09:33 Dirilik suwy -5: romanyň dowamy | |
5. «Lukman şu häsiýetleri özünde jemlemelidir: Akyllylyk, parasatlylyk, hoşniýetlilik, göwnaçyklyk kärine wepalylyk, kärine ussatlyk, işinde erjellik, ynsanperwerlik» Hytaýlylaryň «Çykyd-şi» diýen kitabyndan. «Çig hamyr et getire, çig et dert» Halk nakyly. «Kädi iýeniň demini Alla, bendesi şol kädini iýip bolýança sanamazmyş» Halk ynanjy. «Babasilisi bolan näsag mäkiýanyň iki sany ýumurtgasynyň sarysyny bir gaba guýup, oňa iki nahar çemçesi ownuk duz goşup, ýagşy garsa, soň ony esgä çalyp babasiliniň üstüne goýup, iki-üç sagat üstünde otursa, derdi el bilen aýrylan ýaly bolar» Halk tebipçiliginden. Okuw başlandy! Bu gün obaň çagalary üçin bir geňsi gün bolýardy. Gül ýaljak geýinen çagalar ellerine kitaply-depderli torbalaryny alyşyp, ýylgyryşyp, mekdebe bakan haýdap barýandyr. Ine, şolaryň arasynda Aman keriň agtygy Dawudam bardy. Ýöne Dawut il ýaly mekdebe enaýyja ýylgyryp baranokdy. Dogry, onuň bili guşaklyja ors jalbary, ýeňi kelte köýnegi, boýnunda täzeje ýüpek galstugy bardy. Egninden asylan torbasy kitapdan urlup, dykylan ýalydy. Ol atasynyň çarwadaky goşundan geleli bäri, eýýäm üç ýüz sany ullakan kerpiji urup goýupdy. Dawut oba geleli bärem, gün-günden güýjüne gelip, işledikçe ýene işläsi gelip barýardy. Ol işlemese, bir zada güýmenmese, edil jany çykyp barýan ýalydy. Ol mekdebe ýetip barşyna: «Nesip bolsa, geljek otduh güni barja kerpijimi örüp, ören ýerimiň daşyny suwaryn» diýip, oýlanyp barşyna, indi geljek otduha howlugýardy. Ol şol işleriň daşyndanam, bäşinji klasyň edebiýat, taryh, botanika, rus dili kitaplaryny, tutuş diýen ýaly, ýat tutupdy. Dawut, şol «Gotur gowagyň» suwuna gaçaly bäri özünde gaty üýtgeşik gujur bilen bilelikde, haýran galmaly güýçli ýatkeşligiň hem emele gelenini duýdy. Ol islendik goşgynymy, kitabymy, birki gaýta okadygy ýadynda doňup galýandygyny duýupdy. Şonuň üçin, edebiýat kitabynyň içindäli ähli goşgyny ýat tutdy. Onuň üstesine Lenajygyň iberen harplyk kitabyny, onuň sözlerini sözlükden tapyşdyrybam ýat tutdy. Ol indi mekdebe çekinmän baryp biljekdi. Ýöne.... hawa, onuň ýönesem bardy. Kelte çynardaky mekdep ýedi ýyllykdy. Onda okuwçy kän däldi. Ýöne şol okuwçylaram şu obajygyň başlygy Artyk Taýly diýen adamyň ogly, onuň kakasynyň at dakylany Taýlyşkanyň gysymyndady. Taýlyşka mekdebiň «hany» diýseňem boljakdy. Mugallymlaryň ýekejesem onuň garşysyna gidip bilmeýärdi. Gaýta, nämüçindir, şonuň diýeni bilen bolýardylar. Dawut klasda iň gowşak okuwçydy. Onuň üstesine-de, horlugy, gorkunçlygy üçin, oňa «yşarat!» diýen ýakymsyz lakamam ýelmäpdiler. Bu lkakamy tapanam Taýlyşkady. Taýlyşkanyň özi owadan, ýüzünden, gözünden mähir damyp duramja ak ýüzlüje oglandy. Ylaýta-da ony ene dili mugallymy Sonyçka mugallym gowy görýärdi. Olar köplenç sapak wagtam, bileje oturyp, her dürlüje gürrüňjagazlar edýärdi. Sonyçka mugallym heniz durmuşa çykmandy. Şonuň üçin Taýlyşkanyň özünden uly, ýakynda watan gullugundan gaýdyp gelen dogany Arça, öý-içerileri barada gyzyklanýardy. Şuňa meňzeş zatlary Dawut hiç halanokdy. Şonuň üçin onuň mekdebe barasam, şolaryň ýüzüni göresiniňem gelmänsoň, häzir mekdep taýa känbir aýagy çekenokdy. Dawut mekdebe golaýlandan ýola bakyp duran klaslaryň birinden oglanjyklaryň biri daş çykyp, ýola garady-da, Dawudy görüp, yzyna bakan düňderilip gitdi. – E-e-eý, «yşarat» gelýere-eý! Hä diýmän klasyň okuwçy oglanjyklary bosuşyp-bosuşyp daşary çykdylar. Olaryň ählisi edil, dilleşen ýaly bolup: – E-ee-ý, «Yşarat»-eý, gelýäňme-e-eý! – diýişip gygyryşdylar. Klasdaşlarynyň okuwyň birinji güni degnasyna degmegi Dawudyň, ilki bir gaharyny getirjek ýalam etdi. Ýöne, soň ol özüni raslap, ele aldy-da, oglanlaryň ýanyna ýylgyrjyklap bardy. Olar bilen iki elleşip salamlaşdy. Hakykatda, onuň klas deň-duş oglanlaryny, mugallymlaryny göresem gelipdi.... Ol klasa girjek bolanda içerden Taýlyşka çykyp, ony saklady. – O-oh-ow, «Yşaratka!» nähillek-ow? Ol onuň egninden tutdy-da, bir sapar daşyndan aýlady. – Oh-ho-oo! Täze jalbar, täk, täze köýnek, täze galstuk, ih, täze köwüş. Malladis. Hemme zatjagazy täze. Ýöne, ýüzi, gözi şol yşaratlygy. – Ol oglanlara ýüzlendi – Eý, çagajyklar, nädýäs, klasa goiýberýäsmi? Oglanlar Taýlyşkanyň özlerine maslahat salmagyna hoş boldular. – Goýbere-liň! – Goýbereliň. Ýöne, goý, ol iň soňky partada otursyn. Şeýle dälmi?! Mugallymlarymyz bu yşaratdan gorkarmy, nämemi. – Hawwa, iň ahyrky partada otursyn – diýip, Metjik diýen keltejikden tokar oglan nämedir bir zatlar iýip durşuna, gülüp aýtdy. – Eý, Taýlyşka, menem yşaratdan gorkýan-laý. Taýlyşkanyň göhi geldi. – Gorkma, men bardyryn. Dawut oglanlaryň diýeninden çykman iň ahyrky partada oturdy. Birinji sagat edebiýatdy. Ýöne olary jaň kakylan badyna daşary, mekdebiň öňündäki meýdança çagyrdylar. Günüň aşagynda bir sagada golaý wagt mekdebiň direktory, mekdebiň direktorynyň terbiýeçilik işler boýunça orunbasary, Kelte çynaryň başlygy Artyk Taýly aga, soňam urşa gatnaşan Gulbaý kör dagy çykyş etdiler. Şondan soň, täzeden jaň kakylyp, okuwçylara klaslaryna girmäge rugsat berdiler. Dawut edebiýatdan bu ýyl hem Sonyçka mugallym okadarmyka diýip pikir edipdi. Emma edebiýat sapagyny okatmaga klasa Gurdy diýen kiçijik, ýylgyryp duran mugallym girdi. Ol yzyna gaňtarylyp duran gara saçyny on barmagy bilen gaýta-gaýta yzyna darap durşuna, klas žurnalyny okady-da, okuwçylar bilen ýekän-ýekän tanyşdy. Dawudyň göwnüne gelişine görä, ol Taýlyşka hem-de öňki partada oturan Nowby bilen Tokga diýen gyzjagazlara has köpräk ähmiýet berýärdi. Ol: – Amanow Dawut! – diýdi-de, Taýlyşkanyň ýüzüne seretdi. – Ol kimiň ogly? – Mugallym onuň babasy hem ker, hem lal! Dädesem edil öküz ýaly adamdyr-laý. Ol oglanjygy görüp, gorkaýmaň. – Ha, Toýly öküzmi? Taýlyşka ilden öňürtiläp: – Etdil özi. Şolaryň ogly. Özi ýarawsyz. Kellesem kän bir işlänok. Şonuň üçin iň soňky partada oturtdyk-laý – diýdi. Gurdy mugallym klasyň okuwçylary bilen doly tanyş bolandan soň, elleri bilen saçyny gaýta-gaýta yzyna darap, ýazgyn, mähirlije ýüzüni ýyrşardyp, ýerinden turdy. – Şu günki temamyz «Edebiýata giriş»! «Edebiýatyň ähmeti» barada. Ol agzynyň jähegini ýygnap bilmeýän ýaly bolup, ýene Taýlyşkanyň ýüzüne garady. – Tomusdaky dynç alyş döwrüňizde gyzyklyja kitaplary okansyňyz-a. Kim maňa ilki bilen okan kitabyndan gürrüň berjek. Elbetde, ilki bilen däp bolşy ýaly Taýlyşka elini galdyrdy. Ol edil geçen ýylyň birinji sentýabryndaky ýaly, şol bir Arkadyý Gaýdaryň «Timur we onuň komandasy» atly powesti, onuň gahrymanlarynyň – Timuryň, beýleki çagalaryň edýän gowy-gowy işleri baradaky hekaýaty gürrüň berdi. Ony eşidip, Metjik durup bilmedi. – Mugallym, aý, mugallym, siz bileňizok, Artykow Taýlyşka geçen ýylam, ondan öňki ýylam Gaýdaryň şol powesti barada aýdyp, bäşlik aldy. Ol asla kitap okajak adam däl-ä! – diýdi. Taýlyşka Metjigiň bu sözüne ör-gökden geldi. – Eý, pökgi, gowja bol-eý, sen, almytyňy alarsyň. Sakla diliňi!.... Metjik ýerinden turup Taýlyşkanyň üstüne gygyrdy. – Näme ederin diýýeň. Näme dädeň başlyk bolany bilen, sen indi mugallymy aldamalymy. Geçen ýylam şu gepleri aýdyp bäşlik aldyň. Bu ýyl näme, utanaňokmy?! Gurdy mugallym ýerinden turup, açyk agzyny öwweldip, klasa gaharly seretdi. – Han-eý, hol, kamçatkada oturan, gel, sen aýt! – diýip, hil bir tutuş klas üçin täze bir oýnawaç tapan ýaly, ýüzüni syrtardyp aýtdy. – Näme, yza geçip ýatyrsyň. Bu ýer ýatylýan ýer däl, okalýar bu ýerde. Dawut howlukman ýerinden turup, edil Toýly öküzüň ogly bolup, süssürilip tagta çykdy-da, mugallymyň ýanynda durdy. – Men mugallym, tomus döwründe Gamyşly gysy diýen ýerde garry atama arryk mallary bakmaga kömekleşdim. Şonuň üçin çarwa ýerde wagtam bolmady, okar ýaly kitabam bolmady. Onuň üstesine, atamam ýarawsyz, arryk mallaram, köpüsiniň geçen gyşda öýkenini, bagryny sowuk alansoň, ýöne gyrylyp ýatyr. Olary soýup, derisini almaly, maslygyny «maslyk agaçdan» asmaly. Garryja atama çaý gaýnadyp, nahar bişirip bermeli, Onsoň el nireden degsin kitap okamaga. Ýöne bäş-on günlükde okuw kitaplaryny satyn alanymdan soň, okaşdyrdym.... Gurdy mugallym saçyny barmaklary bilen gyssanmaç daraklady-da, otuz iki dişi görnüp duran agzyny müňküldetdi. – Hany, aýdyber. Sapagy aýt, sapagy. Ýaňky ýatanlaryň öwezini dol! Dawut «Edebiýatyň ähmiýeti barada düşünjäni» aýdyp başlady. – Edebiýat gadym döwürlerden bäri ynsana edepliligi, adamkärçiligi, mähribanlygy öwredýän düşünje diýilip hasap edilýär. Edep sözem edebiýat bilen baglanyşyklydyr. Edebiýat edebiň beýik mekdebidir. Edebiýat ýürege ornap, onda gowy duýgy-düşünjeleri döredýär. Gowy duýgy-düşünje bolan ýürekli ynsan uruş-dawadan, her dürli haýynlykdan, ogurlyk-jümürkikden daş durýar. Edebiýaty akyldar, bilimdar, sowatly edil, Magtymguly atamyz, Molanepes, Kemine ýaly şahyrlar döredýärler. Olaryň esererleriniň üsti bilen halka edep, akyl-parasat, ylym, bilim geçýär. Edebiýatda Watanyň beýikligi, ony söýmek barada, goramak barada düşünje berilýär. Meniň hem şu gün size Watan barada goşgy okap beresim gelýär. Dawut bäşinji klasyň edebiýat kitabynyň başyndaky «Watan» atly goşgyny ýatdan aýtdy. Mugallym ony saklady. – Tüweleme, bäşlik! Bar, oturyber.... Dawutdan soň ýene birki okuwçy aýdyp berse-de, olaryň aýdyşy Dawudyň aýdyş derejesine ýetmedi. Ikinji sagat has täsin boldy. Mugallym klasdan çykan badyna Taýlyşka Metjigiň üstüne düw-düw topulyp başlady. Metjik bolsa, edil topjagaz ýaly bolup, partadan patra böküp ýörşüne: – Eý, şalman, näme, ýalanmy?! – diýip gaçyp ýörşüne tutdyrar ýly däldi. Dawut tagtanyň öňünde durdy. Şol wagt Taýlyşka gargynjyrap, onuň ýanyndan dazlap geçdi. Dawut oňa: – Eý, Taýly, seniň urşasyň gelýärmi? – diýdi. Taýlyşka birden yzyna döwrüldi. – Näme – Seniň urşasyň, birini urasyň gelýärmi? – Hawa, urasym, öldüresim gelýär! Dawut bir ädim öňe süýşdi. – Gel, meni ur, meni öldür. Ýöne başgalar bilen işiň bolmasyn. Taýlýşka Metjigi kowalamasyny goýdy-da Dawudyň alyna geldi. – Eý, kirli, yşarat. Sen gapyl. – Hany, ur-da, öldür-dä, bol. – Bar-sa-na-aýt, kirli yşarat. Bir goşgy aýtdym diýip, indi senem geplän bolýaňmy. Dawut klasa garap: – Bir goşgyň näme, gerek bolsa, tutuş kitabyňam ýatdan aýdyp bereýin! – diýdi. Klasa girmage jaň boldy. Okuwyň ilkinji güni Dawut taryhdan, algebredan, botanikadan soňky sapak bolan rus dilindenem bäşlik aldy. Ertesi bolsa, dört sapakdan bäşlik aldy. Tutuş klas däl, tutuş mekdep oňa haýran galyp başlady. Ýöne her hili ýagdaýda-da, adamyň bir aýby bolsa, ol açylman galmaýan eken. Okuwyň ilkinji güni matematika sapagynda Dawut Aşyraly mugallymy haýran galdyryp, onuň beren mysalyny bada-bat işläp berdi. Aşyraly mugallym oňa has kyn, çylşyrymly mysallary berdi. Ol Dawudy sapakdan soňam klasda alyp galdy. – Bilýäňmi, Amanow, ýeme, Dawut, meniň kelläme bir pikir geldi. Gel, men saňa algebrany öwredeýin. Sen şonda-da bir özüňi synap gör, düşdüňmi?! – Düşdüm. Aşyraly mugallym Dawut üçin düýbünden ýat bolan «hyks», «igrik», «kök, «kök asty», «kök üsti», «netije» diýen ýaly sözleri, sanlaryň droblaryň, ady droblaryň goşulmasyny, aýyrmasyny bir sagatdan gowrak wagtlap, telim sapar gaýtalap, gaýtalap düşündirmesini, mysal işlemesini diňläp, diňläp, mysal, mesele işläp durmasyny edil teşnäniň sowuk suwy başyna çekişi ýaly edip aňyna siňdirdi. Depderine tagta ýazylanlary göçürip, olary ýene telim, telim gaýta aňyndan geçirdi. Indi ol bu sapagy özbaşdagam işläp biläýjege meňzedi. Aşyraly mugallym: – Hany, indi seniň özüň tagta çykyp, maňa bulary düşündirip ber – diýende, oturyp bilmän, dazanaklap ýerinden turdy. Tagta çykyp, mysaly işläp başlanda, hatynyň edil bir düşdüşiniň yzy ýalydygyna düşünip, gaty utandy. Aşyraly mugallym baş atdy-da: – Mysal işleýşiň dogry, ýöne, hatyň, dagyň, nähil-aýt – diýmesi welin, öňem utançdan ýaňa ýer ýarylsa girjek bolup duran oglanjygyň ýüregine merk bolup basyldy. Ol öýe baransoňam, çaýynyň, çöreginiň ýüzüne-de bakman, Lenajygyň «Harplygyny» elinden düşürmän, her harpyň ýazylyşyny ýat bekläp, her harpy aýratynlykda ýüz sapar ýazyp, soň olarybeýleki harplar bilen goşup ýazyp, tä gijäniň bir wagty bolup, kerpije palçyk taýýarlamak wagty bolýança, iş edindi. Ol on günüň dowamynda harplary, sözleri, sözlemleri bolmalysyndanam gowy ýazmagy öwrendi. Soň sanlara geçdi. Şeýdip-şeýdip haty gowy, owadan, ýalňyşsyz ýazmany öwrenendigini bir zatda bilip galdy. Görlüp oturylsa, Aşyraly mugallym şu etraplarda matematika, fizika dersini okatmakda, okuwçylara öwretmekde iň ökde mugallymlaryň biri eken. Ol Dawudyň matematika, algebra yhlasyny bada-bat duýupdy. Şonuň üçin okuw günleriniň birinde ony mugallymlar otagyna çagyrdy. – Hä, geldiňmi, dost? – diýip, ol Dawuda misli öz ýoldaşlarynyň biri ýaly ýüzlendi. – Sluşiý, men saňa bir zat aýtjak-laý. Düşdüňmi! Senden gowy matematik çykar. Ýöne, gel, men seniň halypaň bolaýyn. Meniň ýanyma her gün gelersiň, düşdüňmi! – Düşündim. – Sen bara, her gün iki sany, algebra, iki sany fizika mysalyny işlärsiň, düşdüňmi! – Düşündüm. Ol öz algebra kitabyndan iki sany mysaly ýazyp berdi. Fizika kitabyndanam iki sany mysaly ýazdyrdy-da: – Ilki şulary işle! – Soň ol mysallary nähili işlemelidigini iki-üç sapar düşündirdi. – Düşdiňmi!? – Hawa. – Ýok, sen däni, «düşdim» diý. – Düşdim. – Düşünen bolsaň, şu gün agşam meniň öýüme baryp, işiňi görkezip gaýdarsyň, düşdiň! – Düşdüm. Dawut mugallymlar otagyndan çykmanka, mysallary pikirinde işledi. Ýöne, ol agşama çenli garaşdy. Onuň sebäbi, Aşyraly mugallym Kelte çynar obasynyň başlygy Taýly Artygyň edil gapdaljygynda ýaşaýardy. Taýly Artyk diýen adam özüne şu obalarda ýok, aňrybaş jaý gurnupdy. Dawudyň bahana bilen şol jaýyň ölçegini bilesi gelýärdi. Şonuň üçin ol mugallymynyň beren mysallaryny aýratynja depderde işläp, çala ýalňyşanam bolsa, täzeden ýalňyşsyzja göçürip ýazyp, gün batansoň, öýleriniň gaýrasyndaky çaýjagazyň bendinden geçip, oba bakan ugrady, Ol maşyn ýoldan geçip, Taýlyşkalaryň öýüniň gapdalyna bardy. Olaryň jaýy kiçijik köçäniň ugrundady. Dawut olaryň jaýyny ädimläp, terslin, oňlyn ölçeşdirdi. Soň gapdallaýyn ölçedi. Taýlyşkalaryň jaýy günbatardan gündogarlygyna on sekiz ädim, demirgazykdan günortalygyna on iki ädim çykdy. Dawut ýola çykyp, bu hasaby has tekrarlady. Onuň ýolda aljyran ýaly bolup duranyny Aşyraly mugallymam işiklerinden görüp duran eken. Ol: – Geliber, geliber, itimiz ýokdur! – diýip gygyrdy. Ol gygyrany bilenem oňman, oglanjygyň garşysyndan çykdy. – Gel, dost jan, Nätdiň, işläp bildiňmi?! Dawudyň öwünesi gelmedi. – Bir zatlar-a etdim, mugallym. Özüňizem bir görüň, bolmasa, azajyk öwretseňiz, alar giderin. Men ýaltanamok öz-ä. Bu söz Aşyraly mugallyma ýarady. Ol Dawudy öz otagyna alyp baryp, aşagyna arassaja düşek düşedi. – Meniň gowja şägirt edinesim gelýär, düşýäňmi! Gündogarda, Faraby, Biruny diýen ýaly beýik, beýik matematikler bolupdyr. Olaryň bary Gürgençde Mamunyň akademiýasynda okap, soň dünýäniň çar tarapyna dargap gidipdirler. Faraby dagy, düşünýeňmi, «özüne gündogaryň Aristotoly» diýdiren-ä. Şolaryň hersi, bir mugallymyň şägirdi bolan. Soň olaryň özleriniňem şägirtleri bolan, düşdüňmi! Ol gyzjagazynyň getirip goýan çäýnekleriniň birisini Dawudyň öňünde goýdy. – Biz näme, olardan kemmi? Seniň ýaly şägirtlerden Farabylar, Birunylar döreýändir. Ýöne olara tälim bermeli.... Ol sesini kem kemden peseltdi-de, Dawudyň depderinde ýazylan sanlara siňip gitdi. Soň ýylgyrdy. – Maladis. Kim ýazsa-da, haty gaty owadan eken, bäşlik! Düşdiňmi! Ol ýerinden turup, gidip, eli gowurdakly jamly, tegelek çörekli geldi. – Hany, dost jan, çaý içeli. Gel ejeň çagalar bilen etrap merkezine gidipdi. Şol gelermikä diýip, ýola garap durdum-laý. Saňa gözüm düşäýdi. Dawut mugallymynyň hödür-kereminden razy bolup, turarman boldy. – Eý, dost jan, otursan-aý. Wagt heniz ir-ä, heniz günem batanog-a. – Mugallym, sag boluň, men gideýin. Öýe-de aýtman gaýtdym. Ýene mysal berseňiz, işlärdim-dä. Aşyraly mugallym elini onuň arkasyna goýdy. – Seni ýadatmaýyn, ertir gaty gowy mysallary bererin. Kelläňi aýa. Saňa gaty ýadamak bolmaz. Ömrüň boýy, ýekeje teoroma tapyp bilseň, ylma müň ýyllyk goşant bolar. Sen şoňa taýýarlanmaly adamsyň. Bujagaş mysallary men saňa ähli güýjüňi ber diýip beremok. Olar seniň eliň kirini süpürýänje kagyzyň bolmaly, düşdüňmi! Men saňa gaty ynanýan. Gerek bolsa, bu pikirimi islendik ýerde-de aýdyp bilerin, ýöne bir topar agzy sary çagalaryň arasynda öwüp ýörmäýin. Senden gaty beýik keramatyň çykjagyna berk ynanýan. Sen maňa ynangyn. Hiç haçan çaga bolma. Hemişe kämil bol, ýekeje sekundam, ýekeje minudam pese gaçaýma. Seniň ýaly beýik zehinleri Alla müň ýylda bir sapar döredýändir. düşdüňmi!.... – Düşdim! Dawudyň göwni birden galkynyp gitdi. Kellesi açyldy. Mugallymyň diýýän teoromasyny hut häziriň özünde açaýasy geldi. Ol diňe ertirki urjak kerpiçleri üçin palçyk taýýarlap, bedreleri suwdan dolduransoň, az-kem köşeşdi. – Mugallymym näme üçin maňa: «Seni ýadatmaýyn, ertir gaty gowy mysallary bererin. Kelläňi aýa. Saňa gaty ýadamak bolmaz. Ömrüň boýy, ýekeje teoroma açyp bilseň, ylyma müň ýyllyk goşant bolar. Sen şoňa taýýarlanmaly adamsyň. Bujagaş mysallary men saňa ähli güýjüňi ber diýip beremok. Olar seniň eliň kirini süpürýänje kagyzyň bomaly» diýdikä?! Ýa, ol meni oýnajak bolýarmyka, ýa mende bir ökdelik görýärmikä? Maňa näme üçin, nämäniň ynamyny edýärkän.... O daňdan sagat bäşde turyp, tä daň atýança kerpiç guýdy. Şol işläp ýörşüne aňynda gurjak jaýynyň suduryny taşlady. Otaglary bölüşdirdi. – Maňa jemi müň sekiz ýüz sany uly kerpiç, bäş gapy, sekiz penjire gerek. Häzirki guýan kerpijim alty ýüz boldy. Ýene gaýrat etsem, ýigrimi günde müň iki ýüz kerpiç guýaryn.... Dawut hyýalynda jaýyň düýbüni tutdy. – Geljek otduh güni jaýyň iki hatar kerpijini örerin, soň suwaryn.... Ol tutuş jaýyň bir hatary üçin altmyş kerpijiň gerek boljakdygyny hasaplady. Kerpiçleri ördi. Ýolda, klasda jaýyň otaglaryň ölçegini, biçiwüni, hasaplady. Her otagyň uzynlygyny, giňligini deňledi. Birki günüň dowamynda her kerpiç, suwag palçygy, penjiräniň, gapynyň ölçegi, olaryň näçe kerpiji, nähili ýagdaýda aljakdygyny hasaplaý-hasaplaý, iliki-düwme işläp çykardy. Jaý iki sany, dört-üç metrlik, iki sany üç-üç metrlik otagdan, ini iki, boýy üç metrlik girelge koridordan, uzaboý eýwandan ybarat bolmaly. Oňa uzynlygy sekiz metrlik pürsleriň on üç, ýa-da on bäş sanysy gerek, Gapylaryň, penjireleriň aşagyna, ýokarsyna goýmak üçin azyndan ýigrimi bäşlik tagtalaryň otuz metri gerek. Iki müň sany sagdyn gargy gamyş, on desse gyldyrgan oty gerek. Soňam bir ganar köne saman gerek. Dawut klasda olary bir kagyza ýazyşdyryp goýdy. Taryh sapagy gidýärdi. Temasy: «Dmitriý Donskoýyň Russiýany şwed basybalyjylaryndan goramakda alyp baran beýik işleri» diýen ýaly temady. Mugallyma Anjyk diýýärdiler. Ol iň yzky partada garabaşyna gaý bolup, nämedir bir zatlar ýazyşdyryp oturan Dawudy görüp, birden gaharlanyp, gygyryp başlady. – Eý, oglan, sen näme, mütürik ýaly bolup, mugallym sapak düşündirende, diňlemedik bolan bolup otyrsyň! – diýip, azgyryldy. Dawudyň gap-gara, ýakymsyz ýüzi dym-gyzyl boldy. Ol başyny sallap, ýerinden turdy-da: – Bagyşlaň mugallym, indi gaýtalanmaz! – diýdi. Emma agzy ýaňy gyzyp ugran Anjyk mugallym möwç alyp başlady. – Sen maňa, burnuňa salyp, göwnüň ýetmeýän ýaly: «Bagyşlaň mugallym, indi gaýtalanmaz» diýýen bolma – diýip, agzyny-burnuny towlap onuň agzyna öýkünip, gelşiksiz gürledi. – Çyk, çyk, hany, çyk tagta. – Ol «Nätdim, gördüňizmi? Indem edişimi görüň» diýýän ýaly, it ýylgyryşyny edip: – Hany aýt, men näme tema geçdim, näme barada gürrüň berdim – diýdi-de, klasa, soňam Taýlynyň ýüzüne seretdi. Taýlyşka mugallymyň bu oýunjagazyna düşündi-de: – Mugallym mütrük näme bolýar-aý? – diýip sorady. Anjyk mugallym: – Näme, indi mütrügiň nämediginem bileňokmy?Mütrik diýip, sakyrtganyň iň kiçijigine, iň nejisine aýdylýar. – Ol gözleriniň alasy bilen Dawudy dalady. – Bol haýt. Bol, klasy saklama.... Dawut mugallymyň ýüzüne göni seretdi-de: – Mugallym, siz temanyň adyny aýtjak bolanyňyzda, üç sapar üsgüründiňiz. Ýöne temanyň adyny aýtmanam meniň üstüme gygyryp başladyňyz. Anjyk mugallym Dawudy hürsekläp goýberdi. – Diliňi sakla. Näme, men «hiç zat aýtmady « diýjek bolýaňmy, tentek.... Dawudyň ýüzi üýtgedi. – Aýtjak bolamok. Aýdýan. Siz hiç zat aýdaňyzog-a, heniz. Ýöne boş sözleri samrap dursuňyz-a.... Anjyk mugallym bir erbet boldy. Ol gaharyny saklap bilmän, baryp tagtany elindäki gysgajyk taýagy bilen urdy. – «Sen geljekde taryhçy bolup, Anjyk mugallymyň elinden sapagyny alaryn» diýýämişiň-ä. Hany, özüň aýt. – Entek bir mugallym bolup, temany geç. Gerek bolsa, aýdaýaryn. Onsoňam, men hiç haçanam taryh mugallymy bolmaryn. Annajyk mugallym halys ugruny ýitirip samyrady. – Aýt temany, gurrumsak! – Dawut şu sapakda geçilmegi mümkin temanyň adyny aýdyp berdi. Ýöne onuň sesi birhili ynamsyz çykdy. –Hany, hany, meniň başyma, üsgürünjirän bolma. Aýt, temany? Dawut ýere seretdi. – Onunjy, on birinji asyrlada Russiýa agyr kynçylyklary başdan geçirýärdi. Dürli knýazlyklar döräp, olar öz aralarynda oňuşman, biri-birleriniň üstlerine çozup, biri-birlerini tozdurmakdan başga bir iş bitirenokdylar. Merkezi Russiýadaky şu çylşyrymly ýagdaýlaran peýdalanyp, şwed goşunlary Karl II-niň ýolbaşçylygynda Merkezi Russiýa çozup girdi. Rus knýazlyklarynyň arasyndan Dmitriý Donskoý az sanly goşuny bilen şwedleriň garşysyna çykdy. Ol duşman goşunyny Bug kölüniň golaýyna alyp bardy. Duşman goşunynyň sany köpdi. Özem patyşalyk goşun bolany üçin güýçlüdi. Ýeňjeklerine uly ynamlary bardy. Gyş aýlary bolany üçin Bug köli doňup ýatyrdy. Dmitriý Donskoý bu kölüň tebigatyny bilýärdi. Kölüň ortasyndan gyzgyn akym geçeni üçin ol berk doňanokdy. Dmitriý Donskoý özüniň az sanly goşunyna näme etmelidigini düşündirdi. Olar ilki bilen duşmana gazaply darap, soň köle tarap yza çekildiler-de, kölüň çala doňan ýerinden aýlanyp, duşmanyň goşunlaryny gabap başladylar. Kölüň ýagdaýyndan bihabar duşmanlar aldym-berdim bilen kowup gelişlerine çala doňan buza çümüp, kölüň düýbüne gark bolup galdylar. Dmitriý Donskoýyň bu ýeňşi bada-bat tutuş Russiýa ýaýrady. Onuň Russiýany şwed basybalyjylaryndan goramakda alyp baran beýik işleri rus hanlyklarynyň agzybirligine gowy nusga boldy. Annjyk mugallym ukudan açylan ýaly bolup başyny göterdi. – Seniň bu samramalaryň okuw kitabyndan-a däl. Bar, otur, indikide mugallymy diňle – diýdi. – Bahasy näçe? – diýip, Metjik gapdaldan goşuldy. – Näm-ow, biderek lakgylda-da bir baha bolarmy. Mugallym aýdyp otyr-a, «okuw kitabyndan däl» diýip. – Gowy aýtd-a. Mugallymdanam gowy düşündirdi!.... Dawudy tüýs wagtynda kakylan jaň halas etse-de, ol bu sagatdan özi ummasyz sapak alypdy. Ol sapakda juda ünsli oturmasaň, başyňa her dürli belanyň iniberjekdigine düşündi. Ol klasdaşlaryň ýanynda diliňe gaty bek bolmaly ekenligine-de akyl ýetirdi. Bilimiňe, güýjüňe baýrynyp, her bolar bolmazy aýdybermeli däl eken. Iň esasanam, mugallymyň kim bolanda-da, nähili bolanda-da, ony äsgermezlik etmek, başyňa belany satyn almak eken.... Ondan başga-da, ol bir zada göz ýetirdi. «Men Dmitriý Danskoý barada, onuň şwedleri köle gark edişlerini nireden bilýärkäm? Meniň ol barada okan, ýa-da maňa biriniň ol barada gürrüň beren ýerem ýok. Onda, ol pikirler nireden meniň kelläme gelýär?» – diýip oýlandy-da, nähilidir bir güýjüň özüne erk edýändigine düşünip galdy. Onuň oýlanmasyny ýolda yzyndan ýeten Metjik bozdy. – Eý, seniň duşmanyň kimdigini bildiňmi? Dawut onuň ýüzüne seretdi. Ýöne hiç zat diýmedi. – Seni Annjyk mugallyma ýamanlan Taýlyşka! Ol hut meniň ýanymda»Mugallym Amanow okuwçylaryň ýanynda siziň ýaman gepiňizi aýdýalaý» – diýdi. – Näme diýýe? – diýip, Annajyk mugallym ondan soranda: «Aý, Annak mugallymdanam bir taryh mugallymy bolarmy? Özüm alaryn onuň elinden sapagyny gaňryp» – diýýe-leý – diýdi. Yzyndanam: «Ynanmasaňyz, ine, Metjikden soraýyň» diýip, meni şaýat tutýa-aý – diýip. ol sögündi. Emma Dawut sesini çykarmady. Birdenem: – Eý, dost jan, sen tamyň üstüne gamyş çykap gördüňmäý?! – diýdi. – Hawa bilýän, näme diýjek bolýaň – diýip, ol Dawudyň ýüzüne geňler galyp, ýiti-ýiti seretd-de, gözlerini mölerdip, gaty-gaty ýöräp, başga ugra gitdi. Okuwdan soň Dawut, esasan şu ýagdaýlar barada oýlanyp, öýe keýpsiz gaýtdy. | |
|
√ Duman daganda: Döwüljek araba kyrk gün öňünden jygyldar - 19.06.2024 |
√ Ojak - 2-nji kitap -26: romanyň dowamy - 20.06.2024 |
√ Jynlar bezmi ýa-da uly oýun -11: romanyň dowamy - 17.07.2024 |
√ Ojak - 1-nji kitap -4: romanyň dowamy - 26.05.2024 |
√ Bäşgyzyl -16: romanyň dowamy - 22.10.2024 |
√ Hakyň didary -7/ romanyň dowamy - 02.03.2024 |
√ Janserek -7: romanyñ dowamy - 03.04.2024 |
√ Köne mülk -15: romanyň soňy - 18.06.2024 |
√ Dirilik suwy -12: romanyň dowamy - 12.05.2024 |
√ Ojak - 2-nji kitap -2: romanyň dowamy - 06.06.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |