DAÑDANAKAN: ASYRLARYÑ JÜMMÜŞINDEN GALAN YZLAR
Gahryman Arkadagymyzyň öz halkyna peşgeş beren «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly kitaby baý geçmiş taryhymyzy düýpli öwrenmekde, milli mirasymyzyň dünýä taryhyndaky mynasyp ornuny wagyz etmekde hem-de halklaryň arasyndaky dost-doganlygy berkitmekde uly ähmiýete eýedir. Adamzat taryhynda yklymlaryň arasynda söwda we medeni gatnaşyklary ýola goýan gadymy kerwen ýollarynyň halkymyzyň taryhy bilen sazlaşygyna göz ýetirmekde ygtybarly ylmy çeşme bolup durýan bu ajaýyp eser her bir okyjynyň kalbynda şöhratly geçmişine, milli medeniýetine we mukaddes topragymyza bolan buýsanjyny artdyrýar. Diýarymyzyň çägindäki rowaýata beslenen ençeme gadymy şäherleriň üstünden geçen meşhur Beýik Ýüpek ýolunyň keşbi anyk maglumatlar we gyzykly rowaýatlar bilen janlandyrylýar. Özünde möhüm ylmy maglumatlary jemleýän kitap türkmen arheologlaryny aýratyn gyzyklanma bilen gadymy kerwen ýollarynyň ugruny yzarlamaga we gala-kerwensaraýlaryň asyrlaryň gatlarynda saklanyp galan gymmatly syrlaryny açmaga ruhlandyrdy.
Irki we orta asyr sene ýazyjylarynyň galdyran maglumatlarynda Gündogaryň meşhur şäheri — Merwiň üstünden geçýän ýollaryň ugrunyň Arap halyflygy döwründe doly kemala gelendigini tassyklanýar. Gündogar tarapdan Amuldan, günbatardan Sarahsdan, demirgazykdan Horezmden we günortadan Hyratdan gelýän ýollar Merwde birleşip, şäherleriň halkara ähmiýetini has-da artdyrmak bilen özara medeniýetleriň baýlaşmagyna möhüm täsirini ýetiripdir.
Merwden günbatara Sarahsa tarap ýönelen gadymy kerwen ýolunyň ugrundaky Daňdanakan ady bilen belli bolan şäheriň ady ilkinji gezek VIII asyra degişli bolan golýazma çeşmelerinde duş gelýär. Merwi we onuň eteklerindäki oba-şäherlikleri jikme-jik şöhlelendiren Ibn Hordatbeg, at-Tabary, al-Istahri, al-Makdysy, as-Samany, Ýakut al-Hamawy, Abul-Fazl Beýhaki we Gardizi ýaly awtorlaryň eserleri bu ugurdan alymlara taýsyz gollanma bolup hyzmat edýär.
Ýöne Daňdanakan ozaly bilen dünýä taryhynda 1040-njy ýylyň maý aýynda Beýik Seljuk soltanlaryna gaznawylaryň garşysyna bolan söweşde ýeňiş hem şöhrat getiren meşhur gala hökmünde bellidir. Şol döwrüň sene ýazyjylarynyň habar bermegine görä, şäherde we onuň eteklerinde üç güne çeken gazaply söweşiň netijesinde türkmen soltany Togrulbegiň ýolbaşçylygyndaky atly goşun gaznawy soltany Masudyň gowy ýaraglanan ýüzmüňlük agyr leşgerinden üstün çykýar we at-ýaraglaryny taşlap gaçmaga mejbur edilýär. Hut şol beýik taryhy ýeňişden soň biziň ata-babalarymyzyň şöhrata beslenen Beýik Seljuklar döwletiniň binýady tutulypdyr.
IX-XII asyrlar aralygynda gülläp ösen Daňdanakan şäheri Merw-Sarahs kerwen ýolunyň ugrundaky ozalky halkara ähmiýetini ýitirenden soň, giçki orta asyrlarda Daşrabat ady bilen ýatlanylýar.
Meşhur Daňdanakan galasynyň syrly sahypalaryny açmaklyga gönükdirilen gazuw-öwreniş işleri nobatdaky möwsüminde galanyň pagsadan gurlan günorta-gündogar diwarynyň iç ýüzünden seplenip bişen kerpiçlerden gurlan otaglaryň birnäçesiniň üsti açyldy. Içki meýdanlary inedördül bişen kerpiçler düşelen şol otaglaryň birinden dürli küýze önümleri bilen birlikde täsin tapyndylar ýüze çykaryldy. Özboluşly nepisligi bilen ünsüňi özüne çekýän çüýşe gapjagazlary bilen bir hatarda, bürünçden ýasalan adaty bolmadyk görnüşli birnäçe gural-enjamlaryň toplumy hünärmenlerde aýratyn gyzyklanma döretdi. Haýsydyr bir ýörite maksatlara niýetlenip inçelik bilen bürünçden taýýarlanan bu täsin tapyndylaryň barlaghanada geçirilen deňeşdiriş-seljeriş işleriniň netijesinde Beýik Seljuklar döwründe tebip-lukmanlaryň derman taýýarlamakda ýörite gural bolup hyzmat edendigi äşgär edildi. Toplanan ylmy maglumatlarda Daňdanakandan günbatar tarapdaky indiki menzilde ýerleşen, irki ýazuw çeşmelerinde Tilsitan, giçki orta asyrda Howuzhan galasy ady bilen belli bolan kerwen düşelgesinde geçen asyryň ortalaryna geçirilen gazuw işleriniň dowamynda şuňa meňzeş derman çüýşeleriň ençemesi tapylandygy anyklandy. Munuň özi bir tarapdan söwda ýolunyň ugrundaky çet şäherlerde hem senetkärçiligiň hemmetaraplaýyn gülläp ösendigini görkezýän bolsa, ikinji tarapdan ýerli ilat bilen bu ýere gelýän kerwenlere lukmançylyk hyzmatlarynyň hem işjeň ýola goýulandygyna şaýatlyk edýär. Hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly kitabynda kerwensaraýlarda lukmançylyk hyzmatynyň ornuny beýan etmek bilen: «...Halk tebipleri täjirleriň, jahankeşdeleriň saglygyny berkitmäge ýardam edipdirler» — diýip belleýär. Bu jümleler Daňdanakandan ýüze çykarylan lukmançylyk otaglarynyň we onda ulanylan gural-enjamlaryň mysalynda ýene bir gezek tassyklanýar.
Gazuw işleriniň güýzki möwsüminiň netijesinde ýüze çykarylan görnükli tapyndylar ilkinji seljermelere laýyklykda zerur bolan arassalaýyş-berkidiş işleri geçirilenden soň halkymyzyň geçmişdäki ösen medeniýetini, lukmançylyk ylmynyň taryhyny açyp görkezýän möhüm subutnamalar hökmünde ýurdumyzyň çägindäki muzeýlerde mynasyp ornuny tapar.
Rejepmyrat JEPBAROW,
«Gadymy Merw» taryhy-medeni döwlet goraghanasynyň ýolbaşçysy.
Taryhy ýerler