10:08 Daglar hem-de adamlar | |
DAGLAR HEM-DE ADAMLAR
Goşgular
Aýlaw sany ýiten pelegiň çarhyn Sagadyň dilleri ýadyňa salýar. Nobatyn geçiren ýene bir gije Wagtyň bazaryna ömrüni salýar. Soňra tebigatyň elwan baýdagy Şapak bolup gündogary gaplaýar. Şapagyň şöhlesi gögüň göwsüni Düzüm-düzüm monjuklardan saplaýar. Agras daglaň kebzesinden ýapyşyp Gün agraslyk bilen galýar ýerinden... Dyma-dyma halys bolan daglaryň Ak giripdir müñ gowgaly serinden. Serinden ak giren agras daglaryň Müň gowgaly başy asmana ýetýär. Jülgeler bugarýar toý gazany deý... Birdenem toý ýitýär, märeke ýitýär. Toý deregne peýda bolýar sowallar, Märekäň deregnem sowallar tutýar. (Mydam täleý bilen başa-baş adam Ne deňleşýär, ne utulýar, ne utýar). Ýaş başyma endik bolan dymmagy Gara daşly gara dagdan öwrendim. Bu gün welin gözüm düşüp daglara, Durşum bilen soraglara öwrüldim. Hany, gür bersene, aýtsana, dagym, Aýt, nämüçin agyr seniň taryhyň? Belki, onsoň ýazgararyn azajyk, Belki, onsoň ýetirerin tarypyň. Hany, gür bersene ganym atynyň Daşyňda yz goýup geçen ýerinden. Şonda nädip çydap bildiň? Nämüçin Daş bolup ýagmadyň depelerinden. Üstüňden ganymlaň düşende ýoly, Neneň para-para bolmady daşyň? Neneňsi siňdirip bildiň ýesirleň Yzlarna delmuryp döken gözýaşyn? Haýsy kemeriňden ötüp «gyzylbaş» Pyragyň mekanyn saldy weýrana? Goly bagly, kalby dagly şahyry Haýsy ýodaň alyp gitdi Eýrana? Hüňkara aldyryp Göroglyň başyn, Haýsy gowagyňda bagryň dilindi? Tyg göwsünden parran geçen Gyratyň Nagarasyndan haýsy jülgäň elendi? Hany, gür bersene geçmişiň hakda, Belent mertebäňe edeýin togap. Meni ünjä goýan ençe sowala Özüň dymyp dursaň, kim bersin jogap? ...Ýaş başyma endik bolan dymmagy Öwrenipdim gara dagyň daşyndan. Bu gün welin gözüm düşüp daglara, Ejiz gelýän ýeke katra ýaşymdan. Hany, töweregňe göz aýla, dagym, Agyr taryhyňa aglaýan känmi? Ozalam gözýaşyň ýeterlik ahyr, Bu günki damjalar artykmaç dälmi? ...Mydam adam bilen başa-baş täleý Ne deňleşýär, ne utulýar, ne utýar... Daglaň geçmişine aglaýar adam, Dag bolsa adamlaň ýasyny tutýar... Şiraly NURMYRADOW | |
|
√ Bäsdeşlik / Goşgular - 07.12.2024 |
√ Garrylyk hakynda goşgy ýazypdym... / Goşgular - 15.07.2024 |
√ Gaplañ ölümi / Goşgular - 22.08.2024 |
√ Bagyşla, eje! / Goşgular - 25.08.2024 |
√ Baýram handan gazallar / Goşgular - 14.08.2024 |
√ "Zülpükar gylyjy Hezret Alynyň..." / Goşgular - 27.08.2024 |
√ Oba. Ýaz gijesi / Goşgular - 14.11.2024 |
√ Adamlary görseň ählisi gowy / Goşgular - 09.08.2024 |
√ Pelek / Goşgular - 12.11.2024 |
√ Saçly gyzlar / Goşgular - 31.08.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |