13:49 Dile geldi – bile geldi | |
DILE GELDI - BILE GELDI
Halk döredijiligi we rowaýatlar
• Wäsil gelýär Türkmenlerde tokaý goragçysy – gepleşiklerde köp halatlarda “lesnik” diýlip, rus dilinden geçen öz formasynda terjimesiz ulanylýar. Sebäbi ýurdumyz ruslar tarapyndan Türkmenistan respublikasy edilmezden ozal turkmenlerde tokaýlaryň goragy-da bolmandyr. Ýöne türkmenleriň tire-taýpalarynyň arasynda nohurly şiwe dilinde bu sözüň öz aýratyn atlandyrylyşy bar. Elbet-de, bu söz hem respublika bolanymyzlan soň ýüze çykan. Nohurlylarda dag tokaý sakçysyna “wäsil” diýilýär. Oglan döwrümizde “Pylany wäsil bellenipdr”, “O ýere wäsil aýlanýar” ýa-da “pylanyny wäsil saklanmyş” diýen ýaly sözler aňymyza gowy ornaşypdy. Bu häzirem şeýle. Wäsil sözüniň nirden gelip çykandygyny welin, nohurlylaryň özleriniň-de bilýänlerinden bilmeýänleri aglaba köplük. Dogrusy, muny özümiz hem belli-belli ýaşulylaryň sözlerinden soň-soňlar bilip galdyk. Eýsem nohurlylaryň diline çuňňur ornaşan “wäsil” sözi nireden gelip çykan? Türkmenistan respublikasy döredilen soň ýurdumyzyň belli bir tokaýlyk ýerlerine tokaý gözegçisi ýa-da sakçysy bellenilip, bu ugurdan gözegçilik işleri ýola goýlupdyr. Takmynan 1922-1930-njy ýyllarda, Garrynohura ýakyn dag tokaýlarynyň gözegçiligini Wasiliý atly (familiýasyny bilýän tapylmady) bir rus adamy ýerine ýetiripdir we aýdyşlaryna görä, işine jür, ýadamazak, adam bolupdyr. Tokaýy ynsap bilen gorapdyr. Gazyň, toguň ýa daş kömüriň ýok ýerinde näme, odun diýlen zadam adamyň durmuşynda zerur zatlaryň biri. Şoň üçinem ösüp oturan öl agaçlaryň-da çapylýan halatlarynyň az bolmazlygy öz-özünden düşnükli. Oduna gidenlerem näme, “Wäsil (Wasiliý) gelýär-de, Wäsil gelýär” ýa-da “Wäsil saklady-da Wäsil tutdy” bolandyklary belli zat. “Wasil” –däl-de, “Wäsil” diýilmegiiniň sebäbi bolsa, “Wäsil”-iň bu şiwe dile has ýakyn bolmagy bilen baglanyşykly. Nohurlylaryň dilinde “a”, “e” sesleriň (harplaryň) ýerine “ä” sesi köp ulanylýar. Şeýlelik bilen, şol Wasiliý diýen rus adamy öz nohurça “wäsil” adyny nohurlylara galdyryp, özi-de bilmezden, obanyň taryhyna girip gidipdir. Wasiliden soňky tokaý gözegçileriniň ählisi-de “wäsil” bolup gidiberipdirler. • Eşekler eşşek ýaly işledilerdi O wagtlar kolhozyň 5-10 sany ýük awtoulagy diýäýmeseň, bütin obamyz boýynça hojalyklarda ýeňil awtoulaglaryň sany megerem, 4-5 –den geçenokdy. Men 1965-1970 ýyllaryň gürrüňini edýärin. Muňa derek her hojalykda diýen ýaly, bolman-da, her dört hojalygyň üçüside diýsem ýalňyş bolmasa gerek, eşek bardy. Iki, hatda, käbir uly maşgalaly gurply hojalyklarda üç eşek saklaýanlar-da bardy. At saklaýan hojalyklar azdy, sanaýmalydy. Sebäbi ýük üçin eşek oňaýly, ýola münmäge-de at. Öýleriň bar işini diýen ýaly eşek janawar edýärdi. Ýaşaýan ýeriň oba bolsa-da, näme, eşege iş artykmajy bilen ýetik. Gyşa odun-ot, bede-saman ýygmak, onuňam daşyndan gündelik hojalyk işleri – degirmene bugdaý äkitmek, tamdyra odun-çöp getimek, mellek ýere ders daşamak, garaz sanasaň sanap oturmaly. Goňşy oba ara, mal üstüne, mellek ýerine we başga ýerlere münmek üçinem eşek ulanylardy. Gepiň gysgasy eşek bolan özüň bolma. Oglanlyk döwrümiz eşegiň üstünde ýa ýükli eşegiň yzynda geçipdi. Bu ýerde men öz oglanlyk döwrümiziň agyr geçenligini däl-de, öz oglanlygymyz bilen hem eşek janawaryň öňki agyr gününe agyrlyk goşýan ekenligimizi aýtmak isledim. Men muny şeýleräk düşündirjek bolaýyn: Tomusyň jokrama yssy günleri dagyň kötel hem eňňit ýollaryndan eşekde odundyr, bede daşalardy. Ulular gurup goýbererdi. Biz oglanlar daşardyk. Elbet-de, ýüki araba gurup, eşege tirkelse janawara gaty kän agyr bolmasa-da bolmazdy welin dag ýollarynda araba ulanyp bolýamy, näme. Eşegiň üstüne gurlan gaba ýükuň kä halatlarda bir gapdala agaýmasy-da bardy. Ine, şonda täzeden düşürip gurmaga biziň güýjümiz-ä ýetenok. Agan tarapynyň beýle tarapyna ýüküň üstünde güýjümiz ýetip göterip bilen daşymyzy goýardyk. Şol daşyň bolsa, eşegiň öňden agyr ýüküne goşmaça ýene-de ýük bolýanlygy biziň aňymyza ýetenok eken-dä. Ýüküň gysylmagy ýa-da ýüpüň süýnmegi zerarly ýükler eşegiň arkasyndan aşak garnyna çenli sallanardy. Beýle bolanda hem ýüküň agramymynyň öňküden-de has agyrlaşýandygyna çaga bolup düşünmän ýörüpdiris. Dogrusy, beýle ýagdaýda-da ýagdaýy gowulaşdyrardan biz – oglanlar, ejiz gelýärdik. Eşeklere hemeýat edip bilerden ýaşdyk. Adamyň garradygyça ýüregi ýukalýar diýleni çyn eken. Eşekleriň şol döwürdäki horluklaryna ýyl geçdigi saýy, nämüçidir, meniňem indi-indiler nebsimiň agyrmasynyň güýçlenip ýörşüni diýsene. • “It itdir-dä” diýmersiň Köp halatlarda adam bilen haýwanyň tapawudy – adamyň aň-paýhasynyň bolanlygynda, haýwanlarda onuň ýoklugynda- diýip, düşündirilýär. Bu dogrudan-da şeýlemikä? Eýsem, haýwanda aňlamak ukyby nä derejedekä? Bu barada biz hem öz pikirimizi beýan etmegi makul bildik. Bir ýerde okanym ýadyma düşýär. Dünýä belli rus ýazyjysy Anton Çehow öz ýürekdeş zenanyna “moýa sobaçka” (meniň itjagazym) diýip ýüzlenmesi bar eken. Mynuň sebäbini soranlara ol, janly-jandarlaryň arasynda it ýaly wepalysy ýokdugyny, bu onuň “meniň iň wepalym” diýdigi bolýandygy bilen düşündiripdir. Belli şahsyýet barada okan by jümläm (gynansam-da, nirde okanym ýadyma düşenok) aňymda gowy galypdyr. Itiň wepaly haýwanlygyny tekrarlap durmagyň geregi ýokduram. Bu hemmä-de aýdyň. Ýöne men muny dile getirmek bilen, umumy haýwanlaryň aň-paýhasy baradaky gürrüňi itiň häsiýetleriniň mysalynda aýtmak isledim. On dört - on bäş ýaşlarymda bolsa gerek. Dagda bir-küç aýlap dowar yzynda, obamyzda ady belli Baýy çopanyň çolugy boldum. Ol çopan paýhasly- parasatly, edermen adamdy. Meniň bolsa ýaşlykdan bular ýaly adamlardan ony-muny sorap öwrenmek häsiýetim bardy. Şonda men bu kiçigöwünli uly adamdan az wagtyň içinde dag hakda, mal hakda ýa bolmasa, dagda gezýän haýwanlardyr- guşlar barada birtopar zatlary bilip galdym. Itler barada Baýy agadan eşidenlerim: It adama diýseň wepaly haýwandyr hem akyllydyr. Ýanyňda oňat itiň bolanda her gapdalyňda bir ýaragly nöker özüňi gorap ýören ýalydyr. Ýöne adamlaryň hüý-häsiýetleriniň deň bolmaýşy ýaly haýwanlaryň, şol sanda itleriň-de häsiýetleri birmeňzeş däldir. Käbirleri has hem akylly-düşbidir, käsi gatybir namysjaňam däldir, ýaranjaňlyk edäýgiçleri-de bardyr. Öz aň-düşünjesi bilen möjegi aldawa salýan itler-de ýa aň-düşünjesiniň pesligi bilen jöjegiň aldawyna düşýän itlerem bardyr. It ýalyny beren wagtyň äňetseň, başga itler (sürimizde üç köpek, bir ganjyk, jemi dört sany it bardy) öňüňe gelip ýallaklap, eliňe-aýagyňa çolaşyp durandyr. Peleň (itiň ady) welin beýtmez, gapdalda haçan öňüme oklanar diýip, seredip garaşar durar. Ýogsa, başgalar ýaly olam ajygandyram. Sebäbi ol akylly, düşünjeli. Öýüň gapysynyň ýanyna sekiniň üstüne Akbaýdyr, Garagöz çyksa-da Peleň hiç çykmaz. Sebäbi bir gaharym gelen wagtynda başgalar bilen birlikde sekiniň üstünden ony hem depip, kowdum. Gaty namysjaň it-dä. Şondan soň ony haýpym gelip, çagyrybam sekiniň üstüne çykaryp bilmedim. Bir itimiziň özümizi ýylanyň howpundan goranlygy welin, ýatdan çykar ýaly bolmady. Dagyň “Gara-gura” diýen jülgesinde bolan wagtymyzda şol ýer ýylanly ýer eken. Kümejigimiziň ýakyn ýanynda bir-ki sany ýylany öldürmeli bolduk. Bir günem günorta wagtlary dynç alyp otyrkak, bilmedim şol öldürilen ýylanlaryň biriniň ýoldaşy dagy bolaýmasa, aňsat ýylan diýlen adamyň garşysyna çykyp ýörýänem däldir welin, oturan ýerimize göni süýşüp gelýän ýylany görüp, Tarzan atly gowy itimiz onuň üstüne okdurylyp, guýruk tarapyndan agyz salyp, ýyldyrym çaltlykda göterip, aýlap bir gapdala oklap goýberdi. Çalajan bolup galan ýylany soň baryp öldürdik. - Baýy eke, ýylanyň awuly zäher bilen ölüm howply çakyp bilýändigini it nireden bilýärkä? – diýip men soradym. - Ine, bu soragyňa welin anyk jogap ýokdur. Her bir janly-jandar öz duşmanyny, özüne howply jandary tanaýar ýa-da duýýar. Hat-da, köp halatlarda özüne abanýan howpuň häsiýetini-de bilýär. Edil öwredilen ýaly. Bu Haktagalanyň çäksiz gudratlarynyň biri bolsun gerek. Haýwan barynyň, şol sanda itiň ugurtapyjylygy, ar-namysy, wepasy we gaýry häsiýetleri barada şeýle wakaly gürrüňleri diňläniňde, olaryň aň-düşünjesiniň hem adamyňkydan kem däldigini nähili inkär etjek?! Geldimyrat SEÝIDOW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |