15:56 Aşyrberdi Kürt | |
AŞYRBERDI KÜRT
Edebi makalalar
1980-nji ýyl bolsa gerek, ýazyjy Aşyrberdi Kürt bilen tanşyp, ony öýümize myhmançylyga çagyrdym, olam çakylygy döwtalap kabul etdi. Asyl, hälä-de goýmadyk, tirkeşip gaýdyberdik, bu satirik ýazyjyny kakam bilen tanyşdyrasym geldi. Onuň ýumoreskalaryny kakam ikimiz söýüp okaýardyk, bir kitapjygy elimize düşüpdi, gaýtalap-gaýtalap okaşardyk, köp ýerlerin-ä ýatdanam bilýärdik. Öýde saçak başynda kakam maňa: — Goşgularyňy görkez — diýdi. Kakam-da, olam garşysynda oturanlaryň hele-müçük adamlar däldigini duýsun diýýändir-dä içinden. El ýüzünde maşynkadan çykan iki goşgym bardy, alyp uzatdym. Biriniň ady «Ejeme okap beren iň soňky goşgym» hemem «Ýene-de ene hakda». Aşyrberdi aga daşyndan okady. — Eh-eý, Ýesenin-le bü. «Pismo k materi». Aljyradym: — Näme deň gelýärmi? Menem-ä okaýan Sergeý Ýesenini aldygyma. — Ýok, terjime edipsiň diýemok. Başga-başga zatlar. Ýöne bizde Gurbannazardan başga beýle ýürekden ýazýan ýokmuka diýer ýörerdim. Gurbannazaryň ýoluny dowam etmeli, ol dünýä edebiýatynyň ýoly. Gutlaýan, hörpüň gowy. Men kimdir şol epeý şahyr, hawa, şonuň goşgularyny-da halaýan, nämedir ady? — Berdinazarmy? — Edil özi, şonda köp zat görýän, agramly ýazýar. — Gurbannazar, Berdinazar, Nazar Gulla... Ýene-de Mämmetnazar Babanazarow diýenem bir gowy şahyr dostum bar. Onda menem Guldurdy adymy üýtgedäýmeli, ol Nazarlara goşulmak üçin — Gulnazar diýip. Aňrymyzda Gulnazar diýen düýp babamyzam bolan. — Meňkem üýtgedilen, hakyky familiýam Gurdow. Gülüşdik. Ýöne men ýene ýeň bermedim, goşgularym barada pikirini giňişleýinräk aýtmagyny haýyş etdim. — Men üýtgeşik bir goşguçyl däl, lirika meniň üçin jady, kän başym çykanok, onsoňam iki goşgy bilen baha kesip bilmen, beýlekilerinem ber, okaşaly. Häzirlikçe «Gutlaýan» diýdim-ä, şol gowy baha. Ýazyş maneraň hakda aýdýaryn. Gowy ýoldan barýaň, hakyky poeziýa şeýlerägem bolmaly. Onsoňam, hemme kişä gowy diýemok, bir elimiň barmaklary ýeterlik. Bir barmagym seniňki, oň şonuň bilen. Aşyrberdiniň bir barmagyna bäş barmagymy uzatdym — elimizi gysyşdyk. Emma men ol sözlerden kanagat tapmadym, göwnüme sypaýyçylyk edýän ýalyrak, berýän bahasy ýüzleýräk, gümürtigräk, çigräk ýaly boldy, umumy gürrüňler sowuklygyň alamaty, soň onuň bilen poeziýaly gürrüňe dolanmadym, tirkeşdigem, myhmançylyga-da barşyp-gelişdik. Aşyrberdi Kürtüň özi gürrüňçil adam bolsa-da, poeziýa temasyna kän bir goşulmazdy, özüni gyrarakda goýardy. Terjime edýän eserleriniňem tas hemmesi diýen ýaly kyssa. Prozada welin eden işi kän eken, bir kitabyny neşirýata hödürlemekçi bolanda menden redaktor bolup bermegimi haýyş etdi. Öýünde gowy kitaplary bar eken, Moskwada Ýokary Sowetde terjimeçi bolup işlän ýyllary edinipdir, aýratynam, Resul Gamzatowyň tomluklary gözüň ýagyny iýip gelýär, okap görmek üçin dilemegi oňaýsyz gördüm, ýöne durup bilmän R.Gamzatowyň tomlarynyň birini elime alyp, bir gysgajyk goşgyny okap gördüm. «Красное и чёрное» diýen goşgy, manysy gara iş edildi, gyzyl gan döküldi, gyzyl gan döküldi, gara iş gopdy diýen ýaly, ol döwürler şeýle öwrümli şygyrlary halardym, ondanam daşgary, Stendal lakamly XIX asyr fransuz realist ýazyjysynyň şol at bilen ýazylan söýgi romany meniň hakydamda ornapdy, kursdaşym Gaýly Ýazbaýew ol romany elinden düşürmän okardy, ondaky wakalar barada Gaýly bilen uzak-uzak gürrüňler ederdik. Bu barada aýdanymda, Aşyrberdi aga şeýle düşündirdi: «Hawa, edebiýatda käbir temalary dürli-dürli ýazyjylaryň özleriçe dowam etmek häsiýeti bar, göçüripdir diýmeli däl, dowam edipdir diýmeli». Bir hepdeläp Berzeňňidäki öýünde golýazmalaryny okaşdyk, asyl, bir kitabyň çeni däl, işläbilipdir, powestler, hekaýalar münder-münder. «Görogly» şadessanyň stilinde ýazylan türkmen bedewi baradaky powesti maňa has ýarady, Aşyrberdi Kürt ol kyssasyny şahyr Mämmet Seýidowa bagyşlapdyr. Näme üçin oňa bagyşlanlygynyň sebäbini sorasam, «Mämmet bilen gürrüňçilik mahaly şu eserimiň süňňi tapyldy, olam meniň diýýänlerim bilen ýürekdeş çykdy» diýip, jogap berdi. Şol günem işläp otyryşymyza günortan boldy, emma Aşyrberdi aga nahardan söz açanok. Men ahyry dillendim. — Ýene biraz gaýrat et, nahar gaýnabersin. Ganda öwrülensoň iýeris. Agşamaralar açlykdan usurganymyzdan soň, nahary ara aldyk, hakykatdanam, ganda öwrülen eken, hezil edip iýdik. Henizem tagamy agzymdan gidenok. Goňşusy gapydan geldi, polotno sorady, Aşyrberdi aga turup, ýygnap goýan ýerinden tapyp, goňşusynyň haýyşyny bitirdi. — Polotnosy näme bolýar, Aşyrberdi aga? — Demir kesýäniň owunjak dişli byçgysyna rusça «polotno» diýilýär. Polat sözi bilen hiç hili baglanyşygy ýok. Ýüpek polotnosam, ştapel polotnosam bolýar. Hudožnigiň suratyna-da polotno diýilýär. Demir ýol polotnosy — düşegi. «Şirokoýe istoriçeskoýe polotno» diýilse, giň taryhy eser diýildigi, «on byl blednyý kak polotno» diýilse, terjimesi — onuň ýüzi ak tamdy. Emma byçga «polotno» diýilýänligi sözlükde ýokdur. Barla-da göräý. Durmuşda welin bar. «Bäh, dili sözlükdenem gowy bilme bar eken-ow» diýip, men içimi gepletdim. Taryhy roman ýazasym gelýärdi, çagalykdan. Žanr-a belli boldy — «şirokoýe istoriçeskoýe polotno». Diňe rus dilini däl, türkmen dilinem ol gowy bilýärdi. Edebiýata her kim bir ýol bilen gelýär, kimler özünden öň ulanylmadyk žanrlary ýöredip ugraýar. Aşyrberdi Kürt birnäçe ýumoreskalary ýazdy. Ondan daşgaram «Hindi aforizmleri» diýen, terjimeleri çykardy, talyplyk döwürlerimiz ýörite depder tutunyp, göçürip alardyk, haýran galardyk. Ondan bir zat haýyş edip bilseň, bitdigi hasap edäýmelidi, alym Ahmet Bekmyradowyň «Edebiýat we sungat» gazetinden işden çykansoň «Türkmenistan kommunisti» žurnalyna ýerleşmeginde-de, meniň «Sowet Türkmenistany» gazetinden çykyp, telewideniýä işe geçmegimde-de Aşyrberdi Kürtüň uly täsiri bardy, biziň ýanyna barmaga çekinýän ýolbaşçy işgärlerimize ol gös-göni jaň edip bilýärdi, sylaglydy. Ol Maryda okuw mekdebinde mugallymçylyk edipdir, Moskwada işlänin-ä aýtdyk. Soň şol wagtky «Ýaş kommunist» gazetinde işledi. Geçen asyryň 90-njy ýyllary «Bereket-Bina» neşirýatynda onuň eserleriniň doly ýygyndysyny kompýuterde ýygdyryp ugradyk. «Nämäň bar bolsa, getir» diýdim. Ol gyssanýardy, neşirýatyň irnik işi-dä, ýöne tudana öz wagtynda bişýär. Ine, günleriň birinde kimden, nireden bir içi gylçykly gep ýetipdir, iş otagyma geldi-de, golýazmalaryny yzyna bermegi talap etdi. Idin beremsoň, ähli golýazmalaryny alyp gitdi. Golýazmalarynyň soňky ykbaly maňa nämälim. «Ylham» seýilgähindäki ýadygärliginiň öňüne baranymda, Aşyrberdi Kürtüň täsin gürrüňleri hyýalyma dolýar. Eger golýazmalary tapylyp, kitaplary uly tiražlar bilen neşir edilip, okyjylara ýetirilse, ýazyjydan galan iň gowy ýadygärlik bolardy. Eger gyzyl-gyran gülşeýin diýseňiz, Aşyrberdi Kürti okaň! Ony türkmen Mihail Zoşşenkosy hasaplaýaryn. Aşyrberdi Kürt okyjylaryň arasynda özboluşly yz goýup gitdi. Paýtagtymyzdaky «Ylham» seýilgähinde onuň ýadygärliginiň oturdylmagy-da oňa goýulýan uly hormat-sarpanyň bir nyşanydyr. Guldurdy SÄHETDURDYÝEW | |
|
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |