02:12 Däp / hekaýa | |
DÄP
Hekaýalar
Meniň ýaşy bir çene baran garryja kakamy arkama alyp barýanymy görüp, adamlar geňirgenýärdiler. «Biziň döwrümizde munuň bolup ýörşüne bir seretsene, ulag gytmy» diýişýärdiler. Elbetde, ulag ýeterlikdi. Haýsy kysmy diýseň bardy. Ýöne men bu däbi gadymdan geliş terzine görä berjaý etmegi ýüregime düwüpdim. Şonuň üçinem: «Näme diýseler, şony diýsinler-le» diýip, arkam «ýüklüligime» gaýradaky daga tarap ýegşerilip barýardym. Ýaşy bir çene ýetip, özüni wagta mazaly iýdirendigi, sykylyp galandygy üçin, kakamyň agramy beýle bir agyr däldi. Ýöne meniň üçin iň güzaplysy, ony dagdan aňryk oklaýandygymdy. Munda onuň özüniň hem günäsi ýok däldi. Aýak alşymyz maňzyna batman, öwütleri bilen degnamyza degip bilipdi. Onsoň, aýalymyň maslahatyna eýerip, öz göwnümde onuň garşysyna dörän owunjak kineleriň hem gop bermegi bilen, gadymy däbi tutaryk edinip, ony arkama alyp barşymdy. Her näme-de bolsa, uzak ýöremek ýadatdy. Daglyga ýetenimde, oturmaga gaýymja bir daş gözüme diýseň yssy göründi. Men kakamy arkamdan düşürdim. Ataly-ogul ikimiz ýanaşypjyk otyrys. Ol näme üçindir ýylgyrýardy. Onuň bu bolşy meni geňirgendirdi. Öz-ä dagdan aňryk oklanylmaga alnyp barylýar. Şonda–da ýylgyrýar. Muňa nähili düşünmeli? Ýa-da onuň bu keç ykbalyna gynanmakdan ýaňa akyly üýtgäýdimikä? Belki, oňa meniňdir aýalymyň azarymyz ýetendir? Biziň bilen ýaşaşandan—şu täleýini hem toýlaýmaly görüp ýylgyrýandyr? Men ondan: —Nämä ýylgyrýaň? –diýip soradym. —Men hem kakamy edil seniň edişiň ýaly, arkama hopba edip dagdan aşyryp oklamaga alyp barýarkam, hut şu daşyň üstünde oturyp dynç alypdyk. Şol ýadyma düşüp ýylgyrýaryn –diýdi. —Sen ähli zat gaýtalanýar diýmekçi bolýarmyň? —Hawa –diýip, ol baş atdy. —Häzir sen meni dagdan aňryk oklap gaýdarsyň. Men ol ýerde şu ýanymdakyja iýmitim tükenýänçä biraz oňňut ederin. Onsoň bolsa, amanadymy tabşyraryn. Wagtyň geçmegi bilen, sen hem gartaşyp, meniň ýaşyma ýetersiň. «Iňirdäp, burnuny sokmasyz ýerlere sokup, durmuşymyzy bulap başlady» diýip, onsoň, ogluň seni hem arkasyna hopba edip äkidip, dagdan aňryk oklap gaýdar. Onsoň, ony onuň ogly. Bu üznüksiz gaýtalanar durar. Sebäbi ata-baba däp şeýle. —Bu ýaramaz däp. —Hawa, ýaramazdygyna söz ýok. Garransoň, atasynyň aladasyny başyndan aýyrmakçy bolup, dagdan aňryk oklaýan halk gowy halk däl. Ýöne bu däbi bozmaga meniň-ä gaýratym çatmandy. Seniňkem çatmady. Indiki nesillerem, näbileýin-dä... —Diýmek, sen meni bigaýrat saýýaň-da? —Ýok-la, men seniň hem bu bolgusyz däbi bozmak üçin özüňi ýigrenji etmejegiňi bilýän. —Onda sen ýalňyşýaň –diýip, men kakamy arkama aldym-da, şol ýerden göni yzyma öwrüldim: —Sen, dogrudanam, däbi bozmakçy bolýarmyň? –diýip, ol geňirgendi. —Hawa. —Beýtmek nämä gerek. Men ýaşajagymy ýaşadym, görjegimi gördüm, däbe eýer-de, başyňy gutar. —Ýok –diýip, men çürt-kesik jogap berdim. —Bu saňa agyr düşer. —Düşse-düşüp geçsin. Seniň özüň aýdýaň ahyryn «Kimdir biriniň özünde gaýrat tapynyp, bu ýaramaz däbi irde-giçde bozmagynyň gerekdigini». —Ol şeýle-le, welin, hökman şol adam sen bolaýmalymy? —Hawa. —Men saňa buýsanýan –diýip, kakam hamsykdy. Meniň kakamy yzyma alyp gelýänimi gören adamlar: «Muňa bir sered-ä, däbi bozmakçy bolýar» diýişýärdiler. Owaldan gelýän däpleriň ählisiniň gowy bolup bilmejegini, olaryň öz döwrüniň zerurlygyna görä dörändigini, käbirisiniň halkyň abraýyny ýere çalýandygyny, şeýle däbi kakam aýtmyşlaýyn «kimdir biriniň özünde gaýrat tapynyp, irde-giçde bozmagynyň gerekdigini» bu adamlaryň haýsy birisine düşündireýin. Şonuň üçinem «Näme diýseler, şony diýsinler-le» diýip, kakamy yzyma—öýümize alyp bardym. Aýalymdyr çagalaryma: «Eger, henize çenli bilmeýän bolsaňyz, bilip goýuň. Ynha, şu adam meniň jan ýaly kakam. Ýekejäňiz şuny ynjydaýsaňyz, meni ynjytdygyňyzdyr» diýdim. Kakam mamla bolup çykdy. Däbi bozmagym maňa dogrudan-da agyr düşdi. Meni nirede görseler: «Hanha, şol adam däbi bozanmyşyn. Hiý-de şeýdäýmek bormy?» diýşip, uly bir günä iş eden, milletiň abraýyny ýere çalan kişi ýaly seredişýärdiler. Uzagyndan dostlarymy, dogan-garyndaşlarymyzy, hatda aýalymy hem meniň «etmesiz iş» edendigime ynandyryp başardylar. Ýeke-täk umydym oglumdy. Men oňa elimde baryny edip, öz terbiýämi berýärdim. Dünýä boýunça ykrar edilen beýik hem üýtgewsiz däpleriň: mertlik, halallyk, ene-ata mähribanlyk, söze ygrarlylykdygyny gulagyna guýýardym. Emma men ýekedim. Olar köplükdi. Meniň süňňümden önen, gujagyma alyp, egnime mündürip eý görüp ulaldýan oglumy ilki bakjada, onsoň mekdepde, ondan soňra ýokary okuw jaýyndadyr harby gulluk borjuny bitirýärkä, ata-baba däplere wepalylyga taýynlaýardylar. «Sen kakaňyň göreldesine eýermeli däl. Gadymdan gelýän däplere sarpa goýmaly. Biziň milliligimiz şolarda ýatyr. Ýogsam bolmasa, biz öz milletlik derejämizi ýitiris. Kakaňyň äsgermedik däbi hatda halk ertekilerimize hem siňip giden däp» diýşip, ony ata-baba däplere wepalylyga aýratyn yhlas bilen taýynlaýardylar. Ine, aý-aýlanyp, ýyl geçip, men hem garrap, ýaşlaryň käbir edim-gylymlary göwnüme bimakul bolup, olara «eýtseňiz gowy, beýtseňiz gowy» diýip, öz durmuş tejribämä salgylanyp, öwüt berip ugradym. Elbetde, meniň öwütlerim olaryň gulagyna «iňirdi» bolup eşidilýän bolarly. Bir gün gelnim ogluma: «Kakaňy dagdan aňryk oklap gel. Ýogsam ol, biziň günümizi bulajak» diýdi. Oglum: —Dogry aýdýaň –diýip, iki-üç günlük iýjegimi düwünçege düwüp, elime berdi-de: —Kaka, mün «Jipe»! –diýdi. Men şobada içimden «Tüweleme, hernäme-de bolsa, bu maňa çekipdir, öwüt–ündewlerim bihuda gitmändir, eýýäm däbi bozup, «Jipli» äkitmekçi bolýar» diýip begendim. Uzak ýöremän daga ýetdik. Ondan aňryk pyýadalap gidäýmesek, ulag üçin ýol ýokdy. Oglum meni arkasyna hopba edip ýöräp ugrady. Edil kakam ikimiziň dyz epen gaýymja daşymyzyň ýanyna ýetip, meni arkasyndan düşürdi. Ine, ýanaşypjyk dynç alyp otyrys. Men içimden «Ähli zat gaýtalanýar-ow» diýip ýylgyrýardym. Muňa geňirgenen oglum: —Nämä ýylgyrýarsyň? –diýip gyzyklandy. Men oňa mundan birnäçe ýyl ozal kakamy dagdan aňryk oklamak üçin arkama alyp gelýärkäm, biziň hem edil şu daşyň üstünde oturyp dynç alandygymyzy, bu ýaramaz däp baradaky ýürekdeş gürrüňçilikden soň, ony yzyma alyp gidendigimi, ömri ötýänçä arzylap saklandygymy, şeýdip, gadymdan gelýän däbi bozmaga özümde gaýrat tapandygymy ýatlap, şoňa begenip ýylgyrýandygymy gürrüň berdim. Içimden bolsa: «Häzir oglum meni hem yzyma alyp gider» diýip otyryn. Ýok, ol beýtmedi. Meni arkasyna hopba edip, dagdan aňryk oklanylýan ýere eltdi-de: —Bagyşla, kaka, däp-däp bolýar. Ony ata-babalarymyz äsgermek üçin döredipdirler. Men seniň säwligiňi gaýtalap, halkyň gözünden düşüp, öz durmuşymy kynlaşdyryp biljek däl –diýip, meni aşaklygyna garşy itberip goýberdi. Men daşdan daşa degip, çuň jülgäniň düýbüne togarlanyp gitdim. Bir haýukdan soň, çakyr süňkleriň arasynda özüme geldim. Ýanymdakyja azygymy iýip, bu ýerde biraz mydar edinerin. Onsoň bolsa amanadymy tabşyraryn. Hemra ŞIROW. | |
|
√ Gurban garawul / hekaýa - 07.09.2024 |
√ Toba maskasy / hekaýa - 27.06.2024 |
√ Halasgär barsyň hamy / hekaýa - 24.06.2024 |
√ Men şu gün gyz boljak / hekaýa - 26.07.2024 |
√ Kitap / nowella - 16.03.2024 |
√ Aýakýalaňaç oglanjygyň janyndan syzdyryp aýdan sözleri / hekaýa - 15.10.2024 |
√ Время для любви / рассказ - 02.12.2024 |
√ Ýüz manady tygşytlan balyk / hekaýa - 27.11.2024 |
√ «Daglaryň ruhy» / hekaýa - 07.03.2024 |
√ Obada / hekaýa - 20.07.2024 |
Teswirleriň ählisi: 4 | |||||
| |||||