12:34 Beýik adamlar bakydyr | |
BEÝIK ADAMLAR BAKYDYR
Edebi makalalar
Respublikanyň halk ýazyjysy Hydyr Derýaýew bilen meniň tanyşlygym baryp 1959-njy ýylda, heniz onuň özüni görmänkäm başlandy. «Ykbal» romanynyň ilkinji kitaby elden-ele geçip okalýarka, onuň bilen, gürrüňdeş bolmak, duşuşmak arzuwyndadyk. Biziň bu niýet-arzuwymyz Türkmen döwlet uniwersitetinde okap ýörkäk miýesser boldy. Şeýdip ýaňy döredijilik işi bilen gyzyklanyp ýören çagym, öz deň-duşlarym bilen TSSR Ýazyjylar soýuzyna baryp durýardym. Şonda hem Hydyr aga bilen ýakyndan tanyşmak miýesser boldy. Megerem, bu 1963-nji ýyllar bolsa gerek. Ol TSSR Ýazyjylar soýuzynyň sekretary bolup işleýärdi. Ol mahallar TSSR Ýazyjylar soýuzy respublikamyzyň Ýokary Sudunyň häzirki jaýynda ýerleşýärdi. Şol ýerde Hydyr aganyň bir kiçeňräk kabineti bardy. Meniň hut özüm Hydyr aganyň ýanyna – şol kabinete baryp, oturyp-oturyp gaýdýardym. Bir gezek onuň ýanynda meşhur Ata Salyh bilen ep-esli oturyp, gürrüňdeş bolanym ýadyma düşýär. Şonda Hydyr aga Ata Salyhdan türkmen tire-taýpalary baradaky aňlatmalary, düşünjeleri aýdyp bermegini haýyş etdi. Ata Salyh türkmen tire-taýpalarynyň gaty köpüsi hakda halk arasynda bar bolan aňlatmalary gürrüň berdi. Hydyr aga-da arap elipbiýinde olary çaltlyk bilen ýazyp aldy. Onuň özi hemgürrüň arasynda köp sanly gadymy gowy pikirleri aýdyp goýberýärdi. Hydyr aganyň halkyň taryhyny, medeniýetimiziň, edebiýatymyzyň taryhyny bilşi aýdyp-diýer ýaly däldi. Onuň ýatkeşligi-de haýranlar galaýmalydy. Hydyr aga özüniň kiçigöwünliligi, mylaýymlygy, pespälligi bilen adamlary özüne, öz töweregine ýygnamagy başarýan adamdy. Onuň bilen gürrüňleşdigiňçe gürrüňleşesiň gelýärdi. Ol adamlar hakda hoşniýetlidi, ikinji bir tarapdanam, ähli kişini deň gözde görýärdi. Ýazyjylaryň arasynda şonuň ýaly hemmä deň bolup ýaşaýmagyň juda kynlygy hemmä bellidir. Emma Hydyr aga şol zatlaryň hötdesinden gelip bilýärdi. Şol gowy hüý-häsiýetleri üçinem, onuň ýany adamsyz bolmazdy. Bir gezek men onuň ýanyna baranymda, ýazyjylaryň köpüsiniň jaýsyzlygy barada iňňän alada bilen gürrüň edýärdi. Stoluň üstünde bolsa jaýdan kösenýän ýazyjylaryň spisogy bardy. Gapydan girenimden ol menden jaý ýagdaýymy sorady. Şol spisokdakylaryň köpüsiniňki ýalydygyny menem gizläp durmadym. Sebäbi olaryň köpüsi meniň deň-duşlarym – ýaş edebiýatçylardy. Soňra Hydyr aga şol spisogyň yzyna meniňem adymy maşynkada goşdurdy-da, ony şol wagtky medeniýet ministri Gara Seýitliýew üçin taýýarlaýandyklaryny aýtdy. Hut şol gürrüň gutarmanka-da, Hydyr aganyň telefony jyňňyrdady. Ol trubkany gulagyna tutup ýylgyrdy-da: «Edil şu wagt jaý hakynda gürrüň edip durus. Meniň ýanymda ýaş şahyrlaryň biri bar. Spisogy men şondan iberýärin» diýdi. Gara Seýitliýew şol spisogy partiýanyň Merkezi Komitetine äkitmek üçin howlugyp til edýän eken. Hydyr aga spisogy maňa berip, medeniýet ministri, Gara Seýitliýewe äkidip bermelidigini aýtdy. Menem ony derrew medeniýet ministrligine alyp gitdim. Ol şol wagtam häzirki jaýynda ýerleşýärdi. Gapyny açanymdan Gara Seýitliýew «gel-gel» diýip, çagyrdy-da, azerbaýjançalap: – Sen jewan şahyrmy? – diýdi. Soň seredip görsem, ol azerbaýjan dilini suwara bilýän eken. Bu meniň Gara Seýitliýew bilenem ilkinji gezek ýüzbe-ýüz bolup gürleşişimdi. Şeýde-şeýde biz Hydyr aga bilen ýakyn gatnaşykdaky adam bolup galdyk. Emma her gezekdäki duşuşyklar, her gezekdäki gürrüňler ýörite bellenilip durlanok. Ol adamlar bilen hemişe bile bolaryn diýen pikirde bolýarsyň. Olar bilen aýrylyşjakdygyň hiç wagt kelläňe-de gelenok. Ýöne weli, onuň ömründen, döredijiliginden beren gürrüňlerinden käbiri, aýratyn hem ajy ykbaly bilen baglanyşykly gürrüňleri meniň ýadymda hemişelik galdy. Elbetde, Hydyr aga diýlende, ol hakynda gürrüň edilende, uly söz ussady, uly alym göz öňüňde janlanýar. Onuň şol zatlary hakynda köp sahypaly gürrüň etmelidigi düşnüklidir. Ýöne biz bu ýerde onuň bütin döredijiligi hakynda gürrüň edip durmagy maksat edinmedik. Onuň bütin döredijiligi edebi jemgyýetçilige, okyjy köpçüligine köpden bäri belli. Ol barada alymlyk dissertasiýalary ýazyldy, ýörite ylmy kitaplar çap edildi. Makalalar toplumy okyjylara ol barada yzygider gürrüň berip gelýär. Onuň respublikanyň ilkinji alymlarynyň biridigi, has dogrusy, türkmen dil bilimini esaslandyryjylaryň biridigi, bu ugruň ilkinji resmi dosentidigi hakda okyjylara maglumat ýetirildi. Onuň biografiýasynyň hut şu bölümi – ylymdaky hyzmaty dogrusynda onuň ilkinji okuwçylarynyň biri, akademik P.A.Azymow, ýörite iş ýazyp, telim gezek neşir etdirdi. Elbetde, bu barada enteklerem köp gürrüň ediler. Onuň döredijiliginiň uly bölegini tutýan, TSSR-iň Magtymguly adyndaky Döwlet baýragyna mynasyp bolan ýazyjy Hydyr Derýaýewi göz öňüne getirýän «Ykbal» romany, ýurdumyzyň otuzynjy ýyllarynyň durmuşyndan gürrüň berýän «Harasat» romany, soňky ýyllaryň ahlak-etiki, maşgala durmuşyndan, gatnaşyklaryndan gürrüň berýän «Mukaddes ojak», «Mähir uçgunlary» eserleri, birwagtky «Amyderýa» publisistik poemasynyň esasynda döredilen, halkymyzyň geçmiş durmuşyndan söhbet açýan «Arzuw» epiki poemasy, «Mähri», «Hojanepes», romanyň esasynda döredilen «Ykbal» dramalary biziň edebi-medeni durmuşymyza doly ornaşyp gitdi. Elbetde, bu zatlar hakda ýokarda belleýşimiz ýaly, häzir ýörite gürrüň edip durmak niýetimiz ýok. ýöne şu ýerde Hydyr aganyň uçursyz mert, hemme zada hötde gelip bilýän, özüne mäkäm erk etmegi başarýan adamdygy barada gaty köp zady aýdyp biljek. Onuň başdan geçiren hupbatly günleri hakda öz agzyndan eşideňsoň, şu zatlary ýazmaga nähili gaýratyň, edermenligiň gerekdigine göz ýetirýärsiň. Hydyr aga ylmy döredijiliginiň gülleýän döwründe, edebiýat älemine ymykly girişip ugran ýyllarynda, ýurdumyz üçin uly howply döwür başlanýar. Ýöne, gepiň gerdişine görä gabat gelse, şu wagtky döwürde näletlenýän repressiýa ýyllary hakda gysgajyk ýaňzydyp goýardy. Şeýdibem adamlara birhili durmuşda örän howply zatlaryň bardygyny duýdurýardy. Kynçylyga, käbir nähakrak, agyrrak ýagdaýlara duşan adamlary öz gürrüňleri bilen mertlige çagyrýardy. Gürrüň arasynda-da, garaz, haýsydyr bir wakany ýatlardy. Näçe wagt gürrüňleşmek, gürrüňini diňlemek dogry gelse-de, Hydyr aga özüniň näme üçin basylandygyny aýdyp ýörmezdi. Sorag berseňem ýöne ýylgyraýýardy. Ýöne, aýry-aýry adamlar hakynda gürrüň edilende, özüne ýamanlyk eden ýaramaz adamlar hakda ýaňzydardy. Başyna agyr gün düşendäki öňki ýakyn adamlaryň garaýyşlaryny ýylgyryp ýatlaýardy. Şol günler barada ol ömrüniň soňky pursatlarynda ýüregini açypdy: –Men şol döwürlerde pedinstitutdaky işimiň daşyndan birki gün «Türkmenmedeniýet» ylmy-barlag institutynda-da ylmy işgär bolup işleýärdim. Ol wagtlar hünärli adamlar az bolansoň, şeýle işleýänler başga-da bardy. 1936-njy ýylda Türkmenistanyň birinji lingwistik gurultaýy boldy. Şony geçirmekde-de, materiallaryny taýýarlamakda-da ep-esliişler meniň boýnuma bolupdy. Gurultaýyň materiallaryny men redaktirläpdim. Şol iş çapdan çykansoň, seredip görsem, orfografik ýalňyşlyklar köpräk goýberilipdir. Şondan öňem meniň daşymda yrsaraşyp ýören adamlar, garaz, bardy. Şondan soň-a olar hasam janlanyp başlady. Bu ýerde, bilgeşleýin edilen zat bolmasa-da, ony kesä çekýärdiler. Şonuň üçin «Turkmenkultda» ýygnak edip, meni işden boşatdylar. Onsoňam täze ýazuwa, täzelige garşy adam hökmünde işden boşatmak hakynda karar çykardylar. Men näçe gezek, işi täzeden öz hasabyma çap etdireýin, ähli harajadyny özüm çekeýin diýsemem: «On-a etmegiň mümkin weli, bu ýerdäki kontra barada näme diýjek?» diýip, kontrrewolýusion herekete gatnaşyjy diýen günä nem ýüklediler. Ýöne welin, bu zatlaryň hemmesi töhmetdi. Meniň täze durmuşa ýürekden berlişim hiç zat bilen deňär ýaly däldi. Ine, bir mysal aýdaýyn: meni1925-nji ýylda Daşkentden tomus kanikula gelen döwrümde, komsomol tabşyrygy bilen Saragta iberdiler. Şol ýerde biz täze durmuş hakda, komsomol barada gürrüňler geçirmelidik. Şol ýerde men iki aý töweregi tabşyrygy ýerine ýetirdim. Bir gezek bir obada köpçüligiň üýşen ýerinde gürrüň geçirip durkam, bir murtlak buluç adam menden «Hudaý barmydyr?» diýip sorady. Menem ýekeje minut hem säginmän, «ýok» diýip jogap berdim. Şol bulujam eli pyçakly meniň üstüme topuldy. Eger adamlar ony tutmadyk bolsalar, işiň näme bilen gutarjakdygy öz-özünden düşnüklidi. Sebäbi ol bulujyň gara çynydy. Ine, şeýle pursatlar biziň durmuşymyzda kän bolupdy. Ýöne, bu zatlaryň hiç biri hasaba alynmady. Hawa, meni işden çykardylar. Men weli, özümde hiç hili günä ýokdugyny subut etjek bolýardym. Emma ol zatlar peýdasyzdy. Men şondan soň oba gezmäge gitdim. Soň dolanyp ýene Aşgabada geldim. Gelen badyma meni ýygnadylar. Äkidibem bir uly jaýyň ýerzeminine taşladylar. Eýýäm bu zatlaryň hemmesi meniň üçin düşnüklidi. Meniň taşlanan ýerimde eýýäm birgiden adam ýygnanan eken. Olaryň arasynda tanyşlaram bardy. Olaryň käbiri özleriniň günäleriniň ýokdugyny subut etjek bolup, iýmekden-içmekden boýun towlaýardylar. Şolaryň biri şu günki ýaly ýadymda. Ol şol wagtky aragatnaşyk ministri rus adamsydy. Ol berlen zadyň duzuny-da datmaýardy. Menem ondan çyny bilen iýmejekdigini sorasamam, özüne doly ynanylýança çürt-kesik iýmejekdigini aýdyp, nahary yzyna gaýtarýardy. Elbetde, biz oňa nahar iýmedigiň bilenem bilenem bu ýerden boşamajakdygyň belli zatdygyny düşündirýärdik. Çünki bu ýerde oturanlaryň ählisi bigünädi. Olar ýaly nahar iýmezlik bilen özüme kast edesim gelmänsoň, men öz paýymy-da, şol ministriň paýyny-da iýýärdim. Ol ýowuzlygy diňe şeýdip ýeňip boljakdy. Elbetde, adamlara berilýän jebir-sütemler gaty güýçlüdi. Şol ezýetler mendenem sowlup geçmedi. Yzygider sorag edýärdiler, derňewe çagyrýardylar, «günämizi» boýnumyza goýjak bolýardylar. Meniň bolsa hiç hili Günäm bolmansoň, hiç zady boýun alamokdym. Men hakda baryp, maňa belet adamlardan soramaklaryny haýyş edip, özüme ýakyn bolan adamlaryň üçüsiniň adyny aýtdym. Emma ol zat maňa peýda-ha bermedi, gaýta maňa has ýowuz darap başladylar. Şeýdibem, boşamakdan-a geçen, on ýyl azatlykdan kesip, şo-ol doňaklyk ýurtlara iberdiler. Bu on ýylyň içinde, türkmenleriň aýdyşy ýaly, «görmedigimiz görde galdy». Tussaglar saklanýan lagerlerde baş goşmadyk işim galmady. Garaz, ölmezlik üçin hemme işi edip gördüm. Şu wagt BAM diýip, uly goh turuzýarlar. Şoňa işe gitdi diýip mahabatlandyrýarlar. Ýöne weli, BAM-yň ilkinji gurluşykçylarynyň biri men bolupdym. Ýazyjy A.I.Solženisyn hakynda uly gürrüň edip, goh turuzýarlar. Men onuň eserlerini edil çykan mahaly žurnalda okap görüpdim. Emma onda hiç hili gudrat ýa-da üýtgeşik zat ýok. Olaryň hemmesi biziň gözümiziň öňünde bolup geçdi. Ol zatlary biz gözümiz bilen görüp, egnimiz bilenem çekdik. Ol hut durmuşyň özüdi. Şeýle bir agyr ýagdaýlar bolýardy: käte wagty dolup gaýdyp gitjek adamlara ýol üçin bir buhanka çörek berýärdiler. Tussaglyga düşeli bäri tutuş bir buhanka çöregi eline alyp, doýa garny doýmadyk bendeleriň çöregi şol mahal iýip, içinden tutup ölýän halatam az bolmaýardy. Adamlar häli-şindi açlykdan, horlukdan, sowukdan gözümiziň öňünde wepat bolýardylar. Gaty köp adam bolsa horluk çekip ýörenden ölüp gidenini gowy gör- ýärdi. Biziň bolýan ýerlerimizde ölen adamlary jaýlamaga hiç hili mümkinçilik ýokdy. Hemişe saň-gaty bolup ýatan doňaklyk ýurtda oňa ýerem ýokdy, ýurdam. Şonuň üçinem wepat bolan ýoldaşyňy çem gelen ýerik – buzuň aşagyna süsdürmeli bolýardy. Ýa-da doňup ýatan buzuň bir azajyk ýerini zordan döwüp, şol ýerik merhumyň inçe bilini goýup, onuň oňurgasyna depýärdik. Oňurga depen ýeriňden iki bölünensoň, buzuň aşagyna atyp goýberýärdik. Bu ýerde geňläp oturasy iş ýokdy. Çünki şeýdip biz oňa gaty uly ýagşylyk edýärdik. Kim ölse-de, bu şeýle bolýardy. Bu takdyr her birimiziň haçan başymyzdan inse inip durmalydy. Şeýdip men berlen on ýyly şol zatlaryň arasynda geçirdim. Soňam bir gün çagyryp: «Graždanin Derýaýew, sen şu günden şeýläk tussaglykdan boşadylýarsyň, ýöne aýratyn bir görkezmä çenli gaýtmak bolanok» diýip, lagerden çykaryp, ondan hem has ýowuz ýere iberdiler. Ol ýerde gün görmek lagerdäkidenem has agyr düşýärdi. Ýene gaýdyp lageriň içine almaklaryny haýyş edip, telim gezek ýüz tutdum. Olar bolsa «Biz azat adamy lagerde saklap biljek däl» diýip kowup goýberýärdiler. Tussaglykda wagtymyzda faşizm bilen urşuň gazaply gidýän wagtlaryna gabat gelipdi. Men özümi urşa ibermeklerini haýyş edip, lageriň naçalniginiň orunbasaryna ýüz tutdum. Ol: «Indi gidip, duşmana ýarag berip gaýtjakmy» diýip, ýumruk düwüp üstüme topuldy. Garaz, adamçylyk-da, nirede bolsa-da, ýumşagrak adamlaryň bolýan ýeri-de bar. Soň bir gezek lageriň naçalnigine ýüz tutdum. Sebäbi, urşuň islendik ýeriniň biziň lagerimizden gowudygyna ynanýardym. Şonda lageriň naçalnigi «Graždanin Derýaýew, howlugyp durma, duşman şu gelşine gelse, hemmämiz elimize ýarag almaly bolarys» diýip, ýumşaklyk bilen yzyma gaýtardy. Aý, garaz, lageriň şol durmuşynyň nämesini aýtsaň, her bir güni bir romanlyk gürrüň-dä. Şeýdip, garaz, günleriň birinde ykbalyň oýandygy bolandyr-da, lageriň daşynda-da tas on ýyla golaý göz tussagy bolanymdan soň, şol aýdylan ýörite görkezme geldi. Şo-ol siziň şahyrlaryňyzyň wasp eden ganhor serdary aradan gidensoň, partiýanyň XX gurultaýy ol gara sahypalaryň üstüni açdy. Bolmasa, biz ýene şol ýerde galybermelidik. Şondan soň öz ýurdumyza gaýdyp geldik. Garaz, gürrüň kän. Aşgabat ýykylypdyr, düzülipdir. Öňki gören ýerlerimiz weýran bolupdyr. Adamlaryň köpüsi uruşda, käsi ýer yrananda wepat bolupdyr. Şonda-da tanyş ýüzler, garaz, bar eken. Gürrüň arasynda Hydyr aganyň sözüni bölüp, men oňa: –Hydyr aga, şol ýowuz ýerden gaýdyp geleniňizden soň, adamlar sizi nähili garşylady – diýip soradym. Ol maňa myssa ýylgyryp seretdi-de, «Kyn soragy orta atdyň-da» diýip jogap beripdi. –Köne uniwersitetiň golaýynda bir wagtlaýyn jaýda ýaşap başladyk. Ilkinji bolup halymy sorap gelen siziň mugallymyňyz professor Mämmetnazar Hydyrow boldy. Şeýle hem, akademik Pygam Azymow elinde bar kömegini etdi. Soň maňa iş tapmaklyk birbada kyn boldy. Halk magaryf ministri Aman Gurbanowyň ýanyna bardym weli, bäri-bärlerde iş hödür etmäge gorkup, Krasnowodskiniň peduçilişesine gitmegi teklip etdi. Menem ondan şol ýerlerdäki ýalaňaç daglara agaç bitendigini ýa bitmändigini soradym. Ol ýylgyrdy-da: «Ýok, Hydyr aga, olaryň-a şol ýalaňaçlygy» diýdi. Menem onda şol ýerik gidip bilmejekdigimi aýtdym. Şol wagtlar biziň ýaly uzak, doňaklyk ýurda gidip-gelenlerden gaça durýardylar. Görkezme şeýle bolan bolmagam ahmal, adamlaryň gorkudan şeýle eden bolmagam mümkin. Elbetde, men köp iş gözlemeli bolmadym. Ilkä-hä az wagt Ylymlar akademiýasynda işledim, soňam ymykly döredijilik işine geçdim. Hydyr aga «Ykbal» romanyny juda eý görýärdi. Haçan, nähili edebiýat hakynda gürrüň edilende, garaz, şonuň üstünden barýardy, wakalary ýatlaýardy. Bizem onuň gürrüňine çynymyz bilen goşulardyk. Çünki onuň halk romanydygy hiç kime gizlin däl. Käte eserler hakynda gürrüň edilende adamlarda birhili deňeşdirme pikir döreýär. Eser bilen eseri, ýazyjy bilen ýazyjy deňeşdirip gürrüň edýärler. Biziň edebiýatymyzda şu temadan ýazylan şonuň ýaly uly göwrümli eserler başga-da bar, olar soňabaka hasam köpeldi. Men olar hakynda uly bir gürrüň edip durjak däl. Ýöne «Ykbal» romanynyň «Aýgytly ädimden» soň şol eserleriň arasynda halkymyza has ýakyn eser bolup çykandygyny aýtmak gerek. Onuňam sebäbi bu ýerde halk durmuşynyň juda her taraplaýyn janly açylyp görkezilmegidir. «Ykbal» romanynyň ilkinji ady «Ganly penjeden» bolup, halkyň geçmiş taryhyny gürrüň berýänini biz eýýäm bilýäris.Biz mydama şol eseriň temasy çylşyrymly, geçmiş bilen baglanyşykly bolansoň, Hydyr aganyň ajy ykbalyna sebäp boldumykan diýip pikir ederdik. Köplerem şol pikirdedi. Ýöne weli, hiç kim bu barada doly maglumat bilenokdy, Hydyr aganyň özi gürrüňçilikleriň birinde ýylgyrdy-da, şeýle ýaňzytdy: – «Ganly penjeden» romanynyň maňa zeleli ýetmedi. Gaýta, meniň şol romana zelelim degdi. Eger men ýygnalmadyk bolsam, ol roman şol wagtlar halkyň arasynda meşhurlyk gazanmalydy. Şol döwürlerde romanyň az sanlyjasy çap edilipdi. Soňam ony çap etmekden goýdular-da, öňki ile ýaýranlaryny hem yzyna ýygnadylar – diýdi. Men ýadyma düşen bir zady, ýeri gelendigi üçin, hem-ä Hydyr agadan soradym, hemem öz sözümi oňa tassyklatmak isledim. Maňa muny 1962-nji ýylda, tomus günleriniň biri, şol wagtlar TSSR Ýazyjylar soýuzynyň Mary oblasty boýunça edebi konsultanty bolup işleýän Akmyrat Çarygulyýew – Erkin gürrüň beripdi. Tomsuň jokrama yssy günleriniň birinde men onuň uly ogly, atdaşym Bekmyrat neresse bilen olaryň öýlerine myhmançylyga barypdym. Ol şol wagtlar politehniki institutda okaýardy. Edebiýatymyz hakynda köp gürrüňleriň başy agyrdyldy. Aýratynam «Ykbal» romany hakynda gyzykly gürrüň edildi. Şonda Akmyrat aga: «Ganly penjeden» romany neşir edilende, az sanly bolansoň, ony diňe Ýazyjylar soýuzynyň çlenlerine paýladylar. Soň köpeljekdigini aýtdylar. Birdenem Hydyr aga gara güne uçrady. Ol kitabam bolsa hemmämiziň elimizden ýygnap yzyna aldylar. Pomma Nurberdiýew welin, özüne berlen kitaby yzyna gaýtarmandyr. Soň ol şol kitaby getirip: «Akmyrat, sen berkräksiň, mende ýitäýmegi ahmal» diýip, maňa berdi. Menem şol sandygyň düýbüne taşlap (ol öýleriniň dulundaky uly sandygy görkezdi), 19 ýyllap şol kitabyň adyny tutman gezdim. Hydyr aga tussaglykdan boşap gelenden soň, şol kitaby oňa gowşurdym» diýdi. Men Hydyr aga bu gürrüňi aýdyp berenimden ol: «Akmyrat dogry aýdandyr» diýip makullady. «Ykbal» romany birinji kitabyndan başlap, Hydyr Derýaýewiň adyny şöhrata besledi. Aýratynam kitaprus, ukrain dilinde çykansoň, ol bütin soýuzymyza meşhur ýazyjy boldy. Bijaý köp hatlaryň gelýändigini Hydyr aga häli-şindi gürrüň berýärdi. ýöne, olar üçin Hydyr aga eselip-peselip duranokdy. «Ykbaldan» soň ol birki sany pesa ýazyp, soň «Harasat» romanyny döretdi. Onuň elýazmasy neşirýatyň planyna girizilensoň, hemme eserleriň edilişi ýaly, ony-da resenziýa berdiler. Ony resenzirläp bermegi neşirýatyň şol wagtky bölüm müdiri, ýazyjy Ata Durdyýew maňa tabşyrdy. Men höwes bilen romany okap çykdym. Köp ýerlerini gaýtalap-gaýtalap okadym. Soňam bir topar bellikler edip, öz pikirimi ýazyp, Hydyr aga til et- dim. Ol eseriniň maňa resenziýa berlendigini eşitmän eken. Soň ol muňa begenip, «Gaty gowy bolaýypdyr» diýdi. Soňam öz ýanyna barmagymy sorady. Menem romany goltuklap, onuň ýanyna öýlerine bardym. Roman biziň edebiýatymyzyň tarp ýerini doldurýardy. Hökmany gerek bolan ullakan bir meseläni gozgaýardy. Eserde, adyndan belli bolşy ýaly, tebigatyň harasatlary bardy. Men ondan eseriň adynyň näme üçin şeýledigini sorasam,ol: – Ol eserde tebigatyňam harasatlary bar weli, durmuşyňam harasady kän ahyry. Şol ikisi utgaşmaýarmy? – diýip sorady. Men ýazyjynyň pikirini makul- ladym. Hydyr aga edilen bellikleriň köpüsi bilen ylalaşdy. Aýdaly, eserde otuzynjy ýyllarda ýeňil maşyn bilen gelnalja gidilýän ýerleri bardy. «Taryh-döwür dogry görkezilmeli» diýsem, ol ýylgyryp, meniň bilen ylalaşdy-da, ol ýerini düzetdi. Umuman, ol edebi pikir alyşmakda juda gyzykly adamdy. «Harasadyň» soňlarynda Gaýgysyz Atabaýew hakynda, onuň döwri hakynda gaty gowy zatlar aýdylýardy. «Owgan hany indi gyzyny türkmenlere sowgat bermez, ondanam Gaýgysyz dogmaz» diýen ýaly çuň manyly düşünjeler bardy. Emma soň redaktorlar bu zatlary gysgaldypdyrlar. Umuman, eser biziň edebiýatymyzyň gowy romany. Ony okyjylaram gowy garşylady. Ol rus dilinde-de okyjylara ýetirildi. Hydyr Derýaýew «Mukaddes ojak» powestini žurnalda roman diýip çap etdirdi. Ýöne näme üçindir ol şol eserdäki gozgalýan meseleler hakda köp gürrüň edýärdi. Bu ýerde ylymdaky galplyk hakynda, ylmy edaralardaky käbir ýaramaz häsiýetler hakynda gürrüň edilýändigi üçin, Hydyr aga şol eseriň durmuşydygyny hemişe nygtap ýörýärdi. Aýdaly, ile ylmy iş ýazdyrmak, ylmy işi satyn almak, ylymdaky tanyş-bilişligiň bardygyny ol halamaýardy. Gazet-žurnallarda bu temadan çykýan makalalary okap, «Ine, görýäňizmi, durmuşyň özi ýaramazlykdan doly ahyry» diýýärdi. Garaz, gozgaýan meselesini ýadyndan çykaryp bilenokdy. Ol köplenç eserleriniň töwereginde gezýärdi. Meniň gaty gowy ýadyma düşýär. Hydyr aga käte-käte öz döredijiligi hakda ökünçli pikirler aýdardy. «Men «Ykbaldan» soň ýalňyşypdyryn. Döredijiligimiň ugruny üýtgetmeli ekenim. Döredijiligi bärligine däl-de, aňyrlygyna dowam etdirmeli ekenim. Taryhyň gatlagyna aralaşmaly ekenim. Türkmen halkynyň geçen asyrlardaky aýry-aýry döwürlerini alyp eser ýazan bolsam, belki, «Ykbaldanam» abraýly bolardy. Sebäbi biziň taryhymyzyň gadymylygy goňşy halklarymyzdan hem has aňyrda ahyry, özbek ýazyjysy Pirimkuluň «Babur» romanyny ýazyşy ýaly etmeli ekenim» diýýärdi. Hydyr aganyň edebi gözetimi, edebi garaýyşlary juda baýdy. Onuň uly durmuşy bilşi, durmuşa garaýşy örän çuňdy. Ýazyjylaryň hemmesiniň hormatlamagyna laýyk gelýän häsiýetleri bardy. Ol ýekeje adamynyň hem göwnüne degenokdy. Ýazyjylaryň ählisinem şeýle häsiýetli bolmaga ündeýärdi. Ýazyjylaryň birek-biregegöwnüýetmezçilik edýänlerini ýazgarýardy. Agzalaçylyk etjek bolýanlara hemişe gowy maslahatlar berýärdi. Şu güne çenli ýazyjylaryň arasynda dowam edip gelýän «ol ýerli, bu ýerli» gürrüňleri hemişe-de bardy. Hydyr aga weli, şol hili pikirli adamlaryň öňünde keserip durýardy. Ol gürrüňlere ýolam berenokdy. Şonuň üçinem Hydyr aga ýazyjylaryň arasynda-da uly hormatlydy. Respublikanyň ýolbaşçylary-da iki elläp onuň pikirlerini goldaýardylar. Ýazyjylary agzybirlikde saklamak üçin, Hydyr agany Ýazyjylar soýuzynda ýörite orunbasar edip saklaýardylar. Onuň hemme ýaş toýlary – ýubileýleri şol hormatyň esasynda geçýärdi. 75 ýyllyk ýubileýinden soň Hydyr aga döredijiligini bir azajyk selçeňledip başlady köplenç aýak üstünde bolmak, açyk howa çykmak ýaly zatlar bilen meşgullanýardy. Käte-käte ol dynç günleri ýörite taksi bilen meniň ýanyma gelýärdi. Şol beýik adam özüni edil çaga ýaly alyp barýardy. Bir käse çaý içerdi-de: – Men içim gysanda seniň ýanyňa geläýýän. Ýör, şol baýyrlara bir aýlanaly – diýip, biziň ilerimize – gadymy atyşhananyň ýanyna, Howdan ýoluna meni alyp gidýärdi. Örän gyzykly gürrüňler berýärdi. Şol ýyllarda Leningradda ýaşaýan bir heýkeltaraş türkmen ýigidi Hydyr aganyň heýkelini ýasamaga girişen eken. Onuň şol heýkeli ýasaýan ýeri –häzirki Guryhowdan mikroraýonynyň birinde, garyndaşlarynyň jaýynda eken. Heýkelçiniň öz döredijilik aýratynlyklary bolýar. Ol öz laýyndan heýkel ýasaýarka, Hydyr agany garşysynda oturdýardy. Gaty köp oturmaly bolansoň, soňky günlerde Hydyr aga meni-de öz ýany bilen alyp gitdi. «Gürrüňdeş bolmasa, birden oturan ýerimde uklaýýan. Sen ýanymda bolsaň irkilmen» diýip degişýärdi. Şeýdip, Hydyr aganyň heýkeliniň döredilişine şaýat boldum. Ol şonda-da «Bu zatlar nämä gerek» diýip, gaýta birhili görýärdi. Ol zatlara guwanyp, aýratyn bir höwes bildirip durmaýardy. Türkmen halkynyň meşhur ýazyjysy Hydyr Derýaýewiň biziň öýümizdäki ýatdan çykmajak gyzykly gürrüňleri 1986-njy ýylyň 15-nji ýanwarynda bolupdy. Bu sene meniň hiç wagt ýadymdan çykmaz. Şol gün men işe gitjek bolup elime goşlarymy alyp, köwşümi geýip durkam, telefon jyňňyrdady. Ony galdyryp diňlesem, Durdy Haldurdynyň aýaly Sadap gelnejemiz eken. Saglyk-amanlyk soraşyp: «Däde Hal bilen Hydyr aga «Ýör, Begmyratlara gideli» diýip, häzir ikisem köçä çykjak bolup durlar. Olar häliden bäri öýde gürleşip otyrdylar. Birdenem seň adyňy tutdular-da, size gidermen boldular. Maňa-da öýlerinde barmyka, jaň et diýdiler» diýdi. Menem şol wagt iň soňky sapagymy okadyp, gaýybanaçylardan zaçýot almaga barýardym. Ýagdaýymy düşündirdim. Soňam Sadap gelneje haçan dolanjakdygymy sorady. Menem «Göni bir sagatdan geläýsinler» diýdim. Başga bir iş bolsa, ýagdaýyny tapmak mümkindi. Emma okuw bilen baglanyşykly bolansoň, gitmezlik mümkin däldi. Sagat bäşde menem dolanyp geldim, olaram gapydan bile girdiler. Çaý başynda türkmeniň bu hormatly adamlary bilen uzak wagt gürrüň edip, degşip oturdyk. Hydyr aga özüniň nähili edip döredijilige başlaýşyny hut şol gün gürrüň berdi. Ol ilkinji goşgusy hakynda-da ýatlady. Şol ilkinji ýazan goşgusyny okap berdi. Ol şonda edebiýat meýdanyna gelşini gaýtalap-gaýtalap ýatlady. Bizem ony magnit lentasyna ýazyp aldyk. Ine, şol gürrüň: «Umuman, şu okajak şygrymy haýsy ýylda ýazanymy aýdyp biljek däl. Ýöne şol döwürlerde bu goşgy «Şuralar Türkmenistany» gazetinde çap edilipdi. Bu 26 – 27-nji ýyllar bolsa gerek. Birinji şygyr ýazmaga girişim şol boldy. Men muny gazete bererin diýmändim. Onuň taryhy şeýledi. Aky gotur diýen biri, öz deň-duşumyz bolansoň, oňa şeýle diýip ýüzlenýärdik (Aky Sähedow), «Durha-dur, gardaşym, habar alaýyn, Artyknyýaz atly ýarym amanmy» diýen aýdymy aýtdy. Umuman, şol aýdym täsir edendir-dä. Biz iki student bolup, Daşkentde şark fakultetinde (gündogar fakultetinde) okaýardyk. Meniň ýoldaşym bolsa medinistituty gutarjak bolup ýören studentdi. Şonuň öýünde Aky gotur saz çaldy. «Saltyk» diýen aýdymyň taryhy bilen tanyşdyrdy. Ol maňa uly täsir etdi. Şol aýdym gutaran badyna, öz bolýan kiçijik jaýyma geçdimdänim, şeýle şygry ýazdym. Şolam birinji şygyr senedine girişim boldy. «Çal, tamdyram, çalsana, owazyňjana ýakýar, Beýle zaryn sesleriň, ýürekde mesgen tutýar. Seniň zaryn sesleriň etdi bagrymy para, Ötgenimni ýatladyp, saldy ýüregme ýara. Sesleriň örän gamgyn, hatda höwrün aldyran, Maýda-maýda iňňildiň, mähribandan aýrylan. Düşdi sorag ortamyza, berýän sözüň jogabyn, – Elbetde, aldyranyň bar – diýp, urýar ýüregim. Seniň sesiň diňlesem, göwnümden göz açylýar, Bir tarapdan gubar hem iri gözden saçylýar. Tamdyra jogap berýär: Tarym kakan gollaryň ata-babadan gelen, Menzillere sözleýärin – olar nä halda bolan. Ozal duşman golunda oglan-uşak eňrärdi, Ýürek posun açsam diýip, suw siňňiri diňlärdi. Men olara dözmedip, zaryn-zaryn sözlärdim, Ýylgyr, maňa bak diýip, gara göze gözlärdim. Gara göze gözlämde ganly ýaşlar dökerdi, Olaryň ahy-zary ýürek-bagrym ýakardy. Şolar ýadymda meniň, niçik meň zarlamaýyn, Sen eýýäm unudypsyň, men niçik eňremäýin?!» Umuman, Hydyr aga keýpiniň, kök bolan çagy ýerinden towsup turardy-da, dürli dillerde aýdym aýdardy. Ol şol gün hem şeýle etdi. Tatarça, özbekçe aýdym aýtdy. Şol aýdymlardan käbir bentleri şu ýerde aglamak artykmaç bolmasa gerek. «Çykdym beýik daglarga-da Ak goýunly ýaglarga. Barça bizni saýlap aldy, Garşy çykgan ýollarda. Ih, bara-bara min oturdym, Aýaklarym talganda. Jylly-jylly hatlar ýazdym Ýüreklerim ýanganda. Sary-sary, sap-sary-da, Sary çiçek saplary. Min sargaýman, kim sargaýsyn Kilmaý salam hatlary.» Onuň aýdýan aýdymlary aýry-aýry bentlerden durýardy. Ine, ýene bir bent: «Ih, bas gyzym, Apyba, Sin basmasaň, min basam. Siniň basgan ýerleriňne Basmaý diýsem ming basam». Şu zatlaryň özi-deHydyr aganyň näçe jebir-sütemlere, ýitgi-mahrumçylyklara, horluklara sezewar bolsa-da, uly umytlar bilen, ruhubelentlik bilen ýaşandygyny hem-de şeýdip ýowuzlyklara hötde gelendigini, olary ýeňip geçendigini aňladýardy. Ruhubelent alym-ýazyjy durmuşdan, döwürden, adamlardan hiç-hili kine saklamaýardy. Ähli zady şahandazlyk bilen, göwni açyklyk bilen ýeňýärdi. Özüniň ýowuz güne uçramagyna sebäp bolan adamlar bilenem kinesiz salamlaşyp bilýärdi. Olaryň kimdigi hakynda goja käte-käte ýaňzydýardy. Onuň gören horluklary, şol adamlar bolan garaýyşlary hakynda pikirleneniňde, onuň nä hili beýik adamkärçilikli adamdygyna göz ýetirýärsiň. Ol özüniň ýowuzlyga uçraýşy hakynda gürrüň berende şeýle bir zady aýtdy. Hernä ony özi bilen alyp gitmedi. Sürgünden geläýen döwürlerinde respublikanyň şol wagtky Ýokary sudunyň başlygy ýanyna çagyryp, Hydyr agany aýyplaýyş hem aklanyş kagyzlary bilen tanyşdyrýar. –Sürgünden geläýen döwürlerimde respublikanyň şol wagtky Ýokary sudunyň ýanyna bardym. Men öz basylyşym bilen gyzyklanýandygymy aýtdym. Onda ol «Hydyr aga, bu zatlary hiç kime bildirmeli däldigini, aýtmaly däldigini bize-de berk tabşyrdylar. Sizem ony bilýänsiňiz. Ýöne men siziň bu meselede diliňize berkdigiňize, muňa gowy düşünýändigiňize ynanýan. Şonuň üçinem men size şu ýerde ýazylanyny okap bereýin. Ýöne, siz-ä eşideňzok, menem aýdamok» diýdi. Menem oňa razy boldum. Şonda ol meniň garalawjylarymyň adyny okady weli, şeýle bir başym aýlanyp gitdi, asla zadyň çaky däl. Sebäbi şol adamlar men hakda erbet pikir aýdar diýip kelläme-de getiremokdym. Ýöne tussaglykda ýatyrkam, sorag edýärkäler, günämiň ýoklugyny aýdyp: «Ine, şu adamlaram şony tassyklar» diýip, garşy üç adamyň adyny tutýardym. Asyl şolaryň ikisi meni sorap baranlarynda mazaly eýimi ýetiren bolsalar nätjek! Şolaryň adyny eşidibem, jaýyň içinde haýsy tarapa ýöreýänimem bilmändirin. Köçä çykyp, ep-esli mahal aýňalyp bilmän durdum. Şondan soň kelläme bir pikir geldi. Olaryň biriniň öýüne barmaklygy ýüregime düwüp, nirede ýaşaýandygyny bilmek isledim. Şonda ilkinji gabat gelenem Mämmetdurdy Annagurdow boldy. Ol: –Molla Hydyr, soraýan adamyň seniň belet ýeriňde ýaşaýar – diýip salgy berdi. Menem göni öýlerine bardym. Howluda bir topar myhman bilen oturan ekenler. Öý eýesi meni gördi-de: –Adamlar, gözüňiz aýdyň, meniň mugallymym gelipdir, molla Hydyr gelipdir – diýip, öňümden çykdy. Berk elleşdi. Menem göni onuň gözlerine, ýüzüne seredýän. Bu zatlaryň oňa nähili täsir edýändigini synlaýan. Ol weli gözüne ýaş hem getiren bolýar. Bu zatlaryň ýasamadygyny bilýän, men ýazyjy ahyry. Men onuň öýünde myhmanlary bilen oturyp çaýam içdim. Turnymda-da sagbollaşyp gaýtdym. Ýekeje üýtgeşik sözem aýtmadym. Olaryň beýlekisi weli, kä ýerde meniň tanyşlarymyň ýanynda bu zatlara özüniňem azajyk goşandynyň bolandygyny gynanç bilen ýatlaýan eken. Garaz, ony wyždan kösändir-dä. Ýöne weli men hiç birine agramly söz aýtmadym – diýdi. Bizem şu ýerde uly ýazyjynyň mertligini, adamkärçiligini ýene-de bir gezek nygtap, onuň öz edişi ýaly, olaryň atlaryny agzamakdan saklanmak isleýäris. Elbetde, edebi döredijiligi, jemgyýetçilik işleri üçin Lenin hem Halklaryň dostlugy ordenine mynasyp bolan, TSSR YA-nyň habarçy çlenligine saýlanan, TSSR Ýokary Sowetiniň iki çagyrylyşyňa deputat bolan Hydyr Derýaýew barada, onuň döredijiligi, gören çyllşyrymly hem agyr durmuşy hakynda bir makalada gürrüň etmek mümkin däl. Ol ýyllarboýy ýatlanylar, ýyllarboýy öwreniler, ýyllarboýy bile ýaşar. Beýik adamlar bakydyr. 1990 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |