21:33 Bize nukdaýnazar lazym | |
BIZE NUKDAÝNAZAR LAZYM
Publisistika
Häzir nämedir bir zat baradaky hakykatlar jemgyýetçilik pikirini döretmekde duýgulardan we şahsy netijelerden has az täsire eýe... Muña “post-truth” diýilýar, ýagny, hakykatyñ çöwre ýüzi! Häzir biz faktlaryñ, dogrularyñ, maglumatlaryñ, hakykatlaryñ gymmatyny ýitirýän döwrüni başdan geçirýäris. Mysal üçin, Osman Kawalanyñ 15-nji iýulda FETÖ-nyñ agdarlyşyk synanşygyna gatnaşmakda aýyplanyp tussag astyna alynmagyndan soñ, men onuñ Fethullah Gülen bilen baglanyşygynyñ ýokdugyny ýazypdym. Soros fondundaky bölünşigi ýazypdym. "Sen kim bolupsyñ, hakykatlary agzar ýaly" diýägetdin, meniñ mañlaýyma ur-tut "Kawalaçy" ýarlygyny ýelmediler! Ýagny, ýurdumyzda kişä garşy edilen haksyzlyga garşy çykmak sizi şobada "pylanyçy" edip goýaýýa! Çünki: Kimdir birileri hakykatyñ ýazylmagyny islänok, olar öz duýgularynyñ we şahsy pikirleriniñ öñünde tagzym edilmegine garaşýar! Hut şonuñ üçinem... Ýazgydaky argumentlere "dogry" ýa-da "ýalñyş" diýmezden, sizi günäkärläp bilýär. Ýeri, gadyrdan! Garşylyklaýyn pikirde bolandygy üçin kimdir biri kösençlik görse, muña göz ýumup geçibermelimikä? Bu, adalatsyzlyk bolmaýarmy näme? Ynsan hakykatyñ ýolundan ýüz dönderip bilermi? Ynsan göwnüme ýaranok diýip, hakykata syrtyny öwrübermelimikä? Unutmañ, her haksyzlygy sessiz-üýnsüz kabul etmek şol haksyzlykdan has ulusyny döredýändir... Diñe öz pikirine pikirdeş okyjylaryñ göwnüni awlamakdan başga zady bilmeýän ýazyia ýazyjy, žurnaliste - žurnalist diýilmeýşi ýaly, oña intellektual adamam diýip bolmaz! ■ Ah, munuñ tötänlik bolaýşyny!.. Şol pikirden ugur alyp... Koronawirus! Nähili tötänlik! Koronawirus (öñki ady 2019-nCoV, häzirki ady COVID-19) boýunça hiç babatda jedelleşere zat ýok... Global metbugat nämäni dykgatymyza ýetirse, şoña-da hökman ynanmagymyzy isleýärler! Aslynda bolsa dünýäde ne çekişmeler bolup dur. Meselem: 5G täze goýberiş kabelsiz telefon tehnologiýasy Hytaýyñ Mobil ylmy-barlaglary (CMRI) guramasy tarapyndan üstünlik bilen tamamlandy. Onuñ 2020-nji ýylda dünýä ýurtlarynda herekete girizilmegine garaşylýardy. Amerikan merkezli global metbugat geçen ýyl 5G-niñ saglyga erbet zyýanynyñ bardygyny we ölüm howply rak-dümew keseline meñzeş simptomlara sebäp bolýandygy barada garşa-garşa ýazyp başlady. Olar 5G-niñ 4G-den tapawutlylykda diñe täze goýberiş mobil aragatnaşygy bolman, eýsem harby tehnologiýadygyny, biologiki ýaragdygyny ýanjap-ýanjap ýazdylar... Bütin bular ýazylýarka, entek koronawirus belasy orta çykmandy! Eýsem, 5G-niñ güýje girizilmegi üçin saýlanyp alnan synag şäheri haýsy şäher, bilýäñizmi? Koronawirisyñ ilki ýüze çykan şäheri - Uhan! 2019-njy ýylyñ oktýabr aýynyñ 18-den 27-ne çenli aralykda Uhanda Bütindünýä söweşjeñ oýunlary (Military World Games) geçirildi. Şol çäräniñ dowamynda-da 5G ilkinji gezek ulanyşa girizildi. Şol gün... 2019-njy ýylyñ 18-nji oktýabrynda Nýu-Ýorkuñ Jon Hawkins adyndaky merkezinde Bütindünýä ykdysady forumynyñ we (waksinanyñ imperatory) Bill-Melinda Geýtsleriñ fondunyñ bilelikde geçiren "Hadysa 201 – Global epidemiýanyñ werzişi" epidemolik keseller simulýasiýasy geçirildi. Bu simulýasiýa üçin haýsy wirusy saýlap-seçendiklerini çak edýäñizmi? Elbetde, koronawirus! 5G-niñ synagy koronawirusyñ ýoluny açdymy? Ýa-da koronawirus 5G tehnologiýasynyñ öñüne bent basmak üçin ýaýradyldymy? Elbetde, wagt bu soragyñ dogry jogabyny haçanam bolsa bir gün hökman berer. Emma mesele şu: Biz bular ýaly çekişmelere giremzok. Dogrusy, girizenoklar! ■ Hakykaty gözlemek Girmäge ýol berenoklar, çünki: Bütindünýä saglyk guramasynyñ global metbugat organlaryna beren beýannamalaryna ynanýarlar. Ýokarda-da ýazyşym ýaly, Jon Hawkins adyndaky merkeziñ gurnan toplanşygynda (sözümi uzatmazlyk üçin "Johnson & Johnson" ýaly gigant derman öndüriji şereketleriniñem şol toplanşyga gatnaşandygyny ýazmadym) şeýle karara gelindi: "Epidemologik keseller hakynda ýaýran "ýalan-ýaşryk habarlaryñ" haýdan-haý öñüni almak gerek. Maglumatlara gözegçilik etmegiñ ýeke-täk ýoly bar, olam - diñe Bütindünýä saglyk guramasynyñ berýän maglumatlaryny ýaýratmakdyr!" Aýdyşlary ýalam boldy... (Bu guramanyñ Rokfellerdir ABŞ-nyñ global derman öndüriji şereketleriniñ gysajyna nähili düşüşi barada "Gara gapyrjak" (“Kara Kutu”) kitabymda jikme-jik ýazandygym üçin ikilenç gaýtalap oturmagyñ hajaty ýok.) Şübhe duýulmazdan, sorag berilmezden ne-hä ylym öwrenip bolar, ne-de žurnalistlik edip bolar. Käbir žurnalistler jinnek ýaly dogry maglumaty bolmasa-da, sosial medýada nämeleri ýazýarlar... Haýran galýaryn! Megerem, olar muny halkyñ gyzyklanaýjak temalaryna ýüzlenip, populýarlaşmagyñ-has köp "laýk" almagyñ hatyrasyna şeýdýän bolmaly... Baragetdin, olaryñ biriniñ ýakasyndan tutagadan sorasañ... Koronawirusyñ waksinasyny tapandygyny aýdýan biologiki we derman öndüriji "Inovio" hakynda dynnym ýaljak bilýän zatlary ýokdur. Ol hiç. Derman öndürij gizlin "Gilead Sciences" gizlin şereketiniñ adyny bir eşitdilermikä? Eşdendirler öýdemok. Üns beriñ: Koronawirus adalgasy diñe kowid-19-y däl, wiruslaryñ birnäçe görnüşini öz içine alýar. Özüñiz çaklaberiñ: koronawirusyñ waksinasyny işläp taýýarlamak üçin patentiñ eýesi kim? Pirbraýt instituty. Onuñ hojaýynlaryndan biri kim? Bill we Melinda Geýtsler! Şuny anyk aýdýaryn: Bize waksinadan öñ nukdaýnazar lazym! Tekrarlap aýdýaryn: täze "Sowuk uruş" döwri başlady! Soner ÝALÇYN. 25.02.2020 ý, "Sözcü" gazeti. Terjime eden: Guwanç MÄMILIÝEW, Stambul uniwersitetiniñ talyby. | |
|
Teswirleriň ählisi: 4 | |||||
| |||||