12:37 Az bilinýäne köp ynanylýar | |
AZ BILINÝÄNE KÖP YNANYLÝAR
Publisistika
Ýigrimi ýyl bäri tanaýan tanşym bir kanalda habarlar gepleşiklerini alyp barýar. Ol bir gün "birnäçe ýyl bäri saýlawlarda sesem beremok, žurnalistleriñ partiýa ses bermegini nädogry hasaplaýaryn!" Men oña "žurnalistler näme töññemi, olaryñ syýasy garaýşy bolmaly dälmi?" diýdim. Kärdeşimiñ kellesiniñ şeýlekin dereje bulaşykdygyna haýran galdym. Žurnalistiñ dünýägaraýşy bolmaly, žurnalistiñ syýasy düşünjesi bolmaly. Emma... Žurnalistiñ bolýan zatlary-habarlary ähli hakykatlygy bilen köpçülige eşitdirme ýaly wezipesi-de bardyr. Munuñ "partizanlyga" näme dahyly bolup biler? Eger... Žurnalist obýektiwligini ýitirse, şol wagt mesele dörär. Ýagny... Žurnalist "bu habar ses berýän partiýamyñ garşysyna eken" diýip, hakykaty özüçe ýugrup-ýasap tanalmaz ýaly görnüşe getirse, şonda kärine hyýanat etdigi bolar. Bular ýaly adamlara žurnalist diýilmeýär. Bular manipulýasiýa gullukçysydyr. Bularyñ wezipesi ýalñyş habarlardyr maglumatlar arkaly adamlara täsir etmek we ýalñyş ugura gönükdirmekdir. Maksatlary-da şeýtany hilegärlikleri ulanyp köpçülikleýin pikir döretmek. Şeýle giriş bilen başlamagymyñ sebäbi şu: Şugünki gün... Siziñ garşyñyza "žurnalist" diýip çykarylanlar žurnalist däldir! Habar diýip dykgatyñyza hödürlenenlerem hakyky däl! Mysal üçin... Rus uçarynyñ urlandygy baradaky habarlaryñ näçerägi hakykat? Ýa-da... Baýyr-bujakda nämeler bolup geçýär? Ýazýarlar... "Ruslar Türkmen dagyny bombalady." Siriýanyñ kartasynda "Türkmen dagy" diýen dag ýok! Lazkiýede Jebel Alewiýýun (Alawy dagy) we Jebel Ekrad (Kürt dagy) bar! “Türkmen dagy” ýalanyny toslap tapmaklarynyñ sebäbi: Esada garşy söweşýän jihatçylara berýän goldawlaryny jemgyýetçiligiñ gözünde makullatmak. Baýyr-bujakda türkmenler kyn ýagdaýdamyşmy? 2012-nji ýyldan soñ sebite Türkiýäniñ çäginden sokulan jihatçylar haçan türkmen bolup ýetişdikä? Bu zannyýamanlaryñ alawy türkmen obalarynyñ üstüne dökülip gandöküşikleri edendigini bilýän ýokmy? Alawy türkmenleriñ bar günäsem Esadyñ arkasynda durandyklarydy. Aýdýarlar... "Baýyr-bujakdan uly möçberdäki bosgunlaryñ gelmegine garaşylýar." Sebitde "El-Nusra" terrorçylykly guramanyñ militanlygyny edýän sünni türklerden başga adam bir galdymy özi? Diñe birnäçe müñ adamlyk jihatçy maşgalasynyñ geljekdigi görnüp dur. Ýalan sözleýärler. Hakykatyñ şular ýaly duşmanlary žurnalist bolup bilermi? Ýagny, gep ses bermekde däl... • Fotosurat ýalany Her täze režim öz ahlagyny döredýär, kemala getirýär... Emma... Metodlary birmeñzeşdir. Žurnalist sypatly "köşk gullukçylary" täze çykan zat däl. Ahmet Ihsan Tokgöz "Metbugat ýatlamalarym" (“Matbuat Hatıralarım”) atly kitabynda "Ýyldyz" köşgüniñ redaksiýalara nädip ýokary aýlyk töleýän adamlaryny sokuşyny ýazýar. Bular “kayırtılmış kişiler” idi. Döwrümiziñ tarapgöý žurnalistleri... Serediñ, gürrüñsiz... Metbugatymyz hemişe hapady. Emma hiç wagtam AKP döwründäki ýaly manipulýatiw bolmandy. "Ýalanyñ häkimiýeti" üçin nämeleri etmediler? Mysal üçin... Hakykaty ýazmak üçin döş geren biziñ ýaly hakykatçyl žurnalistlere duzak gurup, türmä dykdylar, metbugatyñ ýüregine gorky saldylar. Olaryñ ýeke-täk hakykatlary bar, olam - özlerinkini her bir ýagdaýda dogry görkezmek! Diñe öz isleýän zatlarynyñ, edýän işleriniñ oñlanyşyny görmek, eşitmek! Muña dogry gelmeýänler ýok edilmäge degişlidi. Düwmä basdylar... AKP, Jemagat we "Ýeterlik däl, ýöne, bolýar" (“Yetmez Ama Evet”) diýen liboş topbak jem bolup, metbugaty gorpdan aşak zyñdylar. Yzyndanam AKP bu iki hyzmatdaş şärigine mätäçligi galmansoñ, olary-da gömdi. "SÖZCÜ" ýaly ynanyp boljak az sanly gazetdir žurnalist oña baş egmän dik dur. Emma... Bärde-de bir mesele garşymyza çykýar: Müñ dürli kynçylyklara döş gerip, aýaklarynyñ üstünde duran bu gazetler ykdysady kynçylyklar sebäpli habarlar merkezlerini ulaldyp bilenok. Wakalary öz habarçylary arkaly yzarlap bilenok. Hem-de... AKP žurnalistlik etmekden başga niýeti bolmadyklary käte habarçylaryny, käte howpsuzlyk gullugynyñ işgärlerini, käte-de başga-başga tilsimleri ulanyp, täsiri astyna almagy başarýar. Edil Baýyr-bujak meselesinde bolşy ýaly... Russiýa Siriýada ara girip, Günbatar jihatçylara garşy naýza çenedi welin, AKP birden türkmenleri ýadyna salaýdy! Adamlaryñ duýgulary bilen oýnap, olary täsiri astyna alýarlar. Ýagny, aldaýarlar. Siriýada jihatçylar tarapyndan öldürilen Zeýnep Amaryñ ýa-da Liwandaky bombaly teraktda ýaralanan Kader Murtedanyñ fotosuratlary "Ynha, öldürilen baýyr-bujakly türkmen aýallary" diýip, ýuwtduryldy! Adamlar Dawutoglynyñ ýasama gözýaşlaryna şärikdeş edildi! • Asyl howp Awraam Linkolnyñ aýdan bir sözi bar... "Biziñ başymyza bilýänlerimiz däl, dogrudyr öýdýänlerimiz bela getirýär". Gep diñe AKP metbugatynda däl... Nusaýbinde nämeler bolýar? Serediñ... Otuz ýyla golaýlan kärimde hakykat ýolundan gyşarmadym. Hiç ýalñyşmadym diýip biljek däl, netijede bizem adam ahyryn. Emma bilgeşleýin eden ýeke ýalñyşym bolmady. Ýazmak meniñ mukaddesligim. Ýazmak meniñ okyjylaryñ öñündäki iñ uly jogapkärçiligim. Diýmek isleýänim şu: maglumaty, habary ilki ýuweliriñ terezisinde çekip göreliñ. Şoñ üçinem... Nusaýbinde näme bolandygyny, ne AKP metbugatyndan, ne-de PKK metbugatyndan öwrenip bolmajagyny bilýärin. Iş durmuşymda üç topar ýalançy gördüm: 1). Jemagat... (gülençiler) 2). AKP... 3). PKK... Bularyñ ýazýanlaryna, aýdýanlaryna hiç bir ýagdaýda ynanamok. Nusaýbin hakykatyny nireden öwrenip bileris? "Hakykaty ýazsam AKP näme diýerkä?" diýip, hiç zat etmeýän "pingwin mediýasyndanmy"? Goýsañyzlañ, haýyş. Hawa... Dogry maglumatlary edinme meselesinde kürtdürip galdyk. Howpuñ nähili uludygyny görýärsiñizmi? Düýn... Ýedi adamyñ ölen, on adamyñ ýaralanan, ýigrimi TYR-yñ ýakylan wakasy baradaky ýazgymy ýazan sagadyma çenli hiç hili maglumat ýokdy: TYR-lar kime degişli, içinde näme bar? Ýeke berilen maglumat: "Ruslar kömek üçin barýan TYR-lary urdy". Hakykatyñ nämedigini bilemzok. Bildirjek bolýanam ýok. Ýazylýan, aýdylýan zatlara-da ynanamzok, ynanmazlyga esas hem bar. Işiñ gynandyryjy tarapy, bu ýagdaý bizi bolup geçýän wakalar meselesinde perwaýsyzlyga iterýär. Hem-de... Şeýle şeýle urşuñ içine tarap sokulýarys. BELLIK: Jan Dündara we Erdem Güle edilenler hiç bir ýagdaýda kabul edip boljak zat däl. Nähili howpuñ gyrasynda durandygyñyzy bilýärsiñizmi? Soner ÝALÇYN. "SÖZCÜ" gazeti, 27.11.2015 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |