, aman-esen dowzahyň içinden alyp çykandygyny ýatlatdy. Annanyýaz çep goltugyna elini ýetirdi. Bar. Şol gün hem tumar Annanyýazyň çep goltugyndady. Eý, Hudaý jan, kakam bu tumary maňa bir howpuň abanýandygyny aňyp beripdir-dä onda. Eý-ho! Asyl Annanyýaz bu hakda oýlanmadyk bolsa näme! Abdyllanyň sözlerine Annanyýaz depesinden bir bedre sowuk suw guýlan ýaly boldy. «Men öljek bolup howlugyp baramok. Ýöne tumary saňa tabşyrmak isleýärin. Hany, boýnuňa dakaýyn. Hudaýjan, seni bela-beterlerden aman saklasyn...» Kakasynyň bu tumary berenine entek bir aýam geçenok ahyryn. Ýok, ýok, kakam bir howpuň abanandygyny öňünden aňan bolmaly. Ol soňky döwür elewräp, juda oda-köze düşdi. Kakamyň bolşy maňa sadalyk, hamraklyk bolup göründi. Ine, adamyň gudraty! Adam öz ýakyn adamyna bir howpuň abanýandygyny duýýandygy barada men öňem eşidipdim. Annanyýaz Abdyllany boýdan-başa synlady. Durşuna dogum-gujur. Çöpürlek elleri, çöpürlek döşi gul gatyşyklydygyndan habar berýärdi. Ýolboýy hiç kim gürlemedi. Her kim öz içki pikiri bilen meşguldy. Ýöne Abdylla pikir hem edip bilenokdy, Annanyýazyň bu eden işine akyl-da ýetirip bilenokdy. Yzy nähili bolarkan? Annanyýaz-a gaty arkaýyn. Öýe barlanda Annanyýaz teblehananyň ýanynda Abdylla ýüzlendi: – Sen maňa dogry düşün. Meniň saňa ýamanlygym ýok. Atmaga synanyşyk edendigiň üçin günäňi geçýärin. Gel, mundan beýläk aramyzda hiç zat bolmady diýip hasap edeli. Men seniň azaşyp gitmegiňi islämok. Men gözleriňden ýüregiňi görýärin. Sen erbet adam däl. Seniň dogry ýola düşmegiň gerek. Nädogry ýol bilen gitseň, bir gün seniňem janyňa kast ederler. Taňrynyň beren janyny ezizlemek gerek. Birek-biregimize dost bolaly, dogan bolaly. Bolýarmy? Abdylla baş atdy. Annanyýaz elini uzatdy. Elleşdiler. Durdy kalaý, Allan, Rejep hem ellerini olaryň elleriniň üstünden goýdy. Annanyýaz Abdyllany ýerleşdirmegi Durda tabşyryp, öýe girdi. Ejesi onuň ýüzüne gorky bilen seretdi. – Ogul, ajal bilen oýun etme. Annanyýaz ejesiniň bu sözüne näme jogap berjegini bilmedi, ol ejesini nädip köşeşdirip boljakdygyny-da bilmedi. Ejesine näme-de bolsa bir zat diýmelidi. Annanyýaz esli salymdan soň ejesine ýüzlendi: – Eje jan, alada etme, hemme zat, enşallasa, gülala-güllük bolar. – Wah, oglum, sen öz ýüregiňe osýaň-da. Adamlar seniň ýüregiňdäki ýaly däl ahyryn. – Eje, maňa a-azajyk puryja ber. – Oglum, meniň ýüregim sandyrap dur, ýüregim bir erbetligiň boljagyny syzýan ýaly... Ähli bela-beterlerden Hudaý janyň özi saklasyn welin, senem biraz ätiýaçly bol, oglum. Ejesiniň bir erbetligiň bolmagyny ýüregim syzýar diýmesi, Annanyýaza Çozgundag gerşinde kakasynyň tumar beriş pursadyny ýene ýatlatdy. «Kakam-da, ejem-de Abdylla bilen baglanyşykly wakanyň boljagyny öňünden duýan ekenler-ow. Bu günem-ä kakamyň hem, ejemiň hem howsalasy ýetik welin, ýa Abdylla bir erbet zat eder oturyberermikä?» Annanyýaz bu sowaly bermesine özüne berdi, ýöne onuň jogaby daşardan geldi. Daşardan Durdy kalaýyň ardynjyramasy eşidildi, yzyndanam ol: – Annanyýaz, halypa, hany, daşary çyksana! – diýip, howsalaly gygyrdy. – Ätiýaçly bol, oglum. Durdyň sesi gaty howsalaly çykdy. – Ýüregiňi eliňe alybermesene, eje. Annanyýaz içip oturan çaýly käsesini goýup, daşaryk çykdy. – Halypa, ol-a ýene samsyklygyny etdi. – Näme etdi? Düşnükli edip aýtsana! – Ol samsyg-a gaçyp gitdi. Ýogsam men oňa ýatyp-turjak ýerinem görkezdim. Etmeli işlerinem düşündirdim. Nyýaz nämä garaşsa-da, şuňa garaşmandy. Nyýazy ynamy aldady. Nyýaz ynamynda ýalňyşdy. Ol kakasynyň sözlerini ýatlady: «Adamlar soňky döwürde, görýän welin, biraz üýtgäýen ýaly bolup görünýär...» «Ýeke kemim, ol hem Abdyllanyň meni gapyllykda öldürmegi» diýip, Nyýaz içini gepletdi. Gije gözüne uky gelmedi. Ertir ol kakasynyň, ejesiniň gözüne görünmäge utandy. 6. Gün öýlä agyberende gapyda gelip saklanan paýtun öýüň rahatlygyny, ümsümligini bozdy. Kere-mara gürläp oturan Artyk han tirsekläp ýatan ýerinden mukytlyk bilen paýtuny synlady. Paýtundan düşen ýigit salam berip, Artyk handyr Nyýaz bilen elleşip görüşdi-de: – Artyk han, sizi hem ogluňyz Annanyýazy baýarym çagyrýar. Ýörite paýtun hem ýollady – diýdi. – Seniň baýaryň bolanda kim bolýar? – diýip, Artyk han sorady. Ýigit Muhammet pygamberiň kimligi soralan ýaly, gözlerini höwlendirip, geň galdy: – Jenap naçalnik Koşmann... Onuň paýtunyny Aşgabatda, bu jelegaýlarda ýerden ýöreýän tanaýar, Artyk han. Jenap naçalnik sizi hem tanaýar ahyry... – Jenap naçalnigiňe Artyk han nämä gerekmiş? – Artyk han, siz näme dünýäden bihabar ýaly gürrüň edýäňiz. Ýakynda Akdaşaýakda Mommak baý uly toý tutdy. Jenap naçalnigiň hut özem şol toýa bardy. Toýda bolsa Gadam pälwany, ynha, Annanyýaz pälwan dag agdaran ýaly edip, mojuk ýykdy. Jenap naçalnik Annanyýaza hut öz sapançasyny ýadygärlik berdi. Şondan bäri jenap naçalnigiň bar gürrüňi siziň ogluňyz hakda. Ol Annanyýaz pälwany diliniň senasyna öwürdi: kim gabat gelse, Annanyýazy magtap gürrüň bermäge başlaýar. Onuň siz bilen pynhan gürrüňi bar. Düýn Annanyýaz özüni öldürmäge synanyşan adamy özi güwä geçip türmeden boşatdy. Annanyýazyň bu haýyşy hem biziň alyjenabymyzy diýseň geň galdyrypdyr. Siziň ogluňyzyň ganojagy türmeden boşadyp gidendiginem düýnden bäri ýanyna kim gelse gürrüň berýär. Ol bu gün siziň bilen, şeýle hem ogluňyz Annanyýaz bilen mesawy gürrüň etmek, has ýakyndan tanyşmak isleýär. Şu maksat bilenem, ine, görüp durşuňyz ýaly, ol sizi ýörite çagyrýar... Jenap naçalnik her kimi ýörite çagyryp hem ýörmeýär... – Annanyýaz, bar, ol hemme kişini ýörite çagyrmaýan bolsa, sen git... Nähili pynhan gürrüňi bolsa diňle. – Ýok, Artyk han, maňa tabşyryk şeýle: Artyk arçyny hem getir, ol gaýtmaga göwnemese, aýagyna ýykylyp ýalbar diýdi. Duruň, duruň, men siziň aýagyňyza ýykylaýyn – diýip, ýumşa gelen ýigit Artyk hanyň aýagyna ýykyldy... – Siz gitmeseňiz, men işden kowulýan, çagalarym çöreksiz galýar. Artyk han, ýörüň, gideliň... – Inim, meniň ýarawym ýok... Hanha, Annanyýaz gider. Bar, köşek, çagyrylan ýere irinme!.. Hökmürowan bilen hiç wagt gepiň-oýnuň deň gelmez. Tekepbirlik betbagtlyk getirer. Ykbalyňy Allatagaladan öňürti bendesi kesgitleýän bolsa, şol ýerden bereketiň, adalatyň göterildigidir. Hudaý bardyr. Hudaý bilýändir. Annanyýaz geýim-gejimini çalşyryp, egnine kamys ýaly ak köýnek, päkize gyrmyzy don, aýagyna ädik, ak silkmesini geýip, guşagyny guşanyp, paýtuna mündi. Uýezd naçalniginiň paýtunyny daşyndan tanaýan, dogrudan-da, gaty kändi, tanamaýan hem paýtunyň ýöne baý paýtuny däldigini, haýsydyr bir uly wezipeli baýaryň paýtunydygyny bilýärdi. Gypjak obasy owadan, kaşaň paýtuny, ak silkmeli beg ýigidi, Annanyýazyň paýtunyň yzyndaky üç atly janpenasyny nazary bilen ugratdy. Obanyň çetine ýetiberende goltugy uly haly horjunly, kemsiz bezenen Ýelli par ala gykylyk bolup ylgap ýetdi. Ol hem goluny göterýärdi, hem gygyrýardy. Paýtunçy paýtunyny saklady: – Ýegen, beýle tutumly çakylyga, heý, mensiz giderlermi? Ýaş bolýaň, ýaş bolýaň! Baýarlaryň ýanyna barmany men ýaly içinden ot bilen ýalyn geçenler bilýändir!.. – diýip, Ýelli par ýetip geldi. – Ýaşuly, sizi baýarym çagyrmady... Men sizi alyp gidip biljek däl! – diýip, ýumuş ýigidi Ýelli para çürt-kesik aýtdy. – Inim, sen meni tanaýan däl ekeniň. Maňa Ýelli baý diýerler. Täjir aga diýýänlerem bar. Käbiri Ýelli täjirem diýýär Men çagyrylman barýan, çagyrylandan arzylanyp, serpaý geýip gaýdýandyryn. Ynha, şu gezek meni tanarsyň – diýip, sen ýok-men ýok, paýtunyň yzyna münermen boldy. Paýtunyň yzy iki adamlykdy, ol ýerde bolsa ýumşa gelen ýigit bilen Annanyýaz otyrdy. Annanyýaz daýysyna ýer berjek boldy. – Ýok, sen otur, hany, inim, sen çakylykçy bolýan bolsaň, geç paýtunçyň ýanyna – diýip, Ýelli par perman berip barýar. Ýelli paryň kimdigini tanamaýan, ýöne geýim-gejiminden ýönekeý adam däldigi bildirip durany üçin çakylyga gelen ýigit öňe geçmeli boldy. Ýokuş gördi, gaharlandy, dagy alaç hem tapmady. – Daýy, sen bolköýnek Koşmanny kandan tanap ýörsüň? – diýip, Nyýaz Ýelli pary gepletjek boldy. – Haý, ýegen, bolköýnek seniň daýyňy tanaýandyr! Ýelli baýy tanamaýan barmy? Ýelli baýyň tanamaýany barmy?.. Seniň daýyň ýerini aldyrandygy üçin düňderilip oturan ol ýigidi hem tanaýar. Onuň dädesine Kasym garaýag diýerler. Ors otlusyny sürüp geleli bäri, demir ýoluň ýakasynda, görgüli... Zandy garamaýak... Demir ýolda işleýär... Meni görse, eýesini gören köpek ýaly, ylgap geler ýanyma... Hawa, inim, düňderilip oturma. Bu ýer baýaryň, baýyň ýeridir, bu ýer Ýelli baý ýaly görnükli adamlaryň ýeridir... Kakaňa aýt, Ýelli baýy gördüm diý, nädýär. Gözüňden ogşaberer... Uýezd naçalnigi ýörite çakylykçy ýollan-da bolsa, olary baran badyna kabul edip bilmedi. Ýanynda wajyp iş bilen gelen harbylar bardy. Kabulhanada bir çäýnek çaýy Ýelli par boşadansoň, naçalnik hem boşady. Ol harbylary ugratmaga çykanynda, myhmanlary görüp, elleşip salamlaşdy-da harbylara: – Serediň-ä bu ýigide! Hakyky pälwan! Deňsiz-taýsyz pälwan! Iki ýüz kilolyk atly pälwany agdaryp urdy... – diýip, hoş bolup Annanyýazy magtady... Duranlar Annanyýazy boýdan-başa synladylar, syrly dymdylar. Olar kabinete giren badyna Ýelli par haly horjundan äpet gaplaňyň malgam ýaly eýlenen hamyny çykardy. Nyýaz naçalnigiň gözleriniň ýanyp gidenini gördi. – O-o-o! Baý-bo-o! Pah-pah-pah! – diýip, ol Ýelli paryň uzadan gaplaňynyň hamyny eline alyp, ýakyndan, daşdan synlady, sypaşdyryp birgiden ümlükleri sanaşdyryp çykdy. – Satyn alnanmy ýa türkmen gaplaňymy? – diýip, ol sorag berdi. – Jenap baýar naçalnik, şu tarypyny ýetirýän pälwan ýigidiňiz meniň jan ýaly ýegenim, özümiň adam edip, pälwan edip ýetişdiren şägirdim Annanyýaz jan maňa beletdir. Men barada iň gowusy meniň şägirdimden soraň. Men üýtgeşik gowy adamdyryn. Hawa, hawa, ynha şundan sora, jan ýaly ýegenimden sora. Men öz jan ýaly ýegenime aw etmegem özüm elin öwretdim. Allanäme, öwrendi. Mençeräk aw edip bilýär. Eliňizdäkini bolsa, ilerki dagda awlanam şü, atanam şü, tutanam şü. Gaplaňyň milletini bilse, şü hem bilmeli!.. – Aý, ýog-a! – diýip, uýezd naçalnigi dostana mähir bilen Nyýaza bakdy: – Dogrudanam, senmi gaplaňy awlan! Hakykatdanam senmi ýa bu söwdagär mahabat berýärmi? – diýip, ol çynyny edip sorady. Ýelli par geplejek boldy, ýöne uýezd naçalnigi sag goluny göterip, onuň geplemegine ýol bermedi, ol Annanyýazyň görejine dikan bakdy. – Dagdaky ýylkylarymyza azar ýamanyny berdi-dä, ýogsam, dözer ýalam däl... Uýezd naçalnigi gözüni Nyýazdan aýyrman, gapyny açyp, daşda duran harby nobatça görkezme berdi, yzyna gelibem Nyýazyň gabat garşysynda oturdy: – Sen meni bendi etdiň, ýaş ýigit! Sen tüýs türkmen ýigidi! Sen tüýs maňa gerek ýigit!.. – Bilýäňizmi näme... – diýip, Ýelli par Koşmannyň sözüni bölüp, bir wakany joşup gürrüň bermäge başlady. Meger, gürrüň berjek wakasyny göz öňüne getirýändir-dä, öwran-öwran kikirdäp güldi: – Bir gezek gaplaň awlamaga gitdim. Dagyň insizje ýodajygy bilen ýokary çykyp barýadym. Ol barýan ýerim juda köteldi, kertdi. Indi-hä ýakynladym diýip, dyrmaşyp barýardym welin, birden seretsem, meniň barýan ýodajygymdan äpet bir gaplaň aşak düşüp gelýär. Özem aralyk dört-bäş ädimden köp däl. Ynanaýyň, zähräm ýaryldy. Gaçaýyn diýsem gaçara ýer ýok, aşak özüňi oklasaňam tebibe goş galjak däl. Ber habaryňy. Nätmeli. Tüpeňimi hem elime alyp bilmedim. Tüpeňim boýnumdan asylgydy. Sähel bolsa gaplaňyň meni düýt-müýt etjegini bilip durun. Ana, onsoň Alla jany çagyryp duruberendirin. Başga näme iş edeýin? Biraz salymdan gaplaň bir çykalga tapdy. Men oňa düşündim. Men butnaman durubermelidim. Gorkmasyn diýendir-dä, gaplaň maňa tarap seretmän ýuwaşlyk bilen aşak düşüp ugrady. Men bolsa butnaman durun. Gaplaň aşak seredýär, ýöreýän insizje ýoluna seredýär. Gaplaň aşak seredip ýuwaşlyk bilen gelýär. Meniň deňime geldi. Men kert gaýadan ýapyşyp, butnaman durun. E-eý, gaty äpet zat eken gaplaň? Ol deňimden geçip barýar, özem gül ýalak derisi bar. Birden aňyma şeýle bir pikir geldi. Men gaplaňy bir depemde kert gaýadan aşak oklap biljegimi bildim. Ol indi yzyna öwrülip bilmeýär. Sebäp yza öwrüler ýaly ýer ýok. Men gaýadan ýapyşyp durşuma çep aýagym bilen, ine, şeýdip depip goýberdim. Gatyrak dependirin-dä, badyma tas özümem aşak gaýdypdym. Gaplaň: «Eý, adam, bu näme etdigiň?» diýip, ýüzüme şeýle bir seretdi welin, şol garaýyş häzirem göz öňümden gidenok. Gaplaň gitdi uçuda arlap. Hawa, ol şeýle bir arlady, ol şeýle bir arlady. Ät galanyň arryldysy-da. Ýöne, soň baryp görsem, hamyny sypyrar ýaly bolmandyr, gaplaňyň her tikesi bir ýerde ýatyr. He-he-he. Ýelli paryň bu gürrüňine özünden başga hezil edip gülen bolmady, gaýtam Koşmannam, Nyýazam başlaryny aşak saldy. Koşmann başlan gürrüňini dowam etdirdi: – Gökdepe urşuna gatnaşan hanlaryň köpüsi soň Rossiýa gulluk edip başlady. Halk olary halamady. Bize bolsa halkyň halaýan adamlary bilen işleşmek gerek. Halkyň halaýan adamy kimler? Artyk han ýalylar! Olar bolsa biziň bilen işleşmeýär. Men bilýän, gaty gowy bilýän. Alyhanowy hem, Garypjanowy hem türkmenleriň ýigrenýändigini bilýän, emma bize dil bilýän gerek. Dil bilýän türkmenler bizde juda az. Gowy dil bilýänleriň käbirini bolsa türkmen ýigrenýär, asla görmek islänok. Düşünýän, türkmende seniň ýaly dil bilýän ýigitler ýok däl, bar. Örän sowatly, gündogaryň, Ýewropaň sowadyny çykanlar hem bar. Olar köp zatdan çetde durmak isleýärler, olar halkyň gözünden düşmek islänok... Emma, hany, aýt, şeýdip gidip oturylsa, biz näme etmeli! Siziň halkyňyzy dil bilýär diýip mydama gelmişekler bilen edara etmelimi?!. Men seni Mommak baýyň toýunda görenimden begendim. Düýnki ynsanperwerligiňi görüb-ä hasam haýran galdym. Seniň düýnki bolşuňy görüp, Walter Skottyň, Žan Poluň, Nowalisiň gahrymanlary bilen duşuşan ýaly boldum. Seniň arassa dünýäňe meniň gözüm gidýär. Ynansaň, men seniň gapyňda hyzmatkäriň bolup hyzmat etmäge taýýar. Meniň seniň dünýäňe giresim, şol dünýäde ýaşasym gelýär. Ýöne meniň ýaşaýan dünýäm juda ýowuz. Ynan maňa, Nyýaz, ynan. – Men size ynanýan. – Ýok, sen maňa ynanmaýarsyň. Seniň maňa nebsiň agyrmaýar. Raýat ata-enesine, patyşa garşy çykmaly däl. Her kişi ata-enesiniň, patyşanyň pikirini oňlaman biler, ýöne içinden. Pikirini daşyna çykarmak bolmaýar. Garşy çykmak ataň-eneňi, patyşaňy hormatlamazlyk. Munuň özi adamy diňe betbagt eder. Aslynda adam ata-enesine, patyşa bagtly bolmak üçin garşy çykýandyr, ýöne beýle kişini Allatagala gürrüňsiz betbagt edýär. Türkmenler hem, şol sanda hut sen hem Nikolaý patyşanyň permanyna kaýyl bolmaly. Şirlere garşy çykmakdan ajalyň ysy gelýär. Araba münseň, arabaçynyň heňine hiňlenmeli, ýogsam arabaçynyň seni ýolda düşürmegi mümkin. Siziň tekepbirligiňiz diňe özüňize zyýan edýär. Seniň döwletiň edarasynda işlemegiň gerek. Özem türkmen halky üçin gerek. Türkmen halkynyň kösenmezligi üçin gerek. Meniň ýerimde özüňi goýup gör!.. Hanha, Şagadam tarapda rus dilini bilýänlerem, sowatlylaram bar, olary hem getirsek, siz halamaýarsyňyz!.. Şeýle dälmi? – diýip, naçalnik nurana ýylgyrdy. Annanyýaz Koşmannyň gürrüňlerini diňläp, onuň wezipe-iş hödürlemekçi bolýandygyny aňdy. Uýezd naçalnigi biten adamdy, iki baka ýöräninde jaýyň poly aşak çöküp, käbir ýeri jygyldaýardy. Uýezd naçalnigi çekmesini dörüp kiçijek bir kitap çykardy-da, Annanyýaza uzatdy: – Al, okap gör, ruslar türkmenler barada nähili beýik pikirde! Gökdepe urşunda ýekeje-de dönük çykmandyr diýip tutuş Sankt-Peterburg haýran galýar. Bu kitap alymlaryň türkmeni öwrenip ýazan kitaby. Rus ofiserlerine gollanma kitap bu! Annanyýaz gabak astyndan daýysyny synlady. Daýysynyň ýüzünden bir ýylgyryş aýrylmanka ikinji ýylgyryş döreýärdi. Ikindinara imisala kölde balyjaklaryň turuzýan tolkunjyklary ýaly, ýylgyryş yzyna ýylgyryşdy... Annanyýaz Koşmanny diňläp oturyşyna, ony içgin synlady, onuň islegi-maksady barada oýlandy. Elbetde, onuň häzirki oturan kürsüsinde uzak oturýan adam ýok. Her üç-dört ýyldan, käte bir ýyldan täzelenip dur. Bu hakda Nyýaz Bagdatdan geleni bäri, gör, näçinji gezek eşitdi. Koşmanndan öň şu kürsüde oturan adamlar nähili adamlar boldukan? Ýeri, nähili adam bolanda indi saňa tapawudy näme? Seniň maňlaýyňdan çykany-ha, ine, şu deşli pyýada. Näme gep-gürrüňiň, arza-şikaýatyň bolsa, şu kişi bilen düşünişmeli. Öz-ä jany-çyny bilen gürleýär. Düşünişmek, düşündirmek isleýär. Ýaramaz adammy? Aňynda oslagsyz dörän bu sowala Annanyýaz jogap bermäge biraz ikirjiňlendi. Özüni alyp barşyndan, gep-sözünden, hereketlerinden çen tutsaň-a ýaramaz adama meňzemeýär. Asyl ýaramaz adam diýmäge Annanyýazyň dilem barjak däl. Dil – ýüregiň dilmajy dälmi näme? Bu adam harby däl-de, mugallym bolmaly eken. Çünki onuň ýüregi mugallymyň ýüregi, düşündirmek isleýär. Özem bu adam köp zat bilýär. Bu adamdan Orsyýet, Ýewropa barada, Ýewropaň ylmy-bilimi, medeniýeti, sungaty barada kän-kän zatlary öwrense bolsun gerek. Men bu adama sowatlylygy üçinem hyzmat etsem ýalňyşmaryn. Bu adamyň maksady näme? Megerem, ol özüne ynanylan wezipäni ödejek bolýandyr, iş oňarmady diýen ada galmazlyk üçin çalyşýandyr. Annanyýaz birden Abdyllany ýatlady. Ol babatda ýalňyş pikir edendigi üçin ýatlady. Hut şonuň üçin hem Koşmann barada anyk pikire gelmekden saklandy. dowamy bar >> | |
|
√ Gara ýyldyrym -20/ romanyň dowamy - 29.02.2024 |
√ Bäşgyzyl -7: romanyň dowamy - 16.09.2024 |
√ Ojak - 1-nji kitap -12: romanyň dowamy - 26.05.2024 |
√ Gala -7: Oýlanma pursady - 16.02.2024 |
√ Ojak - 1-nji kitap -6: romanyň dowamy - 26.05.2024 |
√ Ýedi müñ çakrym: Şam ilinde - 17.08.2024 |
√ Ojak - 2-nji kitap: roman - 06.06.2024 |
√ Ýedi müñ çakrym: Türkmen aty - 16.08.2024 |
√ Bäşgyzyl -16: romanyň dowamy - 22.10.2024 |
√ Duman daganda: Hakykat nirede, hakykatçy nirede?! - 13.06.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |