13:32 Daş myhman / hekaýa | |
Daş myhman
Hekaýalar
1. Köşk. Dabaraly baýramçylyk maskarady. Geýnüwli, ýüzi nikaply adamlar. Bezemen, derejeli aýal gelýär. Nikaply syrly kişi sarpasyny saklap, oňa salam berýär. Bezemen aýal syrly kişä ýüzlenýär: —Bu gün köşkde Mosart oýnaýar diýdiler? —Hawa, madam. Bezemen aýal myhmanlary synlaýar. Garagolluk edip, näzenin gyzlara lak atyp, degşip-gülşüp özüni diýseň erkin duýýan ýigide gözi düşýär: —Ol garagol kimkä? —Şol Mosart-da, madam. —Bu şolmy? –diýip, bezemen aýal geňirgenýär. —Hawa, ýaş başyndan adygan sazanda. —Bu kakabaş jahylyň şeýle ajaýyp sazlary ýazyp bilşine haýranlar galaýmaly. Ol entek durmuşyň ajy şarpygyny dadyp görmedige meňzeýär. —Hawa, siz mamla, madam. Konsert başlanýar. Mosart şeýle bir ezber oýnaýardy welin, her sazdan soň, oturanlar ony çapak çalşyp gutlaýardylar. Sazlaryň köpüsi öz ýazanlarydy. Mosart olara jahyllyk hyjuwyny, säher dogup gelýän Günüň nurana tämizligini, çemenzarlyk meýdanda gülden güle gonup ýören perwanalaryň ötegçi näzikligini, ýaş zenanlaryň dodaklaryndaky köpmanyly ýylgyryşlary, giňiş sährada at çapdyryp barýan çopan ýigidiň obaly gyza bolan köňül telwasyny, ýene-de köp-köp zatlary garýardy. Esasan hem, her gezek ýüreginden bir bölejigini gyrkyp goşýardy. Kakabaşlyk hyjuwy bilen joşýan, ähli zada söýgi bilen çemeleşýän ýüregi muny duýubam duranokdy. Ýyllar geçýärdi. Mosart köşkden köşge aýlanyp, konsert berýärdi. Onuň diňleýjileri esasan barly kişilerdi. Sada adamlary bärik —köşklere durmuş diýilýän ýowuz närse goýberenokdy. Sebäbi olaryň köşklerde bolýan konsertleri töläp diňlemäge pullary ýokdy. Şonuň üçinem olar guş-gumrularyň owazyny, çeşmeleriň täsin sesini, gögüň gümmürdisini, sygyrlaryň molaşýan, atlaryň kişňeşýän seslerini diňläp oňňut edýärdiler. Özleri hem ýöntemje saz gurallarynda başardyklaryndan oýnap, täsin konsertleri guraýardylar. Ol konsertleriň diňleýjileri köplenç ekin ekip, tokaý çapyp, mal yzynda gezip ýören öz-özleri, käte-de sadaja geýnen oba çagalary, kä wagt hem göwni üçin diňlän kişi bolýan, gullugynda duran hojaýynlarydy. Ýöne olaryň şol ýönekeýje konsertleriniň ýürege ýetijilik derejesiniň ägirtligi Mosarty haýranlar galdyrýardy. Durmuşyň bu sada adamlary öz gysajynda beýle bek saklamagynyň sebäbine Mosart hiç düşünip bilenokdy. Göräýmäge, olar gije-gündiz işleýärlerem. Barybir, eşikleri iki boluberenok. Mosartyň konsertlerini görmäge hem pullary ýok. Barly kişilere bolsa bu durmuş diýilýän ataňanälet känbir azar berip duranok. Olaryň onuň bilen aralary saz. Olar wagtlaryny nädip gyzykly geçirip boljakdygynyň aladasy bilen ýaşaýarlar. Mosart hem olar üçin wagt geçirmegiň bir güýmenjesi. Elbetde, barly kişileriň arasynda-da saza düşünýänleri, adamkärçilik mertebesini belent saklaýanlary ýok däl. Ýöne, şeýle-de bolsa, Mosart öz sazlaryny halkyň diňlemegini, olara halkyň baha bermegini isleýär. Barly kişileriň bahasy tüýs ýürekden çykan hakyky baha däl. Haýsydyr bir ýylpyldawuk kagyza dolangy gymmatbaha şokolat ýaly bir zat. Derrew mädäňe degýär. 2. Mosartlaryň öýi. Mosart saz ýazyp otyr. Wagt ýarygijeden agypdy. Çagalarydyr aýaly ýatypdy. Mosartyň hem ukusy tutýardy. Ýöne işlemegi gerek. Ýogsam ýetde-gütdelik egbarladyp barýar. Birdenem, Mosartyň gulagyna agyr ädilýän aýak sesleri eşidildi. Bu adaty aýak sesi däldi. Ýere ýekedaban bilen urulýan ýaly güňlenç dürküldeýärdi. Jaý sarsýardy. «Maşgalamy oýarmasa ýagşy» diýip, Mosart alada edýärdi. Onýança-da, gapy açylyp, içerik çagyrylmadyk myhman girdi. «Men gapyny kiltlemedimmikäm?» diýip, Mosart geňirgendi. Çagyrylmadyk myhman turbadan çykýan ýaly ýognas sesi bilen Mosarta ýüzlendi: —Tanadyňmy? Mosart ony gapydan giren dessine tanapdy: —Hawa. Komandor—merhemetli daş myhman. —Sen «Don-Juan» operaňda meni dünýäden ötensoňam namysyny gorap bilýän, emma ýowuz edip görkezipsiň. —Hawa, men sizi namysjaň edip görkezdim. —Bu maňa ýaraýar –diýip, myhman «loh-loh» güldi. Onuň gülküsi daş-daşa urulýan ýaly güňlenç hem sowukdy. —Operamyň size ýaranyna men şat. —Hany, gel onda gujaklaşyp görşeli –diýip, myhman berdaşly gollaryny gerdi. Bu gujaklaşmagyň oňatlyga eltmejegini aňan Mosart «Ýok» diýip, ýetişmänkä, daş myhman ony gujaklap, şatyrdadyp gysyp başlady. Diýseň güýçlüdigi üçin bu oňa kynam düşenokdy. —Siz meni mynjyradyp barýaňyz... –diýip, Mosart oňa duýdurdy. —Bolmalysy-da şeýle –diýip, myhman ýene-de göwnühoş güldi. —Sebäbi bu gezek men namysjaň komandoryň keşbinde däl-de, nägehan durmuşyň keşbinde geldim. Mosart durmuşy, dogrudanam, ýowuz hasaplaýardy. Onuň bilen aldym-berdimli tutluşygyň daşda däldigini aňýardy. Ýöne ol daş myhmanyň keşbinde geler öýtmeýärdi. Ynha-da, durmuş ony gysajyna aldy. Sypyp bilseň, syp-da. —Bu gysyşyňyza siz meni öldirsiňiz –diýip, Mosart zeýrendi. —Elbetde. Mosart ýaly meşhur kompozitor goluma düşer-de, men ony aýap goýarynmy?! –diýip, daş myhman matlabyny ýaňzytdy. Mosart onuň gysajyndan sypmaga synanyşýardy. Emma bar azaby puçdy. Daş myhman ony sypdyrarly däldi. —Näme diýseňizläň, merhemetli myhman, siz maňa biraz puryja beräýiň? Meniň entek ýazmaly zatlarym bar... –diýip, Mosart oňa ýüreginden syzdyryp ýalbardy. Mosartyň ejizlemegi daş myhmanyň nebsini agyrtmady. Gaýtyp, keýpi kökelip, öňküdenem beter gysyp başlady. —Eýsem-de bolsa, men näme etmeli? –diýip, Mosart naýynjar sorady. —Meniň gysajymdan gutulmak üçin puluň—baýlygyň bolmaly, ýagny diýsänim, ömrüňi menden satyn almaly. Ol bolsa siz tetellilerde ýok. Şonuň üçinem men sizi heläk etmekden lezzet alýaryn –diýip, daş myhman jogap berdi. —Aman galjak bolsaň, köpräjik pul gazanmaly, pul. —Size düşünişime görä, men göwnümiň isleýän eserlerini däl-de, pul gazanyp boljak eserleri ýazmaly. Şeýlemi? —Hut şeýle –diýip, daş myhman Mosarty goýberdi. —Ine, ahyrsoňy sen maňa düşündiň. Şonuň üçinem saňa biraz wagtlyk puryja berýärin. Hoş, görüşýänçäk! –diýip, ol agyr-agyr ädimläp çykyp gitdi. 3. Mosartlaryň öýi. Mosart saz ýazyp otyr. Gara geýimli syrly kişi gelip, oňa rekwiýem buýurdy. Işiň muzdunyň bir bölegini hem öňünden töledi. Mosartyň rekwiýem ýazasy gelenokdy. Ýöne durmuş ony mejbur edipdi. Mosart onuň elhenç gysajyny ýatdan çykarmandy. Ýer sarsdyrýan agyr ädimleriniň sesi hem gulagyndan gidenokdy. Bu gije hem Mosart uzak oturdy. Ol täze taslan sazyny nota geçiren dessine, pianinonyň başyna baryp, «sessiz» oýnap görýärdi. Gijelerine şeýdip işleýärdi. Ýogsam, sazyň sesine maşgalasynyň oýanmagy mümkindi. Gije bir çene barýança işlänsoň, Mosart «Gündeligine» gysgajyk ýazgy edýärdi. Günüň dowamynda bolan wakalary, käbir oý-pikirlerini belleşdirýärdi. Onsoň, iş otagyndaky diwanda, günortanlar aýaly oýarýança ýatýardy. Bu gije hem ol wagtyň bir çene barandygyny görüp, edähedine görä, «Gündeligini» goluna aldy. Uzak eglenmezlige çalşyp, mümkingadar çugdamlap ýazyp başlady: «Ol gara geýimli syrly kişini gapymyzda görenimde, endamym jümşüldäp gitdi. Keşbi sowuk hem ýowuzdy. Puldardygy duýulýardy. Hökümlidi. Gymmat töläp rekwiýem buýurdy. Meniň ajal sazyny ýazasym gelenok. Emma ýazmaly boljak. Pul gerek. Aýalym, çagalarym näsag. Öz saglygymam öwerlik däl. Ýaşaýşymyz ýetde-gütde. Rekwiýem ýazmakdan gaýry alajym ýok. Durmuş mejbur edýär. Belki, bu meniň soňky eserimdir... Men diýseň ýadadym...». Birdenem onuň ýüregi burup başlady. Göýä diýersiň muşketýorlaryň ýiti hanjary sanjylan ýalydy. Mosart wagtal-wagtal ýüregi bilen gürleşmegi gowy görýärdi. Bu gezegem ol oňa ýüzlendi: «Meniň, görgüli ýüregim. Garagollukdan ýaňa göhi gelip, ähli zada söýgi bilen çemeleşýän, kakabaş ýüregim. Ýazan sazlaryma bir azajygyňy gyrkyp goşanymda, olara ajaýyp nuranalyk beren, ýüregim. Üznüksiz kemsidilmelere, durmuşyň güzaplaryna, agyr maşgala ýitgilerine hem tap getirip, hiç haçan kösemedik, ýüregim, saňa näme bolýar? Sen hiç haçan beýle agyramandyň ahyryn?». Ýüregi bu gezek onuň bilen uzak gürleşmedi. Onuň beýtmäge mejaly hem ýokdy. «Meni bagyşla. Seni kösemejek bolup, elimde baryny etdim...». Mosardyň soňky sözi şu boldy: «Sag bol...». Irden ukudan turan aýaly edähedine görä, Mosartyň iş otagyna seretdi. Klawişlere başyny goýup, tagaşyksyz ýagdaýda doňup galan Mosarta gözi düşüp tisginip gitdi: «Ol dirimikä beri?». 4. Köşk. Dabaraly baýramçylyk maskarady. Geýnüwli, ýüzi nikaply adamlar. Bezemen derejeli aýal gelýär. Nikaply, syrly kişiniň ýanyna barýar. Olar indi ençeme ýyl bäri tanyş. —Sizi başy diklikde görýänime örän şat, madam –diýip, syrly kişi bezemen aýalyň golundan öpýär. —Sag boluň, misýe. —Soňky täzeligi eşitdiňizmi, madam? —O nähili täzelik, misýe? —Mosart ýogalypdyr. —Ol-a bolmandyr. —Hawa, men hem şeýle pikirde. Bezemen aýal kindiwanja elýaglygy bilen burnuny süpürýär: —Bagyşlaň, bu habaryňyza ýüregim gyýyldy. Belki, biz onuň gubruna gül goýup gaýtmalydyrys? —Gowy teklip. Göwneseňiz, meniň ekipažymda gidäýeliň. —Baş üstüne. Gonamçylyga esewanlyk edýän adam olara Mosartyň mazaryny görkezip bilmedi. «Kemmagal kişiler jaýlanan on-on bir jesetli umumy guburda bolaýmasa» diýdi. Bezemen aýal bu habary eşidip, ör-gökden geldi: —O nähili beýle bolýar... Beýik kompozitor Wolfgang Amadeý Mosart... Umumy gubur... Soňra özüni ele alyp. —Mosartyň ölümi meni onuň sazlaryny diňländen-de beter tolgundyrdy –diýdi. —Köşeşiň, madam –diýip, syrly kişi oňa duýgudaşlyk bildirdi. —Her näme–de bolsa, onuň sazlary galdy ahyryn. —Biz oňa kömek edip hem biljekdik –diýip, bezemen aýal ahmyrly dillendi. —Emma etmedik. —Men ony goldamaga synanyşdym, madam –diýip, syrly kişi özüni aklamaga çalyşdy. —Ýöne ol öläýdi. —Siz oňa saz buýurdyňyzmy? —Hawa, rekwiýem. —Hiý-de şeýtmek bolarmy, misýe? Mosarta rekwiýem. Şol hem ony öldürendir. —Ýok-la, madam, ony öldüren durmuş-la... Olar yzyna dolandylar. Köşkde dabaraly baýramçylyk maskarady dowam edýärdi. Geýnüwli, ýüzi nikaply adamlar wagtlaryny şady-horramlykda geçirýärdiler. Hemra ŞIROW. | |
|
√ Köprüler / hekaýa - 15.01.2024 |
√ Tagmaly gyz - 09.08.2024 |
√ Ýaşaýyş şol pursatlar / hekaýa - 15.10.2024 |
√ Mähir ummany / hekaýa - 23.12.2024 |
√ Bagtymyzyñ başy bolsun-da... / hekaýa - 22.12.2024 |
√ «Daglaryň ruhy» / hekaýa - 07.03.2024 |
√ Jüren / hekaýa - 07.09.2024 |
√ Mahmal köwüş / hekaýa - 23.08.2024 |
√ Gijeki gapydanyň ýazgylary / hekaýa - 25.01.2024 |
√ Paşmadyk keýp / hekaýa - 21.08.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |