18:14 Buça gandöküşligi | |
BUÇA GANDÖKÜŞLIGI
Publisistika
Russiýa bilen Polşanyñ arasyndaky serhetde ýerleşýän bir kiçijik posýolok bardy. Hiç kim hiç wagt bu posýologyñ nirä degişlidigini bilmedi. Günüñ birinde resmi ylalaşyga gol çekildi, köp wagt geçmänkä kartaçylar gelip serhedi çekdi. Obanyñ ýaşaýjylaryndan käbiri ýakyndaky depede topar bolup duranlaryñ ýanyna bardy. - Şindi biz nirede, Russiýadamy ýa Polşada? - Geçiren hasaplamalarymyza görä obañyz şu wagt serhetden Polşa çenli otuz ýedi metr içerden başlaýar. Obanyñ ýaşaýjylary şobada tans etmäge başlady. Kartaçylar geñ galyp sorady: - Munuñ size tapawudy näme? - Düşüneñzokmy munyñ näme many berýänine? Indi ol gorkunç Russiýanyñ gyşlaryna döz gelmeli bolmarys! Ýüzüñizde gülümsiremä sebäp boljak bu ýatlamany bolup geçen bir hasratly waka sebäpli agzadym: Buça gandöküşligi... Otuz müñ adamlyk kiçijik posýolokda raýat geýimli 280 müñ adamyñ öldürilen köpçülikleýin gyrgynçylygy... Bu ilatly punkt Buça derýasynyñ boýuna 1898-nji ýylda otly bekediniñ gurulmagy bilen orta çykdy... Araçägi häzirki Ukrainanyñ ýa-da Russiýanyñ içinde galanam bolsa, buçelileriñ hiç wagt Polşanyñ oba ýaşaýjylary ýaly ýüzleý ýatlap geçip bolmajak aýralygy bar... Dünýä şumat ikä bölündi: Buça köpçülikleýin gyrgynçylygyny kim etdi? Uruşda her daýym birinji uly ýitgi hakykatlardyr... • BIRINJISI: UZAGARA ABŞ Fransuz filosofy Žan-Pol Sartryñ şeýle sözi bar: "Uruşy baýlar turuzýar, garyplaram ölýär". Buça gandöküşliginiñ gürrüñini edýäris. Ukraina-Russiýa urşunyñ üstünde jedelleşýäris. Uruşyñ näme sebäpli turandygyny - garyplaryñ nämüçin ölýändigini ýatdan çykarýarys! ABŞ-nyñ Ukraina söz barsyny - birgiden wadalary berip, "gulagyna münendigini" ýatdan çykarýarys! Bize her daýym asyl hakykatlary ýatdan çykardýarlar! Günbataryñ çeşmelerinden mysal bereýin. Stokgolm merkezli Halkara Parahatçylyk barlaglary instituty (SIPRI) 1966-njy ýyldan bäri harby çykdajylar we ýarag söwdasy boýunça maglumatlary çap edýär. Soñky beýanatyny 2022-nji ýylyñ 14-nji martynda web saýtyndan paýlaşdy: - Halkara ýarag söwdasynda 2012-2016-njy we 2017-2021-nji ýyllarda ep-esli pese düşmeler boldy: -4,6%. - Munuñ bilen birlikde ABŞ-nyñ we Fransiýanyñ eksporty, Ýewropa (+19%), Gündogar Aziýa (+20%), Okeaniýa (+59) ep-esli möçberde artdy... - ABŞ ýarag eksportyny 2012-2016-njy we 2017-2021-nji ýyllarda 14% artdyryp, global paýyny 32%-den 39%-e çykardy. - Ýakyn Gündogar amerikan ýarag söwdasynyñ 43%-ni düzýär. Dünýäniñ iñ uly ýarag satyn alyjysy Saud Arabystanynyñ ýarag importy 2012-2016-njy we 2017-2021-nji ýyllarda 27% artdy. Kataryñ ýarag importy 227% artyp, iñ uly 22-nji ýarag importçysyndan 6-njy iñ uly ýarag importçysyna öwrüldi. (Birnäçe ýyl öñ çykarylan emeli Katar konfliktini ýadyñyza salyñ!) - Müsüriñ ýarag importy 2012-2016-njy we 2017-2021-nji ýyllarda 73% artyp, dünýäniñ iñ uly ýarag importçysy boldy... Dowam edeýin: • IKI TRILLION DOLLAR SIPRI beýanaty şeýle diýýär: – Dünýä sebitleriniñ arasynda ýarag importynda iñ uly artyş Ýewropada bolup geçdi. 2017-2021-nji ýyllarda Ýewropa döwletleriniñ uly ýarag importy 2012-2016-njy ýyllardakysyndan 19% köp boldy. Bu bolsa global ýarag transferleriniñ 13%-ni emele getirdi. - Ýewropanyñ iñ uly ýarag importçylary Angliýa, Norwegiýa we Gollandiýa... - Beýleki ýewropa ýurtlarynyñam ýakyn wagtda uly ýaraglary, hususanam söweş istrebitelleri üçin ABŞ-na buýurmalar berendigi sebäpli, öñümizdäki on ýylda ýarag importlarynyñ ep-esli möçberde artmagyna garaşylýar... Ýewropa nämüçin köp ýarag satyn almaga başlady? SIPRI-niñ uly ylmy barlagçysy Piter D.Wezeman “Ýewropa döwletleriniñ köpüsi bilen Russiýanyñ arasyndaky gatnaşyklarda bolup geçen düýpli bozulmalar aýratynam ähli ätiýaçlygyny halkara ýarag industriýasy arkaly kanagatlandyryp bilmeýän döwletler üçin ýewropa ýarag importyndaky artyşyñ möhüm itergi güýji boldy" diýdi. Syýasy konflikleri kim çykarýar? ABŞ! Näme üçindigi belli dälmi? Pandemiýanyñ bardygyna garamazdan 2020-nji ýylda dünýäde ýaraglanşyga harçlanan pul 2 trillion dollara ýetdi. ABŞ nämüçin hötjetlik bilen uruşlaryñ meçew berijisi bolup çykyş edýändigine düşünýäñizmi? Buçe gandöküşliginiñ hususanam Günbataryñ teleýaýlymlarynda öwran-öwran görkezilmeginiñ sebäbine düşünýäñizmi: Gorky döretmek! SIPRI bassyr-bussyrsyz ýazdy: "- Ukrainadan Efiopiýa çenli aralykda ýarag transferleriniñ dowam etmegi ýaragly çaknyşyklaryñ täsirlerine uçran parahat ilat üçin howp döredýär we uruşýan taraplar üçin parahatçylygyñ önüne böwet basýar." Aýdyp biljegiñiz barmy maña: Buça gandöküşligini kim etdi? Soner ÝALÇYN. "SÖZCÜ" gazeti, 08.04.2022 ý. | |
|