11:46 Beýik rus doganymyz mydam bar bolsun | |
BEÝIK RUS DOGANYMYZ MYDAM BAR BOLSUN
Edebi makalalar
Beýik rus halky bilen türkmen halkynyň arasyndaky berk hem mukaddes dostlugyň kökleri uzak geçmişe aralaşýar. Bu dostlugyň miwelerini zähmetkeş türkmen halkynyň rewolýusiýa çenli bolan durmuşyndan hem näçe diýseň tapmak bolar. Bu dostlukly gatnaşyk dogrusynda Türkmenistan Kompartiýasynyň Merkezi Komitetiniň «Türkmenistan Sowet Sosialistik Respublikasynyň, Türkmenistan Kommunistik partiýasynyň 60 ýyllygy we Türkmenistanyň Russiýanyň sostawyna meýletin girmeginiň 100 ýyllygy hakynda» diýen kararynda şeýle diýilýär: «Üç rewolýusiýanyň ody içinde zähmetkeş türkmen halkynyň rus proletariaty bilen söweşjeň soýuzy berkleşdi, bolşewistik partiýanyň ýolbaşçylygy astynda onuň rewolýusion, synpy göreşiniň tejribesi artdy.» Beýik Oktýabr sosialistik rewolýusiýasynyň şanly ýeňşi asyrlar dowamynda tükeniksiz jebir-jepany başdan geçiren zähmetkeş türkmen halkyny-da azaplardan gutardy. Bagt atyna atardy. Bu beýik hakykaty zähmetkeş halk, onuň gözi-gulagy bolan şahyr ogullary uly mähir bilen garşyladylar. Şol irki ýyllardan başlap, beýik rus halkyna bolan mähirli söýgi biziň poeziýamyzda aýratyn orun eýeleýär. Şahyr Mollamurt «Bolşewigiň berýän peýdasy şudur» eserinde rus halkynyň doganlyk kömegini, mährem dostlugyny Doganlaşdy rus-türkmen birleşip, Bolşewigiň berýän peýdasy şudur ýaly setirlerde ýazsa, Ýigrimi üçde ulaldylar ýaşlarmyz, Ýigrim dörtde has dikeldi başlarmyz, Oba ýüz öwürdi towarişlermiz, Bolşewigiň berýän peýdasy şudur ýaly hormatdan doly setirlerinde Türkmenistan respublikasynyň döredilmegi bilen bu dostlugyň has hem berkleşendigini, rus işçisiniň türkmen daýhanyna berýän doganlyk kömegini teswirleýär. Berdi Kerbabaýewiň «Lenin ýoly» goşgusynda W.I.Leniniň gurup beren doganlyk ýolunyň gönüden-göni bagt ýoludygy beýan edilýär. Munda rus halkynyň doganlyk kömegi aýratyn nygtalyp, bu röwşen ideýa ösüş ýoluna düşen Türkmenistan respublikasynyň ykbaly bilen berk baglanyşdyrylýar. Türkmenistan ösüp barýar, Ynam bilen öne garýar. Beýik rus doganmyz bar, Bagt joşdy Lenin ýoly. Türkmen halkyna bagt beren Lenin ýolundan kuwwatly ädimler bilen ynamly ädimlemäge beýik rus doganymyzyň beren we berýän ýadawsyz goldawy hemmelere äşgärdir. Rus hem türkmen halklarynyň doganlygy barada irki döwürlerde aýry-aýry goşgy setirlerinde habar berlen bolsa, soňky ýyllarda bu mizemez doganlyk hakda ýörite düýpli eserler döredildi. Ol eserlerde rus halky agzybir maşgalanyň ýaşulysy hökmünde kanuny şöhratlandyrylýar. Biz baky azatlyga hem deňlige mydamalyk eýe bolan türkmen halkynyň uly dogany beýik rus halkyna bolan minnetdarlykly sözlerini türkmen şahyrlarynyň ählisiniň eserlerinden okaýarys. Beýik dogana bolan şol söýgüli garaýyş döwrüň wajyp meseleleri bolan ýurdy kollektiwizasiýalaşdyrmak, industrializasiýalaşdyrmak, aýal-gyzlar azatlygyny, medeni rewolýusiýany durmuşa geçirmek ýaly ençeme çärelere bagyşlanan eserleriň esasynda ýatýar. Beýik halka, onuň şöhratly ogul-gyzlarynabolan taýsyz minnetdarlyk Kommunistik partiýanyň ýolbaşçylygynda biziň respublikamyzda gazanylan üstünliklerde janaýamazakly beren uly kömekleri üçindir. Beýik rus halky Beýik Watançylyk urşy ýyllarynda hem, hemme wagtdakysy ýaly, Watanymyzyň ähli halklaryna öňbaşçy bolup, uly doganyň wezipesini ýerine ýetirdi. Rus halky durnuklylygyň, sabyrlylygyň, watançylygyň taýsyz nusgalaryny görkezdi. Onuň Beýik Watançylyk urşunda görkezen merdanalygy biziň edebiýatymyzda şu güne çenli gyzgyn beýanyny tapyp geldi. Beýik doganyň gahrymançylykly obrazy ähli sowet edebiýatynda bolşy ýaly, türkmen edebiýatynda hem hut şol ýalynly ýyllarda-da öz beýanyny tapdy. Rus edermenligine, rus-türkmen dostlugyna bagyşlanyp onlarça şahyrana eserler döräpdi. Bu barada rus hem beýleki doganlyk halklaryň ogullary bilen egin-egne berip, duşmana garşy elleri atgyr ýaragly, ötgür galamly söweşen türkmen şahyrlary Şaly Kekilowdyr Ata Nyýazowyň, Pomma Nurberdiýewdir Haldurdynyň, Çary Aşyrowdyr Ruhy Alyýewiň, Kemal Işanowdyr Gazak Gylyjowyň we beýlekileriň eserlerini ýatlamak has ýakymlydyr. Pomma Nurberdiýewiň ýeňiş gününde ýazyp, Berlinden iberen «Watanym saňa» goşgusynda: Bat bilen pasyrdap rus şöhraty, Beýik batyr jeňe äkitdi bizi. Sowet Soýuzynyň güýji-gaýraty Ýeňip, subut etdi hakykat sözi – diýip, ýazyşy ýaly, rus halky gazaply hem güzaply ýollardan geçip, taryhda taýsyz ýeňşiň guramaçysy boldy. Onuň şol hyzmaty hakda hem Berdi Kerbabaýewiň «Aýlar», B.Seýtäkowyň «Joralar», R.Alyýewiň «Kapitan Gastello», Ş.Kekilowyň «Dýadýa Iwan», N.Pommanyň «Watançy garry», «Kasam», Ýa.Nasyrlynyň «Leýtenantyň ogly», A.Nyýazowyň «Partizanlar», R.Seýidowyň «Goç ýigit söweşde belli», A.Atajanowyň «Zoýa», «Rus enesi» ýaly türkmen poemalary bize rus halkynyň gaýduwsyz gahrymançylyklary hakda habar berýär. Şol eserlerdäki rus halkynyň gahrymançylykly obrazy hemişelik ýaşaýşa ukyply bolup, türkmen edebiýatyna, türkmen okyjylarynyň kalbyna ornaşdy. «Zoýa» poemasynda ýazylyşy ýaly: Eziz leninizmi döreden halkyň Beýik taryhy bar, belent şöhraty. Ajap ogullarnyň, gyzlarnyň onuň Ýaşaýar hiç haçan öçmejek ady. Rus temasy, rus halkynyň ajaýyp ogul-gyzlarynyň obrazy, hemişe bolşy ýaly, beýleki doganlyk halklar bilen bir hatarda uruşdan soňky döwrüň poeziýasynda-da, şu günleriň türkmen poeziýasynda-da özüniň mynasyp ornuny eýeläp gelýär. Rus halky hakda söz açyp, belli ukrain şahyry Mikola Bažan şeýle ýazýar: «Beýik rus halky sowet halklarynyň ählisine baş; bolup barýar. Özleriniň azat bolmaklaryna, bagtly sosialistik durmuş gurmaklaryna uly doganlary rus halkynyň nähili bahasyna ýetip bolmajak goşant goşandygyny doganlyk halklar gowy bilýärler. Ol Sowet Soýuzynyň sostawyna girýän halklaryň arasyn- da iň öňdebaryjy ýer eýeleýär... Rus işçiler synpy özüniň dünýäde iň rewolýusion işçiler synpydygyny doly görkezdi... Rus halky adamzadyň iň beýik genisi Lenini dünýä berdi...» Şeýle bolansoň, türkmen şahyrlary rus doganymyza bolan mähir-muhabbetlerini joşgunly setirlerinde öwran-öwran beýan etmäge çalyşýarlar. Uruşdan soňky ýyllaryň poeziýasynda bu tema ýürek bilen ýapyşanlar Berdi Kerbabaýew, Ýakup Nasyrly, Gara Seýitliýew, Pomma Nurberdiýew, Rähmet Seýidow ýaly edebiýatymyzyň görnükli wekilleri boldy. B.Kerbabaýewiň «Rus halky», «Rus halkyna», Ýa.Nasyrlynyň «Rus ýoldaşyma», Gara Seýitliýewiň «Rus gardaşym», R.Seýidowyň «Gahryman rus halkyna» kimin ýokary çeperçilikli, belent ylhamly goşgulary hakykatyň özi ýaly dogry sözleýärler. Ýeri gelende, şeýle goşgularyň beýleki doganlyk halklaryň edebiýatynda-da az däldigini aýdasymyz gelýär. Özbegistanyň halk şahyry, Lenin baýragynyň laureaty Gapur Gulamyň «Meniň agam rus boldy», gyrgyz şahyry Alykul Osmanowyň «Rus halky» ýaly zehinli goşgulary-da öz halklaryna doganlyk kömegini berip, eşretli zamana ýetiren rus halkyna alkyş baryny aýdýarlar. Ilkinji ýyllardaky däbine wepaly bolup, rus halkynyň wepaly howandarlygynyň ähli pursatlaryna şaýat bolan biziň ussadymyz Berdi Kerbabaýew mahal-mahal şol howandarlygy ýatlap, oňa söýgüden doly salamnamalar ýollaýar, beýik dostlugyň güýjüne guwanýar. Salam saňa, adalatly rus halky, Bagt kölünde ýüzýän türkmen ilinden. Derde derman aldyk biz senden ilki, Uly-kiçi hemmeleriň dilinden! Dostluk goluň kuwwat berýär hemişe, Görülmedik täzelikler döredýäs. Her kömegiň almaz kimin serişde, Durmuşymyz öňe bakan ýöredýäs. Bütin döredijiliginiň dowamynda beýik halk bilen doganlygyň ýalkymly beýanyny ýazan şahyr bu temanyň waspyna gaýta-gaýta dolanýar. Şol goşgularynda-da adalatyň hem adamkärçiligiň, wepalylygyň hem ynsansöýüjiligiň simwoly bolan beýik rus hakykatyna, rus obrazyna ýüzlenýär. Öz ömründe durmuşyň köp çylşyrymlylyklaryny gören beýik ýazyjynyň sözleri her gezek hem ýüregiň jümmüşinden çykýar. Onuň «Rus halkyna» diýen durşuna mähir-muhabbete, minnetdarlyga ýugrulan goşgusy-da köp zady habar berýär. Sen beýik sen, sap ýürek sen, sen eziz, Sarsmaýan sen, armaýan sen, söýýäs biz. Sende şatlyk, sende gaýrat, sende ýaz, Sen adalat, sende gudrat, sende saz. Dosta dostluk, parahatlyk sendedir, Jana-janlyk, mähribanlyk sendedir. Sende ylham, sende melhem, sen şypa, Sen adalat, sen hakykat, sen wepa. Rus halkyna minnetdarlyk maksady bilen döredilen bu topar goşgularyň her biri durmuş wakalarynyň bir tarapyny öz içine alýar. Şol eserleriň gahrymanlary biziň durmuşymyzyň ähli meselelerinde kynçylyklary-da, üstünlikleri-de, göreşleri-de, ýeňişleri-de rus adamlary bilen bile başdan geçirýärler. Hut şol pursatlarda-da rus adamlarynyň ynsanperwer häsiýetlerine şaýat bolýarlar. Olary hemişe ýürekdeşlik bilen ýatlaýarlar. Ýa.Nasyrlynyň «Rus ýoldaşyma» goşgusy hem şeýle goşgularyň gowy mysalydyr. Ol Watançylyk urşunyň frontlarynda bile söweş ýoluny geçen, «bir tabakdan iýip, bir gapdan içen» söwer dostunyň hatyrasyny hormatlaýar. Pomma Nurberdiýew zähmetkeş halkyň şahyr ogly hökmünde, ýetilen beýik derejäni aňyndan geçirip, hasyl bolan ähli arzuwlary «Oktýabryň miwesi» atlandyryp, ony rus halkynyň hyzmaty hasaplaýar. Biz saňa minnetdar, beýik rus halky, Sensiň göreşlerde baş bolan ilki. Ýeňen rewolýusiýaň sensiň atasy, Diýip taryp etsek bolmaz ötesi. Sen döretdiň azatlygyň serdaryn, Saňa bagyşlaýas alkyşlaň baryn. Ýokarda ýatlanan kararda «Lenin partiýasy Türküstanyň, Russiýa Federasiýasynyň halklarynyň arasynda, ýurdumyzyň ähli doganlyk halklarynyň arasynda hemme taraplaýyn hyzmatdaşlygy we özara kömegi guraýjy bolup çykyş etdi. Sowet Russiýasynyň harby, syýasy we ykdysady kömegi Türküstanyň ykbalynda ägirt uly rol oýnady» diýlip bellenilýär. Şu hakykaty zähmetkeş türkmen halky hemişe minnetdarlyk bilen ýatlap gelýär. Döredijilik intelligensiýasynda bolsa hemişe öz eserlerinde her taraplaýyn wasp edip gelýär. Bu poeziýada hem şeýledir. Ýokarda sereden eserlerimizde bolşy ýaly, türkmen sowet poeziýasynyň tanymal wekilleri bolan Gara Seýitliýewiň «Rus gardaşym», Rähmet Seýidowyň «Gahryman rus halkyna» atly waspnama-odalarynda muny has-da çuňdan duýýarys. Özünde poemalyk mazmun jemleýän «Gahryman rus halkyna» odasynda şahyr türkmen halkynyň rus halkyna bolan alkyşly ýürek duýgusyny bütin dolulygy bilen äşgär edýär. Şahyr halkymyzyň her bir şatlykly pursatynda öz uly doganynyň tagallalaryny ýatlap, oňa gaýta-gaýta gutlagnamalar iberişini ilkinji setirlerden başlap joşgunly beýan edýär. Gündogardan uzadyp men golumy, Rus doganma gutlag aýdýan ýene-de. Türkmenleriň çyn ýürekden sagboly Ýetsin oňa bu guwançly senede. Saňa şöhrat bolsun, beýik rus halky! Seň kömegiň bizi bagtyýar etdi. Doganlyk okaşdyň el berip ilki, Seniň mähriň halky dosty-ýar etdi. Goşguda tutan maksadyna ýetmek üçin jan aýaman zähmet çekýän, kynçylyklardan çekinmän barha we barha batly ädimleýän pälwanyň sypaty göz öňüne gelýär. Oňa ynanýarsyň hem ony penalaýarsyň. Sözüniň eýesi, dostuna wepaly häsiýetlerini hormatlaýarsyň. Aýdyň akyl, durnukly hoş häsiýet, Sabyr-kararyňa dünýä haýrandyr. Pidadan gaýtmadyň tutup hoş niýet, Şan-şöhratyň giň jahana ýaýrandyr. Goşgyny okanyňda, liriki gahrymanyň ýürekden syzdyryp aýdýan taryhy hakykatyna ynanýarsyň. Beýik Rus halkynyň sahawatly syýasynda türkmen halkynyň gören bu günki sapaly, eşretli durmuşyna guwanýarsyň. W.I.Lenini dünýä beren beýik halky – «talantlar çeşmesini», geniler dünýäsini ýene bir gezek alkyşlaýarsyň, Eý beýik Rus, eý talantlar çeşmesi, Köp beýik geniler ýetiren sensiň! Goý, batly ýaňlansyn beýik Rus sesi! Lenini hem dünýä getiren sensiň! Gara Seýitliýew öz poeziýasynda edermen rus obrazyna gaýta-gaýta ýüzlenýär. Ol bir goşgusynda: Awroranyň gümmürdisi bizi bagta oýatdy, Beýik Rus doganymyz dost goluny uzatdy – diýip, «täze taryh, täze döwür, täze döwran» hakda çynlakaý düşünje berse, başga bir goşgusynda rus halkyny kuwwatly serkerde, zehinli guramaçy hökmünde mahabatlandyryp, guwanç duýgusyny äşgär edýär. Beýik rus halky başlady başyn, Düzüldi dünýäde iň beýik goşun. Asyrlar dowamynda adalat görmedik, göreni görgi, çekeni jebir-sütem bolan zähmetkeş halkymyzy zulum dünýäsinden baky ýagtylyga çykaran beýik rus halkynyň şahyrana waspy Gara Seýitliýewiň «Rus gardaşym» goşgusynyň leýtmotiwidir. Şahyry diňläniňde, taryhyň garaňky gatlary ýekän-ýekän göz öňünden geçýär. Il arasynda aýdylyşy ýaly, «küli batmana ýetmedik» zähmetkeş türkmeniň ykbalynyň oýanyşy, erkinlikde ösüp boý alşy kanuny guwanç döredýär. Sensiň taryhymda eziz halkymy, Zulmatdan gutaran, Rus gardaşym! Sensiň bu parlaýan beýik ýalkymy Bizlere getiren, Rus gardaşym! Şahyryň beletlik bilen ýazyşy ýaly, doganlyk halklaryň deň hukukly, agzybir maşgalasynda döwletli durmuş guran bagtyýar halkymyzyň ýeňişli obrazy göz öňünde örboýuna galýar. Beýik rus halkynyň bu işdäki bahasyna ýetip bolmajak doganlyk hyzmatlary hem şahyry ylhamlandyran hakykat bolup kalbyňa aralaşýar. Doganlykdan döwlet indi illere, Doganlykdan dür döküldi dillere, Meniň eziz topragymy güllere Sen bolduň batyran, Rus gardaşym! Şonuň üçin hem hemişe «Baky hossar bolup», «Bagt baýdagyny dünýä göz edip», ýeňişlerimizde öňbaşçy bolup, «eziz topragymyzy güllere batyran», beýik doganyň rus halkynyň şöhratly adyny, röwşen obrazyny «taryhyň zer hatyna, ýüregimiziň gül gatyna» ýazýarys. 1984 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |