19:21 Bikemal / hekaýa | |
BIKEMAL
Hekaýalar
Berdini teatra alanlarynda sahna işçisi bolmaly diýdiler. Onuň ýaşy ýigrimi bäşden geçenem bolsa, henize deňiç sahna diýlen ýere çykyp görmändi. Häzir weli, ol sahnanyň edil ortarasynda dur. Töwerek boşluk, ümsümlik. Tomaşa zalyndaky oturgyçlaryň üstüne mata örtük çekipdirler. Depedäki gyralary şelpeli çyralaram ýananok. Diňe sahnanyň ýeňse diwaryndan solaksy ýagtylyk düşýär. Berdiniň ýüregi gysjak ýaly etdi. Hernä, teatryň agşamky durmuşy göz öňüne gelende ýene onuň kalby giňedi, tolgundy. Ýüreginiň urgusy bilen gabagynyň urgusy deňleşip, gyrymsyja sargylt kirpikler ýygy-ýygydan garpyşdylar. Agşam onuň häzirki duran ýerine atlary ile belli artistler çykar. Zaly dolduran tomaşaçy üçin sahna şol meşhur adamlaryň mekanyna öwrüler. Olaryň göwnüne şu ýere şolardan başga adam aýagyny sekip bilmejek ýalydyr. Şeýle pikirde bolsalar, onda gödek ýalňyşýarlar! Serediň, häzir bu sahnada diňe Berdi dur! Arman ony hiç kim görenok. Agşamlygam görmezler. Berdi sahna çykanda perde ýapyk bolýar ahyry! Ýogsa, barlygyny bildirmek üçin aýagyny tarpyldadybam ýörär, ýöne haýry näme?! Kim seniň aýak sesiňe gulak asýar! Her kim arakesmede suw içjek, çilim çekjek, ýene bir zat etjek... Berdi kemsindi, artist däldigine kemsindi. «Bu zatlar meň üçin däl» diýen manyda sahna göz aýlady. Görse, ol owadan köşgüň ortasynda duran ekeni. Özüni kim hasap etjegini bilmedi: şamy ýa-da şazadamy? Gynandy. Artist däldigi üçin gynanmady, artist bolaýanda-da şol rollary oýnap bilmejegi üçin gynandy. Onuň pikiriçe, şazadanyň lybasyna gelşip duran görküň bolmalydy. Wah, şu görk-görmege gezek gelende Berdi bagtsyz ekeni. Ýeri, ýumry duluklarynyň ortasyndaky burny bir ulurak bolaýsa bolmaýarmy? Şoňam deşikleri edil biz bilen deşilen ýaly, sähel gyssanyp dem almaly bolsa, kükregini howadanam dolduryp ýetişenok. Gözüniň kiçiligi ýadyna düşende-hä bagry ýanyberýär. Sähel ýitiräk çyra bolsa-da, ýaşarmak bilen. Aý, garaz, bolmajak bolsa tapylar özi... Işe başlandy. Ýaňky köşgi sahnadan aýyrmalydy. Berdi köp işlemeli bolar öýdüp ýaýdandy. Işçileriň biri oňa: — Tut aňyrsyndan diýdi. — Nämäni tutmaly? — Köşgüň sag ganatyny. Berdi üstüne abanyp duran köşgüň bir burçundan göwünsiz tutan boldy. — Göter hany!.. Haýbatly köşgüň tutuş bir ganaty ýokary galaýdy. Asyl, saman göteren ýaly, agramy bolmasa nätjek! Seretsene, iki adam köşgüň tutuş bir ganatyny göterip barýar. Haý-haý, köşk bolaýşyndan! Berdiniň gülküsi tutdy. Çygyldy. Göze derek etlek ýüzünde iki sany çyzyk emele geldi. Baldagy kesilen agaçdan şire çykyşy ýaly, soňam ol çyzyklaryň ugrundan ýaş çykdy. Ýaşyny süpürip, gabaklaryny oňly açmaga ýetişmänkä, gözler gaýtadan mäkäm ýumuldy. Neneň ol gülmesin! Ýaňky haýbatly köşgi bölek-bölek edip, diwara söýäp goýaýypdyrlar. Içini tutup, şeýle bir gülmek güldi, goýar ýerde goýmady. Işçileriň biri: — Nämä böwregiň bökýär how? —diýdi. — Ýak, walla... He-he... Gülmezmiň muňa... Ha-ha... Bi, teatr diýilýän zat... He-He... duran bir oýunjak ekeni-le aýt! He-he-he... Ha-ha-ha!.. — Ýigit, beýle gülüp bilýän bolsaň artist bolmaly ekeniň. — Eý-weý, içim gyryldy... Artist bolýanam bizden artyk däldir, halypa... Ha-ha-ha... Eý-weý-eý... Bir aý geçmänkä Berdini režissýorlaryň birine kömekçi edip berdiler. Öňki oglan syrkawlansoň, keselhana girmeli boldy. Berdi wagtlaýyn işleýändirin öýtmedi, özüni basgançak bilen ýokary galyp barýandyryn öýtdi. Nähilem bolsa, «kömekçi» sözüni halamady. Aýalyna aýdanda: — Menem indi uly režissýoryň ýanyndaky kiçi režissýor — diýdi. — Onda artistlerem seň eliňdedir? — Entek biraz sabyr et, hemme zadyň öz wagty bardyr, olaram elime alaryn. Galan zadyň baryny häzirem özüm çözýän. Araga derek çüýşelere suw guýýanam men. Hakyky arak berseň her kimem serhoş bor. Teatrda beýle däl, içdigiň serhoş bolmaly. Olary bäş ýyllap ýöne ýere okadylýandyr öýtmäň. — Şoň üçin-ä bäş ýyllap okamasa bor. — Onda diplomy kimden aljak? — Sende-de diplom ýokdur? — Men artist boljagam däl, režissýor bolaýjak. Berdi režissýoryň her sözüne üns berdi. Aýratynam «Biz hemişe pikirdeş bolmalydyrys, teatr pikirdeş adamlaryň ýygnanan ýeridir» diýen sözi oňa ýarady. Ol bu sözleri özüne aýdylan duýduryş hökmünde kabul etdi. Diýmek, režissýor ak diýse — ak, gara diýse-de — gara! Berdi razy. Onuň pikiriçe, şeýle edýän adam uzak ýaşamalydy, hiç haçan büdremeli däldi. Bir gün režissýor gürrüň arasynda bir ýazyjynyň täze kitabyny okandygyny, ýöne halamandygyny aýtdy. Berdi şol bada belli netijä geldi; ýazyjy bilen režissýoryň arasynda duşmançylyk bolmaly. Režissýor ýöne ýere aýdanok. Ol pikirdeş adamlaryna şol ýazyjyny ýigrenmegi ündeýär, Berdi muňa-da razy. Oňa bir adamy gowy gör diýenden, üç adamy ýigren diýeniň has ýeňil. Ol ähli duýgularyny herekete getirdi. Indi öz ýanyndan ýaňky ýazyjynyň adyny gaýtalady weli, ajy bir zat çeýnän ýaly bäş deşigi bir ýere ýygnandy duruberdi. Öň tötänlik bilen onuň bir eserinem okapdy, dogrusy, halapdam. Häzir şony okany üçin özüni näletledi. «Halamadym diý!» diýip, özüne buýruk berdi. «Halamadym, halamadym, halamadym» diýip gaýtalady. Munuň bilenem oňmady. Kalbynda şübhe gizlenip galan ýaly dördünji sapar gygyryp goýberdi: — Halamadym! Bir şaýy, biderek! Ol özüne allaniçigsi seredýän aktýorlary görüp aýňaldy, ýöne aljyramady, gaýta režissýoryň ýüzüne dogry garap: — Hawa, biderek — diýdi. Režissýor kanagatlanma bilen ýylgyrar öýtdi. Ýylgyrmady, oňa derek Berdini tanajak bolýan ýaly onuň ýüzüne çiňerildi. — Ol nähili biderek? — Biderek-dä! Ýaňy özüňizem aýtdyňyz. — Nämäni aýtdym? — Ýaňky ýazyjyň kitaby erbet diýip aýtdyňyz. Dogrudanam, erbet, şony menem aýdýan. Nirede aýtmaly bolsa-da aýdaryn! Iki aktýor saklanyp bilmän güldi. Berdi şol bada olaryň ikisinem ýigrendi. Gülüň bakaly, entek görersiňiz! Olaryň bir-ä baş rolda oýnaýan ýaşuly aktýor. Beýlekisi ýaş, ýöne özüne göwni ýetýän ýigit. Aýnadylypdyr. Hem-ä uly rol berýärler, hemem režissýora assistent eden bolýarlar. Olaryň ikisiniňem Berdä göwünleriniň ýetmeýäni belli, ýogsa gülmezdiler... Režissýor onuň pikirine päsgel berdi. — Seniň kelläň nirede? — Weý, kelle nirede bolsun, egnimiň üstünde. — Egniň üstünde bolsa, biziň häzir pýesa hakda gürrüň edip oturanymyzy bilmän... Men häzir ýaňky okalan bölek hakdaky pikiriňizi soraýan! Berdi emele gelen oňaýsyzlygy duýsa-da, aljyramady. — Biziň pikirimiz!.. Heh, bizde-de bir pikir bormy? Teatrda pikir edýän režissýor. Siz näme diýseňiz şo bor-da. Ýalanmy eýsem? Ol «indi näme diýerkäňiz?» diýen manyda ýaňky iki aktýora seretdi. Olaram gizlin howsala bilen režissýora tarap garadylar. Režissýor elindäki titräp ugran kagyzlary pessejik stoluň üstüne zyňyp goýberdi-de: — Bar, çyk, gezmeläp gel... Bar, bar... — diýdi. Onuň sesinde şeýle bir dartgynlylyk bardy weli, hernä, Berdi mahalynda duýdy-da, gapa tarap ýumlugaýdy. Sähel eglense, ýeňsesinden «Güm bol!» diýen ses eşidiläýjek ýaly atylyp çykyp gitdi. Şol günden başlap, Berdi iki aktýordan ar almagyň ugruna çykdy. Elbetde, olaryň üstüne ýumruk düwüp topulyp bolmaz, ýöne köpüň içinde abraýlaryna şikes ýetiräýjek bir zat tapmaly. Uzak garaşmaly bolmady. Zerurlyk ýüze çykany üçin dynç güni agşamlyk görkezilmeli taryhy dramanyň köpçülik sahnasynda Berdem gatnaşmaly edildi. Ol ýene bir basgançak ýokary ätdi. Bu gün köpçülik sahnasyna çykýar, ertir oňa rol bererler. Teatra onuň aýagy düşdi. Ol iki sagat öň gelip, hanyň nökeriniň lybasyny geýdi. Geýim darrak geldi, ädigi aýagyny gysdy, ýöne sesini çykarmady, çydady. Onuň sahnada aýak üstünde durmaly wagty bir minuta-da çekenok. Söweş başlanan dessine ol ölmelidi, sebäp gylyçlaşmagyň tärini bilenokdy. Düýn oňa sahnanyň haýsy ýerinde ölmelidigine çenli görkezipdiler. Bir ädim bäri süýşäýmegin diýdiler. Sahnanyň her daban ýeri ölçelendi. Dirilikde şeýle az möhlet berlenine gynandy, tanyş-bilişleri ony tanabam ýetişmezler. Sahnanyň düýbünde çäşerip ölüp ýatanyndan näme haýyr bar? Sen kimiň gözüne iljek? Söweş başlandy. Ol kimdir biriniň gylyjy galan dessine ölmeli ýerine ylgady. Häzir onuň üçin esasy zat ölmekdi. Barşyna-da diň arkan ýykyldy. Kellesi gaty pola degdi weli, gözi garaňkyrap gitdi. Eger-eger agyraýdymy diýip soraýan ýok. Beýle-de bir bigadyr ölüm bor ekeni! Asyl häzir sen çyndan öläýseňem biljek däller. Töwerek ýöne şakyrdy, güpürdi bolup dur. Her kim režissýoryň görkezen pursaty gelýänçä gidişýär, şondan soň ölmese-de gylyç aýlajak gumany ýok, ýykylaýýar. Berdi ähli zady synlap ýatyr, düýpde bolany sebäpli ol hiç kimiň gözüne-de ilenok. Onuň özem şu ýagdaýy kem görmedi. Uzak gidişseň atanlykda ýüz-gözüňe şikes ýetmegem ähtimaldy. Şol mahal edil onuň gapdalynda gelip ýene biri ýykyldy. Seretse, Berdiniň üstünden gülen ýaşuly aktýor. Gyzylbaşlaryň baştutanyny oýnany üçin oňa gijräk ölmeli diýlen bolmaga çemeli. Berdi ony özi öldüren ýaly begendi, seňrigini ýygryp synlady. Gözüni ýumup ýatyr, hor ýüzünde aňsyz görünýän burnunyň deşikleri ters tarapa bakyp ýatyr. Gözünem ýuman bolýar-a! Gaýratyň bolsa, demiňem alma... Berdi ýatan ýerinden «Ölen adamam bir dem alarmy?» diýip, gyjyt beresi geldi, ýöne özüniňem ölüdigi ýadyna düşende lal-jim ýatmaly boldy. Uzak ýatyp bilmedi. Bu adamy bütin zalyň öňünde masgara edesi geldi. Onuň ar damarlary taýak ýaly gataldy. Sahnada öli ýatan adamyň beýnisi ummadan çalt işleýän ekeni. Ol derrew näme etmelidigini bildi. Özem howlukdy, ýogsa, hä diýmän, sahnada söweş gutarmalydy. Berdi usullyk bilen elini goltugyna sokdy. Sigaretine el ýetirdi, owradyp esli temmäkini barmaklarynyň ujuna gysdy. Usul bilen elini poluň üstünden ölen goňşusyna tarap süýşürdi... Soňam edil onuň burnunyň deşiginiň öňünde çümmügini açdy. Esli temmäki ýom-ýok bolaýdy. Berdi ýene öli ýatyberdi. Aktýor görgüliniň asgyrmajak bolup görgi baryny görşüni diýsene! Agzy açylyp-açylyp, äňi ýazara geldi. Bogulýan ýaly gelşiksiz ses etdi. Ahyry bolmady, hälki öli ýatan adam erbet asgyryp goýberdi. Ilkibada bir dem ümsümlik boldy. Ýeňenlerem, tomaşaçam nämäň-nämedigini aňşyrmaga ýetişmedi. Onýança ýaşuly ikinji gezek asgyrdy. Zalda şeýle bir gülki, şowhun turdy, heý, sen goýaý! Öli ýatanlaram çydap bilmediler, baryna jan girdi. Ýatan göwreler gyjyklanýan ýaly böküşip başlady. Sebäp aktýor käýinip dik otyrdy. — Bihepbeler!.. Ýeňen tarapdan biri gygyrdy: — Ine, bu taýda bir nejis ölmän ekeni, kesiň kellesini ýigitler! Ikinji biri gylyjyny syrdy. Aktýor oňa çenli dört gezek asgyrmaga ýetişdi, geplemäge maý tapdy: — Owarra et ýaragyňy, seň ýadyňa oýun düşýär... Kimdir biri perdäni ýapdy, ýöne zalyň şowhuny köşeşmedi. Berdiniň etmişi bilinmän galdy. Beýlekiler ýaly olam: «Men-ä o mahal öli ýatyrdym, habarym ýok» diýdi. Şol günki waka hakda agyz dolduryp, keýp bilen gürrüň edýärdiler. Indi gezek ýaş aktýoryňkydy. Berdi amatly pursata garaşdy. Herki zadyň öz wagty bardyr. Iň esassy mesele pursat gelen mahaly gijä galmazlykdyr. Ýaş aktýor täze jaýa göçdi, ýoldaşlaryny öýüne çagyrdy. Şolaryň arasynda: Berdem bardy. Ol pikir etdi. Eger oturyşlykda galmagal turzup bolsa... Şundan amatly mahal duşaýarmyka? Duşmasa gerek. Galmagal bolaýsa, ol hakda teatrda uly gürrüň ediler. Günäniň agramy şojagaz diktumşuk ýigidiň boýnuna düşer, sebäp, oturylyşyk edip, adam çagyrýan ol. Berdi hemmeden soň barmagy, özem serhoş bolup barmagy ýüregine düwdi. Ilkagşam aç garnyna tutuş bir bulgur arak içdi. Salym geçmänkä başy aýlandy, ýene içdi, gözüniň öňündäki zatlar goşalandy. Berdi baranda iýlip-içilip oturylan ekeni. Saçak başynda nätanyş adam görmedi, öz-özleri, kileň ýaşlar. Onuň öňünde nahar goýdular, bulguryna arak guýdular. — Içmen! — diýdi. — Içmeseň gowy edýäň, nahar bir iý. — Naharam iýmen! — Onda halanyňy et, ynha, çaý, ynha nahar... Berdi ýalbararlar öýdüpdi. Diýeni bolmany üçin hem gaharlandy, hem kemsindi, «Olar meni özleriçe görenoklar» diýdi. Birdenem ol şu ýere näme maksat bilen gelendigini hakydasyna getirip bilmän heläk boldy. — Bu kimiň öýi bolmaly?— diýdi. Ýaş aktýor ýylgyryp jogap berdi: — Şüý-ä meň öýüm. — Seňki diýsene... Ýalan sözleme, seňki däl. — Ol diliniň agyr aýlanýandygyny duýan dessine öňündäki doly rýumkany başyna çekdi. — Seňki däl, sebäp, sen bi jaýa ýeke kerpiç goýmadyň... He-he-he, dogry gerek?.. O kimiň suraty? Berdi diwara elini uzatdy. Oturanlar tämiz diwardan asylan portretde beýik režissýoryň giň maňlaýyny, akylly garaýşyny gördüler. Soňam: — Tanamadyňmy? — diýdiler. — Men-ä beýle adama duşamok. O seň nämäň?.. Öý, öý eýesi, saňa diýýän? — Şol-a biziň mugallymymyz. — Onam... çagyrr... çagyrdyňyzmy, ä? — Geljek däl diýdi, arkaýyn naharyňy iýiber. — Kimmiş ol çagyş... ça-gy-rylan ýere gelmän, ä?.. Bar, getir, meň şo äýnekli adam bilen... hawa, şoň bilen meň gürrüňim bar... Oturanlaryň biri çydamady: — Biraz ümsüm otur, geler. — Äý, öý eýesi, saňa diýýän... sen bizi ümsüm oturtmaga... ýaňky ümsüm oturmaga ça-gyr-dyň-my? Ol soňra režissýoryň aladasyny etdi. Onuň şu taýda ýoklugynyň sebäbini sorady. Olaryň düýn agşam oturyp gidendigini aýtdylar. Berdi köşeşmedi. — Görüň, öý eýesi adam saýlaýar—diýip gygyrdy. — Biz hemmämiz ikinji sorta girýäs... Eý, öý eýesi, bilýämiň sen kim? Öý eýesi gahar bilen: — Kim? — diýdi. — He-he, sen gorkuzjak bolma meni... Aýdaryn... aýtmadygam... Sen adam taň-ry-ly... Sen ýaranjaň! — Güm bol! Berdi beýle bolaýar öýtmändi, ol alkymynda öý eýesiniň ýaldyraýan gözlerini gördi, gorkdy, özüni ejiz saýdy. Birden erbet agysy tutup, uly sesi bilen möňňürip ugrady. Kiçijik gözleri ýaşa gark boldy, göwresi yraň atdy. Şol pursat kimdir biriniň çekeleýänini duýdy, güýje çydaman ýerinden turdy. Aýaklarynyň ädilýänini aňşyrdy, gepläp bilmedi, gözýaş bokurdagyny bogdy. Göwresi bat bilen öňe gitdi, tas ýykylypdy. Ýüzüne sowujak şemal çaldy. Şundan soň özüniň daşardadygyny bilip galdy. Töwerekde bir adamam ýok, haýsy gapydan çykanynam bilmedi. Мöňňürdi, sеsine ulу il öýündеn çуkаýjak ýаly dаt еtdi: — Мeni kоwýalar... kоwuň bаkaly... Мen sizi tеatrdan kоwaryn... Ваryňyzy kоwaryn... Мugallymаňyzam kоwaryn... Оnuň sеsi gуrlyp ugrаdy. Ulу köçä çуkybam gуgyrdy: — Мeni kоwdular... еşidiň, mеni kоwdular... Аýlanyp ýörеn iki sаny milisiоner оnuň ýаnуna gеldi. Веrdi оlаra bаkyp еňredi: — Mеni kоwdular... — Kоwan bolsаlar, ýör, biziň bilеn gidibеr... Berdiniň şol gidişi bоldy, gаýdyp tеatrda görünmеdi. 1972 ý. | |
|
√ Kyrk ýyldan soñ gaýdyp gelen şol aýazly gün / hekaýa - 19.01.2024 |
√ Başga tarapyndan seret... / hekaýa - 20.12.2024 |
√ Toý sowgady / hekaýa - 12.01.2024 |
√ Tabyt / hekaýa - 17.07.2024 |
√ Pedofiliň ölümi / nowella - 04.01.2024 |
√ Meniň ýyldyzym / hekaýa - 07.09.2024 |
√ Bereket aga / hekaýa - 18.07.2024 |
√ Шер аминь / рассказ - 20.01.2024 |
√ Diwana / hekaýa - 03.09.2024 |
√ Zenan bagty / hekaýa - 06.08.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |