23:21 Arwah gelýän gijesi -5/ powestiñ dowamy | |
* * * Öwez iliň öýüne daş oklap, aýna döwüp ýören garagollardan däldi. Onda göze gaty ilip durmaýan ýoknasyz bir häsiýeti bardy. Hiç kime hiç bir babatda kömek etmeýärdi. Hat-da käteler ejesi Aýjahan ýaraman, başyny ýassyga goýaýsa-da, şoňa-da hemaýatyny ýetirmezdi. Hernäçe ýalbarylsa-da, däri-derman gözlegine-de gitmezdi. Öýe ne ot çekerdi, ne çöp. Zatlaryny aýawly saklamak hakda gulagyna näçe guýulýandygyna seredilmezden, kitapdyr papkasyny derrew ýyrtardy. Sebäbi ol mydama mekdepden gelýärkä kim papkany uzaga zyňmaşak oýnardy. Zyňlyp-zyňlyp, papka göz-gülban ýagdaýa düşerdi. Matalary itiň dili ýaly sallanyşyp ýatardy. Içindäki kitaplaryň daşy gopardy. Aýjahan daýzanyň bar işi mekdep ýygnagyna gatnap, ogly sebäpli käýinç eşitmekdi. Öwez öz deň-duşlary bilen güýç synanyşyp, mydama köýnekleriniň, penjekleriniň iliklerini gopardyp gelerdi, ýakalaryny ýyrtydardy. Aýjahan daýza ogluny urubam, käýýäbem ýola salyp bilenokdy. Öwez hiç kimiň göwnüne degmeýärdi. Bu zatlaryň bary oýun edişmekden bolýardy. Çyndan uruşýan oglanlar ony ýanyna ýoldaş edinip alardylar. Şonda-da Öwez hiç kim bilen uruşmaýardy, hiç kime kimdir birini urmaga kömek etmeýärdi. Şeýle-de bolsa, çagalaryň dawasy ene-atalara ýetende «Dawa bolan ýerde Öwezem bardy» diýen gürrüňe sebäp bolýardy. Mekdepde-de şeýledi. Parta döwülsin, ýa klas aýnasy, Öwez şol ýerde tomaşaçy hökmünde bolardy welin, hökman bolardy. Sapaklaryny-da bilmezdi. Beträk oglanlar saçyndan çekip, gyzlary agladanda, Öwez olaryň gülküsini ýetirýänçisi bolýardy. Ol, bir görseň, öz başyna gezip ýören oglanjykdy, bir görseňem, ähli garagollaryň ýoldaşydy. Mekdep ýygnagyna çagyrylmadan Aýjahan daýza-da bizar boldy. Öwez hem onuň ülpetleri sebäpli ýygnak geçirmeden mekdebem bizar boldy. Öwez dagy sekiziji klasy tamamlandan, mekdep olardan dynmagyň ugruna çykdy. Ellerine sekizinji klasy tamamlandyklary hakdaky şahadatnamany beräge-de, garagollaryň baryny prfessional-tehniki üçilişşelere ugradyp goýberdiler. Şol, ugradylanlaryň arasynda Öwez-de bardy. Ol döwürde üçilişşeler, daşdan göräýmäge, hünär öwredilýän ýer ýaly bolup görünse-de, hakykatda welin, mekdepleri bizar eden garagollaryň hem ilkinjileriň kowlup eltilýän mesegenine öwrülipdi. Uçilişşede Öweze synçylyk edere dawa näçe islese tapyldy. Mugallymlar tertibe çagyryp, bogaz ýyrtýardylar. Şeýle-de bolsa, mekdeplerden bizar bolnup kowlan garagollar bu ýerde-de etjeklerini edýärdiler. Uçilişşä höwes bilen okamaga gelen ýok diýerlikdi. Bu ýere düşenleriň aglabasy goşun gullugyna çenli nämedir bir zada güýmenmek üçin saklanýardylar. Çagalar kolonnalaryndan çykyp gepläner-de bardy. Bulardan gowy okuwa garaşyp bolmajagyny mugallymlar-da bilýärdiler. Her zadam bolsa, olar ellerinden gelen yhlaslaryny gaýgyrman, okadan bolýardylar, terbiýelän bolýardylar. Tertibe çagyryş ýygnaklaryny geçiren bolýardylar. Käte «Hiçden giç ýagşy» diýip, düzelmäge, adam bolmaga imrinýän ýek-tük ýaşlar-da tapylman duranokdy. Ýöne olara-da düzelmäge maý berlenokdy. Sähel gowy okasaňyz, beýlekiler käýinç eşitmeli bolýar» diýäge-de, pes okaýanlar öňe saýlanjak bolýanlaryň daşyna geçip, olary derrew öz hatarlaryna «deňleýärdiler». Elbetde, bu zatlary mugallymlar bilmeýärdi. Mugallyma ýagdaýy ýetirmäge hiç kim het edip bilmezdi. Aýdaýdygy, tumşugynyň awajagyny hemmeler bilýärdi. Onsoň mugallymlar-da hemmäni bir aýakdan sürüp, ýagdaýa görä bolar ýörerdiler. Bu ýerde urşup-sögüşip, ogurlyk edip, türmä düşüp gidýänlerem ýetikdi. Öwez gaty howply ýere düşenini duýdy. Bu ýerde burnuň ganan ýaljak bolup, sürülen ugruňa gezip ýörmeden başga çäre ýoklugyna göz ýetirdi. «Okajak däl» diýibem, gidip biljek däldi. Boş gezmek bolmaýardy. ÝA işlemelidi, ýa-da okamalydy. Hünärsiz oglana bolsa diňe agyr iş garaşýardy. Ertirden agyr iş bilen meşgullanmagy bolsa, Öwez halanokdy. Işsiz, okuwsyz, gezse, hökümedem, öýdäkilerem gününe-de goýjak däldi. Üstesine-de, obanyň: «Aýjahanyň ogly söw-söw syryp, boş gezip ýör» diýen gepinem çekmelidi. Hemmeler üstünden güljekdi. Beýle bolandan, garaz, «Bir ýerde okaýarmyş» diýlen gürrüň ganymatdy. Şonuň üçin ol üçilişşesine gedip-gelip durmagy ýüregine düwüpdi. Öwez mekdep ýyllarynda garagolluk edilýän ýere höwes bilen giderdi hem uruş-dawalary synlap, lezzet alýardy. Uçilişşede welin, ol uruş-sögüşden gaçmagyň ebeteýini gözledi. Her hili ýaramaz gylykly oglanlary görüp, gögele beýnisi açylyşýan ýetginjege uçilişşeli günler birneme akyl-da guýýardy. Dawa-jenjellerden hem ýakymsyz gylykly adamlardan daşda durmalydygyna ol indi az-kem düşünip ugrapdy. Erbet zatlary gördügisaýy, ol erbetliklerden gaçmak isledi. Ýöne batga batyp, arassa çykyp bolmaýşy ýaly, Öweze-de bet oglanlaryň gara işleri ýelmeşip ugrady. Ony indi oglanlar-da özlerinden sypdyranokdylar. Daýaw, etli-ganly göwresi bilen hemmelerden saýlanyp duran, on üç ýaşynda ogurlyk bilen çagalar kolonnasyna düşüp, oturmaly müddeti gutaransoň, düzeler tamasy bilen şu uçilişşä getirilen Garýagdy diýen oglan bütin üçilişşä hanlyk satýardy. Ol adyny Garik diýip tutdurýardy. Garigiň aýdany aýdan, diýeni diýendi. Ol islänini urýardy, islänini depýärdi. Içgidenem gaýtmazdy, çekmedenem. Onuň edýän bu ters işlerini hiç kim mugallymlara-da ýetirip bilmeýärdi. Garik aýratyn-da oba ýerlerinden gelen oglanlary ezýärdi. Olaryň bişirinýän naharlaryny alyp iýerdi. Pul salgydyny salýardy. Gözüne ýaran egin-eşiklerini alyp geýerdi. Garaz, ondan ýaňa hiç kime gün ýokdy. Özünden iki esse ýaly daýaw göwresi bilen saýlanyp duran, gözleri mydama gan öýen ýaly Garikden Öwez-de öler ýaly gorkýardy. Garrik ýöräp barýarka hiç kim onuň ýolunda durmaly däldi. Sowulup, Garige ýol bermelidi. Ol öz ýolunda durýanlaryň ýeňsesine doňduryp goýberýärdi ýa-da aýaklaryna bepip, ýykyp goýbererdi. Garigiň bolşy guduzlan itiň bolşuna çalym edýärdi. Ol ýoknasyz gylygy bilen kimdir biriniň göwnüne degýändirin öýdüp, pikirem edenokdy. Öwez Garik bilen ýakyndan dostlaşmak, şeýdibem, onuň özi bilen öçli bolmazlygyny gazanmak isledi. Ony öýüne myhmançylyga çagyrdy. Garigi getirmezinden öňürti oňa gowy hyzmat etmegi, onuň özüniň gowy dostudygyny ejesine tabşyrdy. Ýetim oglandygyny, eline bäş-üç manat pul beräýse-de kem däldigini nygtady. Adamsy ýogalansoň, haly dokap çagalaryny kemala getiren Aýjahan daýza oglunyň bile okaýan ýetim dostuny sylamak isledi. Onuň üçin tüwi bişirdi. Akja ýaglygyň ujuna elli manat pul çigip, myhmana bermek üçin taýýarlap goýdy. Öweziň yzyna tirkäp gelen myhmanyny görende welin, Aýjahan daýza depesinden sowuk suw guýlana döndi. «Hih!» diýip, içini çekenini duýman galdy. «Beýle aýylganç zat bilen Öwez näme üçin dostlaşýarka!?» diýibem, içinden pikir öwürdi. Ýakasyny tutdy. Garigiň gan guýlan ýaly gyzaryp duran gözleri, howla, öýüň içine elek-çelek edip bakýan ogry nazarlary onuň köp çarşenbeleri başyndan geçirenine güwänamady. Öz ýüzüne juda mähirsiz hem sowuk nazarlaryny dikende, esli ýaşandygyna seretmezden, Aýjahan daýza gözlerini ýaş ýetginjegiň gözleriniň alynda uzak egläp bilmedi. Onuň nazarlaryndan çekinip, Aýjahan daýzanyň ýüregi jigiläp gitdi. Jelladyň gözüne bakan dek, gorka gaplandy. Howy basyldy. Derrew gözlerini çete sowuk, oňa gaýdyp nazar salmazlyga çalyşdy. Her zadam bolsa, myhmana syr bildirmän, hyzmat etdi. Gyzy Nurjahany myhman gözünden gysganyp, nahar-şory-da özi daşady. Myhman tüwüden hezil edip iýdi. Çaý içdi. Düşekleriň üstünde aganyp, dynç aldy. Irki gelişinden gijäniň bir mahaly gaýtdy. Aýjahan daýza gaýtjak wagty oňa düwüp goýan pulluja düwünçeginem berdi. — «Ýatyp gidäý» diýmedik. Şony diýen bolsak, ol ýatybam giderdi —diýip, Aýjahan daýza myhman ugradylansoň, oglunyň daşyna geçdi. —Şondanam bir dost bormy. Güm et ony. Dagy-duwara onuň bilen tirkeşeniňem eşitmäýin, öýe getireniňem görmäýin. Şoň ýaly artyp bilen okaýan bolsaň, şu günden şeýläk okuwa-da gitme! Düzüw zada meňzänok-la ol. Öwez ejesiniň käýinjini sesini çykarman diňledi. Ejesine Garikden gorkýanlygy hakdaky hakykaty aýdyp bilmedi. — Daşky sypatyny görüp, adama baha bermesene, eje. Erbet oglan däl ol. Ýöne ýetim bolansoň, gözlerinde gahar bar — diýip, mydyrdady. Garikden hernäçe üýşenenem bolsa, Öweziň bu sözlerine Aýjahan daýza birneme köşeşdi. «Hawa-la. Ýetimlik derdini çekme aňsat däl. Özüm ýetim eklämokmy?! Belki, kemsinmeler sebäpli gaharjaň görünýändir ol oglan» diýip, içini gepletdi. Ejesi käýinse-de, şol günden soň Garigiň Öweze garaýşy üýtgeşik boldy. Ol Öweziň adyny «jigim» diýip tutdy. Ýörände ellerini onuň eginlerine atyp ýöredi. Garige «jigi» bolan Öwezden-de indi oglanlar çekinip ugradylar. Öwez hem uçilişşäniň oglanlarynyň arasynda hanlaryň biri boldy. Bu diýseň lezzetlidi. Hemmeleriň özüne gorkup seredýänini görüp, Öwez şatlanýardy. Okuwdan soň dynç almak üçin umumy ýaşaýyş jaýynda ýaşaýan oglanlaryň islendiginiň gapysyndan baranda ony ör turup garşylaýardylar. Derrew çaý demläp berip, iýip oturan naharlaryny onuň öňüne süýşürýärdiler. Öweze ýaranmagyň ugrunda pelesaň urardylar. Käsesine çaý guýup berýärdiler. Öweziň özi oglanlara hiç zat diýmeýärdi. Ýöne olary Garik urup-ýenjen wagty Öwez Garigiň tomaşaçysy bolup berýärdi. Ejesi hernäçe «getirme» diýse-de, Öwez Garigi öýüne-de ýene getirip başlady. Çagalar kolonnasynyň ölmez-ödi höregi bilen kemala gelip, indem uçilişşäniň oglanlarynyň ýuwundy ýaly naharyny iýip gün görýän Garik üçin Aýjahan daýzanyň bal ýaly edip bişirýän elinje tagamlary jennetiň iýmişi ýalydy. Ol soňy bilen özüni Öwez çagyrsa-çagyrmasa, «Şü gün men size gitjek» diýip, onuň yzyna düşüp gaýdybermegi çykardy. Öwezlerden at tezegini guratmady. Aýjahan daýza ondan bizar bolsa-da, ony indi kowup bilmejegini duýup, sesini çykaranokdy. «Okajagy iki ýyl. Okuwyny gutaransoň-a başymyzdan sowlar şol. Biderek ýere goh edip durmaýyn» diýip, ol öz-özüni köşeşdirdi. Gyz geçip, ýaza ornuny beren günleriň birinde Garik Öwezi öz otagyna çagyrdy. — Öýüňize äkidip, sen maňa kän hyzmat etdiň, jigim — diýip, ol krowatda oturan ýerinden Öweziň arkasyna patlatdy. — Şu gün bolsa men seni myhmançylyga äkitjek. Agaňyň-da saňa nähili hyzmat edýänini synla sen! Şäheriň demirgazyk günbatarynda ýerleşýän howluly jaýlaryň birine bardylar. Howluda derekli adamlaryň ýaşamaýanyny derrew aňsa boljakdy. Akan-dökänlikdi. Taşlanan, ownukly-irili agaç bölekleri, düňderilip ýatan bedreler, kirli haýatlar bu öýüň eýeleriniň tüneklerine asla yhlas etmeýändiklerinden habar berýärdi. Howly dardy. Onuň esli bölegini şarlap, akyp ýatan krantyň töwerege syçradýan suwunyň palçygy tutýardy. Öwez Garik bilen tirkeşip, içerik girende has aýylganç zatlary gördi. Bosagadan yzyna gaçjak boldy. Ýöne ony Garik tutup saklady. Ini-boýy bäş-alty metrlik uly otagda etli-ganly, elli ýaşlar töweregindäki aýal bilen dört erkek kişi, dört sany ýaş gyz bardy. Olaryň bary ýarym ýalaňaçdy. Gapdallaryndaky erkek kişiler bilen wejra bolşup otyrdylar. Biri-birlerini gemrişip, sypaşýardylar. Misli, olar üçin ýanlarynda özlerinden başga adam ýok ýalydy. Haýa-şerimiň nämedigini bilmeýäne çalym edýärdiler. Öwez beýle wejraçylygy heniz kinoda-da synlap görmändi. Semiz aýal bolsa kirli ýassyga ýanbaşlap ýatan ýerinden çaý süzýärdi. Öwez öýdäki masgaraçylyklary görmejek bolup, elleri bilen ýüzüni tutdy. — O! Garly jan geldi! — diýip gygyrdy-da, Öwez dagy içerik girenden, semiz aýal eline alan käsesini ýerde goýup, hezil edip güldi. — Bir utanjaň ýigit tapyp gelipsiň-le sen, Garik! Nireden tapdyň beýle eýjejik zady?! — Aýyr-ow eliňi ýüzüňden, masgara edýäň! — diýip, azmly pyşyrdady-da, Garik Öweziň eline kakyp goýberdi. Soňra semiz aýalyň ýanyna geçip oturdy-da, oňa ýüzlendi. — Faýa daýza! Keýpler niçik?! — Gül ýaly! — diýip, semiz aýal bijesi çykana dönüp ýyrşardy. Sag eliniň başam barmagyny çommaldyp görkezdi. — Faýa daýzaň keýpi mydama güldür! — Geç-ow bärik! — diýip, Garik oturan ýerinden Öweze azgyrylyp goýberdi-de, semiz aýaly gujaklap, onuň ýaňagyna-ýaňagyny goýdy. Öweze bakyp gepledi. — Faýa daýza diýsem-de, bu meniň ejemiň ornundaky adam! Tanyş bol, jigim. «Eje» diýýän men muňa. Men mundan ejemden görmedik mährimi görýän. — Şundan soň Garik Faýa daýza Öwez hakda maglumat berdi. — Bu meniň jigim, Faýa daýza. Maňa çyn hossar boldy bi. Köp ýagşylyklar etdi. Bile okaýas. — O! Bolubilýä! Bolubilýä! — diýip, Faýa daýza Garigi makullady. Garigiň gapdalyna gelip çöken Öweziň gözleriniň içine seredip, gözlerini güldürdi. — Saňa hossar bolan adam biziňem hossarymyz, Garly jan. Öýüň içi ýürekbulangyç yslydy. Tüssäniňmi, aragyňmy, aşa köp dökülen atyryňmy, garaz, aňşyryp bolmaz derejedäki del yslar beýle ýagdaýa öwrenişmedik ýigidiň ýüregini bulaýardy. Biri-birleri bilen gemrişip oturanlar Öwez daga tarap gaňrylybam seredenokdylar. Misli, öýe hiç kim girmedik ýalydy. Hiç kim gürleşmeýän ýalydy. Öz mojuk işleri bilen gümradylar. — Bizde myhmanalar täsin naharlar bilen-ä hezzet edilenok, hanym —diýip, Faýa daýza Öweze ýüzlendi. Soňam Garigiň ýüzüne bakyp gepledi. — Aç bolsaňyz-a holodilnikde biraz kolbasa bardyr, Garik. Aşhanadaky stoluň üstünde-de bir bölek çörek bolmaly. Şolary getirip, garbanyň. Indiki geleniňde iýen zatlaryňy ýerine getirip goýarsyň. — Faýa daýza sözüne dyngy berdi. — Öwez diýdiňmi bi ýigidiň adyna? Hä, Öwez, Öwez. Öwez jan, bizde del naharlar bolmasa-da, nahar küýsetmeýän başga hezzetler-ä bar. Şeýle bir lezzetli oýunlar bolýa welin, bizde... Bir görseň, gidesiň gelmez. Saňa-da ol oýunlaryň tagamyny dadyrarys basym. — Her zadam bolsa, iýip-içeli. Okuwdan gelýän çagalardyrys —diýdi-de, Garik gidip, diýlen kolbasa bilen bir kerpiç çöregini alyp geldi. Olary eli bilen tagaşyksyz bölüşdirdi-de, Öweze mürähet etdi. — Al, iýiber senem. Öwez utanyp, ýere girip barýardy. Öýdäki agryljyk ysa-da ýüregi şol bulanyp durdy. «Bu ýerden nädip çykyp gidip bolarka?» diýip, pikir edýärdi. Ol Garigiň hödürinden başyny ýaýkap, ýüz öwürdi: — Ýok, iýjekgä. — Iýmeseň, has gowy — diýdi-de, Garik getiren kolbasasydyr çöregini ötüginden ötürdi. Soňra Faýa daýzanyň guýup beren bir käse çaýyny içdi. — Al, şulary ýygnaşdyr — diýip, Faýa daýza boşan çäýnek bilen käseleri Garigiň öňüne itdi. Garik çäýnek-käsedir süýjüdany aşhana äkidip geldi. Saçak ýerine ýazylan gazeti düýrläp, gapydan daşaryk oklap goýberdi. Faýa daýza Öweziň gapdalyna geçip oturdy-da, onuň ellerinden sypaşdyrdy: — Bujagaz myhmanymyza-da hezzet görkezmelimi? — Bilmedim, özünden sora — diýdi-de, Garik erinlerini syrtardyp ýylgyrdy. — Öz-ä birinji gezek görşi beýle, lezzet alynýan ýeri. Synanyşyp göräý. — Boş goýbermäli muny — diýdi-de, Faýa daýza Öweziň egninden penjegini aýrymaga durdy. — Hormat-sylag edeli. — Eý, bu näme edýär-aý? Bu näme edýär-aý?! — diýip, Öwez gorkuly hem geň nazary bilen Garrigiň ýüzüne bakdy. Faýa daýzanyň näme üçin beýdýänine hiç düşünmedi. Eýýäm egninden çykan penjegini Faýa daýzanyň elinden almaga synanyşdy. — Goýber-ow penjegimi! Garik, diýsen-ow muňa. Penjegimi bersin-ow! Öwez Garigiň ýüzüne delmuryp bakdy. — Terje öýdýän. Ýaňyja kapasadan çykan guş ýaly — diýip, Faýa daýza hikirdedi. — Erkek kişä-de meňzänok sen munyň-a, Garik. Gyzjagaz ýaly gorkajyk. Erkekligi bir barmy munuň?! — Barlap göräý — diýdi-de, Garik hem güldi. Faýa daýza Öweziň köýneginiň iliklerini ýazdyrmaga durdy. Öwez turup, ondan gaçdy. — Nädýäň-aýt, daýza, utanaňokmy?! — diýibem, Faýa daýzanyň üstüne gygyrdy. — Garik, gideli bu ýerden. Sen gitmeseň, özüm gitjek! Garik Öweze kömek edenden geçen, gaýtam ony tutup getirip, ýene Faýa daýzanyň ýanynda oturtdy: — Bu ýerden häzir gitmek bolmaýa! Gorkma! Gorkuly zat ýok. Entek her gün şu ýere gaýdaly diýip, ýalbarjak günleriňem bolar! — Men näme, daýzamy, hä? — diýdi-de, Faýa daýza ýene bihaýalyk bilen hikirdedi. — Ýaşajyk gyz-a men, hanym! Garik Öweziň egninden tutup saklady. Faýa daýza bolsa onuň ähli eşiklerini sypyrdy-da, eneden dogan wagtynda meňzetdi. Soňam hikirdedi: — Gyz-a däl eken. Erkeklik alamatlar-a bar eken. — Şeý diýip, Faýa daýza gödek elleri bilen Öweziň aýaklaryny sypaşdyrdy. Öwez aýaklaryny debşenekledip, aglamaga başlady: — Eje-ýe! Goýberiň meni, goýberiň! Garik! Gaýdyp seniň bilen gepleşmen! Öwez şeýle bir aglady welin, olara gelenleri bäri üns bermän, biri-birleri bilen oýnaşyp oturan ýarym-ýalaňaçlar-da üns sowdular. Hemmeler wakyrdaşyp gülüşmäge başlady. — Waý, bi masgarany! — diýip, gygyrdy-da, Faýa daýza arkan-ýüzin gaýşyp güldi. El çarpdy. Şeýle erkek kişini birinji gezek görýän men! Sünnet etjek bolamzog-a seni! Oýun henege-de düşeňokmy sen! — Şeý diýip, Faýa daýza Öweziň eşiklerini üstüne oklap goýberdi-de, ýalaňaç tenine şarpyk çaldy. — Tur-a! Ýok bol-a! Seni başyma uraýynmy! — Eý, sen-ä samsyk ekeniň! — diýip, Garik hem Öweze sögündi. —Möňňüren bolmaň näm-ow seniň! Okuwdaky oglanlaryň islendigini getireýin şu ýerik, bir gelseler, yzlaryna-da gitmezler. — Alyp gaýdyber, alyp gaýdyber — diýip, Öwez bu wagt gaharyna Garikden gorkmagam unutdy. Aglamjyrap oturyşyna, aldygyna eşiklerini geýdi. Eliniň tersi bilen zol gözýaşlaryny süpürdi. — Kimi alyp gaýtsaň, şony alyp gaýt. Gaýdyp men-ä düşmen seniň yzyňa! — Haý, samsyk, kemyrsgal! — diýip, Garik Öweziň ýeňsesine oýun edip çalyp goýberdi. — Ine, seret, pöwhe! Faýa daýzat ýaly owadan aýallar ýylgyryp durka nätmeli! Şeý diýdi-de, Garik hemmäniň gözüniň alnynda Faýa daýza bilen ýaşajyk gyz bilen oýnaşýan ýaly, oýunlara başlady. Olaryň bolşuna aňkaryp, Öwez aglamagam ýadyndan çykardy. Agzy öweldi galdy. Gözleri petredi. Bir gonjuny aýagyna sokup ýetişmedik balagyny gujaklap, doňňara daşa öwrüldi. Olar göz-gülbançylyga başlanda bolsa, wejera işlere bakyp, tersine öwrülip, gözlerini ýumdy. Olaryň bihaýa grrüňlerini eşitmejek bolup, barmaklaryny gulaklaryna dykdy. Garigiň «ejem» diýip oturan kişisi bilen bolmasy işlere baş goşubermesi Öwezi gözüniň alnynda, haýa-şerimi unudyp, gözden bukuljak bolman, bolup oturyşy arassa içeride kemala gelen ýetginjek üçin ýer çöwrülenden enaýy bolmady. «Haýwandantapawudy-da ýok bulaň» diýip, Öwez içini gepletdi. «Şu gün şu ýereden sag-aman çyksam bolýa. Gaýdyp, ata-baba bu jelegaýlara aýak basman. Bäý-bä! Bi, Garik nähili zatlara baş goşýan eken!» diýip, birsyhly öz-özi bilen gepleşdi. Birhaýukdan soň Garik ýene onuň ýeňsesine ýelmedi: — Eý, pöwhe! Ýör, gaýdasyň gelse, gaýdaly! Rugsat bolanyna begenip, Öwez daşaryk atyldy. — Gaýdyp seň bilen tirkeşmen! — diýip, ýolda ol Garige gaharyny duýdurdy. — Ol daýza bilen nädiberdiň-aý?! Ilki oňa «ejem» diýip otyrdyň-a how sen! Garik Öweziň ýeňsedamarlaryndan çümmükläp tutdy-da, gözlerini öňküdenem beter gyzardyp, azgyryldy: — Lal bol! Meň işime goşulma! Şu gürrüňler ýekeje ýerde çykaýsa, jigimem bolsaň, etiňi dograryn. Özüňem hytdy-pytdyňy goý. Mydama meniň ýoldaşym bolarsyň. Size gidib-ä garny doýurmaly, bärik gelibem keýp köklemeli. Erkek kişi bokurdaksyzam ýaşap bilmez, keýpsizem! Öwez indi hakyky bela sataşanyny duýdy. Ejesiniň: «Bitertiplere ýanaşma. Ahyr bir belanyň üstünden bararsyň!» diýip gygyrýan sesi gulagynda ýaňlanyp-ýaňlanyp gitdi. Indi özüniň hiç wagt Garikden sypmajagyna gynanyp, hyrçyny dişledi. Ümsümligi Garik bozdy: — Indem size gidip, Aýjahan ejemiziň bal ýaly naharyndan garny doýraly. Öwez gygy ajap duran, gözüne gan öýen azgyn bilen gepiniňem, oýnunyňam deň gelmejegini bildi. Sesini çykarman, ony öýüne äkitdi. Nahar-şor berip, gijäniň bir mahaly ugradyp goýberdi. *** Garigiň elten öýünde gören bihaýa kişileri Öweziň diýseň keýpini bozdy. Olaryň hiç ýadyndan çykaryp bilmedi. Ýarym ýalaňaaç gyzlardyr erkek kişiler gije düýşünde, gündiz huşunda ony gününe goýmady. Ol Garikden sypmagyň gaýgysyny edip, saralyp-soldy. Iňňä sapaýmaly boldy. Islese-islemese, Garik ýene Faýa «ejesiniňkä» alyp gitdi. Ikinji gezek baranda Öwez birinji sapaordaky ýaly kyn hala düşmedi. Öýdäkileriň hapa oýunlaryna goşulmasa-da, özüni rahat saklamagy başardy. Garik öwrenen oýunlaryndan mazaly keýpini çaglaýança ýüzüni kese sowup oturyp gaýtdy. Oňa öýdäkilerem azar berip duranokdylar. Asyl oňa «barmysyň» diýýänem ýokdy. Ol öýe on-on bäş gezek baransoň bolsa, Faýa daýzalardaky wakalar Öwez üçin adaty wakalara öwrülip gitdi. Ol bolýan wejralyklara daşarda töweregi palçyga eýläp akyp ýatan kranta syn salşy ýaly, biperwaý syn salmaga öwrenişdi. Özi welin olara goşulmaga hiç meýil etmedi. Ýogsa, käteler, ýanyndaky erkek kişileri ýok wagty ýalňyz galýan gyzlar Öweziň daşyna geçip, oňa her hili gep goşup, itişip oýun-henegem edip görýärdiler. Ol gyzlary Öweziň ýüregi alanokdy. Ýöne «Duza gaçan duz bolar» diýlişi ýaly, mydama haýasyz zatlary synlap ýören ýetginjegiň-de ýüregi soňy bilen üýtgäp, onuň küýüne her hili gara pikirleri salýardy. Faýa daýzalaryň öýündäki oýunlara nähili goşulyp gidenini Öweziň özem duýmady. Haram keýpe uçran halaty adamda haýa-şerimden nyşan galmaýanyna, özi bu öýe ilkinji gezek gelende aýal-erkekleriň nä sebäbe özlerinden utanman, göz-gülban bolup oturyşlaryna Öwez olaryň gününe düşen wagty göz ýetirdi. Içindenem gaýtmady, keýpi-sapadanam. Uçilişşäni tamamlaýança ol depesinden dabanyna çenli hapa çümdi. Uçilişşeden soň zawodlaryň birine nurbat ýasaýjy tokar edilip işe iberildi. Ýene Garik bilen bir stanogyň başyna barmaly boldy. Garik uçilişşäniň umumy ýaşaýyş jaýyndan zawodyň umumy ýaşaýyş jaýyna geçdi. Öwez uçilişşäni tamamlaýança onuň mekdepdäki klasdaşlary-da on ýyllyk okuwy tamamladylar. Klasdaşlarynyň köpüsi ýokary okuw jaýlaryna okuwa girdi. Goňşulary Näzik daýzanyň ogly Emir hem medisina institutyna girdi. Garigiň dünýäsine özüni atan Öweziň klasdaş bilenem işi ýokdy, goňşy bilenem. Onuň bolşy bu dünýäniň adamsy däl ýalydy. Düňderilip, şol bir öwrenişen ýoly bilen gelip-gidip ýördi. Işden soň Garigiň bolýan ýerine giderdiler. Garaňkyny gatlyşdyrman, Öwez öýüne köwlenmezdi. Tomus aýagynyň ýygnanyp ugran günlerinde, giçlik, öýe gaýdyp gelýärkä Öwez klasdaşy hem goňşusy Gülälege gabat geldi. Gülälek nirädir bir ýere howlugyp barýardy. Ýüzüni gaýra tarapa tutupdy. Pete-pet gabat gelenem bolsa, gyz Öweziň ýüzüne seretmedi. Ol çuň pikire batyp barýardy. Süňňüýeňil ädimleri, käte özbaşyna ýylgyrjaklap barmasy gyzyň süýji hyýala çümeninden habar berýärdi. Gyz özüne seretmese-de, Öwez welin Gülälege syn saldy. Şonda Gülälek klasdaşy Öweziň gözüne peri sypatly bolup göründi. Olardan aýrylyp gaýdyp, ençeme ýyl bäri ýakyndan syn salyp görmedigindenmi-nämemi, Gülälek öňkülerden has ösüp, eti-gany doluşan ýalydy. Döşüniň üstünden goýberen goşa örüm saçlarynyň uçlary gyzyň ädim urşuna çaýkanyp, birgeňsi galgap, ýüregi elendirýärdi. Dolmuşja ak ýaňaklaryň üstüne dökülen zülpler adaja şemala gyzyň ýüzüni sypap-sypap goýberýärdi. Gyz ellerini zol üzüne eltip, zülplerini timarlaýardy. Zülpler bolsa, misli, gyz bilen kejeşýän ýaly, sypalap ornuna eltilenden soňam ýene akja ýüze tarap dalaş edýärdi. «Garaňkyny gatlyşdyryp, bi nirä barýarka? Gözi ýer görenok» — diýip, Öwez Gülälek deňinden geçip gidensoň, içinden pikir öwürdi. Şeýle ýagdaýda Öwez Gülälege kän gabat geldi. Günleri gysgaldyp, garaňkyny çalt gatlyşdyryp başlan sentýabryň bir agşamy Öwez ýene gülälegiň gaýralygyna barýaryny gördi. Ýetginjegiň bilesigelijiligi şol gün ony öz erkine gogýmady. «Bi her gün nirä gidýäkän-aý garaňkyny gatlyşdyryp. Göreýin-le» diýip, içini gepletdi-de, öwez yzyna öwrüldi. Özüniň barlygyny duýdurman, Gülälegi yzarlady. Gyz obaçylykdan çykyp, kanalyň boýuny syryp geçýän uly maşyn ýola ýetdi. Indi onuň barýan ýeri tekiz ýolda eliň aýasynda ýaly görünýärdi. Bir çetde çommalyp oturdy-da, gyza syn saldy. Onuň nirä barýanyny seretdi. Gülälek maşyn ýoldan geçensoň, kanalyň boýundaky beton jaýjagaza tarap gitdi. Ol beton jaýjagaz Öwez dagy dünýä ineli bäri bardy. Ony kanal gazyjylar dikip gidipdirler diýip, gürrüň edýärdiler. «Öý» diýise-de, betondan gurnalan bu ymaratjyk «öý» diýen ýaly däldi. Ol ýel-ýagmyrdan goranmak üçin dikiline beton haýatdy. Üç tarapy demir bilen kebşirlenip, ini-boýy üç-dört metr ýaly ölçegde gurnalan gaçybatalgady. Üstüne-de birki sany uzyn demir kebşirlenip, çöp-çalam, şifer bilen bassyrylypdy. Ýyllar geçip, çöp-çalamlar çüýräp, şiferleriň köp ýeri döwlüp gidipdi. Töweregini bolsa gamyşdyr, ot-çepler basypdy. Öweziň özem ol öýjagazda kän gezekler ykyşyklap görüpdi. Öwez ol töwerekde çagalykda mal bakdy, oýnady. Güýçli ýel bolanda, ýagyş-gar ýaganda çagalar şol öýjagaza girip, penalanýardylar. Öýjagazyň töründe oturgyç ýerine goýlan harsaň-harsaň agyr, beton daşlar bardy. Ony uly adam bolaýmasa, çagalar asla ýerindenem gozgap bilmeýärdiler. Gülälek esli ara açansoň, Öwez onuň yzyna garama-gara düşdi. Gyz ýakynlaberende, taşlanyp gidilen beton öýjagazdan ak köýnekli, uzyn boýly ýigit çykdy. Ýigidi görüp, gülälek ondan birki ädimlikde badyny saklady. Soň ikisi bile ýene beton öýe duwlandylar. «Gülälek biri bilen duşuşýa» diýip, Öwez içini gepletdi. Gyzy garşylan ýigidiň kimligini bilmek höwesi bilen öňe atyldy. Töwerekde ösen gamyşdyr ot-çöpleri şagyrdatmazlyga çalşyp, seresaplylygy elden bermän, beton jaýa ýakynlaşdy. Käte çalajadan geplenýän hüňürdi eşidilip gidýärdi. Ýöne näme hakda geplenýänini aňşyryp bolanokdy. Öwez ýuwaşja ädimläp, jaýyň arka ýüzi bilen Gülälek dagynyň oturan ýerine has golaý bardy. Gulagyny beton haýata berdi. Oturanlar şeýle bir haýal, pessaý gepleşýärdiler welin, indi diýilýän gepleri aýyl-saýyl eşitse-de, Öwez ýigidiň sesini hiç saýgaryp bilmedi. Ýaşlar, hamala, uklap ýatany oýarmajak bolýan ýaly, seslerini gaty çykarmazlyga çalyşýardylar. Ýöne gürrüňiň klasdaşlaryň kiçi klaslarda başyndan geçiren wakalary hakdalygyny saýgaryp, Öwez ýigidiň-de öz klasdaşlarynyň biridigini çaklady. Eýýäm ençe ýyl bäri Garik bilen tirkeşip, Faýa daýzalarda bihzaýaçylykda ýagdaýlara goşulyp ýören Öwez üçin iki klasdaşynyň gürrüňleri çaga gürrüňinden üýtgeşik däldi. Olar klasdaşlaryň çagalykdaky garagolluklary, obadaky toýlar hakda gürrüň edýärdiler. Birdenem, Öweziň gülälek daga gözi gitdi. «Men näme üçin özümi şular ýaly arassa tutmadym?! Näme üçin hapa ir çümdüm?! diýip, ol gynanç bilen pikr öwürdi. Öz bolup ýörşüne kemsindi. Ýüregine gussa aralaşyp, keýpi bozuldy. Bir sagada golaý wagt geçensoň, Gülälek gaýdarman boldy. — Gideýin indi. Ejem gözlär — diýdi. Ýigit degişdi: — «Aýnabat daýza, alada etmäň. Gyzyňyz meň ýanymda oturandyr» diýip, aýdyp gaýdaýaýyn öýüňize? — Gülälek jykyrdady: — Hawa, şeýtsene. Bir kemim şoldy... — Meň bilen duşuşýanyňy bilse, ejeň käýýärmi? — diýip, ýigit gyzdan sorady. — Bilmedim — diýip, Gülälek ýene näz-kereşme bilen jykyrdady. — Ejem seň ejeňä erbet görenok. Seni nähili görýänini bilmeli-dä ilki. Gyzyna ýapyşyberseňiz halad-a ýapmaz. «Be, kimkän-aý ol Gülälegiň ejesi bilen gowy gatnaşýan goňşy?» —diýip, Öwez oturan ýerinden pikir öwürdi. Ýöne näçe kelle döwse-de, öz sowalyna jogap tapmady. «Goňşulaň-ňa hijisem erbet gatnaşanok» diýip, öz-özi bilen gepleşdi. Onýança ýigit ýene gyza sowal bilen ýüzlendi: — Birden seni maňa bermejek bolsalar, näme edersiň-ä. Gülälek? — Goýaweri, beýle gürrüňler gerek däl häzir — diýip, Gülälek utanyp gepledi. — Biz entek ýaş-a. Sen okuwyňy gutar. Birneme ulalaly. Ol zatlary wagt gelende görübiýris. Berlip-berilmez ýaly, atyşyp-çapyşamyzog-a öý arasynda. — Beýle gürrüňem etsek-edibermeli. Bizem on sekiz ýaşadyg-a — diýip, ýigit gürrüňi dowam etdi. Gülälek beton jaýjagazdan ylgap çykdy: — Bolýa, men gitdim. Entek ol gürrüňlere aý-gün kän. Soň bir gün ölçerip-dökeris. — Günde gelgin şu ýerde, men garaşjakdyryn — diýip, ýigit gyzyň yzyndan gygyrdy. Ýigidiň gaty sesini eşidensoň, Öwez ony tanady. «Emir!» diýip, özbaşyna gepledi. «Emir bilen Gülälek halaşýa» Bu syry bilende Öwezde hiç hili göriplik duýgusy oýanmady. Hat-da ol klasdaşlaryna öz ýanyndan guwandam. «Tüweleme, Emir gowy gyz tapypdyr» diýip, içini gepletdi. Ýaşlar bu ýerden birneme ara açýança öz-özi bilen gepleşip oturdy. «Emirem erbet oglan däl. Tetibem gowy. Okap ýör. Aýnabat daýza berer-le Gülälegi Emire». Gülälek bäş-on ädim ýöränsoň, badyny saklap, Emire gygyrdy: — Günde garaşma! Günde gelip biljegimi bilemok. Iş bolmagy mümkin! — Günde garaşjakdyryn! — diýip, Emir onuň yzyndan gygyr. — Işiň bolan güni işiňi bolup geläý! Men daň atýança oturaryn şu ýerde! Özüňem gorkman ýöräber! Men yzyň bilen barýandyryn. Gülälek çöp-çalamlaryň arasyny keip, ylgaşlap, uly ýola tarap gitdi. Gyz uly ýola çykansoň, Emir hem ýöräp ugrady. «Şeýdip menem birini gowy görsedim. Şeýdip menem bir gyz gowy görsedi» diýip, Öwez kemsinmek bilen pikir öwürdi. «Menem şeýle arassa söýgä sataşsam bolmaýamy!» Öwez ol ýerde gaty kän oturdy. Gijäniň bir mahaly öýüne dolanyp bard. Eýýäm nije ýylyň içidir, islän wagty gidip-gelip duran oglunyň giç dolanmasyna Aýjahan daýza bu günem zat diýmedi. *** Şol günden soň hem Öwez duşuşyk ýerine howlugyp barýan Gülälege kän gabat geldi. Kä gün oňa üns bermedi. Kä gün gidip, aşyk-magşuklaryň gepine diň saldy. Şeýdip, günler biri-biriniň yzyna tirkelip, geçip durdy. Bir gün bolsa Gülälek Öweze Garik bilen gelýärkä sataşdy. Bagtly ýylgyrjaklap, uçan guş dek pasyrdap barýan owadan gyzy Garigiň teşne gözlerinde galdy. Ol Gülälegi taýak atymlykdan görendenem gözleri bilen iýäýjek bolup seretdi. Gyz deňlerinden geçip gidenden soň telim ýola yzyna öwrülip, gözlerini gyzdan aýryp bilmedi. — Owadan gyz eken — diýip, hyrçyny dişläp, baş ýaýkady. — Beýlede owadan gyz bolýan eken-ow! — Şeý diýensoň Garik Öweze ýüzlendi. —Tanaýaňmy? — Tanaýan — diýip, Öwez Gülälegi tanaýanlygyny ýaşyryp durmady. —Klasdaşym hem goňşy. Han-ha, hol öýde ýaşaýa — diýbem, gyzyň öýüni baş atyp görkezdi. Şol pursat Garigiň ýüreginden söýgi ody köredi. Ol Gülälege bir görende aşyk bolanyny duýdy. Gyzy ýakyndan tanamak höwesi güýjedi. Ýetişeli bäri özüniň sataşyp gören aýal maşgalalary häzir onuň üçin köçede entäp ýören it-pişiklerden ibaly duýulmady. «Şuň ýaly gyz bolaýsa ýoldaşyň!» diýip, dişlerini syzdyryp pyşyrdady. Aýak çekip, Öweze delmuryp bakdy: — Tanyşdyrsana onuň bilen! — «Tanyşdyr» diýýäňmi?! — Öwez pyňkyrdy. — Tanyşdyrjak bolanymda ol gyz seň bilen tanşar öýdýäňm-ow, şepe!? Bu gyz, ol seniň Faýa daýzaňlara üýşýän gyzlardan ödýäňmi sen çem gelen bilen tanşyberere! Munuň ýaly gyzlar ýigitleri pitikläp-pitikläp saýlaýarlar. Öýüne müň sawçy eltip, birine barýa olar. Olaryňam haýsysy edepli, akylly, üstesine-de syratly hem pulluja bolsa... — Bilýän... — diýdi-de, Garik uludan dem alyp, gussa batdy. Gülälegiň giden ugruna seredip goýberensoň, ýoluny dowam etdi. — hudaý meni halaman, ýetimlik ykbalyny ýazypdyr maňlaýyma. Mende oňka gudaçylyga iberere ene-ata-ha ýok. Sanap töläre pul-da! — Üstesine, jaýyňam ýok — diýip, Öwez onuň ýarasyna duz sepdi. —Zawodyň umumy ýaşaýyş jaýyndaky gaty krowatyň üstünde ýatyp-turýan ýigide Gülälek barar öýdýäňmi? Tertibiň hakda-da pikir edä-how sen! — Gülälek... Gülälekmi onuň ady? — diýip, Garik Gülälegiň adyny süýjedip tutdy. — Gülälek diýseň gülälek. Pasyrdap, ýöreýşini dagy görýäňmi onuň?! — Sen-ä oňa eýýäm aşyk boluň — diýip, Öwez şepesiniň ýüzüne ýyrşarylyp bakdy. — Gülälek aşyk bolmaz ýaly gyzam däl-dä... — Aşyk boldum-aý... — Garik Öweziň egnine äpet aýalaryny patladyp goýberdi. Garigiň elleriniň agramyna Öweziň eginleri ýegşerip gitdi. —Ýöne meniň öýümiň, pulumyň ýoklugy üçin men günäkärmi?! Ol zatlaram belki, soňy bilen bolar... Şeýle ykbaly maňlaýyma meniň özüm çyrşamadym ahbeti... «Özüňiň-de günäkär ýeriň kän» diýip, Öwez şepesiniň bolgusyz edähetlerini aýdyp galmak isledi. Ýöne ýene-de onuň bir ýoknasyzlygyny ederinden çekinip, dilini saklady. «Näme bolsaň, şol bol» diýip, içinden Garige igendi. Gepini sypaýyrak ugra gönükdirdi: — Şeýle ykbaly maňlaýymyza özümiz çyrşadykmy, başga kişi, biljek däl, şepe. Ýöne şol gyz seniň kimin öýsüz-öwzarsyz, pulsuz-püçeksiz sergezdana barmaýa. Şon-a aýdaýyn men saňa. Özi barjagam bolsa, hossarlary bermez. Sen bilýäň-ä türkmeniň ýagdaýyny. Türkmen maşgala berjek bolsa synlap, seredip, tertibini-ýagdaýyny sorap-idäp, soň berýär-ä. Ogul öýerenlerinde-de şeýdýärler. Öwezleriň öýüne gelip, ornaşanlaryndan soň Garik janykdy: — Eger men ony gowy görsem, şony-da alasym gelse, onda näme?! — Alasyň gelse-de alaç ýok. — Öwez dodagyny çöwrüp, eginin gysdy. —Her kim öz deňini gözlemeli. Ogryn, zorluk salyp alyp gaçaýmasaň-a, şony saňa gowulyk bilen-ä bermezler. Alyp gaçsaňam, belki, soň gyz raza bolmaz ýaşaşamaga. Belki, ene-atasy soň senden hasabat sorar! Ýetimlikde, horlukda geçen günleri ýadyna düşüp, Garigiň gahary geldi. — Gözläýmen öz deňimi — diýip, ol gahardan titredi. — Näme men sergezdan, aýalym-da sergezdan bolsa... Ömrümize şeýdip geçmelim-aý biz? Her zat edeýin welin, ýaňkyja gyzy alaryn men! — Barmasa nädip aljak ony?! — Öwez gözlerini tegeledi. — Sen bir gezek tanyşdyrsaň bolýa. Soň özüm bilerin nädip aljagymy! —Şeý diýende Garigiň gan öýen gözleriniň gyzyly has-da köpeldi. Muňa Öwez tisginip gitdi. — Gyzlarda ýekeje bagt guşy bolýandyr. Şonusyny elinden gidirensoň, olar sergezdanyň-a däl, gedaýyň yzyna düşer... Garigiň gahardan ýanýan gözleri, aýdýan sözleri Öwezi barha eýmendirdi. «Nireden sataşd-aý bi maňa! Sataşman geçen!» diýip, Öwez içini gepletdi. «Indi bi meni günüme goýmaz!» Öwez diýseň alada galdy. Her zadam bolsa, ýene Garigi niýetinden dändirmek isläp, oňa hoşamaý söz goşdy: — Aý, şepe jan, men bilýän-ow! Sen tanaňok öýde oturan gyzlary! Gülälek öldürseňem, seniň bilen tanyşmaz. Tanşar öýtseňem, men bir ara goşma-how. Hana, tanşyber özüň ýolunda dur-da. — Sen tanyşdyrarsyň! — diýip, Garik Öweze gözlerini petredip seretdi. — Sen-ä gaýra dur. Ol meniň bilenem gürleşmeýä — diýip, Öwez ýene sypjaklady. Garik pikirinden el çekmedi: — Seniň bilen gürleşmese, jigiňe çagyrtdyraýarys. — Jigime çagyrtdyrsaň-da, ol bizi görüp, gaçyp gider — diýip, Öwezem öz diýenini tutdy. — Gepleşmez, Garik. Ynannaý maňa sen. Sen Faýa daýzanyň öýündäki bihaýalaryň çem geleni bilen gepleşip, öwrenişipsiň olara. Onsoňam, meniň jigimiň Gülälegi öýe çagyryp, bir nätanyş oglan bilen gepleşdirjek bolýanyny Gülälegiň ejesi Aýnabat daýza dagy biläýse, bilýäňmi nämeler bolar?! Ol bizi diriligimize ýuwdar. Ilki bilen-ä biziň ýumşumyzy jigimem etmez. Ejemem biläýse, gaýdyp seni bu bosagadan ätletmez. Garik Öweziň üstüne gygyrdy: — Beýdilerim ýaly, pis açypdyryn-maý men?! Dünýäni gapyşdyraýdyň-la-how! Iň gowusy, ol gyz bilen meniň tanyşjak bolýanymy islemeýäniňi boýun alaýsana-how sen! Öwez janyýangynlylyk bilen hyrçyny dişläp, başyny ýaýkady: — Wah, dostum! Diýýäniň näme how seň! Sen Gülälek ýaly gyza öýlenip, seniň günüň düzelse, men begenmejekmi eýsem?! Men saňa hakyky boljak zatlary aýdýan-da. Pis açmanyňda näme! Gülälek ýaly gyzlar seň ýaly, meň ýalyny äsgermeýär-dä! Garik öýkeli hüňürdedi: — Meniň günümiň düzeljegine begenesiň ýok. Begenjegiň çyn bolsa, tanyşdyrardyň. — Begenerin, näme begenmän — diýip, Öwez sözüni tekrarlady. —Onsoňam, onuň halaşýany bar-a-how. Ol gyz hälem şoň bilen duşuşmaga barýardy. — Ýalan! Indi ýumuşdan gaçyp, ýalan sözleýäň! Sen nireden bilýäň kimiň halaşyp-kimiň halaşmaýanyny! — Alla jan kessin! — diýip, Öwez sag eliniň süýem barmagyny boýnuna süýkäp goýberdi. — Ine, şujagaz gapdalymyzdaky goňşymyzyň ogly bilen halaşýa. Ol-da meniň klasdaşym. Men ikisiniň duşuşanyy gördüm. — Ýalan! — diýip, Garik tükezzibanyna tutdy. — Ynansaň, ýör, gideli, görkezeýin. Owadan gyzyň ýigit bilen duşuşýanlygyny eşitmek Garik üçin diýseň agyrdy. Ol her zadam bolsa, Öweziň ýalan-çynyna göz ýetirmek isledi. Böküp, ýerinden turdy: — Ýör, ýöne, aldaýsaň, kanala atyp gaýdaryn. — Häzir oturan bolsalar-a görkezeýin. Eger gaýdan bolsalar, ertir gidip göreris — diýip, Öwez ynamly gepledi. — Olar şol ýerde günde duşýa. Öwez bilen Garik tirkeşip ýola düşdüler. Ýöne olara Gülälekdir Emiriň duşuşýan ýerine barmak geregem bolmady. Öwez dagy maşyn ýola ýeten halaty Gülälek eýýäm duşuşyk ýerinden yzyna dolanyp gelýärdi. Garik onuň ýekeligine begendi. — Hana, onuň bir öz-ä. Ýanynda oglan ýog-a! — diýip, ol tolgunyp hem begenip, näme edýäninem bilmän, çep eli bilen gapdalyndan barýan Öweziň penjeginiň ýakasyndan tutdy. Gözleri Gülälek tarapynda-dy — Seret, ol ýeke gelýär! Öwez hem Gülälegiň ýeke gelýänini görüp barýardy. Ýöne Öwez salym geçmän, Gülälegiň yzysüre Emiriň-de geçjegini, häzir onuň gyzy il gepine goýmazlyk üçin bukurak ýerde saklanýandygyny duýýardy. — Guş kimin pasyrdap gelýä! Onuň ýöreýşine bir seretsene! Ýöreýşem müň gyza degýä onuň! — diýip, ýollaryň gyrasynda dikilen tillerdäki ýiti çyralaryň ýagtysyna birsyhly gyza syn salýan Garik ýene duýgularyna erk edip bilmän seslendi. — Şol gyza ýetip bilmesem, ölerin men, Öwez! — Häzir görersiň, onuň yzyndan halaşýan ýigidi-de çykar! — diýip, Öwez sözleri bilen Garigi gynandyrdy. — Gülälek ýola ýeke çykmaz. Emir häzir Gülälegi gözleri bilen ugradyp durandyr. Ilden çekinip bile ýöremeýä olar. — Öwez Garigiň elini penjegindžen aýyrdy. — Gyz-oglan bolup, bileräk ýöräp bolanok-how şu zamanada. Derrew gepe ýataýýalar. Gülälek Öwez daga golaý gelip, maşyn ýoldan geçdi. — Bolgusyz gepiňi tüket — diýip, Öweze azgyryldy-da, Garik generaly gören esger mysaly aljyrady. Onuň bu wagt Öweziň gerekmejek geplerini diňläsi gelenokdy. — hana, ol ýetip gelýä. Öz pikirleri bilen gümra Gülälek ýene Öwez daga üns bermän, sallanjyrap, ýere bakyp, geçip gitdi. Garik ony gözleri bilen ýuwdaýjaga dönüpdi. — Men heniz beýle owadan gyz göremok — diýip, ol tolgunmadan demi tutulyp, pyşyrdady. — Dodaklarynyň pökgüjedigine seretdiňmi? Açyljak bolup duran gunça meňzeýä olar, Öwez! Sen ol gyz bilen meni iň bolman, ýeke sapar bir gepleşdir! Bir gezek gep açyp bilsem, soňuny özüm oňararyn! Şol pursat beton öýjagaz tarapdan gelýän Emir uly ýoluň gyrasynda göründi. Öwez henizem Gülälegiň yzyndan bakyp duran Garige ýüzlendi: — Hana, onuň gepleşýänem gelýä. Diýdim-ä men saňa, yzynda garawullap oturandyr diýip! Öweziň sözleri Garigiň gaharyny getirdi. Onuň gözlerinde gazap ody uçganaklap gitdi. Hut ýaňyja gyza bakyp, mylaýym duýgulara eýlenen ýüzi haýyrsyzlandy. Gahardan gaşlary gerildi. Sesini çykarman, Emire tarap syn saldy. Emir Öwez bilen onuň şepesiniň ýoluň çatrygynda, öz geçmeli ýerinde duranyny gördi. Ol özüniň nireden gelýänini soralyp, syrynyň açylaýmagyndan çekinip, geçmeli gabadam bolsa, geçmän, ýoluň gyrasy bilen ýene esli ara ýöräp gitdi. Öwez dagynyň duran ýerinden mazaly ara açyp, soň ýoldan geçdi. Öwez daga tarap ýöremejek bolup, jaýlaryň gapdaly bilen öwrüm edip gitdi. Emiriň bu bolşy Öwezde-de, Garikde-de ýakymsyz duýgy döretdi. «Özi tertipli bolansoň, biz ýaly bilen gepleşmäge namys etdi öýdýän» diýip, Öwez içinden pikir öwürdi. Garik Emire bolan pikirini daşyna çykardy. Ilki: — Şolmy ol periniň halaýany? — diýip, Gülälegiň adyny tutman sorady. Öwez «hawa» diýen terzde baş atdy. — Sen-ä äsgerýäne meňzänok — diýip, soňra Garik it ýylgyrşyny etdi. — Salama-da gelmedi. Özem bizi gördi. Geljegem bolup, bilgeşländen öwrüm edip gidişini görýäňmi? Emiriň öz ýanlaryndan geçmän, öwrüm edip gidenine Öwez kemsindi. Özüniň hapa bulaşanyna duýmagyň ýakymsyz duýgusy kalbyna ornaşdy. — Gelmän geçsin — diýip hüňürdedi. — Meniňem şo diýip, gözüm-gaşym çekip duranok. Şundan soň iki şepe-de aýrylyşdy. Olaryň hersi öz ýoluna gitdi. Öwez öýüne gaýtdy. Garik ýatak jaýyna. *** Gülälege aşyk bolan Garik özüniň el uzatjak bolan şahasynyň özünden gaty belentdigini bilse-de, oňa boýunyň ýetmejegi mese-mälim duýlup duran-da bolsa, Öwezlere gelmesini has ýygjamlatdy. Gülälegi görmek küýi ony şu derejä ýetiripdi. Işden soň ol Öwez bilen tirkeşip, her gün hut atasy öýüne gelýän ýaly bolup, Aýjahan daýzanyň bosagasyndan ätledi. Gözleri guduz itiňki kimin, mydama gyzaryp duran, içgä ir eýleknenligi sebäpli, gan-peti gaçyp, göm-gök bolup duran ýüz-keşpli, ata-satan bu kişini oglunyň henizem yzyna tirkäp ýörmesine Aýjahan daýzanyň soňa baka gahary gaýnap başlady. Garigi görende onuň depesinden gaýnag suw guýlan ýaly bolýardy. Gany çogup, ýüregi titreýädi. «Okaman geçen, okuwynam-a gutardy bi. Munuň ýene bi artyp bilen bile galşyny» diýip, ol öz ýanyndan Öweze käýinýärdi. Her gün Garik sebäpli Öweze awusyny pürkmäge çemlenýärdi. Ýöne ýene gepiň ebeteýini tapman, pikirini goýbolsun edýärdi. Atasyz ýetim bolup ulalan ogluna nebsini agyrdýardy. «Goşun gullugyna gidensoň-a aýrylyşar şondan» diýip, öz-özüni köşeşdirýärdi. Garik Öwezi gününe goýman, Gülälek bilen Emiriň duşýan ýerine-de äkitdi. Iki bolup ýaş juwanlaryň gep-gürrüňlerini ogryn diňlediler. Olaryň çaganyňky kimin sadaja gürrüňlerine Garigiň-de, Öweziňde gözi gitdi. Ýaş juwanlaryň kalbynyň çaganyňky kimin arassalygy olaryň edýän gürrüňlerinem aňdyryp durdy. Olaryň gepi obadaky toýlar bilen klasdaşlaryndan aňry geçenokdy. Aşyklary diňläp, demlerini alman oturyşlaryna, Öwez bilen Garik özleri hakda pikir öwürdiler. Faýa daýzalara gelýän haýasyz aýallar, olar bilen özleriniň geçirýän sagatlary, aýdyşýan hapa sözleri ýadyna düşüp, oňaýsyz ýagdaýda galýardylar. «Men näme üçin şular ýaly bolmadymkam?» diýen arman olaryň ikisiniň beýnisinde-de at çapýardy. Gijäniň ümsümligi barha çuslanyp, misli, «Diňläň, synlaň! Hakyky ynsan çagasy nähili bolmaly!» diýýän ýaly, Emirden Gülälegiň pyşyrdydan çala tapawutlanýan gürrüňlerini bu iki azgynyň gulagyna ýetirip durdy. Gün geçdigisaýy Garigiň Gülälege bolan söýgüsi güýjedi. Ol dogup-döräli, beýle derdi-bela sataşyp görmändi. Hasratdan ýüregi sallanyp, agyrysy alyp barýardy. Keýpi ýokdy. Dünýä sygmajak bolýardy. Ol ejesiz-kakasyz bolup, her hili hor günleri başyndan geçirende-de, tussaglygyň kötel ýollarynda-da özüniň şeýle ejizlän pursatyny bilenokdy. Derdine çydaman, däliräýjek bolýardy. Bar zady ýykan-ýumran edäge-de, Gülälegi gujagyna alyp, bir ýerlere gaçyp gidäýesi gelýärdi. Ýaşyl ýapraklary saraldyp, solduryp, baldagyndan üzüp ugran güýzüň ortaky aýynyň ýekşenbä düşen günleriniň birinde Garik Öwezlere irgözinden geldi. Şol pursat Gülälek hem Öweziň gyz jigisi Nurjahanyň ýanyna gelipdi. Oktýabryň günleri dowam edýänem bolsa, maýyllykdy. Daşarynyň güneşli howasy jana şypa berýärdi. Gülälek bilen Nurjahan gapydaky tagta sekiniň üstünde tahýa jähek tutýardylar. Nurjahan jähegi çalýardy. Gülälek tikýärdi. Gülälegiň Nurjahanyň barmaklaryna ildirilen sapaklary bir geňsi kakyp alyp, tahýa çaltlyk bilen ýelmäp gidip oturşy täsindi. Iş tikmesi gyzyň görküne öňküdenem artyk gelşik berýärdi. Gunça mysaly pökgüje dodaklar bek ýumulyp, gür kirpikler süzülip, gyz ünsüni elindäki iňňede jemlände, akja ýaňaklarda çukanajyklar emele gelýärdi. Gara zülpler bolsa daşarynyň çalaja şemaljygyna gyzyň ýaňaklaryny sypap-sypap goýberýärdi. Gülälek derwezä tarap bakyp otyrdy. Howla giren Garigiň gözleri ilki bilen Gülälege düşdi. «Wah, ol akja ýaňaklary şol zülpler bolup, meniň ellerim sypasa bolmaýamy?!» diýip, Garik duran ýerinde doňňara daşa dönüp, içini gepletdi. Ol nirä, näme üçin geleninem unutdy. Gülälege syn saldy durdy. Ahyry oňa Gülälegiň gözi düşdi. Şonda gyzyň özünden gorkup, tisginmesini onuň tegelenen gözlerinden Garik duýdy. — Waý-ýeý, hana, ol adam geldi! — diýip, Gülälek gaýdyp Garige tarap seretmän, Nurjahana pyşyrdap, gep goşdy. Gyz pyşyrdasa-da, Garik onuň sözlerini eşitdi. Özem gyzyň sözleri onuň ýüregine hanjar urlan ýaly etdi. Özüne «Ol adam» diýilmesini halamady. Bu sözler oňa özüniň bu jelegaýdaky adamlaryň hataryna goşulman, aýry hasaplanylýandygyndan habar berýärdi. Gülälegiň sözleri dile getirişem diýseň sowuk äheňdedi. Nurjahan Gülälegiň pyşyrdysyndan soň yzyna çalt öwrüm edip, Garige tarap seredip goýberdi. Ony görende gaşlary çytyldy. Garige hiç hili gep goşman, ýüzüni kürşertdi-de, ýene işine güýmendi. Nurjahanyň ýüz kürşertmesem Garigiň öňki kemsinmesiniň üstüne urna boldy. Garik gyzlara ýakyn geldi. Gözlerini Gülälegiň terje almany ýatladyp duran ýaňaklaryna dikip, gyzlara salam berdi: — Salamwaleýkim! Onuň salamyny hiç kim almady. Gülälek ziňkildäp gitdi-de, ýylan gören ýaly bolup, içini çekdi. — Hih! Waý-ýeý, eje jan-ýeý! — diýip, gorky bilen pyşyrdady. Iňňesini elindäki tahýa sünjüp, ýakasyny tutdy-da, tüýkürdi. — Zähräm ýaryldy. Nurjahan bolsa çümmüklenýän ýaly çyrlap, ejesini çagyrdy: — Eje! Onuň sesi şeýle bir ýiti çykdy welin, Aýjahan daýza ýüzüni ak tam edip, ylgap geldi. — Näme boldy? Näme boldy? — diýip, gorkuly seslendi. Nurjahan Garige tarap baş atdy: — Ogluňy çagyr! Hana, dosty gelipdir. Munuň biziň ýanymyzda näme işi bar! Garigiň ýüz-gözüni gök-nil edip, gyzlara tiňkesini dikip durşuny Aýjahan daýza-da halamady. Ol gözlerini elek-çelek edip, gaharly hüňürdedi: — Gelen bolsaň, öýe gir, hanym! Aýp bor beýdip, ýaş gyzlara göz dikip dursaň! — Şeý diýensoň, Aýjahan daýza gahar bilen tasap, içerik girdi-de, uklap ýatan Öwezi yralady. Oňa aldygyna käýindi. — Myhman çagyrdyňmy, ýolunda durarlar. Hana, ol dostuň gelip, jigiň dagyny gözleri bilen iýäýjek bolup dur. Näme işi bar onuň gyzlaryň ýanynda! Sen bu zatlaryň aýypdygyny öwretseň bolmaýamy oňa! Öwez Garigiň gelenini duýdy. Ýerinden agras galyp, üst-başyny tertipledi. — Men hiç kimi çagyramok — diýip hüňürdedi. — Çagyrmaňda näme! — diýip, Aýjahan daýza sesini gataldyp gygyrdy. — «Il seniň çakylygyňa seredip durmy» Geliberýärler-ä. Sen oglanjyk, dur bakaly. Seniň bilen bir gün egri oturyp, dogry sözleşerin! Atasyz ulaltdym, göwnüňe degmäýin diýip, seni başyňa giderdim men. Arma gidýänçäň zat diýmäýin diýip ýörün. Indi sabyr-käsäm püre-pür bolandyr meniň. Indi çydamok. Armyňa-da garaşjaň däl, beýlekiňe-de. Sen ýa-ha bolar-bolgusyzlardan araňy açarsyň, ýa-da şu öýden garaňy saýlarsyň! Hä! Allanyň beren-ä ýeke ogul! Ony-da bermedi hasaplaýaryn! — Gykylygyňy goý-how, goý! — diýip, Öwez ejesine hüňüdedi-de, daşaryk çykdy. Garigi garşylady. Ony mydama oturýan jaýlaryna salyp, özi ýuwunyp-ardynmaga gitdi. Iç girip, daş çykyp, ogluna çaý-suw berip ýören Aýjahan daýzanyň hüňürdisi galmady: — Adamlaryňam bihaýadygyny! Bir ýere ýol salsalar, at tezegini guratmaz ekenler. Niräniň haramzadalaram muňa sataşýa. Aýjahan daýzanyň gykylyklap diýýän sözlerini Garik eşidip otyrdy. Hemmeleriň özüni ýigrenýänligini duýmagyň ýakymsyz täsiri onuň gaharyny gaýnatdy. Gyzlaryň-da öz salamyny alman, ýakalaryna tüýkürişip, gorkup-ürküp duruşlary onuň gaharynyň möwjemesine itergi berdi. «Meniň ejesiz-kakasyz, öý-öwzasyz ulalyp, şeýle günlere düşmegime men günäkärmi? Bular näme üçin meni äsgermejek bolýarlar?!» diýip, ol içini gepletdi. Gahary şeýle bir gaýnady welin, «ÝA bularyň barynyň içinden pyçak geçirip gidäýsemmikäm?!» diýip oýlandy. Moýmul-moýmul edip, çaýly çäýnegi düňküldedip, saçagyň üstüne çaý syçradyp goýup giden Aýjahan daýza-da gözüne ýigrenji göründi. Onuň çemçeleri dik duran ýerinden ite süňk oklan ýaly edip, oklap goýbermesi, käseleri şaňkyldadyp, döwäýjek bolup goýup gitmesi Garige: «Senden bizar bolduk» diýen ýaly boldy. «Bizar bolsoňam, gelerin. Ölýänçäň gelip, etjegimi ederin şu öýde!» diýip, gyzaran gözlerini petredip, Aýjahan daýzanyň her bir hereketini synlap oturan Garik içinden Aýjahan daýza bilen gepleşdi. «Hudaý meni şu güne salypmy, menem size hezil bermen. «Ýigrenýäniňiz üçin has beter zat görkezerin. Adamçylyk edäýeniňizde-de sylajagym ikuçly sizi!» Garik esli oturansoň, özüniň deň-duşlaryna ezýet berip gezen günleri hakda pikir öwürdi. «Olara-da azar berip, oňarypdyryn» diýip, özüniň şu çaka çenli edip gelen hereketlerini makullady. «Bujagaz daýzanyň oglunyň-da tutuşlygyna ýelmäp durmalydy kä wagt. Şony welin, oňarmady. Zyýany ýok. Hiçden giç ýagşy. Munuň-da almytyny ýetirerin. Gowy günde ýaşaýanlary üçin, Allanyň özlerini ýalkany üçin gomparan bolýa bular!» Garik ýene öz göwnüne degenlere hyýalynda haýbat atdy: «Gomparyň bakaly! Menem sizi gowy gompardaryn!» Ejesi saçagyň üstüni zatdan dolduransoň, Öwez-de geldi. Ejesinden käýinç eşidensoň, onuň-da keýpi ýokdy. — Al, iýip-içiber — diýip, ol zordan mydyrdap, Garige çaý guýup berdi. Naharly jamy süýşürdi. Keýpsiz bolansoňlar, şepeleriň ikisem seslerini çykarman iýip-içdiler. Öýkelese-de, bir garny aç, bir garny dok ýatyp-turup ýören Garik Aýjahan daýzanyň naharly jamyny boşadyp berdi. Saçaga goýlan zatlaryň baryny iýdi. Çemçesini jama süýkäp-süýkäp alşy, çalt-çalt gäwüşemesi Garigiň özüni gahara aldyranyndan habar berýärdi. Aslynda guduz häsiýetli Garigiň gahary gelende nähili işlere ukyplydygyna belet Öwez onuň gan guýlan gözleriniň bakyşyndan çekindi. — Al, çaý iç! — diýip, gorkusyndan, zol oňa çaý hödür edýärdi hem onuň yzly-yzyna boşadýan käseine çaý guýup berýärdi. Süýjüli gaby oňa tarap süýşürip-süýşürip, eňeginiň aşagyna dykaýjak bolýardy. Garige mürähet gerek däldi. Ol daşy kagyzlyja süýjüleriň kagyzyny sypyryp, çigit çigitlän ýaly, zol agzyna atyp oturdy. Agzyna düşen süýjüleri dişleri bilen şatyrdadyp ýençýärdi. Olardan gaharyny çykarýan ýalydy. Daşarynyň arassa howasy girer ýaly açylyp goýlan äpişgeden Aýjahan daýzanyň gyzyna gep goşýany eşidildi. — Gülälek gaýtdymy? — diýip, ol Nurjahandan sorady. — Hawa — diýip, Nurjahan jogap berdi. — Gülälek beýle gyssaga düşüpdir welin, näme, satjak bolýamy o tahýany? — diýip, Aýjahan daýza ýene sorady. — Jähek tutjak diýip, gün dogandan eňäýipdir-le bärik. — Ýok-la, satanok. Birine berjek diýýä. — Wiý, toba! — diýip, Aýjahan daýza hüňürdedi. — Oglan tahýany birine berjek diýýämi ol? Bi zamanyň gyzynda uýat-şerim galmandyr. Nurjahan ejesine jabjyndy: — Il bilen ne işiň, eje! Birine tahýa bereniň bilen uýat-şerim galmaýan bolýamyşmy? Biriniň doglan gününe sowgat etjek diýýä. Nurjahanyň sözlerinden Gülälegiň tahýany Emire niýetläp tikenini Garigem, Öwezem çenledi. Bu habara Garigiň ýüregi sançdy. Emire gözi gitdi. Öz gününe kemsindi. — Iliň ogl-a şeýle gerekli bolaýýa — diýip, daşarda Aýjahan daýza hüňürdedi. — Biziň oglumyza-da şeýdip, tahýa tiken tapylarmyka? — Iliň ogly derekli, şonuň üçinem gerekli ol — diýip, Nurjahan ejesne igendi. — Seň ogluňda derek barmy, iliň gyzyndan tahýa sowgat alara?! Deregi bir wagt dargady seniň ogluň! — Dereg-ä dargady — diýip, Aýjahan daýza gyzyny makullady. Eneli-gyzyň gürrüňiniň soňy Öweze syrygdy. — Özüň başyna goýberdiň ony — diýip, Nurjahan ejesini günäledi. Aýjahan daýza uludan dem aldy: — Wah, başyna goýberip-goýbermän, men näme edeýin ony? Yzyna çopan bolup düşeýinmi? Çagaka sypdy-da ol elinden. Atasyz ulaldy, göwnüne degmäýin diýdim-dä! — Göwnüne degmeli onuň, eje! — Nurjahan janygdy. — Öň degmedigem bolsaň, indi deg. Günde deg göwnüne. Hany göreli, käýeleni bilen jany çykaýýamyka şonuň?! Töweregiňe üns ber, heý, şu jelegaýda seň ogluňdan başga yzyna bolar-bolgusyz tirkäp ýören barmy?! «Bolar-bolgusyz» diýlip, özüniň göz öňüne tutulýanyny Garik duýdy. Onuň ýüreginde Nurjahana bolan ýigrenç güýjedi. — Ýuwaş bol, äpişge açyk, eşidäýmesin ol — diýip, Aýjahan daýza gyzyna duýduryş berdi. Nurjahan gykylyklamagyny dowam etdi. — Eşidip geçsin şol! — diýip, birem sypaýyçylyk etmän gepledi. —Şoňa eşitdirmek üçin ýörite diýýän. Öz ornuny, barmaly gapysyny bilsin. Şolar ýalyň gelmeli öýümi bu öý?! Özünde-de kem bardyr öýdenok, göreňokmy häli, utanç-haýany unudyp, eňegimize bitip durşuny! Gülälegi dagy gözi bilen iýäýjek bolýa. Bihaýa diýsäni! Derekli erkek kişi bolýan bolsa, gyzyň deňinden başyny aşak salyp, geçibermeli bolar-da. Ýüz-gözi dagy näteňet artybyň. Görden çykanyň ýüzi ýaly. Barlap görseň, şonuň etmeýän haramlygy ýokdur. Şol sypaty bilen ne gözel adamlara salamam beren bolýar-a! Namysyň bolsa, ile çykma diýsene! — Bes et diýýän indi. Bes et, boldy! — diýip, Aýjahan daýza gyzyna gygyrdy. — Dälirediň sen-ä. Nurjahan gepiniň yzyny aga ýazdyrdy: — Dälirejek. Ile çykarlygym ýok. Uly il seň ogluň gürrüňini edýä. Baran ýerimde menden «Öýüňize gelýän zat näme?» diýip soraýarlar. Aýt ogluňa. Getirmesini bes etsin şony öýe. Indi getirse, özüm kowaryn. Ol bu gün meniň jorama göz dikse, ertir birimize ýapyşar! Onuň şeýtjegini gyzaran gözleri aýdyp dur-a, eje! Seniň özüň gorkaňokmy, eje jan, ondan?! Eger öýde bolmasy bir iş bolaýsa, soň ile nädip çykjak? Özüňden bilermikäň diýdim, bilmediň sen. Kimi öýüňe goýberýäň sen?! — Hany, goý agyňy! — diýip, Aýjahan daýza gussaly gepledi. — Seniň pikir edýän zadyňy menem müň ölçerip-dökýän. Öweziň armasy ýetip gelýä, şondan soň aýrylyşarlar-da — diýip ýörün. Nurjahan agasyny goýdy. Ýöne gaharyndan köşeşmedi. Hüňürdedi: — Garaşyber entek. Garaş isläniňçe. Gulluga gidýänçä bir iş goparmasa bolýa. Aram-aram ýüregim gysyp, dünýä sygmajak bolýan. Üstümize bir howp abanyp gelýän ýaly... — Waý-ýeý, goýaweri, toba edeweri! — diýip, Aýjahan daýza gorkuly seslendi. — Allanyň özi gowusyny etsin! — Öýüňe bidöwleti goýber-de, Alladan gowusyna garaş-da otur bakaly... Elbetde, Allanyň özi gowusyny etsin! Ýöne «Hudaýa ynansaňam, ynan, eşejigiňi welin, bekje duşa» diýýändir köneler. Özüniň şeýle derejede äsgerilmezligi, sylanmazlygy, ýigrenilmegi Garigi ýüregine pyçak urlan ýaly etdi. Ol näme edýäninem bilmän, çaýdan boşan çäýnegi eline aldy-da, diwaryň ýüzüne pygşyldadyp urdy. Çäýnek çym-pytrak bolup, içindäki şemleri halynyň üstüne seçelenip gitdi. —Häýt, siziň bi... — diýip, çyrlap gygyrdy-da, Garik ýerinden syçrap turdy. Hapa sögündi. — Näme etdim-aý men bulara?! Diňe salam berenim üçinem bir şunça goh bolarmy-how! Şeý diýip, ol gahar bilen daşaryk atyldy. Ol ejesidir jigisini bir bela sataşdyraýmasyn diýen gorky bilen, Öwez onuň yzyna düşdi. Garigiň bolşundan Öwez şeýle bir gorkdy welin, saňňyldama basyp, aýaklary titredi. Garigiň yzyndan ylgap: — Garik! Garik! — diýmeden başga gepem tapmady. Çäýnegiň pagşyldysy, Garigiň aýylganç sesi Aýjahan daýza bilen Nurjahanyň zähresini ýardy. Olar içerde Öwez bilen Garik uruşýandyr öýtdüler. «Waý-da-waý» bolşup, içerik atyldylar. Daşaryk çykyp barýan Garik bilen içeri girip gelýän Aýjahan daýzadyr Nurjahan bosagadan pete-pet geldiler. Özüniň äsgerilmezlik edilýänine kemsinmeden gany depesine uran Garik eneli-gyzyň ikisinem bat bilen itip, gapdala zyňyp goýberdi. — Ýaňkyja sözleriňiz üçin ikiňiziňem gözüňizi çykaryp bilýän! —diýibem, olara haýbat atyp gygyrdy. — Entegem, duzuňyzy iýenim üçin bu sapar zat diýmäýin. Ýene ýekeje gezek maňa erbet söz aýdanyňyzy eşidäýsem, diliňizi soguryp giderin. Siziňem menden üýtgeşik ýeriňiz ýog-a-how! ÝA Öwez menden artykmy?! Nurjahan: «Öwezi sen zaýaladyň!» diýip, gygyrmak isledi. Ýöne öňem adam sypaty bolmadyk Garigiň ganyny gaçyryp, saňňyldap durşundan eýmenip, sesini çykaryp bilmedi. Garik diýjegini diýip bolansoň, öýden çykyp gitdi. Öwez Garige eşitdirmek üçin batly sesi bilen ejesidir Nurjahanyň üstüne gygyrdy: — Näme meň dostumyň göwnüne degdiňiz?! Şeý diýip arlansoň, Öwez Garigiň yzyndan gitmek üçin daşaryk atyldy. — Dostuň gursun, dosty gurmuş! — diýip, Aýjahan daýza gygyryp sögündi. — Dost bolarmy şondan! Ol, ynha, bir gün gelip, bizi soýubam gider! Derekli kişi duz iýdiren adamlara şeýdip topulyp bilermi?! Öwez ejesine gepleýäňem diýmedi. Batly-batly ýöräp, eýýäm esli arany geçen Garigiň yzyndan ýetmek üçin demi-demine ýetmän, daljygýança ylgady. Garigiň ýanyna baryp, hojaýynyna ýaranjak bolýan güjüjek kimin, onuň bir eýlesine, bir beýlesine geçip, delmurdy. (Dowamy bar)... Ogulsenem TAÑÑYÝEWA | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |