20:56 Aýasofýada gyzyklanmalar, sowallar we tötänlikler!.. | |
AÝASOFÝADA GYZYKLANMALAR, SORAGLAR WE TÖTÄNLIKLER!..
Publisistika
Söýgüli okyjylarym, ýañadan dile düşen Aýasofýa meselesi mundan öñem ýurduñ üns merkezine düşürlipdi. 1934-nji ýylda gol çekilip, kanuny güýje giren Ministrler Kabinetiniñ karary… Aýasofýany muzeýe öwürmek barada karar kabul edilýär. Aşagynda ähli ministrler bilen birlikde Prezident Mustafa Kemal Atatürküñem goly bar. Düýnem ýazypdym, ilki “Atatürküñ goly galp, şonuñ üçinem bu kararnamanyñ güýji ýok” diýip tutdurdylar! Beýle däldigi belli boldy… Muny orta atanlardan soñ ses-seda çykmady! Nähili gynandyryjy, türk halkyny şular ýaly hapa ýalanlar bilen ýene bir gezek aldamaga synanyşdylar. Şindi Döwlet sowetiniñ (Danıştay) 10-njy uprawleniýesi segsen alty ýyllyk kararnamanyñ üstüne atanak çekdi we Aýasofýa täzeden metjit boldy. Munuñ şeýle boljagy öñdenem bellidi. Emma bu boýunça orta atylmagy gerek käbir sowallar bar. Atatürk döwründe anyk näçe sanydygy belli bolmasa-da, müñlerçe kararnama çykarlypdy. Aýratynam ynkylaplar we ýerine ýetirilmegi derwaýys kararnamalar… Şindi şu aşakdaky görkezilenlerde käbir hakykatlar orta çykýar: Diýmek, kimdir birileri şol kararnamalary kanuny taýdan güýjüni ýitiren hasaplatmak üçin Döwlet sowetine ýüz tutup, sud prosesini açdyryp biler… we Döwlet soweti muny kabul edip biler! Ýeri, şonda näme bolar? Başga bir sowal… Şumat kanuny güýji ýatyrylan kararnama bilen baglanşykly dawalara Döwlet sowetinde öñem seredilipdi. Olaryñ hemmesi geçen ýyllarda ret edilipdi we şol kararlar Döwlet sowetiniñ adminstratiw işlere garamak boýunça uprawleniýesi (Danıştay İdari Dava Daireleri Genel Kurulu) tarapyndan makul kararlar hasaplanypdy. Şindi sud organlarynyñ ählisinde bolşy ýaly Döwlet sowetiniñem işgärler düzümi düýpgöter üýtgedi. Diýmek orta çykan netije hem şeýle: Gutarnykly kabul edilen suduñ kararlary hem islendik wagt üýtgäp biler! Diýmek, häkimiýetler we sud organlarynyñ düzümi üýtgese, suduñ kararlary-da 180° üýgäp bilýän eken! Ynha, biz, häzir şular ýaly “Hukuk şertlerinde (!)” ýaşaýarys. Rejep beý şeý diýdi: "Ybadata öñem açyk Aýasofýa metjidiniñ resmi açylyşy 24-nji iýulda Juma güni bolmaly dabarada kylynjak namazda bolar." Islendik meselä garalanda, sakyrtga ýaly ýapyşyp, gerekli proseduralary amala aşyrýandyklaryny bilýäris… Ýeri, jumga namazy neçüýn 24-nji iýulda okalýarka?.. Çünki 1923-nji ýylyñ 24-nji iýuly Lozan şertnamasynyñ baglaşylan güni. Jynlaryna düşen Ismet Inönü tarapyndan gol çekilen we uzaga çeken uruşlardan soń ýurdumyza azatlygyny we garaşsyzlygyny alyp beren şertnama… Olaryñ maksady şol açylyş gününde geçiriljek dabara we okaljak köpçülikleýin namazlar bulen Lozany ünsden düşürmek we onuñ ýerine Aýasofýa propogandasyny ýerleşdirmek! Söýgüli okyjylarym, ýene bir zady alada edýärin… Eýse Rejep beý şo gün Aýasofýa gelermikä? Elbetde, anyk bilib-ä aýdamok welin, meñ pikirimçe geler! Onuñ propaganda üçin şular ýaly gowy mümkinçilikden peýdalanmazlygy mümkin däl. Ýene bir gyzyklanylýan mesele bar… Bütindünýä medeni mirasynyñ nusgalyk memorial binalaryndan biri bolan Aýasofýanyñ metjide öwrülmegine bütin dünýä garşy çykdy karşı. (Ol öñem ybadata ýapyk däldi ahwetin!) Rejep beý muny bilmeýändir öýdýäñizmi… Hem karary şonuñ üçin mümkin boldugyça gijikdirdi. Eýse bu boýunça daşary ýurtlar bilen käbir gepleşikler geçirildimikä? Meselem, Aýasofýa kararyna garşy çykyp aýak diräp durmasynlar diýip, käbir hristian ýurtlaryna nähili wadalar berildikä? Mysal üçin Heýbeliadada birnäçe ýyllap (AKP döwründenem öñ) ýapyk halda duran we prawoslaw poplaryny ýetişdirýän Ruhban mekdebiniñ täzeden açylmagy baradaky mesele orta atyldymy? Näme üçin orta atylmasyn!.. Men bärde öz ýanymdan pikir gimnastikasyny edýärin, käbir täsin tötänlikleri we her kimiñ añynda aýlanýan sowallary siziñ dykgatyñyza ýetirjek bolýaryn. Şindi iş edinip belli korpuslary öñem ybadata açyk Aýasofýany Dini işler ministrliginiñ garamagyna geçirdiler. Aýasofýa indi Dini işler ministrliginiñ gozgalmaýan emläkler balansyndaky mülki boldy! Mundan soñ nämeleriñ boljagyny hemmämiz birlikde tomaşa ederis, nesip etdiginden. Entek Döwlet sowetiniñ “zerurluga” duwlanan karary bir mälim edilsin bakaly… Bu palaw entek kän-kän suw sorup aljaga meñzeýär! Emin ÇÖLAŞAN. "SÖZCÜ" gazeti, 12.07.2020 ý. Terjime eden: Guwanç MÄMILIÝEW, Stambul uniwersitetiniñ talyby. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |