10:18 Biz günäkär... | |
BIZ GÜNÄKÄR...
Goşgular
Dymýar diýip merde günä ýöñkemek Aýyp zatdyr, dymyp ýatyr ene ýer. Hasyl az berse, ýerde günä ýok. Biz günäkär, toprak dilsiz janawer. Ýere hyzmat gerek, ders gerek ýere. Zeýkeş gerek, eger toprak zeýlese. Biz günäkär bizi ekleýän toprak Ýaz gelende gyzyl-elwan geýmese. Gamyş bassa, haşal bassa pelleri, Ählihalk rysgyna ýetirýäs zeper. Biz günäkär, benefit bir mellegi, Kolhozyñ ýerini harlasak eger. Ýurda pagta gerek, bugdaý hem şaly, Ýurt abraýy ýurduñ bagtyn göterseñ, Biz günäkär ene ýeriñ ykbaly Küle çökse, gol gowşuryp otursañ. Topragy harlasak, rysgal kem bolar Hem kem bolar jübimizde teññämiz. Hasyly az berse, ýerde günä ýok, Oñ deregne günäkär biz - hemmämiz! Atamyrat ATABAÝEW. | |
|
√ Dünýä maňa aşyk bolsun! / Goşgular - 07.01.2025 |
√ Aramyzdan gidenleri ýatlalyñ! / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Bu köňlüm zowrakyn aldy bu gün bir gunça leb gülruh... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Ýagşy niýetler / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Bir dem ol dilber jemalyndan yrak olmak ne güýç... / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Men bir ýola... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Söýlemezlik harjysy söýlemegiň hasydyr... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Lolular / Goşgular - 08.01.2025 |
√ "Ýene-de daň atdy..." / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Dil pyrak odunda ýandy, galdy jan hijran era... / Goşgular - 12.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |