11:15 Ärtogrul Gazy | |
ÄRTOGRUL GAZY
Taryhy şahslar
...Sekiz asyra golaý wagt ozal bolan taryhy wakalary hakydamyzda janlandyrmaga synanyşalyň. Gadymy Merw topragy. Türkmen begleriniň geňeşi dowam edýär. Anadola giden kaýy iliniň ilçisiniň howsalaly habary ara alnyp maslahatlaşylýar. Kaýy iliniň baştutanlygynda Anadolyda ornaşan türkmen toparlary keseýerli duşmanlara garşy göreşde ata Watandan hemaýat isleýärler. Beýle pursatda çözgüt diňe ýeke-täk bolup biljekdi — göbek ganyň daman topragyňdan alysda hem bolsa‚ ganybir gardaşyňy kyn günde goýmaly däldi. Her biri müň duşmana taý gelip biljek, atabeglerden söweş, serkerdelik tilsimatlaryny birkemsiz öwrenen saý ýigitler — alplar ýola çykypdy. Ýaşululardan ak pata alan bu 400 atlynyň öňüni Süleýman şa çekip barýardy... Ärtogrul gazy (1188 — 1281 ý.) ana, geljekde dünýäniň üç sebitiniň — Aziýanyň, Ýewropanyň, Afrikanyň çatrygynda alty asyrdan gowrak hökümini ýöretjek Osman türkmen şadöwletiniň binýadyny goýjak şol neberedendi. Kaýy ýa-da gaýa boýy oguzlaryň Bozok ganatyna degişli bolup, Oguz hanyň ogly Gün handan gaýdýar. Kaýy, gaýa «mäkäm, berk, gudrat eýesi» manysyny berýär. Türkmenleriň arasyndaky «Il başy gaýa-baýat» diýilmeginiň sebäbi hem olardan baştutan saýlanýandygy bilen baglydyr. Taryhçy alym Faruk Sümer Anadolyda oguz boýlaryna degişli ýer-ýurt atlarynyň arasynda has köp ýere dakylan boý adynyň gaýadygyny aýdýar. Kaýylar Alp Arslanyň Malazgirt ýeňşinden başlap, tä Osman döwletiniň düýbüniň tutulmagyna çenli Marydan Anadolynyň dürli etraplaryna tarap göç eden türkmen boýudyr. Taryhy senenamalarda kaýylaryň miladynyň IX asyryndan başlap Jeýhun derýasyndan geçip, seljuklar bilen bilelikde Eýrana gelendigi ýazylýar. Horasanyň Merw we Mahan etraplarynda ýerleşen kaýylaryň baştutany Kaýy alp bolupdyr (hökümdarlyk ýyllary 1200 — 1214 ý.). Soňra mongol çozuşlarynyň howpundan çekilip, Häzirbegjana we Gündogar Anadolynyň Ahlat etraplaryna barypdyrlar. Taryhy çeşmelerde kaýylaryň ol ýerlere Süleýman şanyň (1178 — 1236 ý.) baştutanlygynda Horezmşalar şadöwletiniň iň soňky hökümdary Jelaleddin Meňburunyň goşunynyň düzüminde gelendigi aýdylýar. Emma bu göçüň düzümindäkiler kaýylaryň Anadola baranlarynyň ilkinjileri däldiler. Sebäbi XI asyryň ahyrlaryndan başlap, Diýarbekir, Hasankaýf we Harput etraplaryna hökümdarlyk eden Artykly türkmenleri hem kaýy boýundandy. Kaýy boýunyň Marydan ilki 400 atly bolup, ozal Anadola giden kowumdaşlaryna keseýerlileriň howpuna garşy ýardama barandygy hakda rowaýata öwrülip giden gürrüňler esassyz däldir. Duşmany mugyra getirmek üçin giden 400 atly ýöne bir atly däl-de, Oguz handan gelýän atalyk mekdebinde tälim alyp, her biri ýüzlerçe duşmana taý bolmagy başarjak tälimli, garadangaýtmaz, sowatly goç ýigitlerdi — alplardy. Tapgyr-tapgyr akynlaryň netijesinde kaýylaryň sany barha köpelipdir. Ärtogrul gazynyň kakasy Süleýman şa 50 müň öýli kaýy boýy bilen Wan kölüniň sebitinden Ahlada, ol ýerdenem Amasýa gelýär. Halaba baryp, Eýýuby türkmenleriniň döwletine gulluga durup, haçparazlara garşy göreşe ugranda, Ýewfrat derýasyndan geçýän mahalynda atyndan ýykylyp, wepat bolýar. Şol ýerde kaýylar we olar bilen baran beýleki türkmen boýlary ikä bölünipdir. Bir bölegi şol ýerde galypdyr, beýlekisi Çukuroba gidipdir. Çukurobadakylar hem soňra ikä bölünip, bir bölegi Erzurumyň golaýyndaky Pasin obasyna — Sürmeliçukura barypdyr. Baştutanlary Ärtogrul gazy we onuň inisi Dündar beg bolan 400 öýli kaýylar biraz wagt Sürmeliçukurda ýaşapdyrlar. Emma mongol howpy gowaça ekip, pagta ýetişdirip boljak bu bereketli toprakda ornaşmaga mümkinçilik bermeýär. Soňra Orta Anadola göç edipdirler. Ärtogrulyň topary Garajadag etraplaryna ýerleşipdir. Onuň doganlary Gündogdy bilen Sungur tekin bolsa Horasana dolanýarlar. Men diýen wagty — 34-42 ýaşlarynda 1222 — 1230-njy ýyllar aralygynda Iznik (Nikeýa) imperatory Ioann III bilen seljuklaryň arasynda bolan söweşde Ärtogrul Garajahisar galasyny gabamaga gatnaşýar. Bitiren hyzmatyndan hoşal bolan seljuk türkmenleriniň Rumdaky döwletiniň soltany Alaeddin Keýkubat I (1219 — 1236 ý.) Ärtogrula Rum seljuklarynyň çägini akynlar arkaly günbatara tarap giňeltmek wezipesini berýär. Ärtogrul bege din ugrundaky edilen söweşlerde görkezen edermenlikleri üçin «Gazy» derejesi berlipdir. Seljuk däplerine görä, söweşlerde edermenlik görkezen serkerdeler döwletiň çet-gyraky serhetlerinde ýerleşdirilip, olara mülk berlipdir. Mongollara garşy göreşde özüne beren ýardamy üçin Alaeddin Keýkubat Ärtogrul gaza halat-serpaý ýapypdyr. Kaýylara Söwütde we onuň töweregindäki ýerlerde ornaşmaga rugsat berip, Ärtogrul gaza uç begi derejesini beripdir. Ýeri gelende bellesek, kökleri ýüzýyllyklara uzaýan türkmenleriň uç beglik däbi, adatça, tertip-düzgünli bir okuw mysalydy. Bu düzgünler döwlet gurluşynda we dolandyrylyşynda hem öz ornuny tapypdyr. Şeýle bolansoň, bütin uç beglikleri belli kanunlara görä ýetişdirilen ýagdaýa gelipdi. Bu ýagdaýa görä, bir uç begligi tötänden uja gelipdir we uçdaky türkmen-rum gatnaşyklaryndan peýdalanyp, uç däplerine görä ýetişipdir. Olar uç begligini esaslandyrmak bilen şäherlerde oturypdyrlar. Şäheriň eteginde mülk ýerleri bolupdyr. Ol ýerde ýaşaýan halkdan (isle musulman bolsun ýa-da hristian, parhy ýok) ýygnalýan salgytlary özlerine alypdyrlar. Birnäçe obalar elinde bolan uç begleriniň süri-süri mallary bolupdyr. Osman soltanlarynyň ýazyna dynç almak üçin ýaýlalara çykmagy we aw etmegi olaryň ata-babalaryndan galan harby adatlarydy. Taryhy deliller Osman türkmenleriniň neberesiniň oturymly ýaşaýyş dessurynyň bolandygyny subut edýär. Ärtogrulyň esaslandyran kiçijik uç begliginiň gysga wagtda uly bir döwlet halyna gelmegine kaýylaryň wekilçilik eden ýokary medeniýeti, türkmenleriň döwlet gurmaga ata-baba ökdeligi sebäp bolupdyr. Söwüt gaýalaryň gyşlag, Domaniç bolsa ýazlag mekanyna öwrülipdir. 43 ýaşynda Ärtogrul grekleriň ozalky Fewasiý şäherini eýeläp, oňa türkmençe Söwüt diýip at dakýar. Topragy bereketli, ýaýlalary otlukly bu mekanda müdimilik ornaşmak kararyna gelýärler. Ärtogrul gazy Söwüde ýerleşenden soň, Wizantiýanyň serhetlerine ýörişleri gurapdyr. Bu ýörişlerde Turgut Alp, Bamsy Alp, Akjagoja, Samsa Çawuş, Gara tekin, Aýgut Alp, Goňur Alp ýaly türkmeniň alp ýigitleri onuň ýanynda bolupdyr. Ärtogrul beýleki türkmen beglikleri bilen hem dostana gatnaşyklary saklamaga ymtylypdyr. Oguz han atamyzyň «Biziň güýjümiz agzybirlikdedir» diýen pähimini elmydama özüne pent tutupdyr. Şu pende uýmagy unudan, diňe öz bähbidine çapýan türkmen begliklerini sylap goýmandyr. Ärtogrul gazy Anadola baran türkmenleriň öňünde birleşmek, bitewülik wezipesini goýupdyr. Geljekde bu maksat dünýäniň üç böleginde 600 ýyldan gowrak dowam etjek uly döwletiň — Osman türkmenleriniň guran şadöwletiniň baş ýörelgesine öwrülipdir. 1243-nji ýyldaky Kösedag söweşinde Rum seljuklary ýeňlip, mongollara ymykly salgyt tölemeli bolýar. Ärtogrul seljuklaryň gowşandygyny aňyp, özüniň uç begligini güýçlendirmegiň hem-de Beýik seljuklaryň döwletliliginden miras alan geljekki Osman türkmen döwletini esaslandyrmagyň aladasy bilen ýaşaýar. Ogly Osmany bu işe ymykly taýýarlaýar. Ärtogrul gazy 1281-nji ýylda 93 ýaşynda aradan çykypdyr. Ärtogrul gazy ölüm ýassygynda ýatyrka, ogly Osmana her işde adalaty ýokarda goýmagy wesýet edipdir. Ärtogrul gazy Söwüt ilçesinde ýörite türbede depin edilipdir. 1970-nji ýylda Ärtogrul gazynyň kümmediniň öňündäki meýdana geçmişdäki türkmen döwletlerini gurujylaryň heýkelleri oturdylypdyr. Ärtogrul gazynyň Sary batyr (Sawçy), Gündiz we Osman atly üç ogly bolupdyr. Şolardan körpe ogly Osman beg 1299-njy ýylda Osman-türkmen şadöwletini esaslandyrypdyr. Halk Ärtogrul gazy baradaky ýatlamalaryny asyrlarboýy unutman gelýär. 1983-nji ýylda Söwütde geçirilen «Osmanly simpoziumynda» türk alymy Refet Ýynanç Ärtogrul gazy baradaky çykyşynda şeýle sözleri getiripdir: «Ärtogrul gazy öz emri astyndaky topraklarda ýaşaýan halk tarapyndan çäksiz söýülýän bir ynsandy. Ony hristianlarda ýürekden söýüp, hormatlaýardy. Ärtogrul gazynyň ölüminden soňra Söwütdäki hristianlar (rumlular) özleriniň Söwütdäki bir bagyny we onuň ýanyndaky ekinzarlygyň ýarysyny Ärtogrulyň ruhuna bagyş edip, Söwütdäki Ärtogrul gazy wakfyna peşgeş berendigi Söwüdiň kazysynyň ýazgylaryndan mälimdir». Günbatarly awtorlaryň biri Baptistin Poujulat Ärtogrul gaza şeýle baha beripdir: «Gabat gelen türklerimiň arasynda öz doglan wagtyny takyk bilýän az adama gabat geldim. Ýöne olaryň arasynda Ärtogrulyň adyny we türbesiniň ýerleşýän ýerini bilmeýäni ýok. Bu at musulmanlarda iň bir mukaddes at. Hiç bir halk öz hökümdaryny Taňra şeýle ýakyn tutmaýar». Munuň özi adalatlylygy bilen ähli ynsanlara özüni söýdürip bilen Ärtogrul gaza berlen mynasyp bahadyr. Ärtogrul gazynyň hatyrasy onuň ata Watanynda — Türkmenistanda örän belent tutulýar. 1998-nji ýylda Aşgabadyň merkezinde Ärtogrul Gazy metjidi bina edildi. Garaşsyzlyk seýilgähinde onuň heýkeli oturdyldy. Jumamyrat GURBANGELDIÝEW, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary instituty. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |