BAHARA ÝÜZLENME
Gyz demi düşüpdir ýaýlalaryňa,
«Şygyr-şygyr» gülýän ýaly derekler.
Gülleriňde keteniniň ysy bar,
Asmanyňa süýt guýmagam gerek däl.
Durulygy gözüň bäbenegi deý,
Göge bakyp, saçyň darabermeli.
Ýaýlalaryň gyz ýylgyrşyn ýatladýar,
Goýny bag-bakjaly, alma, terneli.
Ýüregi gülläpdir ala meýdanyň,
Çym gyzyl güllerde gyzyň eli bar.
El bilen çyzylan ýaly asmanyň
Tes-tegelek çykan nurly Güni bar.
Baharym bolsady ekilen ýaly,
Seniň jemalyňdan asla ganma ýok.
Myhman alynmaýar sende geleni —
Gujagyňda keseki ýat saýlanok.
Böwregi böküp dur sonarly sähraň,
Özünden ýaryljak eliň degirseň.
Gülküsinden gyzarypdyr güllerem,
Içiňi gyrjak ol barsaň eger sen.
Baharym, sen ähli gyzlaň seresi,
Seň söýgiňden uly söýünji bolmaz.
Waspyňy ýazybam tükedip bilmen,
Barybir, seň özüň görençe bolmaz...
Goçmyrat ORAZBERDIÝEW.
Goşgular