12:54 Atsyzdan atly-ýaragly jümleler | |
ATSYZDAN ATLY-ÝARAGLY JÜMLELER Bir milletiñ öñe iteriji güýjüne "IDEÝA" diýilýär. ◆ ◆ ◆ IDEÝA ~ Ilkinji nobatda adamlaryñ gursagynda döreýär we özüni dessanlarda görkezýär. Soñra buýsanja öwrülýär we beýik şahsyýetler tarapyndan ýaýradylýar. ◆ ◆ ◆ Özümize gaýdyp geleliñ. Ahlak, edebiýat, sungat, egin-eşik, zowky-sapa, iýip-içmek, wagtyñy hoş geçirmek, hukuk, maşgala, adat, umuman hemme zatda milliligi ýitirmäliñ. ◆ ◆ ◆ Hakymyzy: ata-babalarymyzyñ mirasyny isleýäris! Alarysam... ◆ ◆ ◆ Hem duýga, hem-de düşünjä esaslanan milli buýsanç bir halkyñ ruhy güýjüdir. ◆ ◆ ◆ Bir jemgyýetden umumy ideýany aýyrsañyz, ol jemgyýetiñ adamlarynyñ haýwanlaşyp barýandygyny görersiñiz. ◆ ◆ ◆ Ahlak - milletiñ binýadydyr. Ahlagyñ ýok ýerinde hiç zat ýokdur. ◆ ◆ ◆ Geçmişde soltanlara hudaýa çokunan ýaly çokunypdyr diýilýän bu millet milli gymmatlyklaryna howp abanan pursatynda bir serkerdäniñ golastyna jemlenipdir we janyny orta goýup erkinligini we azatlygyny goramagy başarypdyr. ◆ ◆ ◆ Men keseki çeşmelerden gelip çykan pikirlerden täsirlenmejek derejede milli buýsanja we ynanja eýe türkdürin. Jemgyýetçilik-syýasy mezhebim hem türkçülikdir. ◆ ◆ ◆ Dil - bir milletiñ simwolydyr. Dil milleti bir ýere jemleýän we ony ýok bolup gitmegine ýol bermeýän ýeke-täk faktordyr. ◆ ◆ ◆ Bir millet Garaşsyzlygyny, erkinligini we ýerlerini elden giderip biler. Hatda birnäçe ýyllap başga bir milletiñ golastynda ýaşamaga mejbur hem edilip bilner. Emma bu agzanlarymyñ hiç birisi-de bir halky düýbünden ýok edip bilmez. Emma öz dilini ýitiren halkyñ welin ýok bolup gitjegi ikuçsyzdyr. ◆ ◆ ◆ Milleti millet eden gymmatlyklaryñ biri hem dindir. Türki kowumlaryñ dini musulmanlykdyr. Yslamdan öñki dinimizden hem käbir zatlary alyp türk musulmanlygyna öwrülen bu din on asyrdan bäri biziñ milli dinimiz boldy. ◆ ◆ ◆ Hiç bir ideýa eýermän, diñe iýip-içip gezmegi pikir etmek we diñe şu günüñi bilip ýaşamak adamlara hiç hili abraý getirmez. Munuñ ýaly edip ýaşamagy haýwanlaram oñarýar. ◆ ◆ ◆ Türki halklaryñ bileleşigini döredip başaran ýagdaýymyzda, beýleki şamanist we hristian türki halklar hem musulmanlyga geçjekdigi ikuçsyzdyr. Şonuñ üçin olaryñ häzirden emeli ýagdaýda dinini üýtgetjek bolmaga çalyşmañ. ◆ ◆ ◆ Geçmişde türki halklaryñ arasynda agzalalyk bolmaýşy ýaly şaýylyk-sünnilik meseleleri hem agzalalyga sebäp bolmaly däldir. Bularyñ hemmesi-de musulman türklerdir we yslam prinsipleri babatda özara tapawutlyklar ortadan aýrylmalydyr. ◆ ◆ ◆ Milletleri millet eden ugrunda pida bolunjak belent idealarynyñ bolmagydyr. ◆ ◆ ◆ Bu ýurt akly kemler, däliler, ruhy näsaglar bilen dolupdyr. ◆ ◆ ◆ Ahlagyñ emele gelmeginde iñ möhüm şertleriñ biri şejeredir. Bir jemgyýetiñ ahlagy onuñ şejeresiniñ garyşmagy bilen üýtgäp biler. ◆ ◆ ◆ Türke kepen biçeniñ ölümi gorkunç bolar. ◆ ◆ ◆ Sözüñ hakyky manysynda türk bolan güniñ jahan seniñ eliñdedir. ◆ ◆ ◆ Idealsyz millet buýsançsyz adam kimindir. ◆ ◆ ◆ Bir halk beýgelmek üçin özüniñ beýik milletdigine ynanmalydyr. ◆ ◆ ◆ Adamy adam eden onuñ beýik taglymatlaryñ yzyndan gitmegidir. Adam abraý üçin we gymmatly hasap eden maksady üçin ölmegi başarýan jandardyr. ◆ ◆ ◆ Türkçüler üçin Izmiri azat etmek üçin alnyp barylan göreş bilen Kipri halas etmek üçin alnyp baryljak göreşiñ arasynda tapawut bolmaly däldir. Çünki türk milleti bir bitewi halk bolandygy üçin türkçilik bütin türki kowumlaryñ bähbidini öz içine alýan millilik dawasyny özüne maksat edinip goýýar. ◆ ◆ ◆ Möjekden şagallar we tilkiler gorkýar. Öz milli buýsançlaryna duşman bolanlaryñ bu gorkak haýwanlardan näme tapawudy bar?!. ◆ ◆ ◆ Hyýaly Kürdüstana paýtagt etmek isledigiñiz Diýarbekir türkmen begi Uzyn Hasanyñ şäheridir. Don Kihotlaryñ şäheri bolup bilmez. ◆ ◆ ◆ Men ne milletimi tanamaýan tohumsyzdyryn, ne-de ideýalsyz bir daýhan... Nihal ATSYZ, türk ýazyjysy. Terjime eden: © Has TÜRKMEN. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |