09:30 Bolmajak bolsa... / satiriki hekaýa | |
BOLMAJAK BOLSA...
Satiriki hekaýalar
Başlyk çagyrýa diýdiler. Bir hili ökjäm ýeñlän ýaly boldy. Bardym ýyljyraklap, onuñ huzuryna. Salam-helikden soñ Berdi Berdiýewiçiñ ýüzüne soragly seretdim. Ol mähnet elini egnime atdy-da: - Baý, bi wagt diýilýän zadyñ çalt geçäýşini. Täze ýyly dabaraly ýagdaýda garşylanymyz öñem-ä ýañy ýalymykan öýdýädim welin, ynha, ýene-de ýetip geldi... - diýip, sözüne dyngy berdi. Hemme zat düşnükli. Añry-bäri delje zatlar tapyp öýe elt diýjekdir. Wah, puluny berse o zatlañ gürrüñi ýok-la. Elini penjeginiñ goltuk jübüsine sokdy. Begendim, pul berjekdir öýdüp. Ýaglygy bilen derini syldy. Özümiñ howsalaçyldygyma haýran galdym. Atan okum nyşanañ ýele ýanyndanam geçmän eken. - Ýañy ýygnak etdik. Täze ýyl agşamyny geçirmekligi saña tabşyrýas. Hany, senem bir guramaçylygyñy görkez... O-ho-how, bu asyl mundan çykdy-ow. Beýle ynam bildirilen bolsa, ony ödemeli bolar. Bular ýaly ýumuş öñýetene buýrulýan däldir. Ýogsam edaramyzda adam edil gyryñ daşy ýaly ahyryn. Diýmek, başlygyñ menden tamasy uly. Her etmeli-hesip etmeli, onuñ berekellasyny aljak bolmaly. Belki, Berdi Berdiýewiçiñ synagydyr. Şondan sag-amanja geçsem, bäş aý bäri boş duran kürsüde joñkaraýmagym gaty ähtimal. Kabinetime ýeterime howlukdym. Täze açylan kooperatiwe jañ etdim. - Alo, bi "Gyzyl burun" kooperatiwimi? - Hawa, näme hyzmat, aýdyberiñ - diýip, trubkadan ýumşajyk aýal sesi eşidildi. Dogrudanam, kooperatiwiñ işgärleri mylaýym bolýar öýdýän, jabjynyp duranoklar beýlekiler ýaly. Menem oñardygymdan sypaýy gürlejek boldum. - Bagyşlañ, bize üç-dört sagatlyk Aýaz baba gerekdi weli, nähili bolarka?! Edaramyzda Täze ýyl agşamyny geçirjek bolýas... - Wiý, onuñam bir gürrüñi bolarmy. Hat-petejigiñizi alyñ-da geläýiñ... Hemme zat gül ýaly. Ap-añsatja düzeldi duruberdi. Elbetde, begenjimiñ çeni-çaky ýokdy. Taýýarlygyñ hemme hysyrdylaryndan dyndym edip, Aýaz babany garşylamak üçin edaramyzyñ agzyna çykdym. Ol köp garaşdyrman geldi. Entek agşamyñ başlanmagyna ep-eslije wagt bardy. Ony yzyma tirkäp kabinetime bardym. - Aýaz baba jan, ynha, şular-a işgärleriñ çagalaryna gowşurylmaly sowgatlar. Guý, biýz haltaña. Ýöne, şu kiçijek ýapon radiojygny welin, başlygyñ ogluna düşer ýaly edewergin. Men muny öz puluma... Burny gyzaryp duran Aýaz babanyñ gözem gyzardy. Onuñ ýasama sakgaly sandyrap gitdi. Sözümi böldi. - Ýok, men beýle gözboýagçylyga ýol berip bilmen. Kimiñ bagtyndan düşse, bi sowgady şo-da alar... Baý-baý-ow, bu bir baryp ýatan dikdüşdilaý. Düşbüjesini soramaly eken. Wah, ähli zat bulaşaýmasa ýagşydyr. Ýalbar-ýakar edip, ahyry yrdym-aý ýañkyny. Berimiñ gökden ýol ýasaýandygyna indi ynandym. Aýaz babanyñ bir hili doñy çözüläýdi. Şertleşdik. Başlygyñ ogluna sowgat gowşurmaly bolanda, men iki gezek üsgürmelidim. Töweregine ýalkym salýan ýolkanyñ daşy gaýda-gaýmalaşykdy. Kollektiwimiziñ çeper höwesjeñlerinden biri bokurdagyna bat berip aýdym aýdýardy. Aý, garaz Täze ýyl agşamynyñ şagalañy ýetikdi. Aýaz baba ony hasam gyzykdyrdy. Çagajyklaryñ elinden tutup tans etdi. Ine-de iñ jogapkärli pursat gelip ýetdi. Çagalara Täze ýyl sowgady paýlanyp başlady. Aýaz baba her gezek haltañ içine elini sokanda çiñerlip meniñ ýüzüme seredýärdi. Sowgat almak üçin onuñ aşak eglenem şoldy welin, gapdalymda duran ýeksrunyñ biri taýly gezek üsgürdi, hamala diýersiñ, bokurdagynda süñk galan ýaly. Aýaz baba haltañ içini gyzyl dörjük edip çykardy hälki priýomnigi. Neden onuñ eline ýapyşypdym. O hereketim has çökder bolar öýdüp, dogrusy, çekindim. Gözümiñ agyny köpeldip Aýaz baba seretdim, başymy ýaýkadym. Gaýtam hil bir iş bitiren ýaly ol ýyrş-ýyrş eden bolup, ýañkyja oglanyñ başyny sypady. Dowamly el çarpyşmalar meniñ gulagyma gutlag däl-de, gyjyt bolup eşidildi. Wah, bolmajak bolanda bolmaz eken, ähli zat bulaşdy. Dur-la, hany, ýogsa-da Aýaz baba hakykysyran bolup, muny bikastlaýyn edäýen däldir-dä?! Aý, şu kooperatiwçilerden her zada garaşaýmaly how. Täçmämmet JÜRDEKOW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 1 | ||
| ||