12:01 Birinji gurultaýyñ delegaty | |
BIRINJI GURULTAÝYŇ DELEGATY
Edebi makalalar
Sowet ýazyjylarynyň Birinji gurultaýy sowet edebiýatynyň durmuşynda uly waka boldy. Sowet edebiýatynyň uly guramaçysy hem ýolbaşçysy bolan A.M.Gorkiý Guramaçylyk komitetiniň başlygy hökmünde gurultaýy geçirmek üçin uly tagallalar edipdi. Ol gurultaýda ilki çuň mazmunly giriş sözüni sözläp, soňra hem giň planly taryhy doklad bilen çykyş edipdi. Beýik Gorkiý gurultaýy açan pursatynda sowet edebiýatynyň köp milletli, köp dilli, bir maksatly edebiýatdygyny nygtap: «Biziň maksadymyz edebiýaty bir bitewi, medeni-rewolýusion güýç hökmünde guramakdyr... Öz serhetlerinde 170 million adamyny gujagyna gysýan Sowet Sosialistik Respublikalary Soýuzynyň edebiýatçylarynyň dünýä taryhynda birinji gurultaýyny guwanç hem şatlyk bilen açýaryn» diýipdi. Beýik proletar ýazyjysy gurultaýyň işine boýdan-başa ýolbaşçylyk edipdi. Gurultaý günleriniň dowamynda bäş gezek tribuna çykypdy. Onuň guramaçylyk kuwwatyna, beýik zehinine gurultaýa gatnaşyjylar bilen birlikde bütin ýurdumyz el çarpypdy. Şol taryhy gurultaýa beýik ýurdumyzyň ähli halklarynyň, halkyýetleriniň edebiýat wekilleri gatnaşypdy. Biziň respublikamyzdan hem şol gurultaýa ýedi ýazyjy gatnaşýardy. Şolaryň biri hem soňra türkmen sowet edebiýatynyň işeňňir wekili bolup ýetişen Ruhy Alyýewdi. Şahyr Ruhy Alyýewiň şahyrana döredijiligi otuzynjy ýyllardan başlap, türkmen sowet poeziýasynyň ähli etapynda öz ýüzüni görkezip geldi. Ol proza eserleriniň hem awtorydy. Filologiýa ylymlarynyň doktory, professor R.A.Alyýew edebi tankydy hem edebiýaty öwreniş ylmynyň yzygider işleýän işeňňir wekili boldy. Elbetde, uly döredijilikli hem ynamly ýel geçen adam hakda bir kiçi makalada uly, doly gürrüň etmek mümkin däl. Bolsa-da, onuň edebi hyzmatlary, halypalygy hakda ýatlasymyz gelýär. Ruhy Alyýewiň ömrüniň soňky ýigrimi ýylynda onuň bilen häli-şindi duşuşyp, ýakyndan pikir alşyp durmak bize miýesser etdi. Bäş ýyl onuň elinde okadyk on bäş ýyl bolsa Türkmen döwlet uniwersitetiniň türkmen edebiýaty kafedrasynda bile işledik. Bu döwürler ukyply şahyryň, alymyň, tejribeli edebiýat mugallymynyň hemme taraplaýyn taplanan, kämilleşen ýyllarydy. Ol türkmen sowet edebiýatynyň hem ylmynyň ähli wekilleriniň döredijiligine ýakyndan beletdi. Meşhur «Bolşewik» poemasynyň awtory Körmolladan başlap, ýetmişinji ýyllaryň başlaryndaky ýaş şahyrlara çenli ýakyndan tanaýardy. Olaryň her biri hakda aýry-aýrylykda gürrüň etmäge material tapýardy. Şahyr Ruhy Alyýew hakda gürrüň etseň, onuň syýasy hem watançylyk lirikasynyň, internasional mazmunly raýdaşlyk poeziýasynyň hemişe uly ähmiýetlidigini türkmen sowet poeziýasynda özboluşly orun eýeleýändigini aýtmak gerek. Şol temalarda ýazylan eserler onuň poeziýasynyň esasy bölegini tutýar diýsek dogry bolar. Ruhy Alyýew edebiýatyň başga žanrlarynda-da işlemegine garamazdan, ol poeziýa hemişelik wepaly bolup galdy. Edebi gürrüňçilikde bu hakda özi hemişe ýatlardy. Professor Ruhy Alyýew köp ýyllaryň dowamynda türkmen sowet edebiýatynyň taryhy boýunça sapak okadýardy. Ol edebiýatyň hakyky lektorydy. Edebiýatyň taryhyna beletligi, onuň wekillerini ýakyndan tanamagy onuň leksiýalaryny juda janly, gyzykly edýärdi. Çünki tejribeli mugallym eserleriň çeper derňewini olaryň döreýiş taryhy, ýazyjylaryň öz durmuşy bilen baglanyşykly wakalar, meseleler bilen utgaşdyrýardy. Beýik Oktýabryň miwesi bolan türkmen sowet edebiýatynyň hem bütin sowet edebiýatynyň aýrylmaz bir şahasydygy öz-özünden düşnüklidir. Bu edebiýat predmet hökmünde okadylanda hem hut şol hakykatdan ugur alynýar. Bütin sowet edebiýatynyň esasynda ýatan problemalary, onuň mazmunyny döwrebaplygy bilen bitinligine öwrenmek biziň edebiýaty öwreniş ylmymyz üçin häsiýetlidir. Şol jähetden professor R.Alyýewiň leksiýalarynyň ähmiýetini ýene bir gezek nygtasymyz gelýär. Alym-mugallym sowet edebiýatyny okatmaga uly yhlas siňdirýärdi. Diňleýjilerde hem, gürrüňsiz, şonuň ýaly höwes döredýär. Sowet edebiýatynyň kommunistik partiýalaýynlyk, halkylyk, synpylyk meselelerini ilkinji planda goýýardy. Lektor predmetiň ilkinji agatlaryndan başlap, ýazyjylaryň Birinji gurultaýynyň ähmiýeti, onuň öňde goýan meseleleriniň derwaýyslygy hakda örän gyzykly, çuň mazmunly pikirler aýdýardy. Onuň gyzyklylygynyň sebäbi-de hakykatlygydy. Mugallym öz pikirlerini, gurultaýa gatnaşyjy hökmünde, ýatlamalar bilen baglanyşdyrýardy. A.M.Gorkiniň Süleýman Stalskiý hakynda aýdanlaryny gurultaýyň prezidiumynda ýüze çykan hereketler bilen düşündirýärdi. Hatda Maksim Gorkiniň golaýynda oturan ýazyjylary atlandyryp ýatlaýardy. Sowet edebiýatynyň klassyklary A.Serafimowiç, A.Tolstoý, S.Marşak ýaly dünýä meşhur ýazyjylary ýakyndan synlandygyny öwran-öwran ýatlaýardy. Ol ençeme mysallar aýdyp: «Eşiden deň bolmaz gören göz bilen» diýleni örän dogrudyr. Men gurultaýda ýaş ýigit, ýaş şahyr hökmünde köp zady görmäge, synlamaga höweslenýärdim. Aýdylýan her bir sözi dykgat bilen diňleýärdim. Aýratyn hem Gorkiniň çykyşlary hemişe ýadymda. Beýik Gorkiý, hakykatdan hem beýikdi, tribundy. Ol her gezek zala girende, tribuna çykanda, oturanlar ör turup, şowhun bilen el çarpýardylar. Onuň murtlaryny iki tarapa serpip, ardynjyrap söze başlaýşy hemişe gözümiň öňünde. Ol söze başlanda hemmeler dymýardylar. Zala suw sepilen ýaly bolýardy. Onuň ýognas, ýakymly sesi häzir hem meniň gulagymdadyr» diýýärdi. Ruhy Alyýewiç türkmen ýazyjylarynyň gurultaýa gatnaşyşy hakda hem köp ýatlamalar aýdýardy. Ol Oraz Täçnazarowyň türkmen edebiýaty hakda gurultaýda edengoşmaça dokladyna Maksim Gorkiniň uly ähmiýet berendigini ýörite belleýärdi. Aslyýetinde, O.Täçnazarowy türkmen proletar medeniýetiniň iň kämil, ukyply wekili hasaplaýardy. Öz pikirini köp sanly durmuş hem beýleki mysallar bilen delillendirýärdi. On «Batrak» poemasyny türkmen proletar edebiýatynyň ilkinji iň kämil eseri diýip atlandyrýardy. Ol delegat ýoldaşlary Ata Nyýazowa, Kemal Işanowa dogumlygaýratly, her işde özüne erk edip bilýän, sözüniň eýesi, dosta wepaly adamlar hökmünde aýratyn sarpa goýýardy. Şahyr Ata Nyýazowyň Beýik Watançylyk urşuna dogrudan-dogry meýletinlik bilen gidip, Watan ugrundaky söweşlerde gahrymanlarça wepat bolandygyny onuň edermenligi hökmünde gürrüň berýärdi. Kemal Işanowyň gurultaýdan soň has öndümli işländigini, soňra Ýazyjylar soýuzyna başlyk bolup biziň edebiýatymyzyň ösmegi ugrunda, ýazyjy ýoldaşlarynyň işi, durmuşy hakda köp aladalar edendigini mysallar bilen ýatlardy. «Kemal örän mert adamdy. Çydamlydy, durnuklydy» diýip, mugallym ýörite bellärdi. Onuň Watançylyk urşunyň frontlaryndaky edermenlikleriniň köp mysalyny aýdardy. Sowet Goşunynyň Wengriýany azat edişi barada K.Işanowyň beren gürrüňlerini, frontçy şahyryň Budapeşt şäheri hakda degşip aýdan «Budapeşte Kemalpeşt diýseňem gelişmän durmaz» diýen sözlerini sowet şahyrynyň edermenligi hökmünde belleýärdi. 1974-nji ýylyň sentýabr aýynda Moskwada SSSR Ýazyjylarynyň Birinji gurultaýynyň kyrk ýyllygyna bagyşlanyp Ýazyjylar soýuzynyň prawleniýesiniň ýörite plenumy geçirilipdi. Şahyr Ruhy Alyýew şol plenuma hem Birinji gurultaýyň delegaty hökmünde hormat bilen çagyrylypdy. Ol dolanyp gelenden soň şol plenumyň geçişi, onda gozgalan meseleler, onuň ähmiýeti barada köp wagtlap täsirli, peýdaly gürrüň aýdardy. Her bir mugallymyň özüniň bir söýgüli temalary, höwesli aýdýan sözlemleri, wakalary, soraglary bolýar Bu ýagdaý Ruhy Alyýewde hem şeýledi. Onuň leksiýalarynda 20-nji – 30-njy ýyllaryň türkmen sowet edebiýaty, onuň syýasy ýagdaýy, Birinji gurultaýyň materiallary, Beýik Watançylyk urşy döwrüniň edebiýatyaýratyn täsirli orun eýeleýärdi. Studentlerden hem şu temalar barada köp düşünje talap edýärdi. Ol, köplenç, studentlere: «Birinji gurultaýa gatnaşan türkmen ýazyjylary kimlerdir? Watançylyk urşumuna haýsy ýazyjylar gatnaşandyr? Işçiler temasydan ýazylan eserleri bilýärmiň?» diýen ýaly özüniň söýgüli soraglary bilen ýüzlenýärdi hem degerli jogap almaga çalyşýardy. Şunuň özi-de edebiýatçy alymyň temalara bolan garaýşyny kesgitleýär. Professor haýsy tema hakda gürrüň etse-de, edebiýatyň partiýalaýynlygyna aýratyn ähmiýet berýärdi. Sosialistik realizm usulynyň hakyky, wepaly goragçysydy. Ol edebiýatyň taryhyndan başga-da soňky ýyllarda «Partiýa we edebiýat» diýen ýöriteleşdirilen kurs okadýardy. Örän möhüm hem jogapkärli bolan bu sapakda professor biziň partiýamyzyň sowet edebiýaty, sowet ýazyjylary baradaky leninçilik atalyk aladalaryny dolulygyna açyp görkezmäge çalyşýardy. Munuň üçin mugallyma her bir meselä partiýalaýyn pozisiýadan çemeleşmek gerekdi. Ýokary düşünjelilik hem yhlaslylyk gerekdi. Öz üstünde yzygider işlemelidi. Ýaşynyň birçene baranyna garamazdan, Ruhy Alyýewiç bu işe özüniň hakyky borjy hökmünde garap, güýç-kuwwatyny birjik-de gaýgyrmazdy. Öz şägirtlerine, işdeş ýoldaşlaryna-da şeýle bolmagy öwrederdi. Ruhy Alyýewiçiň hormat bilen bellemeli häsiýetiniň biri-de ol zehinli döredijilik adamsyna sarpa goýmagy başarýardy. Diňe bir sarpa goýmagam däl-de, ol hakda aladalanýardy, kömek edýärdi. Onuň birwagtky studentleri, häzirki orta ýaşan ýazyjylarymyzyň hem, olardan soňkularyň hem köpüsi halypa-mugallymyň kömeginden köp peýdalanandyklaryny hormat bilen ýatlaýarlar. Zehinli, döredijilikli studentler üçin ýaşaýyş jaý kynçylygy ýokdy. Mugallym olary iň gowy otaglarda ýerleşdirmäge çalyşýardy. Olar stipendiýa bilen hem üpjündiler. Bu däp uniwersitetde köp wagtlap dowam etdi. Ruhy Alyýewiň bu ýörite aladalary hemişe ýatlanmaga hem sapak edinmäge degişlidir. Türkmen sowet edebiýatynda «frontçy ýazyjy-şahyrlar» diýilýänleriň hem işeňňirleriniň biri Ruhy Alyýewdir. Urşuň gidýän ilkinji günlerinde «Men-de bir esger» diýip, watançylyk mazmunly, antifaşistik goşgusy bilen orta çykypdy. Watançylyk urşunyň frontlarynda bir eli galamly, bir eli ýaragly, duşmanyň üstüne ot sowrup, söweş ýoluny geçen şahyr ömrüniň iň soňky günlerine çenli ganly urşa, faşizmnälet okady, nejis duşmany kül-peýekun edip, BeýikÝeňşi hasyl eden Sowet Goşunyna, gahryman sowet halkyna hemişe çyn ýürekden alkyş aýdyp geldi. Şahyr-mugallym bu temany has janygyp, gadyr bilen öwredişi ýaly, frontçy galamdaş ýoldaşlarN.Saryhanow, Ş.Kekilow, A.Nyýazow, D.Haldurdy, K.Işanow, N.Pomma, Ç.Aşyrow we olaryň şol gazaply ýyllarda döreden eserleri barada çynlakaý hemmähirli pikirler aýdyp, olaryň hatyrasyny belentdetutýardy. Onuň bu endigi bolsa hyzmata hormat bilenjogap bermeli diýdigidi. Öz okuwçylaryna, diňleýjilerine öz ýurduňa, il-günüňe hiç pursatda hyzmatyňy aýamaly däl diýen düşünjäni ündedigidi. Ruhy Alyýewiç her bir hoş söze çyny bilen begenýärdi. Biziň tanaýan adamlarymyzyň köpüsi oňa «mugallym» diýip ýüzlenýärdiler. Ol muňa diýseň guwan- ýardy. ýyly sözler bilen jogap gaýtarýardy. Ol mugallymçylyk kärini juda hormatlaýardy. Mugallym öz kärinden edebi-çeper döredijiliginden lezzet alşy ýaly hoşaldy. Meniň şu ýerde onuň altmyş ýyllyk ýubileýi bilen baglanyşykly wakany ýatlasym gelýär. Elbetde, ýazyjy hökmünde onuň ýubileý seneleri hemişe mynasyp bellenýärdi. Altmyş ýyllyk ýaş toýuny onuň iş ýeri bolan Türkmen döwlet uniwersitetinde giňden bellemäge taýýarlyk görülýärdi. Ähli çäreleriň daşyndan «Edebiýatçy» diwar gazetiniň hem ýörite sanyny mugallyma bagyşlamaklygy niýet etdik. Bu hakda edebiýat kafedrasynda köp gürrüňüň başy agyrdyldy. Onuň deň-duşlary Mäti Kösäýewdir Hojaberdi Hanow, Nagym Aşyrowdyr Baýmuhammet Garryýew mugallymyň durmuşy bilen baglanyşykly telim gyzykly epizodlary aýtdylar. Beýleki mugallym ýoldaşlary –okuwçylary hem şol pikirleriň üstüni ýetirdiler. Ahyry-da bu adam hakda gürrüň edeniňde köp planly iş ýazmalydygyny, ýöne häzirlikçe «toýdan topukça» edip, onuň şahyrlygy, alymlygy, mugallymlygy hem Watançylyk urşunyň söweşjeň esgeridigini bellemek gerek diýildi. Şeýle mazmunly makalany ýazmagy-da R.Alyýewiň kafedradaky iň ýaş okuwçysy hökmünde maňa tabşyrdylar. Şeýle plandaky makala ýazyp, «Edebiýatçyny»: Hem şahyr, hem alym, mugallym, esger, Toýuň gutly bolsun, Alyýew Ekber! diýen iri harplar bilen ýazylan umumy sözbaşy bilen çykardyk. Onuň hakyky ady Ekber bolansoň, biz şol ýerde hem öz adyny peýdalandyk. Deň-duşlary oňa hemişe şeýle ýüzlenýärdiler. Elbetde, bu edilen işlerden mugallym bihabardy. Soň gazeti okap, şol iki setir goşgyny bloknotyna göçürip alypdyr. Maňa duşan badyna iki elimi berk gysyp: «Bekmyrat, (ol meniň adymy şeýle tutardy) men bilýärin, bu seniň işiňdir, men köp şatdyryn, sen meniň ýagşy okuwçymsyň, çyn dost şeýle-de bolmalydyr, bu sözler meniň üçin poemadyr» diýip, çaga ýaly bütin durky bilen begenýärdi. Ýeri gelende aýtsak, onuň şol ýubileý dabarasy örän şowhunly geçipdi. Türkmen edebiýaty kafedrasynyň şol wagtky müdiri, professor Mäti Kösäýew ikimiz gidip, gyrmyzy don bilen ak telpek satyn alyp geldik. Ýubileý dabarasynda uniwersitetiň aktlar zalynda ýer tapylmaýardy. Türkmen intelligensiýasynyň ähli nesliniň wekilleri Sowet Türkmenistanynyň edebiýaty, medeniýeti üçin iner işini bitiren ak telpekli, gyrmyzy donly Ekber mugallymyň hatyrasyna el çarpýardylar. Toý dabarasynyň mugallymyň öýünde çaý başynda dowam edişini görenler hemişe ýatlaýan bolsalar gerek. Bu ýeri özboluşly muşaýra agşamyny – şygyr baýramçylygyny ýatladýardy. Bu dabara respublikamyzyň tanymal ýazyjy-şahyrlary, alymlary gatnaşdylar. Ýurdumyzyň dürli ýerlerinden gelen telegrammalar okalýardy. Toýuň myhmanlary ýatlamalar bilen çykyş edýärdiler. Ýubilýaryň söwer dosty, azerbaýjan dilini suwara bilýän şahyr Gara Seýitliýewiň şol dilde süýjülik bilen gürleýşi, şygyr okaýşy myhmanlary haýran galdyrýardy. Ol azerbaýjan klassyklaryndan, Samat Wurgundan ençeme goşgy setirlerini aýdyp, toýy bezeýärdi. Ruhy Alyýewiň dostlary bilen dostlukly gatnaşyklary, ine, şeýledi. Ruhy Alyýew dogrudan hem tejribeli alymdy. Onuň türkmen klassyky edebiýatyny toplamakda, çap etmekdebitiren hyzmatlary-da uludy. Olary ylmy taýdan işlemekde-de bir adamça iş bitiripdi. Alymyň türkmen sowet edebiýatyny öwrenmekdäki hyzmaty ýörite belenmäge degişlidir. Bu edebiýaty predmet hökmünde okatmaga ilkinji girişenleriň biri hökmünde köp zähmet çekipdi. Bu predmetiň programmasyny düzüp, häzirki döwürde respublikanyň ýokary okuw jaýlarynyň studentleri üçin esasy okuw kitaby bolan «Türkmen sowet edebiýatynyň» iki tomlugyny ýazmagy guranlaryň hem onuň esasy awtorlarynyň biri bolupdy. Onuň «Oktýabr we türkmen edebiýaty» atly kitapçasy, türkmen sowet edebiýatynyň belli wekilleriniň döredijiligine degişli onlarça düýpli makalalary türkmen sowet ylmyna düýpli goşant bolşy ýaly, onuň şägirtleri üçin hem uly mekdep boldy. Ruhy Alyýew hakykaty her bir adamyň ýüzüne aýtmagy başarýan adamdy. Ol juda işeňňir hem zähmetsöýer edebiýatçydy. Soňky wagtlarda onuň saglyk ýagdaýy juda ýaramazlaşýardy. Şoňa garamazdan hem, ýagdaýyny tapsa, galama ýapyşýardy. Ömrüniň soňky günlerinde hem Magtymguly adyndaky Dil we edebiýat institutynyň neşir eden «Türkmen edebiýatynyň taryhy» (sowet döwri) barada düýpli makala ýazyp, «Sowet Türkmenistany» gazetinde çap etdirip, edebi jemgyýetçiligiň ünsüni özüne çekipdi. Ömrüniň iň soňky güni (18.IV.1981ý.) hem eli hasaly gelip, studentlerine türkmen sowet edebiýatynyň taryhyndan sapak beripdi. Onuň bu durmuşsöýüji işeňňirligi her bir döredijilik adamsy üçin sapak edinmeli häsiýetdir. Elbetde, elli ýyllap edebi çeper döredijilik bilen meşgul bolan halypa hakda köp zatlar aýtmak bolar. Ruhy Alyýewiň hyzmatlary barada heniz-henizler ýatlanaram, aýdylaram. Onuň edebi mirasy hem bir ýere toplanyp, okyjylara, edebi jemgyýetçilige ýetirilse, halypa edebiýatçy üçin uly ýadygärlik bolardy. 1984 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |