11:38 Dirilik suwy -3: romanyň dowamy | |
3. «Ýürek bir gurbagadyr. Beden – ýylan, onuň gije-gündiz aladasy, ýüregi ýuwutmakdadyr» Gündogaryň lukmançylyk pähimlerinden. «Eli döwük işlär, göwni döwük işlemez» Halk nakyly. «Her kimse irden turup, soň agşam ýatjak bolanynda bir bulgur suw içse, aşgazanyň, inçe, ýogyn içegeleriňe ýeňillik getirer» Gündogaryň lukmançylyk pähimlerinden. «Böwürsleniň miwesi, ýapragy bagry arassalaýandyr» Halk lukmançylygyndan. Dawut aňyrdan gotur çebişi egnine alyp, goşa gelende, atasy depesine güpbüsini büräp, edil biri ölen ýaly, hababaýlap, yranyp, eňräp oturan eken. Dawut derisiniň gotur açan ýerleri dym gyzyl ýorka bolup duran çebişi sürä bakan goýberdi-de, atasynyň ýanyna baryp, onuň depesine bürenen güpbüsini çekeledi. – Ata, aý ata! Emma ýaşuly baş berer ýaly däldi. Ol gaýta, güpbüsini çekip alyp, eňremesini güýçlendirdi. Dawut oňa has dözümli ýapyşdy. – Ata, näme boldy? Tursan-a, beýdip oturmasan-a.... Ol atasynyň başyndan güpbüni çekip aldy. Aman aganyň gözleri ýaşdan, ýüzi güpbiniň demikdirmesinden akýan derden ýaňa, öl myžžykdy. Ýaşuly gözüni açdy. Onuň gözi agtygyna düşenden, ol erbet yrandy. – Wa-awii-i. Bala. Baba-baba! – diýip, ilki birneme süýşenekläp, soň dyzanaklap, gelip, agtygyny bagryna basyp eňredi. – Ba-ba! Ma-me. Pet-ket, tep, tep!.... Ol soňam bir zatlar samrady. Dawut atasynyň deriň, günüň, ýeriň, tomsuň, ýaşuly adamyň kösenen süňňüniň diýseň ýakymsyz ysyny alyp durşuna, sesinem çykarmady. Aman aga sürä goşulmaga het edip bilmeýän ýal bolup, hol gyrada tisginjiräp duran, derisi indi gyp-gyzyl ýary bolan çebişe seredip gyzaran, gorkunç gözlerini bir yşarat etdirip, bir ýylgyrdy. Megerem, Dawudyň bilişiçe, atasynyň bu ýylgyryşy telim ýyllardan bäri ilkinji ýylgyryşdy. Aman aga agtygyny goýberdi-de, ortada duran tüňçeden bir käse sowan çaý guýup, oňa alyp berdi. Dawut sowuk çaýy başyna çekdi. Onuň bu içeni çaýa däl-de, turşumtylja çala meňzedi. Ol özi «Gotur gowaga» gaçansoň, garaşyp, garaşyp, garaşmakdan tamasyny üzen goja, gaty erbet bolup gelişine, şol eňreý-eňreý çaý-çöregem iýmedik bolara çemelidi. Sebäbi, taňka Dawut çaý içip gidenden soň, şol itburunlyja durşuna, çaýkalmandyram, onda çaýam goýulmandyr. Onuň häzirki içen turşumtyk bir käse çaýam itburun bolmalydy. Dawut, suwdan boşan jamy, tüňçäni alyp, şaglawuga bakan ylgady. Ol hä diýmän suw alyp gelip, çaý goýdy. Orta saçak ýazdy. Albina Nikolaýewnanyň iberen gutaplaryny, ýaňyrak agzy açylan mürepbeli bankany saçagyň üstüne goýuşdyrdy. Aman aga henizem agtygynyň ýüzüne agzyny açyp seredip durdy. Çaý gaýnady. Dawut tüňçä çaý atyp, atasynyň öňünde goýdy. – Al, ata, çaý içiň! Dawut şol oturşyna, ýene-de uklap galdy. Ol ertir irden, özünden juda razy bolup, ýerinden turdy. Onuň indi ýatasy gelenokdy. Süňňi ediljek guş ýaly ýeňildi. Keýpiniň köklügini aýdar ýaly däldi. Ol ýerinden turup, düşeklerini ýygnady. Şaglawukda ýagşy ýuwundy, soň suw getirip, ojakda çaý goýdy. Ol hol, gapdalda ýaňy örüp başlan sürini Meýdana kowdy. Dawut özünde emele gelen bu ýagdaýy buşugan, meýdan eden mahaly hasam gowy duýdy. Ol özüni bileninden bäri, ilkinji sapar syrty çykman meýdan etdi, Onuň peşewem, edil öňki ýaly, sapajyk ýaly däldi. Bir bada içindäki peşew zarp bilen çykdy-da, balagyny çekensoňam syrygan zat bolmady. Dawut ellerine seretdi. Öňler sähel ajy-süýji iýse-de, gijäp, edil ary çakan ýaly düwürtik çykyp duran ynjyk, gotraksy derisi, bu gün ýaldyrap, ýylmanyp durdy. Ol gaty geň galdy. – Bu nämedenkä?! Ol her näçe geň galsa-da, munuň sebäbini bilenokdy. Ýöne nähilidir bir keramat süňňüne girip, içinde çagalygyndan bäri gatap ýatan güýjüni, yhlasyny gozgap goýberen ýaly boldy. Häzir onuň uçyberesi gelýärdi. Ýuwaşja heň bilen haýsydyr bir aýdyma hiňlendi. Gün ep-esli bolup, mallaryň agzy haýallansoň, olary goşa tarap gaýtardy-da, henize çenli görünmedik atasyndan baş çekmek üçin goşa bardy. Aman aga çaý içip oturan eken. Ol agtygyny gördi-de, baş atdy. Soň saçagy görkezip: – Byt-byt-keý! Hap-hap-ýiý! – diýdi. Bu onuň «Gel, iýip-iç» diýdigidi. Dawut elini, ýüzüni ýuwdy-da, çaýdan boşan tüňçäni alyp, ylgap-ylgap şaglawuga gidip, suw alyp geldi. Ýolda onuň gözi agaçlayň aşagynda bulaşyp ýatan üzüm şahalarynyň üstünden düşdi. Şonda onuň gözi bişip, ýyldyraşyp ýatan gara üzüm salkymlarynya düşdi. Ol iki-üç salkym üzümi ýolup ady-da, ony ýuwup, eltip, saçagyň üstünde goýdy. Aman aga üzüm salkymlaryny görüp, şeýle bir geň galdy welin, Dawut atasynyň şeýle geň galmasyny birinji sapar görýändigi üçin birhili begendi. – Hap, be! Ba-by, hi? Hap bä! Dawut ýylgyryp, baş atdy. – Ata, hol ýerde köp! Gaty köp! – diýdi-de, goşawujyny görkezip, soň gujagyny giňden açdy. Aman aga çaý gaýnan badyna turup, sürä bakan gitdi. Dawut howlukman çaý içmäge başlady. Ol özünde bolýan bu süňňüýeňillik wagtlaýynçadyr öýdüpdi. Emma wagtyň geçdigi saýyn, ol hasam ýeňleýärdi. Ol çaý içenden soň, süňňi hasam ýeňledi. Indi onuň oturasam gelenokdy. Oglan häzir öz-özüne, juda haýranlar galma bilen özüniň haýsy işe başlasa, ol işi şol demde alyp çykyp biljegini duýup başlady. – Asyl, atamy oba gaýtaryp, arryk mallary özüm baksamam boljag-a. Eger pil bolsady, şu agaçlaryň düýbüni tabajyk edip, hersine üç-dört tüňçe suwam guýup boljak. Ol goşda bedräniň, piliň ýokdugyny indi bilip galdy, gynandy. – Indiki sapar pil, palta, bedre alyp gelmeli. Biz bu baglyja böwüri özümize goş-ýatak edäýmel-ä!.... Dawut kellesiniň, pikir-parasadynyň birden işläp başlandygyny duýdy. Ol düýn başagaý bolup, Lenoçkanyň özüne iberen kitaplaryny görmegi ýadyndan çykarandygynam häzir ýatlady. Tamça girip, mürepbäni, gutaply gaby goýan burçuna seretdi. – «Bukwar» kitaby! Bu-da «Türkmençe-rusça sözlük» – diýip, iki kitaby eline alyp daş çykdy. Düşegiň üstüne geçip, «Bukwar» kitabyny açdy. Bu kitap Moskwada çykarylan eken. Onuň başynda Watan hakynda goşgy bardy. Dawut rus dilinde bu goşgyny iki sapar okady. Soň ony kitaba seretmän ýatdan aýtdy. – Haýran galaýmaly! Maňa näme boldukan? Soň ol bu «Harplygy» doly okap çykdy. Ýöne ol sözlere düşünmedi. Düşünmese-de, köp sözüň aňladýan manysy suratlar bilen beýan edilipdir. «Mama» diýilende owadan aýalyň suraty bar. – Ýa eje, ýa ene bolmaly. «Ruka» diýen sözüň ýanynda eliň suraty bardy. – «Ruka» diýmek, « el» diýmek eken. Ruka! Ruka! Ruka! Ol iş edinip, «Harplykdaky» ähli sözüň aňladýan manysyny sözlükden gözläp tapdy. Olary güni bilen ýat tutdy. Şonda ol özünde üýtgeşik, haýran galmaly bir ýatkeşligiň emele gelendigine düşündi. – Men bu ýatkeşligim öçmänkä, bäşinji klasyň ähli kitabyny satyn alyp, olaryň içinde ýazylanlary ýat tutup goýaýyn! Dawudyň ýadyna indi basym okuwyň başlanmalydygy baradaky pikirem geldi. – Men oba gideýin. Baryp, kitaplarymy, depderlerimi jemläýin. Özüme täzeje eşikleri alaýyn. Şu gün awgustyň näçesikä? Ol saçagy ýygnady-da, dolap, tamça eltip, saçak goýulýan ýerde goýdy. Soň şaglawuga gidip, suw alyp geldi. Ol şaglawukda elini, ýüzüni ýuwup durka, birden bu suw oglanjygyň ýadyna nämedir bir zatlar salan ýaly bolup, oglanjyk saklandy. – Düýn men «Gotur gowaga» gaçdym-a. Şonda baryp bir suwly çukura düşdüm. Şol çukryň içinde näçe wagt ýatanymy bilemog-a. Soň turup, şol suwdan gaýta-gaýta içdim. Elimi, ýüzümi telim gaýta ýuwdum. Hawa, ýuwdum! Soň gaýanyň ýüzünden aşak akyp duran ýumruk ýaly suw çüwdürimleriniň hersindenem içdimem, ýüzümi-gözümi, el-aýagymy ýuwdum. Depämdenem akdyrdym. Şeýdip, gotur çebşi egnime alyp, zordanjyk gowagyň daşyna çykdym. Meniň bujagaz güýjüm, uçup-gonup ýörmämem şol suwdan bolaýmasyn.... O agyr pikre gitdi. «Şol suw näme, nireden gelip, nirelere akyp gidýär? Şu böwürdäki baglar gyşy-tomsy göm-gök bolup otyr-a. Olar güýji nireden alýar. Suw tutulmasa-da, ömürylla ideg edilmese-de, olar näme üçin guranok. Bu ýerdäki gollary ýerde bulaşyp ýatan gara üzümiň süýjüligi nämedenkä? Onsoňam, aýry-başga şu böwüre hiç hili mör-möjek, tilki, şagal, möjek gelenok. Käkilikler näme üçin, aýry-başga, gelip-gelip, şu ýerdäki itburunlaryň aşagynda süri-süri bolup ýaýnap ýatyr. Bu gowakda, onuň düýbündäki yslyja suwlarda bir gudrat bar bolaýmasyn!?. Menem, tötänlikden, şol goturja çebişiň aladasy bilen şol ýere düşüp galdym-a. Eger bu gowakda, onuň suwunda bir keramat bar bolsa, ony men hökman ony ýagşyja öwrenmeli!» | |
|
√ Ak guwlary atmaň -11: romanyň dowamy - 06.06.2024 |
√ Bäşgyzyl -21: romanyň dowamy - 05.11.2024 |
√ Jynlar bezmi ýa-da uly oýun -9: romanyň dowamy - 16.07.2024 |
√ Ak guwlary atmaň -16: romanyň soňy - 08.06.2024 |
√ Bäşgyzyl -19: romanyñ dowamy - 01.11.2024 |
√ Ak guwlary atmaň -14: romanyň dowamy - 08.06.2024 |
√ Dirilik suwy -3: romanyň dowamy - 26.04.2024 |
√ Ojak - 1-nji kitap: roman - 24.05.2024 |
√ Ýedi müñ çakrym: Graf fon Lindenau - 09.09.2024 |
√ Duman daganda: Gara garga bolsaňam, akja kepderi bolup görün - 24.05.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |