09:23 Bagym... | |
BAGYM
Goşgular
Ösüp ötyr, penjirämiñ öñünde, Gollaryn ýaýradyp, owadan bagym. Men şeýle bir gözel dünýäni görýän, Penjirämden dünýä sereden çagym. Ýapraklaryn çalşyp pasylma-pasyl, Ol nur saçyp otyr, meniñ dünýäme. Ýaz ýaşyl ýapraga bürese seni, Güýzde bagym, sary donuñ geýýäñä. Sarymy ýa ýaşyl donly parhy ýok, Seniñ bilen gözel meniñ penjiräm. Gije bolsa asmandaky nurly aý, Bezeg berýär gözün süzüp, eljiräp. Täze jaýa, täze haly düşedim, Has görküne geldi, öýümiñ içi. Goñşylarym gutlap, täze halymy, Penjiräñe daksañ owadan tuty. Diýdiler,señ öýüñ galmazdy kemi, Penjiräme neçüýn dakaýyn ortük. Penjiräme dakyp owadan örtük, Bilmen gözelligiñ, üstüni örtüp. Goý, goñşylar dakybersin penjirä, Owadan matadan, owadan tuty. Men bolsa galaýyn öz bagym bilen, Şoñ bilen has gözel öýümiñ içi. Gyzylgül ANNAGYLYJOWA | |
|
√ Oňşuksyz öý / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Meýdan güli / Goşgular - 30.01.2025 |
√ Kowusnama: Bedew edinmek hakynda / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Ýagşy niýetler / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Ýa Biribar / Goşgular - 30.01.2025 |
√ Bu köňlüm zowrakyn aldy bu gün bir gunça leb gülruh... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Bir dem ol dilber jemalyndan yrak olmak ne güýç... / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Dil pyrak odunda ýandy, galdy jan hijran era... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Dünýä maňa aşyk bolsun! / Goşgular - 07.01.2025 |
√ Ýaraly ýüregiň owazy / Goşgular - 22.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |