15:38 Bir soragyň ýigrimi ýyllyk sütemi | |
BIR SORAGYŇ ÝIGRIMI ÝYLLYK SÜTEMI
Taryhy makalalar
Türkmen edebiýatynyň ussady Hydyr Derýaýewiň biziň aramyzdan gidenine indi birnäçe ýyl bolupdyr. 1937-nji ýylda 32 ýaşly Hydyr Derýaýew «üçlügiň» karary bilen «halk duşmany» diýlip yglan edildi hem-de 10 ýyl möhlet bilen azatlykdan mahrum edildi. Ol öz mähriban şäheri Aşgabada 50-nji ýyllaryň ahyrynda gaýdyp gelipdi. Türkmen dilçi alymlarynyň arasynda oňa ilkinjileriň biri hökmünde dosent diýen ylmy at dakylypdy. Hydyr Derýaýew 20 ýyla golaý wagtlap lagerlerde horlanyp ýaşapdy, uzak wagtlap onuň adamçylyk mertebesini kemsidip gelipdiler. Emma «Ykbal» romanynyň awtory, uly ýazyjy, alym, şonuň bilen bir wagtda-da hem örän sada adam H.Derýaýew köp kynçylyklara döz gelipdi. Ölüm lagerlerinde başdan geçiren külpetleri hakynda onuň gürrüň beresi gelmezdi. Şonuň üçin bolsa gerek, ol öz ykbalynyň şol ajy pursatlary hakynda bir setir ýatlama hem galdyrman gitdi. Hormatly okyjylar, siziň dykgatyňyza hödürleýän şu arhiw materiallarymyz hut şol wakalar hakynda gürrüň berýär. Şol döwürde ýazyja nähili günäleriň ýüklenendigi bilen biz diňe şu gün, üstünden ençeme ýyllar geçensoň, DHK-nyň şu günki işgärleriniň kömegi bilen tanşyp bilýäris. Bu materiallarda Hydyr Derýaýewe garşy galp maglumatlary beren adamlaryň familiýalary size ozaldan mälim bolan sebäplere görä doly görkezilmedi. Ol adamlaryň beren maglumatlarynda H. Derýaýew buržuaz-milletçi, rewolýusiýa garşy yzygiderli göreşen adam hökmünde görkezilýär. Ýöne taryh taryhlygyna galýar. Hakykat ir-u-giç dabaralanýar. Hormatly okyjylar, bu arhiw materiallary siziň dykgatyňyza ilkinji gezek hödürlenilýär. Biz olary şol durşuna çap etmek bilen, bu materilalar hiç hili goşmaça düşündiriş talap etmeýär diýen karara geldik. DIL WE EDEBIÝAT KAFEDRASYNYŇ 1937-NJI ÝYLYŇ 27-NJI SENTÝABRYNDA GEÇIREN GIŇELDILEN ÝYGNAGYNYŇ PROTOKOLY GÜN TERTIBI: 1. DERÝAÝEWIŇ kontrrewolýusion-milletçilikli hereketleri hakynda. 2. Gaýry meseleler. Diňlenildi: ýol. A-nyň Derýaýewiň kontrrewolýusion-milletçilikli hereketleri hakynda aýdan maglumatlary. – Ýoldaşlar, BK(b)P MK-nyň fewral-mart plenumy we ýol. Staliniň şol plenumda eden doklady zähmetkeşleriň arasynda giň goldaw tapdy hem-de olary kontrrewolýusion-troskizme, buharinçilere, jansyzlara, diwersantlara we buržuaz milletçilerine garşy göreşe ruhlandyrdy. Soňky döwürde bizde – Türkmenistanda hem dürli partiýalara, sowet we beýleki hojalyk guramalaryna sümlüp giren Aýtakow, Atabaýew, Sähedow ýaly general we baý ogullarynyň hem başgalaryň gatnaşmagynda dörän buržuaz milletçileriniň kontrrewolýusion bandalarynyň bolandygyny hem-de olaryň Içeri işler halk komissarlygynyň organlary tarapyndan paş edilendigini siz bilýänsiňiz. Medeni frontuň dürli şahalaryna buržuaz milletçisi, ýaňy-ýakynda paş edilen Döwlet Mämmedow halk magaryfynyň möhüm uçastoklarynda «öz» adamlaryny goýup, örän uly zeper ýetirdi. Siz hut biziň institutymyzda hem kontrrewolýusion – milli guramanyň bolandygynyň üstüniň açylandygyny, ýöne entek ol guramanyň köki-damary bilen ýok edilmändigini hem bilýänsiňiz. Dil we edebiýat kafedrasynda yzygiderli kontrrewolýusion-milletçilikli iş alyp baran H. Derýaýew diýen biri işleýär. Derýaýew baryp 1932-nji ýylda türkmen dili hakyndaky meselede türkmen diliniň beýleki dillere garanyňda, öz aýratyn spesifikasynyň hem sosial rolunyň barlygyny subut etmäge çalşyp, metbugatda göni milletçilikli niýet bilen çykyş etdi. Ondanam has öň Derýaýew heniz Daşkentde bolan wagtynda, kontrrewolýusioner milletçiler Bekgi Berdiýew, Şahberdiýew we Taýymow dagylar bilen ýygy aragatnaşyk saklady. Haçanda Derýaýewe özüniň syýasy ýalňyşlyklary goýberýändigi hakynda aýdylanda, ol öz ýalňyşlaryny boýun alyp hiç bir ýerde çykyş etmedi. Gaýtam, ol milletparazçylykly ideýajyklaryny hasam giňden ýaýratmagyny dowam etdirdi. Derýaýew lingwistik gurultaýyň kararyny redaktirlände, muny milletçi Pereňliýewiň terjime edendigini bilip, gurultaýyň kararynyň syýasy esasynda zeper ýetirýän hem-de milletçilikli maksady döredýän birnäçe ýalňyşlyklary bilkastlaýyn goýberdi. Derýaýew institutda öz töweregine adam toplamaga çalyşdy we olara «Türkmenleriň ählisini kowdular, bizem işden gideris» diýen ýaly gürrüňleri aýdyp, olaryň elini işden sowatdy. Men kontrrewolýusioner milletçi Derýaýewe institutda orun ýok diýip hasap edýärin we ýolbaşçylarymyzy bolşewistik tankydy dabaralandyrmaga çagyrýaryn. ÝOL. Prof. P-niň ÇYKYŞY: - Men Derýaýewi ýaş işgär hökmünde ynam bildirip, ony pedinstitutyň dosentligine hödürledim. Derýaýew häzirki wagtda Kazanda gezip ýören kontrrewolýusioner Bekgi Berdiýew bilen hyzmatdaşlyk edipdir. Derýaýew öňler meniň bilen gowy gatnaşykdady, iş ýüzünde kynçylyk çekende, menden kömek sorap gelerdi. Emma birnäçe wagt geçenden soň, ol kömekden ýüz öwürdi. Böriýew, Geldiýew ýaly kontrrewolýusioner milletçiler türkmen diliniň grammatikasyny bulam-bujar etdiler. Lingwistik gurultaýa biziň işimize päsgel beren, häzir bolsa, kontrrewolýusioner milletçiler hökmünde paş edilen Täçnazarow, Gurtmyradow, Nasyrly dagy gatnaşypdy. Kontrrewolýusionerler, şol sanda Derýaýew hem lingwistik gurultaýyň garşysyna çykyş edipdiler. Meselem: Derýaýew ozal kabul edilen meseleler bolan sesleriň düşüp galmak kadasyna we agllýutinasiýasyna garşy metbugatyň üsti bilen çykyş etdi. Bu meselä Baýlyýew hem gatnaşypdy, ýöne Baýlyýew onuň penjesine öz seresapsyzlygy zerarly düşüpdi. Derýaýew gurultaýda sintaksis ýaly möhüm mesele hakynda doklad etmelidi. Emma onuň tezisleri bulaşykdy, şoňa görä, doklady hem örän şowsuz çykypdy. Gurultaýdan soň, lingwistik gurultaýyň kararyny çap etmelidi, ýöne bu işi hem başa bardyrmandylar. Derýaýew kontrrewolýusioner milletçiler Nasyrly bilen ýygy aragatnaşyk saklaýardy. Derýaýewiň redaktirlän tezisleri metbugatda tas golsuz çykypdy, emma wagtynda munuň öňi alyndy. Pedinstitutyň apparatynyň birinji arassalanylyşynda Derýaýewiň hiç zat etmän, klasda 10–15 minutlap gol gowşuryp oturandygy hakynda aýtdylar. Ol ýewropa bölümlerinde hem türkmen diliniň okadylyşynyň arasyny bölüpdir. Hemme milletçiler ruslaryň türkmen dilini öwrenmeklerini zerur däl hasaplap, olar türkmen diliniň öwredilmezligini talap edýärdiler. Derýaýewiň hem sapak wagtynda düýbünden başga temalardan gürrüň edýändigini studentler gaty oňat bilýärler. Ol klasda studentleri tagta elipbiý tertibi boýunça çagyrýan eken. Beýle etmek bolsa, düýbünden bolanok. Meniň hut özüm onuň işine oňat gözegçilik etmändirin we oňa ýeterlik üns bermändirin. Derýaýewi öňki ýolbaşçylar tanaýardylar, emma hiç hili çäre görmeýärdiler, sebäbi olaryň özleri hem şu topara degişli adamlardy. Derýaýew işläbem bilerdi, muňa lingwistik gurultaýyň kararlaryny durmuşa geçirmek hakyndaky özüne ynanylan ýumşy ak ýürek bilen ýerine ýetirendigi hem güwä geçip biler. Emma Derýaýew ukrain kontrrewolýusioneri, rus edebiýatynyň ozalky «professory» Çapli bilen hem hyzmatdaşlyk edipdir. Men gyssagly Moskwa barmalydygym hakynda çagyryş biletini aldym, emma ol nämüçindir, haýsydyr bir ýol bilen Derýaýewe düşüpdir. Derýaýew özüniň paş ediljekdigini öňünden duýup, studentlere «Işler ýaramaz» diýibem aýdypdyr. Men ýol. A-nyň Derýaýewi işden boşatmak baradaky pikirini goldaýaryn. DIL WE EDEBIÝAT BÖLÜMINIŇ 4-nji KURSUNYŇ STUDENTI ÝOL. H-yň ÇYKYŞ: - Derýaýew 1932-nji ýylda çap edilen okuw kitabynda kontrrewolýusion-duşmançylykly ýalňyşlyklary goýberdi. Derýaýew türkmen dilini okadan wagtynda, bize düşnüksiz ýerleri düşündirmeýär. Studentler «Türkmen dili dil däl-de, nämedir başga bir zat» diýip, bolgusyz zatlary aýdanlarynda hem, Derýaýew olara degerli gaýtawul bermedi. Derýaýew studentleri milleti boýunça ala tutýar: gazakmy ýa özbek bolsa, olara öz sowadyny beresi gelenok. Klasda sapak geçmek üçin berilýän wagty netijeli peýdalanmaýar. Men türkmen dilinden «kanagatlanarsyz» baha aldym. Näme üçin? Sebäbi ol meni ýigrenýär. Ýogsa men özüme berlen soraglara dogry jogap berdim, ýöne ol meniň jogaplarymy nädogry hasap etdi. Derýaýewi kontrrewolýusioner, troskiçi-milletçi diýip hasap etmek gerek we institutdan onuň gümüni çekmek gerek. ÝOL. A. - yň ÇYKYŞY: - Ýol. H. «Derýaýew ýalta we sapak geçmek üçin berilýän wagty netijeli peýdalanmaýar» diýip aýtdy. Ýöne muny Derýaýew bilgeşleýin şeýle edýär. Ýol. P. çykyş eden wagtynda, Derýaýew oturan ýerinden ýaňsyly sözleri aýdyp, gelşiksiz hereketleri edýär. Onuň sintaksis hakyndaky okuw gollanmasynda gönükme işlemek üçin nädogry materiallar alnypdyr. Ol özüniň «Ganly penjeden» atly romanynda 1915–16-njy ýyllary suratlandyranda, bilkastlaýyn birnäçe syýasy ýalňyşlyklary goýberipdir. Munuň üstesine-de, romanyň ady kitabyň mazmuny bilen gabat gelmeýär. Derýaýew bilgeşleýin batraklary, garyp adamlary düşünjesiz adamlar edip görkezjek bolupdyr. Men öňki çykyş eden ýoldaşlaryň ony işden boşatmak hakyndaky pikirleri bilen ylalaşýaryn. ÝOL. D. -yň ÇYKYŞY: - Lingwistik gurultaýda Derýaýew «...» formasynyň garşysyna çykyş etdi, soň bolsa «...» formasynyň tarapynda boldy, soňra ol ýene «...» häzirki zaman formasynyň tarapynda durup, metbugatda çykyş etdi, bu-da bilgeşleýin edilen zat. Derýaýew tarapyndan redaktirlenilmeli lingwistik gurultaýyň resenziýalaryny türkmen diline geçirmek kontrrewolýusion-milletçi Pereňliýewe tabşyrylypdy. Wagt geçdi, zähmetkeşler lingwistik gurultaýyň rezolýusiýalaryna garaşýardylar. Emma Derýaýew teksti bilgeşleýin saklap, bütin işi duruzdy. Şeýtmek bilenem milletçilere kömek berdi. Garryýew Baýlyýewiň we Sopyýewiň okuw kitabyna rezensiýa berdi, emma Garryýew rezensiýany Derýaýew bilen bilelikde düzüpdi, ýöne meniň özüm Derýaýew bilen hiç hili gatnaşyk etmedim, şonuň üçinem ol meni kontrrewolýusion meýillere ugrukdyryp bilmedi. Meniň pikirim: biz mundan beýläk Derýaýewi pedinstitutda galdyrmaly däl. ÝOL. B. – ýewiň ÇYKYŞY: Ýol. B. “Derýaýew köp ýalňyşlyklary goýberdi” diýip aýdýar. Meselem: «Edebi dili döretmek üçin biz garaşsyz bolmalydyrys». («Kommunistler magaryfy» žurn. № 19–20, 1932 ý.) «Guramalarda hemmeler diňe bir dilde işlemelidirler, şonda apparaty çuňlaşdyryp bolar». («Компросвещения» журн. 1932 ý.) - Beýle zatlary diňe kontrrewolýusion milletçiler aýdyp biler. Derýaýewi sowatsyz hasaplamak bolmaz, bu zatlary ol bilgeşleýin aýdýar. Bir gezek Derýaýew meni içişlige çagyryp, «Sen maňa garşymyň?» diýdi. Biz Derýaýew bilen birlikde, rezolýusiýanyň proýektine garşy gazete makala ýazypdyk, ýöne muny meniň gowşak tarapym hem keselim diýip hasap ediň. Milletçiler lingwistik gurultaýyň kararlaryny ulanyp bolmaz ýaly etmäge çalyşdylar. Milletçiler diňe zyýan etdiler, muny olaryň maňa lingwistik gurultaýyň rezolýusiýalaryny 16 gezek redaktirledendikleri hem görkezýär. Derýaýew meniň goýberen ýalňyşlyklarymy «kesel» wagtyma salgylanyp düşündirdi. Ýöne kontrrewolýusion-milletçileriň bir toparynyň paş edilen ýeri bolan Döwlet neşirýaty tarapyndan hem ýalňyşlyklar goýberilipdi. Biz Derýaýew bilen birnäçe dawaly grammatik düzgünlerde ylalaşyp bilmedik, şol bir sözi ol birhili ýazýar, men birhili ýazýan, onsoň studentleriň arasynda şol bir sözüň ýa-da başga bir sözüň dogry ýazylyş kadasy hakynda dawa tutaşýar. Derýaýewiň sintaksisden taýýarlan gollanmasynyň ikinji neşirinde-de hemme zat ýerbe-ýer däl. Derýaýew Poseluýewskä B. edebiýat ogurlygy bilen meşgullanýar diýip aýdypdyr, ýöne ol muny nirden bilýär, men-ä bilmedim. Garryýewiň ýazan rezensiýasy sowatsyzdy. Derýaýew hakykatdanam milletçi, ony institutda galdyrmak bolmaz. ÝOL. P. –sowyň ÇYKYŞY: - Meniň hut özüm lingwistik gurultaýyň rezolýusiýalarynda ýalňyşlyklaryň bardygyny heniz metbugatda çykmanka görüp, Derýaýewe habar berdim. Ol bolsa maňa «Ýalňyş bolsa, özüňiz düzedersiňiz» diýip aýtdy. Menem oňa «Men düzedibilen zatlarymy düzederin welin, ýöne siz redaktor hökmünde jogapkärçilik çekýäňiz» diýdim. Ol ähli günäni meniň üstüme ýüklemekçi boldy. Men Sopyýew bilen bilelikde rezolýusiýany ýene bir gezek barlap gördüm hem-de onuň hakykatdanam kontrrewolýusion äheňde ýazylan ekendigine göz ýetirdim. Derýaýew bu zatlaryň ählisini bilgeşleýin edýär. Ol gazetde çykyş edenden soňra, maňa «Nämüçin gazetde çykyş edendigimi özümem bilemok» diýip aýtdy. Men ony işinden boşatmaly diýip hasap edýärin. DIL WE EDEBIÝAT BÖLÜMINIŇ 4-nji KURSUNYŇ STUDENTI H. - anyň ÇYKYŞY: - Derýaýew dil we edebiýat kafedrasynyň bölüm müdiri hökmünde meni instituta hiç bir synagsyz kabul etdi. Okuwa kabul edilen studentleriň bilim derejesi dürli-dürli, biz instituty düýbünden sowatsyz diýen ýaly tamamladyk. Biz studentler ol ýa-da başga bir sözi nähili ýazmalydygyny hem bilmedik. Sebäbi ol sözleri Baýlyýew bir hili ýazýar, Derýaýew başga bir hili. Derýaýewi halk duşmany hökmünde işinden boşatmak gerek. ÝOL. M. -konyň ÇYKYŞY: - Derýaýew 1932-nji ýyldaş başlap, edebiýatda we öz gündelik işinde yzygider kontrrewolýusion-milletçilikli propaganda edip gelýär. Ol «Siz näme türkmen institutyna sokulyp gelýäňiz, baryň, Kazana gidiň-dä» diýip göni aýtdy. Ol muny studentkalar Sokolowa bilen Adogwinowa-da aýtdy. Lingwistik gurultaýda ol Nogyrinid bilen birlikde, partiýanyň we döwletiň geçirýän çärelerine garşy çykyş etdi. Gurultaýdan soň hem-de onuň materiallaryny redaktirlän döwründe, bilkastlaýyn milletçilikli ideýalary ýaýratdy. Haçanda buržuaz milletçileri paş edilende, ol «Türkmen aktiwini tussag edýärler, apparat ruslaşyp barýar» diýip aýtdy. Institutdaky ähli türkmenlere «Hemmämiz işden gideliň, hany, onsoň göreli, olar kim bilen işlärlerkä» diýip, olary işden gitmäge yrmaga çalyşdy. Bu-da Derýaýewiň kontrrewolýusion propagandasy. Mugallymy sowet mekdebinde okatmak hukugyndan kesmek gerek. ÝOL. S. -iň ÇYKYŞY: - Derýaýew Poseluýewskiý bilen Bogdanowanyň giden mahalyndan peýdalandy. Gurtmyradow, Nasyrly, Derýaýew we beýleki kontrrewolýusionerler lingwistik gurultaýyň kararlaryndan birnäçe punktlaryň aýrylmagyny gazandylar. Derýaýew lingwistik gurultaýyň rezolýusiýalaryny redaktirlän mahalynda, birnäçe gezek ýalňyşlyklary bilkastlaýyn goýberdi. Garryýew Baýlyýew bilen Sopyýewiň okuw kitabyna rezensiýa ýazýan mahalynda maňa «Baýlyýew we Sopyýew edebiýat ogrulary» diýip aýtdy. Emma Garryýewiň hut özi uly baýyň ogly we onuň Derýaýew bilen hem arasy bar. Derýaýewiň hem kontrrewolýusioner Esen Soltannyýazow we Garahanow bilen arasy bar. DIL WE EDEBIÝAT BÖLÜMINIŇ 4-nji KURSUNYŇ STUDENTI G. -iň ÇYKYŞY: Ol çykyş edip, Baýlyýewiň we Sopyýewiň kitabyny resenzirläp, diňe peýda edendigini, Derýaýew bilen hiç hili gatnaşygynyň ýokdugyny aýtdy. ÝOL. K. –iň ÇYKYŞY: - Poseluýewskiý Baýlyýew barada gürrüň edende, «Gowşak häsiýet biziň hemmämizde hem bar» diýip aýtdy. Kontrrewolýusioner A-nyň eden işlerini giň köpçüligiň öňünde aýtmadylar we onuň goýberen ýalňyşlyklaryny özüne düşündirmediler. Prof. Poseluýewskiý pedagoglaryň we Derýaýewiň işini barlamady we şoňa görä-de, kontrrewolýusionerleri öz wagtynda paş edip bilmedi. Şunuň özi biziň hüşgärligimiziň ýeterlik derejede däldigini görkezýär. Milletçi Taýymow pedsowetde paş edilmelidi. Direksiýa studentler Bazarowy, Myradowy milletçiler hökmünde görkezdi. Bazarowyňam, Elwanowyňam garyndaşlary sürgün edilen adamlar. Bu studentler bolsa, bizde okaýarlar. Studentler Elwanowyň, Bazarowyň, Garryýewiň, Körpäýewiň özüni alyp barşyny içgin öwrenmeli we olar bilen örän hüşgär bolmaly. Derýaýew özüni uly saýýar, hiç kimi – MK-ny hem, MIK-i hem hiç zatça görenok. Ol Fituny bilen dil gurluşyna garaýşy barada gürrüň edende, ýolbaşçy organlara özüniň ynanmaýandygyny hem aýdypdyr. (ÝOL. K.DERÝAÝEWIŇ MAKALASYNDAN KÄBIR BÖLEKLERI OKAÝAR). Çykyş eden ýoldaşlar Derýaýewe milletçi hem kontrrewolýusioner diýip örän dogry baha berdiler. Biziň örän hüşgär bolup, öz kafedramyzyň mugallymlaryny, studentlerini barlap çykmagymyz gerek. Milletçi G.-ýew hem öz milletçilikli garaýyşlary bilen çykyş etdi. Şular ýaly kontrrewolýusioner duşmanlar biziň hatarymyzdan köki-damary bilen ýok edilmelidir. DERÝAÝEWIŇ ÇYKYŞY: - 1932-nji ýylda öz makalamy ýazyp ýören wagtymda, köne dil bilimi okadylýan ýokary okuw jaýyny ýaňy tamamlapdym. Biz diliň marksistik teoriýasyna näbeletdik, şonuň üçinem men metbugatda köne dilçileriň nukdaý nazaryndan çykyş edipdim. Men şol döwürde özümiň ýalňyşlarymy boýun alybam çykyş edipdim. Türkmen dili heniz doly işlenilmedik dil. Bizde-de, hemmelerde-de ýalňyşlyklar bar... Meselem, Poseluýewskiniň «Turkmensikiý folklor» diýen kitabynda goýberilen ýalňyşlyklar hem meniňkiden az däl. Men öz ýalňyşymy boýnuma alaryn, ýöne käbir ýoldaşlar meni nädogry aýyplaýarlar. Bu maňa gaty agyr degýär. Gurultaýyň materiallaryny redaktirleýşim barada şulary aýdyp bilerin: elbetde, men ýalňyş goýbermezim ýaly, materiallary ünsli hem oňat okamaly ekenim, men gurultaýyň rezolýusiýalaryny redaktirlemek işine syýasy taýdan seresapsyz çemeleşipdirin. P. «Menden hiç zat soramady» diýip aýdýar. Siz meniň soraglaryma asla jogap bermeseňiz näme! Onsoňam maňa Berdiýew bilen tanyş diýip aýdýarlar, asla beýle däl. Olar maňa «Biz bilen ýygy aragatnaşykdady» diýip aýtmazlar. Dogry. Berdiýew Daşkentde mugallymdy, ýöne men onuň elinde okamandym. Taýym Berdiýew meni kontrrewolýusioner topara hem çekenok. Maňa «Ýewropaly toparlar bilen ýaramaz işleýär» diýip aýtdylar, muny barlap göräýmek gerek, men olar bilen erbet işländirin öýdemok. Men studentleri milleti boýunça hem bölemok, eger bardy-geldi böläýen hem bolsam, diňe bilim derejesi boýunça bölendirin. F. bir topar artykmaç zatlary aýtdy. Meselem, men oňa «Meniň üçin MK nämemişin» diýip hiç haçan aýdamok. Meniň 1931-nji ýyldaky işlerimde ýalňyşlyklar bolupdy, olar känemdi, ýöne men bilkastlaýyn milletçi bolmandym. Men aýtmaly ýerinde başga adamlaryň işleri hakynda hem aýdaryn. Dil we edebiýat kafedrasynyň giňeldilen ýygnagy fakultetiň işgäri ýol. A-nyň Derýaýewiň kontrrewolýusion-milletçilikli hereketi hakyndaky maglumatyny diňläp, Derýaýewi institutdaky öz işinde hem metbugatda eden çykyşlarynda yzygider kontrrewolýusion-milletçilikli ideýalary ýaýradan («Kommunistler magaryfy» žurnaly, № 19–20, 1932 ý.) kontrrewolýusioner milletçiler Beki Berdiýew, Pereňliýew, Şahberdiýew, Taýymow bilen Daşkentde, soňky ikisi bilen Aşgabatda jebis gatnaşykda bolan adam diýip belleýär. Lingwistik gurultaýyň kararlaryny redaktirlän mahalynda, bilkastlaýyn milletçilikli äheňdäki ýalňyşlyklary goýberdi, ol kararlaryň wagtynda çap bolup çykmagyna päsgel berdi. Bu möhüm ähmiýetli syýasy çäräni geçirtmejek bolup çalyşdy. Derýaýew institutda işleýän mahalynda, bilkastlaýyn milletçilikli syýasaty ulanyp, başga milletden bolan studentlere «Barybir, sizden hiç zat çykmaz» diýip, olary okuwlaryny taşlamaklyga yrmaga çalyşdy. Milli kadrlary taýýarlamak işine zeper ýetirdi. Derýaýew öz töweregine adam toplamaga synanyşdy hem-de olary «Türkmen işgärlerini tutdular» diýip, institutdan gitmäge yrjak bolup çalyşdy. Derýaýew dil gurluşy boýunça geçirilmeli dürli çärelere taýýarlyk işlerini başa bardyrmajak boldy, Baýlyýewi, Poseluýewskini abraýdan gaçyrmaga çalyşdy. Derýaýew tutulmazlarynyň iň soňky gününe çenli Ata Nyýazow bilen Çaryýewiň öýünde Alyýew, Çaryýew, Şahberdiýew, Ata Nyýazow dagylaryň oturlyşyklaryna gatnaşyp gezdi. Giňeldilen ýygnak Derýaýewi institutda işlemäge mynasyp däl diýip hasap edýär we direksiýadan Derýaýewi işinden boşatmagy hem-de onuň işini kontrrewolýusioner milletçi hökmünde, degişli guramalara geçirmegi haýyş edýär. Institutyň direksiýasyna we partguramasyna Taýymowyň işini kommunistik ýokary okuw jaýyndan milletparazçylygy üçin, milletçiler Pereňliýew, Derýaýew we başgalar bilen gatnaşyk edendigi üçin kowlan hökmünde, ara alyp maslahatlaşmagyny haýyş etmeli. Studentleriň arasynda syýasy taýdan ygtybarsyz adamlar bar we olar bilen gatnaşylanda hüşgär bolmaly, olaryň işini gündelik barlap durmaly. Rezolýusiýa sesleriň köplügi esasynda, ýagny 21 adamyň ses bermegi bilen kabul edilýär. Hydyr DERÝAÝEWI tussag etmek hakynda S P R A W K A Hydyr DERÝAÝEW 1905-nji ýylda doglan, Türkmen pedagogiki institutynyň dil we edebiýat kafedrasynyň ozalky dosenti, ýokary bilimli, doglan ýeri Mary raýonynyň 2-nji Gökje obasy, Derýaýew pedinstitutda işlän döwründe we metbugatda çykyş edende, gönüden-göni kontrrewolýusion-milletçilikli ideýalary ýaýratdy. Meselem, Derýaýew «Kommunistler magaryfy» žurnalynyň 1932-nji ýyldaky sanynda şeýle ýazýar: «Türkmen halkynyň öz edebi dili ýok. Edebi dil hemme zatlar diňe türkmen dilinde geçiriljek ýeke-täk türkmen döwleti bolan mahalynda bolup biler». Soňra ol: «Öňki wagtda (han-begleriň döwrüni göz öňünde tutýar), türkmen halkynyň edebi dili bardy» diýip, XVIII–XIX asyr türkmen ýazyjylarynyň eserlerine salgylanýar. Derýaýew bilkastlaýyn milletçilikli syýasat geçirdi, başga milletden bolan studentlere okuwlaryny taşlap, öz respublikalaryna gitmegi ündäp, olary yrjak boldy, iş ýüzünde bolsa «T. A»1 atly kontrrewolýusion-milletçilikli guramanyň «Türkmenistan – türkmenler üçindir» diýen şygaryny propagandirledi. Derýaýew türkmenleriň okuwa iberilişi hakynda gürrüň edip, şeýle diýýär: «Bu zatlaryň barysy ýasama, türkmenler üçin hiç ýerde serişde tapmazlar». Ylmy-barlag institutynyň işgäri bilen gürüň edende, Derýaýew şeýle diýipdir: «Tizden institutdan giderin, onsoň, goý, ruslar işläbersin», pedinstitutyň himiýa mugallymy Nyýazow bilen eden gürrüňinde bolsa Derýaýew: «Ruslara-ha ylmy komandirowkalary berýärler, türkmenlere bolsa, berenoklar» diýip, özüni mysal edip aýdypdyr. Derýaýew gurultaýyň rezolýusiýasynyň terjimesini bilgeşleýin aýratyn sözleri we sözlemleri nädogry terjime edip, galplaşdyrypdyr ýa-da tipografiýanyň korrektory Derýaýewiň golýazmalaryny ýygşyryp, bilgeşleýin nädogry terjimäni korrektirläpdir. Derýaýewiň urulmagy üçin material toýlamakçy bolupdyr. Bu düşündiriş hiç kimi düýbünden kanagatlandyranok. Lingwistik gurultaýyň kararlaryny redaktirlän mahalynda bilkastlaýyn milletçilikli ýalňyşlyklary goýberdi, ol kararlaryň öz wagtynda çykmagyna päsgel berdi. Gurultaýda öz eden çykyşlaryndan käbir materiallary aýyrdy. Derýaýewiň kontrrewolýusion-milletçilikli hereketi pedinstitutyň studentleriniň we mugallymlarynyň çykyşlaryndan hem subut bolýar, Derýaýewiň işi dil we edebiýat kafedrasynyň ýygnagynda ara alnyp maslahatlaşylypdyr. Hydyr Derýaýew kontrrewolýusion-milletçilikli hereketleri üçin tussag edilmäge degişlidir. bölümiň naçalnigi, döwlet howpsuzlyk gullugynyň kiçi leýtenanty A. bölümiň oper. upolnomoçennisi, döwlet howpsuzlygy gullugynyň seržanty Ş. SORAGYŇ PROTOKOLY 1937-nji ýylyň 11-nji noýabr güni men, ýagny, DHU-nyň bölüminiň operupolnomoçennisi, Döwlet howpsuzlygy gullugynyň seržanty A. şu gün gr. T.P.G.A.-ny şaýat hökmünde sorag etdim. Şaýat galp maglumatlary berse, TSSR JK-nyň 73-nji maddasy bilen jogapkärçilige çekiljekdigi duýdurylandan soňra, şu aşakdaky maglumatlary berdi: SORAG: Siziň pedinstitutyň ozalky dosenti Derýaýewiň dil gurluşy baradaky meselede eden kontrrewolýusion-milletçilikli hereketi barada bilýändigiňiz hakynda derňew maglumatlary bar, bize şol zatlar barada gürrüň beriň. JOGAP: Derýaýewi men takmynan 1936-njy ýyldan bäri tanaýaryn, şoňa çenli men onuň bilen tanyş däldim. Aýratynam, men ony 1936-njy ýylyň maýynda lingwistik gurultaýa taýynlyk görülýärkä oňat tanadym. Derýaýewiň gurultaýy çagyrmak hem-de oňa taýýarlyk görmek hakyndaky komissiýanyň bir çleni bolmak bilen, gurultaýda ara alyp maslahatlaşylmaga niýetlenilen dil gurluşynyň meseleleriniň ähli ýagdaýlary barada ylalaşandygy, emma lingwistik gurultaýyň açylmazynyň öň ýanynda metbugatda, aýratynam, «Sowet Türkmenistany» gazetinde belli bir adamlaryň, şol sanda onuň hut özüniň hem gatnaşmagynda taýýarlanylan kesgitlemeler bilen ylalaşmaýandygy babatda çykyş edendigi maňa mälim. SORAG: Derýaýewiň metbugatda çykyş etmegine näme sebäp bolupdyr? JOGAP: Maňa bu soraga jogap bermek kyn, ýöne men Derýaýew metbugatda çykyş etmek bilen gurultaýyň işine we onuň kadaly geçmegine zelel etmekçi bolandyr diýip çak edýärin. SORAG: Lingwistik gurultaýyň öňünde nähili wezipeler durýardy we gurultaýyň açylmazynyň öňünden taýýarlanylan materiallar gurultaýyň öňünde duran wezipeleriň amala aşyrylmagyny üpjün edip bilermidi? JOGAP: Lingwistik gurultaý Böriýewiň, Geldiýewiň we beýleki milletçi-pantürkçileriň tagallasy bilen, dilimizde şu mahala çenli dowam edip gelen bulam-bujarlyklary aradan aýyrmagy maksat edinýärdi. Şonuň bilen birlikde, dil baýlaşyp, giň köpçüligiň gazanan baýlygyna öwrülmelidi, ýogsam bolmasa, diliň bulaşdyrylmagy halkyň milli ösüşine zeper ýetirjekdi. Gurultaýdan öň taýýarlanylan materiallar şu meseleleriň durmuşa geçirilmegini üpjün edip biljekdi, iň esasysy hem, diliň mundan beýläk-de ösmegine ýardam etjekdi. SORAG: Lingwistik gurultaýda Derýaýew özüni nähili alyp bardy? JOGAP: Derýaýewiň özüni alyp barşy gaty geň boldy, aýratynam onuň öz pikirinde durup bilmän, üýtgäp durandygy ünsi çekdi, her haýsy bolanda-da, ol gurultaýyň işini dogry ýoldan azaşdyrjak bolup, şonuň netijesinde hem onuň ähli işini puja çykarjak bolup çalşandyr diýip pikir edýärin, emma oňa beýle etmäge ýol bermediler. Çünki gurultaýyň özünde bu mesele MK-nyň ýolbaşçy işgärleri tarapyndan berk işlenilip geçildi. SORAG: Derýaýew gurultaý tamamlanandan soňraky döwürde özüni nähili alyp bardy? JOGAP: Derýaýewiň özüni alyp barşy gurultaýdan soňam özgermedi. Oňa dil we edebiýat institutynyň uly ylmy işgäri hökmünde, gurultaýyň materiallaryny redaktirlemek işi ynanyldy, ol bolsa, şol materiallarda orfografiki-grammatiki ýalňyşlyklaryň hem, ylmy-syýasy ýalňyşlyklaryň hem ençemesini goýberdi. Bu ýagdaý bolsa, gurultaýyň materiallarynyň öz wagtynda çap edilmegine zeper ýetirdi. SORAG: Derýaýew tarapyndan goýberilen ýalňyşlyklar onuň ýeterlik taýýarlyk görmändiginiň netijesidir diýip pikir etmeýäňizmi? JOGAP: Beýle pikir etmek ýalňyşlyk bolardy, sebäbi Derýaýew türkmen dili barada ýeterlik derejede ylymly adam, üstesine-de ol gurultaýyň öňünden geçirilen işlere-de, gurultaýyň işine-de gatnaşdy. Derýaýewiň özüni alyp barşyny, bilkastlaýyn dil gurluşyny bozmak hem-de ony öňki bulaşyk derejesinde galdyrmaga çalyşmak diýip hasaplaýaryn. Maňa okalyp berlen protokol meniň adymdan dogry ýazylan, şoňa-da golumy goýýaryn. Gol. SORAGYŇ PROTOKOLY 1937-nji ýylyň noýabrynyň 14-di güni men, ýagny, DHU-nyň bölüminiň operupolnomoçennisi, döwlet howpsuzlygy gullugynyň seržanty A. gr. B-ny şaýat hökmünde sorag etdim. Galp maglumatlary berse, jogapkärçilige çekiljekdigi baradaky duýduryş berlenden soňra, şaýat şu aşakdaky maglumatlary berdi: SORAG: Siz Derýaýewi ir wagtdan bäri tanaýarmysyňyz, siz onuň bilen haçandan bäri tanyş? JOGAP: Hydyr Derýaýewi men 1929-njy ýylda, Daşkentde OADU-nyň gündogar fakultetinde bile okan wagtymyzdan bäri tanaýaryn, men onuň bilen şonda tanyşdym. Meni onuň bilen Bekgi Berdiýew diýen adam tanyşdyrypdy, şol döwürde ol Gündogar fakultetiniň dosentidi, ol biziň kursumyzy türk-tatar dilleri boýunça konsultirläpdi. 1930-njy ýylda men Daşkentden gaýtdym we Derýaýew bilen ýene-de Aşgabatda 1935-nji ýylda sataşdym. SORAG: Beki Berdiýew häzirki wagtda nirede? JOGAP: Derýaýewden eşidişime görä, Bekgi Berdiýew kontrrewolýusion hereketleri üçin sud edilip, 10 ýyl iş kesilip, Demirgazykda bir ýerlerde öz jezasyny çekýän bolmaly. SORAG: Derýaýew bilen Bekgi Berdiýewiň gatnaşygy dogrusynda siz näme bilýärsiňiz? JOGAP: 1929-njy ýylda Bekgi Berdiýew Derýaýewi ukyply hem-de geljegine umyt bildirilýän student – türkmen hökmünde häsiýetlendirdi we maňa mälim bolşuna görä, olaryň arasynda jebis dostluk gatnaşyklary bolan bolmaly. Men Aşgabada gelenimden soňra, iki gezek Derýaýewiň çakylygy bilen onuň öýünde boldum. Birinji gezek baranymda, biziň aramyzda Bekgi Berdiýew hakynda gürrüň ýüze çykdy. Gürrüň arasynda Derýaýew meniň häzir Bekgi Berdiýewiň niredeligi hakyndaky sowalyma göni jogap beresi gelmän, gürrüňi başga ýana sowmak bilen boldy. Ikinji gezek baranymda, Derýaýew maňa Beki Berdiýew tarapyndan iberilen haty görkezdi. Şol hatda Bekgi Berdiýew Derýaýewden öz maşgalasynyň nirde ýerleşýändigini habar bermegi, şonuň bilen birwagtda hem özüne 10 ýyl möhlet bilen iş kesilendigini aýdyp, türkmen kitaplaryny ibermegini soraýardy. Hatdaky Bekgi Berdiýewiň bir jümlesi hasam ünsüňi özüne çekýärdi, ol Derýaýewiň ylmy hem döredijilik işleri hakynda sorap, şeýle ýazýardy: «Sen henizem ozalkylaryň ýaly, biderek zatlar bilen meşgul bolup ýörmüň?» Gürrüň arasynda Derýaýew menden «Bekgi Berdiýewe jogap bermek hatarly dälmi» diýip sorady, menem oňa: «Özüňiz bilýäňiz» diýip jogap berdim. Birnäçe wagt geçenden soň, Derýaýew maňa özüniň Bekgi Berdiýewe bir küt gazet we kitap iberendigini, ýöne soň bir zatlaryň bolaýmagyndan çekinip, özüniň adresini görkezmändigini aýtdy. Derýaýew meniň bilen gürrüň edende, «Bekgi Berdiýew ýaly ýerli milletden bolan şeýle akylly, talantly, ylymly adamlary uzak demirgazyga kowup, ähli işlerden gyrakladýarlar» diýip, nägilelik bildirip aýtdy. SORAG: Türkmenistanda 1-nji lingwistik gurultaýa taýýarlyk görülýän wagtda, Derýaýew nähili rol oýnaýardy? JOGAP: Derýaýew gurultaýa taýýarlyk işine orfografik we terminologik komissiýanyň çleni hökmünde goşulypdy. SORAG: Derýaýewiň gurultaýa taýýarlyk görülýän mahalda we gurultaý geçýän döwürde kontrrewolýusion hereketi nämeden ybarat? JOGAP: Gurultaýa taýynlyk görülýän döwürde Derýaýew buržuaz ideologiýasynyň kontrrewolýusionerleri Böriýew, Geldiýew we beýlekileriň hem goldaýan, dil gurluşynda feodal döwründen galan köne ýazuw diliniň möwritini geçiren formalaryna salgylanyp, özüni reaksioner adam hökmünde görkezdi. Ilki başda Derýaýew orfografik reforma bütinleý garşy bolup, birdenem onuň ölemen tarapdary bolup, ilki başdaky proýektleriň, düzgünnamalaryň ählisi bilen ylalaşyp otyr. Orfografik kadanyň proýekti Derýaýewiň hut özüniň hem gatnaşan komissiýasy tarapyndan biragyzdan makullanylandan soňra, gurultaýyň açylmagyna birki gün wagt galanda, «Derýaýew Baýlyýewi hem öz tarapyna çekip, «Sowet Türkmenistany» gazetinde hut özüniň hem birnäçe gün mundan ozal kabul eden şol esaslaryna garşy çykyş edýär. Gurultaý gidip duran mahalynda, Derýaýew gurultaýy ýalňyşlyga eltjek bolup, birnäçe gezek synandy. Emma oňa beýle etmek başartmady. Haçanda gurultaýda Derýaýewiň prowokasion-ugry paş edilenden soňra, ony HKS-yň başlygynyň ozalky orunbasary Sähedow öz ýanyna çagyrdy, ol Derýaýewe degerli görkezmäni beren bolarly, çünki Derýaýew Sähedowyň ýanyndan çykandan soňra, özüni seresabrak alyp bardy. Netijede Derýaýewiň gurultaýyň rezolýusiýalaryny redaktirlemek we çapa taýýarlamakda eden zyýanly hereketleri paş edilenden soňra, Sähedow Derýaýew barada meniň bilen eden gürrüňinde, meniň isleglerimiň iň ýönekeý meseleleri hem çylşyrymlaşdyrjakdygyna salgylanyp, Derýaýewiň tarapyny çaldy hem-de öz ýanyna Derýaýewiň iberilmegini sorady, şondan soňra, Derýaýew ganatlanan ýaly boldy we öz eden işlerinden birjigem müýnürgemän, özüni gaty arkaýyn duýdy. SORAG: Derýaýewiň gurultaýyň kararlaryny redaktirlän mahalynda alyp baran kontrrewolýusion hereketi nämeden ybarat? JOGAP: Derýaýewiň kontrrewolýusion hereketi, onuň gurultaýyň rezolýusiaýalaryny redaktirlände goýberen ençeme grammatik ýalňyşlyklaryny hasaba almanyňda-da, bilkastlaýyn goýberen syýasy we ylmy ýalňyşlaryndan ybarat. Bu zatlary etmek bilen, ol gurultaýyň işini abraýdan gaçyrmak, iň soňunda bolsa, onuň ähli işini puja çykarmak isledi. Ol öz günäsini gizlemek maksady bilen, korrekturanyň sahypalarynda familiýasyny goýmandyr, redaktor Derýaýewiň gol çeken golýazmasynyň asyl nusgasy bolsa, birden ýitirildi hem dil we edebiýat instituty tarapyndan alnyp barlan uzaga çeken irginsiz gözleglerden soň, korrektor Ysmaýylowyň stolundan tapyldy. Meniň adymdan ýazylan sözler dogry, protokoly okadym. Gol. SORAGYŇ PROTOKOLY 1937-nji ýylyň 15-nji noýabr güni men, DHU-nyň bölüminiň operupolnomoçennisi, döwlet howpsuzlygy gullugynyň seržanty A. gr. K-ny şaýat hökmünde sorag etdim. Özi hakynda şeýle maglumatlary berdi. Galp maglumatlary berse, TSSR JK-nyň 73-nji maddasy bilen jogapkärçilige çekiljekligi baradaky duýduryş berlenden soňra, şaýat şu aşakdaky maglumatlary berdi: SORAG: Hydyr Derýaýewi näwagtdan bäri tanaýarsyňyz? JOGAP: Hydyr Derýaýewi men 1931-nji ýyldan, onuň Pedinstituta işe gelen wagtyndan bäri tanaýaryn, şol wagt men Pedinstitutda studentdim. SORAG: Siz Hydyr Derýaýewiň öýünde bolduňyzmy, iň soňky gezek haçan bolduňyz? JOGAP: Hydyr Derýaýewiň öýünde men umuman alanyňda, jemi üç gezek boldum, iň soňky gezek men onuň öýüne şu ýylyň sentýabr aýynda barypdym. Men şonda okuw planyny düzmek üçin görkezmeleri alaýyn diýip barypdym. SORAG: Siziň Derýaýewiň kontrrewolýusion hereketi hakynda bilýändigiňiz barada bizde derňew maglumatlary bar. Ol hakda gürrüň beriň! JOGAP: Sentýabryň aýagynda, noýabryň başynda men institutyň partiýa komitetiniň, dil we edebiýat kafedrasynyň tabşyrygy bilen H. Derýaýewiň işini onuň milletçilikli hereketi bilen baglanyşyklylykda derňemeli boldum. Derňew wagtynda men Derýaýew bilen bile işlän birnäçe adamlar bilen sataşmaly, onuň ylmy we edebi işleriniň birnäçesi bilen tanyşmaly boldum. Pedinstitutyň mugallymy B.-nyň gürrüň bermegi bilen Derýaýewiň OADU-nyň Gündogar fakultetiniň studenti mahalynda belli kontrrewolýusioner, häzirki wagtda iş kesilen Bekgi Berdiýew bilen ýygy gatnaşykda bolandygyny anyklamak başartdy. Bekgi Berdiýew şol wagtlar OADU-nyň mugallymy eken. Mundan başga-da B. 1927-nji ýylda Daşkentde Amanguly, Meretmämmet, Atajan Meredow, Bugurçy Torumow, Hydyr Derýaýew ýaly adamlary özünde birleşdirýän troskiçi toparyň bardygyny hem gürrüň berdi. Bu topara Tumaýylow diýen biri ýolbaşçylyk edýän eken. B.-nyň özi hem şol wagtlar OADU-da okaýan eken. Ol ýaňky sanalan adamlar bilen studentler bilen gatnaşyşy ýaly gatnaşypdyr. B. şol toparyň Bakaýewiň, Ýewdokimowyň hem Zinowýewiň goly bilen bir hat taýýarlandygyny, şol hatda bolsa PK(b)P MK-nyň ýolbaşçylygyna, şol sanda ýol. STALINE nägilelik hem-de ynamsyzlyk bildirilendigi hakynda aýtdy. Bir gezek B. Derýaýewiň, Torumowyň we ýokarda görkezilen beýleki studentleriň bolýan jaýyna girende, Torumow howlukmaç ýerinden turup, stoluň üstünde ýatan bir kitaby gizlemekçi bolupdyr, ýöne Derýaýew ony saklap, kitaby gizlemegiň zerurlygynyň ýoklugyny aýdypdyr, ol kitabyň näme kitapdygyny B. bilenok, ýöne ol gadagan edilen kitap bolmaly diýip çak edýär. Mundan başga-da, B. Derýaýew OADU-dan kontrrewolýusion hereketler üçin kowuldy diýip aýdýar. Derýaýewiň «Kommunistler magaryfy» žurnalynyň 1932-nji ýyldaky 19–20-nji sanlarynda ýerleşdirilen makalasy awtoryň ýüzüni milletçi-kontrrewolýusioner hökmünde ýeterlik açyp görkezýär. Şol makalada Derýaýew «Köne türkmen edebi dili» diýen sözbaşynyň aşagynda «Edebi dili diňe ýeke-täk Türkmen döwleti bolup, ykdysadyýetem, apparatdaky syýasatam onuň elinde jemlenip, diňe bir dili ulanylan ýagdaýynda gazanyp bolar» diýip ýazýar. Kontrrewolýusioner-milletçiler Geldiýewem, Böriýewem şu hakynda wagyz etdiler. «T. A» guramasynda bolan buržuaz milletçilerem şu hakynda aýdypdylar. SORAG: Derýaýewiň lingwistik gurultaýyň kararlaryny redaktirleýän mahalynda eden kontrrewolýusion-milletçilikli hereketi hakynda siz nämeleri bilýärsiňiz? JOGAP: Derýaýewe lingwistik gurultaýyň kararlaryny redaktirlemek tabşyrylandygy, onuň dil gurluşy meselesinde ozal täze reformalara garşy bolup, grammatik ýalňyşlary hasaba almanyňda-da, birnäçe syýasy we ylmy ýalňyşlary goýberendigi maňa mälim. Şeýle ýagdaýyň döremegi bolsa, ençe nägilelikleriň ýüze çykmagyna, aýratynam mugallymlaryň arasynda ýüze çykmagyna eltip, şonuň netijesinde hem gurultaýyň kararlarynyň wagtynda çap bolup çykmagyny bökdedi. SORAG: Siz Derýaýewiň milletçilik bilen aýdan zatlaryndan nämeleri bilýärsiňiz? JOGAP: Dil we edebiýat institutynyň işgäri Fituny Derýaýew zähmet rugsadyndan gaýdyp geleninden soňra, bu awgust-sentýabr aýlarynda bolupdyr, onuň bilen duşuşyp, gürrüň edende, Derýaýew «işgärleri, türkmen kadrlarynyň ählisini tussag etdiler, siz indi kim bilen işlärsiňiz» diýip aýdypdyr. Meniň adymdan ýazylanlar dogry, soragyň protokolyny okadym, aşagyna golumy goýýaryn. Gol. SORAGYŇ PROTOKOLY 1937-nji ýylyň dekabr aýynyň 3-i güni men, IIHK-nyň DHU-nyň bölüminiň operupolnomoçennisi, döwlet howpsuzlygy gullugynyň seržanty Ýe. günäkär hökmünde aýyplanýan graždanin Hydyr Derýaýewden sorag etdim we ol ilki berlen soraglara şeýle jogaplary berdi. Aýaly Derýaýewa Kümüş 22 ýaşynda, öý hojalykçy, Aşgabat şäherinde ýaşaýar, ogly Derýaýew Eziz 5 ýaşynda, ejesi bilen Aşgabatda ýaşaýar. SORAG: Türkmen pedagogiki institutyndan, mugallymçylyk käriňizden näme sebäpli boşadyldyňyz? JOGAP: Türkmen pedagogiki institutyndan, mugallymçylyk kärimden men kontrrewolýusion-milletçilikli hereketlerim üçin boşadyldym. SORAG: Derňewe ideologiýa frontunda alyp baran kontrrewolýusion-milletçilikli hereketleriňiz barada gürrüň beriň. JOGAP: Ideologiýa frontunda meniň kontrrewolýusion-milletçilikli hereketlerim esasan şulardan ybarat: 1932-nji ýylda men bir makala ýazdym, ol «Kommunistler magaryfy» žurnalynyň 1932-nji ýyldaky 19–20-nji sanlarynda «Köne türkmen edebi dili» ady bilen çykdy. Şol makalamda men şol döwürlerde edebiýatda hem, «T. A» guramasynyň kontrrewolýusioner milletçileriniň ylmy işlerinde hem alnyp barlan kontrrewolýusion-milletçilikli ideýalary metbugat sahypasynda açyk girizdim. Men öz makalamda «Edebi dil edinmek diňe elinde ykdysadyýeti hem, syýasaty hem jemläp bilen ýeke-täk özbaşdak döwlet bolan ýagdaýynda, aparatda hem diňe bir dil ulanylan ýagdaýynda mümkindir» diýip ýazdym. Şondan soň, ýazan şol makalam meni milletçi hökmünde paş edenden soň, men öz makalamda hakykatdan hem kontrrewolýusion-milletçilikli ideýany girizendigimi we şol zerarly özümiň ýalňyşandygymy boýun alyp, metbugatda ýörite çykyş etdim. 1936-nji ýylda maňa 1-nji lingwistik gurultaýyň rezolýusiýalarynyň terjimesini redaktirlemek tabşyrylanda, men birnäçe syýasy hem ylmy ýalňyşlyklary goýberdim, men özümiň biperwaýlyk edendigimi boýun alýaryn. Şu sanan faktlarymdan başga men hiç hili kontrrewolýusion-milletçilikli hereket bilen meşgullanmadym. SORAG: Siz ýalan sözleýärsiňiz. Haçanda Aýtakow, Atabaýew we beýleki kontrrewolýusion-milletçiler paş edilen döwürlerinde, siziň studentleriň arasynda yzygiderli kontrrewolýusion-milletçilikli propagandany geçirendigiňiz hakynda bizde derňew maglumatlary bar. Siz şonda «türkmen aktiwini tussag edýärler, apparat ruslaşyp barýar» diýibem aýdypsyňyz. Öz milletçilikli propagandaňyz hakynda görkezme beriň. JOGAP: Men muny inkär edemok. Men hiç hili milletçilikli propagandany geçiremok. SORAG: Siz tutulan günüňize çenli kontrrewolýusion-milletçilerden kimler bilen aragatnaşyk sakladyňyz? JOGAP: Men hiç milletçi bilen hem aragatnaşyk saklamok. SORAG: Bekgi Berdiýew bilen näme? JOGAP: Bekgi Berdiýew bilen men diňe hat aragatnaşygyny saklapdym, ol iş kesilenden soňra, konslagerde gezip ýören ýerinden maňa bir hat iberdi, emma men Bekgi Berdiýewiň hatyna jogap bermedim. Meniň adymdan dogry ýazylan protokol bilen tanyşdym. Gol. AKT 1937-nji ýylyň dekabr aýynyň 3-i güni, Aşgabat şäheri. Şu akt, aýyplanýan Hydyr Derýaýew şu ýylyň 3-nji dekabrynda edilen soragyň protokolynyň bir sahypasyna gol çekmekden boýun towlandygy üçin düzüldi, aýyplanýanyň aýtmagyna görä, faktlar protokola ýazylanda, onuň 1932-nji ýylda metbugatda eden kontrrewolýusion hereketi hakynda protokolda diňe faktlar ýazylypdyr, emma onuň hereketleriniň sebäpleri welin, protokolda görkezilmändir. Şu akt hem ol sebäbe görä düzüldi. AÝYPLAW HATY 1937-nji ýyl, dekabr aýynyň 3-nji güni, Aşgabat ş. Men TSSR IIHK DHU-nyň bölüminiň operupolnomoçennisiniň kömekçisi, döwlet howpsuzlygy gullugynyň seržanty Ýe. 1905-nji ýylda, Mary raýonynyň 2-nji Gökje obasynda doglan, türkmen, SSSR-iň graždany, partiýada däl, gullukçy, ýokary bilimli, pedagogiki institutynyň ozalky dilçi mugallymy, tutulmazynyň öň ýanynda işsiz, 1937-nji ýylyň sentýabrynda pedinstitutda kontrrewolýusion milletçi hökmünde paş edilenligi we kowlanlygy bilen baglanyşykly, ideologiýa frontunda Sowet häkimiýetiniň garşysyna göreş alyp baran Aşgabat şäheriniň ýaşaýjysy, graždanin Hydyr Derýaýewiň aýyplanýan derňew işine seretdim. Ol 1929-njy ýylda heniz Daşkentde OADU-da student mahaly, häzirki döwürde paş edilen milletçi-kontrrewolýusionerler bolan Şahberdiýew, Taýymow, ylaýtada-da Beki Berdiýew bilen tä 1937-nji ýyla çenli, hatda onuň demirgazykda lagerde ýerleşýän mahalynda hem ýygy aragatnaşyk saklandygy bilen aýyplanýar. Derýaýew 1929-njy ýyldan başlap, tutulan gününe çenli, Daşkentde student mahalynda we soňra Aşgabat pedinstitutynda işlän döwründe, edebiýatda, öz gündelik işinde yzygiderli kontrrewolýusion-milletçilikli propagandany alyp bardy. 1932-nji ýylda Derýaýew «Kommunistler magaryfy» žurnalynyň 1932-nji ýyldaky 19–20-nji sanlarynda ýerleşdirilen, ony milletçi-kontrrewolýusionerler hökmünde ýeterlik derejede açyp görkezýän, açyk kontrrewolýusion-milletçilikli makalasyny ýazdy. Ol «türkmen halkynyň edebi dili ýok, edebi dili diňe elinde ykdysadyýeti hem, syýasaty hem jemläp bilýän ýeke-täk özbaşdak döwlet bolan ýagdaýynda, şol döwletiňem apparatynda diňe bir dil ulanylan ýagdaýynda ulanmak mümkindir» diýip tekrarlady. Pedinstitutda mugallym bolup işlän döwründe, studentleriň arasynda bilgeşleýin milletçilikli hereketleri geçirdi, başga milletden bolan studentleri okuwlaryny taşlamaga we öz respublikalaryna gitmäge yrmaga çalyşdy, şeýdibem iş ýüzünde kontrrewolýusioner-milletçileriň guramasy bolan «T. A.»-nyň «Türkmenistan – türkmenler üçindir» diýen şygaryny propagandirledi. 1936-njy ýylda, 1-nji Türkmen lingwistik gurultaýynyň materiallaryny redaktirlän mahalynda, bilkastlaýyn kontrrewolýusion-milletçilikli ýalňyşlyklary goýberdi, şol kararlaryň wagtynda çykmagyny bökdedi, gurultaýda eden öz çykyşlarynyň käbir materiallaryny aýyrdy. Kontrrewolýusioner milletçiler Atabaýew, Aýtakow we beýleki paş edilen döwründe, Derýaýew olary gorap, kontrrewolýusion-milletçilikli ideýalar bilen çykyş etdi, ol «türkmen aktiwini tussag edýärler, apparat ruslaşyp barýar» diýip tassyklady, institutdaky türkmenlere «Hemmämiz gideris, onsoň göreris, olar kim bile işlärlerkä» diýip, olary işden gitmäge yrjak boldy. ŞU GÖRKEZILENLERIŇ ESASYNDA KARAR EDILDI: Hydyr Derýaýewiň günälenýän derňew işini TSSR IIHK-nyň Üçlüginiň garamagyna ibermeli. TSSR IIHK DHU-nyň operupolnomoçennisiniň kömekçisi, döwlet howpsuzlygy gullugynyň seržanty. YLALAŞÝARYN: Bölümiň naç. döwlet howpsuzlygy gullugynyň bölüminiň kiçi leýtenanty. MAGLUMAT: Tussag edilen Hydyr Derýaýew 37-nji ýylyň 11-nji oktýabryndan bäri, Aşgabat türmesinde gorag astynda saklanýar. Şahsy dokumentleri aýratyn bukjada. IIHK DHU-nyň bölüminiň operupolnomoçennisiniň kömekçisi, döwlet howpsuzlygy gullugynyň seržanty. TÜRKMENISTAN SSR-niň IIHK-niň ÜÇLÜGINIŇ PROTOKOLYNDAN GÖÇÜRME 1937-nji ý. «5» dekabry. Aşgabat ş. DIŇLENILDI: IIHK DHU-nyň bölüminiň 1905-nji ýylda Mary raýonynyň 2-nji Gökje obasynda doglan, türkmen, SSSR-iň graždany, ýokary bilimli, tutulmazyndan öň işsiz, graždanin Hydyr Derýaýewi günäleýän derňew işi. 1929-njy ýylda Daşkentde okaýan wagtynda, häzirki wagtda paş edilen kontrrewolýusion-milletçiler bilen kontrrewolýusion-milletçilikli hereketleri alyp barmakda, olar bilen ýygy gatnaşyk saklamakda aýyplanýar. 1929-njy ýyldan başlap, tussag edilen gününe çenli, Daşkentde okaýan wagtynda, soňra Aşgabat pedinstitutynda işlän döwründe, edebiýatda we öz gündelik işinde yzygiderli kontrrewolýusion-milletçilikli propagandany alyp bardy. 1936-njy ýylda lingwistik gurultaýyň kararlaryny redaktirlän mahalynda, bilkastlaýyn milletçilikli, kontrrewolýusion äheňli «ýalňyşlyklary» girizdi, ol kararlaryň çap edilmegini bökdedi. Kontrrewolýusioner milletçiler paş edilen wagtynda, olary gorap çykyş etdi. 1937 ý. 11. X-dan bäri, Aşgabat türmesinde gorag astynda saklanýar. KARAR EDILDI Hydyr Derýaýew 1937 ý. 11. X-dan başlap, on ýyl möhlet bilen ZDL-de jeza çärelerini geçirmek şerti bilen tussag etmeli. Göçürme dogry: Üçlügiň sekretary. SOÝUZ RESPUBLIKALARYŇ ÝOKARY PROKURATURASYNA SSSR IIHK-nyň GULAG 1-nyň 72-nji awtokolonnasynyň 2-nji bölüminiň bendisi Hydyr Derýaýewiň tarapyndan (şah. delosy № 6/95966 B.M.A. SS Ulan-Ude şäh.) ŞIKAÝAT Men 1937-nji ýylyň 11-nji oktýabrynda Türkmen respublikasynyň Aşgabat IIHK-gy tarapyndan tussag astyna alyndym. Iki aýdanam köp wagtlap hiç hili sorag edilmän oturdym, şondan soň, meni dekabr aýynda sorag etmek üçin çagyrdylar. Bu gezek wekil hiç hili aýyplama we madda görkezmezden, diňe şu aşakda görkezilen esasy meseleler boýunça sorag etdi: a). Meniň Türkmen respublikasynyň Halk magaryf komissarlygynyň organy bolan «Komprosweşeniýe» žurnalynda ýerleşdirilen makalamdaky ýalňyşlyk. b). 1936-njy ýylda Aşgabat şäherinde çagyrylan lingwistik gurultaýyň türkmen diline terjimesini redaktirlän mahalymda goýberilen ýalňyşlyk. Ýene-de käbir soraglar ýüze çykan hem bolsa, bu ýerde olara ähmiýet berip oturmagy artykmaç hasapladym. Meniň ýadyma düşüşine görä, başga ähmiýetli hiç hili soraglar bolmady, emma sülçi maňa: «Bu gezek anyklan zadymyz bolmady, şoňa görä-de, indiki gezege çenli oňatja oýlan, tizden ýene çagyraryn» diýip aýtdy. Şondan soň, ol meni soraga çagyrmady, meniň işimi akylly-başly seljermegiň deregine, diri adamyň ykbalyna biperwaýlyk bilen çemeleşip, ýokarda görkezilen iki sorag bilen oňdy, hatda ol birinji sorag boýunça, protokola gol çekilmändigine hem üns bermedi. Aslynda, aýyplaýyş hatsyz, meniň golumy almazdan, nädip meniň işimi ýuridiki taýdan esaslandyryp bilýändikleri hem gaty geň. Meniň 1933-nji ýylda ýazan makalam hakynda giňişleýin ýazmaga, şikaýatymyň gysgalygy mümkinçilik berenok. Ýöne meniň ýadyma düşüşine görä, onda şeýle uly ähmiýet berer ýaly ýalňyşlyklar ýokdy. Ýöne şol makalanyň dil bilimi boýunça meniň ilkinji işimdigine görä, onda ylmy taýdan, elbetde, käbir ýalňyşlyklaryň bolup biljekdigini, ýöne tutuşlaýyn ýalňyş hasap edäýmeli däldigini hem göz öňünde tutmaly. Şonuň üçinem meniň işime gaýtadan seredilende, sülçiniň hut özüniň meniň makalamyň mazmuny bilen tanşary ýaly, onuň rusça terjimesini sorap tapmagyňyzy örän haýyş edýärin. Lingwistik gurultaýyň rezolýusiýalary hakynda hem gynansamam, doly ýazmaga mümkinçilik ýok. Ol ýerde meniň işim esasy däl, men diňe lingwistik gurultaýyň rusçadan türkmençä geçirilen rezolýusiýalaryny redaktirledim. Gurultaýda türkmen diliniň orfografik kadasyna birnäçe üýtgetmeler girizilensoň, meniň işimde diňe orfografik ýalňyşlyklar goýberildi. Elbetde bu işde meniň tarapymdan işe biperwaý çemeleşilen ýerleriň hem bolan bolmagy ähtimal, ýöne esasy sebäp rezolýusiýalary täze orfografiýada redaktirlemekde boldy. Bu işde, meniň töweregime ýaýradylan zäherli howany nähak hasaplaýaryn. Bu rezolýusiýanyň awtorlary – türkmen ylmy-barlag institutynyň işgärleri B-nyň we P-nyň ahyrky maksatlarydy, çünki men gurultaýda dokladyň proýektini tankytlapdym. Ine, olar şonuň üçin hem menden ar almak isläpdiler, ýogsa men rezolýusiýany redaktirlänimden soň, ony çap etmäge rugsat bermändim, ony diňe ýygmaga rugsat edipdim. Ýyglandan soň, men ondan ýene-de ýalňyşlary tapdym we Institutyň ylmy işgäri hökmünde P-ha habar berdim, meniň redaksiýamda goýberilen ýalňyşlary göz öňünde tutdum we harp ýygyjynyň birki iş gününi pida edip, onuň täzeden ýygylmagyny we hemme ýalňyşlaryň düzedilmegini maksadalaýyk hasapladym. P. bilen B. bu işde ýaş ylmy işgäre, ýagny maňa kömek etmek islemediler. Gaýtam olar meniň arkamdan iş görüp, şeýdibem öz maksatlaryna ýetdiler. Olaryň ikinji maksady, şol gohdan peýdalanyp, özleri göze ilmän galmakdy, ýöne bu olara başartmady, menden soň olary hem ýygnadylar. Ýene-de üçlügiň kararynda, bir bölek kagyzda, hamana, meniň 26-njy ýyldan başlap milletçilikli işleri alyp barandygym hakynda görkezilipdir. Şu ýagdaý bilen hem meni aýypladylar. Bu barada hiç hili esas ýok, bu günäni men düýbünden inkär edýärin. Men hiç hili milletçilikli iş alyp barmandym. «Türkmen azatlygy» diýen milletçilikli guramanyň hem asla bardygynam bilemokdym. Ol guramanyň çlenleri bilen işewür gatnaşyklary düýbünden edemok. Meni aýyplamakda nähili barlag işlerini alyp barandyklaryny hem ýokarky iki punktda gysgajyk aýdyp geçipdim, şondan başga hiç hili aýyplama bolmady, emma netijede men Aşgabat IIHK-nyň Üçlügi tarapyndan «Kontrrewolýusion» madda boýunça on ýyllyk möhlet bilen iş kesilen bolup çykdym. Näme üçindigini bilemok. Şol aýyplamalar boýunça azatlykdan mahrum edilmäge men düýbünden degişli däl. Sebäbi Sowet häkimiýetiniň garşysyna iş alyp barmag-a beýlede dursun, onuň ýaly pikir asla kelläme-de gelenokdy. Eger meniň gündelik işimde haýsydyr bir ýalňyşlyklar goýberilen bolsa, onda bular ýaly ýalňyşlyklar kimde bolmaýar. Beýik halypamyz W.I.Lenin «Diňe hiç hili iş etmeýän adam ýalňyşman biler» diýip aýdypdy. Men bolsa, ýaş ylmy işgär hem-de patyşa döwründe magaryf meseleleri boýunça sowat alan adam hökmünde, düýbünden sowatsyz, yza galak garamaýak halka az ýardam etmändim. Şu ýokarda görkezilenleriň esasynda meniň işime gaýtadan seredilmegini haýyş edýärin, gaýtadan seredilende, meniň işim sagdyn pikirli bolşewigiň eline düşse, onda men tiz wagtdan işçi halkymyň arasyna dolanaryn we ýer şaryndaky iň bagtly ýurdumda täze güýç bilen işe başlaryn diýip umyt edýärin hem ynanýaryn. MENIŇ GYSGAJYK TERJIMEHALYM: Meniň kakam 1917-nji ýyla çenli orta daýhandy, 1917-nji ýyldan başlap, tä ýogalýança, çopançylyk etdi, batrak ýaly garyp günde ýaşady. Meniň özüm 1917-nji ýyldan 1921-nji ýyla çenli batrakdym. 1921-nji ýyldan 1931-nji ýyla çenli bilim aldym. 31-nji ýyldan 37-nji ýyla – tutulan günüme çenli gulluk etdim. Esasy gullugym mekdeplerde geçdi, meniň wezipäm pedagog. 1939-njy ýylyň 5-nji sentýabry. PROTEST Türkmenistan SSR-niň Üçlüginiň 1937-nji ýylyň 5-nji dekabrynda karar etmegi bilen DZL-e 10 ýyllyk möhlet bilen (JK maddasy görkezilmezden) ýyl kesilen. Derýaýew 1929-njy ýylda Daşkent şäherinde okaýan döwründe milletçiler bilen ýygy gatnaşyk saklamakda, olar bilen birlikde kontrrewolýusion hereketleri alyp barmakda, edebiýatda we öz praktiki işinde kontrrewolýusion-milletçilikli propaganda geçirmekde, 1936-njy ýylda lingwistik gurultaýyň kararlaryny redaktirlän mahalynda, bilkastlaýyn milletçilikli «ýalňyşlyklary» girizmekde, şol gurultaýyň kararlaryny çap etmek işini bökdemekde, milletçiler paş edilen mahalynda, olary gorap çykyş etmekde aýyplandy. Üçlügiň karary we işiň önümçilikde ulanylmagy şu aşakdaky esaslara laýyklykda ýatyrylýar: Işde Derýaýewiň hakykatdan hem antisowet hereketleri edendigine şaýatlyk edýän anyk subutnamalar ýok. Işdäki şaýatlar B-nyň, O-nyň görkezmeleri şeýle subutnama hökmünde ulanylyp bilinmez, çünki ol şaýatlaryň Derýaýewiň milletçilikli hereket alyp barandygy hakyndaky görkezmeleri diňe öz çaklamalaryndan we pikirlenmelerinden ybarat, üstesine-de, olar hiç zat bilen tassyk bolmadyk. Şol maglumatlar hasaba alnyp, baryp 1940-njy ýylda iş kesileniň şikaýatyny barlamak bilen baglanyşyklykda, iş ýüzünde Derýaýewiň günälidigine güwä geçýän täze hiç hili subutnamalaryň tapylmandygy üçin, iş gaýtadan derňelmäge yzyna gaýtaryldy (şahsy delosy 39–40). Derýaýewiň günälidigi 1955-nji ýylda geçirlen derňewiň materiallary esasynda hem tassyk bolmady. Şu görkezmelerden netije çykaryp hem-de SSSR-iň, soýuz respublikalaryň we awtonom respublikalaryň döwlet hakyndaky kanunynyň 16-njy maddasyndan ugur alyp: Türkmenistan SSR-niň Üçlüginiň Hydyr Derýaýewiň işi hakyndaky 1939-njy ýylyň 5-nji dekabryndaky kararyny üýtgetmegiňizi hem-de aýyplamalaryň subut edilmändigi zerarly, işiň bes edilmegini haýyş edýärin. SSSR-IŇ PROKURORYNYŇ ORUNBASARY, I KLASLY DÖWLET ÝUSTISIÝA GEŇEŞÇISI D.SALIN 1956-njy ýylyň 27-nji marty. *** Ine, hormatly okyjylar. Siz bir adamyň ykbaly esasynda şol döwrüň nähili ýowuz bolandygyna özüňiz göz ýetirdiňiz. Emma şular ýaly ajy ykballar onam däl, ýüzem däl. Ol adamlaryň hersi hakynda gürrüň etmäge bir adam ömri ýetmez. Taryhymyzyň şular ýaly tragiki sahypalaryny biz hiç haçan unutmaly däldiris. Allaýar ÇÜRIÝEW. «Sowet edebiýaty» žurnaly, №7, 1991 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |