13:32 Dirilik suwy -2: romanyň dowamy | |
2. «Derdem agyzdan girer, dermanam...» Halk pähimi. «Eger lukman bilen hassanyň özara söhbetdeşliginden soň hassanyň ýagdaýy gowulaşmasa, ondan lukman bolmaz» B.M.Behterýew, rus psihiatry. «Gaýtarmagyň ýedi derde delalaty bardyr» Gündogar lukmançylyk pähiminden. «Ýandagy çaýa goşup içseň, aşgazan derdiniň bire-bir emidir» Halk pähimi. Şol günden soň, geçse bäş-on gün geçipdi. Dawut her näme bolsa-da, hykylap, çokulap, halys janyna dözüp, atasynyň ýumuşlaryny aýtdyrman edýärdi. Ol arada obadan iberilen undan atasyna gömme çörek bişirmänem, günortan, agşam nahar-şor etmänem indi beýle bir kyn görüp baranokdy. Ýöne, onuňky ýetginjek biperwaýlygy, ýa ýaltaçylyk däldi. Ol halys alla ýaramaýardy.... Bu gün ol ir bilen atasyna çaý-çörek berip, ony süriniň yzyndan ugradyp, suw getirdi. Çagylly baýyrjygyň aňyrsyndaky kerkawlyja kälden gury-sury çyrpy alyp geldi. Soň gazany ýuwup, nahar atarmanyň ugruna ýaňy çykdy. Ýol tarapdan öz adynyň tutulyp gygyrylýanyny eşidip, başyny galdyrdy. Ol sesini çykarman ýola bakan haýdap gitdi. Ýoluň üstünde araky «Gaz-69» maşyn durdy. Ony görüp, Dawudyň ýüregi böküp gitdi. Ol «Lena jandyr!» diýip begençli ýylgyrdy. – Dawu-ud! – diýip, maşyndan çykyp gygyryp başlan harby adamy gördi. Oglanjyk onuň ýanyna baryp, elleşip salamlaşdy. – .... Harby adam ony gujaklady. – Salam! Salam. Onuň üstünden çilimiň hem-de maşynyň benzininiň, sähranyň ysy kükäp gitdi. – Obşim, ot Lenioçki, ot Albina Nikolaýewny priwet! Düşündiý?! – Düşündi. Harby adam agyr, çilimiň ysy kükäp duran elleri bilen oglanjygyň horja, inçejik gap-garaja elini eline alyp çalaja gysdy. – Men adym Wadim Petrowiç! Düşdiý! Dawut baş atdy. – Düşdi! – Hany, aýt! – Wadim Petrowiç!.... – diýip, Dawut ilkinji sapar rus sözlerini del adamyň ýanynda öz agzy bilken aýtdy. Ol muňa begenjine, uçaýjak boldy. Wadim Petrowiç oglanyň elini goýberdi-de, maşynyna girdi. Sähel salymdanam, eli bir topar goşly, maşynyň daşyna çykdy. Ol goşlary Dawuda uzadyp durşuna: – Eto ot Lenoçka! – diýip, birki sany kitap, depderi berdi. Soň – Eto, ot Albiny Nikolaýewny – diýip, bir tabak gutap, bir banka mürepbe uzatdy. – Wse! Ol hoşlaşyp, maşynyny otlady-da, etrap tarapa, aşaklygyna gitdi. On-on bäş metr geçensoň, maşynyny saklady-da, onuň kabinasyndan kellesini çykaryp: – Dawu-ud! Po bolşe şipownik kuşat-kuşat! Düşdiý – Ol ellerine gezek-gezegine agzyna eltdi – Kuşat, iýmek kerek, düşdiý! Dawut başyny atdy. – Köpräjik itburun iýmeli! Näme üçinkä?! Indi itburunam iýilýärmikä?.... Ol goşa gelip, elindäki gaplary bagyň saýasyna ýazylan köneje atkeçäniň üstünde göýup, itburun ýygmaga gitdi. Ol ep-eslije itburun alyp gelip, ony etli gutap bilen howlukman iýdi. – Ýok, men çaý gaýnadyp içeýin! Ol barja suwuny taňka guýup, çaý gaýnatdy. Taňkasy gaýnansoňam, oňa azajyk çaý, bir gysym itburun atdy. Soň mürepbeli bankany açdy. Olaryň baryny saçagyň üstüne üýşürip, howlukman çaý içdi. Içeni bilenem kanagat etmän, itburunyň indi ýagşyja bişenleriniň içini arassalap, gutabyna hurş edibem iýiberdi. Ol saçagy ýygnap, ýene tüňçesini, jamyny dolduryp, suw getirdi. Baryndan nahar atarjak boldy. Ýöne atasynyň gutap bilen kanagat etjekdigini ýatlap, taňkany ojakda goýdy-da, atasynyň gelerine garaşyp başlady. Bu baglaryň aşagy janyňa şypa bolup siňýän salkyn bolsa-da, howanyň bu günem gaty yssy boljagy daşyndan bildirýärdi. – Men bu salkyn kölegede janymy saklap bilmän otyryn welin, bu ýarawsyz jany bilen garry atam nädip ýörkä? Ýa yzyndan gidip, oňa «bar, goşa bar, ata!» – diýäýsemmikä. Ýa bir tüňçe çaý alyp, yzyndan gidäýsemmikäm?.... Oglanjyk bu pikirinem goýbolsun etdi. Onuň kölge ýerden yssa çykasy gelmedi. Ol atasynyň suw barka çaýyňy, beýlekiňi pisint edip durmaýandygyny bilýärdi. Atasy malyny häzir dagyň etegindäki çaýyň boýunda bakýan bolmaly. Ol çaýyň boýunda suwdan hor bolmaly däl – diýen ýeňiljek netijä geldi. Dawut pikir edip ýatyşyna, Lenajygyň iberen kitabyna başyny goýup, irkilip galdy. Onuň häzir kitap okasy gelenokdy. Ukynyň arasynda ony kimdir biriniä agyr, dözümli sesi oýardy. Dawut lowurdap duran ýiti şugladan çykyp gelýän nurana kişini görüp tisgindi. Ol kişiniň ýüzi aýdyň görünmese-de, sesi pert-pert eşidilýärdi. – Size ezlden paý beriljekdir! Saňa Hakdan paý beriljekdir! Saňa paý berildi, gözüň aýdyň! – Ol gelip ýumşak, asyl eldigem bildirmeýän eli bilen Dawudyň hor, kirli, gowşak elini gysdy-da, soň giň äleme siňip gitdi. .... Ol bir erbet gykylyga tisginip oýandy. Öňünde üýşüp ýatan kitaplary basalaşdyryp, ýerinden zöwwe turdy. Hälki ýüzi görünmeýän kişi gaýdyp gelendir öýdüp, titräp durşuna oňa gorkuly garady. Ol atasynyň hyrsyz üýzüni görüp köşeşen ýaly boldy. Atasy Dawudyň başujyna gelip, hababaýlap gygyrýardy. Dawut gözüni açdy-da, atasynyň ýüzüne halsyzlyk bilen, gorkuly bakdy. – Ata, näme boldy? Aman aga ullakan, gyp-gyzyl gözlerini ýalpyldadyp, hasam mölertdi. – Tapy-tazp, het, meşi, meşi, lebbi, kit matdy. Dawut hiç zada düşünmedi. – Kim? Aman aga baş atdy-da, «tur, ýöri» diýen manyda elini şaglawuga bakan howsalaly galgatdy. – Miş, miş, kit, katy, katy!.... Olar ataly-ogul bolup, baglykdan çykdylar. Aman aga «Gotur gowaga» tarap, kötelýokary barýançalar gotur çebişiň «Gotur gowaga» gaçandygyny düşündirdi. Dawut edil öýkeni agzyndan çykaýjak bolýan ýaly, has-haslap, daga dyrmaşyp barşyna atasynyň mallary şu töwereklerden aýlan mahaly bir çebşiň «Gotur gowagyň» döwüň agzy ýaly bolup ýatan gowagyna girip, soň yzyna çykmadyk bolmagy baradaky pikire geldi. – Aý, gowagyň agzyndaky gaýanyň tekdirinde, yssydan heder edip irkilip durandyr-la, dagy nirä gitsin, gotur çebiş.... – diýip, Dawut edil ýüregi agzyndan çykyp barýan ýaly däbişenekläp dem alyp barşyna, özbaşyna hümürdedi. Aman aganyň gözi agtygynyň dodagynda eken. Onuň nämedir bir zatlar diýýänini, soraýanyny güman edip, ýene gepläp başlady. – Babat, kap-mezzim, ken. Met, met.... Gotur gowagyň porsy demi çykyp duran agzyna baranladynda, Dawudyň ysgyny aýaklarynyň aşagyna dökülip, onuň gözüniň öňünde sap-sary tegmiller labyrdap başlady. Ol oturmaga oňaýlyja bir ýer agtardy. Aman aga edil bir kesewi ýaly bolup egrelip duran agtygynyň birden sap-sary keşbe girenini gördi-de, oňa ýumuş buýurmasyny goýbolsun etjegem boldy. Ýöne jogapkärçiligi, onuň agtygyna dözümsizlik etjek duýgularyndan üstün çykdy. Ol daljygyp, edil gözleri bilen dem alýan ýaly bolup, hanasynyň düýbüne gaçyp, gyp-gyzyl, bolan birehim gözlerini ýaldyradyp, agtygyna gorkunç azgyryldy. – Abpy, patyk, mem, men bä! Oglanjyk däbişäp, her dem alanda döş kapasasynyň içinde edil päki bilen kesilýän ýaly bolup duran agyryny ýuwudaýjak bolýan ýaly bolup, çalt-çalt dem alyp durşuna, töweregine delminip bir seretdi-de, yüzüniň-gözüniň jan deri bolup akýan gaýnag derinem syrman, atasynyň görkezen uguruna gaýyp-gaýyp, yra-dara bolup ýöneldi. Onuň tutuş süňňi, eşikileri ajy derden ýaňa öl myžžyk bolupdy. Ol edil janhowluna gelen ýaly bolup, bagryny günbatardan öwüsýän näzik ýele gerdi. Gün günorta bolupdyr. Mallar hol aşakda gargy-gamyşlyja gysynyň agzynda topbajyk bolup, durdy. Şu ýerden bu töwerek, ylaýta-da, şol gargy-gamyşlar ösgün tokaý ýaly bolup, şaglawugyň akýan jary bilen tä çaýjagaza çenli uzalyp gidýärdi. – Bu ýerlere ýöne ýere «Gargyly gysy» diýmändirler-ow – diýip, Dawut «Gotur gowaga» girip baryşyna oýlandy. Geň ýeri, ol indi bir hilije, öňki ýaly haslap, edil bagyr-öýkeni agzyndan geläýjek ýaly bolup duranokdy. Emma Aman aga welin haslap, her ädimini kynlyk bilen alýardy. «Gotur gowagyň» agzyna baransoňlar, ondan gelýän ýürek bulanjy ys has ýiti duýyldy. Aman aga gowagyň içine girmäge, nämüçindir, batyrgaýlyk edip bilmedi. Dawut welin ýaňyja ukudan turansoň, birsalymlyk agyrysy-ynjysy sowulyşansoň, endam-janynyň derine, salkyn şemalam çalansoň, atasynyň gykylygyna özüni ýagşy dürsäbem bilmän durşuna, birneme batyrgaýjady. Ol gowagyň içine-de batyrgaýja ätledi. Gowagyň içi garaňkydy. Onuň içinden gelýän ýakymsyz ys bolsa, demiňi bermän, aňryňy bäriňe getirip, başyňy aýlap durdy. Oglan ysa-da, yssa-da, bu garma-gürmelige-de, çydajak bolup durşuna, çebişi görerin tamasy bilen, töwreegine ýiti-ýiti seretdi. Brdenem aşakdan döwüňmi, aždarhanyňmy, ýa başga bir elhenç jandaryňmy, tutuş daglary elendiren ýakymsyz sesi ýaňlanyp gitdi. Dawut aňka-taňka bolup durşuna nirä aýak basýanynam bilmän, öňe bakan ätledi-de, «waý» diýip, edil zähresi ýarylyp barýan ýaly bolup, bir gygyryp, aşaklygyna tarap, edil ýyldyrym çaltlygynda süýnüp gitdi.... Ol az salymlyk özüni ýitirdi. Ol özüne gelende suwuň içinde bulaşyp ýatandygyny duýdy. Dawut ýerinden turjak boldy. Onuň depesinden, duşdan akýan ýaly batly, güýçli çüwdürilip akýan ýokardan aşaga şarlap akýan suw, oglanyň hor, ysgynsyz göwresini ýene suwuň içine basyp goýberdi. Dawut ýüzäni ýuwup, gözlerini açdy. Çebiş mäledi. Hälki, «döwemi», «aždarhamy» meňzeş ses şu çebişiňki bolmaly diýip, bu biçärelikde düşen gorkunç ýagdaýyna erbet gorkudan ýaňa titrekläp durşuna, gyssanmaç oýlandy. Ol ses guýa, gaýalara düşüp, sandyran bolmaly.... Dawut gapdaldaky kemerjikde, gözlerini elek-çelek edip, aljyrap duran çebişiň özünem gördi. Onuň gözi kem kemden bu çukurdaky garaňkylyga öwrenişdi. Töweregine, syn saldy. Onuň oturan ýeri, ediljek ullakan legeniň içi ýaljak ýerdi, Ol «legeniň» içine ýokardan, aýna ýaly ýylmanak, ýylçyr gaýadan edil, hersi gol ýaly üç sany akym bolup, suw çüwdürilip akyp durdy. Şol çüwdürimleriň hersi dürli ýylylykdady. Oglanjyk olaryň hersinden ilki dadyp gördi, soň tä ganýança içdi. Olaryň hersiniň tagamam, ysam dürlüdi. Gowagyň agzyndan çykýan ýakymsyz ysam şu suwlardan gelýän eken. Dawudyň, bu «legende» oturdygyça oturasy geldi. Ol birhilije meýmireýärdi. Göwnüne bolmasa, tutuş süňňi suwuň içinde eräp, süňňündäki derdi-belalar şol suwuň içine dökülip barýan ýalydy. Ol ýene-yene goşawuçlap, goşawuçlap suwuň hersinden ep-esli içdi. Soň «legenjikdäki» suwdanam içe-içe, ýüregi ýerine gelen ýaly bolup özüni duýdy.... Ol suwuň içinde näçe oturanyny bilmedi. Yra-dyra bolup ýerinden turdy-da, gaýanyň kemerinde duran çebişi egnine alyp, ýokarlygyna bakan dyrmaşyp başlady. Ýokary gurydy. Ýöne aşakdaky suwdan göterilen ýylyjak bug gaýalaryň ýüzüni typanjak edip, ýumşajyk derçiräp durdy. Dawut haýran galmaly ýeňňillik bilen, jebri-jepa çekmän, dyrmaşyp-yrmaşyp gowagyň daşyna çykdy. | |
|
√ Jynlar bezmi ýa-da uly oýun -14: romanyň dowamy - 19.07.2024 |
√ Dirilik suwy -8: romanyň dowamy - 03.05.2024 |
√ Dirilik suwy -26: romanyň dowamy - 26.05.2024 |
√ Bäşgyzyl -13: romanyň dowamy - 17.10.2024 |
√ Bäşgyzyl -7: romanyň dowamy - 16.09.2024 |
√ Jynlar bezmi ýa-da uly oýun -9: romanyň dowamy - 16.07.2024 |
√ Duman daganda: Buzlar jaýrylyp başlaýar - 21.06.2024 |
√ Gara ýyldyrym -20/ romanyň dowamy - 29.02.2024 |
√ Ojak - 2-nji kitap -11: romanyň dowamy - 20.06.2024 |
√ Hakyň didary -4/ romanyň dowamy - 29.02.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |