09:58 Çaganyñ güýji / hekaýa | |
ÇAGANYÑ GÜÝJI
Hekaýalar
- Öldürmeli!.. Atmaly!.. Bu nejisi häziriñ özünde atmaly!.. Öldürmeli!.. Ganhoruñ kellesini kesmeli!.. Öldürmeli, öldürmeli! - diýip, mähelläniñ içinden erkek kişileriñ we aýal maşgalalaryñ sesleri eşidilýärdi. Halkyñ uly mähellesi köçe bilen eli dañylgy adamy alyp barýardy. Ol uzyn boýly, gös-göni adamdy, başyny dik ýokary tutup, gujurly gadam urup barýardy. Onuñ owadan hem gaýduwsyz ýüzünde töweregindäki adamlara bolan gahar-gazap bardy. Ol adam halkyñ häkimiýete garşy edýän urşunda häkimiýetiñ tarapynda durup urşýan adamlardan biridi. Indi ony tutupdyrlar-da, jezalandyrmaga alyp barýardylar. "Näme etmeli! Hemişe güýç bizin tarapymyzda bolmaýar. Näme etmeli? Indi sen olaryñ elinde. Aý, bolýa, ölmeli bolsa, öläýeris, şeýtmek gerek öýdýän" diýip, ol adam mähelläniñ entegem dowam edýän gykylygyna sowuk ýylgyryp, eginlerini gysyp barşyna oýlanýar. - Bu şäherli adam, şu gün ertirjigem bize ok atyp durdy! - diýip, köpçülik gygyrýar. Ýöne bu mähelle durman, ony alyp barýar. Adamlar goşun bilen düýnki bolan atyşykda wepat bolanlaryñ entegem ýygnalmadyk läşleriniñ ýatan köprüsiniñ üstünden geçýän köçesine düşenlerinde has-da gazaba mündüler. - Yza çekip oturmak gerek däl! Häziriñ özünde, şu ýerde bu deýýusy atmaly. Mundan añry ony nirä alyp gitjek? - diýip, adamlar gygyryşyardylar. Ýesiriñ ýüzi çytyldy, ýöne ol başyny öñkidenem dik tutdy. Göwnüñe bolmasa, ol köpçüligiñ özüni ýigrenşindenem bäş beter bu giden mähelläni ýigrenýän ýalydy. - Hemmesini gyrmaly! Jansyzlaram! Ähli deýýuslary! Öldürmeli, häziriñ özünde öldürmeli! - diýip, aýal sesleri uwwuldy ýaly bolup, töweregi gursap aldy. Ýöne mähelläniñ baştutanlary ony meýdança alyp barmagy we şol ýerde onuñ bilen bellisi i etmegi meýilleşdiripdirler. Meýdança hem indi uzakda däl. Şol wagt, märekäniñ sesi bir sellem kesilen pursadynda onuñ yzky taraplaryndan çaganyñ aglaýan sesi eşidildi. - Kaka! Kaka! - diýip, alty ýaşly çagajyk horkuldap, ýesiriñ ýanyna ýetmek üçin mähelläni iteleşdirip barşyna aýtdy. - Kaka! Olar seni näme etjek bolýar! Dursana. Dur, meni-de äkit, menem seniñ bilen gitjek!.. Mähelläniñ çaganyñ sesi çykan tarapy sem boldy, mähelle, uly bir güýje ýol berýän ýaly, onuñ öñünden aýrylyp, çagany kakasynyñ ýanyna barha we barha ýakyn goýberdi. - Wi, nähili kiçijik! - diýip, aýallaryñ biri seslendi. - Saña kim gerek? - diýip, ýene bir aýal oglana egilip sorady. - Kakam! Kakamyñ ýanyna goýberiñ meni! - diýip, oglan jebirdedi. - Aý, oglan, sen näçe ýaşyñda? - Siz meniñ kakamy nätjek bolýañyz? - Bar, öýüñe gaýt, oglan! Bar ejeñiñ ýanyna git! - diýip, erkek adamlaryñ biri oglana aýtdy. Ýesir eýýäm oglanyñ sesini eşidipdi, oña näme diýýänlerini hem eşitdi. Onuñ ýüzi öñkidenem beter tutuldy. - Onuñ ejesi ýok! - diýip, ol oglany ejesiniñ ýanyna iberjek bolýanyñ sözüne gygyryp, jogap aýtdy. Oglan märekäni gysyşdyryp, iteleşdirip, teý-ahyr kakasynyñ ýanyna ýetdi, kakasy ony dañylgy eli bilen göterdi. Mähelle bolsa entegem: "Öldürmeli! Asmaly! Deýýusy atmaly! " diýip gygyrýardy. - Näme üçin öýden gaýtdyñ? - diýip kakasy oglana aýtdy. - Olar seni nätjek bolýar? - diýip, oglan kakasyna aýtdy. - Sen näme et diýsene!.. - diýip, kakasy dillendi. - Näme edeýin? - Katýuşany tanaýarmyñ? - Goñşynymy? Tanamanmy?! - Ana, şonuñ ýanyna bar, şonuñkyda boluber. Men...Menem bararyn. - Sensiz gitjek däl - diýip, oglan aglady. - Näme üçin mensiz gitjek däl? - Olar seni urarlar. - Ýok-la, olar hic zat etmeýär. Şuny aýdan ýesir oglany elinden düşürip, mähelläniñ jylawuny çekýän adamyñ ýanyna bardy. Ol: - Näme diýseñizläñ!.. - diýdi - Meni nähili we nirede öldüresiñiz gelse, öldüriñ, ýöne diñe oglanyñ ýanynda däl - diýip, ol oglany görkezdi. - Iki minutjyk elimi çözüñ, men oña siziñ bilen gezip ýörendigimi, siziñ meniñ dostlarymdygyny aýdaýyn, onsoñ ol gider. Ana, şonda...şonda nädip öldüresiñiz gelse, öldüriberiñ. Baştutan ylalaşdy. Şondan soñ ýesir oglany ýene eline alyp, seýle diýdi: - Bar, akyllyja bol-da, Katýalara git. - A, sen näme? - Görüp dursuñ ahyry, men, ine, şu dostlarym bilen gezelenç edýärin, biz ýene biraz aýlanaly, sen bolsa git, men-de bararyn. Bar, akyllyja bol-da, Katýalara git. Oglan kakasyna dikanlap seretdi, soñra kellesini ilki bir tarapa, soñra beýleki tarapa gyşardyp, pikire çümdi. - Bar, oglum, git, menem bararyn! - Bararmyñ? Oglan ylalaşdy. Aýallaryñ biri ony mähelleden alyp çykdy. Çaga gözden ýiten dessine ýesir dillendi: - Indi men taýýar, öldüriñ meni! Ine, şu ýerde-de ýaman düşnüksiz, hiç garaşylmadyk bir ýagdaý ýüze çykdy duruberdi. Bularyñ - zalym, rehim-şepagatsyz, ýigrenji ýüzüne çykyp duran adamlaryñ hemmesinde nähilidir bir birmenzeş pikir döredi duruberdi. Şonda aýallaryñ biri şeýle diýdi: - Bilýäñizmi näme?! Şuny goýbersek näder? - Haww-eý, Alla ýary bolsun - diýip, ýene kimdir biri gygyrdy. - Goýbermeli. - Goýbermeli, goýbermeli! - diýip, mähelle gygyrdy. Bu gujurly, ýap-ýañyjyk hem mähelläni ýigrenip duran, daşýürek adam möññürdi, elleri bilen ýüzüni ýapdy, soñra günäli ýaly ylgap gitdi, mähelläniñ içinden çykdy, ony hiç kim saklamady. Lew Nikolaýewiç TOLSTOÝ. | |
|
√ «Daglaryň ruhy» / hekaýa - 07.03.2024 |
√ Gyzyl alma / hekaýa - 12.10.2024 |
√ Ahmyryň awusy / hekaýa - 13.01.2024 |
√ Время для любви / рассказ - 02.12.2024 |
√ Oglanlyk döwrümiň peji / hekaýa - 21.01.2024 |
√ Gargyş mama / hekaýa - 13.09.2024 |
√ Leýlanyň taryhy / hekaýa - 11.01.2024 |
√ Kislowodskide bolan waka / nowella - 25.07.2024 |
√ Şem / hekaýa - 24.08.2024 |
√ Ägä bolmaly / hekaýa - 15.09.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |