11:06 Çapyksuwar we at | |
ÇAPYKSUWAR WE AT / hekaýat
Ertekiler
Gadymdan gelýän şeýle bir gürrüň bar. Ir zamanlarda ençeme toýy baglan ýüwrük ata münen çapyksuwar goňşy obalaryň birine ýola rowana bolupdyr. Ol ýerde ýüwrük atlaryň bäsleşigi geçirilýän ekeni. Özi-de, aty-da oňat bezelensoň, golaý goltumdan geçip barýan mähelläniň gözleri şolardamyş. Bu ýagdaýa çapyksuwaryň göwni göterilipdir. Kähalatda bolsa onuň ruhy pel-pelläp, gamçysyny al-asmanda galgadýarmyş. Ynha, birden hem çapyksuwar barmaly menziline gijikýändigini aňypdyr. Atyny gyssap başlapdyr. Soň bolsa debisgiläp, atyň sagrysyna jübüt gezek gamçysyny sugşurypdyr. Gamçysynyň urgusy at janawara ýakymsyz täsir edipdir. Ol şonda-da hiç hilli syr bildirmändir. Göýä hiç zat bolmadyk ýaly, ädimini çaltlandyrypdyr. Şol mahal hem: - Ogul, at ýigide diňe münmek ýa-da gamçy urmak üçin berilýän däldir. Ol ynsanyň ýakyn syrdaşydyr, Gamçy bolsa ony daş-töweregindäki erbetliklerden goramak üçin zerurdyr - diýen ses eşidilipdir. Bu sedanyň nireden gelendigini aňmasa-da, çapyksuwar özüniň hata iş edendigini aňypdyr. Hekaýatda aýdylşyna görä, şondan soň ol ýekeje gezek hem atyna gamçy urmandyr. Şahymerdan SARYOGLY. “Edebiýat we sungat” gazeti, 2010-njy ýylyň aprel aýy. | |
|
√ Iki agajyñ söýgüsi hakynda erteki - 17.11.2024 |
√ Gorkana goşa görner / erteki - 09.04.2024 |
√ Aldanan möjek / erteki - 09.04.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |