12:22 Dirilik suwy -6: romanyň dowamy | |
6. «Hassa iýip-içýän bolsa, iýýäni çykýan bolsa, ukusyny gowy alýan bolsa, dert howply bolmaz» Halk ynanjy. «Iýeniňde sanap iýgin» Halk ynanjy. «Bokurdagy gysmasaň, bogaz düýäni ýuwudar» Halk nakyly. «Alla beren derdiň dermanyny bendesiniň eli bilen berermiş» Halk ynanjy. – Dawut, heýt Dawut! – diýip, kakasy Dawudy yralap oýatdy. Ol gözüni açansoňam: – Hany, tur-a – diýip goýberdi. Kakasynyň bolşuna gapdaldan seredip duran Çotuk güldi. – Toýjan däde, onuň ady Dawut däl, Dawud-a! Toýly öküz azm bilen gyzyna garady. – Sen otur, sokulma! Adamsynyň sesine urduryp içeri giren Annajemal elem-tas bolup durşuna bir Toýly öküze, bir Çotuga, biren krowatda aýbogdaşyny gurap, gap-garaja, ýakymsyz ýüz-gözüni sypalap oturan Dawuda seretdi. – Toýjan däde, a Toýjan däde, näm bold-a? Hä, näme boldy, Çotjan, hä, näme? Kakasynyň azmly sesine ini tisginip giden gyzjagaz ýüzüni sallap durşuna, sesini çykarmady. – Toýjan däde, eje! – diýip, Dawut ýerinden turup olara ýüzlendi. – Hany, azajyk oturalyň, bir maslahat bar-laý! Är-aýal duran-duran ýerlerinde diýen ýaly çöküşip, oturdylar. Soň Aý görjek ýaly bolşup, ogullarynyň ýüzüne seretdiler. – Men kerpiç urup başladym. Şu günkim bilen ýedi ýüz elli kerpiç boldy. Indem, şu otduh günümde jaýymyzyň düýbüni tutaýsam diýýän. Oturyp bilmän Annajemal ýerinden turdy. – Bor, ditjan! Ýöne jaýymyz bar-a. Jaý nämä gerek?! – Eje, hany jaý! Annajemal içerini görkezdi. – Ine, in-e-jik, gül ýaly jaý-a. Toýly öküzem oturan ýerinden: – Hawa-laý. – diýdi. – Boly-da, üstüňde tamyň bolsa. Biz näme, köp jaýda ýaşar ýaly, başlykmy! Dawut geň galdy. – Men onuň maslahatyny edemok. Men täze jaýy nireden guralyň? – diýip, maslahat edýän. – Jaý gerek däl! – Tam nämä gereg-äý! Dawut olary gününe goýman howla alyp çykdy. Soň gündogar gapdalda bir wagtlardan galan, indi ýagşa-gara eräp giden ýykyk, ýumruk haýatyň ýanyna eltdi. – Ine, jaýyň günorta diwaryny şu ýerden tutjak. Dogrudan hem, eger jaýyň daşky diwaryny haýatyň ýerinden tutsaň, şol ýerde ediljek bir üç otagly, eýwanlyja tam guraýmaga ýer bardy. Ýöne, şondan aşaklygyna ýer çaýa bakan aşaklap gaýdýardy. Olaryň häzirki ýaşap oturan tamlary bolsa, arkasyny çaýa berip, egnini gysyp, howlynyň demirgazyk gyrasynda betgelşik bolup durdy. Ol pessejik tamçanyň penjiresinden tutuş howlyny, Dawudyň uran kerpiçlerini görüp oturmalydy. Howluda kerpijiň köpelmegi bilen, oňa obanyň adamlarynda gyzyklanma-da güýçlenip başlady. Olar kerpiji kimiň guýýandygy, munça kerpijiň nämä gerekdigi, onuň satyljagy, satylmajagy bilen gyzyklanýardylar. Ýöne, munça kerpiji Dawudyň guýýandygyna hiç kim ynanmady. – Ýok-laý, biz-how, şu mütürik ýaly, keselbent çaganyň munça kerpiji urjagyna ynanamyzok. Onsoňam, ol kerpiçler haçan guýulýar-a. Biz palçyk edilip, kerpiç guýýan adamy göremizog-a. Oňa ep-esli gum gerek, suw gerek, azap baryny çekmeli!.... Bular bir topar ýarawsyz mahlug-a! Olardan kerpiç niräniň gürrüňi-aho-ow?! Goňşularynyň onda-munda edýän gep-gürrüňleri Annajemalyň gulagyna degmänem duranokdy. Ýöne, onuňam beýle gep-gürrüňlerden many çykaryp, oňa jogap berer ýaly ýagdaýam, eliboşlugam ýokdy. Dawut ýuwunyp, saçagyň başyna geçdi. Ejesi oňa agşamdan galan çorbany gyzdyryp getirdi. – Ditjan, al, balam, çörek dograp işagaý. Dawut üçin parhy ýokdy. Edil atasynyň bokurdagy ýaly, onuň hem bokurdagy her näçe tagam duýmasa, onuň üçin, şondan gowusy ýokdy. Ýöne ýaş oglanyň bokurdagy näme diýseňem, tagamly nahar bilen, süýji däl tagamyň tapawudyny bilýärdi. Iň esasy zat, Dawut şolara kän bir parh goýjak bolup duranokdy. Ol gaty-guty çörekleri, çorba dogrady. Soň ony çemçesi bilen ýagşy ýençgiledi. Soňam, nahara üns bermän hemmesini iýdi-de, iki käse çaý içdi. Ol nahar iýip otyrka dişleriniň agzyna sygmajak bolýandygyny duýdy. Birini elläp göreýin diýip, tutanda, gapdalyndaky bilen eline geldi. Soňam birki sanagy döküldi. Gapdaldan ony synlap duran Annajemal süýşenekläp oglunyň ýanyna bardy-da, onuň elindäki dişleri garbap aldy. – Ditjan, bu näme?! – Dişim düşdi-läý! Annajemal gara köýük bolup ýatan çaga dişleri barmaklary bilen barlaşdyrdyda: – Guzy dişi çykjakdyr! – diýip, dişleri gyzlaryna uzatdy. – Baryň, goýnyň ýatagyna atyň. Guzynyňky ýaljak diş çyksyn – diýdi Agşama çenli Dawudyň öňem bir hezil berip barmaýan çaga dişleriniň ählisi düşüp galdy. Ýöne, ol dişleriň aşagyndan has berk dişleriň çykyp gelýändiginem duýdy. Ýöne, häzir onuň öňem bedroý agzy, hepberip galdy.... Bu wagt Toýly öküz daşarda motorynyň töwereginde aýlanyp, hykylap, üstüni-başyny gara ýag edip, onuň bir zadyny açan bolýardy, bir zadyny berkiden bolýardy. Dawut onuň ýanyna bardy. – Toýjan däde – diýdi. Toýjan öküz agyr myşlady-da bitaý gözlerini mölterdip, onuň ýüzüne garady, – Tam gerek däl. Men bu kerpiçleri goňşa satjak. Ep-esli pul boljak. Soň lülke-motor aljak. Dawut kakasynyň ýüzüne geň galyp seretdi. – Näme üçin tam gerek däl. Toýly öküz çöküp oturan ýerinden laňňa turdy. – Başlyk gaty görer! – Näme üçin gaty görsün? – Gowy tamlarda, giň, uly tamlarda diňe başlyklar ýaşamaly. Bize, şol-ol başyny galdyryp, ýüzüni motoryndan sowdy-da, ýaşap oturan tamlaryna bakan atdy: – Şol tamam bolar! Dawut häzir kakasyna gep düşündirip bilmejegine düşündi. – Toýjan däde, maňa gilmala gerek-läý – diýdi. Toýjan ýene aşak çökdi. – Gilmala!-Garaža gitmeli-dä! – Bir gaýrat etsen-e! Toýly öküz aýalyny çagyryp, gyssady-da, motoryny münüp, budur gidip, birsalymdam gilmala alyp geldi. Dawut kerpiçleriň arasyna goýar ýaly palçyk etdi-de, soň kakasy gidýänçä ol-bu işlere güýmenip ýörşüne, golaýyna gelen ejesine: – Eje, Toýjan dädem nirä gitjek bolýar-aý – diýip sorady. Annajemal tamdyryň başyna odur-budur eltip, tamdyra ot galap ýörşüne: – Aman jan dädäň ýanyna gitjek bolýar. Senem alyp gitjek diýd-ä! Senem gidegaý, bolmasa! Dawut hem begendi, hem gorkdy. «Kakamyň giden-ä gowy, ol gaýdyp gelýänçä, men ep-esli ýere kerpiç örerin. Ýöne, «Ýöri, gideli» diýip, dyzap, günüme goýman dursa näderkäm? Gowja bahana tapmaly-da» Ol ejesiniň ýanyna bardy. – Eje, aý eje, şu sapar Toýjan dädemiň özi gitsin. Birhili, men ýaramok. Başym aýlanýar. Motoryň yzynda oturyp biljek däl! – diýdi. Annajemal bu habary ýüwrüp baryp Toýly öküze aýtdy. – Waý, Ditjan ýaranok. Waý, men ony şu gün «Pessik öwlüýä» aýlamasam bolmy-dy. Özüň gid-äga, Amanjan dädäň ýanyna. – Ol gyzlaryna gygyrdy. – Çotjan, Çatjan, ýetiň, Ditjan ýaranog-a, waý, baryň, çapyň, ugruna serediň-ä. Balajygym-eý, ditjanym-eý. Baryň, düşek ýazyp, ýer taýynlaň, waý, gara bagtym, ditjanym, syrkawlamaweri. Waý, «Pessik öwlüýä jan», gurbanyň gideýin. Jan balamyň derdini gaýtarsaň, ýoluňa iki sany çörek! Ol gelip işikde kakasynyň ugraryna garaşyp oturan oglunyň maňlaýyny elledi. – Wa-heý, ot bolup, ýanyplar dur-da! Ol iki baka ylgaşlap, samyrdap ýörşüne, çöreginem nähili bişireninem, adamsyny ýola nädip ugradanynam bilmedi. Düşekde ýatan Dawut kakasyna: – Şol ýerde itburun bolmaly, Şondan maňa ep-eslije ýygyp getirsen-e. Meniň derdime peýdasy bar, onuň – diýdi. Dawut kakasy ugran baduna, ýerinden turup, motor çaýyň bendinden geçen badyna ylgap, işe başlady. Ol köne haýaty bölek-bölek edip, howlynyň içine agdardy. Soň onuň düýbüni tekizledi. Haýatyň düýbi toýunsow ýer eken. Ol edil betonlanan ýalydy. Dawut kerpiç örjek ýerine gazyk kakyp, ozalyndan taýýarlap ýören eke gat kendir ýüpüni çekdi. Soň doga okap, «bismilla» diýip, ilkinji kerpijini goýdy-da, bellik eden ýüpüniň ugry boýunça kerpiç örüp başlady. Ol gün guşluga galýança tutuş jaýyň esasyna bir hatar kerpiç aýlady. Günorta çenli iki hatar, kakasy gelende bolsa, üç hatar kerpiç aýlap, «Aý, indi bir çen bolandyr-la» diýip, ýuwunyp-ardynyp, çaý-nahar edinip otyrdy. Toýly öküz gele-gelmäne arlap başlady. – Dawu-ut! Aý, Dawu-ut! Haý, deýýus. bu näme, Dawut! Dawut daş çykdy. Toýly öküz ogluny görüp bitaý gözlerini alartdy. – Bu näme?! – diýip, ol täze jaýyň dyz boýy bolup duran diwaryna elini uzadyp gygyrdy. – Toýjan däde, itburun getirdiňmi? – diýip, Dawut içini tutup, buruljyrady. Toýly öküz erbet myşylady. – Getirdim, – Ol motoryň öňüne basylan düwünçegi ýere oklap goýberdi.-Me, al, hana. Ol näme?! Dawut baş atdy. – Seniň aýdyşyň ýaly edip otyryn. Ýaňy, obanyň başlygam gelip gördi. Toýly öküz bitaý gözlerini tegeledi. – Artyk Taýly dädemi?! – Hawa! – Näme diýdi? – Näme işleýeň-eý? – diýdi. – Menem: – Dädem jaý guraly – diýýär. Şonuň düýbüni tutjak bolýarys – diýdim. Toýly öküz zygyrdap durşuna: – Onnoň näme diýdi? – Berekelle, gaýrat et, ogul – diýdi. Toýly öküz ynjalan ýaly boldy. – An-a, ana bolapdyr. – diýdi. Soňam özüne gelişmeýän enaýyja ýylgyryp: – Ataň seni gaty göresi gelipdir. Ol aýtdy. «Bir päwünli ors gaýta-gaýta gelip sorady» diýdi. Dawut baş atdy. – Toýjan däde, maňa bir ganar çüýrän saman gere-laý. Artyk agadan sorasam, «dädeň korownikden alagaýsyn» – diýd-ä. Toýly öküz bitaý gözleriniň birini onuň ýüzüne garadyp: – Haçan gerek? – diýdi. – Näçe tiz bolsa şonça, bahym gerek! – Onda men gideýin – diýip, motoryna münüp, gitdi-de, birsalymdan motorynyň arkasyna bir ganar çüýrän köne saman alyp geldi. Ýöne düşürmedi-de, ogluny ýanyna çagyrdy. – Meni öýe elt! Annajemal Toýly öküzüň halyny görüp, tas özünden gidipdi. – Toýjan däde!Toýjan däde, saňa näme boldy?! Hany aýtsan-a. Waý, doganlar, men indi näme alaç edeýin! Dawut üçin salnan düşege Toýlyny geçirip ýatyrdylar. O ýanar ot bolup ýatyrdy. Demi-demine zordan ýetýärdi Asyl, gözlerinem açyp bilenokdy. Ol çaý-naharyň gürrüň-ä däl, bir owurt suwam içip bilenokdy. Özem durşy bilen galpyldaýardy. –Toýjan däde, saňa näme bolýar? – diýip, Dawut onuň ýanar ot bolup duran derli elini eline alyp sorady.-Azajyk nahar, çaý iýip-içermiň?! Toýly gözüni agdardy-da, erbet hykylady: – Ah, eje jan! – Ol delminip oglunyň ýüzüne garady– Meni pugta basyr. Doňup barýan, Ditjan! Ysgynym ýok. Men.... Dawut paý-pyýadalap Ak galadaky lukmançylyk nokadyna gitdi. Ol giç öýlän oba felşeri Orazdurdyny alyp geldi Orazdurdy. Toýly öküzi görüp, aljyrady. – Men aşak, etrap merkezine jaň edäýmesem, näme diýjegimi bilemok. Biraz howlukmaly. Häzir, keseli anyklamasak, men em edip biljek däl.... Onuň aýdanyna bu öýdäkileriň ählisi boýun boldy. Gijäniň bir wagty «Tiz kömek» gelip, haly barha peselip barýan Toýly öküzi etrap keselhanasyna alyp gitdi. Dawut kakasynyň ýany bilen gitdi. Ýöne baranlarynda-da kakasynyň keseli barada belli netije aýdan bolmady. – Ýa, garahassalyk, ýa ýapyk sarylama bolmaly. Ertir barlag ediler, netije şonda belli bolar? – diýip, nobatçy lukman, göwni bir ýaly, juda arkaýyn aýtdy. Toýly öküzi her näme-de bolsa, ýokanç kesellileriň bölümine ýerleşdirdiler. Dawut daşary çykdy. Güýz güni daşarynyň howasy jana ýakymlydy. Ol daşardaky oturgyçlaryň birine geçip, ýumak ýaly ýygrylyp, tä daňdan sagat bäşlere çenli irkildi. Ol irden ýene kakasynyň ýanyna bardy. – Sen gaýtmadyňmy? – diýip, Toýly öküz ýatan ýerinden galybam bilmän aýtdy. Soň öz ýüzüne içine çöküp giden gözlerini bakraldyp, seredip oturan ogluna dözmezçilik bilen garap:– Agşam bir ukol wurdular. Şondan soň janym aram tapan ýalak boldy. Son tohtorlary bir gör, näme diýýeller, näme em buýurýallar. Onsoň, meni öýe aldajyk gidiber.... Basym bölümi süpürijiler, şepagat uýalary, lukmanlar gelip başlady. Olar Dawudy otagdan çykardylar. – Baljan, döneýin, bu bölüme girip, näsagyň ýanyny alyp oturmak bolmaýa. Çykyň, özüňem ýaş çaga, ulurak hossaryňyz ýokmydy? – diýip, tam süpürýän gartaň aýal aýtdy. Dawut sesini çykarman bölümiň gapdalyndaky oturgyja geçip oturdy. Gün guşluk boluberende Dawudy, bejergi bermeli lukmanyň ýanyna çagyrdylar. – Bala, kakaň ýagdaýy gow-a däl, erbet!.... Dawut howsala bilen lukmanyň gözlerine garady. – Näme kesel? Bilip bilmediňizmi? Lukman ap-akja elini silkip goýberdi. – Kesel belli-le. Kesel – inçekeseliň ötüşen görnüşi! – Ol Dawudyň oglansowmy, çaganyňky ýalymy, ejiz gözlerine birhilije, dözmezçilik bilen seretdi. – Erbet ýeri, inçekesel bolanda, öýňüzdäkileriň ählisini barlamaly! Kim bilýär. Başgalara-da ýokan bolmagy ahmal. Siz özüňiz haýsy obada ýaşaýaňyz? – Kelte çynarda! – Öýňüzde kimler bar? Men näçe bolup ýaşaýaňyz diýjek bolýan? – Atam, ejem, kakam, iki gyz jigim, hem men. Lukman bir zatlar ýazan boldy. – Geleniňe görä, bar barlaghana baryp, özüňi barlat! Soň, maşyn bereli, gidip, öýňüzde ýaşaýanlary hem alyp gelsinler.... Dawudyň gidesi gelmedi. Ol oýkanjyrap oturşyna: – Inçekesel nähili zat özi? – diýip sorady. Lukman işige göz aýlady-da, ýene nämedir, bir zatlary ýazmasyny dowam etdirip oturşyna: – Inçekesel, bolmasyna, onuň başlangyç alamatlary hemme kişide-de, bar. Ýöne bolmaly normasyndan ötüşse, ol adamy weýran edýär. Ine, seniň kakaňda az-kem ötüşipdir. Indi ony uzak wagtlap bejermeli bolar. Dawut gynandy. – Men kakamy şu gün öýe alyp gaýdyp bilmerinmi? Lukman kinaýalyja ýylgyrdy. – Ýör-ow, sen näme, telbemi? Ony dört-bäş aýlap, bu durşuna hiç ýere çykarman bejermeli. Kesel häzir gaty ýokanç ýagdaýynda. Ikibaşdan gelipsiň, bar, şu haty alyp bar-da, senem özüňi barlat.... Dawut lukmanyň beren hatyny alyp, onuň salgy beren ýerine baryp, rentgene düşdi. Onuň darak-darak gapyrgasynyň çala sudur suratyny gören rus aýaly mikroskopyň aşagyna alyp, eýdip bir barlady, beýdip bir barlady, Ahyr soňam: – Düşnüksiz! – diýip, Dawudyň özi bilen hälki lukmanyň ýanyna bardy. – Bu oglanyň öýkeni düşnüksiz ýagdaýda. Keseliň yzlary galypdyr, emma kesel täzelikde gutulana meňzeýär. Umuman, düşnüksiz! Lukman ol aýal bilen gidip, bir salymdan geldi. – Sen, köşek, bar, ýene bir sapar rentgenden geç. Dawut ýene rentgenden geçdi. Ýene şol öňki ýagdaý. Lukman ahyr soňy Dawudy ýanyna çagyrdy. – Köşek, sen näme agyr kesellediňmi? Dawudyň bir aýky ýagdaýlary, gowşaklygy, ýarawsyzlygy, hemişe ölügsije gyzdyryp ýörmesi, işdäsiniň ýoklugy, hemişe ýerinden galman ýatmasy, onuň ýadyna düşdi. – Hawa, men birhili ýarawsyz boldum. – Häzir nähili? – Häzir-ä gowy. Lukman onuň üstüni sowaldan gömüp başlady. Soňam: – Sen derdiňe näme bejergi aldyň? Dawut ýere bakdy. Ýöne özüniň «Gotur gowagyň» guýusyna gaçyp, ol ýerde üç dürli suw gelip guýulýan kiçijik kölçä gaçyp, şonuň suwundan ýuwunyşyny, içişini ýatlady. Ol şol ýagdaýy lukmana aýtmak üçin agzynam açdy. Emma şol pursat onuň dili tutulyp galdy. Ol erbet ýuwdunyp durşyna: – Bej.... Bejj.... Ýok, bejergi almadym – diýip, zordan aýtdy. Lukman oňa geň galyp seredip durşuna, şepagat uýasynyň çagyrmasyna, turup gitdi. Az salymdan Dawut Merkezi keselhananyň «Tiz kömek» maşyny bilen öýlerine bardy. Ejesi başyna gara çargat atynyp, dula bakyp, şol aglap oturan eken. Dawut ejesiniň ýanyna baryp, oňa söz gatdy. – Eje jan, kakam indi ýagşy. Indi dogtarlar sizem keselhana äkidip, barlajaklar. Çaltyrak şaýyňyzy tutuň. Kakama näme alyp gitjek bolsaňyzam, taýýarlap alyp gidiň. – diýdi. Ejesi haly harap halda, ýüzüni eňşidip ogluna garady. Onuň gözleri aglamakdan ýaňa çişip gidipdir, alyn saçlary, ýüzüne, gözüne ýelmeşip galypdyr. Burnundan akýan maňkasy, agzyna ýetip durdy. Ol oglunyň getiren bu habaryna az-kem gowşaşdy. Ýerinden turup, içerde aýlanyp başlady. Olar gidenden soň özi gaýnadyp çaý içip, soň öten agşamam guýup bilmedik kerpiçlerini guýmak, onuň üstesine bu günki paýynam guýmak barada gyssagly oýlandy. Oglan tä ejesi, jigileri gelýänçä, bilini epmän kerpiç guýdy. Soň düýn garyp, palçyk edip goýan samanly suwagyny täzeden eýläp, kerpiç örenje ýerleriniň içki, daşky taraplaryny suwady. Ertirki palçygyna taýýarlady. Gijäniň bir wagty bolupdy. Geň ýeri, Dawut şonda-da ýadanokdy. Ol çaýyň bendine baryp, pilini, gilmalasyny arassalap, ýuwdy. Soň onuň özem gowy ýuwundy, boşadan bedrelerini suwdan doldurdy-da jaýlarynyň koridorynda, öňki durýan ýerinde goýdy. Ejesi ýatmandy. Annajemal ogluny görüp ýerinden turdy. – Bizde-de inçekesel bar – diýdiler, oglum. Ertir, gyz doganlaryňam alyp, keselhana girmeli. Bizi birje günlük goýberdiler, oglum.... Dawut gaty erbet boldy. Ýöne ejesine syr bildirmedi. – Eje, bu kesel üýtgeşik bir zat däl-ä. Ol hemme kişide-de bolýar diýdiler. Ýöne azajyk sowuklasaň, özüňe seretmeseň, güýçlenýärmişin. Ine, bejererler, soň, nesip bolsa, bary gül ýaly bolar. – Ol ejesiniň ýüzüne seretdi-de ýylgyrdy:– Bu kesel mende-de bar eken. Ýöne, geň ýeri, öz-özünden aýrylyp gidipdir. Bolmasa, menem siziň bilen keselhana salardylar.... Annajemal dik duran ýerinden: – Onda näme, oglum, şol ýerde Mama diýen bir garry tohtor bar eken-ä. Jaýlaryň içini ýuwup ýören, şol tohtor-a: «inçekesel bir degdigi, soň aýrylmaýar. Näme däri-derman etseňem hiç haýry ýok» diýd-ä. Dawut başyny galdyrdy. – Men aýdyp otyryn-a, mende-de bar eken – diýip – Meni iki sapar rentgenden geçirdiler. Men gutulypdyryn-a. Annajemal aşak oturdy. – Bilmedim öz-ä, biz hiç-le, Toýjan dädeň bir gutulsyn, Alla jan, ýoluňa iki çörek, eziz Allam, Toýjan dädemiň derdi-balasyny maňa ber-de, şony bir gutuldyr!.... Dawut ýerine geçen badyna, uklap galdy. | |
|
√ Bäşgyzyl -9: romanyň dowamy - 18.09.2024 |
√ Ojak - 1-nji kitap -5: romanyň dowamy - 26.05.2024 |
√ Bäşgyzyl -24: romanyň dowamy - 08.11.2024 |
√ Hakyň didary -7/ romanyň dowamy - 02.03.2024 |
√ Dirilik suwy - 17: romanyň dowamy - 17.05.2024 |
√ Hakyň didary -9/ romanyň soňy - 02.03.2024 |
√ Ojak - 2-nji kitap: roman - 06.06.2024 |
√ Ojak - 2-nji kitap -16: romanyň dowamy - 20.06.2024 |
√ Dirilik suwy -18: romanyň dowamy - 18.05.2024 |
√ Dirilik suwy -6: romanyň dowamy - 30.04.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |