20:49 Dag obasynyñ wakalary | |
DAG OBASYNYŇ WAKALARY
Ýatlamalar
Geçilen ýola ser salýarsyň. Her hili wakalar ýadyňda galypdyr. Bir waka welin meniň hiç ýadymdan çykanok. Mahal-mahal ýadyma düşende, ýürek gyýylyp gidýär. Ol durgunlyk döwrüniň ýolbaşçylarynyň bir topary bilen baglanyşykly. Olar il ýüzüne halkyň eşreti ugrunda alada edýänden bolsalar-da, hakykatda weli beýle däldi. Öz sözlerini gögertjek bolup, uly iliň nägileligini buýruklar bilen ýatyrjak boldular. Ahyrynda näme boldy? Soňky netije indi biziň ählimize belli. Hut şol ýolbaşçylaryň günäsi bilen belli bir derejede Kommunistik partiýanyň abraýyna hem şikes ýetirilendigini aýtmak gerek. Onsoňam oýlanylyp oturylsa, olaryň «düýbünden bolanok», «gadagan etmeli» diýýän meselelerini oňyn çözüp bolýan ekeni. Obadyr şäherde metjidem gurup bolýan ekeni, çagaňy sünnede-de ýatyryp bolýan ekeni, topraga ýüregi bilen hyzmat etjek daýhan artykmajrak mellek ýerem paýlap bolýan ekeni... Meniň gürrüň berjek bu wakam baryp-ha segseninji ýyllaryň başlarynda bolup geçipdi. Şol gün üsti ýaşululardyr orta ýaşan adamlardan doly üç-dört sany ýük maşyny TKP MK-nyň şol wagtky jaýynyň ýanynda saklandy. Maşynlardan düşenler MK-nyň jaýyna tarap ýöneldiler. Bular dag içinde ýerleşýän Nohur obasynyň adamlarydy. Olaryň wekili özlerini TK MK-nyň birinji sekretarynyň kabul etmegini sorady. Emma uzak ýerden gelen ak sakgally gojalara oňly ýüz berilmedi. Sebäbi arz etmek üçin topar tutup, MK-nyň ýa-da hökümet jaýynyň öňüne ýygnanmak adatdan daşary ýagdaý diýip hasap edilýärdi. Eýsem-de bolsa, nohurlylaryň topar tutup, Aşgabada haraý gözläp gelmekleriniň sebäbi näme? Şol döwürde Nohurdaky öri meýdan zapowednik bahanasy bilen hasam daraldyldy. Bu hakda hiç kim ýerli ilatyň pikirini soramandam: oňa sala-da salmandy. Şonuň üçinem ilat raýon guramalaryna arz-şikaýat etdi. Ýöne olar diňlenmän, gaýta başdansowma jogap berildi. Şol sebäpdenem adamlar «Ýokary guramalar biziň halymyza düşüner, hemaýat eder» diýen niýet bilen, Aşgabada tarap ýola düşdüler. Ýöne ol ýerde-de hoş söz beren boldular-da, ýüzden gowrak adamy yzlaryna gaýtaryp goýberdiler. Emma berlen wada wadalygyna galdy. Şondan soň, TKP MK-nyň nobatdaky Býurolarynyň birine «Pograniçnik» kolhozynyň ýolbaşçylary, Bäherdeniň raýon ýolbaşçylary çagyrylyp, şonda olaryň mazaly suwuna degdi. Munuň maňa Býuronyň mejlisine gatnaşan adamlaryň biri gürrüň berdi. Býuroda TKP MK-nyň birinji sekretary nohurlylaryň hereketlerini gahar-gazap bilen ýazgarypdy. (Käşgä ýazgarar ýaly olar aýyp iş eden bolsalar!..). «Biz bäş öýli nohur üçin türkmeniň abraýyny döküp bilmeris» diýen terzde gaharly gürläpdir. Onuň bu sözünden meçew alan raýkomyň birinji sekretary bolsa: «Men-ä indi şolaň obasyna pylança ýyldan bäri baramogam» diýipdir. Ine, şol Býuro mejlisinden soňam, nohurlylaryň üstüne gara bulut abandy, Telewideniýäňiziň «mawy ekranynda-da» olary paş edýän» uly-uly gepleşikler bütin halka ýetirildi. Gepleşikleri taýýarlan žurnalistler olary gör, nämelerde aýyplamadylar?! Işlemän gün görýänlerem, könäniň zyýanly galyndysyna eýerýän dindarlaram şolar boldy. Aý, garaz sanap nätjek! Şu ýerde mendenem: «Sizem žurnalist. Näme üçin bu bolýan zatlary görübem dymyp bildiňiz?» diýlip soralmagy ähtimal. Bu babatda men öz ynsabymyň öňünde ikilik etmedimmikäm öýdýän. Şol döwürräkde maňa Türkmen telewideniýesiniň çagalar redaksiýasynda bölüm müdiri, edebi-drama gepleşikler redaksiýasynyň baş redaktory bolup işlemek miýesser etdi. Telewideniýede nohurlylar hakda bir taraplaýyn berilýän gepleşiklere protest hökmünde men başga ýoly saýlap almagy makul bilipdim. Nohur obasyndan çykan atly-abraýly adamlar az däldi. Ine, men şuny obýekt edip aldym. Ilkinji publisist, magaryfçy Muhammetguly Atabaýew baryp-ha XX asyryň başlarynda Daşkentdäki mugallymlary taýýarlaýan seminariýada Muhammetguly bilen bile okan, onuň bilen dogan okaşan we Muhammetgulynyň familiýasyny alan Gaýgysyz Atabaýew, sowet döwründe halk komissarlary bolup işlän Hajy we Öwezgeldi Atabaýewler hakyndaky telegepleşiklerim «mawy ekranda» görkezildi. Özleri üçin agyr döwürde bu gepleşiklere tomaşa edip, göýä arka tapynan ýaly bolan nohurly garyndyşlarymyzyň munuň üçin menden razy bolandyklarynyň ençeme gezek şaýady boldum. Ondan bäri ep-eplije ýyl geçipdir. Arada men Nohur obasynyň myhmany boldum. Elinden dür dökülýän doslarym Kakabaý bilen Şamuhammetleriň öýünde bir ýaşuly bilen tanyşdym. Oňa Çary Pürli ogly diýýärler. Ol ömrüni daýhançylykda ötüren adam. Ýaşynyň birçene barandygyna garamazdan, obada köp ýyllap mehanizatorlyk edipdir. Biziň gürrüňimiz başa inen şo-ol pajygaly wakalara syrygdy. Şonda ol maňa janyýangynlyk bilen şol döwürde bolup geçen bir wakany ýatlady. Menem ony okyjylara ýetireýin diýdim. Söhbetdeşimiz şeýle gürrüň berdi: – Nohurlylaryň bir toparyny «ýer ogurladyňyz» diýip, ýygnap başladylar. Şo döwürde-de raýkomyň birinjisi çalyşdy. «Täze adamdyr, sözümi düşündireýin» diýip, ýanyna gitdim. Kabulhanasyna girsem, registrasiýa edip oturan gyz: «Ýaşuly bu gün kabul edişlik boljak däl. Raýkomyň ýanyna Aşgabatdan adam gelipdir» diýdi. Oňa çenli gapydan raýispolkomyň başlygy Gurbansähet Gurbanow girdi. «Çary, näme edýäň bu ýerde?» diýip, sorady. Men ýagdaýymy düşündirdim. Olam: «Bu gün seni kabul etmezler. Gaýdyber» diýdi. Men «Registrasiýa bir etdireýin. Haçan kabul etjek bolsa geläýerin» diýdim. Registrasiýa edilenden soň, gapyda oturan gyz ony raýkoma ýetiren bolmaga çemeli. Daş çykdym. Görsem, ol yzymdan yglap gelýär. «Ýaşuly, seni çagyrýarlar» diýip. Raýkomyň jaýyna girdim. Girsem raýkomyň sekretarynyň özünden başga-da ýanynda iki adam – biri polkownik, birem graždan eşiginde oturan eken. Raýispolkomyň başlygam bar. Birinji sekretar golaýragyndan ýer görkezip, «Oturyň» diýdi. Menem görkezilen ýerde oturdym. «Hawa, ýaşuly, aýdyber, näme işe geldiň bu ýere» diýdi maňa. «Ýoldaş raýkom, sen raýona täze gelipsiň. Nohuryň ýagdaýy bilen seni biraz tanyş edeýin diýip gelşim. Biziň halkymyzy tutup gutardyňyz. Ýer diýilýän bir jübiňe salynýan zat däl. Ýa bolmasa, bir ýere süýşürip äkitmeli däl. Bir duran ýerinde dur. Bu näme etdigiňiz bolýar» diýdim. Onuň gahary gelen bolmaga çemeli: – Dünýäni zaýalaýan seniň ýaly ýaşulular – diýip, stoly ýumruklady. Menem: – Ýoldaş raýkom, (käbir sebäplere görä, men onuň familiýasyny getirmekden saklanýan – A.Ç.) bu stoly seňem, meňem kakamyz goýanok. Bu stoly Wladimir Iliç Lenin goýdy. Bu stoly urmaga biziň hakymyz ýok. Biz onuň başynda düşünişmeli. Şu wagt git diýseň gideýin, ýene bir gün geleýin, git diýmeseňem, stoly ýumruklama, düşünişeli – diýdim. Şondan soň ol köşeşip: – Bolýa – diýdi. Hawa, Nohurda bir ýetimiň jaýyny on günde salyp, eline açaryny beripsiňiz. Şonuň ýaly edip kolhozda-da işleseňiz, dünýä gülala-güllük boljag-a, näme üçin işlemeýäňiz? – diýdi. Men gynanç bilen: Sizde propaganda we agitasiýa diýen bir bölüm bolmaly. Şol bölümiňiziň işgärleriniň halkyň arasyna gelip, agitasiýa geçirip ýörenlerini göremzok. Kohozçy bolsa, özüniň näme barada iş edýändigini bilmese, onuň yhlasy bolmaýar. Ýetime kömek etmek bolsa sogapdyr. Ine, mundan ýüz ýyl ozal gowy at galdyryp giden adamlar bar. Şoň ýaly iş edip bilseň, soňam ýatlanjag-a. Biziň ýaşulularymyz ýetime kömek etmeli diýip düşündirýärler. Emma raýkomdan gelip, düşündiriş işini geçirýän adam ýok. Adamlara gowy ýolbaşçylyk edilse, halk işlejek, paýyny aljak. Biz şu çaka çenli hökümetden paýymyzy alyp bilemzok. Sebäbi diýeňde, bizde düzüwli ýolbaşçylyk ýok. Raýkomyň sekretary meniň aýdanlarymy ýanyndakylara gylyny gymyldatman terjime edip berýär. Soň ol menden: – Näme üçin siz kolhozyň ýerlerini gamyşa basdyrypsyňyz? – diýip sorady. – Bize iki ýüz kilometr ýerden kanal getirildi. Beý diýmegimiň sebäbi, kanala harajat etmeli zatlaryň diňe 10 prosenti sarp edilipdir. Eger galan harajadam kanalyň özüne siňdirilen bolsa-dy, onda ýerden zeý çykmaly däl ahyryn. Aňyrlar-a biljek däl, biziň pagta ekmeli ýerlerimizde her 12 gektar ýerde bir maşynda gidrant goýlupdyr. Biziň ogul-gyzlarymyz bulary aýlyk berip ýasatdylar. Turbany getirip, ýerinde goýdular. Raýon boýunça 11 kolhoz barmy? Bar. Ýöne kolhozlardaky 11 gidrantam işlänok. «Näme üçin işlänok?» diýip soraýan adam ýok. Sement, turba ýetmeýän bolsa, almaly ahyryn. Hökümet muň üçin ýüz prosent harajat goýberýär. Hökümetde gürrüň ýok. Gürrüň işleýän adamda. Gözegçilik etmeli. Ine, raýispolkom, özüniň jogapkärçiligini hem bilmeýär. Şonuň üçinem köp ýeri gamyş-gajar basdy – diýdim. Raýkomyň birinjisi ýene-de maňa sowal bilen ýüzlendi. Ol: – Pagtany näme üçin ýygaňzok? – diýip soraýar. Men: «Kolhozyň dört ýerinde meýdan düşelgesi bar. Şol düşelgelerde Nikolaý döwründen galan wagon bar. Olaram meňki bolsun diýer ýaly däl, azodyň, superfosfatyň gyşlaýan jaýy diýseňem boljak. Oglanlaň ýatmaly ýerem şo taýy. O wagonyňam ýaz gyzgyny öldürýä, gyşam sowugy. Ýel turaýsa, iki günläp gözüňi owkalap ýörmeli. Çägedenmikä diýýädik weli, ol-a şol wagonyň içindäki steklowata diýlen zatdan eken. Çägäni ýuwsaň aýrylýar, ony ýuwsaňam aýrylanok. Gözüň işini görýär. Şol sebäpdenem, çagalary pagta meýdanyna iberjek däl. Ine, raýispolkomyň başlygam otyr. Kolhozyň bir ýerinde jaý bolsa, aýtsyn – diýdim. Soň ol menden: – Nohur işlärmi? – diýip sorady. – Nohurly gaty işlär – diýdim. Bir ýarym kilo bugdaýa işledik. Elli ikinji ýyla çenli biziň elimizden azal aýrylmady. Ýaz ýer sürdük elimiz bilen. Mugt işledik. Iýen çöregimize ýetmedi alan harajadymyz. Halk işlär. Ýöne indi halkyň içinde sowatlysy bar. Meň özüm mehanizator, iki ýüz manat alýan. Şol bir özüňe ýetýämi diýsene? Ýetenok. Şu wagta çenli işläp ýörün. Baryň, öý işigimi barlaň, towuga ýükläýmelidir. «Näme üçin täze posýologa göçüp geleňzok?» diýip soraýaňyz. Ýalan bilen çynyň arasy dört barmak diýipdirler. Sebäbi gözüň bilen göreniň çyn, gulagyň eşideni ýalan. Gidip göreliň. Aşgabat ýolunda durup, ine-gana seredeliň. Şol ýere bir müň hojalygy göçürip getirip boljakmy ýa ýok? Şu göçürjek ýeriňiziň gündogar tarapy Kirow adyndaky kolhozyň ekerançylyk meýdany. Demirgazygy kanal. Kanalyň aňyrsam selponyň ekin meýdany. Günbatar tarapy «Pograniçnik», «Pobeda» kolhozy, günorta tarapynda-da iki sany uly ýol, biri asfalt, biri demir ýol. Demir ýolunyň üstünden gaýralygyna dowar sürülerini sürmek üçin uly köpri ýasap berse, onda başga gep. Çünki bir müň hojalygyň azyndan müň sany gara maly bar. On müň sany gelmeli. Şonça maly häzirki ýerde posýologa sygdyryp bilermiň? Biziň gören horlugymyzy daga olar çydamaz. Posýolok diýilýän ýerde ne suw bar, ne zat. ... Men raýkom bilen iki ýarym sagat gürrüň etdim. «Garybyň sözi ýer tutmaz» diýleni-dä. Ýer tutmasa-da, mazaly içimä dökdüm – diýip, Çary aga sözüni soňlady. Soň ýaşuludan: «Obaňyzdan näçe adam basyldy» diýip soradym. Ol «18 adam tutuldy» diýip jogap berdi. – Şonda öz giýewimem tutuldy. Bar bahanasy «ýer ogurlapsyň» diýdiler. Soň tutulanlaryň hemmesi boşap geldi. Gelenden soň, ölenem boldy. Garawulysyndan Abdy Gurban neresse boldy. Türmede zeper tapynan eken. Molla diýip tutulanlaram boldy. Rejep diýip bir obadaşymyzy «namaz okaýaň» diýip tutdular. Garaz, gün görmediler düzüwli. Armaturalarymyza çenli sanadylar. Çekilen turbalaryň hasabyny aldylar. Melleklerimizi birnäçe gezek ölçediler. Obamyzyň sylanýan bir ýaşulusy howlusyna suw çekdirmek üçin satyn alan turbasy üçin tutdular. Ol şol wagt 65 ýaşyndady. Ýöne inim, ýagdaý häzirem bir gowulaşyp baranok. Çarwa çyksak, zapowednik goýanoklar. Tebigat goralsyn. Ýöne hem dokuzyny düzüw etmeli ahyryn. Şu halka çörek berseň, işlejeklerine kepil geçýän. Sebäbi, mellek ýerimize aýlanyp görüň, hemmesi daşyň üstündedir, çekip, hasyl alýas – diýip, Çary aga başyny aşak saldy. Şol wagt meniň şu obaly Nurahmet mugallymyň kimdir birinden delalat gören naýynjar keşbi göz öňüme geldi. Ony bary-ýogy ýekeje gezek görüpdim. Şol gezek ol meniň ýanyma kömek sorap gelen ekeni. Ony mugallymçylyk işinden, partiýa hataryndan çykarypdyrlar. Şol döwürde obada ýygnak geçirilende, «Nohurlyň ýagdaýyna düşüniň. Ölimizi şäherden oba getirjek bolsak, hyllalla. Ýörite ygtyýar edilen şlagbaumdan geçirenoklar» diýip, hakykaty aýdany üçin, ony arabozar hökmünde işinden çykarypdyrlar, partiýa hataryndan öçüripdirler. Nähili kynam bolsa, hemaýat bolar diýip, käbir tanaýan adamlaryma ýüz tutanam bolsam, Nurahmede şol wagt hiç hili kömegi degmedi. Men ony soň görmedim. Birki ýyllykda onuň «öldi» habaryny eşidip gaty gynandym. Sorap-idäp görsem, ol özüniň nähak partiýadan çykarylandygy barasynda köp ýerlere ýüz tutupdyr. Ol partiýanyň raýon komitetine gatnap, özüniň nähak işden we partiýadan çykarylandygyny subut etjek bolupdyr, bu dört-bäş ýylyň dowamynda gaýtalanypdyr. Onuň üstesine-de aýalynyň ýogalmagy. Oňa ahyryn mugallymçylyk işi berilýär. Ýöne partiýa bileti gaýtarylyp berilmeýär. Şondan bir hepde geçip-geçmänkä maşgala ýetim galypdyr. Ýürek kemsitmelere, agyr horluklara çydamandyr. Eýsem-de bolsa, şol döwürde ruhy ezýet çekdirilen diňe bir Nurahmet Nur dowmydy?! Olar ýalylar bir ýa iki däl. Ýüzlerçe, müňlerçedi! Dogrusyny dogry aýtmaly. Halkyň bagtyna aýanlyk döwri geldi. Goýberilen säwlikler hakynda ýene-de Kommunistik partiýamyzyň özi halka aýan etdi. Häzir partiýamyzyň abraýy, halkyň abraýy ýokary galmak bilen. Munuň üçin hem kommunistiň ak ýürek bilen uly gaýratlyk görkezip işlemegi derwaýys. Allaýar ÇÜRIÝEW, žurnalist. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |