15:33 Başga tüýsli bir goşgy | |
BAŞGA TÜÝSLI BIR GOŞGY
Goşgular
(Atamyrat Atabaýewe) Bilýärin, owadan gyzlar Okaýar goşgularyñy. Olar goşgulañdan owadanlanýarlar Hem aýlap goýbärler näzli sözleñden Öz başlaryny! Seni görmedikler görmek islärler, Diýerler: "Bu ~ ýigit ýeten çaga-la!" Ýöne görensoñlar bu ýaşdan soñra, Diýerler: "Wah, aga eken, aga-la!" Gelinlerem seniñ sözleriñ bilen Ärlerini igelärler, ýonarlar, Soragyña çykjaklaram tapylar, Biri agam diýip agtarar seni, Seni biri dostum diýip agtarar. Biri seni "Ýarym!" diýip ýat eýlär, Ýar saýjaklaryñky kyn bolar, ýöne: Seniñ özge birilikligiñden ~ Bibilikligiñden olar "dat eýlär!" Garaz, bary öz baglarna gonarlar. Erkeklerem seniñ sözleriñ bilen Öz aýallaryna penek atarlar: Öýkeleşerler, çekeleşerler, (Kim bilýär, Ganygyzgynlañam bolmagy mümkin) Ýakalaşarlar, Ýöne, ýene seniñ sözleriñ bilen Biri-biriniñ göwnün taparlar. Şeýle bolmadymy şu wagta çenli: Seni birläp däl-de, köpläp söýdüler. Oba-oba, şäher-şäher ~ il bolup, Ýa geplemän, ýa-da gepläp söýdüler. Köpüñ söýgüsine ýanyp içleri ~ Bar bolsa, haýsy kim, görip, gabanjañ Ýa hiç zada göwni ýetmeýän bir kes ~ Gahary bilen däl, emri bilen däl, Sypaty ýa kürsüsi bilen däl ~ Atamyrat Atabaý ýaşap ýörse bes! ~ Iñ bolmanda başga, başga bir tüýsli Goşgulary bilen özün söýdürer. Ahmet MÄMMEDOW. | |
|
√ Ajymdan öldüm / Goşgular - 11.06.2024 |
√ Şol işandan / Goşgular - 12.06.2024 |
√ Şahyryň göwnüne degmäň! / Goşgular - 23.08.2024 |
√ Men / Goşgular - 05.09.2024 |
√ Şahyrsumak sen / Goşgular - 06.09.2024 |
√ Nätdiñ? / Goşgular - 12.06.2024 |
√ Jüleýbib sahaba / Goşgular - 29.05.2024 |
√ Çaganyñ öweý enesine aýdany / Goşgular - 20.08.2024 |
√ Dag säheri / Goşgular - 15.07.2024 |
√ «Превратила всё в шутку сначала…» / Goşgular - 29.02.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |