01:08 Bozgurt salamy we türk-nemes gatnaşyklary | |
BOZGURT SALAMY we TÜRK-NEMES GATNAŞYKLARY
Publisistika
Türkiýe bilen Germaniýa kagyz ýüzünde iki soýuzdaş we dost ýurt bolsa-da, iki tarapyñ biri-birlerine bolan garaýşy aradan geçen ençeme ýyllaryñ dowamynda doly çaprazlykda geçdi. Türkleriñ gözünde Germaniýa güýçli ykdysadyýeti, aýry inženerlik üstünligi bolan tehnologogiki önümleri, "BMW", "Mersedes", "Audi", "Bosch", "Volksvagen", "Opel" ýaly göz gamaşdyryjy markalary bilen hemme taraplaýyn gözügidijilik bilen garalýan ýurt bolupdy. Nemesleriñ gözünde bolsa, Türkiýe elmydama Günbataryñ goldawyna mätäçlik duýýan, Günbataryñ kesgitlän ugry boýunça hereket edýän we wagty gulagyndan çekilýän ýurtdy. Iki pikirem indi howply görnüşde möwritini geçirdi we güýjüni ýitirdi. Ne Germaniýa indi çar ýany abat, ajaýyp ülke, ne-de Türkiýe Günbatara garaşly, onuñ sözünden çykmaýan, pukara, ikinji derejeli ýurt. Türkiýäniñ soñky ýigrimi ýylda durmuşa geçiren maksatnamalary indi ony sebitleýin güýç bolmakdan çykaryp, çaltlyk bilen hemme ýerde sözi diñlenýän we üns berilýän güýje öwürdi. Hawa, bu ýurt indi ýeri gelende supergüýçler bilen kelle süsüşip, ugruny we ümzügini öz bähbitlerine görä kesgitläp bilýär. Meselem, Ýewropa bileleşigi (ÝB) Waşingtonyñ görkezmesinden çykyp bilmän Russiýa bilen gatnaşyklaryny ýatyran bolsa, Türkiýe Günbatar blogynyñ agzasydygyna garamazdan Russiýa bilen dostana gatnaşyklaryny dowam etdirip we Günbataryñ sanksiýalaryna goşulman, öz bähbitlerini öñe tutupdy. Emma Germaniýanyñ bolşy täze Türkiýäniñ hakykatyny añlamakda kynçylyk çekýändigini görkezýär. Berlin şindizem garşysynda Günbataryñ öñünde gol gowşuryp duran birmahalky Türkiýe bar ýaly hereket edýär. Germaniýanyñ Daşary işler ministri Nensi Fezeriñ Türkiýäniñ Milli futbol ýygyndy toparynyñ oýunçysy Merih Demiralyñ eden bozgurt salamyna bildiren nägileligi munuñ iñ soñky görkezijisi boldy. Germaniýa Türkiýede "Grauen Wölfe", ýagny "Bozgurtlar" ady bilen ekstremistik-sagçy syýasy toparyñ bardygyny, bozgurt salamynyñam milletparaz simwoly añladýandygyny öñe sürýär. Ilki bilen Türkiýede "Bozgurtlar" ady bilen syýasy hereketiñ ýokdugyny aýdalyñ. Nemesleriñ aýdýany "Ülkü ojaklary" bolsa gerek. "Ülkü ojaklary" bolsa, agzalaryny we tarapdarlaryny köne türki urp-adatlaryny ýöretmäge çagyrýan we türklik duýgusyny hemişe diri saklamaga dyrjaşýan gurama. Onuñ agzalarynyñ arasynda Türkiýede ýaşaýan ähli etniki toparlardan adamlar bar. Ýadyma düşýär: Segseninji ýyllarda meniñ yaş wagtym ýaşan posýologymda Ülkü ojaklarynyñ bölüm başlygy posýologyñ tanalýan kürt işewüridi. Kakamyñ Alparslan Türkeş bilen düşen suratyny görende, ol ullakan göwresini egip, onuñ elini ogşapdy. Ýagny, ülküjilige (milli idealizme) hemme etniki topardan bolan adamlar göwün beripdi. Türk halkynyñ we Türkiýäniñ taryhynda hiç mahalam milletparazlyk bolmandyr. Bolan bolsa, rumlar, ermeniler, jöhitler ýüzlerçe ýyllap Stambulyñ iñ gowy ýerlerinde ýaşamazdylar. Ýa-da 350-400 ýyla ýakyn wagt osmanly agalygynyñ düzüminde bolan Balkan ýurtlarynyñ birnäçesinde häzir döwlet dili türkçe bolardy. Edil häzir Afrikada birnäçe ýurduñ fransuz we iñlis dillerinde gürleýşi ýaly. Nensi Fezer bozgurt salamyny tankyt etmezden öñ Berlindäki Gumboldt adyndaky uniwersitetinde işleýän gündogarşynas mugallymlara geñeş salan bolsady, munuñ türkleriñ milli eposy "Ergenokon" bilen baglanyşyklydygyny we hiç bir tarapdan milletçi simwol däldigini bilerdi. Elbetde, Germaniýa Türkiýedäki üýtgeşmeleri, soñky ýyllarda hasaba alynan öñegidişlikleri, Türkiýäniñ birmahalky gowşak we passiw ýurt däldigini gowy bilýär. Ol diñe şony kabul etmekde kynçylyk çekýär. Şonuñ üçinem amatyny tapsa Türkiýäniñ aýagyna badak salmaga synanyşýar. Türkiýedäki üýtgeşmeler hakykatdanam duşmanyñ gözüni hanasyndan çykardyp biljek tüýsden. Birnäçe ýyl öñ ABŞ-dyr Ysraýyl dron meselesinde bökdençlik döretdi welin, Türkiýe bu ugra ýönelip, öz önümi bilen dron ýetmezçiligini dolduryşy ýaly, birnäçe yurda uçarmansyz ýaragly we ýaragsyz howa ulaglaryny satmaga başlady. Germaniýa "Leopard" tanky meselesinde ykgy-pykgy etdi welin, Türkiýe muña öz "Altaý" tankyny öndürip jogap berdi. ABŞ "F35", Germaniýa "Eurofighter" meselesinde bökdençlik döredende, Türkiýe öz söweşjeñ uçaryny öndürmek üçin ýeñini çyzgady. Şeýlelik bilen geçen aýlarda synag uçuşlary üstünlikli geçen bäşinji tapgyr söweşjeñ uçary bolan "Kaan" orta çykdy. Bu edil agyr küşt oýny ýaly bir zat. Türkiýe garşydaşlarynyñ edýän her hemlesini ussaylyk bilen yzyna serpikdirip öñe gidip barýarka, olar indi futbol duşuşygyndaky şatlykly pursatlardanam haraý gözläp, Ankaranyñ keýpini gaçyrmaga synanyşýar. Ýogsam bolmasa, "It üýrer, kerwen geçer" diýen türkmen nakylynda aýdylyşy ýaly, Türkiýe sagyna-soluna seretmän göz öñüne tutan maksadyna sary ýöremegini dowam etdirýär. Nemes ministriniñ bozgurt salamy baradaky eden çykyşyna akylly-başly nemesleriñ köpüsi "Germaniýanyñ başga işi ýokmy, ministr Fezer Türkiýe bilen gidişenden öz öñünde goýlan materiallara seretsin, çözülmegine garaşýan birgiden problemamyz bar" diýip, garşylyk berdi. Hakykatdanam Germaniýa birgiden problemalary başdan geçirýär: gojalşan ilat, gadymy bina ýaly tutan ýeriñ gopup ýaran köne infrastruktura, abatlanmaly ýollar, okuw jaýlary, köprüler, hersi aýry gurluşyk meýdançasyny ýada salýan otly duralgalary, dowamly gijä galyp gelýän otlylar, işgär tapmaýan hassahanalar, saglyk merkezleri, garrylar öýleri, barha artýan we indi 30%-e golaýlan migrant gelip çykyşly etniki azlyk. Informatika tehnologiýasynda Hytaý, Günorta Koreýa, ABŞ ýaly tehnologiýa läheñlerinden azyndan ýigrimi ýyl yza galan Germaniýa bar indi. Şonuñ üçinem häzir elektron enjamlary satylýan dükanlarda Germaniýada öndürilýän noutbuklary, planşetleri ýa-da el telefonlaryny göremzok. Hemmesi Hytaýda, Günorta Koreýada, ABŞ-da öndürilen tehnologiki önümler. Germaniýanyñ ýeke-täk gowy ugry awtomobil senagatydy. Bu ugur boýunça-da Hytaý ýakynda ondan ozdy. Indi diñe dünýä bazarynda däl, nemes bazarynda-da hytaý önümleri bazara eýelik edýär. Hytaýyñ başyny çekýän täze dünýä düzgüniniñ oýunçylary - Hindistan, Russiýa, Günorta Afrika, Braziliýa, Türkiýe ýaly ýurtlar. Germaniýa şan-şöhrat we bol-elinlik bilen doly günleriniñ geçen asyrda galandygyny, indi sahnada täze oýunçylaryñ bardygyny bilse gowy bolardy. Ýogsam bolmasa, ol muny ajy tejribe bilen öwrenmeli bolsa gerek. Esedulla OGUZ, Germaniýada ýaşaýan türkmen žurnalisti. Sişenbe, 09.07.2024 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |