08:00 Aý gaýdyp geler!.. / hekaýa | |
AÝ GAÝDYP GELER!..
Hekaýalar
Biz oglan wagtlarymyz aýly gijeler häzirkisine görä has aýdyň bolardy. Obamyzyň ortarasyndaky şyr-takyr, ala meýdana çykyp oýnan wagtlarymyz ýerden ýöräp barýan garynjany edil gündizlikdäki ýaly aýyl-saýyl görýänimizi bilýän. Biriniň-ä gyrmyldap barşy häzirem gözümiň öňünde dur. Gazetiň iriräk harplar bilen ýazylan ýerlerini aýyň ýagtysyna keýp edip okaýanymyzam ýadyma düşýär. Indi welin beýle däl. Bolanok. Garynja-da görünenok, gazetem okudanok. Siziň, maňa: ýerden ýöräp barýan garynjany görübilmeýäniň-ä boýuň ösüp, görüş nokadyň ýerden ep-esli daşlaşandygyndandyr, gazeti okap bilmeýändigiň bolsa ýaşyň köneleşip, bäbenekleriň kütelişendigindendir diýmegiňiz mümkin. Beýle bolsa onda men dikejegime oturaga-da, ýere golaýlabam, gözüme äýnek dakynybam bilýän ahyry. Ýok, bu ýerde başga bir zat bar. Ýagny, alymlaryň aýtmagyna görä, mundan bäş-alty milliard ýyl öň Aý ýere juda golaý ekeni. Hakyt, asman gümmeziniň üçden bir bölegini tutup duran ekeni. Soň kem-kemden daşlaşypdyr. Onuň häzirem şol, daşlaşyp gidip oturyşymyşyn. Her ýylda takmynan dört-bäş santimetr aňryk süýşýärmişin. Gelejekki bäş-alty milliard ýylyň, içinde ol ýerden ýene-de segsen müň kilometre çenli daşlaşjakmyşyn. Şondan soň ýene-de edil gidendäkisi ýaly, assa-ýuwaş ýere tarap gaýtjakmyşyn. Diýmek, on bäş, on sekiz milliard ýyldan ol ýene-de asman gümmeziniň üçden bir bölegini tutup duran boljak. Ine, belanyň körügi nirede? Aý şöhlesiniň biz oglan döwürlerimizdäkä görä göz-görtele kütelendiginiň sebäbi, Aýyň ýerden daşlaşandygy bilen baglanyşykly. Alymlaryň şol çaklamasyna meniň ynanasym gelýär. Men asyl, Aýyň ýaňky diýýän döwrümden bäri näçeräk daşlaşanynam hasaplap gördüm. Iki metre golaý. Has takygy, bir metr ýetmiş santimetr. Aý ýaly äpet zadyň şunça ýylyň içinde şonça aňryk süýşmegi az-küş däl ahyry. Şu döwrüň çagalarynyň nämüçin gijeler daş çykyp, obanyň ortarasyndaky ala meýdanda uly şowhun turuzmaýandyklaram, nämüçin kürk towuk ýaly «keteklerinden» çykman busuşyp ýatandyklaram indi düşnükli. Bu ýagdaýy köpler telewizoryň, radiodyr magnitofonyň köpelendigi bilen düşündirjek bolýarlar. Öňler meň özümem şeýle pikir edýärdim. Indi welin ynanamok. Men ony Aýyň ýerden daşlaşandygyndan, Aý şöhlesiniň solgunlaşandygyndan görýän. Aý — Aý bolanlygynda seni öýde oturtmaz. Hiç kim seniň ýüregedüşginç telewizoryňa-da seretmez, şol bir aýdanyny gaýtalap duran magnitofonyňam diňlemez. Gün ýaşyp garanky düşenden ol özünüň kümüş şöhlelerini ýere tarap yba bilen uzadaga-da, tüýnügiňden ýa penjiräňden gollaryny sokup, şelpeli barmaklary bilen ýürek tarlaryňa şeýle bir mähribanlyk bilen kakar weli, ylgap daş çykanyňam, içindäki arslana edil eziziňe bakýan dek sagatsaýyn söýgi bilen bakyp duranyňam bilmän galarsyň. Şol dem ýüregiňdäki sowuklyk aýrylar, kalbyňda mylaýymlyk dörär, şular ýaly owadan dünýäde ýaşap ýörkäňem göwnüňi gama basdyryp ýörendigiň üçin köňlüňde uýat oýanar. Aýyň şöhlesiniň kemelmegini howanyň uçursyz hapalanandygyndan görjek bolýanlaram bar. O-da ugrunda bolsa bolýandyr, ýöne, meniň pikirimçe esasy zat onuň ýerden daşlaşýanlygy. Hawa, gep telewizorda-da, magnitofonda-da, hapalanan howada-da däl-de, Aýyň ýerden daşlaşýanlygynda. Adamlardan uzaklaşýanlygynda. Özi bilen bilelikde bize bolan mähir-muhabbetinem arşyň jümmüşlerine tarap äkidip barýanlygynda. Esasy mesele ana şonda. Şol, bir ýüz ýetmiş santimetre barabarbolan aralygy ylaýyk otuz dört ýyldan soň bu ýaraly ýüregiň duýanlygynda. Meniň ýüregim ýene-de bir zady syzýar. Ýagny, soňky döwürlerde adamzadyň ahlak derejesiniň peselip, tebigata has yzgytsyz darap ugrandygam, döwletleriň arasynda dawa-jenjeliň köpelip, zeminiň üstüne agyr apatlaryň abanandygam Aýyň ýerden daşlaşýanlygy sebäpli bolmaly. Çünki, bu dünýädäki bar zat — Arşa-kürse öz hökmüni ýöredip duran ULY MEHANIKANYŇ hereketi bilen bagly ahyry. ULY MEHANIKANYŇ hereketinde üýtgeşiklik boldugy adamzadyň aňyndada üýtgeşiklik bolaýmaly. Biziň erkimiz arşyň durkuna bagly. Men şuglasy kemelen Aýa seredip oturyşyma, ýaňky pikirlerimiň düýbünden tersine bolaýmagynyň ahmaldygy barada hem oýlanýaryn. Onuň bu, gidip barşam, ýene-de dolanyp geljekdigem birinji gezek däl bolsa gerek diýip, pikir edýärin we ULY MEHANIKANYŇ täsirinem ortadan aýyrýanda, belki, ol her gezek zeminiň, üstünde erbetlik, uýat zatlar köpelip ugran wagty, ýalňyz hemrasynyň göwsi ölüm getiriji gurallardan, hatarly howplardan dolup, özüniňem oňa hiç hili hemaýatynyň degmejekdigini duýan wagty, bir ujy ýere ýetip duran kümüş tarlaryny hapalatmazlyk üçin aňyrlygyna tarap süýşüp ugraýandyr. Soň adamzat aklyna aýlanandan soň, ýa-da gämik ýaly iki gulak bolup, has päkize bolup täzeden gögerenden soň, ýene-de yzyna dolanýandyr diýip çaklaýaryn. Öýkeläp gidýändir, öýkesi ýazylansoň gaýdyp gelýändir diýen gümanam göwnüme gelmän duranok. Şol oýlary küýüme getirip oturyşyma, bir wagtlar Aýyň tar-tar bolup duran kümüşsöw şöhlelerinden ýapyşyp oýnan çaglarymyzy, deň-duşlarymyzy, obadaş gyzlarymyzy ýatlaýaryn. Edil, Aýyň ýerden daşlaşyşy ýaly, biziňem biri-birimizden ýylsaýyn daşlaşyp barýandygymyz üçin gyýylýaryn. Aýyň ir-u-giç zemine dolanyp geljekdiginiň çyn bolşy ýaly, belki, haçanam bolsa bir wagtlar biziňem alyslarda galan çagalygymyza dolanyp gelmek bagty maňlaýymyzda bardyr diýip, umyt edýärin. Şol döwürler Aýyň ýagtysyna oýnan oýunlarymyzy hakydama getirjek bolup jan edýärin. «Tüm gitdi», «Don tutdy», «Horaz soýdy», «Eşek mündi», «Kepbe guruldy». Ol oýunlaryň hiç birem ýöne bir wagt geçirmek üçin oýnalýan oýunlar däldi. Hersiniň öz mazmuny, terbiýeçilik ähmiýeti bardy. Bedeniň berkemegi, zehiniň dury bolmagy üçin iň gowy çäreleriň biridi. Oýundan ýadan wagtlarymyz bolsa üýşüp ýaňlytmaç, tapmaça, sanawaç aýdyşardyk. Elbetde, o zatlaryňam aňyrsynda uly terbiýe ýatyrdy. O zatlar bize Aý aýdyň gijeleriň beren peşgeşidi. Aýly gijeler şol oýunlarda alan lezzetimizi biz hiç haçan, hiç bir zat bilen deňeşdirip bilmeris. Onsoňam men häzir diňe, erkek oglanlaryň oýnaýan oýunlaryny aýdyp otyryn. Onda-da gije oýnaýanyny. Gijäniňem Aý aýdyň gijeleri oýnalýanyny. Olaryňam hemmesini aýdamok. Hemmesini aýdyp çykmak mümkin däl. Geregem ýok. Bu ýerde maksat — oýnalýan oýunlary ýeke-ýeke sanamak däl-de, Aý aýdyň gijeleriň bize nämeleri berendigini, Aýly gijelerden jyda düşüp, şu wagtky çagalaryň nämeleri ýitirendiklerini nygtamak. ...Bir çetde bolsa gyzlar Aýyň şöhlesini barmaklarynyň ujuna oraşyp läle kakyşyp durandyrlar. Läleleriň her setiri, her bir dänesi dogana, söwer ýara, ata-enä, il-güne bolan söýgüden doludyr. Hakyky, naçar ýüreginden çykýan mähire ýugrulandyr. Diňläp durşuňa, gyzlar gerçek dogan barada läle kaksalar, entek çagadygyna garamazdan, özüňňem şolaryň içindäki bir naçaryň arkadaýanjydygyň üçin, söýgi barada aýtsalar, öz öňüňde-de şolar ýaly süýji muşakgatlyklaryň bardygy üçin begenersiň. Buýsanarsyň. Şonda, Aýyň şöhlesi süýr depäňden gorladagada, göwräňe güýç, gaýrat guýýan ýaly, beýniň içi bygyrdap-bygyrdap gider. Ganyň gaýnar. Ýüregiň joşar. Birdenem olar iki bölünişerler-de, biri-birleriniň ellerinden tutuşyp, ýaz ýeline ykjaýan öýme ýaly iki ýana yranşarlar. — Aýterek, Günterek, Bizden size kim gerek?!. — diýşip, Aý şöhlesinden emele gelen süýt derýasynyň içinde tolkun atyşyp ugrarlar. «Pylany gerek!» diýip, ady tutulan gyz bolsa, kapasadan çykan kepderi ýaly pasyrdap gaýdar-da, garşysynda el tutuşyp duran gyzlaryň hataryny böwser. Biriniň elinden tutubam, yzyna gider.Gyzlaryň şadyýan gülküleri depelerinden inip duran Aý şöhlesiniň tarlaryna degip, üýtgeşik bir hoş owazy emele getirer. Bir görseňem olar «ülker» ýaly toplanyşyp, «öleň» aýdyşyp durandyrlar. Öleň köplenç durmuşa çykýan gyzyň ýa-da ýaňy «öýe düşen» gelniň adyndan aýdylýardy. Onuň içinde aýralyk, zar-zelillik, hijran hakyndaky aýdymlar, ahy-zar köp bolardy. Hawa, biziň çaga döwrümiz Aý aýdyň gijeler şolar ýaly hezillikdi. Üýtgeşikdi. Lezzetlidi. Indi welin beýle däl. O-ol oýunlaryň birem oýnalanok. Edil oba göçen ýaly. Obada çaga-çuga ýok ýaly. Aýyň bu daşlaşyp gidip oturyşy boljak bolsa, o zatlaryň bäri-bärde boljakdygam belli däl. Aýyň ýerden has daşlaşyp, belli bir döwürlerde düýbünden gözden ýitmegem, öçügsi ýyldyz ýaly çalaja ýylpyldap görünmegem mümkin. Adamzada ençeme wagtlap Aýsyz döwürleriň, garaňky gijeleriň garaşýan bolmagam ahmal. Ýöne, alymlaryň aýdyşyna görä, ol barybir ýene-de gaýdyp gelmeli. Elbetde, biz o zatlaryň birinem görmeris. Emma görsek-görmesegem, bu, galmagally dünýe içre bolsak-bolmasagam, ir-u-giç Aý ýere dolanyp gelse bolýa. Adamzat aýdyň gijelerden ömürlik juda düşmese bolýa. Esasy zat ― ana, şol! Dekabr. 1990 ý. Moskwa Juma HUDAÝGULY. | |
|
√ Jynlaryň meýlisi / hekaýa - 22.07.2024 |
√ Meniň ýyldyzym / hekaýa - 07.09.2024 |
√ Enesi ukuda däldi / hekaýa - 11.10.2024 |
√ Kyrk ýyldan soñ gaýdyp gelen şol aýazly gün / hekaýa - 19.01.2024 |
√ Togsan dört ýylyñ derdi / nowella - 27.08.2024 |
√ Sen aman bol bu dünýäde / hekaýa - 22.01.2024 |
√ Kakama meňzeş adam / hekaýa - 09.11.2024 |
√ Bereket aga / hekaýa - 18.07.2024 |
√ Leýlanyň taryhy / hekaýa - 11.01.2024 |
√ Häsiýetnama / hekaýa - 11.12.2024 |
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |