23:43 At gözlügi | |
AT GÖZLÜGI
Maliýe we ykdysadyýet
Ol 1943-nji ýylda doguldy... Ol - ykdysatçy... Ol Milli howpsuzlyk gullugynda doktorantutany okap ýören wagtyndan bäri deñsizligiñ gelip çykyşynyñ we netijleriniñ üstünde iş geçirdi. Ol myhmançylykdaky mugallym agzasy bolup Kembriž uniwersitetine gjdende girdejiniñ paýlanyşygy boýunça çekişmelere goşuldy... Ol Ýel uniwersitetinde deñsizlik boýunça sapak berdi... Ol kyrk ýaşamadyk ykdysatçylara berilýän Jon Beýts Klark adyndaky baýraga mynasyp boldy... Ol Klinton hökümetinde ykdysady geñeşçiler toparynyñ başlygy boldy... Ol Bütindünýä bankynyñ başlygynyñ kömekçisi we baş ykdysatçy wezipelerinde işledi… Ol Bütindünýä bankynyñ we IMF-niñ hakyky ýüzüni paş edip ýazan haty bilen tanaldy... Ol 2001-nji ýylda Nobel baýragyny aldy... Ol 2002-nji ýylda ýazan "Globallaşma, uly lapykeçlik" kitaby bilen 2008-nji ýylyñ krisizini öñünden gördi... Ol Tunisden Müsüre çagyrylan "Arap bahary" meýdanlarynda boldy... Ol häzirem Kolumbiýa uniwersitetinde işleýän dünýäniñ iñ abraýly akademiklerinden biri... Ol - professor Jozef Ýujin Stiglis… Aşakda birnäçe gezek onuñ adyny tutdum: "Dünýä maliýe-finans syýasatlaryna arkasyny öwrüp, gaýtadan önümçilik ykdysadyýetine gönükýär. Stiglis kyrk ýyl bäri deñsizlik we garyplyk boýunça bile işleşen adamy Entoni Barns Atkinsony Nobel baýragyna teklip edýär. Özal we onuñ topbagynyñ birnäçe ýyllap dilinden düşürmedik wagşy kapitalizmiñ maddy goldawçylary Haýekdir Fridman birnahal undulyp gitdi. Häzir Stiglis ýaly ykdysatçylara uly umyt bilen bil baglanýar. Gel, indi şuny JHP-lilere bir düşündirip bilseñ diýsene! Alty ýyl öñ - 2016-njy ýylyñ başynda ýazdym şu setirleri... JHP-de häzirem çöp başy gymyldanok! Ýeri bolýa-la, men-ä indi JHP-ä aýdybam ýadadym... • ÝÜZDE BIRIÑ BÄHBIDI Stiglis kimler üçin "Troýa atydy". Ol Klinton hökümetiniñ we Bütindünýäñ bankynyñ "galasyna" aralaşyp, olara içerden tankydy syn berip, neoliberalizm ideologiýasynyñ hakyky gara ýüzüni orta çykardy: - Döwletiñ bazardan kowulmagy... - Döwletiñ bazary gözegçilikde saklap bilmezligi... - Döwletiñ pul-finans syýasatlary arkaly - boýun egdirilmegi... - Döwletiñ sosial kömek ugrunyñ ýok edilmegi... - Döwletiñ kapitalyñ zähmeti ezmegine sesini çykarmazlygy... - Döwletiñ zol-zol ýüze çykýan maddy krizislerinde kapitaly halas etmegi... Stiglisiñ gözünde bularyñ barsy ullakan toslamadan başga zat däl... Ol şeýle diýdi: - Döwlet uly kapital tarapyndan gabawa gysaja alyndy. - Demokratiýa uly kapital tarapyndan ele geçirildi. - Syýasy ulgam pully ojaklar tarapyndan zabt edildi. Stiglisiñ gözünde bütin bularyñ barsy deñsizlige sebäp boldy. Stiglisiñ gözünde bütin bularyñ barsy çakdanaşa finanslaşmaga, renta esaslanýan we ýüzde biriñ baýlygyna esewan edýän kapitalizmi gorpuñ gyrasyna getirdi. Stiglisiñ gözünde neoliberalizmde galyp 99%-niñ halas bolmagy mümkin däl. Stiglisiñ gözünde sosial, syýasy, ykdysady prosesler howp astynda. Hawa: Diñe ykdysadyýet däl, syýasatam indi aşa hapa - ahlaksyzlyk howpy bilen birlikde medeni durmuş hem barha sozulyp barýar. Hereket edýän wagşy gegemon ideologiýa garşy hemmämiz jem bolup göreşmek gerek. Çünki Stiglis şeýle diýýär: "Öz akymyna işleýän bazarlar durnukly bolaýanlarynda-da, umuman alanda adalatsyz görünýän uly deñsizliklere ýol açýarlar. ABŞ-da we Ýewropada ýagdaýlar gülala-güllük ýaly bolup görünse-de bu diñe daşyndan seredende şeýledir." • INFLÝASIÝA IRIZEGENLIGI Bazary syýasat şekillendirýär. Neoliberalizm “ykdysadyýet modeli” hökmünde görkezilse-de, özeni syýasy ideologiýadyr. Amerikan dollarynyñ däl-de, adamyñ gymmaty bolan syýasy sistema nädip gurularka ýurdumyzda? Ilkinji ädim - seljerme geçirmek. Munuñ üçin ters pikirlerden halas bolmak gerek. Mysal üçin soñky günleriñ janagyryly meselesi bolan inflýasiýa! Stiglis şeýle diýýär: "- Ykdysady bol-elinligiñ düýbünde inflýasiýa berilen ünsüñ bolan we ykdysady durnuklylygy üpjün etmegiñ iñ gowy ýolunyñ garaşsyz merkezi bankdygy baradaky pikir içi boş patarrakydyr… - Inflýasiýanyñ pes we üýtgewsiz tutulmagynyñ bazar ykdysadyýetiniñ ösmegi üçin gerekli şertleri hödürländigi öñe sürülýär. Inflýasiýa, hususanam juda ýokary we üýtgäp durýan inflýasiýa mesele döredip biler... - Inflýasiýanyñ algyr laçynlary iñ ownuk inflýasiýa ýokarlanşy bilen baglanyşykly irizegenligi bolan walýuta syýasatyny alyp baryjylary - ykdysadyýetiñ gorpuñ gyrasynda durandygyny öñe sürýärler. Bu garaýyşa güwä geçip biljek hiç hili statistiki tassyklama ýok… - Prosent derejesindäki üýtgeşmäniñ ykdysadyýete gözegçilik edip bilýän towlawaçdygy (montirowkadygy) ýalñyş pikirdir... Ykdysadyýet - howsala düşülende prosent derejeleriniñ peseldilmegi banklary halas edip biler, emma ykdysadyýeti gaýtadan janlandyryp bilmeýändigi bellidir..." Diýseñ geñ galdyryjy dälmi bu sözler? Däl. Emma kyrk ýyl bäri bazaryñ finanslaşmagy ykdysadyýete bir ölçegli pulçylaryñ "at gözlügi" bilen seredilmegine sebäp boldy. Ykdysadyýeti sa:p neoliberalizm düşünjesi bilen analiz etmekden el çekmelidiris. Hawa, kabul etme (восприятие, algı) hünärmenligini ýeñip, tabulary ýykmak gerek. Ýogsam bolmasa aglaba köpçülik deñsizligiñ yzasyny çekmäge dowam eder... Soner ÝALÇYN. "SÖZCÜ" gazeti, 28.12.2021 ý. _______________________________ * At gözlügi - atlaryñ saga-sola seretmän, barýan göni ugry bilen gitmegi üçin gözüniñ iki gapdalyna goýulýan ýapgy. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |