21:13 Aýal bolaýan bolsam... / satiriki hekaýa | |
AÝAL BOLAÝAN BOLSAM...
Satiriki hekaýalar
Selamet mata fabrigine şweýsar bolup işe girdi. Ol aýda 80 lira pul almalydy. Segsen lira bilen bir adam-ä däl, dörtden bir adamam gün görüp biljek däldi. Emma ol özüniñ ýadamany-ýaltanmany bilmeýändigine bil baglaýardy. Ahyry bir gün fabrigiñ hojaýyny meniñ bu edýän yhlasymy, ýadamazlygymy görer ahyryn diýip, ol inçeden tama edýärdi. Şweýsarlyk wezipesi, elbetde, onuñ üçin masgaraçylykdy, aýypdy, ýöne etjek alajyñ näme? Biziñ häzirki döwrümizde, dünýäniñ çaýkanyp duran wagty, gör, näçe adamlar şweýsarlyga degmeýän adamlaryñ gapysynda şweýsarçylyk edip ýörler. Hojaýynlar bilen şweýsarlar häzir öz orunlaryny çalyşdylar. Ol bar güýjüni edip, gije-gündiz işledi, gaçalak-sapalak etmedi, aýlygynyñ üstüne, näme-de bolsa, az-owlak bir zatjyk goşular öýdüp tama etdi. Wah, bir gijeki garawulçylygam alyp bolaýsady!.. Fabrigiñ gijeki garawuly aýda tutuşja 200 lira alýardy. Özem hiç kelläñi agyrtmaly däl. Eger adam bir zady çyndan arzuw etse, hökman şonuñ diýenem bolýar. Ine, onsoñ bir sähetli gün fabrigiñ eýesi ony ýanyna çagyryp: - Senden gaty razy eken - diýdi. - Aý, tañryýalkasyn, agam. Fabrigiñ eýesi: - Öýlendiñmi? - diýip sorady. Ol edil aýyp işiñ üstünde tutulan ýaly: - Hä, öýlendim - diýip, utanyp jogap berdi. Onsoñ ol öz eden jenaýatyna doly göz ýetirip, bütinleý rahatlanmak üçin, başyny aşak sallap: - Iki çagamam bar, beýefendi - diýip, öñki aýdanlarynyñ üstüne goşdy. Fabrigiñ eýesi hem gynandy, hemem utandyrdy: - Wah-wah-heý! Neneñsi mydar edýäñ? - Gaty agyr bolýar, beýefendim. - Onda saña men bir ýagşylyk edeýin. Şweýsarlygyñ daşyndan gijeki garawul bolup bilmezmiñ? Hernä agyr görmersiñ-dä! - Bor, beýefendim. Agyrlygy bolmaz onuñ, baş üstüne. - Dogrymy aýtsam, uzyn gün bary-ýogy alty sagatjyk gapyñ öñünde durýañ, galan wagtyñ boş. Şonuñ üstünde-de sekiz sagatlyk agşamky nobatçylygy goşýas, jemem şeýdip - on dört sagat bolýar. Ýene on sagat boş wagtyñ galýar. Razymy? - Tañryýalkasyn, beýefendim. - Agşanky nobatçylygyñ üçin ýene otuz lira üstüne goşýan. - Tañryýalkasyn. Aýda 200 lira alýan gijeki garawul gaty agyr ýatýanlygy sebäpli ýüzüniñ ugruna işden boşadylyp, onuñ ýerine-de biziñ şweýsarymyz alyndy. Gündiz-ä ol gapyñ agzynda durýardy, agşamyna-da kontrol sagadyny boýnundan asyp, fabrige garawulçylyk edýärdi. Indi onuñ aýlygy 110 lira bolupdy. Ol gaty ykjam, gaty jürbe-jür adamdy. Ol "Fabrigiñ eýesi ahyry bir gün meniñ yhlasymy görer, hökmanam onsoñ bir ýagşylyk eder, sebäbi olam adam ahyry" diýip, öz ýanyndan pikir edýärdi. Ine, meselem, ony fabrigiñ sekretary edip bellände bolmaýarmy. Nähili gowy boljak! Sekretar her aýda 300 lira alýar!.. Eger adam bir zady çyndan arzyw etse, hökman şonuñ diýenem bolýar. Fabrigiñ eýesi garawuly ýanyna çagyrdy-da: - Seniñ işiñden men gaty razy - diýdi. - Şonuñ üçinem saña ýene bir ýagşylyk etsem diýýän. Gijesine, dogrusyny aýtsam, şonsuzam bir edip barýan işiñ ýok. Kontoryñ kagyzlarynam üstüñe alaýsañ nädýär? Öñki alýan aýlygyñ üstüne ýene 60 lira goşýan. Garawul oýa batdy. "Eger şeýdäýse, men 170 lira alaryn..." - Hudaýjan, ömrüñ uzak bolsun, beýefendim - diýip, ol fabrigiñ eýesine minnetdarlyk sözüni aýtdy. Aýda 300 lira alýan sekretar içini hümledip oturýanlygy, kofe içmek, çilim çekmek bilen işe eliniñ degmeýänligi sebäpli ýüzüniñ ugruna işden pyzyldy, onuñ ýerine-de şobada biziñ şweýsarymyz bellendi. Indi ol gündizine gapyñ agzynda durýardy, gijesine, ýagny, fabrige garawulçylyk edýärkä-de hat ýazýan maşynkasyny öñündejik goýup, dürli-dümen kagyzlary çap edýärdi. Ol gara der bolup zähmet çekýärdi. Hojaýynam bir gezip ýören samsyk däl ahyryn. Bir gün görmese, bir gün onuñ yhlasyny görer ahyryn. Görerem, sylagyny hem ýetirer. Fabrigiñ buhgalteri aýda 400 lira alýar. Wah, buhgalterem bir bolaýsamdym-da!.. Eger adam bir zady ýürekden arzuw etse, hökman şonuñ diýenem bolýar. Bir ajap gün fabrigiñ eýesi ony ýanyna çagyryp: - Häzir 170 liranyñ hiç zadyñ alnyndan däldigini bilýän - diýdi: - Şonuñ üçinem seniñ aýlygyñy köpeldäýsem diýýän. - Hudaýym, ömrüñ uzak bolsun! Siziñ aýdanyñyza däl diýip bolmaz, beýefendim. - Siziñ hökman boş wagtyñyz bolaýmaly. Öýde biderek oturanyñyzdan fabrigiñ hasap-hesibini etseñiz gowy bormuka öýdýän. - Şony oñarýan-da men, beýefendim. - Berekella, onda ýene aýlygyñyzyñ üstüne 46 lira goşýan. Fabrigiñ her aýda 400 lira alýan buhgalteri goşmagyñ ýerine aýyrmak bilen, köpeltmegiñ ýerine-de bölmek bilen meşgullanandygy üçin eglenmän işden boşadyldy. Indi biziñ şweýsarymyz aýda 215 lira alýardy. Gündizine alty sagat işikde durýardy, agşamyna sekiz sagatlap fabrige garawulçylyk edýärdi, şol bir wagtyñ özünde-de maşynkada çap edýärdi, öýüne gelibem hasap-hesip işi bilen meşgul bolýardy. Ol şeýle köp işleýärdi, işine-de şeýle türgendi, talap edilýänindenem köp işlemäge jan edýärdi. Indi ol sklad müdiriniñ ýerine göz gyzdyrmaga başlapdy. Sklad müdiri aýda 450 lira alýardy! Eger adam bir zady çyndan arzuw etse, hökman şo maksadyna-da ýetýär. Ýene fabrigiñ eýesi ony ýanyna çagyrdy-da: - Saña bir ýagşylyk etmesem boljak däl, şonuñ üçin çagyrdym. Size sklad müdirligini teklip edäýsem, niçik görýäñiz? - diýdi. - Örän şat bolaryn, beýefendim. - Tamam şeýledi. Berekella! Aýlygyñ üstüne 35 lira goşýan! Baryñ, sklady kabul edip alyñ. Añkasy aşyp, näme edip, näme goýýanyny bilmeýän skladçy ýalñyşlyk bilen käbir harytlary sklada çekmegiñ ýerine öz öýüne çekip ýör eken. Şonuñ üçinem ýüzüniñ ugruna kowulyp, onuñ ýerine-de biziñ garawulymyz bellendi. Ol gijesini gündiz edip işledi, güýjüni, zehinini, hatda wagtynam gaýgyrmady. Fabrigiñ eýesem gezip ýören bir eşek däl ahyryn, görer-ä bir gün bu edilýän yhlasy. Dogrudan hem... Bir gün ol biziñ garawulymyza: - Meniñ ýanyma bir girip çyksañyzlañ - diýdi. - Hoş, ajap! - diýip, garawulymyz dessine hojaýynynyñ huzurynda häzir boldy. Hojaýyn oña güler ýüz bilen: - Size şeýle göwnüm ýetýär, tañryýalkasyn. Kim gowy işlese, şolam özüne näme ediljek bolýanyny añýar. Şweýsarlyk işi siziñ mertebäñize nälaýyk. Ähli galan wezipeleriñiz size degişli! Mundanam başga men sizi fabrigime direktor edip belleýän - diýdi. Direktor diýdimi? Wah, görgüli garawulyñ nirede gören zady bu, şonuñ üçinem aljyrap, näme diýjeginem bilmedi. Ýogsam, ol direktoryñ ýerini almagy öñräkden peýläp hem ýördi. Eger adam pahyr bir zady çyndan arzuw etse, şo hökman amala-da aşýar. Ine ol ahyry direktoram boldy. - Siziñ aýlygyñyzyñ üstüne ýene 90 lira goşýan - diýip, fabrigiñ eýesi ony begendirdi. Şweýsarlyk wezipesinden aýrylanlygy sebäpli indi onuñ aýlygy 90 lira kemelýärdi. Emma indi ol direktor hökmünde 90 lira köp alýardy, jemem aýda 260 lira bolýar. Öñki direktor 500 lira alýardy. Onu derrew, sekretar gelniñ yzyna düşýäñ diýip, yzyna şakyrdyk dakdylar. Bu fabrikde kyrk işçi, iki ussa, ýigrimi sanam maşyn bardy. Onuñ işçi bolmak niýeti ýok - sebäbi işi bilenok, ussa bolmak-ha hasam beter, oñarjak zady däl. Maşynyñ dereginem ömür-ömrem tutup biljek däl, maşyn maşyn-da... Fabrigiñ kontorynda bolsa indi onuñ özünden başga diñe sekretar-maşinistka galypdy. Işden boş wagty ol sekretar-maşinistkanyñ ýanyna baryp, direktory öwýärdi: - Hudaýjan, ömri uzak bolsun, gyzyl ýaly adam! Bu fabrige ilki men şweýsar bolup işe geldim, aýda 80 lira aýlygym bardy. Hojaýyn onsoñ agşamky garawulçylygam berdi, şeýdip 110 lira alyp başladym. Soñ ol meni sekretaram etdi. Aýlygym 170-e ýetdi. Onsoñ ol maña buhgalterligem ynandy, şeýdip aýda 215 lira töläp başlady. Soñ skladam maña berdi, 250 lira ýetdi aýlygym. Indem beýleki wezipeleriñ daşyndan tutuş direktorlyk hem edýän. Aýlygym 260 lira boldy! Gör-ä sen bu bolýan zatlary! Sekretar gelnem hojaýynyñ tarypyny ondan kem ýetirmedi: - Men bolsa bu ýere ilki jaý süpürýänçi bolup işe geldim. Soñ hojaýynyñ öýüniñ sübsegäri boldum, onuñ daşyndan egin-eşiklerinem ýuwup artdym. Şeýdip aýlugym 60-a ýetdi. Soñ men onuñ biş-düşünem etdim, hojalygyna-da kömekleşdim, aýyna 100 lira berip başladylar. Soñ bolsa... onuñ nämesine öwrülenimi özüñiz bilýänsiñiz. Şundan aýlygyma ýene 15 lira goşdular. Indi men aýda 115 alýan. Bir sapar ol sekretar gelne: - Sen gaty kän işleýäñ, gatam ýadaýañ - diýdi. Sekretar gelinem oña edil özi ýaly bolup jogap berdi: - Siz näme az işleýäñizmi? Şu aýlygyñyz, näme, size azlyk edenokmy? Heý siz aýlygyñyzyñ artanyny küýsäñzokmy? Ol sekretar gelniñ ýüzüne äñetdi. Ol şu kontorda sekretarşa bilen özünden başga hiç kimiñ galmandygyny hakydasyna getirdi. Sekretar gelniñ etmeli işini göz öñüne getirdi. - Ýok, ýok, başarjak däl! - diýip sekretar gelniñ ýüzüne dikan seredip ýalbarmaga başlady. - Ýok, uýam! Maña hiç zat gerek däl, şu aýlygym bes maña! Şuña-da tañryýalkasyn. Ýöne aýal bolan bolsam bar-a? Hökman hojaýyn seni işden kowup, meniñ aýlygymyñ üstüne ýene 20 lira goşardy... Ýok, ýok! Razy men şu günüme... Hawa, ýöne... aýal bolan bolsam weli!.. Eziz NESIN, türk ýazyjysy. Terjime eden: Kemal YKLYMOW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |