19:05 Bürgüt täleýi / hekaýa | |
Bürgüt täleýi
Hekaýalar
Ertesi ýola düşenimizde, Gün ýaňyja gum depelerinden saýlanyp ugrapdy. Çöl säheriniň howasy diýseň tämizdi. Ot-çöpleriň, gülläp başlan çöl ösümlikleriniň buzgunç ysy ýakymlydy. Käbir gadymy obalaryň deňinden geçýän ýol bilen barýarkaň, tamyň diwaryna ýaplanyp oturan goja gözüň düşer. Ol öçügsi nazaryny haýsydyr bir nokada dikip, damarlak gollaryny öňünde gowşuryp goýup, sarsman oturandyr. Onuň oturyşyndan bu durmuşda etmeli ähli işlerini edip, ýöne olaryň netijeleriniň aglabasyndan göwni suw içmeýändigi, täleyiniň öz isleyşi yaly bolman, garaşylmadyk ýagdaýlara getirendigine ýüreginde ahmyr bardygy duýlup durandyr. Şol wagtyň özünde-de onuň gözleri gülüp, dodaklary çalaja ýylgyrýan ýalydyr. Bu ýylgyryş janyny jähenneme ýollap biljek birgiden howply atanlyklardan durýan durmuş ýolundan sag-aman geçip, ep-esli menzile ýetip, köp tutumlaryň soňunyň niçik soňlanandygyny görmek bagty özüne miýesser edendigine begenmek alamaty bolsa gerek. Ýol ýakasyndaky çägeligi bagyrtlap ýatan garry ojarlary görenimde, şeýle gojalar göz öňüme gelýärdi. Biraz ýörämizsoň, öňümizden erkana otlaşyp ýören ýedi-sekiz sany düýe çykdy. Olaryň ýanbaşlaryna basylan tagmalary uzaklardan garalyp görünýärdi. Gara aga töwereginde bolup geçýän zatlary, kän bir äwmän, garnyny otarmак bilen başagaý düýeleri synlap oturyşyna ýylgyrdy: — Bu janawar tüýs düňle çöl üçin ýaradylan jandar. Gyşyna-ha iki-üç aý, tomsuna bolsa birnäçe gün suwsuzam oňýar. Suwa ýakanyňda, sähel salymda çelek doly suwy içip bilýär. Özem çölde suwuň haýsy ýerdedigini örän berk ýatda saklaýar. Otuz-kyrk ýaşan, köpügören düýe onlarça kilometrdenem suwuň nirededigini aňsatlyk bilen kesgitläp bilýär. Özem munuň süýdi diýjekmi, çaly-agarany diýjekmi, yrýa zady ýok. Il arasynda Lukman Hekim hakda bir rowaýat bar. Mahlasy, beýik tebip Lukman Hekimiň sanalgysy paýawlap, ömrüniň soňky günleri dowam edýär ekeni. Özüni soramaga gelýänleriň: “Lukmanymyz dünýäden ötse, nätmeli bolarkak?” diýip, biynjalyk bolýandyklaryny aňan pähimli Hekim olara: “Hol çökup oturan düýäni görýäňizmi?! Men ýogalamsoň, siz şol janawaryň daşyndan aýlanyberiň. Onuň süýdi, eti, ýagy, ýüňi — ähli zady dermandyr” diýenmişin. —Syçan görse-hä, düýäniň gyr jyny –diýip, Sapar Gara aganyň düýe baradaky söhbedine goşuldy. —Okuwçykak, mekdepden gelemizsoň, düýe bakmaga giderdik. Niçikmi zybyrdap ýören syçana gözi düşdügi, onuň hinine girip gizlenendigine seretmezden, hininiň üstüne çöküp, oýkanyp-oýkanyp, tep-tekiz ederdi. —Seniň bu gürrüniň maňa düýe baradaky başga bir rowaýaty ýatlatdy. Il içinde ýörgünli rowaýat, sizem ony bilýänsiňiz –diýip, Gara aga ardynjyrady. —Perwerdigär älem-jahany ýaradyp, wagty döredensoň, ony güne, aýa, ýyla bölýär. Bulaşyklyk bolmaz ýaly, ýyllaryň hersine janly-jandarlaryň birisiniň adyny dakmakçydygyny aýdýar. Ine, şonda “Ýуl başy men bolmaly-da, men bolmaly” diýşip, haýwanlaryň arasynda jedel döreýär. Perwerdigär olara: “Kim ertir irden Günüň doganyny ilki görüp buşlasa, ýylbaşy edip şony bellejekdirin” diýýär. Haýwanlar uzak gije ýatman, gündogara seredişip, Günün doganyny ilki görüp buşlamakçy bolşup durýarlar. Syçan bolsa mekirlik edýär-de, duýdurman düýäniň üstüne münýär. Onuň iki gulagynyň arasynda ornaşykly oturýar. Düýäniň boýy beýleki jandarlaryňkydan görnetin belent bolansoň, syçan Günüň dogandygyny-da ilki görüp buşlaýar. Şeýdibem, ol ýylbaşy bolýar. Özünin bagtly bijesini alandygy üçin gahary gelen düýe, syçany şondan bäri ýigrenip, gören ýerinde öýüni bozýar diýýärler. Hakykatynda welin, onuň hinine gidip, aýagy döwlerinden gorkup şeýdýär. —Gara aga, awa atly, eşekli gidilýänini bilýäs. Düýeli hem gidilýänmidir? –diýip, Aşyr gyzyklandy. —Weý, elbetde, awa düýeli-hä juda gidilýär. Awyny gapan gurup alýan gapançylaryň ýa-da bürgütçileriň esasy aw ulagy düýedir. Sebäbi gapançy ýanynda her jandara kybap birgiden gapan götermeli bolýar. Bürgütçiniň hem düýe münmeginiň sebäbi: bürgüt müçesi iri, agyr guş. Howuda berkidilgi ýörite haçja taýaga oturdyp äkidäýmeseň, beýleki aw guşlary ýaly, eliňde akitseň ýadadýar. Onsoňam, bürgüt awa salnanda, biraz belentden salynmasa, ganatynyň gerimi giň bolansoň, agaçlaryň arasyndan laçyn kibi öwrüm edip, ezber uçup bilmeýär –diýip, Gara aga düýeli gürrüňiniň yzyny bürgüde ýazdyrdy. —“Bürgüt penjesi ýaly” diýmek näme üçin il içinde ýörgünli?! –diýip, Aşyr Gara aganyň bürgütli gürrüňine has-da badalga berdi. —Bürgüdiň esasy ýaragy — penjesi. Onuň päki ýaly ýiti dyrnakly penjesiniň güýji çeňin-çakyň däl. Şonuň üçinem ol awyny çüňki bilen däl-de, penjesi bilen öldürýär. Bir penjesi bilen tumşugyndan, beýlekisi bilenem türresinden tutagada, keýikmi, saýgakmy, torsukmy, tilkimi bir gaňranda bilini oňurýar. Hatda möjegiňem bürgüdiň ýanynda jany ýok. Yzyndan baryp, depgi dyrnagy bilen onuň türresine urýar. Möjek yzyna gaňrylan dessine bolsa, çalasynlyk bilen tumşugyndan tutýar. Dişläp bilmezligi üçin şeýdýär. Onsoň onuň sypjak gumany ýokdur. Gojalaryň gürrüň bermegine görä, halamaýan adamsynyň bilini oňurtmagy Çingiz han hem bürgütden öwrenipdir. Entek ol yaşajyk Timuçinka, ilkinji gezek awa alyp gidenlerinde, doganlary eldeki bürgüdini gaçyp barýan möjege salypdyrlar. Bürgüt möjegi dessine basypdyr. Doganlary: «Möjegiň hamyny soň gelip sypyrarys” diýip, bürgüdi alyp, awlaryny dowam etmekçi bolanlarynda, Timuçin: Möjek diri ahyryn! Ol gaçyp gitmezmi?! –diýip sorapdyr. Doganlary oňa: —Ýok, gaçyp gitmez. Ol indi birnäçe wagt ölmezem, gülmezem. Bürgüt onuň bilini oňurdy –diýipdirler. Timuçin şonda: —Bürgüdiň bu täri öwrenäýmeli tär ekeni –diýipdir. Sene ýazuwçylarynyň şaýatlyk etmegine görä, ol ölmeziniň öň ýanlary, gaňryşyna gaýdandygy üçin, uly ogly Žuçiniň hem bilini oňurtdyrypdyr. Hawa, onsoň bürgüde dolansak, bürgüt höwürtgesini uçut gaýalaryň kert ýerindäki erňeklerde, daşlaryň arasynda, derýanyň beýik hem barmasy kyn dik kenarlarynda, gumda bolsa uly ojardyr sazaklaryň üstünde gurýar. Dag bürgütleri, gyş aýazly gelen ýyllary, howa maýlaýança, düzlere, ýyly jülgelere düsýärler. Bürgüt öz taýy bilen ömrüniň soňuna çenli jübüt ýaşamagy, awy bile awlamagy gowy görýär. Köplenç, bir, seýrek halatlarda iki jüýje çykarýar. Jüýjesini, höwürtgeden uçansoňam, birnäçe wagtlap iýmläp gezýär. Bürgüdiň çünki hem penjesi ýaly kuwwatly. Ol ýiti çünki bilen ýaşrak pyşbaganyň çanagyny dessine ýaryp bilýar. Eger awlany garry, çanagy mazaly gatan pyşbaga bolsa, göge göterip, ýokardan daşyň üstüne oklaýar. Özi hem edil yz ýanyndan ok ýaly atylyp baryp, daşa degip çanagy ýarylan pyşbagany iýmek üçin höwürtgesine alyp gidýär. Onuň öz aw meýdany bolýar. Juda kanagatly. Gereginden artyk awlamaýar. Al-asmanda gaýyp ýörşüne ýa-da belent ýerde oturyp, aw mülküni gözegçilikde saklaýar. Eger başga bürgüt ýa-da elguş aw örüsine aralaşsa halamaýar. Onuň bilen dessine bellisini edişýär. Beýleki awçy guşlar ýaly, bürgüdi hem ekdi etmek mümkin. Eldekileşdirmek üçin ony jüýjeliginden höwürtgesinden alýarlar. Bolmasa-da, balaguşluga yetişen halatlary, duzakdyr gapan gurup tutýarlar. Bu howply käre baş goşan adamlara “Guşçy” ýa-da “Bürgütçi” diýýärler. Olaryň barmasy kyn kert gaýalarda ýerlesýän bürgüt höwürtgesinden çaga guşy almakçy bolup, dagdan gaçyp heläk bolýan halatlary az bolanok. Onsoňam höwürtgesinde gözegçisiz galan bürgüt çagasyny aljak bolanyňda, ol arkanlygyna ýatyp, tyg ýaly ýiti dyrnakly penjelerini ýetişibildiginden galgadyp, ýolup-ýyrtyp, özüni teý aldyrmaýar. Ýyrtyjy guşuň dyrnan ýeri, möjegiň dişläp, dyrnaçaklan ýeri ýaly azyp, bitmesi hem juda kyn bolýar. Beýleki elguşlardan bürgüdiň müçesi uly, agramy artyk bolansoň, awa eşekli, atly çykylanda, üzeňňä berkidilen ýörite haçja taýakdan söýget edinip, bürgütli eliň, ýadamaz ýaly, şoňa goýup gitmeli bolýar. Bürgüdi awa salaňsoň, ol ony basan dessine, çokalap haraplamanka, tiz baryp almaly. Berekellasyny ýetirip, tutan awynyn ýüreginden ýa-da bagryndan bir bölejik kesip, lukma bermeli. Gadymyýetde bürgüdi saýgak, keýik, jeren, aýrak, umga, sugun ýaly iri haýwanlara salypdyrlar, bürgüt bilen tilki, şagal, möjek ýaly ýyrtyjylary hem awlapdyrlar. Bürgüt juda batyr guş. Oňa ýöne ýere “Guşlaryň şasy” diýilmeýär. Köpügören awçylaryň aýtmagyna görä, öňki zamanlarda ýörite öwredilen bürgütleri ýolbars, gaplaň, peleň, alajabars ýaly has howply ýyrtyjylary awlanlarynda hem ulanypdyrlar. Munuň üçin awlanjak ýyrtyjynyň mümkingadar golaýyna baryp, bürgüdi salypdyrlar. Bürgüt duýdansyz uçup baryp, kuwwatly penjeleri bilen tumşugyndan mäkäm tutup, ganatlary bilen gözlerine urup, ýyrtyjyny aljyradyp, awçynyň ony awlamagy üçin oňaýly ýagdaý döredipdir. — Gara aga, il arasynda «Owlagy, guzyny ýa-da güjügi bürgüt alyp gitdi» diýilýän gürrüň bar. Bürgüt beýle güýçli guşmy? –diýip, Sapar gyzyklandy. —Bürgüt ýedi-sekiz kilelik jandary-ha arkaýyn göterip alyp gidip bilýär. Bürgüdiň kuwwatly guşdugyny tekrarlaýan şeýle rowaýat bar. Gadym döwürde ýaşap geçen Kowus şa diýen bir Nişapurly şa öz raýatlarynyň ony keramatly hasaplamaklaryny isläpdir. Şonuň üçin her dürli gymmatbaha daşlar bilen bezelen altyn tagt ýasadypdyr. Tagtyň her tarapyna bolsa aç saklanan bir topar bürgüdi daňdyrypmyşyn. Göge uçmakçy bolanda, Kowus şa ujuna kepderi daňylgy syrygy alyp tagta münýärmişin. Aç saklanan bürgütler ýaňky kepderini göreninden, ony tutjak bolup, patyşaly tagty göterip asmana galýarmyşlar. Şeýdip, ol wagtal-wagtal häkimlik edýän ýurdunyň üstünden aýlanyp çykýarmyşyn. Bu “gudraty” gören adamlar haýran bolup, oňa sezde edip, ýykylyşyp ýatyrmyşlar. Kowus şa ýere düşmekçi bolanda bolsa, ýaňky ujy kepderili syrygy aşak egýämişin. —Diýmek, bürgüt guşlaryň arasynda iň kuwwatlysy-da? –diýip, Sapar Gara aganyň ýüzüne sowally bakdy. —Hawa, häzirki guşlardan iň kuwwatlysy bürgüt. Ýöne öňki zamanlarda Sind derýasynyň boýundaky tokaýlyklarda, Zanzybaryň golaýynda pilguş diýen bir äpet guş bolupdyr. Ol pilleri tutup, höwürtgesine alyp gidip iýýär ekeni. Hindiler ol guşa “hunu” diýýärmişler. —Siziň ol diýýän guşuňyz deňizçi Sindbadyň sekizinji syýahatynda duş gelýän guş bolaýmasa? –diýip, Aşyr güldi. —Bolup biler –diýip, Gara aga ylalaşdy. —Gara aga, ertekä, rowaýata gitmän, hakykata dolansak, “Bürgüt garran çagy özüni gaýa urup ömrüni soňlaýamyş” diýen gürrüň bar ýa-da bu gürrüň hem erteki pisint bir zatmy? — diýip, Aşyr özüne mahsus bilesigelijilik bilen sorady. —Erkinlikde ýaşaýan bürgüt garranda nädip ýogalýanyny biljek däl, ýöne eldeki bürgüdiň ömrüni soňlaýşyny gürrün bersem keýpiňiz gaçar –diýip, Gara aga agras keşbe girdi. —Aýtsaňyzlaň, Gara aga! –diýip, Aşyr ony tijedi. Biz hem ýerli-ýerden haýyş etdik. —Bolýar, aýdyp bereýin –diýip, Gara aga baş atdy. —Garransoň bürgüdiň aw almasy kyn bolýar. Onsoň ony ýaş laçyny tutmakda ulanýarlar. —Bah, ol garran çagy laçyny tutup bilýämi? –diýip, Aşyr geňirgendi. —Tagapyl et-de, diňle! –diýip, Gara aga sözüni dowam etdirdi. —Laçyn tutýan adam ilki bilen bu üýtgeşik guşlaryň haýsy jelegaýlarda ýasaýandygyny, höwürtgesiniň nirededigini anyklaýar. Şony tapansoň, onuň daşky keşbinden, awlaýan haýwanlaryndan, uçup-gonşundan laçynlaryň haýsy görnüşine degişlidigini, ýaşyny kesgitläp bilýär. Eger laçyn aşa garry bolsa, onda ony tutjak bolup azara galybam durmaýarlar, sebäbi garry laçyny eldeki etmek aňsat düşmeýär. Üstesine-de, onuň aw alşy pes, ömri gysga bolýar. Ekdi etjek bolup çeken azabyňa-da degenok. Şonuň üçinem ýaş, sagdyn laçyny tapmaga çalyşýarlar. Şeýle gözlegiň birnäçe güne, aýa çekýän wagtlary-da bolýar. Ahyrsoňy yaş, sagdyn laçyny tapýarlar, ýöne ony tapanyň bilen iş bitmeýär. Laçyn gökde erkin gaýyp ýör. Sen ýerde. Ony tutmakda iş bar. Munuň üçin örän ýeser tilsimi ulanýarlar. Guşçular bu tilsimi amala aşyrmak üçin, kepderileridir garrap tapdan düşen ýa-da awa salyp bolmajak ýaraty elguşlary—ütelgidir bürgütleri ýörite saklaýarlar. Ine, onsoň howanyň bulutsyz, ýagynsyz, ýelsiz, açyk, güneşli gününe gabatlap, ýaňky ýaş laçynyň aw awlaýan ýerine gelip, ony gözläp tapýarlar. Laçynyň göräýjek aralygyna baryp, ýerkümede gizlenip, aýagy ýüpli, arkasy duzakly kepderini göge uçuryp, oňa özleri bilen getiren, aýagy ýüpli, aç saklanan garry bürgüdi salýarlar. Bürgüt kepderini aldym-aldym diýende, aýagyndaky ýüpden çekip, oňa kepderini almaga maý bermeýärler. Bu ahwalaty synlap duran laçyn gyjynyp, ok ýaly atylyp gelýär-de, eger aç bolsa, kepderini gapýar. Ine, şol pursat hem kepderiniň arkasyna berkidilen ýörite duzak onuň penjelerinden ilýär. Balyk tutulýan juda pugta ýüpden—žilkadan edilýän duzaga bir düşensoň, laçynyň sypjak gumany ýok. Onsoň ony, ýüpi çekip, kepderi bilen bilelikde düşürip alaýmak galýar. —Be, duzak diýilse, ýerde gurulýamyka öýderdik welin, onuň gökde gurulýan göşnüşem bolýar eken-ow –diýip, Öwez geň galdy. —Hawa, ýyrtyjy guş tutmagyň bu usulyna “Агар usuly” diýilýär. Arap ýurtlarynda ulanylýan usul bolsa gerek. Bu tilsim käte ilkinji gezekde-de laçyny tutmaga mümkinçilik berýär. Käte bolsa ony birnäçe gezek gaýtalamaly bolýar, sebäbi laçyn dok bolsa, özüniň aw mülküni gabanyp, kepderini tutmakçy bolýan bürgüdi gelip urýar. Laçynyň urgusyndan soň bürgüt çalam-çaş bolýar. Ine, garran ekdi bürgüdiň soňky täleýi seýleräjik. —Dogrudanam, gussaly täleý –diýşip, ýerli-ýerden dillendik. —Ekdi bürgüt öý şertinde köpelmeýärmi? –diýip, Aşyr gyzyklandy. Ýok, köpelmeýär. —Haýwanat bagyndaky bürgütler hem jüyje çykarmaýar –diýip, Öwez Gara aganyn sözüni tassyklady. —Seyledir –diýip, Gara aga ylalaşdy. —Sebäbi bürgüt erkinligi gowy görýän guş. Hemra ŞIROW. | |
|
√ Tagmaly gyz - 09.08.2024 |
√ Düýş gapylary / hekaýa - 26.01.2024 |
√ Merkiňi berseler, erkiňem gidýän ekeni / hekaýa - 29.11.2024 |
√ Diwana / hekaýa - 03.09.2024 |
√ Oglanlyk döwrümiň peji / hekaýa - 21.01.2024 |
√ Nälerkerde / ajy hekaýat - 14.09.2024 |
√ Jan / hekaýa - 08.03.2024 |
√ Kol-hoz-çy / hekaýa - 07.09.2024 |
√ Kyrk ýyldan soñ gaýdyp gelen şol aýazly gün / hekaýa - 19.01.2024 |
√ Mawy itiñ gözleri / hekaýa - 08.09.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |