21:40 Depelenen duýgy / hekaýa | |
DEPELENEN DUÝGY
Hekaýalar
"Başgalaryň baglanan zynjyryna büdreýänçäňiz siz haýsy kanundan gorkarsyňyz?!" Halyl Jebran. Uzak obalarda tutulýan toýlar gaty şowhun-şagalaňly bolýar. Uzynly gün toý märekesiniň hyzmaty bilen ýadan ýakyn garyndaşlar, ilen-çalanlar, goňşy-golamlar, toý sowlansoň toý bolan öýüň howlusynda «Diskoteka» gurýarlar. Salkyn ýaz agşamy, men özüme bütinleý ýat obada tans edýän ýaş-ýeleňlere tomaşa edip otyryn. Bu şowhuna öwrenişip bilmän, täsin duýgulara berlilip, tans oýnaýan toýçulara tomaşa edip otyryn. Märekä goşulman, aşa «medeniýetlisiräp» bir çetde oturan şäherli ýigidiň ýanynda kem görünmejek bolup, obalylar özlerini şadyýan, bagtly görkezmäge çalyşyp, ýasama hereketler bilen barha öz özlerinden daşlaşýan ýalydylar. Olar sazyň heňine berlip, tansa girişip gidensoňlar bu pikirlerini unutdylar. Men hem olaryň hereketlerinde halys duýgulary görüp, başky eden çaklamamy nädogry diýip püçege çykardym. Dört tarapyňdan, depäňden guýulýam göçgünli saz tutuş barlyk bilen arany ýolup, hemmäni özüne tabyn edip taşlapdy. Sazdan başga zadyň sesi eşidilenok. Uly-kiçi dünýäni unudup tans oýnaýardy. Tansa gapdalyndan seretseň, adamlaryň edýän hereketleri gülkünç görünýär. Ýöne şolaryň arasynda özüň bolsaň, juda beýle-de däl, hatda tansa goşulmaýanlaryň samsyk ýaly görünmegem mümkin. Tans meýdanynda basan ýerinden ot çykýan, ganygyzgyn ýigitler hem, ýeriň ýagy çykýança depmäge taýyn çepiksizje oglanjyklar hem bu ýerden aýrylanokdylar. Inçesagt, görmegeý, hem uzyn saçly oba gyzlary hem salykat bilen hiç kime gabagyny galdyrman oýnaýardylar. Pessaý kakuwly, mylaýym mukam tamamlanansoň, deprekleriň dowamly güpürdisi bilen başlanyp gidýän hindi aýdymynyň göçgünli sazy ýaňlanyp başladam weli, salykatly diýýän perilerim depelerinden sowuk suw inderilen ýaly tisginip-tasap, bökjekläp ugradylar. Meni öz obasyna myhmançylyga çagyran dost ýigidim: «Biziň obanyň jyrtyklary-da jyrtlap ugrady» diýip, agzyny gyşartdy. Barybir men onuň göwniýetmezçilikli sözlerine gulak gabartman, gyzlara gözügidijilik bilen garaýardym. Ýok, dogrusy gyzlar hem ýigitler hem ezberlik bilen tans oýnaýardylar, söz diýer ýaly däl... Birden şol giden märekäniň içinde masgarabaz ýaly biri gözüme kaklyşdy. Arkasy torbaly ýaly küýkerip duran otuz bäş-kyrk ýaşlaryndaky bu kişi tans oýnajak bolup agsaýan aýaklaryny hem azara goýýardy. Şol bolşuna-da hemmeleriň ýüzüne ýylgyryp, kellesini maýatnik ýaly iki ýana yraýardy. Tutuşlygyna ol ýasalyp goýberilen ýalydy. Ýöne tans meýdanyndakylar oňa gaty bir üns hem berenokdylar. Salkyn oba agşamy. Gökde ýyldyzlar. Toý bolan öýüň howlusynda saz gidip dur tans barha gyzyşýar. Tans oýnaýanlar öz aralarynda ýören maýyp biçärä perwaý etmeseler-de, maňa ol bedroý sypaty bilen ýaş-ýeleňleriň, umuman märekäniň sazlaşygyny bozup duran ýaly duýuldy. Onuň her kimiň ýüzüne bir garap, batnyksyz ýyljyraklaýşy, tans eden bolup ýörşi hiç maňzyma batmady. «Be-e, bu biçäräni beýle betgelşik edip ýaradypsyň jan Allam, näme günäsi bardy seň öňüňde» diýip, içimi gepleden boldum. Ol bolsa hiç zatdan habarsyz tans oýnajak bolup dyrjaşýardy. Bir aýagy beýlekisinden gysga bolansoň ol bir ýana gyşaryp hereket edýärdi, arkasyndaky «örküji» bolsa ony küýkerip oýnamaga mejbur edýärdi. Baryndan beteri agsaýan aýagy tarapdaky eli hem ysmaz bolan ýalydy, şol tarap gözi hem bütinleý ýumulgydy. Men: «Bu biçäräniň göze görünip duran ýekeje-de sagat synasy ýok ýaly-la?!» diýip dodagymy dişledim. Tans meýdanyndaky biçäräniň bolup ýörşüne gapdalyndan garap, birhili oňaýsyz ýagdaýa düşýändigimi dostum aňaýdy öýdýän... Ol zöwwe ýerinden turup tans meýdanynyň gyrasyna baryp aýak çekdi. Soňra özüne hoşamaýlyk bilen garap, tans oýnap ýören kemisli biçärä goluny bulap ýanyna çagyrdy-da, yzyna dolandyp ornuna geçip oturdy. Men dostumyň ýüzüne soragly garadym... Kemisli biçäre öz maýdalna ýöräp tans meýdanyndan çykyp biziň ýanymyza gaýtdy. Ol agsaklap ýetip gelýänçä biraz wagt hem geçdi. Dostumyň gahary gaýdyşandyr öýtdüm. Men ýene dostumyň ýüzüne sowally nazarymy dikdim. Dostum sesini çykarman meniň nazarymdan ýüzüni sowup, ýetip gelen kemisli kişä bogazyna sygdygyndan jabjyndy: - Ee-ý, şu bolup ýörşüň özüňe ýaraýarmy? Oýnatgy ýaly, ile gülki bolup ýörsüň-ä sen. dostumyň ol biçärä garap yzgytsyz gepläp durşuna edil ýazyň ortasy aňzakly gyş howasynda galan ýaly inim dygdyraklap gitdi. Aşak bakyp, girere deşik tapmadym. Onki synasy kemli biçäre bolsa hiç zada düşünmeýän ýaly ýylgyryp durdy. Dostum bolsa öňkisi az ýaly: - Saňa öňem bir gezek aýdyldy, şeýdip it masgarasy bolup ýörme diýilip, wapşe aýdylan gepi mynyma diýip gidiberýäň hä?! Ahyr kemisli bende dostumyň alkymyna dykylyp bardy: - Sen meniň maýyp-müjrip bolanym üçin ýazgarýaňmy, ýa-da toýda begenip ýörenimi birhili görýäňmi? Dostum onuň sowalyna birbada düşünmedimi ýa-da beýle zada garaşmadymy, düşünmedeik halda gaşyny bürüşdirip oňa çiňerilip garady. Kemli biçäre bolsa ýüzündäki kinaýaly ýylgyryşy ýitirmän sowalynyň jaogabyna garaşman sözüni dowam etdi: - Bu bedroý sypaty men diläp almadym, ýaradanyň özi meni şeýdip gözgyny gyşyk-çaýşyk edip ýasapdyr. Men bu bendeden beýle aýylganç geplere hiç garaşmandym, dostum hem oslamadyk bolmaly, ol hem gepläp bilmän laky-tak bolup galdy. Onki müçesi kemisli bendäniň ýüregi gaty ýaraly eken: - Beýdip adamlaryň arasynda şady-horram bolup ýörşümi geň görýän bolsaň,muny hem Hudaý jan gursagyma salýar. Tans et oýna, bök, heşelle kak diýýär Ol aňk bolup oturan dostuma başga hiç zat diýmän, yýlgyryp yzyna gidiberjek boldu-da, ýene yzyna öwrülip: - Ýa-da... Meniň göwnüme degmegi-de Alla seniň gursagyňa guýýarmy? Kemisli biçäre beren sowalynyň jogabyna hem garaşman tans meýdanyna tarap ýöneldi. Sylapberdi MUHAMOW. | |
|
√ Toý sowgady / hekaýa - 12.01.2024 |
√ Gürp / hekaýa - 08.09.2024 |
√ Häsiýetnama / hekaýa - 11.12.2024 |
√ Kaşgarly sözlügi ýa-da iki sürtük / nowella (18+) - 12.02.2024 |
√ Шер аминь / рассказ - 20.01.2024 |
√ Alty daýy / hekaýa - 05.11.2024 |
√ Bakylygyň bosagasynda / hekaýa - 21.06.2024 |
√ Ýakasy açylmadyk alaça / hekaýa - 20.11.2024 |
√ Sekiz emjekli "gahryman ene" / hekaýa - 26.07.2024 |
√ Şahyr / hekaýa - 17.11.2024 |
Teswirleriň ählisi: 3 | |
| |