10:06 Beýik dörediji we guramaçy | |
BEÝIK DÖREDIJI WE GURAMAÇY
Edebi makalalar
Adam sözüni hemişe uly harp bilen ýazan hem şeýle etmekligi wesýet eden A.M.Gorkiý edebiýatyň durmuşdaky roluny kesgitläp, ol barada şeýle diýipdi: «Edebiýat-sungat has gumanitardyr, edebiýatçylary öz kärleri boýunça ynsansöýüjiler hem gumanizmi öndürijiler diýip atlandyrsa bolar». Şeýlelik bilen, beýik ýazyjy çeper döredijiligiň özeniniň gumanizmdigini kesgitläpdi. Onuň hut özüniň hem bütin döredijilikli ömrüni şu ideýa hyzmat etdirendigini ýazyjynyň adyny dünýä ýüzüne meşhur eden eserleri doly kepillendirýär. M.Gorkiý ýazyjynyň, döredijilik adamsynyň hakyky mekdebiniň durmuşdygyny, şony düýpli öwrenmelidigini gaýta-gaýta ündäpdi hem öz döredijilik tejribesi bilen ýazyjylara sapak beripdi. Ol köp zady halkyň durmuşyndan öwrenmek üçin, ýurdy içgin tanamak üçin, tutuş Russiýa diýen ýaly aýlanypdy. Ol bir gezek žandarm ofiseri tarapyndan syýahatlarynyň maksady dogrusynda sorag edilende, «Russiýany bilesim gelýär» diýip, jogap berýär. Hakykatdan hem Powolžýäni, Ukrainany, Bessarabiýany, Krymy, Kawkazy pyýada aýlanyp, bir döwüm çörek üçin daýhanyň gapysynda, balykçynyň biržasynda hyzmat edip, ýaşaýyş-durmuş täsirleriniň ummasyz uly baýlygyny toplaýar. Şol täsirler hem ýazyjynyň «Çangulda», «Geldi-geçer», «Çelkaş», «Izergil garry», «Makar Çudra», «Ýemelýan Pilýaý», «Meniň hemram» ýaly irki hekaýalarynda öz beýanyny tapyp başlaýar. Durmuşdan köp täsir toplan hyjuwly ýaş ýigit şol wagtlar Çernyşýewskiniň, Dobrolýubowyň, Pisarýewiň eserleri bilen içgin tanyşýar. Marksyň we Engelsiň «Kommunistik manifestini», K.Marksyň «Kapitalynyň» birinji tomuny, Plehanowyň kitaplaryny okaýar. Durmuşyň täsiri, kitaplardan öwrenen sapaklary geljekki beýik ýazyjyny ymykly taplaýar hem gaýduwsyzlyk bilen göreş ýoluna çykýar. M.Gorkiý ekspluatasiýanyň elhençliklerini öz egni bilen çekýär. Hususyýetçiligiň adamlara salýan şikeslerini öz gözleri bilen görýär. Şonuň üçin hem ýyllarboýy mätäçlige hem hasrata garşy göreşýär. Uçursyz zehinli hem egsilmez güýç-gaýraty M.Gorkä ähli päsgelçilikleri, garşylyklary ýeňip geçmäge kömek edýär. Ol özüniň bütin durmuşyny halkyň azatlyk ugrundaky rewolýusion göreşine baglanyşdyrýar. Edebi-döredijilik işini tutanýerli dowam etdirýär, özbaşdak bilimini ýokarlandyrmak bilen yzygider meşgullanýar. M.Gorkiý sosialistik realizmi esaslandyryjydyr. Sosialistik realizm edebiýatynyň gözbaşynda onuň «Adam» poemasynyň durýandygy doly ykrar edil- di. Täze edebiýat özüniň azat adamynyň ruhy gözelliklerini, onuň egsilmez akyl-paýhasyny, döredijiligiň belentliklerine tarap kuwwatly hem yzygider ýörişlerini beýan edýändigini äşgär etdi. M.Gorkiý şol täze edebiýatyň başynda durdy. Ol millionlarça okyjynyň öňünde geljekki rewolýusion tupanyň aýdymçysy bolup çykdy. Dünýäni täzeden özgertjek täze adamynyň döreýändigini yglan ediji boldy. M.Gorkiniň eserlerini okan her bir okyjynyň öňünde azatlyk söýüji, täze hakykaty gözleýän adamlaryň dünýäsi giňden açylýar. Ýazyjynyň eserleri okyjyda aşaky gatlak adamlarynyň durmuşyna, olarys ruhy dünýäsine, döredijilik güýjüne uly gyzyklanma döredýär. M.Gorkiý eger gahrymana sosial göreşiň real ýollary düşnükli bolmasa, beýik arzuwyň, gözsüz batyrlygyň ýeterlik däldigine göz ýetirýär. Ýazyjy öz döredijilik gözleginde täze eýýamyň edebiýatynyň öňünde barha täze meseleleri goýýandygyna berk düşünýär. Diňe sosial hakykaty tankytlamak bilen çäklenmän, eýsem täze adamynyň dünýägaraýşynyň çeper analizi bolmaly diýen hakykatdan ugur alýar. Geçen asyryň aýaklarynda döreden «Foma Gordeýew», «Üçler» ýaly romanlarynda adamlaryň sosial gatnaşyklarynyň giňişleýin formirlenişini yzarlaýar. Beýik ýazyjy hakyky taryhylygy mese-mälim ýüze çykaran ilkinji ajaýyp romanlarynda-da, «Duşmanlar», «Meşanlar» pesalarynda-da, ajaýyp «Ene» eserinde-de, «Okurow şäherjigi», «Tomus» powestlerinde-de, «Russiýa boýunça» hekaýalar toplumynda-da rus durmuşynyň hakyky hereketdäki keşbini, rus proletariatynyň göreşjeňlik ukybyny ynandyryjylykly suratlandyryp görkezýär. Şol eserlerinde proletariatyň öňdebaryjy rewolýudion synpdygyny, öz yzy bilen millionlarça zähmetkeşi göreşe mobilizlemäge ukyplydygyny nygtap görkezdi. Bu beýik proletar ýazyjysynyň dünýä edebiýatynda ilkinji bolup öňe atan meselesidir. M.Gorkiniň eserleriniň şeýle öwredijilikli häsiýetine öz wagtynda W.I.Lenin uly ähmiýet beripdi. Ol ýazyjynyň «Ene» romanyna aýratyn sarpa goýupdy. W.I.Lenin eseri elýazma görnüşinde okap, onuň örän öz wagtynda ýazylan gerekli kitapdygyny aýdypdy. Köpsanly işçileriň rewolýusiýa düşünjesiz gatnaşýandyklaryny, şu kitaby okap, olaryň agzybirlik bilen hereket etjekdiklerine ynandyrypdy. Beýik ýazyjy Beýik Oktýabryň ýeňişli günlerinden soň, aýratyn uly güýç bilen zähmet çekýär. M.Gorkiý medeni durmuşyň, edebi jemgyýetçiligiň ägirt uly maslahatçysy, taýsyz guramaçysy bolup orta çykýar. Medeni durmuşda geçirilýän düýpli çäreleriň arasynda Gorkiniň yhlas bilen gatnaşmadygynyň ýekejesi-de ýokdur diýseň ýalan bolmaz. M.Gorkiniň inisiatiwasy bilen döredilen ýa-da onuň ilkinji ýyllarda ýolbaşçylyk eden medeni edaralaryny, guramalaryny, jemgyýetlerini, neşirýatlaryny sanap geçmek mümkin däl. Diňe «Bütindünýä edebiýaty» neşirýatyny döretmek üçin çeken zähmeti-de ummasyz uludyr. Ýazyjy täze durmuşyň mazmunyny ykrarlaýjy leksiýalaryň hem dokladlaryň onlarçasy bilen jemagat öňünde çykyş edýär. Ýazyjy 1918-nji ýylyň 29-njy noýabrynda «Angliýa we Russiýa» diýen mitingde başlyklyk edýär. Onuň ol ýerde okan «Halka we zähmetkeş intelligensiýa ýüzlenme» diýen işi Ýewropanyň hem Amerikanyň imperialistlerini, kapitalizmi, galp hem rehimsiz buržuaz gumanizmini düýp-teýkary bilen paş edýär. Rus halkynyň taryhy döredijiliginiň beýik mazmunyny açyp görkezýär hem «Täze durmuşa biziň bilen gideliň, azatlyga hem durmuş gözelligine biziň bilen gideliň» diýip bütin dünýäniň zähmetkeşlerini çyn ýürekden çagyrýar. M.Gorkiniň Sowet gurluşynyň ilkinji ýyllaryndaky söweşjeň publisistikasy hem edebi-tankydy makalalary öz wagtynda ýazylan degerli işler bolup medeni durmuşda uçursyz uly rol oýnaýar. Onuň «Sowet Russiýasy we dünýä halklary», «Düýn hem şu gün», «W.I.Lenin hakynda», «Bagta tarap ýol», «Birinji Maý» ýaly işleri ýörite bellenmäge degişlidir. Bu makalalarynda Gorkiý rus rewolýusiýasynyň bütin-dünýä umumadamzat ähmiýetini açyp görkezýär. M.Gorkiniň ummasyz uly syýasy-jemgyýetçilik ähmiýetine eýe bolan publisistikasynda onuň döwrüň taryhy göreşlerindäki aktiw pozisiýasy öz beýanyny tapýar. Onda sowet edebiýatynyň esasyny düzýän, täze adamynyň häsiýetini açyp görkezýän, sosialistik döredijiligiň çuňňur gumanistik mazmunyny ýüze çykarýan temalar hem ideýa motiwleri aýdyň bellenilýär. Şol döwürlerde ol L.Tolstoý hem L.Andreýew barada edebi oçerkler, «Men nähili okadym», «Aýdym» diýen hekaýalaryny we ýene-de telim ownukly-irili eserleri bilen birlikde «Ýatlamalar gündeliginden bellikler» diýen işini ýazyp başlaýar. Gorkiý tarapyndan şol ýyllarda ýazylan zatlaryň ählisi ýaş sowet edebiýatynyň döredijilik gözlegleri, döwrüň aktual problemalary bilen çuňňur hem organiki baglanyşyklydyr. Adamlaryň täze durmuşy aktiw gurujylar bolmaklary üçin aladalanyp, edebiýatyň bu ugurdaky roluna ähmiýet berip: «Ýaş rus edebiýatynyň öňünde häzir ummasyz uly mesele – köne durmuşy çüýrük hapalygy bilen dolulygyna açyp görkezmek, adamlara täze durmuşy täze psihologiýany döretmäge, özlerini hem özgertmekde, durmuşyň ähli oblastlarynda gahrymançylykly zähmete çagyrmakda kömek bermek meselesi durýar» diýip ýazypdy. Alekseý Maksimowiç täze döwrüň edebiýatyny giň planly iri eserler bilen baýlaşdyrmak meselesini hem öne sürüpdi. Bu ugurdan onuň hut özi taýsyz görelde görkezýärdi. Adamlarda täze döredijilikli zähmete çuňňur söýgi, täze eýýama uçursyz ynam hem wepalylyk duýgusyny terbiýeleýän eserler döredýärdi. Öňki ownukly-irili eserlerindäki ynsanyýete çäksiz gumanistik garaýyşly ideýalaryny, matlaplaryny yzygider ösdürip, giň planly epiki eserlerini döredýär. Onuň «Artamonowlaryň işi», «Klim Samginiň ömri» romanlary, awtobiografik trilogiýasynyň üçünji kitaby bolan «Meniň uniwersitetlerim» powesti onuň meşhurlygyny egsilmez derejä ýetirdi. Beýik söz ussadynyň halk durmuşyny her taraplaýyn açyp görkezýän soňky ýyllarda döreden «Somow we başgalar», «Ýegor Bulyçýow we başgalar», «Dostigaýew we başgalar» ýaly drama eserleri onuň döredijiliginde aýratyn belli sahypalar açýar. M.Gorkiý «Meniň begenjim hem guwanjym täze döwlet gurýan täze rus adamsydyr» diýip ýazypdy. Şol täze durmuşy dörediji adamyny ýurdumyzyň köp ýerlerini aýlanyp öz gözleri bilen görüpdi. Olaryň işine tüýs ýürekden guwanypdy, beýik geljege halys ýüreginden ynanypdy. Şol adamlaryň durmuşy hakynda täze dokumental hem çeper eserler döretmegi ünde- ýärdi. Özi hem şol işiň öň hatarynda durýardy. Sowet edebiýatynyň ummasyz köp nesli hem beýik terbiýeçiniň şol däplerine wepaly bolup onuň mekdebinde «düýnki sapak» aldylar. Şol däp biziň şu günlerimizde hem üstünlik bilen dowam edýär. Beýik guramaçy M.Gorkiý bütin sowet edebiýatynyň aýrylmaz şahalary bolan milli edebiýatlaryň ösmeginde, kämilleşmeginde-de düýpli rol oýnapdy. Munuň özi diňe türkmen sowet edebiýatynyň mysalynda-da äşgär duýarlykdyr. Beýik Gorkiniň hut öz inisiatiwasy bilen 1930-njy hem otuz dördünji ýyllarda rus ýazyjylarynyň Türkmenistana gelen brigadalarynyň türkmen ýazyjylaryna beren bahasyna ýetip bolmajak kömekleri türkmen edebiýatçylary hem okyjylary tarapyndan hemişeminnetdarlyk bilen ýatlanylýar. Ol brigadalaryň birinjisi zehinli rus ýazyjylarynyň eserleri arkaly türkmen durmuşyny soýuz okyjysyna tanyş etse, ikinjisi, türkmen ýazyjylarynyň ençemesiniň eserlerini rus terjimeçileriniň tagallasy bilen Soýuzymyza aralaşdyrdy. Türkmen ýazyjylarynyň köpüsi beýik Gorkiniň döredijilik täsirlerine eýerip, ençeme şowly eserler döredendiklerini häli-şindi ýatlaýarlar. Türkmen Sowet edebiýatynyň klassygy, respublikanyň halk ýazyjysy SSSR hem Türkmenistan Döwlet baýraklarynyň laureaty, akademik, Sosialistik Zähmetiň GahrymanyB.M.Kerbabaýew beýik proletar ýazyjysyny özüniň hormatly mugallymy hasaplap, onuň döredijiliginden alan tälimleri barada, aýratyn hem «Ene» romanyny türkmen diline geçirip, ondan öwrenen zatlary barada öz ýatlamalarynda minnetdarlyk bilen ýazypdy M.Gorkiniň çuňňur gumanistik mazmunly döredijiliginiň beýleki türkmen ýazyjylarynyň döredijiligine eden täsiri-de az däldir. Muňa N.Saryhanowyň A.Durdyýewiň, A.Gowşudowyň, H.Derýaýewiň, H.Ysmaýylowyň, B.Seýtäkowyň eserlerini okan her bir okyjy doly göz ýetirse gerek. A.M.Gorkiý türkmen okyjysynyň hem türkmen edebiýatçylarynyň hemişelik hemrasydyr ýürekdeş maslahatçysydyr. Ýazyjynyň adyny arşa göteren eserleriniň köpüsi türkmen diline terjime edilip, türkmen halkynyň medeni baýlygyna giňden aralaşyp gitdi Ýazyjynyň eserleriniň akylly, parasatly, dörediji, göreşiji hem ýeňiji gahrymanlary bolsa türkmen adamlarynyň iň ýakyn dostlaryna, syrdaşlaryna öwrüldi. Bu hemişe-de şeýle bolar. Bu barada ajaýyp rus şahyry N.S.Tihonowyň sözlerine ýüzlensek has-da ýerlikli bolar. Ol şeýle ýazýar: «Gorkiniň sözi, Gorkiniň şöhraty, Gorkiniň ady biziň kuwwatly ýerimiz ölmez-ýitmez halkymyz ýaşaýan mahalynda ýaşaýar we ýaşar. Şu gün hem biziň Gorkimiz, beýik hem baş harp bilen ýazylýan Adam, biziň dostumyz hem mugallymymyz Gorkiý biziň bilen, ol biziň işlerimizde, göreşlerimizde hem ýeňişlerimizde». 1978 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |